Hyrydarly hem lezzetli harytlar

Dekabryň soňky günleri ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini seljerip, belent maksatlar, ýagşy arzuw-umytlar bilen Täze ýyla taýýarlyk görülýän döwür. Dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara myhmançylyga baryp, birek-biregi gutlamak, sowgat bermek baýramçylygyň ýatdan çykmajak duýgulara beslenmegine ýardam berýär. Ýurdumyzyň söwda edaralary, önümçilik kärhanalarydyr hususy telekeçileri hem ildeşlerimiziň Täze ýyl şatlygyny artdyrmaga goşant goşmak üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. 

                                                                   

Baýramçylygyň öňüsyrasynda bazarlarda, söwda merkezlerinde, dükanlarda azyk we beýleki harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi gözüňi dokundyrýar. Täze ýyl mynasybetli amatly bahalardan alyjylara hödürlenilýän harytlaryň arasynda milli önümlerimiziň agdyklyk etmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleriň hem-de adamlaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň görkezijisidir. «Hasar», «Täze Aý», «Altyn Ýunus», «Oguzhan», «Mekan», «Bars» ýaly hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň, şeýle hem beýleki telekeçileriň konditer önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri we olardan taýýarlanylan sowgatlar baýramçylyk bazarlarynyň iň geçginli harytlarynyň hataryndadyr. 

                                                                   

2000-nji ýylda esaslandyrylyp, öz ugrunda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan «Hasar» konditer kärhanasy hem baýramçylygy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Bu ýerde süýji-kökeleriň, şokoladly, şokolad örtükli, karamel süýjüleriň, waflileriň, miwe tagamly marmeladlaryň, garaz, konditer önümleriniň ýüze golaý görnüşi öndürilýär. Olar şu günler ýurdumyzyň çar ýanyndaky söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenilýär. Geljek ýylda kärhana konditer önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi meýilleşdirýär. 

                                                                   

Et-süýt we beýleki azyk önümleri bilen birlikde konditer önümlerini öndürmekde üstünlikli iş alyp barýan «Täze Aý» hususy kärhanasy hem baýramçylyklara ýokary taýýarlykly geldi. Şu ýylyň tomsunda Mary welaýatynyň Mary etrabynda hususy kärhananyň konditer önümlerini öndürmäge niýetlenen ýörite önümçilik toplumynyň ulanylmaga berlendigini hem bellemek gerek. Bu ýerde ozal «Täze Aý» haryt nyşany bilen konditer önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri öndürilen bolsa, baýramçylyk mynasybetli täze önümleriň 15 görnüşi olaryň üstüni ýetirdi. Şolaryň hatarynda «Sarwan», «Zemin», «Süýji dünýä» şokolad örtükli marmelad süýjüleri hem bar. Gelşikli gaplara gaplanan Täze ýyl sowgatlary bolsa körpeleriň söýgüsini gazanan konditer önümleriniň dürli görnüşlerinden taýýarlanylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda döredilen ilkinji hususy düzümleriň biri bolan «Oguzhan» konditer kärhanasynda hem Täze ýyl baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Paýtagtymyzyň G.Kulyýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän döwrebap kärhanada konditer önümleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär. «Aýazbaba», «Garagum», «Ýyldyz», «Keýik», «Maýa», «Täç», «Aýly agşam» ýaly şokolad önümleri körpeler üçin ajaýyp sowgatdyr. Konditer kärhanasynda öndürilen süýjülerdir taýýarlanylan sowgatlar Diýarymyzyň ähli sebitlerindäki söwda nokatlarynda amatly bahalardan alyjylara hödürlenilýär. 

                                                                   

1998-nji ýylda esaslandyrylan «Mekan» hususy kärhanasy hem baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli täze önümleriň önümçiligini ýola goýýar. «Sport», «Mekan», «Arzuw», «Mukam», «Gyş», «Ýaz», «Tomus», «Güýz», «Şapak», «Ýolbars», «Merjen», «Garagum» süýjüleri, miweli, huruşly karamelleriň 10-dan gowrak görnüşleri bilen halk köpçüliginiň arasynda giňden tanalýan kärhanada dekabr aýynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli erik, ýertudana, banan, malina tagamly şokolad örtükli süýjüleriň hem-de «Altyn açarjyk» süýtli irisiň önümçiligine başlandy. Täze önümler ýetip gelýän baýramçylyga özboluşly sowgatdyr. 

                                                                   

Halkymyzyň söýgüsini gazanan konditer önümleriniň hatarynda «Bars» haryt nyşanly şokoladlar hem bar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhanada konditer önümleriniň 50-ä golaý görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň ähli künjegindäki söwda nokatlaryna, bazarlara, dükanlara iberilýär. «Bars», «Kerwen», «Toý paý», «Garagum», «Keýik», «Kümüş», «Serpaý», «Bahar» ýaly atlar bilen öndürilýän şokoladlar we beýleki süýjülikler ildeşlerimiziň baýramçylyk saçaklaryny bezeýär. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».