Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda dokma senagatynyň önümçilik kärhanalarynda hem netijeli işler ýola goýlup, yzygiderli ösüşler gazanylýar. Ösüş depgini barha artýan dokma kärhanalarynyň biri-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Halaç etrabyndaky nah ýüplük egriji fabrigidir.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil dokma enjamlary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylan fabrikde, esasan-da, nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär. Önümçiligiň ýola goýulmagy üçin gerek bolan esasy çig mal welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär. Germaniýanyň, Şweýsariýanyň meşhur kompaniýalarynda öndürilen enjamlar arkaly doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu kärhana tüýdüji, daraýjy, lentalaýjy, egriji bölümlerden ybarat bolup, önümçilikde häzirki wagtda 200-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär.
2005-nji ýylda işe girizilen bu fabrige häzirki wagtda Kemal Atakow ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli nah ýüplükler ýurdumyzyň içerki bazarlary bilen bir hatarda Türkiýe, Russiýa Federasiýasy ýaly ýurtlara-da eksport edilýär. Fabrikde geçen 2022-nji ýylda hem nah ýüplükleriň 5 müň 90 tonnasy öndürilip, 60 million 677 müň manatlyk iş edildi, şeýle-de bu döwürde taýýar önümleriň 26 million 452 müň manatlygy eksporta ugradyldy.
Fabrigiň agzybir işçi-hünärmenleri şu ýylyň ýanwar aýyny hem ýokary görkezijiler bilen jemlediler. Has takygy, bu döwürde nah ýüplükleriň 325 tonnasy, pul hasabynda bolsa 4 million 805 müň manatlygy taýýarlanyldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.
Nah ýüplük egriji kärhananyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen işlemeklige ähli mümkinçilikler döredilipdir. Şonuň üçin önümçilik görkezijileri hem ýylsaýyn ýokarlanýar. Fabrigiň zähmetkeşler köpçüliginiň aglabasy ýaş hünärmenlerdir. Olaryň ählisi hem höwes bilen zähmet çekýärler. Işçi-hünärmenlerden Kyýas Hudaýnazarow, Sülgün Joraýewa, Mamajan Allaberdiýewa öňdebaryjylaryň hatarynda tanalyp, fabrikde geçirilýän syýasy jemgyýetçilik işlerine-de işjeň gatnaşýarlar.
Biz, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň işgärleri hem ýygy-ýygydan fabrikde bolup, işçi-hünärmenleriň arasynda dürli ugur boýunça zähmet bäsleşiklerini guraýarys, wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Ýaşlary zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda ähli zerur bolan çäreleri alyp barýarys.
Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.