Habarlar
Durnukly ösüş maksatlary durmuşa ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýär we bütin dünýäde kuwwatly senagatlaşýan döwlet hökmünde tanalýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenilendir. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge doly mümkinçilik berýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimiziň ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ykdysadyýetiň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, öz milli önümçiligimiziň hasabyna içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmaga gönükdirilýär. Bu maksatlara ýetmek üçin, ýurdumyzda maýa goýum we işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmaga, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge, hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlary ählumumy derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň esasy hasaplanýar. Onuň 17 maksadynyň ählisi Ýer ýüzüniň serişdelerini gorap saklamagy we ählumumy deňligi hem-de tutuş adamzat abadançylygyny üpjün etmegi nazarlaýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler geçirilýär, sebit we dünýä derejesinde durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Bu strategik resminama bütin dünýäde garyplygy aradan aýyrmaga, azyk howpsuzlygyny hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmäge, suw we energiýa gorlarynyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny gazanmaga ýardam berýär. Ol senagatlaşmagy we ekologik abadançylygy goldamaga, adamzat üçin ýokary durmuş şertlerini döretmäge täze mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistan ikinji Meýletin Milli Synyny taýýarlady. 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň howandarlygynda bolup geçen ýokary derejeli syýasy forumda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagy boýunça Türkmenistanyň ikinji Meýletin Milli Syny bu gurama agza ýurtlaryň dykgatyna ýetirildi. 

                                                                   

Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilen pursadyndan bäri döwletimiziň durmuş we ykdysady syýasatynda ýokary netijeleri gazanmak, ýurduň dünýä bileleşigine goşulyşmagyny çuňlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirini azaltmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirildi. Durnukly ösüşiň milli konsepsiýasyny işläp taýýarlamagyň esasynda onuň milli ulgamynyň umumy kuwwatynyň özara baglanyşykly üç böleginiň — durmuş, ykdysady we ekologiýa ugurlarynyň ösüşini açyp görkezýän toplumlaýyn çemeleşme ýola goýuldy. Şunda esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde möhüm görkezijiler boýunça ýokary ösüşi gazanmak babatda birnäçe anyk çäreler kesgitlenildi. 

                                                                   

Türkmenistanda bazar ykdysadyýeti işjeň kemala getirilýär. Tebigy gazyň köp möçberde ätiýaçlyk gorlarynyň bolmagy döwlete ykdysady ösüşde we durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmakda ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu babatda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we gurluş taýdan üýtgedip guramaga, tebigy gazyň eksportyna baglylygy aradan aýyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» ýaly döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen maksatlara, wezipelere laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze tapgyry dowam edýär. 

                                                                   

Ulgamlaýyn özgertmeleriň çäklerinde ýurtda bäsdeşlige ukyply kärhanalary emele getirmegiň hasabyna diwersifikasiýalaşdyrylan we innowasion ykdysadyýeti gurmagy göz öňünde tutýan ugur durmuşa geçirilýär. Özgertmeler ulgam emele getiriji kärhanalary çökgünlikden soňky täze ýagdaýlara çalt depginde uýgunlaşdyrmak bilen, senagatyň strategiýa taýdan möhüm pudaklaryny goramaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň strategik maksady çig mala gönükdirilen ugurdan ýokary goşulan gymmaty bolan önümleri öndürýän gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmäge geçmek bolup durýar. Maýa goýumlar goýlanda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň gurluşyny kämilleşdirmek, hereket edýän önümçilikleri tiz döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, täze önümçilikleri döretmek ýaly wajyp wezipeleri çözmäge möhüm orun berilýär. Maýa goýmak işinde telekeçiligi we hususy maýa goýumlary höweslendirmäge, goşmaça iş ýerlerini döretmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny goşmak bilen, dürli çeşmelerden maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn üns berilýär.  

                                                                   

«Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol ilaty iş bilen üpjün etmek ulgamynda döwlet syýasatyny kesgitleýär we raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge, olary işsizlikden goramaga gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik ulgamynda döwlet kepillendirmelerini belleýär. Şeýle çäreleriň ählisi täze iş ýerleriniň döredilmegine täsir edýär. Iş bilen üpjünçilik ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine goltgy berýär. Adamyň maddy üpjünçiliginiň kepillendirijisi bolmakdan başga-da, iş bilen üpjünçilik tutuş ykdysadyýetiň öndürijiligini ýokarlandyrmak we jemgyýetde durmuş taýdan jebisligi pugtalandyrmak ýaly, has möhüm durmuş meselelerini çözmegiň girewi bolup durýar. Şol sebäbe görä, döwlet syýasatynda Türkmenistanda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmagy üpjün etmek we zähmet bazarynyň meselelerini oňyn çözmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin şertleri döretmek boýunça çärelere uly üns berilýär. 

