Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Milli Geňeşiň wekiliýetiniň Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň “Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak” atly maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy barada habar berdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň wekiliýeti forumyň çäklerinde guralan çärelere, duşuşyklara gatnaşdy. Çykyşlarda sebit we halkara derejede durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy barada aýdyldy. Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilen maslahatyň dowamynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň işiniň guralyşy boýunça Düzgünnama hem-de Baku maslahatynyň Jarnamasy kabul edildi. Şeýle hem Baku şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda dostlukly döwletara gatnaşyklary saklamakda we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça pikir alyşmalar boldy. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde döwlet ýaşlar syýasatyna, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyna degişli kanunçylyk namalary ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de seljerilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny gurap, halkymyzyň ýaşaýyş şertleri, döredijilikli zähmet hem-de oňaýly dynç alyş üçin döredilýän mümkinçilikler, sebitleri ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler bilen tanyşýar, degişli maslahatlaryny, sargytlaryny berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Halk Maslahatynyň öňünde goýlan durmuş maksatly täze wezipelere möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygyň ornuny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli işler dowam etdirilýär. Halk Maslahatynyň agzalary şu ýylyň 23-24-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň XI parlament assambleýasyna gatnaşdylar. Saparyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri bilen kanun çykaryjylyk işinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklarda toplanan oňyn tejribäniň netijeli ulanylmalydygyny belledi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow ýurdumyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda utgaşdyryjy Pudagara iş topary döredildi. Onuň düzümi degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň müdirlik, bölüm başlyklary derejesinde bellenildi. 

                                                                   

2021-nji ýylda “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” täze rejelenen görnüşde kabul edilen Kanuna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, utgaşdyryjy Pudagara toparyny döretmek teklip edilýär. Onuň düzümine degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary giriziler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döredilmegi teklip edilýän toparyň işiniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmegiň milli ulgamynyň netijeli işiniň üpjün edilmegine gönükdirilmelidigini, onuň pudagara derejedäki hem-de degişli düzümleriň görnüşindäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň gazanylmalydygyny belledi. Bu ugurda bar bolan wezipeleri çözmekde diňe bir kanunçylyk taýdan däl, eýsem, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak esasynda hereket edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda anyk işleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra wise-premýer standartlaşdyryş ulgamy we önümleri güwälendirmegi kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynda ýerine ýetirilýän işler we onuň düzümi hakynda hasabat berildi. Geljekde bu guramanyň düzüminde düzümleýin üýtgetmeleri geçirmegiň hasabyna mebel, metal, nebit önümlerini synagdan geçiriş bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasy üçin täze, döwrebap binany gurmak hem-de ony zerur enjamlar bilen üpjün etmek teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňdebaryjy pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, durmuşyň ähli ulgamlaryna täzeçil usullary ornaşdyrmagyň möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekip, standartlaşdyrmagyň oňyn bäsdeşligiň ösdürilmegini, önümleriň we ýola goýulýan hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny, söwdada birnäçe tehniki bökdençlikleriň azaldylmagyny, sarp edijileriň bähbitleriniň goraglylyk derejesiniň ýokarlanmagyny, daşky gurşawyň goralmagyny we serişdeleriň ähli görnüşleriniň tygşytlanmagyny şertlendirýändigini belledi. 

                                                                   

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň täze binasynyň gurulmagy we onuň degişli derejede enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň bu gullugynyň sazlaşykly ösüşine, bir bitewi ölçeg ulgamynyň üpjün edilmegine, bölümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň halkara talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suw ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy. Bu ýatagyň suw gory ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki günde suw diplomatiýasynyň köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde suw serişdeleriniň gorlaryny döretmek we täzeden dikeltmek, olardan oýlanyşykly hem-de rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça yzygiderli gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň degişli kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Resminamanyň taslamasyna laýyklykda, degişli kompaniýalar bilen zerur enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnamalary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bökdençsiz işlemegine mümkinçilik berer. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmagy, onuň kuwwatlyklaryndan doly derejede peýdalanmagy, topluma maýa goýumlary çekmegi ugur edinýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gyzyklanma bildirýän ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, senagat pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen önümçilikleriň täzelerini gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat hem-de önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Karara laýyklykda, birnäçe önümçilik desgalaryny gurmak bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze sement zawodlarynyň, keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda önümhanalary gurmak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň jemlerine laýyklykda taýýarlanan teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen üpjün edip biljek kuwwatly gurluşyk senagatyny kemala getirmegiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiliklerini yzygiderli artdyrmagyň ähmiýetini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet elektroenergetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak, şeýle hem ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisini çekmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtap, munuň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalarynda döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýän elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönüden-göni ýardam berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde guruljak ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etjek bu täze taslamanyň durmuşa geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işleriň Meýilnamasy barada hasabat berdi. Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler hem-de düzümler bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Serhetýaka söwda zolagynyň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman tejribelerine laýyklykda ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Serhetýaka söwda zolagynyň meýdany we ýerleşjek ýeriniň çäkleri, şeýle hem söwda dükanlaryny, ammarlary, resmileşdiriş we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmegiň çyzgylary babatda taslamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky işleri özbek tarapy bilen ylalaşmak maksady bilen, iki ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Özbegistanyň biziň ýurdumyz üçin hoşniýetli goňşudygyny, doganlyk ýurtdugyny, ygtybarly hyzmatdaşdygyny nygtady. Bu döwlet bilen gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygy nazara almak arkaly ýola goýulýar. Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna özara düşünmek bu gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklarydyr. Döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň düýpli bähbitlerine kybap gelýän, sebit we halkara işleriň barşyna oňyn täsir edýän, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan kuwwatyň mundan beýläk-de doly derejede peýdalanyljakdygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we pugtalandyrmak, ony täze derejä çykarmak, şol sanda telekeçiligi goldamak boýunça alnyp barylýan işleri aýratyn nygtap, şunda özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň depginli artdyrylmagynyň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitara gatnaşyklaryň höweslendirilmegine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetýaka sebitleriniň arasynda yzygiderli söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, bilelikdäki bazarlaryň döredilmegine ünsi çekdi. Munuň özi ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berer. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere bu babatda tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki söwda merkeziniň gurluşynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulýan täze söwda merkeziniň gurluşygynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, onuň “Güneşli” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynda alyjylar we satyjylar üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, onuň adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy syýahatçylyk edaralarynyň 70-e golaýy hereket edýär. Medeniýet ministrligi tarapyndan bu ugurda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk düzümini dünýäniň syýahatçylyk taýdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, pudakda hususy kärhanalaryň işini ösdürmek we mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, giň möçberli işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde we ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçiriljek halkara syýahatçylyk sergilerine hem-de şu ýylyň oktýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ministrler derejesindäki maslahata gatnaşmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, geljekde hususy syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk gezelençlerini guramak boýunça täze ugurlary öwrenmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen, 2023-nji ýylda halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belläp, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halkara syýahatçylyk pudagynda alymlaryň we hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak, sagaldyş-dynç alyş ugrunda gazanylanlary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda döwrebap syýahatçylyk düzüminiň kemala getirilmeginiň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza täzeçil tehnologiýalary çekmegiň we milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugrudygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Aşgabatda 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “2020-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda” Karary kabul edildi. Resminama laýyklykda, Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde zerur bolan guramaçylyk işleri geçirildi. Ýöne dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, Halkara sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komiteti çempionaty 2025-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etdi. Bu teklip içgin öwrenildi hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Söweş sungaty milli federasiýasy tarapyndan makullanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu iri halkara ýaryşy ýokary derejede guramak maksady bilen, guramaçylyk komitetini döretmek teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda 2025-nji ýylda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatynyň wajypdygyny belläp, onuň Türkmenistanyň diňe bir halkara giňişlikdäki sport abraýyny artdyrmak, halklaryň arasynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklibi makullap, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýaş nesilleri sport bilen işjeň meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleriň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde geçirilmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň düzümine iň gowy türgenleri saýlap almak hem-de bu halkara ýaryşa taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ilki bilen, ähli egindeşleriniň adyndan we hut öz adyndan hormatly Prezidentimizi altynjy Hazar sammitiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Onda ählumumy bähbitlere laýyk gelýän möhüm çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygyny, sammitiň öňüsyrasynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini aýtdy. Hazar deňzi sebitinde alnyp barylýan işler, ilkinji nobatda, parahatçylykly ösüşi, deňziň çäklerinde ekologik abadançylygy üpjün etmekden ybarat boldy. Şunda sammite taýýarlyk görmegiň çäklerinde Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň mejlisiniň geçirilendigi bellenildi. 

                                                                   

Wise-premýer, daşary işler ministri altynjy Hazar sammitiniň diňe bir sebitiň döwletleri üçin däl, eýsem, dünýä ähmiýetli syýasy waka öwrülendigini belläp, sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlarynyň sebitiň howpsuzlygy we durnuklylygy ugrunda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklary yzygiderli geçirmek meselelerine garalmagynyň ähmiýetli bolandygyny nygtady. Hazar deňziniň geoykdysady taýdan üstaşyr ulag akymlaryny birleşdirýän möhüm halka bolup durýandygy bellenildi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň Hazarýaka döwletleriň işewürlik Geňeşini döretmek baradaky teklibiniň ähmiýetli bolandygyny aýratyn belledi. Şunda 2019-njy ýylda Awazada geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyna möhüm orun degişlidir. Munuň özi altynjy Hazar sammitiniň netijeleri kabul edilen Beýanatda görkezildi. 

                                                                   

Altynjy Hazar sammitinde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek we Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň öňe süren başlangyçlaryny amala aşyrmak, bu ugurda degişli işleri ulgamlaýyn we yzygiderli alyp barmak maksady bilen, teklipleri taýýarlamak, olary Hazarýaka döwletlere diplomatik ýollar arkaly ibermek göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazarýaka döwletleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň çäklerinde ýokary derejede geçirilen, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine laýyk gelýän bäştaraplaýyn Aşgabat duşuşygynyň ähmiýetini belläp, altynjy Hazar sammitiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Hazar deňzindäki özara gatnaşyklarda işjeň orun eýeleýän Bitarap Türkmenistan deňiz giňişliginiň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek, Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmündäki derejesiniň berkidilmegini üpjün etmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrar. Mähriban Watanymyz kenarýaka döwletleriň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, Hazar deňziniň ykbalyna umumy jogapkärçilik we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalara daýanýan tagallalary utgaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary giňeltmegi esasy ugur edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat sammitiniň jemleriniň Hazar deňziniň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirip, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygy boýunça taýýarlanan Kararyň taslamasy hakynda hasabat berdi. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň bellenen tertipde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen “Gündogdy” hususy kärhanasynyň arasynda sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Halkara howa menziliniň toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany baglaşmak hakynda mesele ylalaşyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze Halkara howa menzili toplumynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Ol howa giňişliginde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň mukdaryny artdyrmakda, ýurdumyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmekde, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlary ýola goýmakda wajyp orny eýelär. Hormatly Prezidentimiz “Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzilini gurmak hakynda” Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “.tm” belgili milli domen barada hasabat berdi. “Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyz üçin ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen döwlet emlägi bolup, ony dolandyrmak ýurdumyzyň çäginde amala aşyrylar. Bu işleriň bilelikde ýola goýulmagy “Türkmendomen” hojalyk jemgyýetiniň zerur maddy-enjamlaýyn binýadyny emele getirmäge, ýokary derejeli milli domeni dolandyrmak işini özbaşdak amala aşyrmaga amatly şertleri döreder. 

