Habarlar
Döwür sanlylaşdyrmagy talap edýär

Häzirki döwürde tutuş Ýer ýüzünde sanly ulgam düşünjesi öz gerimini gitdigiçe giňeldýär. Islendik ösen döwletiň tejribesine nazar salsaň, olaryň häzirki ösüşleriniň esasynda sanly ykdysadyýetiň hem sanly tehnologiýalaryň durandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Diýmek, sanlylaşdyrmak arkaly hem-ä ýurduň ösüş depginini çaltlandyrmaga, hem-de halkara giňişligindäki ornuňy pugtalandyrmaga mümkinçilik döreýär. 

                                                                   

Sanly ulgama geçmek işi şol ugurdan bilim ýüki, hünär taýýarlygy ýetik hünärmen binýadyny talap edýär. Bu ugurda biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, bu käri ele aljak ýaş hünärmenler üçin döredilýän mümkinçilikler barmak basyp sanardan kän. Ylaýta-da, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini ýola goýmak wezipeleri amala aşyryldy. Elektron kitaphana ulgamy, portal, saýt ýaly sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak işi bilim ulgamynda ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde ýörite internet web-saýtlary döredilip, olarda bilim ojaklarynyň her biri hakynda takyk maglumatlar ýerleşdirilendir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak babatda başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda 2018-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üç tapgyrda amala aşyrylar. Şoňa laýyklykda, ilatyň uzak aralykdan birnäçe işi, bir wagtda tiz hem önjeýli ýerine ýetirmegine giň mümkinçilikler döredildi.  

                                                                   

Akylly tehnologiýalara daýanýan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden paýly bolan bilim işgärleriniň öňünde diňe ata Watanymyzyň röwşen geljegini şuglalandyrjak ýaş nesli kemala getirmekde arman-ýadaman, önjeýli zähmet çekmek galýar. Bize şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Begençdurdy SAPAROW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag   kommunikasiýalary institutynyň   mugallymy.

11.06.2022
Beýik ynamyň güýji

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda hususy telekeçiligiň ösdürilmegi üçin-de uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we durmuşa geçirýän maksatnamalary esasynda hemişe täzelikleriň gözleginde bolýan telekeçi işewürlerimiziň ümzügi ileri. Mes toprakdan hasyl alyp, bazarlarymyzy gök we bakja önümleri bilen doldurýan daýhan birleşiklerine we bu ugurda zähmet çekýän işewürlerimize topragyň hasylyny ýokarlandyrmak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, durmuşa geçiriljek taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen, ýeňillikli karz serişdelerini bermek hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça birnäçe kararlar kabul edildi.  

                                                                   

Dünýäniň çar künjüne «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgy bilen çykýan ýokary hilli önümlerimiz Watanymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Şunda bolsa hususyýetçilerimiziň bitirýän işleri uludyr. Bu gün iň ýokary derejeli tehnikalara we tehnologiýalara ezberlik bilen erk edip, ykdysadyýetiň ösmegine, önümçiligiň artmagyna goşantlaryny goşýan türkmen ýaşlary telekeçilik işiniň uly güýji bolup durýarlar.  

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzyň 31 ýylyň içinde ýeten belent derejesi, milli ykdysadyýetimizde gazanylýan deňsiz-taýsyz ösüş-özgerişler bu gün dünýäni haýran edýär. Ak mermere beslenen beýik binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş maksatly desgalary, aýna ýaly şaýollary, dynç alyş we söwda merkezleri, suw çüwdürimli seýilgähleri, gök zolaklary bilen gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen paýtagt şäherimiz Aşgabat, welaýatlarda dörän täze oba-şäherler, gurlan kaşaň ymaratlar milli Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtydyr. Bu işlerde watansöýüji telekeçilerimiziň mynasyp paýy bar. Hususy kärhanalary, hojalyk jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, telekeçileriň müňlerçesini özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýurdumyzyň dünýä ösüşiniň belentliklerine eýe bolmagyna mynasyp goşandyny goşýar.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda» öňde goýlan möhüm wezipelerini amala aşyrmakda türkmen telekeçileri çuňňur ylmy garaýşyny we joşgunly zähmetini gaýgyrmazlar. Telekeçilik işini ösdürmek, döwletiň we hususy ulgamyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak, haryt dolanyşygyny giňeltmek, hususy işewürlik başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Telekeçilik işiniň halkara ugrunyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ýola goýulmagy türkmen işewürleriniň dünýä tanalmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde iri taslamalary durmuşa geçirýärler.  

                                                                   

Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we telekeçilere goldaw bermek maksady bilen 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek hakynda Karara gol çekmegi önüm öndürijileri joşgunly zähmet çekmäge atardy. Şeýle möçberdäki pul serişdesiniň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine-de gönükdirilendigi guwandyryjy wakadyr. Azyk bolçulygyny döretmekde ýurdumyzyň telekeçileri ägirt uly güýç bolup durýarlar. Bu bolsa olarda Arkadagly Serdarymyzyň we bagtyýar halkymyzyň beýik ynamynyň jemlenendigini aňladýar. Ýurdumyzda ýokary hilli önümleri öndürýän hususy ulgama uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, belent tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!  

                                                                                                           

Durdymyrat ATAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.

10.06.2022
2022-nji ýy­lyň ma­ýy: Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ryn­dan ugur alyp

Ge­çen aýyň köp san­ly hal­ka­ra de­re­je­dä­ki çä­re­le­ri — sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler, işe­wür gep­le­şik­ler, fo­rum­lar­dyr ser­gi­ler yna­nyş­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­mak üçin meý­dan­ça bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bu ugur­da alyp ba­ran iş­le­ri­ni aý­dyň­ly­gy bi­len açyp gör­kez­di. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça amala aşyrýan giň ge­rim­li iş­le­ri ýar­dam ber­di. 

                                                                   

San­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar aý­ry-aý­ry döw­let­ler bi­len bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len hem dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi be­rip, ata Wa­ta­ny­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da art­dyr­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, maý aýy­nyň ba­şyn­da Se­ul şä­he­rin­de san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len XV Bü­tin­dün­ýä to­kaý kong­re­si­ne türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň gat­na­şan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de gu­ra­lan “Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk” at­ly ple­nar mej­li­siň do­wa­myn­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi nyg­tal­dy. Äh­li ul­gam­la­ra “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýö­rel­ge­le­ri­ni we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da çy­kyş­lar diň­le­nil­di. 

                                                                   

3-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öm­rü­miň ma­ny­sy” at­ly ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Çy­kyş­lar­da tä­ze ede­bi-fi­lo­so­fik eser­de esa­sy ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň şöh­le­len­di­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Bu ýö­rel­ge­le­riň hä­zir­ki gün­de-de wa­jyp bol­ma­gy mil­li däp­le­ri­mi­ziň we ru­hy ka­da­la­ry­my­zyň do­wa­mat-do­wam bol­ýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. 

                                                                   

4-nji maý­da Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň hem-de Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li ha­nym Te­ri Ha­ka­la bi­len du­şu­şyk­la­ry­nyň do­wa­myn­da par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýur­du­myz Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň döw­let­le­ri bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra hem-de äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet ber­ýär. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da he­re­ket ed­ýän hyz­mat­daş­lyk gu­ral­la­ry­nyň, hu­su­san-da, “Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Türk­me­nis­tan” bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­tiň çäk­le­rin­de par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di. 

                                                                   

6-njy maý­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li ha­nym Te­ri Ha­ka­la bi­len Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň du­şu­şy­gyn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si bel­le­nil­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ener­ge­ti­ka, ulag ul­gam­la­ry, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gik howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan bi­len Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň şan­ly se­ne­si my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan 9-njy maý­da Ys­la­ma­bat şä­he­rin­de Pa­kis­ta­nyň Pa­ra­hat­çy­lyk we dip­lo­ma­tik yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty bi­len bi­le­lik­de “Türk­men-pa­kis­tan gat­na­şyk­la­ry­na 30 ýyl — öňe ta­rap ýol” at­ly okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. 

                                                                   

10-njy maý­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Adam hu­kuk­la­ry we hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­gy ba­bat­da hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň hem-de BMG-niň ýurt bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da adam hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni pug­ta­lan­dyr­mak, şah­sy­ýe­tiň, döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dü­züm­le­ri hem-de beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­mak­da, adam hu­kuk­la­ry­ny, şol san­da müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­li adam­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek­de enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ul­ga­myn­da, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­da bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Şeý­le-de mej­lis­de adam hu­kuk­la­ry­ny we hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­gy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, bu ugur­da ila­tyň ha­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li Kon­wen­si­ýa­la­ra we ola­ryň fa­kul­ta­tiw tes­wir­na­ma­la­ry­na go­şul­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

10-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Mi­kail Çin­giz og­ly Jab­ba­row bi­len du­şu­şy­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­ny dür­li ugur­lar­da, şol san­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ul­gam­lar­da mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy bel­le­nil­di. 

                                                                   

11-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Maj­li­si­niň Oli Maj­li­si­niň Baş­ly­gy, Du­şen­be şä­he­ri­niň Baş­ly­gy Rus­tam Emo­ma­li bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gy­nyň do­wa­myn­da par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

12-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my ge­çi­ril­di. Fo­ru­myň do­wa­myn­da ne­ti­je­li se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň, döw­let­le­riň­dir halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lan par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, eko­lo­gik me­se­le­le­ri çöz­mek we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iler­let­mek, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ýa­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Mej­li­siň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň ara­syn­da, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Maj­li­si­niň Oli Maj­li­si­niň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn Yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça jem­leý­ji res­mi­na­ma — Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy ka­bul edil­di. 

                                                                   

Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy Wa­len­ti­na Mat­wi­ýen­ko, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Par­la­men­ti­niň Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy Mau­len Aşim­ba­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Žo­gor­ku Ke­ne­şi­niň Baş­ly­gy Ta­lant Ma­my­tow, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Oliý Maj­li­si­niň Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy Tan­zi­la Nar­ba­ýe­wa, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýa­şu­lu­lar Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy El­dar Al­lah­ýar og­ly Gu­li­ýew bi­len du­şu­şyk­la­ry bol­dy. Ola­ryň do­wa­myn­da ta­rap­lar ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar. 

                                                                   

13-nji maý­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ze­nan­la­ry­nyň «Jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy we dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­de ze­nan­la­ryň or­ny» at­ly dia­lo­gy se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny hem-de bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, gen­der deň­li­gi­ni iler­let­mek üçin hö­kü­met­le­re ýar­dam ber­mä­ge, ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş ul­gam­la­ryn­da­ky mö­hüm me­se­le­le­riň çöz­güt­le­ri­niň ka­bul edil­me­gin­de ola­ryň or­nu­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­r aç­dy. 

                                                                   

Fo­ru­myň jem­le­ri bo­ýun­ça Jar­na­ma ka­bul edil­di. Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň Düz­gün­na­ma­sy­na hem-de özün­de dür­li de­re­je­dä­ki çä­re­le­ri jem­le­ýän 2022-nji ýyl üçin Iş me­ýil­na­ma­sy­na gol çe­kil­di. Bu çä­re­le­ri Türk­me­nis­tan­da we dia­lo­ga gat­na­şy­jy beý­le­ki ýurt­lar­da ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

13-nji maý­da Du­şen­be şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­ny XXI asyr­da ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky Şert­na­ma­nyň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. 

                                                                   

Şol gün Tä­ji­gis­ta­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da, ki­ber we bio­lo­gik howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek ba­bat­da ýa­kyn gel­jek üçin GDA-nyň çäk­le­rin­de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di, bir­nä­çe bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ra ga­ral­dy. 

                                                                   

15-nji maý­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri ABŞ-nyň Döw­let de­par­ta­men­ti­niň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň baş di­rek­to­ry ha­nym Ke­rol Pe­res hem-de ABŞ-nyň Döw­let sek­re­ta­ry­nyň Gü­nor­ta we Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň iş­le­ri bo­ýun­ça kö­mek­çi­si­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Din Tomp­son bi­len du­şuş­dy. Ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň äh­li ul­gam­lar­da ös­dü­ril­me­gi­ne yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­lap, öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li me­se­le­le­re de­gip geç­di­ler. Türk­men-ame­ri­kan işe­wür­lik ge­ňe­şi­niň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi hem-de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da bol­dy. 

                                                                   

16-njy maý­da BAE-niň da­şa­ry iş­ler hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk döw­let mi­nist­ri Ah­med Ali Al Sa­ýeg bi­len san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň, şeý­le-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, BMG-niň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si nyg­tal­dy. Ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­tiň no­bat­da­ky mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Bu ko­mi­te­tiň işi iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, hu­su­san-da, dok­ma se­na­ga­tyn­da, ma­ýa go­ýum, ne­bit­gaz, ener­ge­ti­ka, eko­lo­gi­ýa, azyk howp­suz­ly­gy, bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

16-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Awst­ri­ýa­da­ky il­çi­ha­na­sy Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti bi­len bi­le­lik­de iki ýur­duň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Ahal­te­ke be­dew­le­ri — türk­men hal­ky­nyň ga­na­ty” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty gu­ra­dy. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar bu du­şu­şy­gyň Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan at­şy­nas­lar üçin aras­sa to­hum at­la­ry­ny ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça pi­kir alyş­mak­da mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şeý­le hem “Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri” at­ly hö­dür­na­ma­ny ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­lä deg­lip ge­çil­di. 

