Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary we ulgamlary täze eýýamymyzyň belent ruhunda ösýär, özgerýär. Milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi innowasion işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de iň gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagyna, ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyndan netijeli peýdalanylmagyna giň ýol açýar.
Ykdysady ösüşi innowasiýa tarap gönükdirmek esasynda ýurdumyz halkara zähmet bölünişiginde özüne degişli orny has ynamly eýeleýär, dünýä bazaryna islegli önümlerini çykarmakda tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýar. Munuň özi dünýä bazarynda geljekde ýene-de ýurdumyza durnukly orny we ýokary girdejileri üpjün eder. Bu bolsa milli pulumyzyň we ykdysady ösüşlerimiziň has durnukly bolmagyna ýardam berýär. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary derejede — 6 göterimden hem gowrak möçberde saklanylmagy örän işjeň ulanylýan ykdysady usullaryň oňyn täsiridir. Ýurdumyzda häzirki wagtda senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Umumy bahasy ençeme milliard amerikan dollaryna barabar bolan iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygy kuwwatly ykdysadyýetimiziň mümkinçilikleriniň çäginiň örän giňdigine şaýatlyk edýär.
Ykdysadyýetdäki gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlaryň ykdysady-durmuş taýdan ösüşlerine hem uly itergi berýär, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar, halkyň ýaşaýşyny täze derejelere göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň gurduran döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalarynyň uly topary il-ýurdumyzyň bähbidine öndürijilikli işledilýär. Bu kärhanalarda çig malyň senagat taýdan işlenilmeginiň netijeli ýola goýulmagy ykdysady girdejileriň artmagyny üpjün edýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyplylygy has ýokarlandy. Meselem, tebigy gazdan sintetik ýangyjy öndürmekde dünýä boýunça alanyňda, ilkinji uly möçberli taslama durmuşa geçirildi, eýýäm ep-esli wagtdan bäri EURO-5 standartyna laýyk gelýän EKO-93 benzini dünýä bazaryna çykarylýar. Türkmenistan kompýuter tehnologiýalarynyň önümçiligine hem ynamly goşuldy. Senagat taýdan täze önümçilikleriň sany ýene-de artýar. Welaýatymyzyň çäginde täze zawod-fabrikler gurulýar. Köýten sebitinde çig mal potensialynyň baý goruny peýdalanmaga gönükdirilen işler ýaýbaňlandyrylýar. Sebitde kuwwaty ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge barabar bolan «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrdakysynyň gurluşygy depginli dowam etdirilýär. Keramiki-bezeg plitalaryny öndürmäge niýetlenilen hususy eýeçilikdäki kiçi zawodlaryň we beýleki ownukly-irili kiçi kärhanalaryň birnäçesi öz önümleri bilen ilaty begendirýär.
Ykdysadyýetdäki ösüşleriň täze ýylda hem giňden ýaýbaňlanmagy ugrunda Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy hereket edýär. Bu ugur hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin kabul edilen esasy maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetinde hem beýanyny tapdy. Üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly depginler bilen ösmeginiň netijesinde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarda 6,5 göterime çenli derejede emele gelmegi ynamly çaklanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň pugta esaslarynyň hereket edýändigi örän begendirijidir. Bu ösüşler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esaslaryny hem mäkäm berkidýär. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak ýaly ugurlaryň rowaçlanmagy bu gün milli ykdysadyýetimiziň tapawutlandyryjy häsiýetine öwrülýär.
Kerim MEREDOW,
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.