                                                                   

Agentligiň ýolbaşçysynyň maglumatlaryna görä, ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen öz aňladylyşy boýunça “bellige alnan söwda nyşany (Trade Mark)” diýen iňlis dilindäki meşhur gysgaltma gabat gelýär we dünýäniň birnäçe kompaniýalarynyň ýokary islegli domenleriniň biri bolup, milli önüm öndürijileriň önümleriniň, kompaniýalarynyň Türkmenistana dahyllydygyny dünýä aýan etmek üçin internet sahypalarynyň salgylarynda işjeň ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmendomen” hojalyk jemgyýeti bilen degişli kompaniýanyň arasynda maýa goýum şertnamany baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde internet ulgamyny ösdürmegiň we onuň internet serişdelerine elýeterliligini giňeltmek işinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “.tm” milli domen meseleleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, täzeçil ösüşi esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni jikme-jik öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy, pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm resminamalar kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

02.07.2022
Türkmenistan — Türkiýe: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. 

                                                                   

Türkiýäniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu gezekki mejlisiň geçirilmegine beren ünsi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, nobatdaky duşuşygyň jemleriniň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dost-doganlyk ýörelgeleri, birek-birege düşünişmek, özara goldaw bermek esasynda yzygiderli we işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Häzirki wagtda köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösüşiň ýokary derejesine çykdy. 

                                                                   

Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem berkidilýär. Duşuşykda türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi. 

                                                                   

Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpasyrlyk hoşniýetli gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň ugurlaryny kesgitlediler. Iki ýurduň wekilleriniň Türkmenistanda we Türkiýede guralýan halkara maslahatlara, beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berjekdigi bellenildi. 

                                                                   

 Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi. 

                                                                   

Şu gün türkmen-türk işewürlik maslahaty hem geçirildi. Onda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Pikir alyşmalaryň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň işewürlik düzümleriniň wekilleri amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň özara bähbitli täze ugurlary boýunça hem-de beýleki pudaklarda özara gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny tassykladylar. 

                                                                                                           

Surata düşüren Maksat GYLYJOW.

02.07.2022
Hususyýetçilige uly goldaw

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Telekeçiligi goldamak boýunça kabul edilen maksatnamalardyr kanunlar bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. 

                                                                   

Şu ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmagy, ýerli önümçilikleri ösdürmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, hususy işewürlere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek barada karara gelendigini, şeýle hem zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine-de şonça möçberde pul serişdeleriniň bölünip berilýändigini aýdyp, degişli Karara gol çekmegi telekeçiligi goldamakda möhüm ädim boldy.  

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet tarapyndan şeýle uly goldawyň berilmeginiň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de durnukly ösmegine we geriminiň giňemegine itergi berjekdigini bellemek gerek. Munuň özi milli telekeçiligi täze derejä çykarmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, goşmaça maýa goýumlary çekmäge, ilaty ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge, şeýle önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmaga ýardam eder. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatyna, üns-aladalaryna telekeçiler bu günki gün döwrebap kärhanalary döretmek, ýokary hilli önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine saldamly goşant goşmak bilen mynasyp jogap berýärler. Hususy işewürler halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler. 

                                                                                                           

Täzegül JUMADURDYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.

01.07.2022
Ýaşlar baradaky alada döwletimiziň ileri tutulýan wezipesidir

 Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär. 

                                                                   

Türkmenistanly ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary kanun taýdan kepillendirilendir. Ýaşlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur bolan amatly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-nji iýunynda rejelenen görnüşi taýýarlanýan “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna bagyşlanan maslahaty geçirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen geçiren taryhy duşuşygy ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlaryna bagyşlandy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryna we ýokarda agzalan Kanunyň kämilleşdirilmegine degişli anyk başlangyçlary öňe sürüp, jemgyýetçiligiň pikirlerini hem-de maslahatlaryny, tekliplerini nazara alyp, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine toplumlaýyn, ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, alymlardan gelip gowşan teklipleri öwrenip, umumylaşdyryp hem-de seljerip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň garamagyna hödürlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. 

                                                                   

Maslahata gatnaşyjylar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyçlaryny doly goldap, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sargytlarynyň we öňdengörüjilikli taglymlarynyň, halkymyza, Watanymyza wepaly gulluk etmekdäki şahsy göreldesiniň häzirki zaman ýaşlary üçin möhüm durmuş çelgisi bolup durýandygyny biragyzdan tassykladylar. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini, aň-bilim mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri, gözýetimlerini giňeltmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi we daşary ýurt dillerini öwrenmegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamalary we beýleki möhüm resminamalar kabul edildi. 

                                                                   

Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary we talyplary bilen geçiren duşuşygy hut şu meselelere bagyşlandy. Duşuşygyň dowamynda obasenagat toplumynyň ähli düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ulanmak, amaly sapaklary tejribe bilen utgaşdyrmak, okuw maksatnamasyna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda oba hojalyk ylmynyň mundan beýläk-de ösüşi, onuň önümçilik bilen arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmek, köpasyrlyk daýhançylyk däplerini häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Lebap welaýatyna amala aşyran iş sapary mahalynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek we bu ugurdaky kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak meselelerine üns çekildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary bilen geçiren duşuşygynda milli bilim ulgamy üçin hünärmenleri döwrüň talabyna laýyk derejede taýýarlamak, täzeçil tehnologiýalary giňden ulanmak, ugurdaş ylymlar bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek, ony milli mugallymçylyk tejribesi bilen utgaşyklylykda iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. 

                                                                   

Ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen duşuşyklarda Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipelere, ylym-bilim ulgamynyň möhüm meselelerine, ýakyn döwrüň içinde esasy üns berilmeli ugurlara aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Öňde goýlan maksatlaryň amala aşyrylmagyna uzak möhletleýin hem-de orta möhletleýin döwri öz içine alýan meýilnamalardyr strategiýalar, şol sanda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” gönükdirildi. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň ýaşlaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesilleriň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi. 

                                                                   

Ýaşlaryň ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin uly mümkinçilikler döredildi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça öňe süren teklibi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Türkmen ýaşlary saýlap alan hünäri boýunça ýurdumyzda hereket edýän orta hünär okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim almak hem-de zähmet endiklerini ösdürmek üçin zerur mümkinçiliklere-de eýe bolýarlar. Diýarymyzda täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda täze iş orunlary döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrýar. 

                                                                   

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy pudagyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek zerur şert hasaplanýar. Häzirki döwürde hususyýetçiler Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli işleýärler. Şunda ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryna goldaw bermek we höweslendirmek ugrunda tagallalar edilýär. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli düzümleýin taslamalar, şol sanda “Aşgabat-sitiniň” we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklary talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag mekdebi bolup durýar. Olarda täzeçil başlangyçlardyr özboluşly işläp taýýarlamalar zerurlyk hasaplanylýar hem-de iş ýüzünde giňden peýdalanylýar. 

                                                                   

Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şunda ýaş türkmenistanlylaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň we doly derejeli, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzda ýaş nesilleriň abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Häzirki zaman multimedia enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler, sagaldyş we dynç alyş merkezleri ösüp gelýän ýaş nesilleriň ygtyýaryndadyr. 

                                                                   

Çagalary goramagyň halkara güni milli senenamamyzda şanly sene hökmünde orun aldy. Bu sene ýurdumyzda her ýylyň 1-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde dabaraly bellenilýär. BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, Türkmenistan ösüp gelýän ýaş nesilleriň oňaýly durmuş şertleriniň döredilmegine, olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň kepillendirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Ýurdumyzda hossarsyz galan çagalar üns-alada bilen gurşalandyr. Olar hakyndaky aladany döwlet öz üstüne aldy we çagalaryň bir bitewi, agzybir maşgala bolmaklary, özlerini bu maşgalanyň, jemgyýetimiziň doly derejeli agzalary hökmünde duýmaklary üçin zerur mümkinçilikler döredilýär. 

                                                                   

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi, olaryň bilim almaklary, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri, döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri hem-de sport bilen meşgullanmaklary bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz bu ýerde bolup, çagalar bilen duşuşdy. Munuň özi olar üçin ýatda galyjy pursatlara beslendi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler bilen gürrüňdeşlikde döwlet Baştutanymyz çagalaryň biziň geljegimizdigini, durmuşymyzyň gülleridigini aýtdy. Şu nukdaýnazardan, ähli gowy zatlar çagalar üçin niýetlenilýär we bu şeýle-de bolar. Bu ýerde terbiýelenýän çagalar döwletimiziň aladasyny, goldawyny hemişe duýup ýaşaýarlar. Baýramçylyk mynasybetli olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Ýeri gelende aýtsak, Döwletliler köşgüniň ulanmaga berlen pursadyndan bäri köp ýyl geçdi. Şonuň üçin onuň binalaryny abatlamagyň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda köşgi döwrebap derejä getirmek boýunça zerur işleriň meýilleşdirilýändigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli howandarlyga mätäç çagalara durmuş goldawyny bermegiň çäklerinde, 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda şeýle asylly ýörelgelere ygrarlydygyny görkezdi. Şunda sogap işleri berjaý etmek, mätäçlere goldaw bermek aýratyn ähmiýetlidir. Häzirki döwürde asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeler hossarsyz galan çagalaryň kanuny bähbitleriniň goraglylygyny hukuk taýdan kepillendirýän toplumlaýyn çärelerde, aýratyn durmuş goldawyna mätäç çagalaryň jemgyýetimize uýgunlaşmagyna, olaryň özbaşdak durmuşa taýýarlanmagyna gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasy şu döwrüň içinde giň möçberli, netijeli işleri amala aşyrdy. Geçen ýyl gazna tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap derejede enjamlaşdyrylan “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berlendigini bellemeli. Şeýle hem haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldawa mätäç çagalara, köp çagaly maşgalalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda degişli barlag işlerini, operasiýalary geçirmek, olary bejermek, degişli enjamlarydyr lukmançylyk maksatly önümleri satyn almak üçin serişdeler gönükdirilýär. 

                                                                   

Ýaş nesilleriň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda bu ugurda düzümleýin özgertmeler we maksatnamalar, hususan-da, “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly milli strategiýa durmuşa geçirilýär. Çagalaryň saglygyny goramak meselelerini kämilleşdirmek we mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda dürli keselleriň öňüni almak, ýüze çykarmak, bejermek bilen baglanyşykly meseleler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde geçiren duşuşygynda esasy üns berlen ugurlar boldy. Gahryman Arkadagymyz Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna guran iş saparlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Türkmenbaşy, Daşoguz we Türkmenabat şäherleriniň köpugurly hassahanalarynyň çagalar bölümlerine baryp gördi. Olarda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýlary bilen gyzyklanyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy haýyr-sahawat gaznasyndan ýaş nesillere zerur goldawyň beriljekdigini, olaryň doly sagalyp, deň-duşlary bilen durmuşyň hözirini görüp ýaşajakdyklaryny aýtdy. Çagalar, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyza edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

                                                                   

Ýaş nesilleriň abadançylygynyň we hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmeginde olaryň sagdynlygyna möhüm orun degişli bolup durýar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä, sportuň dürli görnüşlerine çekilmegi wajyp şert bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda, çagalar sagaldyş merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde, ýaşaýyş toplumlarynda stadionlaryň, beýleki ugurdaş desgalaryň, sport mekdepleriniň gurulmagyna aýratyn üns berilýär. Çünki bedenterbiýe we sport ýaşlarda ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmeginde, aň-paýhas ukyplarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Yzygiderli türgenleşikler, beden maşklary adam häsiýetini taplaýar, ýaşlarda maksada okgunlylygy, durnuklylygy, zähmetsöýerligi, tertipliligi, saglyk üçin zyýanly endiklere garşy durmak ukybyny berkidýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet strategiýasy oňyn netijesini berýär. Ýaşlaryň arasynda sporta bolan gyzyklanmalar artýar. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ajaýyp netijeleri gazanýarlar. Sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artýandygyny bellemeli. Ýaşlar dürli derejedäki bäsleşiklere we köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şu ýyl ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan sport çäreleriniň jemgyýetimizde ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtamak gerek. 

                                                                   

Paýtagtymyzda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşandygyny bellemeli. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemal tapan maşgala däplerini üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolmak bilen, sporta möhüm ähmiýet berýär. Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz beden we sport taýýarlygyny görkezip, watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara görelde boldy. 

                                                                   

Häzirki döwürde ylmyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornunyň barha berkeýändigini nazara alyp, ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmaklaryna zerur üns berilýär. Şu maksat bilen, her ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirilýär. Ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guraýar. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýyl 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda ylmyň ösdürilmeginiň, öňdebaryjy gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň, ylmy mümkinçiliklerini berkitmegiň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň esasy wezipeleriniň hatarynda görkezilendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz bäsleşigiň ýeňijilerini gutlap, ýaş alymlaryň Watanymyzyň kuwwatly güýjüdigini, olaryň beýik maksatlary nazarlaýan ýagty geljegiň eýeleridigini nygtady. 