                                                                   

Türkmenistanda öndürijilikli zähmet çekmek, şahsy ösüş we ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýurtda sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi uzak aralykdan işlemek we zähmeti guramagyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly, ilatyň iş bilen üpjünçilik ulgamyny giňeltmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Munuň özi ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş ýaly ulgamlaryň barha kämilleşmeginde, iş bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagynda, sebitleriň deňeçer ösdürilmeginde hem duýulýar. 

                                                                                                           

Leýli MYRATDURDYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň durnukly ösüş syýasaty bölüminiň baş hünärmeni.

15.09.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbä geldi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Saparyň maksady dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Ýokary derejeli saparlar mynasybetli Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar, türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.  

                                                                   

Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, günüň ikinji ýarymynda Täjigistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçiriler. Soňra saparyň wakalary medeni maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler bilen dowam eder. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» atly mehanizmi döretmek başlangyjy 2017-nji ýylyň sentýabrynda öňe sürlüpdi. Şondan bäri sebitiň Liderleri 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda, 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyzystanda guralan sammitlere gatnaşdylar. Ýokary derejeli duşuşyklarda Merkezi Aziýa sebitini özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda gepleşiklerdir geňeşmeler arkaly ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, ugurlaryň giň toplumy boýunça öňde durýan anyk wezipeler kesgitlenilýär. 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

14.09.2023
Obasenagat toplumynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň möhüm şerti

Oba hojalygy pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda dürli ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy şertlendirýän ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň, daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmeginiň, pagta ýygymy möwsüminde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň doly güýjünde ulanylmagynyň şu günüň möhüm talabydygyny nygtady. 

                                                                   

Oba hojalyk toplumynyň ägirt uly kuwwatyny toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň hasabyna netijeli üstünlikleriň gazanylandygy bellärliklidir. Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde bu toplumy dolandyrmagy we düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk we seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy oba hojalyk usullary hem-de ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmakdaky köpasyrlyk tejribesi hem oba hojalygyny okgunly ösdürmekde ygtybarly binýatdyr. 

                                                                   

Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülip, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze kysymly tehnikalar satyn alynýar. Ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň hödürlenilmegi, tohum, mineral dökünler, beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilmegi ýaly oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe-ykdysady taýdan höweslendirýän çäreleriň ählisi oňyn netijesini berip, daýhanlaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanyp, maddy üpjünçiligi barha ýokarlanýar. Bu ugurda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler oba ýerlerinde zähmete bolan höwesiň ýokarlanmagyny, oňa ýaş hünärmenleriň çekilmegini we ilatyň iş bilen üpjünçiligini şertlendirdi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, däneçilik we pagtaçylyk ýurdumyzyň ekerançylygynyň strategik ugurlarydyr. Bugdaýyň we “ak altynyň” önümçiligi hem-de gaýtadan işlenilmegi hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän obasenagat syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy bellenilýär. Ol oba hojalygynyň ähli ugurlarynda ekerançylarymyzyň ýeten sepgitlerini aýdyň görkezýär. Baýramçylygyň çäklerinde, däp bolşy ýaly, iň ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. 

                                                                   

6-njy sentýabrda döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Bu jogapkärli möwsümiň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin ähli çäreler görüldi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gallaçy daýhanlar ekerançylyk meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy. 

                                                                   

Türkmen topragynyň ekerançylygyň baý medeniýetiniň dörän gadymy ojagydygy bellärliklidir. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaý sümmüllerini ösdürip ýetişdirmek üçin güýç-gaýratlaryny gaýgyrmandyrlar. Her bir kärendeçi üçin bereketli hasyl onuň bolelin ýaşamagynyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygynyň synagydyr. Ýylyň-ýylyna halal zähmet çekmegiň göreldesini görkezýänleriň sany barha artýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň güwäsidir. 

                                                                   

Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm orny eýelemek bilen, ol senagat üçin zerur bolan çig maly, azyk bolçulygyny üpjün edýär hem-de ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ösüşine itergi berýär. Pagtaçylyk oba hojalyk toplumynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýar. Tehniki üpjünçiligiň gowulandyrylmagy, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, ekerançylaryň işleriniň ýeňilleşdirilmegi bu pudagyň ösüşiniň binýatlaýyn ugurlarydyr. Bu işde türkmen alymlaryna, ýöriteleşdirilen ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenlerine uly orun degişlidir. Tohumçylyk we seçgiçilik işi, dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmek, şol sanda ýerleriň suwaryş işlerinde innowasion tehnologiýalary synagdan geçirmek olaryň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň eksportynyň agramly bölegini eýelemek bilen, pagta sazlaşykly ösýän dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup durýar. Bu kärhanalar ýurdumyzyň hem-de dünýäniň bazarlarynda uly islege eýe bolan, halkara ölçeglere laýyk gelýän önümleri öndürýärler. Pagtaçylyk pudagynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, “ak altyn” hasylynyň möçberini has-da artdyrmak üçin ýokary hilli tohumlaryň taýýarlanylmagy möhüm şertdir. Şu maksat bilen, pagtany gaýtadan işleýän desgalary düýpli döwrebaplaşdyrmak, şol sanda täze kärhanalary gurmak boýunça anyk ädimler ädildi. 

