Habarlar
Sebitleýin ösüş: giň mümkinçilikler, möhüm wezipeler

Balkan welaýaty: 

                                                                   

 9. Geljegi uly dag-magdan önümçiligi 

                                                                   

Türkmenistanyň saýlap alan ykdysady doktrinasynyň baş ugurlarynyň biri ýurdumyzda importyň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak we olaryň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak bilen baglydyr. Prezident Maksatnamasynda ýerli çig mallardan magdan we magdan däl gurluşyk materiallarynyň köp (sement, asbest turbalary, polimer, keramika, gurluşyk aýnasy, alýumin, plastik penjireler, elektrik enjamlar, çyralar, mebel önümleri, boýag reňkleri, gips, suwag serişdeleri we beýlekiler) görnüşini sebitleriň çäginde döredilýän ýörite zolaklarda öndürmäge möhüm orun berilýär. Şeýlelikde, senagat önümçiliginiň gerimi ýyl-ýyldan giňäp, dürli önüm öndürmegiň guramaçylyk usullary we tärleri göwnejaý derejä ýetiriler. Ýakyn ýyllarda Balkan welaýatynyň çäginde şeýle taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi durmuş ulgamynda öňde durýan möhüm meseleleriň tutuş toplumyny netijeli çözmäge mümkinçilik döredýär. Welaýatyň Jebel şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 100 müň tonna ýokary hilli sementi öndürmäge niýetlenen zawody, ýokary hilli keramiki plitalary, magdan däl gurluşyk, asfalt-beton önümlerini, suw syzdyrmaýan izogan materialyny öndürýän zawodlaryň gurluşygyny muňa mysal getirse bolar.  

                                                                   

Welaýatda döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmagyň çäklerinde gurluşyk materiallaryny öndürýän hususy we garyşyk eýeçilik görnüşli kärhanalary döretmek maksat edinilýär. Günbatar welaýatyň Balkanabat we Gyzylarbat şäherlerinde syrça-reňk materiallaryny öndürýän kiçi hususy kärhanalaryň, Türkmenbaşy etrabynda çerepisa we gury gurluşyk materiallarynyň garyndylary, Bereket etrabynda asfalt zawodlarynyň, ýolgurluşyk, inert materiallary öndürýän baýlaşdyryjy kärhananyň, Jebelde ýylylyk geçirmeýän materialy, şeýle-de sanitariýa-faýans önümlerini öndürýän zawodlaryň, beýleki desgalaryň gurluşygyna badalga berler. Ozal hereket edýän birnäçe iri pudak kärhanalarynyň durky düýpli täzelener. Elbetde, ýurdumyzda gurluşyk materiallaryny öndürmekde peýdalanylýan dag-magdan jynslaryna baý tebigy ýataklaryň önümliligini artdyrmakdaky meseleler ýerli kärhanalara ýokary hilli döwrebap tehnologiýalaryň öz wagtynda önümçilige ornaşdyrylmagy bilen çözülýär. 

                                                                   

Bilermenleriň bellemegine görä, Türkmenistanyň çäklerinde gurluşyk senagatynda çig mal hökmünde ýaramly gaty magdanlaryň 200-den gowragy duşýar. Aýratyn hem welaýatyň daglyk we çöllük sebitlerinde olaryň ýataklary has köp hasaplanýar. Sebitde bentonit toýuny, kaolin dag-magdan jynsy ýaly gymmatly çig malyň uly göwrümli gorlary ýerleşýär. Olar irki döwürlerden bäri senagat önümçiliginde peýdalanylýar. Balkanabat şäherinden 40 kilometr çemesi uzaklykdaky Oglanly şäherçesinde ýerleşen bentonit toýun ýatagyndan önümçilik üçin ýylda 100 müň tonna çig mal almaga mümkinçilik bar. Geljekde bu önümhanany ykdysady taýdan has-da ilerletmek göz öňünde tutulýar. Şunda ýatagyň döwrebap önümçilik ösüşini gazanmak, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, dolandyryş-guramaçylyk, pudagiçi utgaşdyrmak meselelerine gaýtadan seretmek, önümiň eksportyny ep-esli artdyrmak ýaly wezipeler ilkinjileriň hatarynda öňe çykýar. Dag-magdan, gurluşyk materiallary senagaty pudaklarynyň depginli ösmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga ýardam edýär.  

                                                                   

Soňky ylmy gözlegleriň netijesinde welaýatda stronsiý magdanlarynyň, magmatik dag jynslarynyň, kerpiçlik palçygyň, granit we örtgülik serişdeleriň, keramzit, silikat, bazalt, çagyl, diwar, bezeg daşlaryň, kaolin, kwars ýaly çägeleriň dürli görnüşiniň, beýleki gymmatly gurluşyk materiallarynyň baý ýataklary ýüze çykaryldy. Ilatyň gündelik durmuşda sarp edýän senagat önümleri bolan elektronika, durmuş tehnikalary, energiýany tygşytlaýjy çyralar, elektrik, santehniki enjamlar, owadan mebeller, gapydyr aýnalar, diwar oboýlary, hojalyk tehnikalary, beýleki gurluşyk harytlary täze döredilen erkin senagat zolaklarynyň çäklerinde ýola goýlan iri önümçiliklerde köpçülikleýin öndürilýär. Munuň özi ýerli bazarlarda sarp ediş islegini doly kanagatlandyrmaga hem-de üýtgewsiz baha elýeterliligini üpjün etmäge pugta şert döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlislerinde welaýatlaryň çäginde geologiýa-gözleg derňewleriniň netijeliligini artdyrmak, iri dag-magdan gorlaryny gözläp tapmak we olary öňdebaryjy usullar arkaly özleşdirmek işlerine baý tejribe toplan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurlygyny yzygiderli nygtaýar. Türkmenistanyň gyradeň sebit ösüşini üpjün etmek syýasaty welaýatda gaýtadan işleýän senagat ugurly aýna, farfor-faýans, hrustal, sement, portlandsement, sozulan armatur, kaolin, gips, boýag-emulsiýa önümlerini öndürýän täze kärhanalaryň esaslandyrylmagy bilen bagly möhüm wezipeleri ileri tutýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» günbatar welaýatyň hojalygynyň durmuş ugurlarynda we önümçilik pudaklarynda ýokary hilli çig mal binýady bolan magmatik dag jynslarynyň baý gorlaryny giňden özleşdirmek bellenildi. Welaýatyň beýik-pesli relýefli günorta-günbatara, ortaklaşan demirgazyga uzaýan degrelerinde o diýen çuň bolmadyk daşly jarlara, dürli reňkli dag gerişlerine, dag-magdan känlerine, gaty örtgülik, timarlaýyş, but daş ojaklara, ýapgyt eňňitli çeşme-çaýly düzlüklerde uçly gara çagyl çykyndylara, gaty magdan çökündili jülgelere has köp gabat gelinýär.  

                                                                   

Welaýatyň etraplarynda gurluşyk önümçiligi senagatynda sementi, kompozit armaturasyny, başga-da kän önümleri öndürmek üçin çagylyň, hek daşynyň, mergelleriň, toýun palçygynyň, gipsiň, argillitiň, çäge-çagyl çökündileriniň baý çig mal ýataklarynyň üsti açyldy we önümçilik möçberi kesgitlenildi. Olardan ykdysady taýdan has ähmiýetlileri Uly Balkan, Balkan, Krasnowodsk, Şagadam, Ufra, Gyzylgaýa, Oglanly ýataklarydyr. Aýratyn-da, relýefi çylşyrymly Türkmenbaşy şäheriniň günbatarynda gabbrodioritlere, diorit we bazalt porfiritlere, Gyzylgaýada kaolin jynsyna baý, geljegi uly ýataklaryň bardygyny dag-magdan inžener-hünärmenleri belleýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bu ýerleriň ýerasty ätiýaçlyk önümhanalary tizden-tiz düýpli öwrenilmäge degişli edildi. Balkan sebitinde magmatik topara degişli bazaltyň iki hili, ýagny üznüksiz hem-de ştapel-emeli sintetik görnüşleri ýüze çykaryldy. Ýurdumyzda hususy taraplaryň gatnaşmagynda üznüksiz bazalt süýümi dokalan we dokalmaýan gurluşyk materiallary önümçiliginde giňden peýdalanylýar. Olardan metal armaturalaryň ornuny tutýan sement betonlary dispers usulda armirlemek üçin ulanylýan kompozit armaturalary öndürmek işleri-de giňden ýola goýulýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2023 — 2025-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Bazalt daşyndan üznüksiz süýümi, şeýle hem ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurmak meseleleriniň üstünde işlenilýär. Bu kärhanada ýylda 10 müň tonna üznüksiz süýümden 9 müň tonna ses we ýylylyk saklaýjy materiallar öndüriler. Şeýle-de kärhana ýakyn ýerleşen ojakda 2028-nji ýyla çenli ýyllyk kuwwaty 2 müň tonna deň bolan mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary hem-de kompozit armaturasyny öndürýän önümçiligiň taslamasyny düzmek hem-de ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak baradaky halkara derejeli meselelere möhüm ähmiýet berýär. Häzirki wagtda hünärmenler tarapyndan täze bazalt we kaolin önümçilik gorlaryna baý ýataklaryň ätiýaçlyk göwrümi doly hasaplanylýar. Olaryň binýadynda gymmat bahaly senagat önümlerini öndürmek üçin daşary ýurtly işewürler bilen bilelikde dag magdan baýlaşdyryjy kombinatlary gurmak boýunça ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilýär. Orta möhletli geljekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalarynyň maýa goýum taslamasyna laýyklykda, Türkmenbaşy etrabynda ozal hereket edýän Kenar bazalt käni önümhanasynda ýyllyk kuwwaty 300 tonna bazalt süýüminden ýylda 29000 m3 gurluşyk materiallaryny öndürýän desgany gurup ulanyşa bermek bellenildi. Balkan welaýaty farfor we faýans, aýna, hrustal we keramika önümçiliginde peýdalanýan kaolin dag jynsynyň uly ýataklary bilenem adygandyr. Iri möçberli şeýle çig mal ýataklary gap-gaç önümçiligine degişli bolan, içerki bazara niýetlenen we eksport ugurly kärhanalaryň ýola goýulmagyna oňyn şert döredýär.  