                                                                   

Ýokary hünärli, täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we zerur hünär bilimi bolan hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir. Türkmenistanda bu ugruň ösdürilmegine döwlet goldawy berilýär, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, olaryň gerimini giňeltmek üçin mümkinçilikler döredilýär, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Munuň özi ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşige gatnaşýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagyny şertlendirýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda bäsleşige ylmy işleriň 1 müň 140-sy gatnaşdyryldy. Gatnaşyjylaryň hatarynda 730 talybyň we 410 sany ýaş alymyň bolandygyny bellemeli. Olar ylmyň we tehnologiýanyň alty ugry boýunça işläp taýýarlamalaryny, amaly barlaglaryny hödürlediler. Şeýlelikde, ýaşlaryň 72-si ylmy-barlag işlerini geçirmekde ýeňijiler diýlip ykrar edildi. Olara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, degişli diplomlar gowşuryldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň döredijilik hem-de sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin-de ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary geljek nesillere geçirmek ýörelgeleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda ýaş maşgalalara goldaw bermek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň maslahatda eden çykyşynda belleýşi ýaly, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň netijeli zähmete bolan söýgüsini artdyrmak, häzirki döwre buýsanjyny, ýagty geljege ynamyny pugtalandyrmak, dostluga, söýgä hormat goýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny pugtalandyrmak täze taryhy eýýamda mynasyp derejede dowam etdirilýän ýörelgeler hökmünde kesgitlenildi. Ýaş nesiller hakyndaky alada ertirki güne bolan iň ygtybarly we netijeli maýa goýumydyr. 

                                                                   

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.  

                                                                                                           

(TDH)

01.07.2022
Bol hasyl almakda netijeli usullar

Ýurdumyzda amala aşyrylýan oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy ugruna öwrülýär. Döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan hususyýetçiler obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler uzak möhletleýin bölünip berlen ýer böleklerine ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa gök-bakja ekinlerini we miweleri ýetişdirýärler. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti oba hojalygynda iri hususy düzümleriň biridir. Paýdarlar jemgyýeti şu ýyl dag etegindäki bereketli toprakda ekilen miweli baglardan ilkinji hasyly ýygnamaga girişdi. 2019-njy ýylyň ýazynda paýdarlar jemgyýetine 1200 gektar ýer bölegi uzak möhletleýin esasda bölünip berildi. Bu ýerde badam, pisse, alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglar bilen birlikde, gök önümlerden käşir, sogan, ýeralma hem ýetişdirilýär. Jemgyýetiň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Olaryň her birine 300 gektar meýdan bölünip berlen.  

                                                                   

Döredilen üpjünçilik düzümleri — suw geçiriji ulgam, suw göteriji beketler, howdanlar, elektrik geçiriji ulgam we beket aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ekinleri suwarmak üçin gerek bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden çekilen suw geçiriji ulgam arkaly getirilýär. Suw döwrebap tehnologiýalaryň kömegi arkaly derýanyň derejesinden 184 metr belentlige çykarylýar we merkezi howdanlara eltilýär. Suw geçiriji ulgamyň umumy uzynlygy 27,5 kilometre golaý. Suwaryş işi damjalaýyn usul arkaly berjaý edilýär. Munuň özi suwuň tygşytly harçlanmagyny üpjün edýär. Ekin meýdanlaryny suwarmak işi awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Oňa sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Baglary gurplandyrmak we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri ylmy esasda alnyp barylýar.  

                                                                   

Ekin meýdanynyň 130 gektara golaýynyň üsti ekini Günüň ýiti ultramelewşe şöhlesinden goramaga niýetlenen ýörite örtgüler bilen örtülendir. Ispaniýada taýýarlanýan ýokary hilli örtgüler ýetişen miweleriň ter bolmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Şu günler garaly, şetdaly ýaly miweleriň hasyly ýygnalýar. Alma, armyt, hurma, badam baglaryndan ýokary hasyla garaşylýar. Baglara ideg edilende we hasyl ýygnalanda, hususyýetçi daýhanlara ýeňillikli şertlerde satyn alnyp berlen döwrebap oba hojalyk tehnikalary we kombaýnlar peýdalanylýar. 

                                                                   

Ekin meýdanlarynyň köp bölegine badam agaçlary ekildi. Bu ýerleriň howa şertleri badamdan bol hasyl almaga amatlydyr. Badam 3-nji ýyldan hasyla durýar we 6-7-nji ýylynda onuň hasyllylygy ýokary derejä çykýar. Netijede, 1 gektardan 2 tonna arassa maňyz alynýar. Her düýpden ortaça 6 kilograma çenli hasyl almak mümkin. Ýeri gelende belläp geçsek, badamyň daşky gabygy hem ekologiýa taýdan arassa ýangyç bolup hyzmat edýär. Hasylyň kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnalmagy el zähmetini azaldýar. Badamyň maňzy terligine azyk hökmünde ulanylýar, konditer önümlerini hem-de dürli tagamlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Şeýle-de badam ýagy, badam uny, badam süýdi we goýaltma taýýarlanýar. Lukmanlar bu önümleriň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny belleýärler. 

                                                                   

Paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki sogan, käşir, ýeralma ekilen meýdanlar hem gök öwsüp, eýýämden hasylyň bereketli boljakdygyny buşlaýar. Hojalyk jemgyýetlerine gök we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanalary gurmak üçin 80 gektar ýer bölünip berildi. Şu ýyl her biri 5 gektar meýdany eýeleýän ýyladyşhananyň birnäçesiniň gurluşygyna badalga berildi. Hojalyk jemgyýetleriniň ählisinde degişli inžener-tehniki düzümler döredildi, ýollar çekildi. Ýakyn geljekde ýygnalan hasyly saklamak üçin sowadyjy ammary we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek üçin önümhanalary gurmak, sil suwlaryny toplap, ekerançylykda peýdalanmaga niýetlenen ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar.  

                                                                                                           

Çary ÇARYÝEW,

                       

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy taýýarlygy ugrunyň talyby.

01.07.2022
Hususylaşdyrmakda döwrebap çelgiler

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň wajyp ugry döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň alnyp barlyşy halkara ülňüleriň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işlere täzeçillik girizildi. 

                                                                   

Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga isleg bildirýän işewürlere ýurdumyzyň ähli ýerinden menzilara gatnaşmaga mümkinçilik berýän «Bäsleşikli söwdalar» atly mobil goşundy döredildi. Bu goşundynyň kömegi arkaly isleg bildirýän taraplar bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin ýeňillikli agza bolmak, söwdalara çykarylýan desgalaryň sanawy bilen tanyşmak, isleglerine görä sanawy tertipleşdirmek, gerekli resminamalary ýükläp almak we bäsleşikleriň geçirilýän güni menzilara gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolup bilerler. Söwdalar şu tertipde ýakynda, ýagny 16-njy iýunda ilkinji gezek geçirildi. Bu usul özüniň oňyn netijesini-de berdi.  

                                                                   

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» görkezilen çäreleriň çäklerinde birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu resminamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri talabalaýyk hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web saýtlaryny kämilleşdirmek, hyzmat etmegiň elektron görnüşine geçmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýady ulgamyny döretmek, onuň goraglylygyny, maglumat düzümleriniň durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýet bilen bagly hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna yzygiderli seljermeler geçirilip, olary kämilleşdirmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. 

Ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak, hususy ulgamy goldamak bazar gatnaşyklary ýörelgelerine geçmekde esasy şertleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Telekeçileriň bähbidini goraýan kanunlar kabul edilýär. Bu ugry saýlap alan raýatlara ýeňillikli bank karzlary yzygiderli berilýär. Dürli maksatly desgalary gurmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara giňişlikde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy hem döredildi. Ýuridiki şahs hökmünde döredilen gazna öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga-da hukuk berildi. Bularyň ählisi senagatçylar we telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri açdy. Indi telekeçilerimiziň önümleri diňe bir özümizde däl, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynyň bazarlarynda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýarlyk bilen meşhurlyk gazanýar. Eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesinden peýdalanmak, işjeň işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, daşary ýurtlarda türkmen telekeçileriniň wekilhanalary, söwda, modalar we hyzmatdaşlyk öýleri açyldy.  

                                                                   

Ýurdumyzda hereket edýän «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Kanunda, «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ozal dünýä tejribesinde ulanylan netijeli ýörelgeler giňden özleşdirildi. Şunuň bilen bir hatarda ykdysady ösüşleri bökdäp bilýän islendik ýagdaýdan daşda durmak zerurlygy binýatlaýyn ýörelge hökmünde bellenildi. Kabul edilen maksatnamanyň çäklerinde hususylaşdyrmagyň hereket edýän usulyýeti kämilleşdirilip, bazar gatnaşyklarynda gymmatly kagyzlar bazaryny, bilelikdäki paýly kärhanalaryň ornuny ýokarlandyrmak üçin maýa goýum taslamasyny-da bäsleşikli söwda ugurlaryna üýtgeşmeler girizip alyp barmak ýörelgeleri dowam edýär. Şeýle toplumlaýyn işleriň netijesinde, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, söwda we iýmitde kärhanalaryňdyr desgalaryň ýüzlerçesini hususylaşdyrmak maksatnamalaýyn esasda alnyp baryldy. Netijede, maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň, senagat hem-de azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň, naharhanalaryň, dükanlaryň we gaýry emläkleriň köp sanlysy hususylaşdyryldy.  

                                                                   

Oba ýerlerinde öňdebaryjy tehniki-tehnologik nusgalara laýyk enjamlaşdyrylan döwrebap zawod-fabrikler, önümçilik sehleri, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, durmuş-medeni desgalar, söwda we dürli ugurly hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalaryň ýüzlerçesi peýda boldy. Iri möçberli maldarçylyk we guşçulyk toplumlary döredildi. Olaryň aglabasynda çykarylýan ýokary hilli önümler diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän haryt nusgalaryna doly bäs gelmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Milli haryt öndürijileriň işjeňliginiň günsaýyn ýokarlanmagy «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda» bellenen möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant bolýar.  

                                                                   

Häzirki döwürde döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak boýunça işleriň depginini has-da güýçlendirmek, bäsleşikli söwdalaryň hilini ýokarlandyrmak, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny has-da kämilleşdirmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şunda baş maksat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak bolup durýar.  

                                                                                                           

Tirkeşmyrat KÜRRÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.

01.07.2022
Durnukly ösüşleriň kepili

Türkmenistan dünýä giňişliginde ekoulgamyň abadançylygyny berkitmekde işjeň hereket edýän ýurtlaryň hataryna girýär. Häzirki wagtda döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän, ekologik talaplara laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary işe girizilýär. Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny ýangyç bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenilen uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly Üçajy — Zerger gaz geçirijisiniň gurulmagy hem ekotalaplaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy. 