                                                                   

Şu ýyl Türkmenistanda pagta ýygymyna 9-njy sentýabrda girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymy 15-nji sentýabrda başlanar. 

                                                                   

Pagta ýygymy möwsümi oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin hakyky synagdyr. Bu jogapkärli möwsümiň üstünlikli geçirilmegi gönüden-göni işleriň guramaçylygyna baglydyr. Şonuň üçin-de, ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin onda ulanylýan tehnikalara hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. 

                                                                   

Bugdaý we pagta öndürmek bilen bir hatarda, ýeralma, gant şugundyry, şaly, beýleki gök önümleri, däneli we bakja ekinlerini ýetişdirmek üçin ýerler bölünip berilýär, täze bagçylyklar, üzümçilikler döredilýär. Maldarçylyk, guşçulyk, balçylyk, ýüpekçilik we oba hojalygynyň beýleki görnüşleri yzygiderli ösdürilýär. Bularyň ählisi işleriň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagyny we awtomatlaşdyrylmagyny talap edýär. 

                                                                   

Täze ykdysady şertlerde telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy oba hojalyk özgertmeleriniň häsiýetli aýratynlygydyr. Oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işlere ýyladyşhana hojalyklarynyň ulgamyny barha giňeldýän ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. 

                                                                   

Suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şertidigini bellemelidiris. 8-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak barada aýdyp, bellenen meýilnamalaýyn çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek hem-de suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Gurak tebigy zolakda suwdan peýdalanmak babatda örän uly tejribe toplamak bilen, Türkmenistan bu ugurda alnyp barylýan ylmy barlaglarda öňdäki orny eýeleýär we beýleki döwletleri suw serişdelerine aýawly çemeleşmäge çagyrýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Garagumuň jümmüşinde innowasion häsiýetli “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu taslama Watanymyzyň dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň oňyn çözülmegine uly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň oba we suw hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, tutuş sebitiň ekologik abadançylygyna-da oňyn täsirini ýetirer. Şunuň bilen birlikde, suwuň ätiýaçlyk gorlary döredildi. Olary tebigy şertlerde arassalamak hem-de häzirki zaman tehnologiýalary arkaly oba hojalyk pudagy, şol sanda täze ekerançylyk ýerlerini özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, bag nahallaryny suwarmak we tehniki hajatlar üçin peýdalanyp bolar. 

                                                                   

Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşy we has-da öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge, döredijilik kuwwatyny netijeli ulanmaga gönükdirilendir. 

                                                                                                           

(TDH)

14.09.2023
Ösüşlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hususy telekeçileriň mynasyp paýynyň bardygyny ajaýyp zamanamyzda olaryň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde durmuşymyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegini hemmetaraplaýyn goldamagyň aýratyn ileri tutulýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanmak bilen, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün etmekde, döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda telekeçilerimiziň eýeleýän sepgitleri guwandyryjydyr.  

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Bu şanly toýa ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barmak ähli pudaklaryň işgärleriniň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň telekeçileri hem Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. 

                                                                                                           

Ogulbäbek Nurgulyýewa,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň baş buhgalteri.

14.09.2023
Durnukly ykdysady ösüş ugrunda

Ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, import edilýän önümleriň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürmekligi işjeňleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli hem-de toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Ykdysady özgertmeler, öňi bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyk guramaga we ony kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly milli nusgasyny kemala getirmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri — milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar-institusional özgertmeleri mundan beýläk hem ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar. 