                                                                   

Ýurdumyzda doly öwrenilmedik känler örän kän bolup, olaryň aglabasy Balkan sebitinde ýerleşýär. Hut şonuň üçin milli ykdysadyýetde sebitiň gaty magdan senagatynyň geljegine ýokary baha berilýär. Şu wagt hünärmenler dünýäniň ösen döwletlerinde dag-magdan senagatynyň ykdysady taýdan pese gaçmagynyň esasy sebäbini ösýän döwletlerde çig mal ýataklarynyň juda köp özleşdirilýändigi bilen baglanyşdyrýarlar. Ýewropa Bileleşigi döwletlerinde ähli senagat önümçiliginde dag-magdan senagatynyň paýy bary-ýogy 2 göterime deňdir. Gündogar, Merkezi Aziýa sebitlerinde, beýleki ösüp gelýän dünýä döwletlerinde bu görkeziji 14 göterime ýetip, yzygiderli artýar. Umuman, bilermenler ösüp barýan döwletleriň ykdysadyýetiniň esasy girdejisini senagatyň dag-magdan önümçiliginiň berýändigini, aýratyn-da, olaryň ösen döwletleriň işläp bejeriji senagat kärhanalaryny binýatlyk çig mal bilen üpjün edýändigini belleýärler. Dünýä döwletleriniň aglaba böleginiň çäkleriniň geologik gurluşy heniz doly öwrenilmedik. Şol sebäpli geljekde dünýäniň dürli künjeklerinde senagat ähmiýetli tebigy gorlaryň täze ätiýaçlyklarynyň üstüniň açylmagyna garaşmak bolar. Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen ýurdumyzda adamyň tebigy gurşawa ýetirýän täsirini kadalaşdyrmak üçin zerur ähli mümkinçiliklerden ýokary derejede peýdalanmak ýola goýuldy. Häzirki wagtda türkmen alymlary tarapyndan sebitiň seýsmogen zolaklarynyň dinamikasyny we gurluşyny öwrenmek meselesiniň üstünde işlemek bellenildi. Onuň çäklerinde sebitiň dürli etraplarynda grawimetrik, elektrometrik, magnimetrik, seýsmik, seýsmologik, gidrogeohimik, başga-da köp sanly ylmy barlaglar geçiriler. Senagat we tehniki ugurly desgalaryny taslamalaşdyrmagyň anyk çäkleri kesgitlener.  

                                                                   

Depginli ösüşi gazanmak üçin kabul edilýän durmuş-ykdysady konsepsiýalarda ähli senagat pudaklarynyň tebigy gurşaw üçin zyýansyz we howpsuz täze tehniki enjamlar bilen durkunyň doly täzelenmegine, gurulýan kärhanalaryň ekologik talaplaryň kadalaryna laýyk getirilmegine ýokary üns berilýär. Hut şol nukdaýnazardan hem sebitde gurulýan senagat ugurly kärhanalary tebigata zyýan ýetirmezden, uly şäherlerden, ilatly nokatlardan uzakda ýerleşdirmek, ir taşlanan zolaklary düzedip, täzeden halk hojalyk dolanyşygyna çekmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bilşimiz ýaly, indi ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etrapdyr obalarynda ýaşaýyş jaýlaryny uly ulag-gatnaw ýollaryndan, iri senagat kärhanalaryndan, zawod-fabriklerden daşda ýerleşdirmek, ýol ugurlarynda gök guşak zolaklaryny döretmek asylly däbe öwrüldi. Bu ilhalar işler Türkmenistany dünýä jemgyýetçiliginde aýratyn hormata eýe edip, ykdysady taýdan çalt depgin bilen ösmäge amatly şert döredýär. 

                                                                                                           

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.

29.12.2022
Belent sepgitlere beslenen günler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen şan-şöhrata, ajaýyp wakalara beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly tamamlanyp barýar. Şu pursatda onuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyza, hakymyza getiren üstünlikleri, bagtyýarlygy her bir adamyň göz öňünde janlanýar. Çünki bu ýyl ata Watanymyzyň ykdysadyýetde, medeniýetde we beýleki ugurlarda gazanan ösüşleri bilen öňe tarap batly gadam urýandygyny aýdyň subut etdi. 

                                                                   

Ajaýyp ýylda ýurdumyzda, şol sanda, biziň welaýatymyzda Oba milli maksatnamasyna hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylan möhüm işler, gazanylan üstünlikler az däl. Ýylyň dowamynda welaýatymyzyň dürli ýerlerinde gurlan medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysynyň uly dabaralar bilen ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Bu barada aýdylanda, Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşyp, ak pata bermeginde Daşoguz şäherinde açylan 450 orunlyk welaýat köpugurly hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanalaryny, şeýle-de welaýatymyzyň merkezinde saglygy goraýyş işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny, ýolagçylaryň hyzmatyna berlen döwrebap awtomenzili, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginiň çäginde ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglyk öýüni, Şabat etrabynyň merkezindäki çagalar dynç alyş seýilgähini we beýlekileri belläp geçmek örän ýerliklidir. Sebäbi häzirki döwrüň talaplarynyň derejesinde bina edilen bu desgalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokary göterilmegine hyzmat edýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, şeýle ajaýyp ýylymyzda welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynda hem guwandyryjy sepgitlere eýe bolnup, dürli görnüşli ekinleriň, piläniň bereketli hasyly ýygnaldy. Munuň özi gallaçylarymyzyň, pagtaçylarymyzyň, şalyçylarymyzyň, gök ekerançylarymyzyň, ýüpekçilerimiziň çeken agzybirlikli, arkalaşykly zähmetleriniň ýokary netijeleri berendigini görkezýär. Şu ýylda welaýatymyzda 265 müň tonna galla, 35 müň tonna şaly, 500 tonnadan gowrak pile, ýüzlerçe müň tonna «ak altyn» hem-de gök-bakja önümleri öndürilip, Watan harmanyna goşuldy. Bu üstünlikleriň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrundaky çäksiz aladalarynyň, kärendeçi daýhanlar, ýer eýeleri üçin döredýän şertleriniň, berýän kömek-goldawlarynyň netijesinde gazanylandygyny nygtamak zerurdyr. Çünki olar ene topraga yhlas siňdirýän adamlaryň göwünlerini galkyndyryp, olary has-da hyjuwly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Şonuň netijesinde-de, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga ýol açyldy. 

                                                                   

Şu ýylda gazanylan üstünliklerde welaýatymyzyň dürli künjeklerinde öndürijilikli zähmet çekýän kärendeçileriň, ýer eýeleriniň, daýhan hojalyklaryň agzalarynyň mynasyp paýlarynyň bardygyny aýtmak ýakymly. Olaryň ençemesi bu ýylda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň hem-de Hasyl toýunyň öň ýanynda Arkadagly Serdarymyzyň Permany bilen ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Şeýle zähmetsöýer babadaýhanlaryň hatarynda Şabat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mamagul Şakirowa, Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tuwakgül Mämedowa, Görogly etrabyndaky «Hazynaly toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjemal Atajykowa we beýlekiler bar. 

                                                                   

Elbetde, şeýle şöhratly ýylymyzda ýetilen belent sepgitler edermen daýhanlarymyzy täze ýylda has-da joşgunly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine has-da saldamly goşant goşmaga ruhlandyrýar. Munuň şeýledigi häzirki günlerde olaryň bugdaý meýdanlarynda ýaşajyk maýsalara ideg etmek, ýerleri geljek ýylyň ýaz ekişine ykjam taýýarlamak boýunça alyp barýan işlerinde hem aýdyň görünýär. Halkymyzda her bir ýyly ajaýyp üstünlikler bilen ugradyp, täze ýyly belent maksatlar, uly umytlar, ýagşy niýetler bilen garşy almak ýörelgesi bar. Tamamlanyp barýan ýylyň hemmämiziň kalbymyzda galjakdygyna, geljek ýylymyzyň bolsa täze rowaçlyklara beslenjekdigine berk ynanýarys. Çünki biziň ýurdumyzda ýagşy arzuw-umytlar hemişe hasyl bolýar.  

                                                                                                           

Gutlymyrat AŞYROW,

                       

«Daşoguz habarlary».

29.12.2022
Telekeçilige — giň ýol!

Ýeňşe  beslenýän  menziller 

                                                                   

Uly üstünliklere beslenip, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly tamamlanyp barýar. Şanly ýylymyzyň şu ýeňişli menzilleriniň rowaçlanmagyna türkmen telekeçileriniň, şol sanda welaýatymyzyň telekeçileriniň saldamly goşantlaryny ýatlamak guwanç duýgusyny döredýär. Sebäbi, telekeçilerimiziň ýadawsyz aladalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulugynyň döredilmeginde gowy netijeler gazanylýar. Şeýle hem hususyýetçiligiň ösdürilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine-de kuwwatly itergi berýär. 

                                                                   

 Şeýle il-gün bähbitli işleriň ýol almagynda partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalarynyň mynasyp goşandy bellärliklidir. Biz telekeçileriň arasynda wagyz-nesihat işini ýola goýup, olary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmekde öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine jemlemekde degerli çäreleri geçirýäris. Häzirki wagtda welaýatymyzyň telekeçileri Halkyň Arkadagly zamanasy ýylyny ýokary görkezijiler bilen jemlemegi maksat edinýärler. 

                                                                   

 Maral ORAZSÄHEDOWA. 

                                                                   

 TSTP-niň welaýat komitetiniň hünärmeni.

27.12.2022
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Aşgabat — Sankt-Peterburg — Aşgabat, 26-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. 

                                                                   

 Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. 

                                                                   

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde wajyp orny eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň, abraýly sebitleýin düzümleriň çäklerinde özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň döwletleri bilen ählumumy maksatlary, taraplaryň milli bähbitlerini nazara almak, deňhukuklylyk, ynanyşmak esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini hasaba alyp, guramanyň işine işjeň gatnaşýar. Birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan gatnaşyklar taryhyň dowamynda emele gelen dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, sebit we halkara derejedäki wajyp taslamalaryň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyny, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. 

                                                                   

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasyna tarap ugur aldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. 

                                                                   

Sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem çagyryldy. 

                                                                   

Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazyndan ozal, Arkalaşygyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy. 

 Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi däl sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary ýene bir gezek mähirli gutlady hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň Täze ýylyň öň ýanynda eýýäm asylly däbe öwrülen resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Biziň şeýle dostlukly ýagdaýda ýygnanyşmagymyzyň özi, meniň pikirimçe, GDA giňişliginde hakyky strategik hyzmatdaşlyk, ähli ýurtlaryň bähbitlerini hasaba almak ruhunda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de bilelikde ösdürmäge gyzyklanmalarymyzyň aýdyň subutnamasydyr diýip, Russiýanyň Baştutany aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, geçip barýan ýylda biziň döwletlerimiziň köpugurly hyzmatdaşlygy, umuman, üstünlikli ösdürildi. Muny GDA-nyň ähli ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi hem tassyklaýar. Arkalaşygyň ugry boýunça daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine, tehnologik garaşsyzlygyň, özygtyýarlylygyň üpjün edilmegine, bilelikdäki senagat önümçiliginiň hem-de ylmy kuwwatlyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen utgaşykly çäreler geçirildi. Netijede, GDA döwletleriniň ykdysady we maliýe özygtyýarlylygy pugtalandyryldy, harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa serişdeleriniň içerki bazarlary okgunly ösdürildi, sebit derejesinde goşulyşmak meýilleri çuňlaşdyryldy. 