                                                                   

Ekoulgamy pugtalandyrmak boýunça edilýän işler barmak büküp sanardan has köpdür. Ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda welaýatymyzda hem ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän döwrebap elektrik stansiýalarynyň uly toplumy guruldy. Umuman alanyňda, Türkmenistanyň BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy konwensiýalaryny tassyklap, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygyna mysallar juda köpdür. Mähriban Diýarymyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde onlarça ekologiýa maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz halkara bileleşiginiň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, durnukly ösüşi gazanmagyň maksatlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşdy we durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-siniň ählisini resmi taýdan kabul eden hem-de olary özüniň milli meýilnamalaryna we durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýalaryna uýgunlaşdyran ilkinji döwletleriň biri boldy. Ýurdumyzda ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini goramak babatynda oňyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselesinde Hazar deňziniň ekologiýasynyň sebitiň çäginden daşa çykýan möhüm meseledigine hem mydama ünsi çekip gelýär. Durnukly ösüşiň ekologiýa meseleleriniň doly berjaý edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde bolmagynda galýar. Adamyň tebigatyň bir bölegidigi, şonuň üçin bu sazlaşygyň ösdürilmeginiň möhüm bolup durýandygy baradaky düşünje Gahryman Arkadagymyz tarapyndan berk esaslandyryldy. Türkmenistanda halkara möçberinde yzygiderli geçirilýän ekologik maslahatlara dünýäniň dürli künjeginden alymlardyr bilermenler, syýasatçylar gatnaşýarlar. Seredilýän meseleler boýunça oňyn çözgütlere gelinýär. Meselem, «Hazar ekologik maslahaty», «Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatlar, birinji Hazar ykdysady forumy, olarda kabul edilen çözgütler ekoulgamdaky alnyp barylýan işleriň ähmiýetini täze derejä çykardy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Aral deňziniň täsirine sezewar bolan zolakda tozanly tupanlara garşy göreşmekde tokaý zolaklaryny döretmek netijeli usullaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda Daşoguz welaýatynda Sarygamyş kölüniň gündogar tarapynda, Aral deňziniň oňaýsyz täsirini ýetirýän ýerinde ýerleşýän Bötendag belentliginiň töwereginde 2013 — 2020-nji ýyllar aralygynda 20 müň gektar meýdanda çöl ösümlikleriniň (sazak, çerkez, gandym we beýlekiler) 8 milliondan gowrak nahallary oturdyldy.  

                                                                   

Türkmenistan halkara ähmiýetli täze başlangyçlary öňe sürmek bilen, milli derejede ekologiýa we suw meseleleri boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine hem ýardam berýär. Ýurdumyzda iri möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegi, çölleşmä garşy göreş, bioköpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de köpsanly beýleki ugurlar boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Tebigaty goramak boýunça kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň gazlaşdyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlarynyň peýdalanylyşyny kadalaşdyrmak hem-de birnäçe beýleki çäreler ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bereketli türkmen topragynyň her bir künjegi örän aýawly çemeleşilmäge mynasypdyr. Türkmen halkynyň ekologiýa abadançylygy şertlerinde ýaşaýşyny üpjün etmek, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy wezipeleridir. 

                                                                                                           

Galina MYRADOWA,

                       

Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.

30.06.2022
Parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna maksatlaryň hem-de bähbitleriň bitewüligi ugrunda

Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi 

                                                                   

 Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi. 

                                                                   

Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen paýtagtyna geldiler. 

                                                                   

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlar mähirli garşylanyldy. Bu ýerde bäş goňşy ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlaryna duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy. 

                                                                   

Altynjy Hazar sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen duşuşdy. 

                                                                   

Soňra belent mertebeli myhmanlar paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasyna tarap ugradylar. Bu ýerde, sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. 

                                                                   

Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” myhmanhanasynyň eýwanynda belent mertebeli myhmanlaryň her biri bilen mähirli salamlaşdy. 

                                                                   

Aşgabat sammitiniň resmi nyşanynyň öňünde däp bolan bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, oňa gatnaşyjylar kiçi mejlisler otagyna barýarlar, şol ýerde gysga düzümdäki ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlaryny mübärekläp, sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi hem-de şu derejede Aşgabatda geçirilen birinji duşuşykdan bäri ýigrimi ýylyň geçendigini belledi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşygy esasynda guralýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Hazar sebitinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär. 

                                                                   

Bu babatda Hazaryň ägirt uly, dürli ugurly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak boýunça görülýän yzygiderli çäreler, bu ugurda anyk başlangyçlaryň öňe sürülmegi, gojaman Hazaryň «Parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi» diýen derejä eýe bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berilmegi möhüm wezipe bolup durýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Hazar meselesi boýunça duşuşyklaryň we forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek.  

                                                                   

Ýigrimi ýyl mundan ozal, 2002-nji ýylda hut Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Bu sammit uzak möhletli geljek üçin netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge badalga boldy. Ýokary derejedäki şu duşuşygy geçirmek başlangyjyny hem Türkmenistan öňe sürdi. Bu teklip 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitiniň barşynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýan edildi. 

                                                                   

Emele gelen şertlerde Hazar deňzinde berk parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamak, Hazar sebitini ösdürmek üçin ygtybarly syýasy we hukuk kepilliklerini üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu görnüşdäki duşuşyklary mundan beýläk-de yzygiderli geçirmegiň wajypdygy nygtaldy. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň hökümetleriniň we aýry-aýry pudaklarynyň derejesindäki gepleşiklere hem degişlidir. 

                                                                   

 Soňra altynjy Hazar sammiti uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerini Türkmenistanda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň muny Hazarda maksatlarymyzyň umumydygynyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygynyň tassyknamasy hökmünde kabul edýändigini belledi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Sözüň doly manysynda, hut şonda Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça uzak möhletli geljek üçin yzygiderli hyzmatdaşlygyň binýady goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şondan bäri 20 ýyl geçdi we biz bu gün Hazar sebitinde ýokary döwlet derejesinde syýasy gatnaşyklaryň täze görnüşiniň zerurdygyny hem-de biziň halklarymyzyň parahatçylygynyň, ösüşiniň we rowaçlygyň bähbidine kenarýaka ýurtlaryň maksatlarynyň we bähbitleriniň bitewüliginiň aýgytlaýjy şerti hökmünde ykrar edilendigini aýdyp bileris. 

                                                                   

Soňra Tähranda, Bakuwda, Astrahanda, Aktauda geçirilen sammitler hem Hazar üçin möhüm ähmiýete eýe boldy, Hazar gatnaşyklarynyň dürli ulgamlarynda döwletleriň bilelikdäki işine kuwwatly itergi berdi. Biz bu babatda bäş döwletiň ählisiniň uly hyzmatynyň bardygyny ynamly aýdyp bileris. Şol döwletleriň her biri sebitde özara gatnaşyklaryň binýadyny kemala getirmäge uly goşant goşdy diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Geçen döwürde köp işler amala aşyryldy. 2018-nji ýylda Aktauda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi biziň esasy umumy üstünligimiz boldy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriň hemmesiniň resminamany taýýarlamagyň ähli tapgyrlarynda işjeňlik görkezendigi, birek-biregiň bähbitlerini nazara alandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Şonuň bilen birlikde, Hazarda hyzmatdaşlyk boýunça pudaklaýyn ylalaşyklaryň ençemesiniň üstünde işlenildi we bu iş dowam etdirilýär. Bularyň ählisi häzirki wagtda biziň gatnaşyklarymyzyň hil taýdan anyk häsiýete eýe bolmagyna, maksadalaýyk, yzygiderli we netijeli ösmegine ýardam etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Netijeli we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklar alnyp barylýar. Ol Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny — syýasy, ykdysady, söwda, ekologiýa babatdaky hem-de ynsanperwer gatnaşyklary öz içine alýar. 

                                                                   

Hazar sebitinde ygtybarly, uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etmek möhüm we şol bir wagtyň özünde bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünliginiň esasy şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biz bilelikde Hazar sebitiniň parahatçylyk we ösüş hem-de ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, beýleki islendik kanuna laýyk gelmeýän işe garşy bilelikde göreşmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bu babatda biziň hyzmatdaşlygymyz örän netijeli, barlyşyksyz häsiýete eýe bolmalydyr, yzygiderlilik, toparlaýynlyk we açyklyk ýörelgeleri esasynda guralmalydyr. 

                                                                   

Bu işde diplomatik gatnaşyklara, ilkinji nobatda bolsa, Hazarýaka döwletleriň ýörite ygtyýarly wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeler guralyna möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Aktauda geçirilen sammitde kabul edilen Beýannamada bu ýagdaý öz beýanyny tapdy. Geňeşmeleriň biziň ýurtlarymyzyň döwlet edaralarynyň sazlaşykly işlemegi üçin zerur şertleri üpjün etmegine garaşylýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň bu guralynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmegiň, oňa pudaklaýyn ylalaşyklaryň işlenip taýýarlanylmagyny utgaşdyrmagy tabşyrmagyň maksadalaýykdygyny belledi. Şolaryň hatarynda Hazar deňzinde göni başlangyç çäkleri ýola goýmagyň usuly hakyndaky Ylalaşygyň üstünde işlemegi tamamlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna bäştaraplaýyn gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatda maslahatlary yzygiderli geçirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Ençeme ýyllaryň dowamynda Hazarýaka döwletleriň bilermenleri tarapyndan brakonýerlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, deňizde gözlemek we halas etmek ulgamynda resminamalaryň üstünde iş alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu işe gatnaşyjylaryň ählisine öňde goýlan maksatlara ýetmäge goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýakyn wagtda bu resminamalaryň üstünde alnyp barylýan işleriň tamamlanjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary hem-de beýleki köp ugurlary öz içine alýar. Bu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly, täze görnüşi — Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky çözgüt uly ähmiýete eýedir. Ilkinji şeýle forum 2019-njy ýylyň tomsunda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Şonda kabul edilen çözgütler we ylalaşyklar Hazarda hojalyk işini strategik taýdan meýilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrüldi, onuň geljegini kesgitledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, ulag barada barýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňziniň «Mümkinçilikleriň deňzi» diýlip atlandyrylmagynyň hakykatdan daş däldigini belledi hem-de geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynam bildirdi. Şoňa görä-de, kenarýaka ýurtlara port düzümini gurmak we döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitini harytlaryň hem-de hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly, döwrebap, amatly giňişlige öwürmek üçin durnukly, ygtybarly we netijeli logistika ulgamyny kemala getirmek babatda uly işler garaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de syýasatdan azat bolan konýunkturanyň zerurdygyny aýratyn nygtady. 

                                                                   

Geljege jogapkärli hem-de öňdengörüjilikli garamak möhümdir: ählumumy syýasatdaky häzirki çylşyrymlylyklar we gapma-garşylyklar bilen baglylykda, Hazarýaka ýurtlara umumy maksatlara hem-de umumy ykbala düşünmekde bitewüligi saklap galmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň güýje girmegine kanagatlanma bildirýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, halkara işewürligiň, maliýe edaralarynyň Hazar sebitine uly üns hem-de gyzyklanma bilen garaýandygyna, onuň kuwwatyna we geoykdysady gymmatyna düşünýändigine ynam bildirdi. Telekeçilik üçin oňat şertleri döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatlarda bolsa, könelişen bökdençliklerden azat etmek, Hazary möhüm we uzak möhletli maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýere öwürmek üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Umuman, Hazar deňziniň ulag ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek babatda öňümizde uly we anyk maksady ynamly goýup bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Hazarda önümçilik taýdan ýakynlaşmagy hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda kesgitläp, biziň ýurtlarymyzyň uly tebigy serişdelere, berk senagat we tehnologik kuwwata eýedigini belledi. Şol serişdeleriň we kuwwatyň birleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlarynyň, “Ýakynlaşmak geçelgeleriniň” döredilmegi wajyp mesele bolup durýar. Şunda hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir. Hazarýaka ýurtlaryň maksatnamalaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermek zerurdyr. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz göni gatnaşyk edip, amatly we maksadalaýyk ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýollaryny özbaşdak kesgitläp bilerdiler. Şunuň bilen baglylykda, özbaşdak, döwlete dahylsyz ulgam hökmünde Hazarýaka ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini, ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmegiň üstünde işlemek teklip edilýär. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak biziň umumy möhüm maksadymyz bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy anyk kesgitlenendir we üýtgewsizdir: ähli ykdysady we önümçilik işi deňziň ekologik howpsuzlygy bilen berk bagly bolmalydyr, tebigaty goramak babatda ykrar edilen dünýä standartlaryna laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň döredilen gurallarynyň sazlaşykly işine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakyndaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjy bu ugurda bilelikdäki işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Türkmenistan eýýäm Hazaryň baý tebigy serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek pikiri bilen çykyş etdi. Biz şu mesele boýunça işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyrys hem-de Hazarýaka ýurtlaryň hemmetaraplaýyn goldawyna umyt edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň giňişligi hökmünde Hazar deňzi barada aýtmak bilen, biz ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we şu babatda koronawirus pandemiýasy döwründäki takyk, sazlaşykly işi nygtady. Şu çylşyrymly döwürde Hazarýaka döwletler birleşdiler, raýdaşlygyň we birek-birege ýardam bermegiň aýdyň nusgasyny görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlaryň Prezidentlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistan medeni gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek ugrunda çykyş edip, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär. 

