Maýa goýumlary çekmek — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 3-nji martynda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de daşyndan maýa goýumlary çekmek boýunça zerur çäreleri görmegiň, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Munuň özi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» nebitgaz senagatynyň işini ilerletmek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Häzirki wagtda ähli ösüşleriň badalgasy bolan maýa goýum işjeňligini artdyrmak, daşary ýurt hem-de milli maýa goýum mümkinçiliklerini ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň möhüm pudaklaryna gönükdirmek baradaky tagallalary ýokarlandyrmak döwrüň talabydyr. Şunda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Geosyýasy taýdan amatly ýerleşýän we uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeläp, dürli ugurlara, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir. Şoňa görä-de, döwletimiz bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, daşary ýurt maýa goýumlaryny hem-de tejribeli kompaniýalary işjeň çekmegi ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Türkmenistan dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Şolaryň hatarynda dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmäge, «Bagtyýarlyk» ýatagynyň şertnamalaýyn çäginde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda gözleg işlerini geçirmäge işjeň gatnaşýan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenar ýakasynda eýýäm köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işläp gelýän BAE-niň «Dragon Oil», Malaýziýanyň «Petronas», Italiýanyň «Eni» ýaly meşhur kompaniýalary hem bar. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolsa «Goturdepe» ýatagyndaky gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak we guýulary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary amala aşyrýar. Döwletimiziň daşary ýurt kompaniýalaryna üstünlikli iş alyp barmak üçin ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýändigi, energetika ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi bolsa ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilmegini şertlendirýär. 

                                                                   

Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmekde netijeli hyzmatdaşlyga ýol açjakdygy ikuçsuzdyr. Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara maýa goýumlary çekmek, «Galkynyş» gaz käninde önümçiligi ýokarlandyrmak ulgamynda özara gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologiýa taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly meseleleriň girizilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Çünki agzalan ugurlaryň ählisi ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda-da strategik wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer. 

                                                                                                           

Enejan DURDYMYRADOWA,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.