                                                                   

Ýewraziýa sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir möhüm ugry hökmünde görkezildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de korrupsiýa garşy göreş boýunça oňyn hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Prezident W.Putin GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň bir bitewi medeni-ynsanperwer giňişligi saklap galmak, raýatlaryň arasynda dürli görnüşli alyşmalary giňeltmek ýaly möhüm ulgamy hem öz içine alýandygyny belledi. 

                                                                   

Biziň halklarymyzy, hakykatdan-da, köp zatlar birleşdirýär: umumy taryh, ruhy kökler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň, gymmatlyklaryň, ýörelgeleriň çuňňur özara baglanyşygy hem-de elbetde, biziň köp milletli döwletlerimizi baglanyşdyryjy kuwwatly güýç bolan rus dili diýip, Russiýanyň Lideri kanagatlanma bilen nygtady we Arkalaşygyň ýurtlarynda 2023-nji ýyly “Rus diliniň ýyly” şygary astynda geçirmek baradaky başlangyjy goldandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, Arkalaşygyň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüş wezipelerini netijeli çözmäge, sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi. 

                                                                   

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we geljek döwür üçin öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin örän netijeli boldy. Ähli meýilleşdirilen çäreler üstünlikli geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça wajyp ylalaşyklar gazanyldy. 

                                                                   

Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna halkara derejedäki umumy gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Umumy pikire görä, häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň binýadyny düzýän maksatlara hem-de esasy ýörelgelere gyşarnyksyz eýermek guramanyň işiniň ähmiýetli taraplarynyň biri bolup durýar. GDA-nyň esaslandyrylan gününden bäri oňa gatnaşyjy ýurtlar hyzmatdaşlygyň taraplaryň erkine, deňhukuklylyga we ynanyşmaga esaslanýan görnüşini saklamagy başardylar. 

                                                                   

Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyk sebitiň ýurtlarynyň däp bolan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, bilelikdäki iş boýunça toplanan tejribäni nazara alyp, oňa netijeli häsiýet bermäge, milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmaga, bar bolan ägirt uly ykdysady we serişde mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalarynyň üýtgewsiz häsiýete eýedigini görkezýän çäre bolup durýar. 

                                                                   

Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna açyklyk esasynda gepleşikleri geçirmek hem-de uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança hökmünde garamak bilen, bu guramanyň bar bolan köpugurly mümkinçiliklerini doly peýdalanmak meselelerinde öňdäki orunlarynyň birini eýeläp, hyzmatdaşlygyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyna, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Şunda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde ykdysady ulgamdaky tagallalaryň wajypdygyna ünsi çekip, gurama agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürendigini bellemek gerek. 

                                                                   

Bu köptaraplaýyn resminama GDA-nyň 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça kabul edildi. Ol gurama agza ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, däp bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi babatda özara gyzyklanmalary tassyklady. Bu Jarnamanyň hyzmatdaşlygyň ulag, ýangyç-energetika, aragatnaşyk, senagat, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlarynyň beýany hökmünde kesgitlenen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň ýörelgelerine esaslanýandygyny bellemeli. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletler hut şu ugurlarda halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply bolup bilerler hem-de geljekki hyzmatdaşlara netijeli gatnaşyklaryň bähbitli şertlerini teklip ederler.  

                                                                   

GDA-nyň geografik çäklerinden uzaklarda hem gurama agza ýurtlaryň ykdysady bähbitlerini ilerletmegiň, serhetdeş döwletleriň, goňşy sebitleriň bilelikdäki taslamalara goşulyşmagynyň möhümdigini belläp, türkmen tarapy şunda, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümleriniň döredilmelidigine, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlarynyň giňeldilmelidigine, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň çekilmelidigine birnäçe gezek ünsi çekdi. GDA ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly geçelgeleriň döredilmegine işjeň gatnaşmaklary ýokarda görkezilen ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň esasy şertidir. 

                                                                   

Geografik taýdan ýakynlygy hem-de taryhda emele gelen dost-doganlyk gatnaşyklary bilen birleşen Arkalaşygyň döwletleri hakykat ýüzünde uly artykmaçlyklara eýedirler, olaryň netijeli peýdalanylmagy ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň umumy pikirine görä, bu gurama geosyýasy hem-de geoykdysady babatda eýeleýän orunlaryna laýyklykda, yklymda has ähmiýetli orna mynasyp bolmalydyr. Gündogaryň we Günbataryň, Aziýanyň hem-de Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşmalydyr. 

                                                                   

Medeni-ynsanperwer ulgam emele gelen oňyn gatnaşyklaryň hökmany möhüm şerti bolup durýar. Sebäbi ylym we bilim, medeniýet, sungat, ýaşlar syýasaty, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasynda ynanyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp şerti bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Türkmenistan parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklary hemmetaraplaýyn höweslendirmek we işjeňleşdirmek, şu maksat bilen, Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň tejribesini doly herekete getirmek ugrunda hem çykyş edýär. 

                                                                   

Biziň ýurdumyz Arkalaşygyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň, onuň häzirki zamanyň ählumumy, sebit ýagdaýlaryna ýetirýän oňyn täsiriniň artmagynyň tarapdarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA agza döwletler bilen adamzady tolgundyrýan möhüm meseleler, ozaly bilen, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna bilelikde garşy durmak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny bellemek gerek. 

                                                                   

Arkalaşygyň ýurtlary döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine berk eýerýärler, ählumumy gün tertibinde parahatçylyk, oňyn gepleşikler medeniýetiniň kemala gelmegi, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi ugrunda çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşant goşýarlar. Bu babatda Arkalaşygyň döwletleriniň halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bellärliklidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň möhüm ähmiýetli Kararnamalaryna garalanda we olar kabul edilende, BMG-niň saýlawly edaralaryna dalaşgärler boýunça ses bermekde özara goldaw bermegiň oňyn tejribesi toplandy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasynyň goldanylmagy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ýurdumyzyň bu hukuk derejesi geçen ýyllaryň dowamynda häzirki zaman dünýäsiniň köp sanly möhüm meselelerini çözmäge goşant goşmakda özüniň netijeliligini görkezdi. 

                                                                   

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 45-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ýene bir möhüm resminama — 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama garaldy hem-de biragyzdan kabul edildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjy dünýä halklarynyň parahatçylykly ýörelgelerini pugtalandyrmakda, umumy gymmatlyklaryny, dünýägaraýyşlaryny gaýtadan dikeltmekde, halkara gatnaşyklaryň aýrylmaz şerti hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini kemala getirmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu başlangyjyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy uly syýasy-diplomatik mümkinçiliklere eýe bolan GDA ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki iri halkara we sebit düzümlerinde dünýä syýasatyna, hukuk kadalaryna, dialog medeniýetine hormat goýmagy, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýanlyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek üçin raýdaşlykly çykyş edýändiklerini görkezýär. Hut şeýle garaýyşlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň durmuşa ukyplylygyny hem-de çeýeligini üpjün edýär. Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini we geljegini açýar, GDA-nyň halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň möhüm ulgamy hökmünde hereket etmegini şertlendirýär. 

                                                                   

Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlar bilen bilelikdäki işde toplanan oňyn tejribäni hasaba almak arkaly däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanlary ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda şu gezekki resmi däl duşuşygyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze taslamalary durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

27.12.2022
Hyrydarly hem lezzetli harytlar

Dekabryň soňky günleri ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini seljerip, belent maksatlar, ýagşy arzuw-umytlar bilen Täze ýyla taýýarlyk görülýän döwür. Dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara myhmançylyga baryp, birek-biregi gutlamak, sowgat bermek baýramçylygyň ýatdan çykmajak duýgulara beslenmegine ýardam berýär. Ýurdumyzyň söwda edaralary, önümçilik kärhanalarydyr hususy telekeçileri hem ildeşlerimiziň Täze ýyl şatlygyny artdyrmaga goşant goşmak üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. 

                                                                   

Baýramçylygyň öňüsyrasynda bazarlarda, söwda merkezlerinde, dükanlarda azyk we beýleki harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi gözüňi dokundyrýar. Täze ýyl mynasybetli amatly bahalardan alyjylara hödürlenilýän harytlaryň arasynda milli önümlerimiziň agdyklyk etmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleriň hem-de adamlaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň görkezijisidir. «Hasar», «Täze Aý», «Altyn Ýunus», «Oguzhan», «Mekan», «Bars» ýaly hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň, şeýle hem beýleki telekeçileriň konditer önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri we olardan taýýarlanylan sowgatlar baýramçylyk bazarlarynyň iň geçginli harytlarynyň hataryndadyr. 

                                                                   

2000-nji ýylda esaslandyrylyp, öz ugrunda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan «Hasar» konditer kärhanasy hem baýramçylygy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Bu ýerde süýji-kökeleriň, şokoladly, şokolad örtükli, karamel süýjüleriň, waflileriň, miwe tagamly marmeladlaryň, garaz, konditer önümleriniň ýüze golaý görnüşi öndürilýär. Olar şu günler ýurdumyzyň çar ýanyndaky söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenilýär. Geljek ýylda kärhana konditer önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi meýilleşdirýär. 

                                                                   

Et-süýt we beýleki azyk önümleri bilen birlikde konditer önümlerini öndürmekde üstünlikli iş alyp barýan «Täze Aý» hususy kärhanasy hem baýramçylyklara ýokary taýýarlykly geldi. Şu ýylyň tomsunda Mary welaýatynyň Mary etrabynda hususy kärhananyň konditer önümlerini öndürmäge niýetlenen ýörite önümçilik toplumynyň ulanylmaga berlendigini hem bellemek gerek. Bu ýerde ozal «Täze Aý» haryt nyşany bilen konditer önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri öndürilen bolsa, baýramçylyk mynasybetli täze önümleriň 15 görnüşi olaryň üstüni ýetirdi. Şolaryň hatarynda «Sarwan», «Zemin», «Süýji dünýä» şokolad örtükli marmelad süýjüleri hem bar. Gelşikli gaplara gaplanan Täze ýyl sowgatlary bolsa körpeleriň söýgüsini gazanan konditer önümleriniň dürli görnüşlerinden taýýarlanylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda döredilen ilkinji hususy düzümleriň biri bolan «Oguzhan» konditer kärhanasynda hem Täze ýyl baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Paýtagtymyzyň G.Kulyýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän döwrebap kärhanada konditer önümleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär. «Aýazbaba», «Garagum», «Ýyldyz», «Keýik», «Maýa», «Täç», «Aýly agşam» ýaly şokolad önümleri körpeler üçin ajaýyp sowgatdyr. Konditer kärhanasynda öndürilen süýjülerdir taýýarlanylan sowgatlar Diýarymyzyň ähli sebitlerindäki söwda nokatlarynda amatly bahalardan alyjylara hödürlenilýär. 

