Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän eziz Watanymyz baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda maksatnamalaýyn işleri toplumlaýyn esasda durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýän wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilendir. Milli ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan giň möçberli wezipelere laýyklykda, daşary ýurt maýadarlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňden ösdürilýär.
Ýurdumyzyň içerki bazaryny özümizde öndürilýän ýokary hilli önümler bilen doly üpjün etmek boýunça täze senagat pudaklarynyň sany barha artýar, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap kärhanalaryň kuwwaty artdyrylýar. Olaryň hatarynda polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyny, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawody görkezmek bolar. Ahal welaýatyndaky bu kärhana dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň degişli güwänamalaryna mynasyp boldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça köpugurly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümiň — B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy barada hem hoş habar berildi.
Bu Hökümet mejlisinde ýurtda harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu işi halkara tejribä laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek göz öňünde tutulýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bu döwürde nebitgaz toplumyna iri möçberli dürli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda pes dykyzlykly polietilen, izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfatyny öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Bu döwrebap toplumlarda işlejek ýaş hünärmenleri taýýarlamak işleri hem ýokary derejede gurnalýandygy guwandyryjydyr.
Häzirki zaman ýerli senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Ýagmyr KAKABAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.