                                                                   

16-njy maý­da Brýus­sel şä­he­rin­de türk­men we­ki­li­ýe­ti Bü­tin­dün­ýä Güm­rük Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry je­nap Ku­nio Mi­ku­ri­ýa, Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň Baş sek­re­ta­ry je­nap Gi Lens, şeý­le hem Ýew­ro­pa­nyň da­şa­ry gat­na­şyk­lar gul­lu­gy­nyň Rus­si­ýa, Gün­do­gar hyz­mat­daş­ly­gy, Mer­ke­zi Azi­ýa, se­bit hyz­mat­daş­ly­gy hem-de ÝHHG bo­ýun­ça do­lan­dy­ry­jy di­rek­to­ry Maýkl Zi­bert bi­len du­şu­şyk­la­ry bol­dy. Ola­ryň do­wa­myn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Aş­ga­bat­da Bü­tin­dün­ýä Güm­rük Gu­ra­ma­sy­nyň se­bit­le­ýin okuw mer­ke­zi­ni aç­mak, güm­rük amal­la­ry­ny san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň hal­ka­ra üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi üçin hu­kuk çäk­le­ri­ni dö­ret­mek, ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi, ulag, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, bi­lim we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. 

                                                                   

16 — 20-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti BMG-niň Je­na­ýat­çy­ly­gyň öňü­ni al­mak hem-de je­na­ýat adyl ka­zy­ýet­li­lik bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň We­na şä­he­rin­de ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len 31-nji mej­li­si­ne gat­naş­dy. Ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri çä­rä gat­na­şy­jy­lar bi­len je­na­ýat­çy­ly­ga hem-de beý­le­ki umu­my we­him­le­re gar­şy dur­ma­gyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça tej­ri­be alyş­dy­lar. Sy­ýa­sy we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li “Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Mer­ke­zi Azi­ýa” dia­lo­gy­nyň 17-nji maý­da Brýus­sel şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi­ne howp sal­ýan äh­lu­mu­my we­him­ler ba­bat­da mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da je­del­li me­se­le­le­ri hem-de gap­ma-gar­şy­lyk­ly ýag­daý­la­ry çöz­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ta­gal­la­la­ry gol­da­mak üçin Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň äh­li müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­gy do­wam et­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler. 

                                                                   

Şol gün ýur­du­my­zyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri­niň Da­şa­ry gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Ý.D.Gri­gor­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­ti bi­len du­şu­şy­gy bol­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, şeý­le hem rus kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­dä­ki dü­züm­le­ýin gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­na gat­naş­ma­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

17-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mej­lis­ler za­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öm­rü­miň ma­ny­sy” at­ly ki­ta­by­nyň rus di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Çä­re­de çy­kyş eden­ler bu ki­ta­byň rus di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi bi­len dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­ny has ýa­kyn­dan ta­na­ma­ga, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy, onuň mil­li me­de­ni öz­bo­luş­ly­ly­gy, däp-des­sur­la­ry hem-de dur­muş ýö­rel­ge­le­ri bi­len has iç­gin ta­nyş­ma­ga, türk­men hal­ky­nyň dün­ýä­niň yl­my, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ösü­şi­ne go­şan sal­dam­ly go­şan­dy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne çuň­ňur dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik alan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. 

                                                                   

19-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­na gul­luk iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy we şol ýer­de hor­mat­ly myh­man hök­mün­de Wol­ga Bul­ga­ri­ýa­sy­nyň ys­la­my ka­bul et­me­gi­niň 1100 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­re, “Rus­si­ýa — ys­lam dün­ýä­si: Ka­zan­Sum­mit 2022” XIII hal­ka­ra yk­dy­sa­dy sam­mi­ti­ne, “Rus­si­ýa — ys­lam dün­ýä­si” stra­te­gik ga­ra­ýyş to­pa­ry­nyň her ýyl­da ge­çi­ril­ýän mej­li­si­ne gat­naş­dy. 

                                                                   

Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň yk­dy­sa­dy ösüş mi­nist­ri Mak­sim Re­şet­ni­kow, Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let ge­ňeş­çi­si Min­ti­mer Şaý­mi­ýew bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky dost­lu­gy we hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da bi­ti­ren aý­ra­tyn hyz­mat­la­ry üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Ta­ta­rys­ta­nyň öňün­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin» at­ly or­den gow­şu­ryl­dy. 

                                                                   

22-nji maý­da BMG-niň Že­ne­wa­da­ky eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň bi­na­syn­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bit eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry dok­tor Hans Klýu­ge­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de “Bi­te­wi sag­lyk” kon­sep­si­ýa­sy­ny iler­let­mek, Mer­ke­zi Azi­ýa­da sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy gol­da­mak bo­ýun­ça 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin «Ýol kar­ta­sy» bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. 

                                                                   

23-nji maý­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Iza­bel Gi­nel bi­len du­şu­şy­gyn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we ma­ýa go­ýum ul­gam­la­ryn­da gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­ne iki ta­ra­pyň hem gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len äh­li ugur­lar­da, şol san­da ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gi­ýa, dur­nuk­ly­lyk we howp­suz­lyk ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le­ler bol­dy. 

                                                                   

23-24-nji maý­da ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti Täh­ran şä­he­rin­de YHG-nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň se­bit­de öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak­da hem-de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de tä­ze çöz­güt­le­ri iş­läp düz­mek bo­ýun­ça mej­li­si­ne gat­naş­dy. Mej­li­siň do­wa­myn­da se­bit­de söw­da­ny ös­dür­mek, ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. 

                                                                   

Mej­li­siň çäk­le­rin­de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Meh­di Sa­fa­ri we Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Hus­raw No­zi­ri bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň do­wa­myn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ge­çel­ge­si bo­ýun­ça ýük gat­naw­la­ry, ne­bi­ti, ga­zy we elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny üs­ta­şyr ge­çir­mek, se­bit ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy nyg­tal­dy. 

                                                                   

23-24-nji maý­da türk­men we­ki­li­ýe­ti Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Pol­şa­nyň Lodz şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy-eko­lo­gi­ýa fo­ru­my­nyň 2-nji taý­ýar­lyk mej­li­si­ne gat­naş­dy. Çy­kyş eden­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, söw­da ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty Ha­zar deň­zi­niň ulag hal­ka­sy hök­mün­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň ÝHHG bi­len söw­da­ny, «ýa­şyl» port­la­ry hem-de ulag gat­naw­la­ry­ny ös­dür­mek, suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak, ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ul­gam­la­ryn­da iş­jeň gat­na­şyk sak­la­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. 

                                                                   

24-nji maý­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­ly­gyň Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ýol­baş­çy hem-de ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­tiň mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­lis­de bu mak­sat­na­ma­­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ýe­ti­len sep­git­ler, 2021-nji ýyl­da hyz­mat­daş­ly­gyň Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň me­ýil­na­ma­sy­nyň hem-de se­riş­de­le­ri he­re­ke­te ge­tir­mek we hyz­mat­daş­lyk Stra­te­gi­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len BMG-niň ara­syn­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni azalt­mak hem-de ola­ra uý­gun­laş­mak bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma­nyň çäk­le­rin­de 2022-nji ýyl üçin He­re­ket­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

25-nji maý­da BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) ýur­du­myz­da­ky we­kil­ha­na­sy Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy hem-de onuň ýurt bo­ýun­ça eda­ra­sy bi­len bi­le­lik­de ýo­kanç ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek­de hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek­de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň iş­jeň ula­nyl­ma­gy­na ba­gyş­la­nan ut­ga­şyk­ly gör­nüş­li bri­fing ge­çir­di­ler. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, şu ge­zek­ki du­şu­şyk mil­li te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň, çap­ha­na we elekt­ron ne­şir­le­ri­ň we­kil­le­ri­ne ne­ti­je­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni güýç­len­dir­mä­ge, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, hu­su­san-da, san­jym ge­çir­mek, şah­sy aras­sa­çy­lyk ba­ra­da­ky ze­rur mag­lu­mat­la­ry sa­da we düş­nük­li dil­de ila­ta ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Şol gün Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­tan — ABŞ” işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuart we “Nicklaus Com­pa­nies” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry, di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy Jon Riz, “In­ter­bud­mon­taž” gur­lu­şyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Wla­di­mir Pet­ruk, “Alt­kom” ma­li­ýe-se­na­gat to­pa­ry­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Alek­sandr Tis­len­ko bi­len du­şu­şyk­la­ryn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler bi­len bag­ly­lyk­da, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di. 

                                                                   

Ta­rap­lar ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum ba­bat­da özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni, dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň hem-de ulag dü­züm­le­ri­niň gur­lu­şy­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň uly kuw­wa­ty­nyň bar­dy­gy­ny nyg­tap, dü­züm­le­ri top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­sion çöz­güt­le­ri iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­la­ryň iň go­wy tej­ri­be­si­ni çek­mä­ge, yna­nyş­mak we deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan tä­ze bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iler­let­mä­ge gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. 

                                                                   

25-26-njy maý­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len “Ak şä­he­rim Aş­ga­bat” at­ly XXI kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi paý­tag­ty­my­zyň şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­myn­da ýe­ten sep­git­le­ri­ni, şeý­le hem bu ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny açyp gör­kez­di. 

                                                                   

26-njy maý­da BMG-niň We­na şä­he­rin­dä­ki eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik we­ki­li­niň BMG-niň Se­na­gat ösü­şi bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Gerd Mýul­ler bi­len du­şu­şy­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, hu­su­san-da, wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ne deg­lip ge­çil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň ÝU­NI­DO-nyň he­re­ket ed­ýän çäk­le­rin­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin “ýa­şyl” baş­lan­gyç­lar ul­ga­myn­da iri yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ra aý­ra­tyn uly üns ber­ýän­di­gi nyg­tal­dy. 

                                                                   

29-njy maý­da Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my my­na­sy­bet­li “Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy” at­ly ha­ly­şy­nas­la­ryň Bü­tin­dün­ýä jem­gy­ýe­ti­niň ХХII mej­li­sin­de ha­ly do­ka­mak se­ne­di­niň ge­lip çy­ky­şy, bu ga­dy­my mil­li sun­ga­ty­my­zyň däp­le­ri­ni go­rap sak­la­mak hem-de wa­gyz et­mek, pu­da­ga tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak ba­ra­da­ky çy­kyş­lar diň­le­nil­di. 

                                                                   

Çy­kyş eden­ler — dün­ýä­niň iri mu­zeý­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de esa­sy hü­när­men­le­ri, alym­lar, sun­ga­ty öw­re­ni­ji­ler, işe­wür­ler, sun­gat eser­le­ri­ni top­laý­jy­lar türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy­nyň ha­ta­ryn­da mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­läp, BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak ba­ra­da­ky hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 2019-njy ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da ge­çi­ri­len 14-nji mej­li­sin­de türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi­niň mil­li gym­mat­ly­ga be­ril­ýän ýo­ka­ry ba­ha­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. 

                                                                   

31-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Že­ne­wa­da­ky eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li­niň Bü­tin­dün­ýä in­tel­lek­tual eýe­çi­li­gi gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Da­ren Tang bi­len du­şu­şy­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, şeý­le hem ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, şol san­da Bü­tin­dün­ýä in­tel­lek­tual eýe­çi­li­gi gu­ra­ma­sy hem-de Ýew­ra­zi­ýa pa­tent gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry­nyň ýö­ri­te we­kil­le­ri­niň ow­gan me­se­le­si bo­ýun­ça Al­ma­ty şä­he­rin­de ge­çi­ri­len no­bat­da­ky du­şu­şy­gyn­da ow­gan me­se­le­si­ni pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len çöz­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra we se­bit ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek, Ow­ga­nys­ta­ny se­bit­de go­şu­lyş­mak iş­le­ri­ne çek­mek, ýur­dy yk­dy­sa­dy taý­dan di­kelt­mek, onuň çäk­le­rin­de dür­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Çä­rä­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bu gör­nüş­dä­ki du­şu­şy­gy yzy­gi­der­li esas­da ge­çir­me­gi do­wam et­dir­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy hem-de Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma ka­bul edil­di. 

                                                                   

Mah­la­sy, ge­çen aýyň “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty bi­len bag­ly mö­hüm wa­ka­la­ry döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­de dur­nuk­ly ösü­şi hem-de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy. 

                                                                                                           

(TDH)

10.06.2022
We­la­ýat­la­ry top­lum­la­ýyn ös­dür­mek üns mer­ke­zin­de

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Le­bap we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy 

                                                                   

 Türkmenabat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Le­bap we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry esa­sy ýö­rel­ge edin­ýän ha­jy Ar­ka­da­gy­myz hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si bi­len yzy­gi­der­li gy­zyk­lan­ýar. No­bat­da­ky iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz we­la­ýa­tyň mer­ke­zin­dä­ki kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na ba­ryp, ila­tyň, aý­ra­tyn-da, ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy, Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­dyr mu­gal­lym­la­ry bi­len du­şuş­dy, ba­zar­lar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­di­li­şi bi­len gy­zyk­lan­dy hem-de Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän Türk­me­na­bat — Fa­rap aw­tou­lag köp­rü­si­ne ba­ryp gör­di. 