                                                                   

Dynç alynýan ýer hökmünde Hazaryň, onuň kenarýakasynyň uly kuwwatynyň bardygyny nazara almak bilen, ýurdumyz syýahatçylyk pudagynda we gämide syýahat etmek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary goldaýarys. 

                                                                   

Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meseleleri gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biziň ýapyk ýa-da oňaýsyz meselelerimiz ýokdur, biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde geljekki ylalaşyklary gazanmaga, Hazar gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyklaryň hoşniýetlilik, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçýändigini aýratyn nygtady. Hazarýaka döwletleriň sammitleri sebit hem-de dünýä syýasatynyň anyk we täsirli şertine öwrüldi, olaryň diňe bir gatnaşyjylar üçin däl, eýsem, beýleki ýurtlar üçin hem wajypdygy äşgärdir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerine Hazarda hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işine goşýan uly şahsy goşantlary üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berildi. Dostlukly döwletiň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik hem-de altynjy Hazar sammitiniň ýokary derejede guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gabat gelýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, halkymyzyň abadançylygyny berkitmekde we ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazandy. 

                                                                   

Prezident Ilham Aliýew hut öz adyndan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, goňşy ýurduň Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we täze taryhy döwürde Türkmenistanyň uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, Azerbaýjan Hazarda döwletara gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman 2018-nji ýylda Aktau şäherinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taryhy zerurlygyny hem-de onuň çalt güýje girmeginiň ähmiýetini belledi. Munuň özi geljekde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen has netijeli çäreleri görmek üçin ygtybarly hukuk esasyny döreder. 

                                                                   

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Prezident Ilham Aliýew Hazarda bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilýändigini, dürli ulgamlarda birnäçe ylalaşyklara gol çekilendigini we olaryň güýje girendigini belledi. Hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi. Şol resminamalara ýakyn wagtda garalar we olar taýýar bolan ýagdaýynda gol çekiler. Şeýle hem ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn görnüşde Hazar deňziniň düýbüni bellemek hakyndaky degişli şertnama baglaşyldy. 

                                                                   

Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de beýleki abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Hazar deňzinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň möhüm şertleri bolup durýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletlerimiziň özara hormat goýmakda we ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almakda esaslanýan gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi bellenildi. Hazar sebitiň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme halkara we sebitleýin taslamalaryň esasy merkezleriniň biri bolup durýar. 

                                                                   

Soňra Azerbaýjanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, ygtybarly we howpsuz kommunikasiýalary kemala getirmek, ýokary düşewüntli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary çekmek üçin amatly şertleri döretmäge çalyşmak Hazarýaka ýurtlaryň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. 

                                                                   

Ulag düzümini ösdürmek, degişli hyzmatlaryň we multimodal gatnawlaryň hilini kämilleşdirmek hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu ulgamda Hazarýaka döwletleriň arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklar Hazar deňzini ösen düzümli halkara iri ulag merkezine öwürmek üçin oňat esasy döredýär. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, belent mertebeli myhman ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgelerini ösdürmek meselelerinde Azerbaýjanyň işjeň orun eýeleýändigini tassyklady. Azerbaýjan tarapynyň Hazarüsti halkara ulag ugruny netijeli ulanmak boýunça ähli tagallalary edýändigi bellenildi. Bu ugur şu ulgamda sebitiň döwletiniň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer we ugurdaş düzümi ösdürmek boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder. 

                                                                   

Şeýle hem Azerbaýjan Hazar deňziniň ekologik meselelerini çözmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Hazaryň suw biologik serişdelerini aýawly saklamak, rejeli ulanmak baradaky toparyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň üstünlikli gatnaşyklary dowam etdirilýär. Şu ýylyň ahyrynda Bakuwda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň taraplarynyň altynjy maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew şu gün gysga düzümdäki duşuşykda uly ähmiýete eýe bolan Hazar meseleleri boýunça pikir alşylandygyny belledi. Taraplaryň wekiliýetleri tarapyndan degişli ýörite bilermenler toparlaryny döretmek babatda bu ugurda işler dowam etdiriler. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany türkmen tarapyna sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň Hazarýaka döwletleriň möhüm umumy wezipeleri çözmäge gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz çuň manyly çykyşy we gutlaglary üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä söz berdi. 

                                                                   

Eýranyň Lideri Hazarýaka döwletleriň Baştutanlaryny mübärekläp, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy. 

                                                                   

2018-nji ýylda geçirilen sammitden bäri bilelikde uly işler amala aşyryldy, kenarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly hukuk binýadyny döreden dürli resminamalar taýýarlanyldy diýip, Eýranyň Baştutany aýtdy. 

                                                                   

Bu gün taraplaryň arasynda özara düşünişmek, kesgitlenen maksatlar, başlanan ýoly dowam etdirmek üçin aýdyň geljek bar. Bularyň hemmesi utgaşykly alnyp barlan işleriň, Hazar deňzinde gatnaşyklaryň möhüm meselelerini çözmekde ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak bilen, oýlanyşykly çemeleşmäniň, öňdengörüjiligiň netijesidir. 

                                                                   

Hazar deňzi biziň umumy deňzimizdir, dostluk gatnaşyklarynyň merkezidir, goňşy halklar üçin bereket çeşmesidir diýip, Prezident Seýed Ebrahim Raisi sözüni dowam etdi. Bu topraklarda ýaşan pederlerimiz özboluşly medeniýeti döretdiler we ösdürdiler. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, kenarýaka ýurtlaryň medeni taýdan ýakynlaşmagynyň döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygy bellenildi. Eýranyň Baştutany çykyşynyň dowamynda halklarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmalydygyny nygtap, geljekde bu ugurda bilelikdäki ýörite maksatnamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi. 

                                                                   

Daşky gurşawy goramak, milli ykdysadyýetleri ösdürmek maksady bilen, Hazar deňziniň bioserişdelerini hem-de gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak meselelerinde goňşy ýurtlaryň ägirt uly jogapkärçiligine, şeýle hem doganlyk halklaryň rowaçlygyny ýokarlandyrmak, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Şunda birek-biregiň hukuklaryna we bähbitlerine hormat goýmagyň, Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gepleşiklerde ylalaşyk gazanmagyň wajypdygy nygtaldy. Bu ýörelge ugur görkeziji bolmak bilen, onuň kömegi arkaly kenarýaka döwletleriň özara bähbitlerini üpjün etmegiň binýady goýulýar. 

                                                                   

Şeýle hem Eýran Lideri Hazarýaka döwletleriň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Prezident Seýed Ebrahim Raisi kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňziniň meseleleriniň ähli ugurlary boýunça uzak möhletleýin bähbitleri barada aýtmak bilen, ulag, söwda, bioserişdeleri dolandyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek we beýleki ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylda geçirilen bäşinji sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Köpýyllyk gepleşikleriň netijesi bolan bu möhüm resminama sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Çykyşynyň dowamynda belent mertebeli myhman Eýran Yslam Respublikasynyň özüniň çäk taýdan ýerleşişini hem-de degişli amatly şertleri nazara almak bilen, Hazarýaka döwletleriň beýleki ýurtlara çykmagy, şeýle hem üstaşyr geçmegi üçin binýady döretmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Elektrik energiýasynyň, gazylyp alynýan baýlyklaryň we beýleki dürli isleg bildirilýän önümleriň eksporty Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Prezident Seýed Ebrahim Raisi Eýran bilen sebitiň döwletleriniň arasynda gowy ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýdyp, bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanylmagynyň bäş dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze döwrüni açýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Hazar deňzi hyzmatdaşlygyň deňzi bolup, häzirki döwürde onuň ähmiýeti has-da artýar. Utgaşdyrylan bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk goňşy ýurtlaryň ykdysady abadançylygyna, halklaryň rowaçlygynyň ýokarlandyrylmagyna, sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam bermelidir. Bu garaýyş ulag, maýa goýumlar, syýahatçylyk we ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça hem-de medeniýet ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, bäş Hazarýaka döwletleriň Liderleriniň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýan Eýran Yslam Respublikasynyň garaýyşlarydyr diýip, belent mertebeli myhman belledi. 

                                                                   

Prezident Seýed Ebrahim Raisi Hazar deňziniň halklarymyzy ýakynlaşdyrýan parahatçylyk hem-de dostluk deňzidigini nygtap, çykyşynyň ahyrynda şu gezekki duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin ýene-de bir gezek hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we duşuşyga gatnaşyjylara sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Eýran Liderine çykyşy hem-de Hazarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada beýan eden pikirleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp şäher Aşgabatda bildirilen myhmansöýerlik hem-de sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Şeýle hem Gazagystanyň Lideri şu duşuşygyň Türkmenistanyň ajaýyp döwlet işgäri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gabat gelendigini belledi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň nygtaýşy ýaly, şu gün ol Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady we ony Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglady. 

                                                                   

Ilkibaşdan Gazagystanyň türkmen dostlarynyň bu möhüm bäştaraplaýyn duşuşygy hut ýüzbe-ýüz görnüşde geçirmegiň zerurdygy baradaky garaýyşlary bilen raýdaş bolandygy nygtaldy. Häzirki şertlerde Hazaryň geostrategik ýerleşişi, baý tebigy serişdeleriniň bardygy hem-de täsin üstaşyr kuwwata eýedigi bilen baglylykda, onuň ähmiýeti has-da artýar. 

                                                                   

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, Aktau sammiti halkara bileleşige Hazarýaka döwletleriň çylşyrymly meseleleri diňe parahatçylykly ýol arkaly, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ruhunda çözmäge ukyplydygyny görkezdi. Köpýyllyk gepleşiklerden soň, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Konwensiýa bäştaraplaýyn gatnaşyklary toplumlaýyn ösdürmegiň berk binýadyny goýdy. 

                                                                   

Hut şu ýerde, Aşgabatda 1996-njy ýylda daşary işler ministrleriniň maslahatynda gepleşiklere resmi taýdan badalga berlendigi hem-de ýörite iş toparynyň döredilendigi bellärliklidir. Ýokary derejedäki birinji duşuşyk hem 2002-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirildi. Netijede, 2018-nji ýylda ýokarda agzalan esasy hem-de köpugurly resminama gol çekildi diýip, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany nygtady. 

                                                                   

Hazar diňe bir ägirt uly peýdaly serişdeleriň jemlenen ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, giň mümkinçilikleriň deňzidir. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Gazagystanyň Hazarýaka ýurtlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, mundan beýläkki hyzmatdaşlyga çemeleşmeleri babatda garaýyşlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Ýokarda agzalan Konwensiýanyň çalt güýje girmegini üpjün etmek, durnukly ösüşiň hem-de Hazarýaka döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ulag aragatnaşygyny berkitmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamakda Hazarüsti halkara ulag ugrunyň artýan orny bellenildi. 

                                                                   

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew degişli guramaçylyk meselelerini bilelikde, çalt çözmegiň möhümdigini aýdyp, geljegi uly “Demirgazyk — Günorta” geçelgesine mundan beýläk-de aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Munuň üçin Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanyp bolardy. Bu ýol Günorta Aziýanyň we Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasynda iň gysga ugur bolup durýar. 

                                                                   

Hazar sebitiniň ykdysady we üstaşyr ulag kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň, şol sanda täze halkara bazarlara çykmagyň, hereket edýän hem-de geljegi uly ugurlary ösdürmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň maksadalaýykdygy bellenildi. 

                                                                   

Gazagystanyň Lideri çykyşynda sebitde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi barada-da durup geçip, kenarýaka döwletleriň söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin döwrebap logistika düzümini yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Hazarýaka azyk ulgamyny döretmek baradaky teklibi beýan edildi. Munuň özi özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berer.  

                                                                   

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Hazaryň ekologiýa ulgamynyň we tebigy gurşawynyň aýawly saklanylmagyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Hazar deňziniň kenarýakasynyň millionlarça ýaşaýjylarynyň ykdysady ösüşi we abadançylygy bu möhüm wezipe bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde biologik serişdelere bikanun eýe bolmaga garşy göreşmegiň wajypdygyna üns çekildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, adatdan daşary ýagdaýlarda öňüni alyş çäreleriniň, onuň netijelerini aradan aýyrmagyň hem-de birek-birege kömek bermegiň sebit guralyny yzygiderli ösdürmegiň zerurdygy bellenildi. Şolaryň howplary tehnogen we tebigy ýagdaýlar bilen şertlendirilendir. 