                                                                   

1998-nji ýylda esaslandyrylan «Mekan» hususy kärhanasy hem baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli täze önümleriň önümçiligini ýola goýýar. «Sport», «Mekan», «Arzuw», «Mukam», «Gyş», «Ýaz», «Tomus», «Güýz», «Şapak», «Ýolbars», «Merjen», «Garagum» süýjüleri, miweli, huruşly karamelleriň 10-dan gowrak görnüşleri bilen halk köpçüliginiň arasynda giňden tanalýan kärhanada dekabr aýynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli erik, ýertudana, banan, malina tagamly şokolad örtükli süýjüleriň hem-de «Altyn açarjyk» süýtli irisiň önümçiligine başlandy. Täze önümler ýetip gelýän baýramçylyga özboluşly sowgatdyr. 

                                                                   

Halkymyzyň söýgüsini gazanan konditer önümleriniň hatarynda «Bars» haryt nyşanly şokoladlar hem bar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhanada konditer önümleriniň 50-ä golaý görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň ähli künjegindäki söwda nokatlaryna, bazarlara, dükanlara iberilýär. «Bars», «Kerwen», «Toý paý», «Garagum», «Keýik», «Kümüş», «Serpaý», «Bahar» ýaly atlar bilen öndürilýän şokoladlar we beýleki süýjülikler ildeşlerimiziň baýramçylyk saçaklaryny bezeýär. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

27.12.2022
Täze tehnikalar gelip gowuşýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýaponiýanyň «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalarynyň nobatdaky tapgyrynyň ýurdumyza getirilip başlanmagy-da munuň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň 200-siniň, şol sanda 167 ekskawatoryň, 33 buldozeriň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagy bellenildi. Şanly wakalara beslenip, taryhy üstünlikler bilen jemlenilýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şu ajaýyp günlerinde ýurdumyza gelip gowşan ekskawatorlar ýokary amatlyklara eýedir. Döwrebap enjamlar oturdylan täze ekskawatorlar sowadyş we ýyladyş ulgamlary, şeýle-de ýörite monitor arkaly dolandyrylýandygy bilen tapawutlanýar. Ekskawatoryň kuwwatlylygy 168 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda, ortaça, 109 kub metre barabardyr.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň tabşyryklarydyr görkezmelerinden, öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň, görülýän çäreleriň çäklerinde, bu ulgama suwy tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Diýarymyzyň sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar, şol sanda suw howdanlary gurulýar hem-de olaryň bar bolanlarynyň göwrümi giňeldilýär. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin yzygiderli satyn alnyp berilýän «Komatsu» kysymly tehnikalaryň ähmiýeti örän uludyr. 

                                                                   

Türkmenistan Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde, häzirki döwre çenli «Komatsu» kysymly tehnikalaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Bu tehnikalar ýurdumyzyň suw hojalyk desgalarynda netijeli we ýokary öndürijilikli peýdalanylýar. 

                                                                   

Täze tehnikalar Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda suw hojalygy pudagynyň agzybir işgärlerine hem-de ähli oba zähmetkeşlerine ajaýyp sowgat boldy. Munuň üçin suw hojalygy pudagynyň ähli işgärleri hem-de zähmetkeş halkymyz Watanymyzyň kuwwatyny has-da artdyrmak ugrunda beýik işleri, döwletli tutumlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.

23.12.2022
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýasy: ösüşiň we hyzmatdaşlygyň bähbidine

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynda iýul — sentýabr aýlaryndaky döwletimiziň daşary syýasy durmuşynyň möhüm ähmiýetli wakalary beýan edilýär. 

                                                                   

Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatdaky wideoýüzlenmesi bilen açylýar. Foruma 30-dan gowrak döwletden ulag düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň onlarçasynyň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu bolsa duşuşygyň möhüm ähmiýetiniň nobatdaky beýanydyr. Foruma şeýle wekilçilikli düzümiň gatnaşmagy Türkmenistana bildirilýän hormatyň we ýurdumyzyň ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň işjeň syýasaty ählumumy ulag ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň netijeliligini we yzygiderliligini üpjün etmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kanuny bähbitlerini ykrar etmäge, hyzmatdaşlygymyzyň maksatlaryny we wezipelerini anyklaşdyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Žurnalda ýerleşdirilen makalalar sebitleýin we ählumumy derejede giň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ugur edinýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli alyp barýandygyny, halkara guramalar we düzümler bilen gatnaşyklary berkidýändigini, şunda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň möhüm ugur bolup durýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 16-njy sentýabrda Samarkant şäherinde geçirilen mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sammitdäki çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlykda, syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň köptaraply, çeýe görnüşlerini we usullaryny ýola goýmaga taýýardygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň parahatçylygy, ählumumy durnukly ösüşi, howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy durmakda eýeleýän ornuna, bu meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn hem-de jogapkärçilikli çemeleşmesine ýokary baha berýär. Kuwwatly syýasy, ykdysady mümkinçilikleri bolan hem-de halkara giňişlikde uly abraýdan peýdalanýan, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar Ýewraziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy, özara bähbitli we sazlaşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän köp döwletler üçin bähbitli ugur hasaplanýar. 

                                                                   

Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary düýpli giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin açykdyr, ulag, logistika, kommunikasiýa, energetika, medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwer gatnaşyklar, hususy işewürlik ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk gün tertibiniň möhüm meseleleridir diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda belledi. 

                                                                   

ŞHG agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda taraplaryň bar bolan dürli derejedäki mümkinçilikleri nazara alnyp, netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi. 

                                                                   

Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalar giň okyjylar köpçüligini aýry-aýry döwletler, aýratyn-da, goňşy ýurtlar, halkara guramalar we sebitleýin düzümler bilen ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary boýunça oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary hem-de meýilleri bilen tanyşdyrýar. Şu ýylyň 25-nji sentýabry 1-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran sapary döwrüň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hosoda Hiroýuki, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy bilen duşuşdy. 

                                                                   

Duşuşyklarda giň ugurlar, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, himiýa senagaty, bank-maliýe ulgamlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleri — “Kawasaki Heavy Industries”, “Sanko Selko Co.Ltd”, “Komatsu”, “Itochu”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Sojits”, “JGC” ýaly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen gepleşikler geçirdi.  

                                                                   

Tokioda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak döwlet matam çäresi geçirildi, oňa ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. 

                                                                   

Beýleki bir makalada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary beýan edilýär. Biziň döwletimizde 2022-nji ýyl möhüm senä — Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenýär. Ýurdumyz köpugurly hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyna daýanyp, BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, bu guramanyň köpugurly ygtyýarlyga eýedigini tassyklamak bilen, dünýäde onuň ornuny ýokarlandyrmak, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny we döwletara gatnaşyklaryň syýasy esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasyny berjaý etmek boýunça tagallalaryny dowam etdirer. 

                                                                   

Şu ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamany kabul etdi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň edara binasynyň ýerleşýän ýurdy bolan Türkmenistan öz netijeliligini görkezen bu guramanyň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Biziň ýurdumyz 2022-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygyny bellemek bilen, Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny barada nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Onda soňky ýyllaryň uly ähmiýetli wakalary beýan edilýär hem-de bu düzümiň binýadynda emele gelen sebit hyzmatdaşlygynyň gurallary berkidilýär. 

                                                                   

Şeýle-de bu makalada Türkmenistanyň Aral meselesini Milletler Bileleşiginiň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek üçin tutanýerli we yzygiderli çykyş edýändigi nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy 2023-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda Kararnamasynyň taslamasy boýunça gepleşikleri dowam etdirmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, biziň ýurdumyz umumy wehimlere garşy özara ylalaşykly çäreleri işläp taýýarlamakda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esasy ornuny bellemek bilen, işläp taýýarlanylan “Bitewi saglyk” ählumumy konsepsiýany goldaýar hem-de Merkezi Aziýada 2025-nji ýyla çenli saglygy we abadançylygy goramagyň “Ýol kartasynyň” çäklerinde bu konsepsiýany ilerletmäge çalyşýar. 

                                                                   

Žurnalda şeýle hem biziň ýurdumyzyň “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek boýunça alyp barýan işlerine bagyşlanan makalalar çap edilipdir. 

                                                                   

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 1-nji sentýabrda geçirilen nobatdaky VII gurultaýyna bagyşlanan makala okyjylara hödürlenilýär. Gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. 

                                                                   

Ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösen, medeniýetli, hemmetaraplaýyn bilimli we beden taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek häzirki döwrüň möhüm wezipesidir. Sebäbi aň-paýhas taýdan ösen, bilimli, sagdyn ýaş nesil kuwwatly güýçdür, döwletimiziň röwşen geljegidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşlaryň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasyny işläp taýýarlady. 

                                                                   

Ýaşlaryň Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin amatly hukuk şertleriniň döredilmegini üpjün etmek bu Kanunyň esasy maksadydyr. Onuň kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň hukuk binýadyny düýpli pugtalandyryp, ýaş nesil üçin döredilýän mümkinçilikleriň has-da giňeldilmegine ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz gurultaýdaky çykyşynda nygtady. 

                                                                   

“Türkmenistanyň diplomatik durmuşynyň senenamasy” atly uly bölümde ýerleşdirilen habarlar okyjylaryň içgin gyzyklanmasyna eýe bolar. Onda hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri beýan edilýär. Bu bölümde 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginiň wakalary — utgaşykly görnüşde geçirilen dürli derejedäki duşuşyklar, gepleşikler, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, hökümetara toparlaryň mejlisleri barada gysgaça synlar ýerleşdirilýär. 

                                                                   

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýär. 

