Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, çalt depginler bilen ösýän döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalardyr başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň netijesinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary tehnologiýaly kärhanalar gurlup işe girizilýär. Şolarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda has-da meşhurdyr.  

                                                                   

«Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyz halkara bileleşikde «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly ýokary hilli harytlary öndürmekde uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarlarynda abraýynyň ýokarlanmagyna, eksport kuwwatynyň artmagyna we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Dünýäde innowasion tehnologiýanyň we sanly ulgamyň ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmekde oňyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda dünýä tejribesiniň subut edişi ýaly, sanly ulgamyň netijesinde işewür we maýa goýum işjeňligi, döwlet hyzmatlarynyň ösüşi üpjün edilýär. Şeýlelikde, häzirki zaman hojalyk gatnaşyklarynda sanly tehnologiýalary ulanýan kärhanalar ykdysadyýeti sanly serişdeler bilen üpjün edip, onuň ösüşiniň daýanç nokady bolup durýarlar. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek baradaky meýilnamalary amala aşyrmak babatda senagat pudagyny ösdürmäge, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýete geçmek esasynda amala aşyrylýan özgertmeleriň oňyn täsiri has-da äşgär görünýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar. 

                                                                   

Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri  tutulýan ugurlarynyň biridir.  Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýip belledi. Bu maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» beýan edildi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hususy pudak hyzmatdaşlygynyň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere giňden çekilmeginiň ähmiýetini yzygiderli nygtaýar. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak, telekeçileri ykdysadyýetde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek, hususy ulgamyň paýyny artdyrmak we ýurdumyzyň ykdysadyýetinde onuň eýeleýän işjeň ornuny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şondan ugur alnyp, häzirki wagtda ylym-bilim durmuşymyzyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Ylmyň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykarýan kämil hünärmenleriň kemala gelmegi döwletimiziň, jemgyýetimiziň ösüşinde aýdyňlygy bilen duýulýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge ünsüň güýçlendirilmegi pudaklaryň ählisiniň uly ösüşlere beslenmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, bu ugurlara düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Bilimlere we innowasiýalara daýanylyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde milli ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar, iri taslamalar durmuşa geçirilmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.  

                                                                   

Halkyň Arkadagly zamanasynda ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

«Esger».