                                                                   

Özara bähbitli we deňhukukly esasda milli hem-de halkara taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini berkidýär. Häzirki wagtda ykdysadyýet diňe uglewodorod serişdelerine bagly däldir. Soňky ýyllarda gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge hem uly üns berilýär. Bu bolsa önümçilik senagatynyň pudaklaýyn düzüminiň köpdürlüligini emele getirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, çig maly gaýtadan işleýän pudaklar, ýagny himiýa, nebitgaz himiýasy, maşyn gurluşygy, metal işlemek, dokma, azyk senagaty hem-de beýleki pudaklar çalt depginler bilen ösýär. Senagat önümleriniň möçberleri ep-esli artýar, ýerli önümçiligiň hasabyna içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da ýokarlanýar, sebitlerde täze kärhanalar gurulýar, halkara we milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda döwlete dahylsyz pudagyň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Bu milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen baglydyr. Soňky ýyllarda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek, ykdysadyýetiň dürli pudagynda onuň işini giňeltmek boýunça işler üstünlikli amala aşyryldy. Bu günki gün ýurdumyzyň telekeçileri bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Olaryň möçberi köpelýär, hili gowulanýar we görnüşleri artýar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetiň mundan beýläk hem durnukly ösmegi hususy telekeçiligiň işjeňleşmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Bu bolsa ýurduň jemi içerki önüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýynyň artmagyna getirýär. Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny goşmazdan) döwlete dahylsyz pudagyň paýy 70 göterimden gowrakdyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň ygtybarly girewidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, halkara zähmet bölünişiginde Watanymyzyň mynasyp ornuny, ykdysadyýetiň durnukly we kadaly ösüşini üpjün etmek, ykdysady ösüşi ýokary depginlerde saklamak, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen, giň gerimli ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ykdysady ösüş depgini ýurdumyzyň tebigy we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, ykdysadyýetiň dowamly işjeňleşdirilmegi, sanly we nanotehnologiýalaryň işe girizilmegi, hususy ulgamyň ösdürilmegi hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň geriminiň giňeldilmegi netijesinde gazanylýar. Ýakyn geljekde ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşe esaslanýan we tehnologik sepgitlere eýe bolýan täze önümler, tehnologiýalar dörediler, täze bazarlara çykmaga mümkinçilik dörär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň amatly geosyýasy ýerleşişi, çäklerinde halkara üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi ykdysadyýetimiziň mümkinçiliklerini, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny, haryt we ýolagçy üstaşyr dolanyşygyny artdyrar. Bilimiň we ylmyň hil derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmek işleri mundan beýläk hem ileri tutulýan ugra öwrüler. 

                                                                   

Maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary ykdysadyýetimiziň globallaşmagyna, milli harytlaryň dünýä bazarlarynda ornaşmagyna hyzmat eder. Ylmy, medeni we lukmançylyk syýahatçylygynyň täze ugurlarynyň ösüşi ýurdumyza daşary ýurt syýahatçylarynyň akymyny özüne çekmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly işleriniň netijesinde jemi içerki önümiň durnukly ösüşi yzygiderli üpjün edilýär. Türkmenistan geljekde hem öz ösüşinde bilim, jemgyýetçilik, saglygy goraýyş, ylym, tehnologiýa, maglumat ulgamlaryny ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, daşky gurşawy goramak, durmuşyň ýokary derejesini, her bir şahsyýetiň döredijilik ukyplarynyň aýan edilmegini üpjün etmek ýaly çärelere aýratyn ähmiýet berer. 

                                                                   

Ýurt Baştutanymyzyň ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasatynyň netijesinde 2028-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýy 29 göterime deň bolar diýlip çaklanylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetde senagat önümçiliginiň eýeleýän ornuny pugtalandyrar. Daşary ykdysady işi mundan beýläk hem ösdürmek, eksport-import amallaryny kämilleşdirmek, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işler hem dowam etdiriler. 

                                                                   

Salgyt-býujet syýasatyny döwrebaplaşdyrmak, maliýe hasabatlylygy yzygiderli kämilleşdirmek, aýdyňlyk, sanly usullary ornaşdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Ykdysady syýasatda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini düzgünleşdirmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça çärelere hem möhüm orun berilýär. 

                                                                                                           

Parahat MERETLIÝEW,

                       

Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň esasy hünärmeni.

08.09.2023
2023-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanda, şeýle-de daşary ýurtlarda şu ýylyň awgustynda geçirilen köpugurly çäreler, dürli derejedäki ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklar — Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar, sergilerdir forumlar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin amatly şertleri döretmek babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň beýany boldy. 

                                                                   

5-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary köp sanly ugurlarda, şol sanda ýaşlar syýasaty, medeniýet, bilim, ylym ulgamlarynda, hytaý dilini öwrenmek ugry boýunça giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

8-nji awgustda Türkmenistanda öz işini tamamlaýan Niderlandlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstens bilen bolan duşuşykda söwda, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa, oba hojalygy, bilim, medeniýet ulgamlarynda, halkara düzümleriň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşi nygtaldy. 

                                                                   

11-nji awgustda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen türkmen-indoneziýa geňeşmelerinde ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna seredildi. 

                                                                   

12-nji awgustda Hazar deňziniň güni mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, Balkan welaýatynyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy. Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan 20 ýyl mundan ozal gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) güýje giren gününde bellenilýär. 