                                                                                                           

(TDH)

23.12.2022
Ykdysady rowaçlygyň kepili

Mälim bolşy ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde Döwlet býujetiniň esasy maddalaryny düýpli seljermek we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmek ýaly möhüm wezipeler öňde goýuldy. Şol wezipelerden hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlarydyr tekliplerinden ugur alnyp, degişli işleriň ýerine ýetirilmegi, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň kabul edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli, pudaklaýyn hem sebitleýin maksatnamalary amala aşyrmak boýunça işleriň maliýe taýdan doly we bökdençsiz üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

Maglumatlar ulgamy kämil ösdürilýän, durmuşyň ähli ugurlaryna çylşyrymly tehnologiýalar ornaşdyrylýan häzirki döwürde dünýäde ösüşiň iň täze hem-de amatly nusgalary gözlenilýär. Bu ugurda ýurdumyz ählumumy ykrar edilen, açyklyga, howpsuzlyga esaslanýan ösüş ýolunyň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Netijede, Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyz öz ykdysady strategiýasyny işläp düzýär hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmegi, onuň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyny maksat edinýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň maliýe çeşmesi bolan Döwlet býujetini kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýete geçmek, innowasion usullary giň gerimde ulanmak, çylşyrymly tehnologiýalara başarnykly erk edýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we beýlekiler ösüşiň täze nusgalarynyň esasyny düzýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyny hem-de ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, maýa goýum taslamalarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maliýe-hukuk işleri kämilleşdirilýär, halk hojalygynyň ähli ugurlaryny, innowasion senagaty ösdürmäge aýratyn üns berilýär, ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ýollary gaýtadan işleýän senagatyň netijeli hereket etmegine gönükdirilýär. Şeýle usullaryň ornaşdyrylmagy ýerli senagat kärhanalary tarapyndan ýurdumyzyň çig mal binýadynyň ýokary derejede gaýtadan işlenmegine, ykdysadyýetiň tehnologik ösüş derejesine doly geçmegine mümkinçilik döredýär. Bu bolsa bazarlarda, söwda nokatlarynda önüm bolçulygyny berkitmäge, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny has ýokarlandyrmaga oňaýly täsir edýär.  

                                                                   

Ýerli önümçilik kärhanalarynyň, telekeçilik subýektleriniň sanynyň artdyrylmagy, olara döwlet tarapyndan goldaw hem ýeňillikleriň berilmegi netijesinde ýurdumyzyň innowasion esasda durnukly ösýän senagatynyň döwrebap gurluşy kemala gelýär. Aýratyn-da, ýerli önümçilik pudagy diwersifikasiýalaşdyrylýar, sanly senagatyň düzüm bölekleri, innowasion tehnologiýalara daýanýan senagat pudaklary döredilýär, senagaty iň täze, amatly ösüş ýoluna geçirmegiň guramaçylyk-ykdysady şertleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, täze önümçilikleri ýola goýmak, kärhanalaryň önümçiligini döwrebaplaşdyrmak üçin ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Şeýle çemeleşmeler innowasion önümçiligi giňeltmäge gönükdirilen wezipeleriň amal edilmegine mümkinçilik döretmek bilen, ýokary ykdysady ösüşiň gazanylmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, maliýe ulgamyny düýpli özgertmek boýunça öňe sürýän makroykdysady syýasaty döwlet maksatnamalaryny doly durmuşa geçirmäge hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Kabul edilen Döwlet býujetine laýyklykda, geljek ýyl hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň ep-esli artmagyna garaşylýar. Munuň özi döwletimiziň ösüş ýolunyň gyşarnyksyz dowam etdirilýändigini tassyklaýar.  

                                                                                                           

Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

23.12.2022
Nebitgazly ýataklaryň gözleginde

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzüminde hereket edýän geofiziki ekspedisiýalar, ýörite geologik maglumatlar merkezi, geologiýa-gözleg we gidrogeologik ekspedisiýalardyr beýleki bölümler Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda derwaýys işleri durmuşa geçirýär. Bu işler iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglary, profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da, beýleki barlag usullaryny, gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň sap artyşyny almaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär.  

                                                                   

Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň geçen on bir aýynda jemi 970 pagon-kilometrlikde 2D usuly bilen seýsmiki-gözleg işlerini geçirmek baradaky meýilnama 104 göterim berjaý edildi. Bu döwürde 3D usulynda geçirilmeli işleriň meýilnamasy 108 göterim amal edildi. Bitirilen iş, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 230 inedördül kilometr köp boldy. Ýeri gelende aýtsak, 2D usuly ýeriň gatlagyny bir ugur boýunça, 3D usuly bolsa ählitaraplaýyn öwrenýär. Häzirki döwürde bu ugurlarda iş alyp barmagyň 3D usuly ýörgünlidir. Ol geologik gurluşy has çuň we çylşyrymly gatlaklary içgin öwrenmekde has netijeliligi bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Ýeriň 6-7 müň metr çuňlugyndaky gatlaklary öwrenmek arkaly alynýan seýsmiki maglumatlaryň esasynda şol meýdançanyň çäginde geljegi uly ýataklary anyklamak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Zemin çuňluklaryna dürli usullarda gönükdirilýän tolkunlar yza serpilende, ýörite awtoulaglarda oturdylan seýsmiki stansiýalar arkaly ýüze çykýan maglumatlar magnit ýazgysyna geçirilýär we ekspedisiýanyň kompýuterlerinde gaýtadan işlenilýär. Alnan maglumatlar süzgüçden geçirilip, arassalanyp hem-de güýçlendirilip, çykarylan netije esasynda wagt kesgitlemesi dolulygyna taýýarlanyp, degişli hünärmenlere gowşurylýar. Hut şol maglumatlar hem geofizikleriň bitiren işiniň hilini görkezýär. Toplanan maglumatlar soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologik maglumatlary gaýtadan işleýän merkezine ýetirilýär. Diňe şondan soňra ahyrky netije alynýar we jemleýji hasabatda öwrenilen meýdançanyň kartasy taýýarlanylyp, ol ýangyç-energetika toplumynyň degişli ulgamlarynyň çuň buraw işlerini alyp barýan burawlaýjylaryna berilýär. Bu çäreleriň her biri aňryçäk takyklygy talap edýär.  

                                                                   

Soňky gysga wagtyň dowamynda kärhana has ygtybarly seýsmiki stansiýalara, kuwwatly ýer sarsdyryjylara we beýleki zerur tehniki enjamlardyr kämil tehnologiýalara eýe boldy. Hut şu ýagdaýyň özi hem işiň netijeliligini gazanmaga we hilini ýokarlandyrmaga aýgytly täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň dürli meýdançalarynda seýsmiki-gözleg işlerini geçirýän ekspedisiýanyň esasy maksady ýeriň çuň gatlaklarynyň geologik gurluşyny öwrenmek bilen, nebitgazly ojaklaryň üstüni açmakdan hem-de uglewodorod çig malynyň haýsy çuňluklarda we gatlaklarda ýatandygyny takyklap, teklipnamalary taýýarlap, burawlaýjylara bermekden ybaratdyr. Hünärmenleriň ýüzlerçesi hemişe meýdan şertlerinde zähmet çekýär. Üç sany seýsmiki we bir sany grawik toparlarda jemlenen işgärleriň öz işini netijeli alyp barmagy üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň irginsiz tagallasy bilen häzirki güne çenli welaýatyň çäklerindäki gyzyl reňkli gatlaklar doly diýen ýaly öwrenildi. Indi esasy wezipe ondan aşakda ýerleşýän miosen gatlagyny öwrenmekden ybarat. Geofizikler bu möhüm işi häzirki wagtda «Porsy» meýdançasynda amala aşyrýarlar.  

                                                                   

— Türkmen alymlarynyň tassyklamagyna görä, miosen uglewodorod çig mallary babatda geljegi uly gatlakdyr. Döwlet derejesindäki bu möhüm işleriň göwnejaý alnyp barylmagyny üpjün etmekde Azatbaý Satlykowyň, Çaryýar Hydyrowyň 2D usulynda, Eziz Şirjanowyň 3D usulynda işleýän seýsmiki, Kömek Toýçyýewiň grawik, Lýudmila Şabankinanyň kompýuter-seýsmiki maglumatlary taýýarlaýan toparlarynyň, Amanmämmet Bawerisowyň topografiýa bölüminiň hünärmenleri has-da tutanýerli zähmet çekýärler — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň başlygy Şaguly Söýünow buýsanç bilen aýdýar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».

21.12.2022
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ýyl ýaz­gy­sy — 2022-nji ýyl

Da­şa­ry sy­ýa­sat 

                                                                   

 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan saý­lap alan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­na yzy­gi­der­li eýer­ýär. Ýur­du­myz döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek­de iş­jeň hem-de oňyn baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş edip, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge anyk go­şan­dy­ny goş­ýar. 

                                                                   

Bu ugur­da Türk­me­nis­tan oý­la­ny­şyk­ly we anyk kes­git­le­nen tek­lip­le­ri yzy­gi­der­li öňe sür­ýär, şol tek­lip­ler bol­sa dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýar. Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si­niň no­bat­da­ky dö­wür üçin esa­sy ugur­la­ry 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­da kes­git­le­nil­di. Bu res­mi­na­ma se­bit we dün­ýä de­re­je­sin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny iş ýü­zün­de mun­dan beý­läk-de peý­da­lan­mak, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da, ener­ge­ti­ka we ulag-ara­gat­na­şyk top­lum­la­ryn­da, eko­lo­gik ul­gam­da ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, tä­ze Kon­sep­si­ýa äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösü­şe, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň yn­san­per­wer­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­me­gi mak­sat edin­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da, BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ul­gam­la­ýyn esas­da gi­ňelt­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

Dür­li ugur­lar­da bi­le­lik­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän we ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­lar, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça taý­ýar­la­ny­lan hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­lar Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň dep­gin­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň şu ýy­lyň 6-njy de­kab­ryn­da ge­çi­ri­len 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň 45-nji umu­my mej­li­sin­de bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len 2023-nji ýy­ly “Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de dia­lo­gyň hal­ka­ra ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma bar. Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň 68-si bu res­mi­na­ma­nyň aw­tor­da­şy bol­dy. Şeý­le hem şu ýy­lyň 28-nji iýu­lyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň 97-nji umu­my mej­li­sin­de Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­len «Mer­ke­zi Azi­ýa — pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len­di­gi­ni ýat­la­mak ge­rek. Şu ýy­lyň 15-nji mar­tyn­da bol­sa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­len «Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­di. Bu res­mi­na­ma mö­hüm eko­lo­gik me­se­le­le­ri çöz­mä­ge, hal­ka­ra de­re­je­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mä­ge Wa­ta­ny­my­zyň go­şan­dy­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bol­dy. 

                                                                   

2022-nji ýy­lyň Türk­me­nis­tan üçin şan­ly se­nä — Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na bes­le­nen­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Bu gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­lyk il­ki­baş­dan stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­dir. Döw­le­ti­miz BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ses­si­ýa­la­ry­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na, ugur­daş dü­züm­le­riň, hu­su­san-da, Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň ge­ňeş­le­ri­niň, ko­mi­tet­le­ri­niň we ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne bir­nä­çe ge­zek ag­za­ly­ga saý­lan­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk­da se­bit we äh­lu­mu­my ösüş ba­ra­da­ky mö­hüm me­se­le­le­re, ola­ry çöz­me­giň ýol­la­ry­ny bi­le­lik­de göz­le­mä­ge, iş­läp taý­ýar­la­ma­ga jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mu­nuň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy hök­mün­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň de­giş­li mej­li­sin­de türk­men ta­ra­py­nyň we­ki­li­niň çy­ky­şyn­da be­ýan edi­len anyk baş­lan­gyç­la­ry gör­ke­zip bo­lar. Şol baş­lan­gyç­la­ryň ha­ta­ryn­da 2025-nji ýy­ly “Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da tek­lip bar. Ol ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ozal ka­bul edi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy­nyň düz­gün­le­ri­ne esas­la­nan­dyr. 