                                                                   

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Sekretariatyny (Tähran Konwensiýasy) döretmäge we degişli resminamanyň taslamasyny ylalaşmaga degişli meseleleriň çözülmegini çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy. 

                                                                   

Gazagystanyň Baştutany Hazarýaka ýurtlaryň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselesine degip geçip, bu ugurda has ysnyşykly aragatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hazar hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça şu gün beýan edilen başlangyçlaryň ýokary hilli we öz wagtynda durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip, Gazagystanyň biziň umumy bazarymyzyň hem-de ata-babalarymyzyň mirasynyň — Hazaryň hemişe parasatly we sahawatly, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzi bolmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady.  

                                                                   

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany hoşniýetli erk-islegiň hem-de özara meýilleriň netijesinde, biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň rowaçlyklarynyň hem-de ösüşiniň bähbidine bu asylly maksada ýetiljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe çuň mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi. 

                                                                   

Dostlukly döwletiň Baştutany Hazar sammitine gatnaşyjylary mübärekläp, Russiýanyň syýasatda, howpsuzlyk babatda, ykdysadyýet, tebigaty goramak ulgamlarynda Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady. 

                                                                   

Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýada kesgitlenen ugurlaryň berjaý edilmegi sebitiň rowaçlygynyň kepili bolup durýar. Hazarýaka ýurtlar Hazary saklamak, sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmak babatda häzirki we geljekki nesilleriň öňünde jogapkärçilik çekýär diýip, Prezident Wladimir Putin sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Sebitleýin söwda-maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, özara bähbitli senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Russiýa bilen Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberi barha artýar. 2021-nji ýylda bu ugurdaky haryt dolanyşygy 35 göterim köpelip, ol ABŞ-nyň 34 milliard dollaryna barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda bu görkeziji 12,5 göterime deň boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gün 65 ýaşyny dolduran we biziň gutlaglarymyzy kabul eden hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Hazar ykdysady forumyna möhüm orun degişlidir diýip, Russiýanyň Lideri nygtady. 

                                                                   

Şunuň ýaly möhüm çäräniň ilkinjisiniň 2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde geçirilendigini, ikinji forumyny bolsa şu ýyl Moskwada geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bu teklibi goldandyklary üçin kärdeşlerine hoşallyk bildirdi.  

                                                                   

Hazarýaka ýurtlarda energetika ulgamyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde Hazaryň giňişligindäki nebit we gaz känlerini bilelikde ulanmak hakyndaky ylalaşyklar durmuşa geçirilýär. Munuň özi taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryndan oýlanyşykly we rejeli peýdalanmaga, şol sanda däp bolan ugurlarda we energetikany täzeçil usullarda özleşdirmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Biziň pikirimizçe, sebitiň ulag-logistika düzümini gowulandyrmak üçin köp işler edilmelidir. Ilkinji nobatda, gürrüň “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesini ýola goýmak barada barýar. Munuň özi Sankt-Peterburgdan Eýranyň we Hindistanyň portlaryna çenli 7 müň 200 kilometr aralygy öz içine alýan giň möçberli taslamadyr diýip, Prezident Wladimir Putin belledi. 

                                                                   

Onuň aýtmagyna görä, bu geçelgäniň işe girizilmegi geçen ýyl Hazarýaka döwletleriň arasynda baglaşylan ulag babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň güýje girmegini üpjün eder. Ol Hazar deňziniň çägini iri halkara logistika merkezine öwrer. 

                                                                   

Şeýle hem Russiýa tarapy bu ugurda zerur tagallalary edýär. Hazar sebitinde milli deňiz portlaryny ösdürmegiň Strategiýasy kabul edildi we durmuşa geçirilýär. Şeýle hem 2030-njy ýyla çenli oňa demir ýol we awtomobil ugurlary birikdiriler. Hazarda degişli düzümiň gerimi giňeldilýär. Astrahan, Olýa we Mahaçkala portlaryna möhüm üns berilýär. 

                                                                   

Ykdysady ugurdan başga-da, bäş döwletiň arasynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, Hazar deňzini, onuň tebigy serişdelerini saklamak meseleleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Bu pikiri doly makullap, sebitiň halklarynyň durmuşyna we abadançylygyna ýaramaz täsiri boljak tebigy hem tehnogen ýagdaýlara gyssagly seslenmek boýunça bilelikdäki mümkinçiligi artdyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtamak isleýärin. Olaryň hatarynda suw howdanlarynyň hapalanmagy, bekre balyklarynyň görnüşleriniň sanynyň azalmagy ýaly ýaramaz ýagdaýlar bar diýip, Russiýa Federasiýasynyň Baştutany aýtdy. 

                                                                   

Prezident Wladimir Putiniň pikirine görä, deňziň ekoulgamyny has rejeli saklamak üçin 2003-nji ýylda kabul edilen we Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Tähran Konwensiýasynyň esasyny düzýän degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmek işini tamamlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda bu Konwensiýa boýunça maslahaty guramak teklip edildi. 

                                                                   

Şeýle hem Russiýa deňizde ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak, terrorçylyga we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek ýaly möhüm ugurlar boýunça gol çekilen resminamalaryň herekete girizilmegini çaltlandyrmagy teklip edýär. Deňizde howpsuz ýüzüşi amala aşyrmak, halas ediş işini güýçlendirmek, ylmy işleri alyp barmak, brokonýerlige we neşe söwdasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda täze bäştaraplaýyn ylalaşygyň taslamalaryny işläp taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagy möhümdir. 

                                                                   

Dostlukly ýurduň ýolbaşçysy medeni, bilim, sport, syýahatçylyk we ýaşlary özara alyşmak meselelerini berkitmäge möhüm üns bermelidigini belläp, Medeniýet ministrliklerine ähli kenarýaka ýurtlaryň milli buýsanjy bolan halyşynaslygy bir ýere jemlemek we olaryň göçme sergilerini ýa-da tutuş sebit boýunça festiwallary guramak meselelerini işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. Öz gezeginde, Russiýanyň kinematografiýaçylar birleşigi Hazar kinoforumyny geçirmegi teklip edýär. Bu hem örän bähbitli ýörelge bolup biler. 

                                                                   

Sebitde syýahatçylygy işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň zerurdygyna üns berildi. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna kömek eder. Russiýanyň Lideri geljek ýylda Astrahan oblastynda Hazar deňzinde ilkinji “Pýotr Perwyý” uly göwrümli syýahatçylyk gämisiniň ulanyşa giriziljekdigini aýdyp, Hazar deňzi boýunça syýahatçylygyň ýola goýulmagynyň Hazarýaka döwletleriň baý taryhy däpleri, medeni mirasy bilen tanyşmaga, ajaýyp ýerlere baryp görmäge, medeni-aň bilim çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Prezident Wladimir Putin çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapyna we hut hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu gezekki duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we Hazar sebitiniň durnukly ösüşiniň, onuň kenarynda ýaşaýan adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady hem-de Russiýanyň bu çärelere işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Hazar “bäşliginiň” çäklerinde öňde goýlan maksatlara ýetmekde Russiýa Federasiýasynyň ornunyň hemişe möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz duşuşygy jemläp, daşary ýurtly kärdeşlerine, ähli wekiliýetlere iş ýüzünde anyk netijeleri gazanmaga çalyşýandyklary hem-de sammitiň barşynda beýan eden gymmatly pikirleri we teklipleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

 Altynjy Hazar sammitiniň jemleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi. 

                                                                   

Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn Aşgabat duşuşygynyň netijeleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmede beýan edildi. Bu ýüzlenme bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ýaňyja öz işini tamamlan Hazarýaka döwletleriň altynjy sammiti netijeli, işjeň ýagdaýda, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ruhunda geçdi. Bäş ýurduň Liderleriniň arasynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça jikme-jik we gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ozal kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi seljerildi, geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar sebitinde pugta parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Hazarda ynanyşmak çärelerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmäge, munuň üçin toplumlaýyn syýasy-hukuk binýadyny döretmäge taýýardyklaryny we berk ygrarlydyklaryny tassyklandyklary nygtaldy. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmegiň yzygiderliligi kanagatlanma bilen bellenildi. 

                                                                   

Ençeme resminamalaryň üstünde işler alnyp barylýar, taraplar Hazarda işiň möhüm ugurlary boýunça bäştaraplaýyn ylalaşyklary we teswirnamalary çalt tamamlamak hem-de olara gol çekmek maksady bilen, bu işi işjeňleşdirmegiň zerurdygy bilen ylalaşdylar. Bu babatda ýokary derejedäki iş toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň düzümine kenarýaka ýurtlaryň ählisiniň ygtyýarly wekilleri girýärler. 

                                                                   

Hazar sebitiniň artýan bioykdysady ähmiýeti bilen baglylykda, kenarýaka ýurtlaryň ulag, logistika, kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge çalşylýar. Bu hyzmatdaşlyk Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Hazary iri halkara transkontinental hyzmatdaşlyk merkezine, şu ugurlar boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň akymlary üçin baglanyşdyryjy halka öwürmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Häzirki wagtda Hazarýaka döwletler tarapyndan port düzümini gurmak, gatnawlaryň logistik ulgamlaryny, ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny döretmek boýunça tagallalar edilýär. Geljekde bu işe uly üns berler. 

                                                                   

Sammitiň barşynda kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň, önümçilik taýdan has ysnyşykly ýakynlaşmagyň zerurdygy hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmenistan hususy işewürligi alyp barmak, telekeçilik başlangyçlary üçin özbaşdak binýat hökmünde Hazarýaka döwletleriň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. 

                                                                   

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk teklipler we başlangyçlar beýan edildi. 

                                                                   

Ekologiýa, tebigaty goramak, Hazaryň biologik serişdelerini aýawly saklamak hem ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler boldy. Şu ugurlar boýunça eýýäm hyzmatdaşlygyň gurallary döredildi, olaryň has sazlaşykly we netijeli işlemegi üçin wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy ençeme asyrlardan gözbaş alýar. Şu döwürde özara gatnaşyklaryň özboluşly, köp babatda täsin tejribesi toplanyldy. Taraplar şu gatnaşyklary pugtalandyrmak we baýlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mundan beýläk-de şertleri döretmek barada ylalaşdylar. 

                                                                   

Umuman, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň barşyna we many-mazmunyna ýokary baha berildi. Oňa gatnaşyjylaryň oňyn meýilleri, umumy döredijilikli maksatlara ygrarlylygy Hazar deňzinde ysnyşykly hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem şu sammitiň guralyşy babatda döwletleriň ýolbaşçylarynyň tüýs ýürekden hoşallygy beýan edildi. 

                                                                   

Kenarýaka ýurtlaryň Liderleri tarapyndan ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygy we peýdalydygy tassyklanyldy. Olaryň her biri biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak, bilelikdäki ägirt uly kuwwaty ýüze çykarmak we durmuşa geçirmek işine saldamly goşant goşýar. 

                                                                   

 Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. 

                                                                   

Altynjy Hazar sammitiniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmanlar türkmen paýtagtyndan ugradylar. 

                                                                   

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly kuwwata eýe bolan Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine öňdengörüjilikli, örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň sammitde beýan eden oňyn başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlar sebit we sebitara derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Munuň özi bolsa umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine doly gabat gelýär.

30.06.2022
Ajaýyp durmuşyň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hemmetaraplaýyn ösüşler gazanylýar, ykdysady binýat yzygiderli pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän kynçylykly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň durnukly ykdysady kuwwata eýe bolmagy Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň görkezijisidir. 

                                                                   

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwletimiziň ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamyny, býujet işlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmek, bu ugurda milli kanunçylyga halkara tejribäni ornaşdyrmak ugrunda hem birnäçe möhüm meselelere garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize «Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň deslapky taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada habar berilmegi hem ýurdumyzyň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädimleriň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir. 

                                                                   

Goý, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!  

