Yhlasly zähmetiň miwesi

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda birnäçe döwrebap önümçilik, dokma kärhanalary hereket edýär. Bu kärhanalaryň önjeýli işledilmegi bilen halkymyzyň diňe bir tikin önümlerine bolan islegleri doly kanagatlandyrylman, eýsem, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdarynyň hem artmagyna getirýär. Şeýle kärhanalaryň hatarynda Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabrigini görkezmek bolar. Fabrikde tikilýän dürli görnüşli, ýokary hilli önümler halkymyzyň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýar. Munuň şeýledigine biz tikin fabriginiň önümçilik bölüminiň başlygy Gülsere Seýilhanowa bilen söhbetdeş bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Ol geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kärhana boýunça 19694892 manatlyk iş edilip, bellenilen meýilnamanyň 181,1 göterim ýerine ýetirilendigini gürrüň berdi. 

                                                                   

Kärhanada tikilýän dürli görnüşli önümleriň matalary ýurdumyzda ýetişdirilýän pagta hasylynyň önümi bolup, özüniň ýokary hilliligi, arassalygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem bu önümler alyjylarda ýakymlylygy we elýeterligi bilen uly gyzyklanma döredýär. Öndürilýän önümleriň 100-den gowrak görnüşi bolup, häzirki wagtda olaryň aglaba bölegi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite tikilen eşiklerden ybaratdyr. Şeýle-de tikin fabriginde bölek satuw üçin, uly ýaşdaky adamlara hem-de çagalara niýetlenen dürli görnüşli eşikler, ýörite işçi geýimleri, pamykly ýorgan, düşek, ýassyk önümleri hem-de olaryň daşlyklary, saglygy goraýyş işgärleri üçin halatlar we başgaplar, sport egin-eşikleri tikilýär. Tikin fabriginde ilata hödürlenýän önümler milliligi, biçüw aýratynlyklary, döwrebaplygy bilen has tapawutlanýar.  

                                                                   

Tikin fabriginde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tikin maşynlary bolup, olara öz işleriniň ussatlary bolan tikinçiler ezberlik bilen erk edýärler. Olaryň hatarynda Maýsa Nurjanowany, Jeren Toýlyýewany, Oguljahan Amanbaýewany, Suraý Atajanowany, Nurjemal Öwezowany görkezmek bolar. Bu ýerde işleýän tikinçilerdir biçüwçileriň, işçi-hünärmenleriň agzybirlikli zähmeti netijesinde öndürilýän önümlere bolan isleg günsaýyn artýar. Olar şeýle hyjuw hem-de zähmetsöýerlik bilen ýokary hilli, täze görnüşli önümleri öndürip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzy zähmet üstünliklerine besläp, halkymyzyň bu önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar. 

                                                                                                           

Raziýa GAÝYPJANOWA,

                       

«Daşoguz habarlary».