                                                                   

2007-nji ýy­lyň de­kab­ryn­dan bä­ri Aş­ga­bat­da he­re­ket ed­ýän BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Türk­me­nis­tan bu mer­kez bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip, onuň işi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýär. 2022-nji ýyl­da 15 ýyl­ly­gy­ny bel­län mer­kez özü­ni gep­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň ne­ti­je­li meý­dan­ça­sy hök­mün­de gör­ke­zip, hä­zir­ki döw­rüň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de iş­jeň­leş­dir­mä­ge uly go­şant goş­ýar. 

                                                                   

Şeý­le­lik­de, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan BMG-niň yg­ty­bar­ly we jo­gap­kär­li hyz­mat­da­şy bo­lup, Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi bi­len mun­dan beý­läk-de do­ly de­re­je­de gat­na­şyk sak­la­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu bol­sa 2022-nji ýy­lyň 6-njy iýu­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry hem-de BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň baş­ly­gy ha­nym Ami­na Mo­ham­med bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gy­nyň bar­şyn­da-da be­ýa­ny­ny tap­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­tan beý­le­ki iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­dyr dü­züm­le­ri, şol san­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki­ler bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. 

                                                                   

Şu ýy­lyň 4-nji ma­ýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li ha­nym Te­ri Ha­ka­la bi­len du­şu­şy­gy­nyň bar­şyn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge öza­ra gy­zyk­lan­ma, onuň tä­ze ugur­la­ry­ny göz­le­mä­ge, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer hem-de eko­lo­gik ul­gam­lar­da gat­na­şyk­la­ry ýyg­jam­laş­dyr­ma­ga ýur­du­my­zyň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň taý­ýar­dy­gy be­ýan edil­di. Hä­zir­ki wagt­da däp bo­lan hyz­mat­daş­lyk he­re­ket ed­ýän gu­ral­la­ryň çäk­le­rin­de — “Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Türk­me­nis­tan” bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­ti­niň, “Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Mer­ke­zi Azi­ýa” we beý­le­ki dü­züm­le­riň meý­dan­ça­la­ryn­da ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýär. 

                                                                   

Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy bi­len gat­na­şyk­lar hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­dy. Bu bol­sa ata Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek üçin tä­ze, gel­je­gi uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 2022-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na go­şul­ýan ýurt (“iş­jeň syn­çy”) de­re­je­si­ni alan­dy­gy­ny bel­läp geç­mek ýer­lik­li bo­lar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, bi­ziň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz tä­ze ta­ry­hy tap­gy­ra ga­dam ba­syp, hoş­ni­ýet­li erk, deň­hu­kuk­ly­lyk, hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn esas­da bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn esas­da hem kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň çäk­le­ri­niň örän giň­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, 2022-nji ýyl ýur­du­myz bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­ne bes­len­di. 

                                                                   

Ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­nde ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­la­ra hem-de du­şu­şyk­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. 2022-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry ta­ry­hy kök­le­re da­ýan­ýan, däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa öw­rül­di. Aş­ga­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça mö­hüm yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy hem-de türk­men-hin­di hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da çuň­laş­dyr­ma­ga, onuň baý müm­kin­çi­li­gi­ni has do­ly ulan­ma­ga gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. 

                                                                   

Şu ýy­lyň iýun aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň giň ge­rim­li me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mosk­wa­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­ler türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek ug­run­da no­bat­da­ky ädi­mi ala­mat­lan­dyr­dy. Şol gat­na­şyk­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň iri se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun be­ril­ýär. Şun­da Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy, Sankt-Pe­ter­burg, Ast­ra­han ob­las­ty we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň beý­le­ki se­bit­le­ri bi­len ýo­la goý­lan gat­na­şyk­lar mu­ňa aý­dyň my­sal­dyr. 

                                                                   

Goň­şy döw­let­ler bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Bi­ziň ýur­du­my­zyň iň ýa­kyn goň­şu­la­ry­nyň bi­ri hem Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­dyr. 2022-nji ýy­lyň iýun aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri ta­rap­la­ryň däp bo­lan sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga öza­ra taý­ýar­dyk­la­ry­ny gör­kez­di. Bu bol­sa umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne ky­bap gel­ýär. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň aý­ryl­maz we mö­hüm bö­le­gi Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Bu ýurt­la­ryň halk­la­ry bi­len türk­men hal­ky­ny asyr­la­ryň do­wa­myn­da eme­le ge­len me­de­ni-ta­ry­hy we ru­hy gym­mat­lyk­lar bag­la­nyş­dyr­ýar. Hö­kü­met, pu­da­ga­ra de­re­je­le­rin­dä­ki öza­ra sa­par­la­ryň hem-de du­şu­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li hä­si­ýe­ti hä­zir­ki döw­rüň ýag­da­ýy we müm­kin­çi­li­gi na­za­ra al­nyp, hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Mu­nuň aý­dyň my­sa­ly hök­mün­de, de­giş­li­lik­de, 2022-nji ýy­lyň iýul we okt­ýabr aý­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry­ny hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň bi­ziň ýur­du­my­za res­mi sa­pa­ry­ny gör­ke­zip bo­lar. Daş­kent­de we Aş­ga­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da anyk yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy hem-de res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­di. Şol res­mi­na­ma­lar giň ge­rim­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le hem 2022-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Da­şo­guz­da ge­çi­ri­len Türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň dost­luk fes­ti­wa­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­di. 

                                                                   

Türk­men-ga­zak gat­na­şyk­la­ry­na-da he­mi­şe hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, yna­nyş­mak hä­si­ýe­ti mah­sus­dyr. 2022-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na bo­lan döw­let sa­pa­ry dost-do­gan­ly­gyň berk bin­ýa­dy­na, deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm wa­ka öw­rül­di. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň öň ýa­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny As­ta­na­da ge­çi­ri­len GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne hem-de “Mer­ke­zi Azi­ýa — Rus­si­ýa” sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. Şeý­le­lik­de, bi­ziň ýur­du­myz köp­ta­rap­la­ýyn esas­da yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­ny öňe iler­let­mä­ge äh­li­ta­rap­la­ýyn ýar­dam edip, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri bi­len giň­den hyz­mat­daş­lyk et­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Türk­me­nis­tan se­bit we se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de, hu­su­san-da, “Mer­ke­zi Azi­ýa — Hy­taý”, “Mer­ke­zi Azi­ýa — Hin­dis­tan”, “Mer­ke­zi Azi­ýa — Rus­si­ýa” ýa­ly gör­nüş­ler­de hyz­mat­daş­lyk et­mek­de iş­jeň hem-de baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş et­mek ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýär. Şu gör­nüş­dä­ki gat­na­şyk­la­ra soň­ky ýyl­lar­da tä­ze dep­gin be­ril­di. 

                                                                   

Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, şun­da par­la­ment­le­riň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ra hem iş­jeň hä­si­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2022-nji ýy­lyň maý aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu fo­ru­my ge­çir­mek baş­lan­gy­jy Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa de­giş­li­dir. Bu wa­jyp köp­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk gat­na­şyk­la­ryň şu­nuň ýa­ly gör­nü­şi­niň ne­ti­je­li­di­gi­ni hem-de uly müm­kin­çi­li­ge eýe­di­gi­ni gör­kez­di. Mu­nuň özi hä­zir­ki dö­wür­de par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň bar­ha art­ýan ze­rur­ly­gyn­dan ugur al­nan­da has-da mö­hüm­dir. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Par­la­men­ti­niň Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Maj­li­si­niň Oli Maj­li­si­niň Baş­ly­gy, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Žo­gor­ku Ke­ne­şi­niň Baş­ly­gy, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Oliý Maj­li­si­niň Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy bi­len ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ry­nyň bar­şyn­da ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça gö­ni gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 12-nji maý­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edi­len Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de be­ýan edil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, 13-nji maý­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edi­len Jar­na­ma hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de yk­rar edil­di. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň we baş­lan­gyç­la­ry­nyň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­ýan­dy­gy­na, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. 

                                                                   

Par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky söh­be­di do­wam edip, bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň äh­li döw­let­ler bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy öňe iler­let­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2022-nji ýy­lyň güý­zün­de Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýa­po­ni­ýa, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­par­la­ry mö­hüm ädim bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz To­kio­da, Mosk­wa­da we Se­ul­da dost­luk­ly ýurt­la­ryň hem-de ola­ryň mil­li par­la­ment­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di, şeý­le hem rus paý­tag­tyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň umu­my mej­li­sin­de çy­kyş et­di. 

                                                                   

2022-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň ýur­du­my­za ge­len Tür­ki­ýä­niň Be­ýik Mil­let Mej­li­si­niň baş­ly­gy we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Mej­li­si­niň baş­ly­gy bi­len du­şu­şy­gy bol­dy. Türk we azer­baý­jan par­la­ment­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň ýol­baş­çy­sy bi­len hem du­şuş­dy­lar we de­pu­tat­la­ryň öňün­de çy­kyş et­di­ler. Sa­par­la­ryň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy, umu­man, däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. 

                                                                   

Mer­ke­zi Azi­ýa­da hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dy­lan­da, se­bi­tiň di­ňe yk­lym de­re­je­sin­dä­ki däl, eý­sem, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki iş­ler­de eýe­le­ýän äh­mi­ýet­li or­nun­dan ugur alyp, ýur­du­my­zyň se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri­ne top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şyk­la­ry­nyň mö­hüm­di­gi je­del­siz­dir. Şu gör­nüş­dä­ki üçün­ji sam­mi­tiň 2021-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. 