                                                                   

Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da hem-de gö­nü­den-gö­ni ýol­baş­çy­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan we üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy mil­li luk­man­çy­ly­gyň ýo­ka­ry ne­ti­je­li ul­ga­my­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne, onuň ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk­lyk­da, mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, şeý­le­lik­de, ila­tyň sag­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­me­gi­ne, aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

“Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen baş şy­ga­ra la­ýyk­lyk­da, paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da ke­sel­le­ri be­jer­mek hem-de anyk­la­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len mer­kez­ler, has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Giň­den or­naş­dy­ryl­ýan in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar, dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­lar­dan sa­tyn al­nan hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry, ugur­daş eda­ra­la­ryň gi­ňel­di­len ul­ga­my sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga we şo­nuň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň öm­ür do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri yzy­gi­der­li ýag­daý­da hü­när de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça okuw­la­ry we iş tej­ri­be­lik­le­ri­ni geç­ýär­ler. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça iň hä­zir­ki za­man, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler he­re­ket ed­ýär. Şu ýyl bu ul­ga­myň eda­ra­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­ren luk­man­çy­lyk des­ga­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ulan­ma­ga ber­len kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny, Da­şo­guz şä­he­rin­de açy­lan kö­pu­gur­ly we on­ko­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar.  

                                                                   

Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy ha­jy Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­na ba­ryp gör­di. Has­sa­ha­na­nyň ka­bul ediş bö­lü­min­de Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu ýer­de iş­le­ýän luk­man­dan bö­lüm­ler­de iş­gär­le­riň ne­ti­je­li iş­le­me­gi we nä­sag­lar üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len baglanyşykly maglumat aldy, on­da be­jer­gi al­ýan ça­ga­la­ryň sag­lyk ýag­da­ýy ba­ra­da gy­zyk­lan­dy. 

                                                                   

Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bu döw­re­bap has­sa­ha­na­da adam­la­ra, şol san­da kör­pe­le­re ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry edil­ýär. Hu­su­san-da, bu ýer­de otur­dy­lan en­jam­lar ar­ka­ly ola­ryň sag­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik edil­ýär, ke­sel­le­ri anyk­la­nyl­ýar, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­ler ze­rur be­je­riş çä­re­le­ri­ni geçir­ýär­ler. Na­za­ry we ama­ly luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça bel­li alym hök­mün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de ge­çi­ril­ýän iş­le­riň de­re­je­si­ne ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, luk­ma­na öz hü­när de­re­je­si­ni he­mi­şe ýo­kar­lan­dyr­ma­gy mas­la­hat ber­di we asyl­ly kä­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow hä­zir­ki wagt­da ýü­rek ke­sel­le­ri bö­lü­min­de be­jer­gi al­ýan ça­ga­la­ryň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­lan­dy. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ola­ryň ene-ata­la­ry bi­len söh­bet­deş­lik­de luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň de­re­je­si hem-de be­je­riş iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da so­ra­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler he­mi­şe sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň üns mer­ke­zin­de bo­lar, ça­ga­la­ryň ýa­kyn wagt­da do­ly sa­gal­ma­gy üçin ola­ra ze­rur luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. 

                                                                   

Kör­pe­ler joş­gun­ly goş­gy se­tir­le­rin­de ata­lyk ala­da­sy üçin ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz has­sa­ha­na­nyň ýe­ne bir ota­gy­na ba­ryp, bu ýer­de be­jer­gi al­ýan ça­ga­nyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny so­ra­dy, onuň gel­jek­ki mak­sat­la­ry bi­len gy­zyk­lan­dy. Ça­ga­nyň eje­si Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­na hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen, berk be­den­li, ýo­ka­ry bi­lim­li ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek ug­run­da dö­re­di­len giň müm­kin­çi­lik­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ti­miz ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak hem-de ber­kit­mek ba­ra­da he­mi­şe ala­da ed­ýär, bu ýö­rel­ge­ler al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow mak­sa­dy mä­täç­lik çek­ýän­le­re he­ma­ýat ber­mek­den yba­rat bo­lan ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak üçin äh­li şert­le­riň bar­dy­gy­ny nyg­tap, ene-ata­la­ra per­zent­le­ri­niň tiz wagt­da sa­gal­mak­la­ry­ny ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz has­sa­ha­na­nyň ýe­ne bir ota­gyn­da be­jer­gi al­ýan ça­ga­nyň sag­lyk ýag­da­ýy, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi bi­len gy­zyk­lan­dy. Kör­pe nä­sa­gyň eje­si bu ýer­de ge­çi­ril­ýän be­je­riş usul­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di, hu­su­san-da, luk­man­la­ry­ň be­je­ri­şiň tä­ze­çil usul­la­ry­ny iş­jeň peý­da­lan­ýan­dyk­la­ry bel­le­nil­di. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da dür­li ke­sel­le­riň öňü­niň alyn­ma­gy­na hem-de ola­ryň öz wag­tyn­da be­je­ril­me­gi­ne, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar­dyr se­riş­de­ler bi­len üp­jün edi­len hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak hem-de ola­ry be­jer­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Bu­la­ryň äh­li­si ada­myň aba­dan dur­mu­şy ba­ra­da­ky hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­da be­jer­gi al­ýan kör­pe­le­re sow­gat­la­ry gow­şu­ryp, döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­de-de has­sa­ha­na­lar­da luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni al­ýan ça­ga­la­ryň sag­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­jak­dy­gy­ny aýt­dy. 

                                                                   

Soň­ra bu ýer­de sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry A.Ger­ma­no­wyň hem-de Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň baş luk­ma­ny S.Ýu­su­bo­wyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry R.Ba­za­ro­wyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Has­sa­ha­na­nyň bö­lüm­le­ri­niň iş ter­ti­bi, kör­pe nä­sag­la­ra luk­man­çy­lyk kö­me­gi ber­len­de be­je­ri­şiň hä­zir­ki za­man usul­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy­na, ke­sel­le­ri anyk­la­mak­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy­na, has­sa­ha­na­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­jeleri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len çä­re­ler ara alnyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le­ler bol­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz has­sa­ha­na­nyň umu­my ýag­da­ýy, şol san­da der­man üp­jün­çi­li­gi bi­len gy­zyk­lan­dy. Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň baş luk­ma­ny 676 orun­lyk bu luk­man­çy­lyk eda­ra­sy­nyň bö­lüm­le­rin­de otur­dy­lan luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry, nä­sag­lar be­je­ri­len­de ula­nyl­ýan be­je­riş usul­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu luk­man­çy­lyk eda­ra­sy­nyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­nyň hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, has­sa­ha­na­nyň işi­niň do­lan­dy­ry­ly­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ýer­de san­ly ul­ga­my iş­jeň or­naş­dyr­mak mas­la­hat be­ril­di. Mu­nuň özi be­je­ri­şiň üz­nük­siz­li­gi­ni sak­la­ma­ga, dür­li ugur­daş dü­züm­le­riň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge ýar­dam be­rer. 

                                                                   

Soň­ra sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa mil­li luk­man­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek, äh­li de­giş­li dü­züm­le­riň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy­nyň, bir ta­rap­dan, ila­tyň ara­syn­da öňü­ni alyş çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­ne, beý­le­ki bir ta­rap­dan, ke­sel­le­riň öz wag­tyn­da ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy­na hem-de ola­ra ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­niň be­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aýt­dy. Bu we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi maş­ga­la luk­man­çy­ly­gyn­dan, aras­sa­çy­lyk-dü­şün­di­riş iş­le­ri­niň hi­li­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gyn­dan hem-de luk­man­çy­lyk gö­zeg­çi­li­gin­den baş­lan­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä tej­ri­be­si esa­syn­da ila­tyň, il­kin­ji no­bat­da, ýaş nes­liň “luk­man­çy­lyk so­wat­ly­ly­gy­ny” ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň öz sag­lyk­la­ry ba­ra­da ha­bar­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ge­çir­mek mak­sa­da­la­ýyk bo­lar. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň luk­man­la­ry­nyň paý­tag­ty­myz­da­ky dür­li ugur­ly hal­ka­ra we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­le­riň kär­deş hü­när­men­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­mak­la­ry­nyň ýo­la goý­lan­dy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­ma­ty ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, şeý­le iş tej­ri­be­si­ni äh­li we­la­ýat­la­ryň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da or­naş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Kar­dio­lo­gi­ýa we kar­dio­hi­rur­gi­ýa ug­ry bo­ýun­ça be­je­riş-öňü­ni alyş eda­ra­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk-usu­ly­ýet üp­jün­çi­li­gi, bu ugur­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne-de mö­hüm orun de­giş­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da kar­dio­log­la­ryň tä­ze nes­li ke­ma­la gel­ýär, ýü­rek-da­mar ul­gam­la­ry­nyň ke­sel­le­ri­ni öz wag­tyn­da ýü­ze çy­kar­mak, öňü­ni al­mak hem-de be­jer­mek ýa­ly wa­jyp we­zi­pe­ler ola­ryň üs­tü­ne ýük­le­nen­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ul­gam­da ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­mek mö­hüm­dir. 

                                                                   

Dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ola­ry ir­ki wagt­da ýü­ze çy­kar­mak hem-de ne­ti­je­li be­jer­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kli­ni­ka­la­ry bi­len bi­le­lik­de yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, “Türk­me­nis­tan­da 2020 — 2025-nji ýyl­lar­da ça­ga­nyň ir­ki ösü­şi bo­ýun­ça Mil­li stra­te­gi­ýa­da” bel­le­ni­len, şol san­da ça­ga­la­ry ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry, sag­dyn iý­mit bi­len üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne üns çe­kil­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň­dir en­jam­la­ry­nyň re­je­li we mak­sa­da­la­ýyk peý­da­la­ny­ly­şy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Tej­ri­be alyş­mak, iň go­wy anyk­la­ýyş we be­je­riş iş tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len, gel­jek­de-de da­şa­ry ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy yl­my-kli­ni­ki mer­kez­le­ri­niň bi­ler­men­le­ri­dir hü­när­men­le­ri bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ge­rek. 

                                                                   

Sag­dyn­lyk, ru­hu­be­lent­lik, bag­ty­ýar­lyk türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­dir. Wag­tyň sy­na­gyn­dan ge­çen asyl­ly däp­le­re eýer­mek bi­len, ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň go­rag­ly­ly­gy­na, iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my dün­ýä tej­ri­be­si esa­syn­da düýp­li öz­ger­dil­ýär we yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň iş­le­rin­de san­ly ul­ga­my iş­jeň peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Iň tä­ze te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa we komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry uzak ara­lyk­dan ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri­niň hyz­mat­la­ry­ny peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär, şun­da me­ýil­na­ma­la­ýyn hem-de tiz luk­man­çy­lyk kö­me­gi hem ber­lip bil­ner, dür­li ke­sel­le­ri anyk­la­mak, be­jer­mek we öňü­ni al­mak ul­ga­myn­da tej­ri­be-de al­şyp bo­lar. 

                                                                   

Ke­sel­le­ri, şol san­da ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ni be­jer­me­giň ne­ti­je­li usul­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan bu ugur­da gel­jek­de-de top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ka­bul edil­me­gi luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bir­nä­çe gym­mat­ly mas­la­hat­la­ry­ny ber­di. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Le­bap we­la­ýa­ty­nyň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň bu se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry bi­len bir ha­tar­da, ow­gan hal­ky­na hem luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mä­ge ni­ýet­le­nen­di­gi­ni bel­le­di. Bi­ziň ýur­du­myz Ow­ga­nys­tan bi­len he­mi­şe hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­na eýe­rer, do­gan­lyk hal­ka de­ger­li gol­daw, şol san­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ne­ti­je­li ýar­dam be­rer. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry R.Ba­za­ro­wa ýüz­le­nip, mil­li luk­man­çy­lyk ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, we­la­ýat­la­ryň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, has­sa­ha­na­lar üçin ze­rur en­jam­la­ry sa­tyn al­mak me­se­le­le­ri­ni öw­ren­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem­me­ler bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, ola­ra iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di we Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­na ta­rap ug­ra­dy. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň bi­na­sy­na ba­ryp, bu ýer­de döw­re­bap bi­lim al­mak üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ins­ti­tu­tyň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da döw­le­ti­mi­ziň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi­ni ös­dür­me­giň hem-de okat­ma­gyň ýol­la­ry, okuw iş­le­ri­ne san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, mil­li bi­lim ul­ga­my üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. 

