Hormatly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, aýdym-saz sungatynda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda halkara sungat festiwallarynyň we konsertleriň yzygiderli geçirilmegi dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, parahatçylygy we abadançylygy has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatyny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde, dünýä halklarynyň milli aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmakda bu halkara festiwala we maslahata aýratyn orun degişlidir.
Türkmen milli dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bagtyýar halkymyzy tüýs ýürekden buýsandyrdy. Türkmen topragy milli aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetiren halypalaryň mekanydyr. Olaryň ussatlyk ýoly häzirki wagtda-da halypa-şägirtlik ýoly arkaly dowam etdirilýär. Milli aýdym-sazlar göwünleri, kalplary birleşdirýär, medeni gatnaşyklar halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Joşgunly aýdym-sazlar halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, milli aýratynlyklaryny çeper beýan edýär. Aýdym haýsy dilde ýerine ýetirilse-de, sungatyň güýji ýüreklerde dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylyga söýgi döredýär. Dünýä halklarynyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-saz sungaty diňe täze sepgitlere ýetmek arkaly müdimilige eýe bolýar. Siziň kalbyňyzdan joşup çykýan şirin owazly aýdym-sazlar Ýer ýüzünde bagtyýarlygyň, abadançylygyň belent waspyna öwrülmelidir. Adamlary ruhlandyryp, geljege ynamyny has-da berkitmelidir. Ynsan kalbyna ylham berýän sungat parahatçylygyň aýdymyny aýdyp, bagtyýarlygyň waspyny edende, belent derejä göterilýär we parahatçylygyň, dost-doganlygyň gymmaty dünýä ýaýylýar.
Hormatly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi sungatyň dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigini aýan edýär. Türkmen sungatynyň dünýä ýaýylmagy, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda halkara sungat festiwallarynyň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi, şonuň ýaly-da, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara çärelere sungat ussatlarymyzyň gatnaşmaklary halkymyzyň sungata bolan sarpasynyň belentdigini aýdyň görkezýär. Hoş owazly aýdym-sazlar ynsan göwnüniň ganaty bolmak bilen, adamlaryň ruhunyň kämil bolmagyna oňyn ýardam edýär. «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň, gülledip ösdürmegiň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek subut edýär.
«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde geçiriljek konsertleriň, halkara maslahatyň, döredijilik duşuşyklarynyň we ussatlyk sapaklarynyň bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyna, siziň her biriňiziň halkara festiwalyň we maslahatyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza pugta ynanýaryn.
Hormatly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylar!
Siziň ähliňizi «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, aýdym-saz äleminde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.