                                                                   

Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky dör­dün­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy Gyr­gy­zys­tan­da ge­çi­ril­di. Oňa gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 2022-nji ýy­lyň 21-nji iýu­lyn­da Çol­pon-Ata şä­he­rin­de bo­lup, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çir­di. Iki ýur­duň Hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň, bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da türk­men-gyr­gyz hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow kon­sul­ta­tiw du­şu­şyk­da çy­kyş edip, Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we se­bi­ta­ra de­re­je­de ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da yna­nyş­mak, äh­lu­mu­my sy­ýa­sat­da­ky we yk­dy­sa­dy­ýet­dä­ki çök­gün­lik­li ýag­daý­lar bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da me­de­ni­ýe­tiň dia­lo­gy ba­ra­da­ky me­se­lä­niň äh­lu­mu­my äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň bi­rek-bi­rek bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar­da hor­mat goý­ma­gyň, deň­hu­kuk­ly­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň gö­rel­de­si­ni gör­kez­me­li­di­gi­ni hem-de bu pi­kir­le­ri hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de iş­jeň iler­let­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Deň­hu­kuk­ly we hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­laryň äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň, ro­waç­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne ky­bap gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň mö­hüm ala­mat­la­ry­dy­gy je­del­siz­dir. Ýur­du­my­zyň bu ugur­da öňe sür­ýän tek­lip­le­ri ta­kyk öl­çe­ri­len sy­ýa­sy ugur­la­ra, sag­dyn, oňyn prag­ma­tiz­me, umu­my yk­rar edi­len, mi­ze­mez umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na da­ýan­ýan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze fi­lo­so­fi­ýa­sy­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­dan ugur al­nan­da, pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi, se­bit we äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin ha­ky­ky gu­ral hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şa ge­çir­ýän Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň öňe iler­le­dil­me­gi­ne bar­ha uly is­leg bil­di­ril­ýän­di­gi gö­rün­ýär. 

                                                                   

Ha­zar se­bi­tin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek hem ata Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Ýur­du­myz Ha­zar­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra he­mi­şe yg­rar­ly bol­mak bi­len, ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň hem-de ola­ryň halk­la­ry­nyň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, de­giş­li şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne anyk go­şant goş­ýar. Şun­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa esa­sy res­mi­na­ma bo­lup dur­ýar. 

                                                                   

Ha­zar me­se­le­si bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­mek bi­len, Türk­me­nis­tan 2022-nji ýyl­da al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­ti­ni ka­bul et­di. 29-njy iýun­da Aş­ga­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­di. Sam­mi­tiň çäk­le­rin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry hem ge­çir­di. 

                                                                   

Ýig­ri­mi ýyl mun­dan ozal, 2002-nji ýyl­da hut Aş­ga­bat­da bi­rin­ji Ha­zar sam­mi­ti­niň ge­çi­ri­len­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Ol äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ul­gam­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça ba­dal­ga öw­rül­di. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki no­bat­da­ky du­şu­şy­gy ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş eden hem Türk­me­nis­tan bol­dy. Bu ba­ra­da­ky tek­lip 2018-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len V Ha­zar sam­mi­ti­niň bar­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan be­ýan edil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow al­tyn­jy sam­mit­dä­ki çy­ky­şyn­da sy­ýa­sat we dip­lo­ma­ti­ýa, pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ugur­daş hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da, ma­ýa go­ýum­lar, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we lo­gis­ti­ka, ener­ge­ti­ka, önüm­çi­lik koo­pe­ra­si­ýa­sy, eko­lo­gi­ýa, Ha­zar deň­zi­niň te­bi­gy se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar ýa­ly ul­gam­la­ry öz içi­ne al­ýan Ha­zar me­se­le­si­ne de­gip geç­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Hyz­mat­daş­ly­gyň şu gör­nü­şi­ni dö­ret­mek baş­lan­gy­jy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za de­giş­li­dir. 2019-njy ýy­lyň tom­sun­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my Ha­zar deň­zin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­niň giň ge­ri­mi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin düý­bün­den tä­ze meý­dan­ça­nyň dö­re­dil­me­gi­niň bin­ýa­dy­ny goý­dy. 

                                                                   

Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­tin­de çy­kyş edip, uzak möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, bäş­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň anyk ugur­la­ry bo­ýun­ça bir­nä­çe tek­lip­le­ri be­ýan et­di. Aş­ga­bat du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça de­giş­li Be­ýa­nat ka­bul edil­di. On­da ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň Ha­zar­da ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mä­ge, ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, umu­my­ha­zar ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy. Şeý­le­lik­de, al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­ti ta­ry­hyň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çy­kar­ma­gyň ýo­lun­da­ky esa­sy ugur­la­ry kes­git­le­di. 

                                                                   

Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz tür­ki dün­ýä­niň ýurt­la­ry bi­len hem ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2021-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Türk­me­nis­tan Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­syn­da syn­çy de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýy­lyň 11-nji no­ýab­ryn­da Sa­mar­kant­da ge­çi­ri­len Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­gy ýur­du­my­zyň bu köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. 

                                                                   

Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy bi­len hem köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk do­wam ed­ýär. Bu hyz­mat­daş­lyk umu­my ta­ry­hy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry bo­lan halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, TÜRK­SOÝ-nyň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 2024-nji ýy­ly “Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýy­ly”, Änew şä­he­ri­ni bol­sa 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky ka­bul eden çöz­güt­le­ri bel­lär­lik­li­dir. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gynyň ge­ri­mi dün­ýä­niň dür­li se­bit­le­ri­ni gur­şap al­ýar. Hu­su­san-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýy­lyň iýul aýyn­da Aş­ga­ba­da ge­len Gru­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şu­şy­gy­nyň do­wa­myn­da däp bo­lan türk­men-gru­zin gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň döw­let­le­ri we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len dür­li gör­nüş­ler­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li gi­ňelt­mek bi­len, özü­niň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­syn­da köp­ta­rap­la­ýyn dip­lo­ma­ti­ýa­nyň — sy­ýa­sy, par­la­ment, yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, ulag, suw, yl­my, luk­man­çy­lyk, me­de­ni, eko­lo­gi­ýa, sport we beý­le­ki dip­lo­ma­ti­ýa­la­ryň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär. 2022-nji ýy­lyň 15-16-njy aw­gus­tyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­hat bu ugur­da ädi­len anyk ädim bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da gu­ra­lan bu fo­rum on­lar­ça döw­let­le­riň we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra wi­deo­ýüz­len­me­sin­de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ag­dyk­lyk ed­ýän hä­zir­ki za­man ýag­daý­la­ry­nyň sel­jer­me­si­niň ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň has mö­hüm, aý­gyt­ly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz BMG-de ulag ul­ga­myn­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­le­riň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len we gu­ra­ma­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri bi­len yzy­gi­der­li iş alyp bar­jak ýö­ri­te iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky me­se­lä se­ret­me­gi, şeý­le-de Baş As­samb­le­ýa­nyň «Äh­lu­mu­my ulag hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ösü­şin­de we ony pug­ta­lan­dyr­mak­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak» at­ly Ka­rar­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gi­riş­me­gi tek­lip et­di. Şu fo­ru­myň ka­bul eden çöz­güt­le­ri­niň we tek­lip­le­ri­niň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça 2024-nji ýyl­da ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tu­lan üçün­ji mas­la­ha­ty­na taý­ýar­lyk gör­me­giň esa­sy­ny düz­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di. 

                                                                   

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň ibe­ren ha­tyn­da hem «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Bu ha­ty BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry we Az ösen döw­let­ler, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler hem-de ösüp bar­ýan ki­çi ada döw­let­ler bo­ýun­ça Ýo­ka­ry we­ki­li ha­nym Ra­bab Fa­ti­ma san­ly ul­gam ar­ka­ly oka­dy. 

                                                                   

Fo­ru­myň ne­ti­je­le­ri ka­bul edi­len Jem­leý­ji Be­ýan­na­ma­da ber­ki­dil­di. Res­mi­na­ma­da ne­ti­je­li ulag ul­ga­my­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek we ut­gaş­dyr­mak bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­ýär. Mu­nuň özi deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ýurt­lar­da dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň aý­ryl­maz şer­ti­dir. Şeý­le hem dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­tyň jem­le­ri bo­ýun­ça bin­ýa­dy goý­lan dur­nuk­ly ulag bo­ýun­ça Aş­ga­bat pro­se­si­ni do­wam et­dir­me­giň, bu pro­se­siň çäk­le­rin­de de­giş­li köp­ta­rap­ly ge­ňeş­me­le­riň, bi­lim çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ne üns çe­kil­ýär. 

                                                                   

Hä­zir­ki döw­rüň ýag­daý­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da, suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy hem aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Bu dip­lo­ma­ti­ýa suw se­riş­de­le­ri­ni di­kelt­mek we go­rap sak­la­mak, ola­ry oý­la­ny­şyk­ly, re­je­li peý­da­lan­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça dia­log üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hut şeý­le çe­me­leş­me bu mö­hüm ul­gam­da öň­de dur­ýan hem-de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ryn­da bel­le­nen we­zi­pe­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li gu­ra­ly iş­läp taý­ýar­la­mak üçin dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň işi­ni ut­gaş­dyr­mak­da yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de äh­lu­mu­my, se­bit we mil­li gu­ral­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­na we bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­me­li­di­gi­ne ün­si çek­ýär. Şun­da suw we eko­lo­gik ýag­daý­lar il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nen­dir. Ýur­du­myz su­wy re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş edip, suw dün­ýä halk­la­ry­nyň umu­my baý­ly­gy, aras­sa içim­lik su­wa ada­lat­ly we deň­hu­kuk­ly el­ýe­ter­li­lik her bir ada­myň aý­ryl­maz hu­ku­gy­dyr di­ýen ýö­rel­gä eýer­ýär. Türk­me­nis­tan bu ugur­da­ky me­se­le­le­riň hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry esa­syn­da, her bir ta­ra­pyň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len we ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, BMG-niň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da çö­zül­me­li­di­gi­ne berk ynan­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Azi­ýa — Ýu­waş um­man Suw sam­mi­tin­dä­ki (APWS) çy­ky­şyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň bu ýö­rel­ge­le­re berk eýer­ýän­di­gi öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 2022-nji ýy­lyň 23-nji ap­re­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça san­ly ul­gam ar­ka­ly dör­dün­ji Azi­ýa — Ýu­waş um­man Suw sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, bi­ziň ýur­du­myz suw me­se­le­si bo­ýun­ça dün­ýä bi­le­le­şi­gi, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len mak­sat­na­ma­la­ýyn res­mi­na­ma­lar esa­syn­da ýa­kyn­dan hem-de yzy­gi­der­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Bu res­mi­na­ma­lar BMG-niň 2012-nji ýyl­da­ky «Rio+20» mas­la­ha­tyn­da, 2015-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Te­gu şä­he­rin­de ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­myn­da, 2018-nji ýyl­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len Du­şen­be hal­ka­ra mas­la­ha­tyn­da we beý­le­ki mö­hüm fo­rum­lar­da ka­bul edil­di. Türk­men ta­ra­py­nyň şol fo­rum­lar­da be­ýan eden baş­lan­gyç­la­ry anyk hä­si­ýe­te eýe bo­lup, adam­la­ryň ha­ky­ky ze­rur­lyk­la­ry se­bit ösü­şi­niň we hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mak­sat­la­ry bi­len bag­ly­dyr. 