                                                                   

Alym Ar­ka­da­gy­myz du­şu­şy­gy açyp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň esa­sy me­se­le­le­ri­niň bi­ri­niň “Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da­ky me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak­dan yba­rat­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tek­li­bi bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň pa­la­ta­la­ry — Halk Mas­la­ha­ty hem-de Mej­lis ta­ra­pyn­dan bu hu­kuk na­ma­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ni taý­ýar­la­mak işi­ne gi­ri­şil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy şu ge­zek­ki du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar bi­len bu me­se­le bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ru­hy taý­dan sag­dyn, hem­me­ta­rap­la­ýyn ter­bi­ýe­li we bi­lim­li ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mek Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­ny ös­dür­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şin­de hem-de dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki eýe­le­ýän my­na­syp or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da ýaş­la­ryň ägirt uly or­nu­ny na­za­ra al­mak bi­len, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­na öw­rül­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň mak­sa­dy­nyň türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne, şah­sy­ýet hök­mün­de ös­me­gi­ne, aň-paý­has, dö­re­di­ji­lik hem-de ru­hy müm­kin­çi­lik­le­ri­niň açyl­ma­gy­na, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len has amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Bu ugur­da­ky mil­li stra­te­gi­ýa­nyň baş we­zi­pe­si ýaş ra­ýat­la­ryň hu­kuk hem-de dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den, türk­men hal­ky­na ga­dym­dan mah­sus bo­lan ru­hy-ah­lak we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek­den, ýaş nes­li wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, ra­ýat jo­gap­kär­çi­li­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­den, ýaş­la­ryň baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak­dan hem-de hö­wes­len­dir­mek­den gözbaş alýar. 

                                                                   

Bu we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da Döw­let mak­sat­na­ma­sy ka­bul edil­di, onuň çäk­le­rin­de hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni hem-de ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­ny bil­ýän, ola­ra ba­ha ber­me­gi ba­şar­ýan, mi­ze­mez maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­na sar­pa goý­ýan kä­mil, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si bi­len bir ha­tar­da, ta­ry­hy ösü­şiň, döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň hä­zir­ki za­man me­ýil­le­ri­ni we mö­hüm ugur­la­ry­ny, bin­ýat go­ýu­jy tag­lym­la­ry­ny türk­me­nis­tan­ly­la­ryň tä­ze nes­li­ne dü­şün­dir­mek hem-de ola­ryň aňy­na ýe­tir­mek, hä­zir­ki ta­ry­hy eý­ýam­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly öz­gert­me­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­ny açyp gör­kez­mek ba­bat­daky iş­le­re uly üns be­ril­ýär. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy mu­gal­lym­lar we ta­lyp­lar bi­len söh­bet­deş­li­gi­niň bar­şyn­da okat­ma­gyň iň tä­ze usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, na­za­ry yl­myň tej­ri­be-okuw sa­pak­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy üçin ins­ti­tut­da dö­re­di­len şert­ler ba­ra­da pi­kir al­şyp, bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de mu­gal­lym­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ýer­de yl­my iş­le­ri alyp bar­mak, dün­ýä tej­ri­be­le­ri­ni düýp­li öw­ren­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. Bu bol­sa ta­lyp­la­ryň saý­lap alan hü­nä­rleri­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dikleri­ni gör­kez­ýär. 

                                                                   

Çy­kyş eden­ler ins­ti­tu­tyň ta­lyp­la­ry­nyň hal­ka­ra bäs­le­şik­le­re we ders olim­pia­da­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy­lar. Bu­la­ryň äh­li­si döw­le­ti­mi­ziň mil­li bi­lim ul­ga­my­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek, hä­zir­ki za­man tej­ri­bä­ni hem-de yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak ba­ra­da­ky ala­da­sy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar alym Ar­ka­da­gy­my­zy hä­zir­ki za­man mu­gal­lym­çy­lyk yl­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, san­ly bi­li­mi ös­dür­mek üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­le­rden ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne, Wa­ta­ny­myz üçin ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy çy­kyş­lar üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, ata Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň top­lan baý dur­muş tej­ri­be­si­ni hem-de asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, ýaş­la­ryň öňün­de dur­ýan anyk me­se­le­le­re, ýa­kyn wagt­da ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýän ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler hem-de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, mer­da­na hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­nyň düýp­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­ler döw­let özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­na da­ýan­ýar. 2021-nji ýyl­da döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk se­ne­si bel­le­nil­di. Türk­me­nis­tan mil­li mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit de­re­je­sin­de hem, dün­ýä bi­le­le­şi­gin­de hem de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýan, yk­dy­sa­dy taý­dan ösen döw­let hök­mün­de yk­rar edilmegini gazandy. 

                                                                   

He­mi­şe­lik Bi­ta­raplyk de­re­je­si Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len bi­ziň döw­le­ti­miz hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy we ös­dür­ýär di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne äh­lu­mu­my hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki za­man hal­ka­ra ul­ga­my­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy hem bel­le­nil­di. 

                                                                   

Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä­niň iň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň se­riş­de, se­na­gat, zäh­met hem-de in­tel­lek­tual müm­kin­çi­lik­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­tyň baş mak­sa­dy­dyr. Öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mek üçin uzak we or­ta möh­let­li gel­je­ge ni­ýet­le­nen mak­sat­na­ma­lar ka­bul edil­di. Hu­su­san-da, «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» ösü­şiň tä­ze tap­gy­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça iş­le­riň dep­gin­le­ri­niň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. Şun­da ýaş­la­ra uly orun de­giş­li­dir di­ýip, alym Ar­ka­da­gy­myz ola­ryň öz­le­ri­niň yh­las­ly oku­wy, bi­lim­le­ri öz­leş­dir­me­gi, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­de ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­na uly go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Ýaş­la­ryň wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­nil­me­gi hem-de ola­ra dür­li hü­när­le­ri öw­ren­mek üçin döw­re­bap bi­lim­le­re, uly dur­mu­şa, yl­ma we dö­re­di­ji­li­ge ba­dal­ga be­ril­me­gi ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li öz­gert­me­le­riň öze­ni bo­lup dur­ýar. Ýaş nes­li­miz eder­men ata-ba­ba­la­ry­my­zyň be­lent yn­san­per­wer­lik we zäh­met ter­bi­ýe­si ýö­rel­ge­le­ri­ni, asyl­ly däp-des­sur­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýär­ler. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­nyň, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­me­giň, ýur­du­my­zyň mil­li baý­lyk­la­ry­nyň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýaş­la­ryň eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­le­şil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.  

                                                                   

Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze we däp-des­sur­la­ry­my­za da­ýa­nyp, ýaş­lar­da ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­za sar­pa goý­mak hem-de aýaw­ly çe­me­leş­mek duý­gu­sy­ny ter­bi­ýe­le­mek ge­rek. Äh­li de­giş­li dü­züm­le­riň ta­gal­la­la­ry ýaş nes­liň hu­kuk we dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ril­me­li­dir, ola­ryň ara­syn­da hal­ky­my­zyň ru­hy-ah­lak we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, mil­li mi­ra­sy­myz wa­gyz edil­me­li­dir. Ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar te­le­ke­çi­lik we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Döw­le­ti­miz te­le­ke­çi­lik işi bi­len meş­gul­lan­ma­ga gy­zyk­lan­ýan ýaş­lar üçin gel­jek­de-de ze­rur şert­le­ri dö­re­der. 

                                                                   

Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow dur­muş üp­jün­çi­li­gi me­se­le­si­ne geç­mek bi­len, adam ba­ra­da­ky ala­da­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dy­gy­ny hem-de şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp hak­la­ry­nyň möç­be­ri her ýyl yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir hem-de al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Ýaş­lar­da bi­lim­le­ri­ni yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­ma­ga, bi­lim al­ma­ga hö­we­si ter­bi­ýe­le­me­giň ze­rur­dy­gy aý­ra­tyn nyg­tal­dy, mu­nuň özi jem­gy­ýe­ti ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir hem-de ýur­du­my­zyň yk­ba­ly­ny we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni kes­git­le­ýän mö­hüm şert­ler­dir. Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ter­bi­ýe iň gym­mat­ly baý­lyk­dyr, bi­lim we ylym bol­sa ter­bi­ýä­niň sü­tü­ni­dir. Şun­da mu­gal­lym­çy­lyk ba­bat­da hü­när­men­le­riň taý­ýar­lyk de­re­je­si­ne uly orun de­giş­li­dir. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy şu­lar ba­ra­da nygtap, ýur­du­my­zyň esa­sy baý­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri bo­lan Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da bi­lim ul­ga­my üçin örän ze­rur hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy we ýaş­la­ryň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ter­bi­ýe­çi­lik däp­le­ri­ni ös­dür­me­gi do­wam et­dir­jek­dik­le­ri­ne ynam bil­di­rip, öz dur­muş tej­ri­be­sin­den bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry ber­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek me­se­le­si­ne ýyg­na­nan­la­ryň ün­sü­ni çek­di, çün­ki dil bil­mek uly baý­lyk­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra gep­le­şik di­li bo­lan iň­lis di­li­niň iň ir­ki ýaş­dan baş­lap, he­niz mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da öw­re­dil­me­gi­ni hö­wes­len­dir­me­giň mö­hüm­di­gi nyg­tal­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Gö­zel Şa­gu­ly­ýe­wa­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Çy­nar Rus­te­mo­wa­nyň şu ins­ti­tu­ty ta­mam­lan­dyk­la­ry buý­sanç­ly ýag­daý­dyr, ola­ra Wa­ta­ny­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, kons­ti­tu­sion gur­lu­şy­ny, döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­ny hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge go­şan uly şah­sy go­şant­la­ry üçin şeý­le be­lent at­lar da­kyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ins­ti­tut­da ýö­ri­te otag açyp, on­da Gah­ry­man ze­nan­la­ryň dur­muş hem-de dö­re­di­ji­lik ýol­la­ry ba­ra­daky mag­lu­mat­la­ry, şeý­le hem san­ly fo­tos­tu­di­ýa­ny we elekt­ron ki­tap­ha­na­ny ýer­leş­dir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür özyg­ty­ýar­ly Türk­me­nis­ta­nyň ösüş we dö­re­di­ji­lik ýo­ly bi­len ok­gun­ly öňe bar­ýan eý­ýa­my­dyr. Mu­nuň özi köp ba­bat­da ila­tyň so­wat­ly­ly­gy­nyň we göz­ýe­ti­mi­niň gi­ňel­me­gi, yl­my-bar­lag­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi, yl­my-teh­ni­ki ga­za­ny­lan­la­ryň dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ry­na giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, mul­ti­me­dia ul­gam­la­ry­nyň, öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­niň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny peý­da­lan­mak ar­ka­ly döw­re­bap okuw mek­dep­le­ri­niň tu­tuş ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Alym Ar­ka­da­gy­myz bi­li­miň we yl­myň ada­my be­lent de­re­je­le­re ýe­tir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, du­şu­şyk­da ýaş­la­ra he­mi­şe düýp­li, hem­me­ta­rap­la­ýyn bi­lim al­ma­ga, aň-bi­lim de­re­je­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ma­gy ne­si­hat et­di. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy mek­dep uçu­rym­la­ry­nyň kä­bi­ri­niň or­ta mek­de­bi ta­mam­lan il­kin­ji ýy­lyn­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne gi­rip bil­me­ýän­dik­le­ri­ne ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýaş­la­ra saý­lap alan hü­nä­ri bo­ýun­ça tej­ri­be top­lar ýa­ly işe ýer­leş­mä­ge ýar­dam ber­mek me­se­le­si ba­ra­da oý­la­nyş­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýaş­la­ry te­le­ke­çi­lik işi­ne giň­den çek­mek baradaky tek­lip hem aý­dyl­dy. 

                                                                   

Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da alym Ar­ka­da­gy­myz ins­ti­tu­tyň hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän tä­ze bi­na­sy­ny gur­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň rek­to­ry Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne ge­lip gö­ren­di­gi, ta­lyp­la­ry okat­mak me­se­le­le­ri­ne, mu­gal­lym­la­ryň hem-de bu bi­lim eda­ra­sy­nyň iş şert­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi, şeý­le-de gym­mat­ly mas­la­hat­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ug­run­da gel­jek­de-de äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz öwüt-ün­dew­le­ri­ni be­rip, türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ýaş nes­liň saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ne hem-de my­na­syp ter­bi­ýe al­ma­gy­na il­kin­ji de­re­je­li äh­mi­ýet be­ren­di­gi­ni aýt­dy. Ge­çen dö­wür­le­riň meş­hur şah­sy­ýet­le­ri gym­mat­ly pä­him-paý­has mi­ra­sy­ny bi­ze gal­dy­ryp­dyr­lar, ola­ryň dö­re­den eser­le­ri gel­jek­ki ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek üçin gym­mat­ly çeş­me bo­lup­dyr. Bi­ziň pe­der­le­ri­mi­ziň wa­tan­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri dur­mu­şa tä­ze ga­dam ba­san ýaş ne­sil­ler üçin geç­mi­şi, hä­zir­ki döw­ri hem-de gel­je­gi özün­de jem­le­ýän nus­ga­lyk mek­dep­dir. 

