Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda, ylaýta-da, gazylyp alynýan mineral serişdeleri rejeli, toplumlaýyn hem-de daşky gurşawa zyýansyz ulanmaklyga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz mineral baýlyklaryň görnüşleri we gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şol baýlyklaryň biri-de himiýa gidromineral çig mal serişdeleri bolan ýerasty ýokary minerallaşan ýodbrom, nebitgaz ugurdaş suwlar we Garabogazyň şerebeleridir. Häzirki wagtda bu baýlyklar boýunça Hazaryň, Balkanabadyň, Berekediň ýod öndürýän zawodlary we «Garabogazsulfat» kombinaty iş alyp barýar. Aslynda, GDA ýurtlary boýunça ýod gorlarynyň 40 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Her ýyl tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilýär. Ýakyn geljekde täze açylan ýodbrom känleriniň — Çukurguýy, Guýular, Gögerendag — Garadaşly, Inderlen we beýlekileriň özleşdirilmegi bilen, ýoduň öndürilişi ep-esli artdyrylar.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, gidromineral çig malynyň esasynda mineral duzlaryň dürli görnüşini, ýod we ondan alynýan önümleriň öndürilişini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýerasty senagat suwlarynda ýod bilen bromdan başga-da, litiý, bor, stronsiý, rubidiý ýaly gymmat bahaly seýrek elementler bar. Hususan-da, dünýä möçberindäki ýerasty suwlarda litiniň umumy gorlarynyň 65, stronsiniň 24, bromuň 80 göterimi ýerleşýär diýlip çaklanýar. Tebigatda örän seýrek duş gelýän bu elementleriň elektronikada, radiotehnikada, lazer, kosmos tehnikasynda ulanylyşy barha artýar. Şeýle elementleriň gaty magdan gorlarynyň barha azalmagy sebäpli, olary ýerasty suwlardan almaga üns berilýär. Ýerasty, aýratyn-da, guýulardan nebit we gaz bilen bilelikde çykýan ugurdaş suwlary rejeli we daşky gurşawa zyýansyz ulanmak ykdysady hem ekologik taýdan iň derwaýys meseleleriň biri hasaplanýar. Çünki ugurdaş suwlaryň hili, mukdary we olary gaýtadan işlemegiň tehnologik usullary heniz ýeterlik öwrenilmedik meseledir. 2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda nebitgaz toplumynyň jogapkär ýolbaşçylary bilen bu babatda alnyp barylýan işlere bagyşlanan ýörite döwlet maslahaty geçirildi. Onda toplumyň ýolbaşçylarynyň durmuşa geçirýän işleriniň netijelerine garaldy. Toplumyň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. Şonda seýrek duş gelýän gymmat bahaly metallary gözlemek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek we senagat taýdan baý ýataklary kesgitlemek, nebit we gaz guýularyndan akyp gelýän, düzüminde ýod we brom köp bolan suwlardan önüm öndürmegi ýola goýmak, öndüriljek bu önümleriň içerki sarp edijilerden artýan bölegini daşarky bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerini öwrenmek babatda anyk wezipeler kesgitlendi. «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernlerine ekologiýa meselelerine aýratyn üns bermek tabşyryldy. Hususan-da, nebitgaz guýularyndan çykýan ugurdaş suwlary yzyna — ýer astyna goýbermegiň, olaryň düzümindäki peýdaly minerallary almagyň usullaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak alymlaryň öňünde derwaýys mesele hökmünde goýuldy. Nebit çykarylanda, önümli gatlaklaryň suwlanmasy iň esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ulanyş guýulary arkaly önümli gatlaklardan orta hasap bilen 20 göterim nebit we 80 göterim suw çykarylyp, muňa «nebit ugurdaş suwlar» diýilýär. Dünýä tejribesinde bilermenleriň çaklamalaryna görä, ulanyşa berlen ýataklarda ortaça 50 göterim nebit we şonça-da suw bolýar. Önümiň suwlanmasy 90 — 95 göterime ýetende, ulanyş işi köp halatda öz ähmiýetini ýitirýär. Şonuň üçin guýy suwlananda, önümiň suwlanmasyny azaltmak, gatlak suwlaryny çäklendirmek işleri geçirilýär. Munuň üçin her bir guýuda ýylyň dowamynda birnäçe gezek düýpli we ýeňil abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Nebit ugurdaş suwlar iş ýüzünde tebigy duz erginleridir. Nebit çykarylýan guýularyň ugurdaş suwlarynyň emulsiýasynda 0,8÷4,0 mg/l töweregi naften kislotalary saklanýar. Tebigy gaz ýataklarynyň golaýyndaky ýataklarda bolsa organiki azot birleşmeleri agdyklyk edip, naften kislotalary 0,2÷0,6 mg/l töweregidir. Suwlaryň mineral düzümi, esasan, natriniň, kalsiniň, magniniň hloridlerinden we ýokarda getirilen gymmatly seýrek elementlerden durýar. Olaryň duzlulygy bir litrde onlarça, käte ýüzlerçe grama barabardyr. Senagat taýdan özleşdirmek üçin amatly bu suwlarda seýrek elementleriň mukdary-da ýokarydyr.