                                                                   

Utgaşykly görnüşde geçen foruma Hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň, şeýle hem Gruziýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň — BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň hem-de beýleki guramalaryň wekillerini görkezmek bolar. 

                                                                   

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Türkmenistan dünýäniň häzirki we geljek nesilleriniň bähbidine ählumumy ekologik meseleleri netijeli çözmek boýunça başlangyçlary öňe sürmek bilen, bu ugurda parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli, umumy bähbitleri nazara almak, sebitde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty amala aşyrýar. 

                                                                   

14-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň wezipä täze bellenen Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geçirilen duşuşykda sebit merkeziniň parahatçylygy berkitmek we goldamak, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak gurşawyny döretmek işleriniň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

17-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzüminiň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýylyna syn bermek üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde, dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär. 

                                                                   

21-nji awgustda şanly waka — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň tejribe alyşmak, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, dünýäniň köp sanly döwletleriniň degişli guramalary bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny bellediler. Guramanyň bu jemgyýetiň agzalygyna kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

21-22-nji awgustda türkmen wekiliýeti Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiň 110-njy mejlisiniň işine gatnaşdy. Onda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça halkara konwensiýanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik esasda halklaryň arasynda özara düşünişmek, jynsy, milli we etniki gelip çykyşyna esaslanýan tapawutlandyrmagyň, kadadan çykmagyň, çäklendirmegiň ýa-da ileri tutmagyň islendik görnüşine ýol bermezlige gönükdirilen syýasaty alyp barýar. 

                                                                   

23-nji awgustda Daşary işler ministrliginde sanly ulgam arkaly geçirilen türkmen-malaýziýa geňeşmelerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

24-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat hem-de ýangyç-energetika toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistanyň energetika ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde dürli ugurlarda, şol sanda elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygynda, energetika pudagynda, şeýle hem döwletlerimiziň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellenildi. 

                                                                   

Şol gün «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri bilen Yrak Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-yrak gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine aýratyn üns çekildi. Hususan-da, yrak tarapy ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup geçendigini göz öňünde tutup, Türkmenistan 24-nji awgustda Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini iberdi. Ynsanperwerlik kömegini taýýarlamak wezipesi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy. 

                                                                   

24-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, iki ýurduň işewürleriniň hem-de telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Nebithimiýa, dokma senagaty, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklar, dürli azyk harytlarynyň eksporty, sanly tehnologiýalar, ylym-bilim ulgamy, medeniýet, sungat, döredijilik döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. 

                                                                   

25-nji awgustda Daşary işler ministrliginde geçirilen türkmen-palestin syýasy geňeşmelerinde taraplar Daşary işler ministrlikleriniň arasynda şeýle häsiýetli duşuşyklary her ýylda geçirmegi ylalaşdylar. Mundan başga-da, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň, Türkmenistan bilen Palestinanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Geňeşmeleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki hökümetara komiteti döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

                                                                   

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri maslahatlaşylyp, döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

25-nji awgustda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň bilelikdäki “tegelek stol” mejlisine ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, BMG-niň Aşgabatdaky düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilýändigi bellenildi, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň 2023-nji ýylyň iýul aýynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli Syýasy forumyna gatnaşmagynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

26-njy awgustda Daşary işler ministrliginde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde geljekki işleriň meýilnamalary, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine goşulmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

28-nji awgustda Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyza sapar bilen gelen ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri, ilkinji nobatda, parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň we kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler häzirki günde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara hem-de sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ýeten derejesine ýokary baha berip, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.  

                                                                   

29-njy awgustda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy. Adam hukuklary boýunça dialogyň, parlamentara gatnaşyklaryň we “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki toparynyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýeti bellenildi, şeýle hem bilim alyş-çalyş maksatnamasyny (Erasmus+) durmuşa geçirmek, ekologiýa we “ýaşyl” özgertmeler babatda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

30-njy awgustda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibiniň çäginde toparyň şu ýyl üçin iş meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Meýilnamada Hazarýaka döwletler bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýakyn geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreler barada pikir alşyldy. 

                                                                   

Şeýlelikde, geçen aýda bolup geçen wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini ýene bir gezek tassyklady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine Watanymyzy mundan beýläk-de ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga gönükdirilen häzirki zaman syýasy gurallarynyň işe girizilmegine mümkinçilik berýär. 

                                                                                                           

(TDH)

08.09.2023
Durmuş-ykdysady ösüş meseleleri üns merkezinde

25-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy. 

                                                                   

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.  

                                                                   

Soňra Hökümet mejlisinde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, görlen çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 4,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,6 göterim artdy. Ýanwar — iýul aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy. 