                                                                   

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gel­jek si­ziň bi­len­dir! Bi­ziň ýur­du­my­zyň gel­jek­de-de gül­läp ös­me­gi üçin öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” di­ýip, ýaş­la­ra ýüz­len­di. Ýyg­na­nan­lar şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len bu söz­le­ri gaý­ta­la­dy­lar. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne üs­tün­lik ar­zuw edip, soň­ra we­la­ýat mer­ke­zin­dä­ki ba­za­ra bar­dy. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy azyk önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, hu­su­san-da, gök we bak­ja önüm­le­ri bi­len tanşyp, ba­zar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­di­li­şi bi­len gy­zyk­lan­dy. Mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­nyň önüm­le­ri­ne, şol san­da ga­ra mal­la­ryň we to­wuk eti­niň ön­dü­ri­li­şi­ne aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan önüm ön­dü­ri­ji­le­ri üp­jün et­mek üçin 2022-nji ýyl­da iým­lik mek­ge­jö­we­ni, so­ýa­ny we iým­lik bug­da­ýy ek­mek we ola­ryň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ama­la aşyr­mak tab­şy­ryl­dy. Bu çä­re­ler ýur­du­myz­da guş eti­niň we ýu­murt­ga­nyň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na, şeý­le­lik­de, ila­ty­my­zyň ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün edil­me­gi­ne, önüm­le­riň da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän möç­be­ri­ni düýp­li azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, Hö­kü­met mej­li­sin­de te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de hem-de azyk ha­ryt­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne pul se­riş­de­le­ri­ni bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky çöz­güt ka­bul edil­di. 

                                                                   

Ba­za­ryň sa­ty­jy­la­ry we aly­jy­la­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za içer­ki ba­zar­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça äh­li şert­le­riň üp­jün edil­ýän­di­gi, te­le­ke­çi­le­re, hu­su­san-da, azyk önüm­le­ri­ni hem-de gün­de­lik sarp edil­ýän ha­ryt­la­ry ön­dür­ýän­le­re be­ril­ýän gol­daw üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. 

                                                                   

Ta­nyş­ly­gyň bar­şyn­da Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow söw­da no­kat­la­ry­na aý­lan­dy hem-de aly­jy­lar we sa­ty­jy­lar bi­len ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ryn­da el­ýe­ter­li nyrh­lar­dan ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça me­se­le­ler ba­ra­da pi­kir alyş­dy. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­de-de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry hil­li hem-de eko­lo­gik taý­dan aras­sa oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ni aý­dyp, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re we te­le­ke­çi­le­re döw­let äh­mi­ýet­li bu mö­hüm iş­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän Türk­me­na­bat — Fa­rap aw­tou­lag köp­rü­si­ne ta­rap ug­ra­dy. Bu der­ýa Mer­ke­zi Azi­ýa­da uzyn­ly­gy bo­ýun­ça ikin­ji hem-de suw­lu­ly­gy bo­ýun­ça iň iri suw aka­ba­sy­dyr. Ol öz göz­ba­şy­ny Hin­di­guş dag­la­ryn­dan al­ýar. Şol ýer­de buz­luk­la­ryň ere­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän suw­ dag­lar­dan aşak­ly­gy­na gaýd­ýar, soň­ra bol­sa Tu­ran düz­lü­gi bo­ýun­ça akyp, peý­da­ly mad­da­la­ryň — mi­ne­ral we or­ga­ni­ki dü­züm­le­riň ägirt uly möç­ber­le­ri­ni dö­red­ýär. Şol se­bäp­li-de Amy­der­ýa­nyň su­wy he­mi­şe peý­da­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr, onuň ugur­la­ryn­da kuw­wat­ly döw­let­ler dö­räp­dir hem-de Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ge­çip­dir.  

                                                                   

Hal­ka­ra ulag çat­ry­gy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­ny ös­dür­me­giň uzak möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­sy­ny na­za­ra al­mak bi­len, köp­şa­ha­ly döw­le­ta­ra ulag ul­ga­my­ny dö­ret­mek we­zi­pe­si öňe sü­rül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän Türk­me­na­bat — Fa­rap aw­tou­lag we de­mir ýol köp­rü­le­ri ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den geç­ýän ýük hem-de ýo­lag­çy akym­la­ry­nyň düýp­li art­ma­gy­na ýar­dam ber­di. Amy­der­ýa­nyň iki ke­na­ry­ny bir­leş­dir­ýän bu ulag ge­çel­ge­si in­že­ner-teh­ni­ki hem-de ula­nyş öl­çeg­le­ri bo­ýun­ça köp­ri gur­lu­şy­gy­nyň hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Onuň gur­lu­şy­gyn­da berk­li­gi, ýo­ka­ry seýs­mi­ki dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün ed­ýän we beý­le­ki ze­rur teh­ni­ki öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän gur­na­ma se­riş­de­le­r ula­nyl­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny ok­gun­ly ös­dür­me­giň, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Amy­der­ýa eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny su­wa­ryş su­wy bi­len do­ly üp­jün ed­ýär. Ga­ra­gum der­ýa­sy hem Amy­der­ýa­dan suw al­ýar. Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň hem-de Amy­der­ýa­nyň ug­ry bo­ýun­ça go­wa­ça­nyň we bug­da­ýyň ekin meý­dan­la­ry ýa­ýy­lyp gid­ýär. Bu mö­hüm ul­gam­da de­giş­li tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi­ne, dä­nä­niň, pag­ta­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ýe­ter­lik möç­ber­de suw se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek, ýur­du­myz­da goş­ma­ça suw gor­la­ry­ny dö­ret­mek, ekin meý­dan­la­ry­nyň suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, onuň ýit­gi­si­ni azalt­mak me­se­le­le­ri hem örän mö­hüm we­zi­pe­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan tä­ze suw how­dan­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, ozal bar bo­lan­la­ry­nyň sy­gym­ly­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne iri ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Der­ýa­la­ryň su­wa­ryş hem-de zeý­keş aka­ba­la­ry­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem şu mak­sa­da gö­nük­di­ri­len­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow bi­len 8-nji iýun­da ge­çi­ren mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da şu me­se­lä hem ga­ral­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi bi­len se­bi­tiň, şol san­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň suw üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýa­tyň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak, suw ho­ja­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­ri çalt­lan­dyr­mak hem-de onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, giň ge­rim­li çä­re­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri su­wa­ry­lan­da suw tyg­şyt­laý­jy usul­la­ry ulan­mak, yzy­gi­der­li ýag­daý­da de­giş­li çä­re­le­ri ge­çir­mek ze­rur­dyr. Dün­ýä tej­ri­be­sin­den ugur alyp, iri suw ge­çi­ri­ji­le­ri­ni, suw how­dan­la­ry­ny hem-de köl­le­ri peý­da­lan­makda iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ ulan­mak, sarp edil­ýän suw se­riş­de­le­ri­niň do­ly ha­sa­by­ny ýö­ret­mek hem-de bu iş­le­ri san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek mö­hüm­dir di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bel­le­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de suw ho­ja­lyk pu­da­gy­na öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak, suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän ne­ti­je­li iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy.

10.06.2022
Telekeçilere döwlet goldawy

Ýur­du­myz­da hu­su­sy işe­wür­li­giň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki or­ny bar­ha art­ýar. Te­le­ke­çi­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi bu pu­da­gyň bar­ha ös­me­gi­ne, dün­ýä ba­za­ryn­da ta­nal­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ýy­lyň 4-nji iýu­nyn­da ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­ny bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ra gol çek­me­gi türk­men te­le­ke­çi­le­rin­de uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. 

                                                                   

Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň mej­lis­ler za­lyn­da «Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň azyk sy­ýa­sa­ty: hal­ky­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na» at­ly ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ri­lip, ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.  

                                                                   

— Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň guş­çu­ly­gyň oba ho­ja­ly­gy­nyň ok­gun­ly ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­tap: «Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da guş eti we ýu­murt­ga, esa­san, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär» di­ýip bel­le­me­gi bi­zi has-da buý­san­dyr­dy — di­ýip, «Al­tyn jüý­je» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň di­rek­to­ry Röw­şen Aman­sä­he­dow nygtady: — Dü­şe­wünt­li pu­dak­la­ryň bi­ri bo­lan guş­çu­ly­gyň önüm­çi­li­gi­ni tap­gyr­la­ýyn art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iým­lik bug­da­ýy, mek­ge­jö­we­ni we so­ýa­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­megiň hem-de bu ekin­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän ta­rap­la­ra goş­ma­ça ýer bö­lek­le­ri­ni bö­lüp ber­me­giň tek­lip edil­me­gi ýer­li önüm­çi­li­giň art­dy­ryl­ma­gyn­da, içer­ki ba­za­ryň öz önüm­le­ri­miz bi­len üp­jün edil­me­gin­de örän äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyndaky daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de ýyl­da 5 mil­lion jüý­je çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lan in­ku­ba­tor top­lu­my­myz ýer­leş­ýär. Etrabyň «Türk­me­nis­tan» daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de bol­sa sa­gat­da 10 ton­na ba­ra­bar de­ňag­ram­laş­dy­ry­lan iý­miň 7 gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Şeý­le-de ýyl­da 1 mil­lion jüý­je sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän guş­çu­lyk fer­ma­myz­da her ýyl 1500 ton­na et ön­dü­ri­lip, hal­ky­my­za hö­dür­len­ýär. 

                                                                   

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da goý­be­ri­len uly möç­ber­dä­ki pul se­riş­de­si ila­ty­my­zy öz eko­lo­gik taý­dan aras­sa önüm­le­ri­miz bi­len üp­jün edip, ola­ryň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni ep-es­li azalt­ma­gy­myz­da uly gol­daw­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň biz — te­le­ke­çi­le­re bil­di­ren ýo­ka­ry yna­my­ny öde­mek ug­run­da gel­jek­de-de yh­las-ba­şar­ny­gy­my­zy gaý­gyr­ma­rys. 

                                                                   

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da edi­len çy­kyş­lar­da azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­magyň, azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­megiň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm ugur ha­sap­lan­ýan­dy­gy ba­ra­da buý­sanç bi­len bel­le­nil­di.  

                                                                   

Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­ýär, oba ho­ja­lyk ugur­ly tä­ze ul­gam­la­ry dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Or­ta we ki­çi te­le­ke­çi­li­giň gol­da­nyl­ma­gy bu ba­bat­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na ge­tir­ýär. Hu­su­sy eýe­çi­lik­de daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi te­le­ke­çi­le­riň oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip, bol ha­syl al­ma­gy­na, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy hal­ky­my­zyň et önüm­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ne, içer­ki ba­zar­da azyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny dö­re­dip, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na ge­tir­ýär.  

                                                                   

Ho­şal­lyk mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­rip, içer­ki ba­za­rlarda azyk bol­çu­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­ler, gol­daw-he­ma­ýat­lar üçin Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za al­kyş aýt­dy­lar. 

                                                                                                           

Ke­ýik UMA­RO­WA.

                       

«Türk­me­nis­tan».