                                                                                                           

Mahbuba GAFUROWA,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

30.06.2022
Aşgabatda VI Hazar sammiti öz işine başlady

Aşgabat şäherindäki «Arkadag» myhmanhanasynda VI Hazar sammiti öz işine başlady. Hazarýaka döwletleriň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary 20 ýyldan soň ýene-de Aşgabatda duşuşýarlar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Arkadag» myhmanhanasynda döwlet Baştutanlaryny garşylady. Bu ýerde Hazarýaka döwletleriň Liderleri bilelikde surata düşdüler. Soňra bäştaraplaýyn gepleşikler başlandy. 

                                                                   

Aşgabat sammitinde Hazar deňzi sebitinde howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk we ekologik meseleler ara alnyp maslahatlaşylýan esasy ugurlardyr. Şeýle-de Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de wajyp halkara meselelere garalýar. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde sammite taýýarlyk hem-de onuň gün tertibi bilen bagly meselelere seredildi. 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

29.06.2022
Ha­zar sam­mi­ti: umu­my gel­je­giň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li Gatnaşyklar

Aş­ga­bat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün ýur­du­my­zyň DIM-nde ge­çi­ri­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de 29-njy iýun­da Aş­ga­bat­da bol­jak VI Ha­zar sam­mi­ti­ne taý­ýar­lyk gör­mek hem-de onuň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­ri yla­laş­mak ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da bol­dy.  

                                                                   

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki bäş­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň öňü­sy­ra­syn­da­ky du­şu­şyk­da Azer­baý­ja­nyň, Eý­ra­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ry-aý­ry ugur­la­ry­na, ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy­na hem-de wa­jyp hal­ka­ra me­se­le­le­re ga­ra­dy­lar. 

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýet­li I sam­mi­tin­den 20 ýyl soň ge­çi­ril­ýän Ha­zar “bäş­li­gi­niň” ikin­ji Aş­ga­bat du­şu­şy­gy ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ryň we ola­ryň do­gan­lyk halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da mö­hüm ädim bo­lar. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, VI Ha­zar sam­mi­ti­ne ýurt­la­ry­myz taý­ýar­lyk­ly gel­di. Hä­zir Ha­zar deň­zin­de bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň giň ugur­la­ry bo­ýun­ça mö­hüm Yla­la­şyk­la­ry we Tes­wir­na­ma­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Dür­li de­re­je­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ga­za­nyl­ýar. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ha­zar deň­zi se­bi­ti bo­ýun­ça goň­şy döw­let­ler bi­len mil­li we umu­my bäh­bit­ler esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­ga ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­syn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz “Açyk ga­py­lar” hem-de giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, oňyn bi­ta­rap­lyk we beý­le­ki döw­let­le­riň içer­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­ýär, hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni, şol san­da Ha­zar deň­zi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek­de iş­jeň or­ny eýe­le­ýär. 

                                                                   

Aş­ga­bat­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň 1996-njy ýyl­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyn­da Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de gat­na­şyk­la­ryň şert­na­ma­la­ýyn-hu­kuk bin­ýa­dy­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça gep­le­şik­ler gu­ra­ly­nyň gu­ra­ma­çy­lyk-hu­kuk gör­nü­şi kes­git­le­nil­di — Ýö­ri­te iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. DIM-niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň mas­la­ha­ty hem-de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ge­çi­ri­len dür­li de­re­je­dä­ki bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar we ge­ňeş­me­ler Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça bar bo­lan me­se­le­le­ri çöz­mek­de öza­ra ka­bul eder­lik­li çöz­güt­le­ri göz­le­me­giň, bu umu­my tä­sin deň­zi gel­jek­ki ne­sil­ler üçin go­rap sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na hem­me­le­riň dü­şün­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. 

                                                                   

Ýur­du­myz gep­le­şik­le­ri hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­gyň ze­rur­dy­gyn­dan ugur alyp, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň I sam­mi­ti­ni ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş et­di we ol 2002-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz­da üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki şol ta­ry­hy du­şu­şyk­da ýur­du­myz bäş­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gi­ýa­sy bo­ýun­ça öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny ynam­ly be­ýan et­di. Bu hyz­mat­daş­lyk hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny na­za­ra al­mak, Ha­zar deň­zi­niň yk­ba­ly üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň we umu­my jo­gap­kär­çi­li­giň wa­jyp­dy­gy­na dü­şün­mek esa­syn­da ýo­la go­ýul­ma­ly­dyr. Şeý­le­lik­de, Aş­ga­bat Ha­zar me­se­le­si bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň düý­bün­den tä­ze gör­nü­şi­niň bin­ýa­dy goý­lan şä­her hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. 

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň “te­ge­lek sto­luň” ba­şyn­da­ky gep­le­şik­le­ri bi­rek-bi­re­giň ga­ra­ýyş­la­ry­na hor­mat goý­mak hem-de öza­ra bäh­bit­le­ri yla­laş­mak esa­syn­da ýo­la goýuldy. I Aş­ga­bat sam­mi­ti deň­hu­kuk­ly­lyk, yna­nyş­mak hem-de hoş­me­ýil­li erk esa­syn­da ýa­kyn we uzak möh­let­le­ýin gel­jek na­za­ra al­nyp ýo­la go­ýul­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň kes­git­le­nil­me­gi­niň ba­şy­ny baş­la­dy. 

                                                                   

Paý­tag­ty­myz­da ba­dal­ga ber­len dia­log my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, ol Täh­ran­da (2007-nji ýyl), Ba­kuw­da (2010-njy ýyl), Ast­ra­han­da (2014-nji ýyl) we Ak­tau­da (2018-nji ýyl) ge­çi­ri­len soň­ra­ky sam­mit­ler­de ka­bul edi­len çöz­güt­ler üçin esas goý­dy. Türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça bir­nä­çe res­mi­na­ma­lar, şol san­da Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ry ara­dan aýyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şyk, Ha­zar deň­zi­niň suw hem-de bio­lo­gik se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we re­je­li peý­da­lan­mak ba­ra­da Yla­la­şyk taý­ýar­la­nyl­dy. 

                                                                   

Şeý­le hem Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň IV Ast­ra­han sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len jem­leý­ji res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my­na Ha­zar deň­zin­de gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk gi­ri­zil­di. Bu Yla­la­şyk bo­ýun­ça iş­ler ýur­du­my­zyň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa we Ha­zar deň­zi­niň ha­pa­lan­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­tet­de baş­lyk­lyk eden döw­rün­de ta­mam­lan­dy. 

                                                                   

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len V Ha­zar sam­mi­tin­de Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­nyň — Ha­zar deň­zin­de dür­li ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hu­kuk ka­da­la­ry­ny ber­kid­ýän ta­ry­hy res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ra tä­ze iter­gi ber­di. Şon­da Türk­me­nis­tan ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len bä­şin­ji du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len no­bat­da­ky mö­hüm Yla­la­şyk­la­ry — Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky Yla­la­şy­gy hem-de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­gy taý­ýar­la­mak baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş et­di. 

                                                                   

Ýur­du­myz Ha­zar deň­zin­dä­ki öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň pa­ra­hat­çy­ly­gy, yla­la­şy­gy hem-de äh­li ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni gör­kez­ýän je­bis­leş­di­ri­ji şert hök­mün­de ga­ra­ýar. Dün­ýä­de we se­bit­de ýag­daý­la­ryň üýt­gäp dur­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Ha­zar­ýa­ka hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry üýt­gew­siz­dir. Se­bi­ti­miz­de uzak möh­let­le­ýin pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň, top­lum­la­ýyn howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi bäş­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de al­nyp ba­ryl­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dy hem-de şeý­le bol­ma­gyn­da hem gal­ýar. Türk­men ta­ra­py­nyň he­mi­şe nyg­taý­şy ýa­ly, Ha­zar deň­zi pa­ra­hat­çy­ly­gyň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň we yna­nyş­ma­gyň zo­la­gy bol­ma­ly­dyr, bu ýer­de me­se­le­ler di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len, gep­le­şik­ler ar­ka­ly çö­zül­me­li­dir. 

                                                                   

Ke­nar­ýa­ka ýurt­lar Ha­zar deň­zi­ni sy­ýa­sy ag­za­la­lyk­dan, bo­lup bi­läý­jek gap­ma-gar­şy­lyk­lar­dan, dü­şü­niş­mez­lik­den we yna­nyş­maz­lyk­dan azat gi­ňiş­lik hök­mün­de sak­la­ma­gyň, ony da­şar­ky howp­lar­dan hem-de we­him­ler­den, hu­su­san-da, ter­ror­çy­lyk­dan, gu­ra­ma­çy­lyk­ly trans­mil­li je­na­ýat­çy­lyk­dan, ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gyn­dan, beý­le­ki we­him­ler­den go­ra­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na oňat dü­şün­ýär­ler. Bu iş­de sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ra mö­hüm orun be­ril­ýär. Ta­rap­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­rip, bu gu­ral­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek we güýç­len­dir­mek ze­rur­dyr. Mu­nuň özi bo­lup geç­ýän wa­ka­lar ba­bat­da öz wag­tyn­da hem-de dog­ry he­re­ket et­mä­ge, ýa­kyn we uzak möh­let­le­ýin gel­jek üçin bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri me­ýil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Hut şu se­bäp­den hem ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça du­şu­şyk­la­ryň hem-de fo­rum­la­ryň, şol san­da Ýö­ri­te iş to­pa­ry­nyň, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri­niň mej­lis­le­ri­niň, hal­ka­ra mas­la­hat­la­ryň, okuw mas­la­hat­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýe­ri bol­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka we ulag-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry hem-de tek­lip­le­ri ýur­du­my­zyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ýur­du­myz bu ugur­lar­da ägirt uly kuw­wa­ta eýe bol­mak bi­len, bir­nä­çe iri hal­ka­ra we se­bit de­re­je­sin­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­la­dy. Ha­zar­ýa­ka ýurt­lar Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän te­bi­gy geog­ra­fik çäk bo­lup, Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ugur­la­ry bo­ýun­ça üs­ta­şyr ulag hem-de söw­da ge­çel­ge­le­ri­niň, ýük akym­la­ry­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. 

                                                                   

Ha­zar deň­zi se­bi­ti dün­ýä­niň iň iri üs­ta­şyr ulag we lo­gis­ti­ka hal­ka­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu şer­ti na­za­ra al­mak bi­len, me­ýil­leş­di­ri­len tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy se­bit­dä­ki söw­da we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga, se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ra kuw­wat­ly iter­gi ber­mä­ge, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny, Ha­zar deň­zi, Ga­ra deň­zi, Bal­ti­ka deň­zi se­bit­le­ri­ni, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­ga­ry, Gü­nor­ta hem-de Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­giň bin­ýa­dy­ny goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz ulag ge­çel­ge­le­ri­ni gur­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri ama­la aşyr­mak, aw­tou­lag hem-de de­mir ýol­la­ryň ul­ga­my­ny, ho­wa we de­ňiz ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mek bi­len, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şiň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mö­hüm wa­ka bol­dy. Bu giň ge­rim­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ha­zar deň­zi se­bi­ti­niň äh­li ýurt­la­ry üçin stra­te­gik äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu tas­la­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy ýo­kar­da ady ag­za­lan se­bit­le­riň döw­let­le­ri­niň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na mun­dan beý­läk-de go­şu­lyş­ma­gy­na, Ha­zar deň­zi­niň hä­zir­ki wagt­da tä­ze gör­nüş­de di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da­ky mö­hüm ulag-lo­gis­ti­ka hal­ka­sy hök­mün­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

Türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2019-njy ýyl­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my bäş ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ýyg­jam­laş­ma­gy­na tä­sir et­di. Fo­ru­myň işi­niň ne­ti­je­le­ri wag­tyň geç­me­gi bi­len onuň Ha­zar deň­zin­de ne­ti­je­li işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de, söw­da we ma­ýa go­ýum işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, hu­su­sy ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek­de oňat çä­re bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ma­ga esas ber­ýär. 