                                                                   

Şeýle-de durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 21-nji we 40-njy maddalaryna laýyklykda, birnäçe resminamalaryň taslamalary, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň» hem-de «Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibiniň» taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Şahsy pensiýalary bellemegiň meseleleri hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gezekli-gezegine gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz mejlisde suwuklandyrylan gazyň we polipropileniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, nebitiň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy. Gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek möhümdir. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, şeýle hem hususy ulgamyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.   

                                                                   

Mejlisde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy, şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary barada-da hasabat berildi.  

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza zähmet rugsady döwründe Hökümetiň agzalarynyň we olaryň maşgalalarynyň dynç almaklary üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge we türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge degişli meseleleriň çözülmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. Zähmet rugsady döwründe geçirilýän Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisiniň gün tertibi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem üns merkezinde durýar. Mälim bolşy ýaly, golaýda Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda şäheriň günorta böleginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde daşary ýurtly nusgawy şahyrlaryň we akyldarlaryň hem heýkelleri ornaşdyrylar. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň aýdyň beýanyna öwrüler. Magtymguly Pyragy özüniň paýhasly goşgularynda hut şu ýörelgelere eýermäge çagyrypdy. 

                                                                   

Wise-premýer, daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň täze şahyrana eseriniň türkmenistanlylaryň ählisi üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen, daşary ýurtlarda-da giň seslenmä eýe bolandygyny nygtady we hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere hem garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 Sanlar, maglumatlar: 

                                                                       

  •  2023-nji ýylyň ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim ýokarlandy.  

                                                                       

  •  Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 4,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi.  

                                                                       

  •  Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,6 göterim artdy. 

                                                                       

  •  Ýanwar — iýul aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy. 

                                                                       

  •  Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim ýerine ýetirildi.  

                                                                       

  •  Geçen ýedi aýda tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                       

  •  Hasabat döwründe elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 103,9 göterime barabar boldy.
08.09.2023
Sanly çözgütler — ösüşiň kämil ugry

Eziz Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini, tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Sanly ulgamy ösdürmekde gazanylanlary, işläp taýýarlamalary milli ykdysadyýetiň pudaklaryna, önümçilige giňden ornaşdyrmak işleri sazlaşykly guralýar. Bu ugurdaky işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda geçirilýär.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar. Dürli ugurdaky işleriň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagy, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegi, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi sanly ösüşiň wezipeleriniň çözülmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup durýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde amala aşyrylmagy, dolandyryşyň sanly ulgama geçmegi ilkinji wezipeler bolup, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýokary tehnologiýaly sanly ulgamy ösdürmek işleri ýokary derejede guramaga, utgaşdyrmaga, ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligine hem-de hiline gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam edýän dolandyryşyň netijeli guraly bolup durýar. Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, «Elektron hökümet» ulgamyny işjeň ornaşdyrmak döwleti we jemgyýeti ösdürmäge gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şertidir. Çünki sanly ykdysadyýetiň ösüşi oňa gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlygynyň ähli derejelerinde sanly gatnaşyklary ýola goýmak işiniň çaltlandyrylmagy bilen baglydyr.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri hem, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Bu ugruň ösdürilmegi sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri ýetişdirmäge gönükdirilen bilim ulgamyny kämilleşdirmekligi, hünäre gönükdirmek ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatynda goşmaça bilimleri girizmegi, bu ugurda täze ukyplary ýüze çykarmak ýaly maksatlary nazarlaýar. 

                                                                   

Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça okadylmagy, şeýle-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna degişli edaralaryň hünärmenleri bilen tejribe alşylmagy degişli hünäri bilen birlikde, maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalarynyň hem-de ylmy maslahatyň geçirilmegi guwandyryjy ýagdaý bolup, sanly bilim ulgamynda gazanylýan oňyn netijelere şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň sanly ösüşler bilen aýakdaş gitmäge ukyply, täze özgertmelere taýýarlykly, sanly çözgütleri oýlap tapmaga ukyply hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen çäreler oňyn netijeleri berýär. Bilim ojaklarynda sanly bilim portaly we elektron kitaphana portallary hereket edip, talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmäge uly goşant goşýar.  

                                                                   

Bilim edaralarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de ylym-bilim merkezleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de höweslendirmäge gönükdirilen çäreler, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler täze ösüş-özgertmeleri amala aşyrmaga badalga berýär. Ýurdumyzda innowasiýalara, çylşyrymly tehnologik çözgütlere, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyrylandyr. Arkadag şäherine halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan 20-den gowrak güwänama we diplom berildi. «Akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyňdyr internetiň giňden ornaşdyrylmagyna esaslanýar. Olaryň kömegi bilen şäher düzümlerini, gulluklaryny dolandyrmagy üpjün edýän bitewi ulgam döredilip, «akylly» öý, bitewi maglumat binýady, ýaşaýjylara hasaplaşyklary geçirmäge, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly programma goşundysy hereket edýär.  