10.06.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mas­la­hat ge­çir­di

Aş­ga­bat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow bi­len san­ly ul­gam ar­ka­ly mas­la­hat ge­çir­di. On­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de bir­nä­çe çöz­güt­ler ka­bul edil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­ha­ty açyp, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer ha­sa­ba­ty­ny ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri­niň pi­le taý­ýar­la­mak boýunça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri ba­ra­da­ky hoş ha­bar­dan baş­la­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan pu­da­gy gol­da­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­pek­çi­li­gi ös­dür­mek üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän giň ge­rim­li gol­daw­lar esa­syn­da, ýur­du­my­zyň zäh­met­sö­ýer ýü­pek­çi­le­ri Wa­tan har­ma­ny­na 2300 ton­na­dan gow­rak pi­le tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýer hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýü­pek­çi­le­ri­mi­ziň bu zäh­met ýeň­şi bi­len gut­lap, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň zäh­met­keş­le­ri­niň adyn­dan ne­ti­je­li zäh­met çek­mek üçin dö­re­di­len şert­ler üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hoş ha­ba­ry ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, hal­ky­my­zy hem-de eder­men pileçilerimizi Wa­ta­ny­my­zyň pi­le har­ma­ny­na 2300 ton­na­dan gow­rak ýo­ka­ry hil­li pi­lä­niň tab­şy­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eder­men pi­le­çi­le­ri­mi­ziň yh­las siň­di­rip, ir­gin­siz çe­ken zäh­meti­niň ne­ti­je­sin­de ön­dü­ri­len pi­lä­niň bol ha­sy­ly­nyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ha­lal ojak­la­ry­nyň be­re­ke­di­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de ýü­pek önüm­çi­li­gi­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de ýü­pek önüm­çi­li­gi döw­rüň ösen ta­lap­la­ry esa­syn­da ýo­la go­ýul­dy. Aş­ga­ba­dyň ýü­pek fab­ri­gi we Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ön­dü­ril­ýän ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän esa­sy kär­ha­na­lar bo­lup, olar do­ly döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy hem-de hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Bu kär­ha­na­lar­da ýü­pek ha­ly­la­ry­ny, mil­li ke­te­ni ma­ta­la­ry­ny we beý­le­ki önüm­le­ri taý­ýar­la­mak üçin tä­ze önüm­ha­na­lar açyl­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow gel­jek­de ýü­pek­çi­li­ge goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri­niň has-da art­dy­ryl­ma­gy­nyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa ila­ty­myz üçin goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, gym­mat­ly çig ma­lyň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pi­le­çi­le­ri hem-de äh­li türk­men hal­ky­ny pi­le tab­şyr­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, uly zäh­met üs­tün­li­gi­niň ga­za­nyl­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, aba­dan dur­muş, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da çek­ýän yh­las­ly zäh­me­tin­de has-da be­lent sep­git­le­re ýet­mek­le­ri­ni ar­zuw et­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de da­ba­ra­ly çä­re­le­ri ge­çi­rip, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan äh­li pi­le­çi­le­re we iş­gär­le­re sow­gat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­ma­gy gu­ra­mak ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re tab­şy­ryk ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin meý­dan iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Şu gün­ler Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da bug­daý ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da, ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler do­wam ed­ýär, Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­na 10-njy iýun­da baş­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, gal­la ora­gyn­da dä­ne ýyg­ýan kom­baýn­la­ry, bug­daý da­şa­ýan aw­tou­lag­la­ry do­ly güý­jün­de iş­let­mek hem-de ýyg­na­lan ha­sy­ly gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­rin­de bök­denç­siz ka­bul et­mek ug­run­da ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, eki­len ýaz­lyk ýe­ral­ma we gök-bak­ja ekin­le­ri­ne ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg et­mek, ir­ki ýe­ti­şen ýe­ral­ma­ny we gök ekin­le­riň ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak, ila­ty­my­za ýe­tir­mek hem-de so­wa­dy­jy am­mar­lar­da ýer­leş­dir­mek, gök ekin­le­riň güýz­ki eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da hä­zir go­wa­ça eki­şi ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Gö­ge­riş al­nan meý­dan­lar­da go­wa­ça ideg et­mek, ha­ta­ra­ra be­jer­gi­le­ri ge­çir­mek, ekini mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, oňa ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky suw bi­len üp­jünçilik bo­ýun­ça do­wam ed­ýän kem­çi­lik­ler dü­ze­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­da der­ýa­la­ryň su­wu­nyň ka­da la­ýyk bol­ma­gy bi­len, se­bi­tiň eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň suw üp­jün­çi­li­gi go­wu­lan­dy­ryl­dy hem-de gel­jek­de su­wy ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

 Wi­se-prem­ýer ýa­kyn gün­ler­de ýur­du­myz bo­ýun­ça go­wa­ça eki­şi­niň do­ly ta­mam­lan­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da mö­hüm möw­süm ha­sap­lan­ýan gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly hem-de bel­le­ni­len möh­let­de, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ugur­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Go­wa­ça­nyň we beý­le­ki ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýo­la go­ýul­ma­gy, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne jo­gap­kär­çi­lik­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­dir. 

                                                                   

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 11-nji iýun­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­niň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aý­dyp, bi­ziň se­bi­ti­miz­de suw bi­len bag­ly kyn­çy­lyk­ly ýag­daý­la­ry göz öňün­de tu­tup, wi­se-prem­ýer A.Ýaz­my­ra­do­wa de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, bi­rin­ji­den, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Hö­kü­met to­pa­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy, bu to­pa­ryň dü­zü­mi­ne Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň, yl­my ins­ti­tut­la­ryň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň hem-de beý­le­ki eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny goş­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Ikin­ji­den, Amy­der­ýa­dan we Ga­ra­gum der­ýa­syn­dan baş­lap, der­ýa­la­ryň ha­na­syn­da bar­lag­la­ry ge­çir­me­giň, su­wuň aky­my­nyň geç­mez­li­gi­niň se­bäp­le­ri­ni anyk­la­ma­gyň, kem­çi­lik­le­ri dü­zet­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny düz­me­giň we olary ama­la aşyr­ma­ga gys­sag­ly gi­ri­şil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, teh­ni­ka­la­ry, lä­bik so­ru­jy­la­ry, suw so­ru­jy­la­ry, ola­ryň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin ze­rur se­riş­de­le­ri bö­lüp ber­mek ba­ra­da tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Üçün­ji­den, der­ýa­lar bi­len bir­lik­de, esa­sy suw aka­ba­la­ryn­da hem bar­lag­lar ge­çi­ril­me­li­dir. Ola­ry aras­sa­la­mak, be­ton­la­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny düz­me­li we bu me­ýil­na­ma­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­riş­me­li di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow aýt­dy. 

                                                                   

Dör­dün­ji­den, suw süý­je­di­ji des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­ne baş­la­mak hem-de Ha­zar deň­zin­den Aş­ga­ba­da suw ber­mek bo­ýun­ça müm­kin­çi­lik­le­re se­re­dil­me­li­dir. 

                                                                   

Bä­şin­ji­den, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň her mej­li­sin­de iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­me­gi wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mas­la­ha­ty ta­mam­lap, wi­se-prem­ýe­re alyp bar­ýan işin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.

09.06.2022
Ykdysadyýetiň bedew batly gadamlary

Türkmenistanyň  Prezidenti
Serdar  Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 — Şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmak döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Bular babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hem aýratyn gürrüň edildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly öňegidişlikler gazanyldy. 

                                                                   

Önümçiligiň geriminiň giňeldilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna, öňden bar bolan senagat desgalarynyň dünýäniň iň ösen tehniki enjamlary bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, täze ugurlary ornaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Ykdysady pudaklaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagyna, üstünlikleriň gazanylmagyna netijeli täsir etdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen kabul edilen, geljek 30 ýyllyk ösüşleri öz içine alýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, bäş aýda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 41,8 göterim artdy. Ýanwar — maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmek, halkara tejribä esaslanyp, býujet-salgyt işini döwrebaplaşdyrmak, býujet, salgyt, bank we pul-karz ulgamlarynyň kadalarynydyr düzgünlerini kämilleşdirmek, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimizi döwrebap ýagdaýa getirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunda sanly ulgamyň işjeňliginiň ähmiýeti örän ýokarydyr. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwletimiziň senagat kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet öňde duran anyk ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet dolandyrylyşynda söwda, maliýe, bank ulgamlaryna ilkinji orun degişli bolmak bilen bir hatarda, olarda ýokary netijeler gazanylýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri hem barha ýokarlanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bellenen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň netijesinde eksport mümkinçiligini ýokarlandyryp, ykdysadyýetimizi bäsdeşlige ukyply derejä ýetirmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Berkarar Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri ata Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň özboluşly türkmen ýoluny hem kemala getirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky işleriň netijeliligine oňaýly täsir edýär, geljegi has uly ugurlary giňeltmek arkaly, senagat pudagynda gazanylan ösüş depginleri barha ýokarlanýar. Dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça uly netijeler gazanylýar. Milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen hususy telekeçilige aýratyn üns berilýär. Hökümetiň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150  million amerikan dollary möçberinde pul serişdelerini bölüp bermek barada hormatly Prezidentimiziň Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyzda ýüzlerçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Şunda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamanyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Şeýlelikde, müňlerçe iş ýerleri döredildi hem-de şol önümçilik desgalarynyň golaýynda durmuş maksatly ençeme binalaryň gurulmagy bu ugurdaky işleriň çalt depginlerde öňe ilerlemegini üpjün etdi. Ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe Türkmenistany kuwwatly döwlete öwürdi, dünýädäki abraý-mertebesini Arşa galdyrdy. 

                                                                   

Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek hem-de türkmen harytlarynyň eksportunyň möçberlerini köpeltmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary häzirki wagtda üstünlikli berjaý edilýär, geljegi has uly ugurlary giňeltmek arkaly, senagat pudagynda gazanylan ösüş depginleri barha ýokarlanýar. Dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça uly netijeler gazanyldy. Munuň özi ýurdumyzda bar bolan tebigy baýlyklarymyzyň çig mal görnüşinde satylman, taýýar önüm, haryt görnüşinde ýerlenýändigini, ylmyň gazanan täze tehniki enjamlaryny we tehnologiýalaryny ulanmak arkaly netijeli önümçilige eýe bolýan milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň pugtalandyrylýandygyny şertlendirýär. 

                                                                   

Garaşsyz Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynda daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine çekmek meselesi hem üstünlikli çözgüde eýe boldy. Maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak babatdaky wezipelerden ugur alnyp, täze döwrebap etrap merkezleri, şäherçeler, geňeşlikler, onda-da ähli şertler döredilen şäherlerimize bäs gelýän tutuş obalar guruldy. Ýurdumyzda ähli şäherleriň we obalaryň binagärlik keşbi, durmuş düzümi düýpgöter özgerip, ösüşleriň täze belentliklerine eýe bolýar. Olarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler we çagalar öýleri, lukmançylyk merkezleri we medeniýet köşkleri, sport toplumlary we şypahanalar, telefon ulgamlary we beýleki durmuş maksatly iri desgalar gurulýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde baş maksada ýetmäge gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädimler ädildi. Bu maksat mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň çuň parasatynyň netijesinde il-ýurt ähmiýetli bu bitirilýän beýik işler ýurdumyzyň ösüşleriniň kuwwatly güýjüniň, halkymyzyň gurmak we döretmek babatdaky belent maksatlarynyň aýdyň dabaralanmagydyr. Hormatly Prezidentimiz bu gün türkmen döwletini bereket çeşmesine, gurmagyň we döretmegiň, bagtyýar durmuşyň berkarar bolýan ýurduna öwürýär. 

                                                                                                           

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.

09.06.2022
Hyz­ma­tyň hi­li — esa­sy şert

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň öňün­de go­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­de Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň «Türk­men­ne­bi­tö­nüm­le­ri» baş mü­dir­li­gi­niň dü­züm­le­rin­de döw­re­bap iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mü­dir­lik bo­ýun­ça ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler­de we­la­ýat­da­ky Ser­dar ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri­niň hem my­na­syp pa­ýy bar.  

                                                                   

Kär­ha­na­da iş ýer­le­ri­niň tä­miz­li­gi­ni we en­jam­la­ryň ka­da­ly iş­le­me­gi­ni yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Kär­ha­na­nyň dü­zü­min­dä­ki ýan­gyç gu­ýu­jy be­ket­ler­de otur­dy­lan til­si­mat­lar­dyr en­jam­la­ryň he­mi­şe saz iş­le­dil­me­gi ýo­la go­ýul­ýar. Sarp edi­ji­le­re ýan­gyç­la­r­dyr çal­gy ýag­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri hö­dür­le­nen­de, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň düz­gün­le­ri sak­la­nyl­ýar. Bu döw­re­bap kär­ha­na hyz­mat ediş çyg­ry ba­bat­da tu­tuş mü­dir­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky ugur­daş dü­züm­le­riň iň iri­le­ri­niň bi­ri­dir. Ser­dar şä­he­rin­dä­ki, şo­nuň ýa­ly-da, Mag­tym­gu­ly, Be­re­ket et­rap­la­ryn­da­ky şah­sy eýe­çi­lik­dä­ki ulag se­riş­de­le­ri­niň sa­ny bu gün on­lar­ça mü­ňe ýet­ýär. Ola­ry ýan­gyç, çal­gy ýag­la­ry­dyr gaý­ry ne­bit önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek hem şu kär­ha­na­nyň be­ket­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň eda­ra-kär­ha­na­la­ryn­da­ky ulag­la­ryň sa­ny has hem köp. Da­şa­ry ýurt­lar­dan bi­ziň ýur­du­my­za, şo­nuň ýa­ly-da goň­şy döw­let­le­re üs­ta­şyr ýük da­şa­ýan ulag­la­ryň sa­ny hem yzy­gi­der­li art­ýar. 

                                                                   

Ser­dar ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­sy bü­tin­leý tä­ze gur­lup, 2014-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da ula­ny­şa tab­şy­ryl­dy. Kär­ha­na­nyň dü­zü­min­dä­ki gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da bök­denç­siz iş­le­dil­ýän be­ket­le­riň 9-syn­da hem komp­ýu­ter ar­ka­ly aw­to­mat­laş­dy­ry­lan usul­da do­lan­dy­ryl­ýan kä­mil da­şa­ry ýurt guý­guç­la­ry otur­dy­lan­dyr. Ola­ryň 4-si bol­sa tä­ze gur­lan be­ket­ler­dir. Kär­ha­na­nyň how­lu­syn­da, ýan­gyç gu­ýu­jy be­ket­ler­de-de has kä­mil, ýan­gy­na gar­şy gö­reş en­jam­la­ry he­mi­şe taý­ýar­lyk ýag­daý­da sak­la­nyl­ýar.  