                                                                   

Ha­zar deň­zi­niň onuň ke­na­ryn­da ýa­şa­ýan halk­la­ryň umu­my baý­ly­gy­dy­gy­ny na­za­ra ala­nyň­da, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, bu tä­sin te­bi­gy suw how­da­ny­nyň bio­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Bu ul­gam­da ýur­du­myz mil­li de­re­je­de yzy­gi­der­li iş­le­ri alyp bar­ýar, öz goň­şu­la­ry hem-de esa­sy hyz­mat­daş­la­ry, şol san­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ýa­kyn­dan gat­na­şyk et­mek ar­ka­ly Ha­zar deň­zin­dä­ki bar bo­lan we ýü­ze çy­kyp bi­läý­jek eko­lo­gi­k me­se­le­le­ri çöz­mek­de tä­ze çe­me­leş­me­le­ri tek­lip ed­ýär. 

                                                                   

Ýur­du­myz BMG-niň te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça esa­sy Kon­wen­si­ýa­la­ry­ny tas­syk­lap, öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge yg­rar­ly bol­mak bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy, Äh­lu­mu­my eko­lo­gik gaz­na­sy we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­ler bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şeý­le hem döw­le­ti­mi­ziň Ha­zar eko­lo­gik mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. 

                                                                   

Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň işi­ni ut­gaş­dyr­mak, Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­par dö­re­dil­di. Her ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da — Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa­nyň güý­je gi­ren gü­ni, beý­le­ki Ha­zar­ýa­ka döw­let­ler­de bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da hem Ha­zar deň­zi­niň gü­ni giň­den bel­le­nil­ýär. Bäş ke­nar­ýa­ka ýur­duň te­bi­ga­ty go­ra­mak ul­ga­myn­da esas­lan­dy­ran döw­le­ta­ra hem-de hö­kü­me­ta­ra eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky iş­ler ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de howp­suz­lyk, yk­dy­­sa­dy hyz­mat­daş­lyk we eko­lo­gi­k me­se­le­le­r Ha­zarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aş­ga­bat sam­mi­tin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak esa­sy me­se­le­ler bo­lar. No­bat­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ryň däp bo­lan dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­ma­ga, Ha­zar gün ter­ti­bi­niň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge taý­ýar bol­ma­gy bu sam­mi­tiň üs­tün­lik­li geç­jek­di­gi­ni aýt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. On­da ka­bul edi­len çöz­güt­ler Ha­zar deň­zi­niň ägirt uly yk­dy­sa­dy we se­riş­de kuw­wa­ty­ny do­ly de­re­je­de ama­la aşyr­ma­ga hem-de pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk we yla­la­şyk deň­zi hök­mün­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nü­den-gö­ni ýar­dam be­rer.

29.06.2022
Ha­zarýaka sebi­t: hoş­ni­ýet­li hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 24-nji iýun­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Bu sam­mi­ti 29-njy iýun­da Aş­ga­bat­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz kö­pu­gur­ly oňyn hal­ka­ra, şol san­da se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kid­ýär we ös­dür­ýär. Bu hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy­ny düz­ýär.  

                                                                   

Ha­zar me­se­le­le­ri bo­ýun­ça möhüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga he­mi­şe yg­rar­ly bol­mak, iň ýa­kyn goň­şu­lar bi­len ys­ny­şyk­ly we kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­dyr. Ýur­du­my­zyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mit­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu de­ňiz Türk­me­nis­ta­ny, Azer­baý­ja­ny, Eý­ra­ny, Ga­za­gys­ta­ny, Rus­si­ýa­ny öz ke­na­ryn­da bir­leş­dir­mek bi­len, Ha­zar bäş­li­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Türk­me­nis­tan üçin Ha­zar se­bi­ti iň mö­hüm geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy mer­kez­le­riň bi­ri­dir. 

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ni ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç, as­ly­ýe­tin­de, Türk­me­nis­ta­na de­giş­li­dir. Soň­ra şu for­mat­da­ky du­şu­şyk­lar Ha­zar me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da we çöz­mek­de yg­ty­bar­ly gu­ral hök­mün­de ka­bul edil­di. I Ha­zar sam­mi­ti 2002-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di, on­da Ha­zar me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ga­ra­ýyş­la­ry aý­dyň be­ýan edil­di. Bu ga­ra­ýyş­lar hä­zir hem üýt­gew­siz­dir: Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­rin­de Türk­me­nis­tan he­mi­şe iş­jeň orun eýe­le­ýär. Şun­da Ha­zar deň­zi­niň yk­ba­ly üçin umu­my jo­gap­kär­çi­lik çek­mek hem-de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek, ýag­ny Ha­zar se­bi­tin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, yla­la­şy­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek­de hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na da­ýan­ýan oňyn döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek we pug­ta­lan­dyr­mak esa­sy mak­sat bol­ma­gyn­da gal­ýar.  

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da baş­la­nan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­ri 2007-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Täh­ran­da, 2010-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da bol­sa Ba­kuw­da do­wam et­di­ril­di. II Ha­zar sam­mi­ti se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň ka­bul eden bi­le­lik­dä­ki Jar­na­ma­sy ar­ka­ly ta­ry­ha gi­ren bol­sa, III Ha­zar sam­mi­ti hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren tek­li­bi esa­syn­da taý­ýar­la­nan hem-de ka­bul edi­len çar­çu­wa­ly res­mi­na­ma — Ha­zar deň­zin­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek ba­ba­tyn­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Yla­la­şyk bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Bu sam­mit­ler­de hem, soň­ky dür­li de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar­da hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň, şol san­da Ha­zar­da işiň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hu­kuk taý­dan ka­da­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga de­giş­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy.  

                                                                   

2014-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Ast­ra­han şä­he­rin­de ge­çi­ri­len IV Ha­zar sam­mi­tin­de, esa­san, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň III Ha­zar sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan Yla­la­şyk­la­ra gol çe­ki­len­di­gi­ni, bu res­mi­na­ma­la­ryň Ha­zar se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma­la­ýyn-hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mä­ge ýar­dam eden­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ryň ne­ti­je­le­ri­ni ara­dan aýyr­mak ha­kyn­da, Ha­zar deň­zi­niň suw bio­lo­gik seriş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we re­je­li peý­da­lan­mak ha­kyn­da Yla­la­şyk­la­ry my­sal hök­mün­de ge­tir­mek bo­lar. Bu gür­rü­ňi do­wam et­mek bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Ha­zar deň­zin­de gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky Yla­la­şy­ga hem gol çe­ki­len­di­gi­ni hem bel­le­me­li­di­ris.  

                                                                   

Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ba­ra­da gol çe­ki­len Kon­wen­si­ýa Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len V sam­mi­ti­niň wa­jyp ne­ti­je­si bol­dy. Ol Ha­zar se­bi­tin­de ýa­kyn hem-de uzak gel­jek üçin hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça yg­ty­bar­ly bin­ýat, özara gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk ka­da­la­ry­ny ber­ki­den ta­ry­hy äh­mi­ýet­li res­mi­na­ma ha­sap­lan­ýar.  

                                                                   

V Ha­zar sam­mi­ti­niň jem­le­ri bo­ýun­ça beý­le­ki res­mi­na­ma­lar bi­len bir ha­tar­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk hakyn­da, ulag ul­ga­my ha­kyn­da Yla­la­şyk­la­ra hem gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­me­gi­mi­ziň se­bä­bi, olar hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň IV sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ka­bul edil­di. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­tin­de mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň je­mi 7-si­ne gol çe­kil­di. Ak­tauda ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kynda­ky Kon­wen­si­ýa­nyň aý­ry-aý­ry ugur­la­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ter­ti­bi­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, hu­su­san-da, Ha­zar­da göz­leg we ha­las ediş iş­le­ri ba­bat­da bäş­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­le­ri iler­let­mek, yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da bäş­ta­rap­la­ýyn yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­giň gura­ly­ny dö­ret­mek tek­lip edil­di.  

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň çäk­le­ri Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýär. Bu te­bi­gy ge­og­ra­fik gi­ňiş­lik Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ug­ry bo­ýun­ça amat­ly üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şo­nuň üçin Türk­me­nis­tan ulag ul­ga­my­na Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de mö­hüm ugur hök­mün­de ga­ra­ýar. Ýur­du­my­zyň Ha­zar ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­mek, Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­ny Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň ke­nar­ýa­ka şä­her­le­rin­de ge­zek­me-ge­zek ýer­leş­dir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi hem Mer­ke­zi Azi­ýa­da, Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­de hyz­mat-daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­mak bi­len, gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­landyr­mak üçin oňyn baş­lan­gyç bol­dy.  

                                                                   

Hä­zir­ki za­man gat­na­şyk­la­ryn­da dün­ýä söw­da flo­ty mö­hüm orun eýe­le­ýär. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty se­bi­tiň eks­port-im­port ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­ny öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­ma­ga ukyp­ly­dyr. Port­da dö­re­di­len äh­li döw­re­bap şert­ler — ter­mi­nal­lar, am­mar­lar, beý­le­ki köp san­ly des­ga­lar, şol san­da de­mir we aw­to­mo­bil ýol­lary mul­ti­mo­dal lo­gis­ti­ka­da ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. «Balkan» za­wo­dy bol­sa ýük gä­mi­le­ri­dir tan­ker­le­ri abat­la­mak üçin uly kuw­wa­ta eýe­dir. Soňky ýyl­lar­da tu­tuş dün­ýä­de ýük gat­naw­la­ry­nyň çalt art­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tut­sak, on­da Türk­men­ba­şy por­tu­nyň äh­mi­ýe­ti­niň bar­ha art­jak­dy­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne uly go­şant goş­jak­dy­gy şüb­he­siz­dir. 

                                                                   

Ha­zar deň­zin­de ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek üçin hem giň müm­kin­çi­lik­ler bar. My­sal üçin, 2021-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da Ha­zar deň­zin­dä­ki «Dost­luk» ýa­ta­gy­nyň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de göz­le­mek, iş­läp geç­mek we öz­leş­dir­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma iki goň­şy do­gan­lyk döw­le­te Ha­zar deň­zin­de ýa­ta­gy öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki işe gi­riş­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Bu tas­la­ma Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry we halk­la­ry has-da ýa­kyn­laş­dyr­dy, şeý­le hem uly eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­dy, se­bit­de aba­dan­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­di. Ha­za­ryň türk­men bö­le­gin­de önü­mi paý­laş­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy­nyň möç­be­ri, ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň we bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ryň sa­ny art­ýar, te­bi­gy ga­zy se­na­gat taý­dan çy­kar­mak­da öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar.  

                                                                   

Ha­za­ryň türk­men ke­na­ry di­ňe se­na­gat, işe­wür­lik, me­de­ni mer­kez bol­man, eý­sem, sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne hem öw­rül­di. Hä­zir bu sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy dünýäde meş­hur­dyr. Bu ýer­de ge­çi­ril­ýän dür­li de­re­je­dä­ki çä­re­ler Awa­za üçin öz­bo­luş­ly ma­ha­bat­dyr. Mu­nuň özi da­şa­ry ýurt­lar­dan, oza­ly bi­len, Ha­zar­ýa­ka döw­let­ler­den sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Myh­man­ha­na­lar, kot­tej­ler we beý­le­ki dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­lar ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.  

                                                                   

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň hem 2019-njy ýyl­da hut şu ýer­de üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi­ni aýt­ma­ly­dy­rys. Fo­rum Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­ň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne oňyn tä­sir et­di. Fo­ru­my Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň her bi­rin­de yzy­gi­der­li ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ak­tau­da ge­çi­ri­len V Ha­zar sam­mi­tin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gol­da­ny­lan bu baş­lan­gy­jy­nyň mö­hüm­di­gi­ne bu fo­ru­ma gat­naş­ma­ga Ýer ýü­zü­niň äh­li kün­jek­le­rin­den is­leg bil­dir­ýän­le­riň örän köp bol­ma­gy hem şa­ýat­lyk ed­ýär.  

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek VI sam­mi­ti­ se­bit­de we hal­ka­ra bi­le­le­şi­k­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Se­bä­bi bu sam­mit Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çe­ki­len­den soň ge­çi­ril­ýän il­kin­ji sam­mit­dir.  

                                                                                                           

Oraz AB­DY­ÝEW.

                       

«Türk­me­nis­tan».

29.06.2022