Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda öz ähmiýeti boýunça taryhy sahypany açan şanly wakadan — ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagyndan bäri laýyk bir ýyl geçdi. Halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ildeşlerimiziň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyny peýdalanmak bilen, açyklyk we aýdyňlyk, giň bäsdeşlik esasynda, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler. 

                                                                   

Saýlawlaryň ähli tapgyrynyň açyklyk we demokratik esasda geçirilendigine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we birnäçe ýurtlardan synçylar, köp sanly daşary ýurtly žurnalistler şaýat boldular. Saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçen Prezident saýlawlary türkmen jemgyýetiniň jebisligini we agzybirligini raýatlyk duýgularynyň ýokary derejesini, merdana pederlerimiziň mukaddes däplerine wepalydygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. 

                                                                   

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini gazandy. Munuň özi täze döwlet Baştutanymyzyň uly syýasy abraýyny tassyklady hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryny we başlangyçlaryny halkymyzyň dolulygyna goldaýandygyny görkezdi. 

                                                                   

19-njy martda geçirilen wezipä girişmek dabarasynda Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti bildirilen ýokary ynam üçin minnetdarlygyny beýan edip, Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlaryň hem-de wezipeleriň alyp barjak işinde esasy ugur boljakdygyny belledi. Başga sözler bilen aýdylanda, ösüşiň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ählihalk tarapyndan saýlanan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýbüni tutan esaslaryna daýanyp, oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrýar. Häzirki Türkmenistanyň ähli ýeňişleridir üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky sözlän sözünde belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan esasy ýörelgeler — parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşniýetli erke esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi mundan beýläk-de Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar. Özygtyýarly Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny dowam etdirýär. 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär hem-de köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň we başlangyçly çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna saldamly goşant goşýar. Şol ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan we häzirki wagtda-da üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki maksatnamalar, taslamalar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça kabul eden Kararnamalary munuň subutnamasydyr. Şolaryň soňkusy “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamadyr. Onuň awtordaşy bolup, BMG-ä agza döwletleriň 68-si çykyş etdi. 

                                                                   

Geçen ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlyklygyna hem-de BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy, döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki möhüm duşuşyklara çagyrylmagy ýurdumyzyň barha artýan halkara abraýynyň subutnamasydyr hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň çözülmegine goşýan uly goşandynyň ykrar edilmegidir. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan köp sanly iri halkara guramalar, abraýly sebit düzümleri, daşary ýurt döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. 

                                                                   

Şeýlelikde, ýola goýlan deňhukukly we hoşniýetli dialog Watanymyzyň halkara gatnaşyklarda öňe sürýän täze filosofiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr. Bu filosofiýa örän oýlanyşykly syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme we umumy ykrar edilen adamzat gymmatlyklaryna esaslanýar. 

                                                                   

Döwlet esaslarynyň pugtalandyrylmagy, döwletiň özygtyýarlylygy, halkyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan içeri syýasatymyzyň ileri tutulýan strategik ugurlarydyr. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmagyň ýollary kesgitlenildi we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde toplumlaýyn özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

Haçan-da, maksatlar we meýilnamalar anyk hem-de düşnükli bolup, döwletiň, her bir raýatyň bähbitlerine laýyk gelende, olary durmuşa geçirmek boýunça işler-de sazlaşykly häsiýete eýe bolýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyz halkara we milli derejedäki iri taslamalary amala aşyrmak, täze senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini döretmek, senagat we durmuş maksatly möhüm desgalary, döwrebap şäherleri, obalary gurmak ýoly bilen ynamly öňe barýar. 

                                                                   

Türkmen döwleti käbir ýurtlaryň onlarça ýylda geçen ösüş ýoluny örän gysga wagtda geçip, bu çylşyrymly wezipäniň hötdesinden üstünlikli geldi we has belent sepgitlere ýetmegi maksat edinýär. Hut şonuň üçin-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. 

                                                                   

Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek esasynda milli, pudak we sebit maksatnamalary, tebigy önümçilik we zähmet serişdelerini rejeli peýdalanmak, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglylykda, ykdysady dolandyryşyň netijeli ulgamy kemala getirildi. Ýurdumyzda iri, orta we kiçi tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu bolsa häzirki çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginini saklap gelýän döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam berýär. 

                                                                   

Şunuň bilen bir hatarda, ekologik abadançylygy üpjün etmäge, daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmaga, geljek nesiller üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, olaryň biologik köpdürlüligini baýlaşdyrmaga, tebigy serişdeleri netijeli ulanmaga, bereketli topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň bu ulgamda ýeten sepgitleriniň nobatdaky ykrarnamasy boldy. 

                                                                   

Azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi döwlet ähmiýetli wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu maksat bilen, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça döwrebap önümçilikler döredilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň görnüşleri giňeldilýär, olaryň eksporta ugradylýan möçberi artdyrylýar.  

                                                                   

Pudaklary we döwlet durmuşynyň düzümlerini kämilleşdirmek, bereketli türkmen topragynyň keşbini özgertmek bilen bir hatarda, geçen ýylyň iň wajyp üstünlikleri durmuş ulgamynda gazanyldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hil taýdan ýokarlanmagy, hukuk kepillikleriniň pugtalandyrylmagy, adamlaryň ruhy we döredijilik taýdan işjeňleşmegi, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryny durmuşa geçirmäge ruhlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy halkara tejribäni nazara almak bilen, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen täze ösüş ugurlarynyň başyny başlap, özgertmeleri, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin amala aşyrýar. Munuň özi maddy rowaçlyk, jemgyýetiň ruhy sagdynlygy, her bir raýatyň döredijilik we intellektual işi üçin mümkinçilikler ýaly ugurlary öz içine alýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda medeniýet we sungat ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen halkynyň milli medeni mirasyny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça işler dowam etdirilýär, hususan-da, taryhy-medeni gymmatlyklary we ýadygärlikleri aýawly saklamak, öwrenmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna täze obýektleri girizmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bilim we ylym ulgamlary jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolmak bilen, ýurduň geljegi, onuň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, iri taslamalaryň, milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynda kesgitleýji ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, maksada okgunly, giň gözýetimli, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek, olary dürli hünärler boýunça okatmak üçin edilýän ähli tagallalar Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň kepilidir. 

                                                                   

Ilatyň durmuş we hukuk taýdan goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna hem möhüm ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, talyp haklary we döwlet kömek pullary 10 göterim ýokarlandyryldy. Şunuň bilen birlikde, ilata başga-da durmuş kömegini bermek, köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça çäreler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrýan iş saparlarynyň barşynda ýerlerdäki işleriň ýagdaýy, durmuş we önümçilik maksatly taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen tanyşýar, adamlaryň adaty durmuş aladalary bilen gyzyklanýar. Bu bolsa türkmen döwletinde adama, zähmetkeşe, raýata aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Täze döwlet taglymatynyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen esasy ýörelgesi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň, saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly ilerlemeginiň ygtybarly binýadyny emele getirýär. 

                                                                   

Saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler, toplanan oňyn tejribäniň goralyp saklanmagy we artdyrylmagy, geçen ýylyň dowamynda gazanylan we her birimiziň durmuşynda öz beýanyny tapan üstünliklerdir ýeňişler türkmenistanlylaryň öz saýlan döwlet Baştutanyna — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýokary we çäksiz ynamyny şertlendirýär. 

                                                                                                           

(TDH)