                                                                   

Bi­ti­ril­ýän her bir işe, il­kin­ji no­bat­da, onuň hi­li bo­ýun­ça ba­ha be­ril­ýär. Şu mö­hüm şert bu ýer­de-de he­mi­şe pug­ta ber­jaý edil­ýär. Müş­de­ri­le­re hö­dür­le­nil­ýän ne­bit önüm­le­ri­niň hi­li pug­ta gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ýar. Ge­lip go­wuş­ýan dür­li ky­sym­ly ben­zin­ler, çal­gy ýag­la­ry, di­zel ýan­gy­jy­dyr gaý­ry ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­nyň bar­lag­ha­na­syn­da ilik-düw­me göz­den ge­çi­ri­lip, ola­ra ýö­ri­te hil pas­por­ty ýa­zy­lan­dan soň, be­ket­le­re ug­ra­dyl­ýar. Bar­lag­ha­na­da otur­dy­lan kä­mil teh­no­lo­gik en­jam­lar önüm­le­riň hi­li­ne he­mi­şe­lik gö­zeg­çi­li­gi ta­la­ba­la­ýyk ama­la aşyr­ma­ga hem-de ýan­gyç sak­la­nyl­ýan göw­rüm­le­ri yg­ty­bar­ly ulan­ma­ga, eko­lo­gik howp­suz­ly­gy pug­ta ber­jaý et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Türk­me­nis­tan­da ula­nyl­ýan çal­gy ýag­la­ry­nyň we beý­le­ki ne­bit önüm­le­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­mek ha­kyn­da» ka­bul edi­len Ka­rar hem bu kär­ha­na­da öz my­na­syp çöz­gü­di­ni tap­ýar. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, ne­bit önüm­le­ri­niň has-da tyg­şyt­ly ula­nyl­ma­gy­ny, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gy we il­deş­le­ri­mi­ziň sag­dyn ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­me­gi göz öňün­de tut­ýar.  

                                                                   

Kär­ha­na­da bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­la­ryň aý­ba-aý ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, gör­nük­li ösüş dep­gin­le­ri­niň ga­za­nyl­ma­gyn­da 1-nji de­re­je­li ope­ra­tor­lar Ars­lan Ýe­gen­dur­dy­ýew, Pa­ra­hat Ar­ba­dow, We­pa Ju­ma­ýew, ha­sap­çy-hü­när­men Gül­nar Ny­ýaz­mäm­me­do­wa, bar­lag la­bo­ran­ty Ogul­baý­ram Ora­zo­wa ýa­ly iş­gär­le­riň my­na­syp go­şant­la­ry bar.  

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da gün­de­lik ýa­şaý­şy­my­zy ulag se­riş­de­le­ri­niň hyz­ma­tyn­dan üz­ňe göz öňü­ne ge­tir­mek ju­da çe­tin­dir. Şu­ňa magat dü­şün­ýän kär­ha­nanyň hü­när­men­le­ri tä­ze üstünliklere ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýar­lar.  

                                                                                                           

Ho­ja­ber­di BAÝ­RA­MOW.

                       

«Türk­me­nis­tan». Su­ra­ta dü­şü­ren And­reý PA­KU­LOW.

09.06.2022
Ýurdumyzyň energetika syýasaty

Giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýar. Ýurdumyzda emele gelen durnukly ykdysady hem-de syýasy ýagdaý, kanuny taýdan kepillikler we döwlet goldawy daşary ýurtly maýadarlary özüne çekýän esasy şertleriň biridir. Ýakyn geljek üçin maýa goýumlaryny höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylanda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyny hem-de senagatlaşdyrmagyň derejesini çaltlandyrmak, tehnologik işleri ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly esas goýujy ýörelgeler öňe sürülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gurlan we gurulmagy meýilleşdirilýän ähli desgalar häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylýar, olary dolandyrmak işlerine sanly ulgam ornaşdyrylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasy bilen alnyp barylýan energetika syýasatynyň-da üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýlelikde, döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde soňky ýyllarda elektroenergetika senagatynyň-da önümçilik kuwwatlyklary has-da ýokarlandy. Bu bolsa diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän mukdaryny artdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz täze ösüşlere barýar. Bu ösüşlere energetika pudagy hem saldamly goşant goşmak bilen birlikde, mähriban Watanymyzy rowaçlykdan-rowaçlyga, üstünlikden-üstünlige alyp barýar.  

                                                                   

Türkmenistan döwletimiz energiýa serişdeleriniň gorlaryna örän baýdyr. Elektrik energiýasy önümçiligi dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp, geljegi uly bu pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi hemişe artdyrylýar. Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty depginli ösüş derejelerini görkezýär hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän elektroenergiýanyň eksportyny artdyrýar.  

                                                                   

Şu ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna baranynda Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birikdirmek arkaly içerki sarp edijileriň energiýa bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.  

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamy emele geler. Bu bolsa içerki sarp edijileriň elektrik energiýasyna bolan ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyny şertlendirer. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň ulanylmaga berilmegi bilen Diýarymyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny abatlamaga we ýurdumyzda bu ugra degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga kömek eder. Hormatly Prezidentimiziň bu pudakda öňde goýan strategik wezipelerini netijeli çözmäge ulgama ornaşdyrylýan täze inžener-tehniki işläp taýýarlamalar, ykdysady taýdan bähbitli, energiýa tygşytlaýjy hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ýardam berýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamany durmuşa geçirmekde elektroenergetika pudagyna möhüm orun berilýär. Eziz Watanymyzyň dürli sebitlerinde gysga döwürde kuwwatly elektrostansiýalaryň hem-de täze elektrik geçirijileriň gurulmagy netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty ýurdumyzda her ýyl ulanmaga tabşyrylýan iri senagat toplumlaryny hem-de köp sanly durmuş desgalaryny elektroenergiýa bilen durnukly üpjün etmek bilen birlikde, ony goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, durmuşa geçirýän döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin! 

                                                                                                           

«Esger».

09.06.2022
Guşçulyk: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 4-nji iýunynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidenti-miz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen möhüm ähmiýetli Karar kabul etdi. Oňa laýyklykda guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda 20 müň gektar meýdana iýmlik mekgejöwen, 2 müň gektara soýa we 40 müň gektara iýmlik bugdaý ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli çäreleri geçirmek kesgitlenildi.

  Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümleri özümizde giňden öndürilip başlandy. Önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek meselesine Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji gününden uly üns berýär.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly düzülen ykdysady syýasatynyň esasynda işjeň durmuşa geçirýän çäreleri öz oňyn netijelerini hem berýär. Şol çäreleriň ählisiniň aýratynlygy önüm öndürijilere döwlet goldawynyň yzygiderli berlip durulmagy bilen baglydyr. Döwletimiz tarapyndan ýüzlerçe millionlap ABŞ-nyň dollarynda pul kömegi we beýleki goldawlar berilýär, önüm öndürijiler salgytlardan boşadylýar. 4-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek kararyna gelendigini aýtdy.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň telekeçileri hem ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň täze, industrial-innowasiýa häsiýetli tapgyry telekeçileriň ýüzlerçesi tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Telekeçileriň innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçiliklerini giňeltmekleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolýan önümleriň bolçulygynyň döremegine getirýär, üstesine, eksport edilýän önümleriň sanawy hem has-da artdy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtga-nyň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen kabul edilen şu Karar hem ykdysadyýetimiziň ösüşine uly täsirini ýetirer. Sebäbi guşçulyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, öňi bilen, ot-iým üpjünçiligine bagly bolup durýar. Guşçulykdaky önüm öndürijilere ot-iým ýetişdirmek üçin ýerleriň bölünip berilmegi pudagy täze ösüşleriň derejesine çykarýar. Häzirki wagtda welaýatymyzda idedilýän guşlaryň sany 138 müň 800-e golaýlaýar. Şolardan şu ýylyň başyndan bäri 71 tonna golaý et, 2 milliard 764 million 300 müň sanydan gowrak ýumurtga öndürildi. Şonça ýumurtganyň 1 milliard 677 sanysy welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň kömekçi hojalyklarynyň guşçulyk toplumlarynda öndürildi. Welaýatymyzda guşçulyk önümlerini öndürmek bilen «Atamyrat-Ali», «Eşret» ýaly daýhan hojalyklary, hususy kärhanalaryň 4-si, telekeçileriň hem onlarçasy meşgullanýar. «Atamyrat-Ali» daýhan hojalygy, esasan, guş etini öndürmäge ýöriteleşdirilendir. «Eşret» daýhan hojalygynda şu ýylyň başyndan bäri öndürilen ýumurtga 877 müň 520-den geçdi. Ýekebara telekeçileriň güýji bilen şu ýylyň başyndan bäri 136 müňden gowrak ýumurtga öndürildi. Jorakuly Hemraýew, Bagtyýar Açylow, Arslan Towçaýew ýaly telekeçiler bu ugurda iş tejribelerini baýlaşdyrýarlar.  

                                                                   

Görnüşi ýaly, telekeçiler welaýatymyzyň ilatynyň guş etine hem-de ýumurtga bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Pudakda önüm öndürijileriň ekerançylyk ýerleri bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy olaryň önüm öndürijiligini ýene-de ýokarlandyrar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary diňe hususy önüm öndürijileriň däl, eýsem, önüm öndürijileriň ählisiniň işe bolan höwesini artdyryp, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. 

                                                                   

Içerki bazarlarda önüm bolçulygyny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge we olaryň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmaga degişli düýpli işleriň ýaýbaňlandyrylmagy il-ýurduň bähbidinedir. Içerki bazardaky bolçulyk ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem berkidýär.   

                                                                                                           

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

                       

ýörite habarçymyz.  Surata düşüren Merdan ORAZOW.

09.06.2022
Hyz­mat­daş­lyk we dost­luk ýol­la­ry

Ýol­lar öý bi­len öýi, halk bi­len hal­ky ýa­kyn­laş­dyr­ýar. Yn­san öm­ri, ne­sil do­wa­ma­ty ýol­lar­da be­re­ket tap­ýar. Ýol, ru­hy nuk­daý­na­zar­dan bol­şy ýa­ly, geog­ra­fik jä­het­den-de dost­luk, pa­ra­hat­çy­lyk, ag­zy­bir­lik ýa­ly dü­şün­je­le­ri özün­de jem­le­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýol dü­şün­je­si has-da gi­ňe­di: bu gün dün­ýä­de söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gyn­da ýol­la­ra, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň örän jaý­dar nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi­dir. Şo­ňa gö­rä-de, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň amat­ly çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Türk­me­nis­ta­nyň ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek ba­bat­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Bu bol­sa bi­ziň ýur­du­my­zyň çä­gin­de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li de­mir, aw­to­mo­bil, de­ňiz we der­ýa, ho­wa ýol­la­ry bo­ýun­ça döw­re­bap üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni hem-de lo­gis­tik mer­kez­le­ri eme­le ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da aw­tou­lag, de­mir ýol we de­ňiz gat­naw­la­ry­ny ulan­mak bi­len, De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta, Gün­ba­tar — Gün­do­gar ugur­la­ry bo­ýun­ça ulag ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň gel­je­gi esas­lan­dy­ry­lyp, Ýu­waş um­ma­nyn­dan Ha­zar we Ga­ra de­ňiz­le­ri­ne çen­li, Ýew­ro­pa yk­ly­my­nyň de­mir­ga­zy­gyn­dan Hin­di um­ma­ny­na çen­li uly gi­ňiş­li­gi bir­leş­di­rip bil­jek ulag halkasy dö­re­dil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň dur­nuk­ly ulag sy­ýa­sa­ty dün­ýä­de uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Hut türk­men döw­le­ti­niň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2014-nji ýyl­da «Dur­nuk­ly ösüş üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek­de ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riniň or­ny», 2015-nji ýyl­da «Dur­nuk­ly kö­pu­gur­ly ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­riniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýyl­da «Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bi­len bag­ly­lyk­da ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek», 2021-nji ýyl­da «Ko­ro­na­wi­rus ke­se­li­niň (COVID-19) pan­de­mi­ýa­sy we on­dan soň­ky dö­wür­de dur­nuk­ly ösüş üçin üz­nük­siz we yg­ty­bar­ly hal­ka­ra ýük da­şa­ma­la­ry üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­lar ka­bul edil­di. Şeý­le-de 2011-nji ýyl­da Öz­be­gis­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran — Oman — Ka­tar ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek ba­ra­da Aş­ga­bat Yla­la­şy­gy­na, 2018-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gru­zi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň hem-de Ow­ga­nys­ta­nyň ara­syn­da hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça bäş­ta­rap­la­ýyn Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. BMG-niň Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty 2016-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di. Bu fo­rum dur­nuk­ly ösü­şiň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de hal­ka­ra ulag ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ryň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­di. 

                                                                   

Ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, bu ba­bat­da se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ýer­lik­li peý­da­lan­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň 2021-nji ýy­lyň 6-njy aw­gus­tyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len üçün­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyn­da, şol ýy­lyň no­ýabr aýyn­da tür­ki dil­li döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Stam­bul sam­mi­tin­de, şeý­le-de no­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len 15-nji sam­mi­tin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan we yla­la­şy­lan esa­sy me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da bol­dy. Bu ýag­daý­lar we ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy, ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ulag ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan hal­ka­ra, şeý­le-de mil­li de­re­je­dä­ki tas­la­ma­la­ryň dün­ýä­niň ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek üçin ne­neň­si der­wa­ýys­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar. 