Ugurdaş suwlaryň senagat taýdan rejeli ulanylmagy diňe ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologik babatda-da uly ähmiýete eýedir. Sebäbi olardaky käbir zyýanly elementleriň mukdary sanitariýa taýdan ýol berilýän aňryçäk mukdardan ep-esli ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, ýodbrom suwlaryndan GDA ýurtlarynda häzire çenli diňe ýod we brom öndürilýär. Diňe ABŞ, Ýaponiýa, Italiýa, Germaniýa we beýleki käbir ýurtlarda ýerasty suwlardan litiý, bor, rubidiý, zesiý, germaniý metallaryny almak senagat taýdan özleşdirilendir. Bu suwlar mugt çig mal çeşmesi bolup durýar. Olardan alynýan önümleriň özüne düşýän gymmaty diňe tehnologik işleriň çykdajylary bilen kesgitlenýär.
Ýurdumyzda ýoduň, bromuň, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynyň barha artmagy şeýle suwlaryň häzirkisinden has köp emele gelmegine getirer. Bu bolsa şol suwlary doly, toplumlaýyn we daşky gurşawa zyýansyz ulanmagyň çözgütlerini tapmagyň derwaýysdygyny has artdyrýar. Munuň özi döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Şundan ugur alnyp, bu babatda türkmen himiýaçy alymlarymyz tarapyndan wajyp üstünlikler gazanyldy: hususan-da, dünýä tejribesinde ilkinji gezek ýodbrom suwlaryny açyk howdanlarda bugardyp konsentrirlemek we toplumlaýyn gaýtadan işlemek usulynyň ylmy esaslary we tehnologiýasy işlenip düzüldi. Bu suwlaryň düzümindäki duzlaryň 70 göterimden gowragynyň NaСl-dygy anyklandy we ony haryt hökmünde çykarmagyň usuly işlenip düzüldi. Şonda konsentrirlenen erginde NaСl duzunyň çökýändigi we beýleki gymmatly seýrek elementleriň — litiniň, boruň, stronsiniň hem ýitgisiz baýlaşýandygy we olaryň degişli usullar arkaly çykarylyp bilinjekdigi anyklandy. Işlenip düzülen tehnologik şertlerde synaglardan üstünlikli geçdi we ulanmaga hödürlendi. Bu ugurda oýlap tapyşlaryň ençeme patentleri alyndy. Köp sanly ylmy işler çap edildi. Doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. Şeýlelikde, nebitgaz ugurdaş suwlary hem toplumlaýyn gaýtadan işlemek meselesini çözmek boýunça şu teklipler hödürlenýär: ýurdumyz boýunça emele gelýän nebitgaz suwlarynyň doly himiki düzümini we mukdaryny anyklamak; himiki düzümi we tehniki ykdysady esaslandyrma boýunça suwlaryň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmegiň we olary gaýtadan işlemegiň aşakdaky ýollaryny saýlamak: nebit ugurdaş suwlaryny nebit we organiki maddalardan arassalamak; suwlary gaýtadan işlemek arkaly olardaky maddalary çykaryp almak; nebitgaz suwlaryny gaýtadan işlemekde türkmen alymlary tarapyndan öň ýodbrom suwlary üçin işlenip düzülen we synag edilen tehnologiýa boýunça olary açyk howdanlarda bugardyp konsentrirlemegi we goşmaça önümleri almagy öwrenmek; ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşynyň ösmegi bilen baglylykda, suwlaryň barha köpelýändigini göz öňünde tutup, meseläni çözmek boýunça ylmy we tejribe işlerini dowam etdirmek we ýörite koordinirleýji ylmy-barlag edarasyny bellemek; bu işlere beýleki dahylly pudaklary, ylmy-barlag edaralaryny, ýokary okuw mekdeplerini çekmek; olaryň ýerine ýetirmeli işleri boýunça meýilleşdirilen bitewi maksatnama düzmek.
Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň dünýä belli we egsilmez gidromineral çig mal serişdeleriniň biri-de Garabogazyň şerebeli suwlarydyr. Tebigy duzlaryň bu ajaýyp ýatagy diňe bir özüniň tükeniksiz gorlary bilen däl-de, eýsem, ondaky himiki maddalaryň köpdürlüligi we gymmatlylygy bilen özüne çekýär. Şundan ugur alnyp, onuň baýlyklaryny senagat taýdan özleşdirmek mümkinçilikleri köp ýyllaryň dowamynda himiýaçylar we beýleki hünärmenler tarapyndan öwrenilip gelinýär. Bu suwlar Hazar deňzinden Garabogaz aýlagyna üznüksiz suwlaryň akyp durmagy we olaryň bugarmagy netijesinde emele gelýär. Netijede, bu şerebeleriň düzümindäki ähli makro we mikroelementleriň hem mukdary köpelýär. Şerebeler, esasan, natriniň, magniniň hloridleri we sulfatlary, şeýle hem peýdaly elementler bolan kaliý, brom, bor, seýrek duş gelýän gymmatly aşgar metallar bilen baýlaşýar. Şolaryň esasynda häzirki wagtda «Garabogazsulfat» kombinatynda natriý sulfaty, bişofit, epsomit we başgalar öndürilýär. Bu önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Hususan-da, natriý sulfaty soda, aýna, kagyz, dokma, sabyn, sintetik kir ýuwujy serişdeleri öndürmekde we başga-da köp önümçiliklerde ulanylýar.