                                                                   

Ine, şeýle guwandyryjy üstünlikler ýurdumyzyň sanly ulgamdaky ösüşlerini görkezip, döwür bilen aýakdaş gitmäge ukyplydygyny dabaralandyrýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde Arkadagly Serdarymyza üstünlikler ýaran bolsun! 

                                                                                                           

Ezizguly HOJAMBERDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.

07.09.2023
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. 

                                                                   

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleri döretmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary üstünlikli geçirildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzda parahatçylygyň hem-de asuda durmuşyň ygtybarly kepili hökmünde çykyş edýän Harby doktrinanyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna Goranmak ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, ýaş serkerdeleriň we çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik çärelerini yzygiderli guramagyň möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesi mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmek boýunça degişli maksatnamany durmuşa geçirmek maksady bilen ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunylygy üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramak üçin anyk çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilmegine ygtybarly prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagy boýunça öňde durýan wezipeleriň anyk berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminamalara gol çekip, Baş prokurora bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow garamagyndaky düzümleriň jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, jenaýatçylyga garşy göreşmek we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrligiň işgärleriniň netijeli gullugy, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler, hasabat döwründe ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalar barada habar berildi. 

                                                                   

Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy, däp bolşy ýaly, sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipeleri takyk ýerine ýetirmek üçin döwrebap usullary, sanly ulgamy işjeň ulanmagyň wajypdygyny belledi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, döwrüň häzirki ýagdaýyny nazara alyp, düzümleýin bölümleriň işini döwrebaplaşdyrmak we durmuş maksatly meseleleri yzygiderli çözmek babatda ministre birnäçe görkezmeler berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, ministre bellenen ähli çäreleriň, aýratyn-da, paýtagtymyzda we welaýatlarda ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak, ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak babatdaky çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmagyň hasabyna milli kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada-da aýdyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamy ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajypdygyny belledi. Bu ugurdaky ähli işler kanunçylygyň berk berjaý edilmegine, adalatlylyga we hukuk tertibiniň berk ýerine ýetirilmegine, düzgün bozulmalaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini, şertlerini aradan aýyrmaga gönükdirilmelidir. Kazyýet ulgamynyň netijeli işlemegi üçin işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça çäreler yzygiderli geçirilmelidir, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylmalydyr diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi. 

                                                                   

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe milli howpsuzlyk edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler, edara üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň meseleleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramagyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny üpjün etmegiň, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň ministrligiň işiniň möhüm ugurlarydygyny nygtap, ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň sekiz aýynda Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň awgust aýynda Hazaryň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, serhet birikmelerini öňdebaryjy harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmegiň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, has möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply, ýokary söweşjeň tälimli serkerdeleri taýýarlamagyň ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlarydygyna ünsi çekdi. Biziň serhetlerimiz goňşy ýurtlaryň ählisi bilen dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň serhetleri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Serhetçileriň ygtybarly gullugy üçin amatly şertleriň döredilmeginiň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagynyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugra degişli meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmegiň hasabyna ony hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, bitewi sanly ulgamy döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini yzygiderli öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, kanunlary mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe bu gullugyň işini kämilleşdirmek, döwrebap iş usullaryny we sanly ulgamy ulanmak boýunça yzygiderli amala aşyrylýan çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Ýewraziýa yklymynda Watanymyzyň eýeleýän geostrategik ornunyň barha artýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna bu edaranyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak bilen baglanyşykly tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, onuň işinde innowasion usullary we döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Garaşsyz Watanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydyr hem-de dünýäniň döwletleridir halklary bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar. Şu ýörelgelerden ugur alyp, Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir. Bellenilişi ýaly, bu doktrinada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri mundan beýläk-de kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby berkidiler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylar. 

                                                                   

 Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

07.09.2023
Innowasion ösüşiň ýoly

Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda innowasion çemeleşmelere, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagatyň döredilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. XXI asyrda sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagy uly mümkinçilikleri açyp, işleriň ýeňilleşmegini üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.  

                                                                   

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenilip, ony üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edara-kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maliýe we bank ulgamlarynda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyny üpjün etmäge hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaga gönükdirilen işler ýokary depginde amala aşyrylýar. 

                                                                   

Innowasion kärhanalaryň döredilmegi diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna hem ýardam berýär. Şeýle-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döredilen kärhanalaryň sanynyň artmagy täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere laýyklykda, ylym-bilimiň arasynda baglanyşygy pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Munuň üçin, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inžener-tehniki, tehnologiýalar we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. 