                                                                   

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­nyň 14-nji ýan­wa­ryn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy» tas­syk­la­ny­lyp, on­da stra­te­gik taý­dan äh­mi­ýet­li çä­re­ler göz öňün­de tu­tuldy. Olar, hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň we hal­ka­ra ulag hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek­den; hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, şol san­da BMG hem-de onuň se­bit­le­ýin ko­mis­si­ýa­la­ry, ýag­ny Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy, Azi­ýa — Ýu­waş um­ma­n se­bi­ti üçin Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ko­mis­si­ýa­sy, şeý­le-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra ulag we lo­gis­tik gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gin­den; Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa — Kaw­kaz — Azi­ýa hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si (TRACEKA) Hö­kü­me­ta­ra ko­mis­si­ýa­sy­na go­şu­lyş­ma­gy bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mek­den, bu ugur bo­ýun­ça üs­ta­şyr ulag ýol­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­den geç­me­gi­ni ga­zan­mak­dan; ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ulag pu­da­gy­ny san­ly ul­ga­ma ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak­dan; ba­dal­ga ber­len iri hal­ka­ra we se­bi­ta­ra tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak we ola­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da iş­le­ri ge­çir­mek­den yba­rat­dyr. 

                                                                   

Hä­zir­ki za­man üs­ta­şyr ulag dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek ýur­du­myz­da ile­ri tu­tul­ýan stra­te­gik we­zi­pe ha­sap­lan­ýar. Türk­me­nis­tan ulag ul­ga­myn­da giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, äh­li ýurt­la­ryň we halk­la­ryň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len çäk­len­me­ýär, bu baş­lan­gyç­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ne­ti­je­li çä­re­le­ri hem gör­ýär. Biz mu­ňa şu ýy­lyň 1 — 4-nji ap­re­lin­de Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ram Nath Ko­win­diň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len türk­men-hin­di gep­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň my­sa­lyn­da hem aý­dyň göz ýe­tir­dik. Iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri hin­di de­ňiz ter­mi­nal­la­ry­na bar­ýan Ýew­ra­zi­ýa ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça yla­laş­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ça­ba­har we Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra deňiz port­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da gö­ni gep­le­şik­le­ri gu­ra­mak, şeý­le hem BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da se­bi­ta­ra ulag gat­naw­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­ny dö­ret­mek ýa­ly baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zy hal­ka­ra ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa dü­zü­mi­ne goş­mak üçin oňyn şert­le­ri üp­jün eder. 

                                                                   

Bil­şi­miz ýa­ly, şu ýy­lyň mart aýyn­da ka­bul edi­len «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­ny gel­jek 30 ýyl­da ös­dür­me­giň hem ugur­la­ry kes­git­len­ýär. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, or­ta möh­let­le­ýin dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm bö­le­gi bo­lup du­ran ulag-lo­gis­tik, ara­gat­na­şyk we mag­lu­mat­ teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­gam­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň do­wam et­di­ril­me­gi, dün­ýä yk­dy­sa­dy ul­ga­my­na ne­ti­je­li ara­laş­ma­gyň tä­ze stra­te­gik ugur­la­ry­nyň kes­git­len­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ulag-lo­gis­tik ul­ga­my yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm bö­le­gi bol­mak bi­len, dün­ýä­niň se­bit­le­ri­ni we yk­lym­la­ry­ny bir­leş­di­ri­ji güý­je öw­rül­ýär. Şun­da ýur­du­my­zyň geog­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­le­şi­şi­ni, müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­ma­gyň ha­sa­by­na mil­li ösü­şi üp­jün et­mek­de ze­rur bo­lan geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy bäh­bit­ler hem öňe sü­rül­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de Türk­me­nis­ta­nyň iň döw­re­bap ulag-üs­ta­şyr lo­gis­tik dü­zü­mi­ni çalt ke­ma­la ge­tir­mek ba­ba­tyn­da, şeý­le hem Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan di­kelt­mek bo­ýun­ça gel­jek ýyl­lar­da ädil­jek ädim­ler di­ňe bir mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne däl-de, eý­sem, se­bi­tiň we dün­ýä­niň ösü­şi­ne-de goşmaça iter­gi be­rer. 

                                                                   

Ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan döw­let­li iş­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýär. Ul­ga­myň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­ma­gy, ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň hyz­ma­ty gün­sa­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz «Öm­rü­miň man­ysy» at­ly tä­ze ki­ta­byn­da ulag­la­ryň gör­nüş­le­ri, dost-do­gan­lyk ýol­la­ry­nyň çe­kil­me­gi, ola­ryň hä­si­ýet­na­ma­la­ry ha­kyn­da hem söh­bet aç­mak bi­len, dün­ýä­de ula­gyň il­kin­ji gör­nüş­le­ri­niň ýü­ze çyk­ma­gyn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bi­ti­ren hyz­ma­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Ki­tap­da bu ba­ra­da şeý­le ýa­zyl­ýar: «Mun­dan müň­ler­çe ýyl­lar ozal öz be­dew­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek bi­len ata-ba­ba­la­ry­myz dün­ýä­niň iň ýyn­dam ula­gy­ny dö­re­dip­dir­ler! Dün­ýä­niň iň naý­ba­şy, iň kä­mil, iň amat­ly, iň ra­hat, iň gö­zel ula­gy­ny!.. Şu gün­ki dün­ýä­de ýa­şap, şu gü­nüň ulag­la­ryn­dan, beý­le­ki dür­li teh­ni­ka­la­ryn­dan peý­da­lan­maz­ly­gyň müm­kin däl­di­gi hem düş­nük­li­dir. El­bet­de, bu eý­ýäm bir­ne­me baş­ga gür­rüň we şol bir wag­tyň özün­de be­dew at bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýaň­ky aý­dan­la­rym­dan ga­ty bir aý­ry­baş­ga gür­rüň hem däl. Me­niň ulag­la­ra bo­lan bu ga­raý­şym ola­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, we­lo­si­ped­den baş­lap, uçar­la­ra çen­li — ýer­de, suw­da, ho­wa­da ýö­re­ýän dür­li ulag­la­ry sü­rüp gör­mek, ola­ry do­lan­dyr­mak ba­şar­ny­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek is­le­gi­mi dö­red­ýär». 

                                                                   

Şeý­le­lik­de, «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» gür­rü­ňi edil­ýän ugur­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. 

                                                                                                           

My­rat NUR­MÄM­ME­DOW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.

08.06.2022
Ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek döw­let äh­mi­ýet­li we­zi­pedir

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, pu­da­ga hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň we san­ly ul­ga­myň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry art­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de top­lu­myň eks­port kuw­wa­ty pug­ta­lan­ýar. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň has-da ös­me­gin­de, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň içer­ki ba­zar­la­ryn­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan önüm ön­dü­ri­ji­le­re gol­daw ber­mek hem-de guş eti­niň we ýu­murt­ga­nyň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li res­mi­na­ma gol çek­me­gi ta­ry­hy äh­mi­ýet­li çöz­gü­de öw­rül­di. De­giş­li Ka­ra­ra la­ýyk­lyk­da, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan önüm ön­dü­ri­ji­le­ri üp­jün et­mek üçin 2022-nji ýyl­da 20 müň gek­tar meý­da­na iým­lik mek­ge­jö­wen, 2 müň gek­ta­ra so­ýa we 40 müň gek­ta­ra iým­lik bug­daý ek­mek we ola­ryň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Şeý­le-de iým­lik mek­ge­jö­we­niň, so­ýa­nyň we bug­da­ýyň ekil­ýän meý­dan­la­ry­nyň we­la­ýat­lar hem-de et­rap­lar bo­ýun­ça ýer­leş­di­ri­li­şi­ni, ola­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­jek kä­ren­de­çi­le­riň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň we ýer eýe­le­ri­niň sa­na­wy­ny kes­git­läp, şol bir wag­tyň özün­de iým­lik dä­ne ön­dü­ri­ji­le­ri, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar hem-de teh­ni­ki hyz­mat­lar, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň su­wa­ryş su­wy, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň bol­sa mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len ze­rur möç­ber­de we anyk möh­let­de üp­jün et­me­gi bel­le­nil­di. 

                                                                   

Oba zäh­met­keş­le­ri­ni we önüm ön­dü­ri­ji­le­ri mun­dan beý­läk-de zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ruh­lan­dy­ran bu çöz­gü­diň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň eks­port kuw­wa­ty­nyň has-da art­ma­gy­na ýar­dam be­rer. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan we “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen asyl­ly şy­ga­ry baş ýö­rel­ge edin­ýän dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­tyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan çe­me­leş­me­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, oba ho­ja­ly­gy­na öň­de­ba­ry­jy san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, önüm ön­dü­ri­ji­le­re, şol san­da ýer eýe­le­ri­ne gol­daw ber­mek we oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de ýer­den alyn­ýan ha­sy­lyň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga, önüm ön­dü­ri­ji­le­ri ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, dö­kün­ler bi­len üp­jün et­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň kuw­wat­ly oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry daý­han­la­ryň hyz­ma­tyn­da. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne, azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan oba ho­ja­ly­gyn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li öz­leş­dir­mä­ge örän jo­gap­kär­çi­lik­li, hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da çe­me­le­şil­ýär. Bu bol­sa al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýer­ler­de eke­ran­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýer­li top­rak-ho­wa şert­le­ri na­za­ra al­nyp, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň usul­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Şun­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny we ilat­ly ýer­le­ri­ni suw bi­len üp­jün et­me­gi go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­si­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

Oba­se­na­gat top­lu­my­na hä­zir­ki za­ma­nyň tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, bu ugur­da te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mä­ge hem-de hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň iş ne­ti­je­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Pu­da­ga hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, san­ly ul­ga­myň we işi ýö­ret­me­giň döw­re­bap usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­da, to­hum­çy­lyk işi­ni yl­my esas­da kä­mil­leş­dir­mek­de, şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li ulan­mak, ekin ekil­ýän ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak we top­ra­gyň şor­laş­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek iş­le­ri hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de suw aka­ba­la­ry­ny, zeý­keş ul­gam­la­ry­ny bel­le­ni­len möh­let­de aras­sa­la­mak wa­jyp we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Go­wa­ça­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Daý­han­la­ryň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Şun­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da daý­han­la­ryň ýar­dam­çy­la­ry bo­lan kuw­wat­ly teh­ni­ka­lar ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ila­ty­my­zy ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ýe­ral­ma, gök-bak­ja we beý­le­ki azyk­lyk oba ho­ja­lyk ekin­le­ri bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­ler ge­çi­ril­ýär. We­la­ýat­lar­da bu ekin­le­riň meý­da­ny­ny gi­ňelt­mek hem-de ola­ryň ekil­jek ýer­le­ri­ni kes­git­le­mek, kä­ren­de­çi­le­riň ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. 

                                                                   

Mal­lar­dan alyn­ýan önüm­le­riň muk­da­ry­ny we gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak, ýur­du­myz­da guş­çu­lyk top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, mal­dar­çy­lyk, şol san­da guş­çu­lyk top­lu­my­nyň ot-iým bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin ze­rur iş­ler tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şun­da önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mä­ge mö­hüm orun de­giş­li­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň çalt dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne ýa­kyn­dan üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da eke­ran­çy­la­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär, ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Mu­nuň özi ekin­le­re ag­ro­teh­ni­ka­nyň äh­li ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek esa­syn­da göw­ne­jaý ideg et­mä­ge, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly tiz hem-de ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­ny bö­lüp ber­mek ka­ra­ry­na ge­len­di­gi­ni aýt­dy. Mu­nuň özi hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dy­ryp, tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ruh­lan­dyr­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hö­kü­me­tiň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň ila­ty üçin ze­rur azyk ha­ryt­la­ry­ny sa­tyn al­mak mak­sa­dy bi­len, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne hem 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­dä­ki pul se­riş­de­le­ri­niň gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bu çöz­güt Di­ýa­ry­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da guş eti­niň we ýu­murt­ga­nyň, esa­san, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şeý­le­lik­de, hu­su­sy ul­ga­myň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny tap­gyr­la­ýyn art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li iým­lik bin­ýa­dyň dö­re­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu bol­sa ila­tyň guş eti­ne hem-de ýu­murt­ga bo­lan is­leg­le­ri­niň do­ly ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gyn­da der­wa­ýys orun eýe­le­ýär. Bu ta­ry­hy çöz­güt dün­ýä­de eme­le ge­len hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly ýag­da­ýy na­za­ra ala­nyň­da, aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Çün­ki luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, adam­la­ryň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy sag­dyn iý­mit­len­mek bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mek üçin de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­me­gi­niň mak­sa­dy­nyň ila­ty­my­zyň ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gik taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri­ne is­le­gi­niň do­ly ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi döw­let de­re­je­sin­de ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­riň, be­ýik tu­tum­la­ryň we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň äh­li ba­bat­da hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni na­zar­la­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dyr. 

                                                                                                           

(TDH)

08.06.2022