Şerebeli suwlar Garabogaz aýlagyna üznüksiz akyp duran Hazar deňziniň suwunyň bugarmagy netijesinde, tebigy şertlerde emele gelýär. Deňizden aýlaga düşýän suwlaryň bugarmagy bilen, onuň duzlulygy barha goýulaşýar. Netijede, şerebeleriň düzümindäki ähli makro we mikroelementleriň mukdary-da köpelýär. Şerebeler, esasan, natriniň, magnininiň hloridleri we sulfatlary, şeýle hem peýdaly elementler bolan kaliý, brom, bor, seýrek duş gelýän gymmatly metallar bilen baýlaşýar. Şeýle bolansoň, bu suwlaryň duzlulygy Hazar deňziniň suwunyňkydan ençeme esse ýokary bolup, olary gorlarynyň hemişe üsti ýetirilip duran himiki çig mal hökmünde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýokarda belleýşimiz ýaly, Garabogazyň şerebelerinden agzalan önümlerden başga-da, ençeme gymmatly himiki önümleri almak mümkin. Munuň üçin bu gidromineral çig maly toplumlaýyn, ýagny hemmetaraplaýyn gaýtadan işlemek maksadalaýykdyr. Çünki şunda halk hojalygy üçin zerur bolan goşmaça kaliý sulfaty, kalimagneziýa, nahar duzy, duz kislotasy, hlor, natriý aşgary, magniniň oksidi, magniý metaly, kükürtli natriý, brom, bor, seýrek duş gelýän aşgar metallar we başga-da köp himiki maddalary öndürmek mümkin. Üstesine-de, şol maddalaryň esasynda olaryň beýleki birleşmelerini, meselem, defoliýantlar, kalsiý bromidi ýaly önümleri alyp bolar. Munuň özi daşky gurşawy, ylaýta-da, Hazar deňzini himiki hapalanmakdan goramakda-da uly ekologik ähmiýete eýe bolar.
Agzalanlardan köp görnüşli mineral çig mallaryň bir bitewi toplum görnüşinde peýdalanylmagy diňe ýeke-täk pudagyň däl-de, eýsem, onuň bilen utgaşykly birnäçe beýleki önümçilikleriň hem döredilmegine mümkinçilik berýär. Sebäbi köp halatlarda bir önümçiligiň zyňyndysy hasaplanýan madda başga bir kärhana üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Üstesine-de, bitewi önümçilik toplumynyň döredilmegi ähli önümçilikler üçin gerekli serişdeleriň we beýleki infrastruktura ulgamyny utgaşdyryp ulanmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, ýerli ilatyň önümçilige işjeň çekilmegine, onuň medeni we hünär, bilim derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Bu meseleleriň üstünlikli çözülmeginde sebitde işe girizilen Uzen — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek — Gürgen halkara demir ýoly uly orun eýelär. Çünki bu demir ýol we suw ýollary arkaly goňşy hem-de alysdaky ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşer. Şeýle-de köpdürli önümçilikleriň döredilmegi ol ýerde gurlan kuwwatly «Garabogazkarbamid» zawody bilen bitewi senagat toplumyny emele getirer.
Halkara ähmiýetli senagat ojaklarynyň döredilmegi häzirki zaman öňdebaryjy tehnikanyň, tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ulanylmagyny talap edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ylmyň we bilimiň ösdürilmegi, has netijeli tehnologiýalaryň işlenip düzülmegi hem-de önümçilige ornaşdyrylmagy, kämil inžener-tehniki hünärmenleriň, ylmy işgärleriň taýýarlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu ugurda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Şeýle çäreleriň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işlerden anyk mysallardyr. Ylym-bilim bilen meşgullanýan alymlaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi, köp sanly talyplaryň ösen ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerine ugradylmagy we beýleki döredilýän şertler kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyny üpjün edýär. Hususan-da, hünärmenleriň himiýa, dag-magdan we beýleki tehniki, tehnologik ugurlar boýunça taýýarlanmagy täze döredilýän senagat önümçilikleri üçin has derwaýysdyr. Şeýlelikde, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, dünýä belli himiýa çig mallarynyň egsilmez hazynasy bolan gidromineral baýlyklary senagat taýdan hemmetaraplaýyn özleşdirmek boýunça döwlet tarapyndan gerimli we toplumlaýyn işler amala aşyrylar.
Hojanepes ÝOWJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.