                                                                   

Sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                                                           

Döwlet REJEPOW,

                       

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

07.09.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýärler. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Kýosuke Nagatany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Imperatoryna we Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Ýaponiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýolbaşçysynyň saparynyň we onuň çäklerindäki duşuşyklaryň Sukuba uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine, ylym-bilim ugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistan Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Soňky ýyllarda döwletara hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlary öz içine almak bilen, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri kanagatlanma bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýaşlaryň dürli ugurlarda öz zehinlerini we başarnyklaryny ýüze çykarmagy, kämilleşmegi üçin zerur şertler döredilýär, döwlet olara hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Halkara tejribäni we täze gazanylan üstünlikleri öwrenmek bolsa bu syýasatyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlar Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim alýarlar, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde bolsa ýapon dili öwredilýär. Ylym-bilim edaralarynyň wekilleriniň arasynda işjeň gatnaşyklar saklanýar. Tejribe alyşmak we ylmy maslahatlara gatnaşmak maksady bilen, özara saparlar guralýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada iş saparynda bolan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bilim, ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin «Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory» diýen alymlyk derejesi berildi. Iki ýurduň ylmy ösdürmäge uly goşant goşan bu görnükli iki alymynyň we professorynyň şu gezekki duşuşygynda ýokary bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Muňa Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mysal hökmünde görkezmek bolar. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary bilelikdäki ylmy-barlag işine işjeň gatnaşarlar. 

                                                                   

Söhbetdeşler mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýtmak bilen, tejribe alyşmak, Türkmenistanda ýapon dilini, Ýaponiýada türkmen dilini okatmak üçin tejribeli mugallymlary taýýarlamak babatda mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Umumy pikire görä, bu işler giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde, iki dostlukly halky ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Ýurdumyzda ylma esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi hem-de iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri bilen baglylykda, şeýle hyzmatdaşlyk möhüm bolup durýar. Ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen we geçirilmegi dowam edýän iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurlan, polietilen we polipropilen öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy — polimer zawody, şeýle hem Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod şol taslamalaryň hataryndadyr. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde nebitgaz we gazhimiýa senagatynda baý tejribesi hem-de döwrebap tehnologiýalary bolan ýapon kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär. Wodorod önümçiligi, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, kibersport ýaly ulgamlar hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. 

                                                                   

Parlamentara gatnaşyklara-da uly üns berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hiroýuki Hosoda bilen duşuşygy bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, bu ugurda Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. 

                                                                   

Sukuba uniwersitetiniň prezidenti türkmen tarapynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda başlangyçly çykyş edýändigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda Ýaponiýa hakynda ençeme maglumatlaryň ýerleşdirilendigini, hususan-da, häzirki döwürdäki türkmen-ýapon gatnaşyklary barada ýatlanyp geçilýändigini belledi. Myhman bu ajaýyp eseri ýapon diline terjime etmek isleginiň bardygyny aýdyp, munuň iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

06.09.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.

 Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň döredijilik ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Günüň dogýan ýurdunyň» öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýolbaşçysyny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu saparyň dowamynda bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da berkitmek boýunça gepleşikleri geçirmäge, özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar barada pikir alyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu saparyň netijeleriniň medeni-ynsanperwer ulgamdaky türkmen-ýapon gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berjekdigine berk ynam bildirildi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, däp bolan döwletara gatnaşyklar köpýyllyk dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýar. Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Ylym we bilim ulgamynda däp bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin açylýan giň mümkinçilikler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Ýurtlaryň ikisi hem bu ulgamy kämilleşdirmäge hemmetaraplaýyn ösüşiň möhüm şerti hökmünde garaýarlar. Taraplaryň pikirine görä, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda eýýäm bilelikde uly işler durmuşa geçirildi, şol bir wagtyň özünde, bu gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli bilim ulgamyny ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek arkaly ony hil taýdan täze derejä çykarmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Golaýda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. 

                                                                   

Biz bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, ylym-bilim wekilleriniň gatnaşyklary muňa mysal bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmekde wajyp bolan bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Sukuba uniwersitetiniň prezidenti döwlet Baştutanymyza iki ýurduň köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň esasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlandygyny belledi. Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory bolup durýandygyny we giň gerimli döwlet işi bilen bir hatarda, hemişe ylmy-barlag işlerine uly üns berendigini we berýändigini hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşandyny goşýandygyny buýsanç bilen belledi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ozal ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar işgärleri taýýarlamak, şol sanda ýapon hünärmenlerini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak, dürli pudaklaryň hünärmenleri üçin okuwlary we tejribe alyşmagy guramagyň hasabyna işgärleri taýýarlamak ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertler döredilýär. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

06.09.2023