                                                                   

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan bu ugur­da edil­ýän ta­gal­la­la­ra, ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ra ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň bu sam­mi­te gat­naş­ma­ga ça­gy­ryl­ma­gy, dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ne­ti­je­li tek­lip­le­ri­niň gol­da­nyl­ma­gy ýur­du­my­zyň be­lent hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň, äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gi­ne goş­ýan go­şan­dy­nyň yk­rar edil­me­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Sa­mar­kant şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­gy Wa­ta­ny­my­zyň ne­ti­je­li döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de iş­jeň orun eýe­le­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň sam­mit­dä­ki çy­ky­şyn­da nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­myz ŞHG bi­len sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi, ony tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­gy hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gy, oňa uzak möh­let­le­ýin, stra­te­gik hä­si­ýe­t ber­me­gi mak­sat edin­ýär. 

                                                                   

Sam­mi­tiň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti, şeý­le hem ŞHG-niň Baş sek­re­ta­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň do­wa­myn­da ta­rap­la­ryň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy be­ýan edil­di. Mu­nuň üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler bar­dyr. 

                                                                   

Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dy­lan­da, Türk­me­nis­tan olar bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär. Şun­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy, Ýa­po­ni­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len köp­ýyl­lyk stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy my­sal hök­mün­de ge­tir­mek bo­lar. Türk­me­nis­ta­nyň bu ýurt­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry ozal­dan gel­ýän dost­lu­ga we ta­rap­la­ryň öza­ra hoş­ni­ýet­li er­ki­ne esas­lan­mak bi­len, sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýa­po­ni­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­par­la­ry­nyň do­wa­myn­da yk­dy­sa­dy ul­gam­da­ky öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şol sa­par­la­ryň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bu ýurt­la­ryň işe­wür to­par­la­ry­nyň hem-de ugur­daş dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len du­şuş­dy. 

                                                                   

Da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak­da we ös­dür­mek­de bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­par­la­ryň, ko­mi­tet­le­riň hem-de işe­wür­lik ge­ňeş­le­ri­niň işi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da dö­re­di­len amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy türk­men ba­za­ry­nyň da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­le­ri üçin özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni şert­len­dir­ýär. “Türk­me­nis­tan — ABŞ” işe­wür­lik ge­ňe­şi özü­ni hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li gu­ra­ly hök­mün­de gör­kez­di. Onuň işi iki­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, iki ýur­duň ugur­daş döw­let dü­züm­le­ri­niň we işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da ýa­kyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. 2022-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da Aş­ga­bat­da ABŞ-nyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da no­bat­da­ky bi­le­lik­dä­ki işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän işe­wür du­şu­şyk­lar Türk­me­nis­ta­nyň ýew­ro­pa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da 2022-nji ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Türk­men-awst­ri­ýa işe­wür­lik mas­la­ha­ty­ny we Bi­le­lik­dä­ki to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si­ni anyk my­sal hök­mün­de ge­tir­mek bo­lar. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan öz da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge hem uly üns ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýy­lyň 21-22-nji no­ýab­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry bu ugur­da ädi­len tä­ze äh­mi­ýet­li ädim bol­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça mö­hüm yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy hem-de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk bin­ýa­dy­nyň üs­tü­ni ýe­ti­ren we türk­men-emir­lik­ler hyz­mat­daş­ly­gy­nyň kuw­wa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, onuň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­di. 

                                                                   

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sa­pa­ryň do­wa­myn­da “Türk­me­nis­tan — BAE” işe­wür­lik mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň fo­rum­da­ky çy­ky­şy dost­luk­ly ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan uly gy­zyk­lan­ma bi­len ka­bul edil­di. Iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry, ma­ýa go­ýum işi­ni yzy­gi­der­li ös­dür­me­giň ýol­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan, anyk tek­lip­ler be­ýan edi­len fo­rum­da dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça res­mi­na­ma­la­ra, şol san­da de­giş­li yla­la­şyk­la­ra, iki döw­le­tiň te­le­ke­çi­lik dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da şert­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. 

                                                                   

2022-nji ýy­lyň de­kabr aýy­nyň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ka­tar Emi­ri­niň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça Ka­tar Döw­le­ti­ne bar­dy. Do­ha şä­he­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dost­luk­ly, öza­ra hor­mat goý­mak hä­si­ýe­te eýe bo­lan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň şu sa­pa­ry­nyň türk­men-ka­tar gat­na­şyk­la­ry­ny äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mä­ge hyz­mat et­jek­di­gi nyg­tal­dy. Şeý­le hem Ka­tar­da bol­ma­gy­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu ýurt­da geç­ýän Fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň oýun­la­ry­nyň bi­rin­de hor­mat­ly myh­man bol­dy. 

                                                                   

2022-nji ýy­lyň 9-njy de­kab­ryn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­tin­de (Do­ha şä­he­ri) il­çi­ha­na­sy­ny aç­mak ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di. Mu­nuň özi ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­di. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, her ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da ýur­du­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len bi­le­lik­de Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ni bel­le­ýär. 2022-nji ýyl­da bu şan­ly se­nä ba­gyş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça “Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len fo­rum hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, BMG-ä ag­za ýurt­la­ryň döw­let eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny hem-de we­kil­le­ri­ni, gör­nük­li jem­gy­ýet­çi­lik, sy­ýa­sy iş­gär­le­ri, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň dip­lo­mat­la­ry­ny, hal­ka­ra bi­ler­men­le­ri jem­le­di. Şan­ly se­nä­niň öňü­sy­ra­syn­da Aş­ga­bat­da ge­çen çä­re­le­re Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň ýyl­lyk mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar hem mas­la­ha­tyň hor­mat­ly myh­man­la­ry bol­du­lar. 

                                                                   

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra BMG-niň Baş sek­re­ta­ry, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň we dü­züm­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry gut­lag­la­ry­ny iber­di­ler. Mu­nuň özi Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­na, onuň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik işi­niň giň­den yk­rar edil­ýän­di­gi­ne we gol­da­nyl­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Fo­ru­myň mow­zuk­la­ýyn mej­lis­le­ri­niň işi­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Jem­leý­ji res­mi­na­ma ka­bul edil­di. 

                                                                   

Ýur­du­myz ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki dür­li du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň he­mi­şe ba­şy­ny baş­la­ýar hem-de ola­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­ýär. Şol du­şu­şyk­lar uzak möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne oňyn çe­me­leş­me­le­ri ke­ma­la ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. My­sal üçin, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň we Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň gat­naş­ma­gyn­da­ 14-nji de­kabr­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji üç­ta­rap­la­ýyn sam­mit 2022-nji ýy­lyň äh­mi­ýet­li wa­ka­sy bol­dy. 

                                                                   

Döw­le­ta­ra gat­na­şy­ka­ryň ta­ry­hyn­da hil taý­dan tä­ze tap­gy­ryň ba­şy­ny baş­lan bu du­şu­şyk bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň we halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mi­ze­mez­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Sam­mi­tiň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar, gol çe­ki­len res­mi­na­ma­lar öza­ra bäh­bit­li üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň we onuň ugur­la­ry­ny gi­ňelt­me­giň, bi­le­lik­dä­ki tä­ze tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň esa­sy­ny ber­kit­di. 

                                                                   

Şeý­le­lik­de, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan oňyn da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na berk yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şol ugur bol­sa äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň, gül­läp ösü­şiň we ro­waç­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän deň­hu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň öňe sü­ren “Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly kö­pu­gur­ly baş­lan­gy­jy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam et­me­li­dir. 

                                                                                                           

(TDH)

21.12.2022
Nebit-gazly Watanym

Ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär. Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta —Gündogar ugurlary boýunça göni gepleşikleriň gerimini giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar. 

                                                                   

Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, şol sanda gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli bolan iri senagat desgalary gurulýar. Bu gün nebithimiýa pudagynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň, gazy we nebiti gaýtadan işleýän täze önümçilikleri gurmagyň esasynda gaýtadan işlenen taýýar önümleri eksport etmek ileri tutulýan ugur hökmünde öňe çykýar. Ýurdumyzda kuwwatly gaýtadan işleýän senagat toplumlary döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda soňky ýyllarda gurlan döwrebap senagat toplumlary bolan Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawod, aýna kombinaty ýaly ägirt uly kärhanalary mysal getirmegi hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigini bellemegi guwandyryjy üstünliklerimiziň görkezijisidir.  

                                                                   

Täze gurulýan desgalaryň önümçilik işi ylym bilen önümçiligiň sazlaşygyna esaslanýar. Olarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda ylmyň soňky gazananlary, sanly tehnologiýalar ulanylýar. Nebitgaz pudagynda işleýän toplumlar ylmyň, inženerçilik pikiriniň soňky gazananlaryny özünde jemleýänligi bilen tapawutlanýar. Bu işler bolsa, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ädilýän ädimleriň ilerlemegine getirýär. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen alynýan takyk maglumatlar uglewodorod çig malynyň gözlegi we gazylyp alynmagy üçin harajatlary tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu ulgamda sanly ulgamyň artykmaçlyklaryndan giňden peýdalanmakda kämil hünärmenleri ýetişdirmek derwaýys wezipe bolup durýar. 

                                                                   

Ýakyn geljekde gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça birnäçe taslamany durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak dowam etdiriler. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bu döwürde nebitgaz toplumyna iri möçberli dürli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. Bu döwürde sintetiki benzin, kauçuk we polistirol, metildietanolamin, poliwinilasetat we beýleki polimerleri öndürjek täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşyklaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Munuň özi halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň gurallaryna öwrülip, sebitde jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy we ählumumy ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berer.  

                                                                                                           

Ogultäç BALAÝEWA,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

21.12.2022
Geofizikleriň ynamly gadamlary

Eziz Diýarymyzyň nebit-gazly ýataklaryndaky baýlyklary gözläp tapmak ýaly möhüm işler, esasan, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň netijeli zähmetine baglydyr. Şeýle ojaklaryň gazylan we burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularynda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan öndümli gatlaklarda, zerur bolan halatynda, degişli çäreleri amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmaşyz işleriň onlarçasyny hut şu müdirligiň geofizikleri üstünlikli amala aşyrýarlar. Juda anyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde müdirligiň Balkanabatdaky, şeýle hem kuwwatly awtoulaglarynda oturdylan kämil barlamhanalaryna aýgytly orun degişlidir. 

                                                                   

Müdirlikde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň on bir aýynda 60 million 176 müň manatlyga derek 73 million manatlykdan hem gowrak işler özleşdirilip, meýilnama 121,3 göterim amal edildi. Gazanylan üstünlige müdirligiň Hazar we Ekerem şäherçelerindäki senagat-geofizika ekspedisiýasynyň, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologik hem-de ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýalarynyň işçi-hünärmenleri saldamly goşant goşdular. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

20.12.2022