Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär. 

                                                                   

Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň — Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. 

 Garaşsyzlyk güni ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşindäki şöhratly ýolunyň şu gezekki tapgyrynyň jemini jemleýän we täze meýilnamalary düzýän sepgitdir. Watandaşlarymyz Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyny baýram etmäge mynasyp taýýarlandylar. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň nobatdaky tapgyryny dabaralandyrýan üstünlikler muňa şaýatlyk edýär. 24-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi munuň aýdyň mysalydyr. Foruma gatnaşan wekiller türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge hem-de halkymyzyň rowaçlygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş edip, Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ýetilen belent sepgitleriň ähmiýetini we düýp many-mazmunyny belledi, ýurdumyzyň parahatçylygyň, abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmeginiň ugurlaryny kesgitledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, 1991-nji ýyldan bäri geçen 32 ýylyň dowamynda biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere ýetdi” diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bolsa: “Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. Mundan 32 ýyl ozal Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, şu günki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň binýady berkden tutuldy. Geçen ýyllarda merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik hem-de gurujylyk güýji netijesinde berkarar Watanymyz hemmetaraplaýyn ýokary depginde ösýän döwlete öwrüldi. Gysga döwürde gazanylan syýasy we ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy” diýlip bellenilýär. 

                                                                   

...Ir säher bilen Garaşsyzlyk binasynyň öňünde ildeşlerimiz hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen myhmanlar ýygnandylar. Pasyrdaýan baýdaklar, gül desseleri baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygyndan ýöräp, ýörite taýýarlanan ýere geçýär. Onuň ugrunda Watan goragçylary nyzama düzüldi. Ýaş nesliň wekilleriniň öňünde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary bar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda türkmen halkynyň täze taryhy eýýamynyň beýik üstünlikleriniň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýdular. 

                                                                   

Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. 

                                                                   

 Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.

28.09.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün agzybir we jebis halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen garşylaýar. 

                                                                   

Şanly baýram mynasybetli mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhuny, özgerdiji güýjüni alamatlandyrýan dabaralar ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

Şu günüň belentliginden ser salyp, Garaşsyzlygyň bütin dünýäde belent abraýdan peýdalanýan, kuwwatly, okgunly ösýän döwletiň ygtybarly binýadyny emele getirendigini ynamly aýtmak bolar. Türkmen halkynyň Gündogaryň beýik nusgawy şahyry hem-de meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde wasp eden berkarar döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl boldy. Hut şu ykbal özgerdiji pursatdan Watanymyzyň iň täze taryhy öz gözbaşyny alýar. 

                                                                   

Türkmenistanlylaryň häzirki abadan durmuşy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeleriň ajaýyp miwesidir. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygar bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli, durmuş ugurly maksatnamalar netijesinde obalaryň we şäherleriň keşbi düýpli özgerdi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda, parahatçylykda we asudalykda ýaşamagy, özüniň tutanýerli zähmetiniň hözirini görmegi üçin ähli şertler döredildi. Düýpli durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşiniň möhüm ugurlaryny, açylýan giň mümkinçilikleri hasaba alnyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri baýramçylygyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen ählihalk forumyna gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyna, asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelere, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlylygyň beýanyna öwrüldi. Mejlisiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk döretmek üçin güýç-kuwwat, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy berkitmek üçin çäksiz ylham berýär. Geçen 32 ýylda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler geçirildi. Bularyň ählisi türkmenistanlylaryň kalbyny ata Watanymyza çäksiz buýsanç duýgusy bilen doldurýar, öňde goýlan belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. 

                                                                   

Ýurdumyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli senenamamyzyň nobatdaky şanly senesini täze zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar. Olaryň her biri Garaşsyz Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna aýratyn sahypa bolup ýazylýar. 

                                                                   

...Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňünde ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk görnüşinde bezelen münber köp sanly myhmanlary garşylady. 

                                                                   

Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Halk Maslahatynyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary münbere barýarlar. 

                                                                   

Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzülýär. 

                                                                   

 Sagat — 10:00. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy garşylaýarlar. 

                                                                   

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabaraly harby ýörişden başlanýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetleriniň hem-de Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär. 

                                                                   

Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş edýär. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz gözden geçirilişe başlamaga rugsat berýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň goranyş ukyby hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýar, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň işine döwrebap usullar we sanly ulgamlar ornaşdyrylýar, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertler döredilýär, Watan goragçylaryna hem-de olaryň maşgalalaryna niýetlenip, oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň harby kuwwatynyň bir maksada gulluk edýändigini aýratyn bellemek gerek. Şol maksat parahatçylygy pugtalandyrmaga, Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Çünki Türkmenistanyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. 

                                                                   

...Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. 

                                                                   

Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hasabaty kabul edip, awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm bölümleriniň esgerlerini mübärekleýär. Ýörişe gatnaşýanlaryň düzüminde ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby gullukçylary we harby talyplary, Milli goşunymyzyň esgerleridir serkerdeleri egin-egne berip durlar. 

 Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylyp, ol bu ýere ýygnananlaryň kalbynda gülläp ösýän mähriban Watanymyza buýsanç duýgusyny artdyrýar. Mukaddes tugumyz asuda asmanymyzda parlap, hakyky watançylyk, ata Watanymyza çäksiz söýgi, halkymyzyň belent döredijilik ruhy ýaly mizemez gymmatlyklary alamatlandyrýar. 

                                                                   

Meýdançada hatara nyzama düzülen türkmen harby gullukçylary — serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanyp, häzirki günlere ýetirilen şöhratly däpleri mukaddes saklamak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar. Watan goragçylary döwletimiziň hemişelik aladasyna mynasyp jogap hökmünde iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Munuň aýdyň güwäsi hökmünde yzygiderli geçirilýän türgenleşik okuwlaryny, harby-syýasy taýdan terbiýelemek, beden taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça çäreleri görkezmek bolar. 

                                                                   

Däp boýunça, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçýärler. 

                                                                   

Soňra münberiň öňünden Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly we ynamly gadam urup geçýärler. 

                                                                   

Hakyky ussat mugallym, gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy — Berdimuhamet Annaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany bilen, Watany goramakda we Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagyna — “Edermenligi üçin” diýen medala mynasyp boldy. Ol ýaş esgerler hem-de Türkmenistanyň ähli kysymly goşunlarynyň şahsy düzümi üçin edermenligiň nusgasydyr. 

                                                                   

Nyzamly hatarlaryň yzy bilen zenan harby gullukçylar gelýärler. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda mähriban Watanymyza asylly gulluk edýärler, ýurdumyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmek işine saldamly goşant goşýarlar. Olaryň yz ýanyndan meýdançadan serkerdeler batalýony — Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary geçýärler. 

                                                                   

Bilimiň we ylmyň gazananlary esasynda harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýaş esgerleri Watana çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman tehnikalaryny we enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Harby institutyň we harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary meýdançada nyzamly ädimler bilen geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesi mynasybetli gözden geçirilişe gatnaşdylar. 

                                                                   

Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezýärler. Olaryň yzy bilen asmanda Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. 

                                                                   

Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar iň häzirki zaman kuwwatly tanklaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edýärler. Soňra artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, şeýle hem deňiz-pyýada batalýony geçýär. Olar harby okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary ussatlygyny görkezýärler. 

                                                                   

Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly batalýonlarynyň esgerleri hem bu günki dabaraly harby ýörişe gatnaşdylar. Olar halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly beýik söweşjeň serkerdelerimiziň şöhratyna mynasyp nesillerdir. Toparlaryň ygtybarlylygy we ykjamlygy olaryň öňlerinde goýlan söweşjeň wezipeleri takyk, dessin ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

 Harby ýöriş ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi bilen dowam edýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, ady rowaýata, tarypy dessana giren, özi bolsa türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy ýeller bilen deňeşdirilýär. Parasatly halkymyz ýüwrükligini ýelden hem zyýada görüp, olary «ganatly bedewler» diýip atlandyrýar. Bu günki gün türkmen bedewleriniň at-owazasy älem-jahana ýaýylýar. Türkmen topragynda kemala getirilen bedewler gözelligiň, ýyndamlygyň nyşany hökmünde biziň buýsanjymyz, milli gymmatlygymyz bolup durýar. 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Ak bugdaý etrabynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň täze, döwrebap atçylyk toplumy açylyp ulanmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny saklamak, baş sanyny hem-de şöhratyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler türkmen gerçekleriniň buýsançly başyny göge ýetirýär. Behişdi bedewlere atlanan harby gullukçylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň hakyky bezegine öwrüldi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň harby gämileriniň gözden geçirilişi baýramçylygyň tapawutly aýratynlygy boldy. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly göni ýaýlymda çärä gatnaşyjylar bir wagtyň özünde Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişini synladylar. 

                                                                   

...Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, döwrebap takyk ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» atly korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Olaryň yzy bilen «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýärler. 

                                                                   

Tomaşaçylar ekranda “Galkan” kysymly serhet gorag gämilerini synlaýarlar. Bu gämiler Watanymyzyň deňiz araçäklerini goramakda özüni oňat tarapdan görkezdi. 

                                                                   

Soňra Milli goşunyň düzüminde duran häzirki zaman harby tehnikalarynyň nobaty gelip ýetýär. Meýdançada biri beýlekisiniň yzy bilen goşunlaryň dürli kysymlarynyň tehnikalary hereket edýärler. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «TITAN DS» kysymly harby awtoulag çekýär. Onuň yz ýany bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «XP-1000» we «MV-850» kysymly motoulaglar geçýärler. Olaryň üstünde döwrebap ýaraglar gurnalandyr. 

                                                                   

Soňra meýdançadan «MRZR-2», «MRZR-4» kysymly harby awtoulaglar geçýärler. Olaryň üstünde ýokary söweşjeň takykly ýaraglar gurnalan. Watan goragçylary «DAGOR» kysymly harby awtoulaglarda wepaly ýoldaşlary bolan türkmen alabaýlary bilen harby ýörişi geçýärler. Dabaraly harby ýöriş «Land Rover» we «Bars» kysymly ýeňil harby awtoulaglaryň, «NIMR» hem-de «Al SHIBL2» kysymly sowutlanan awtoulaglaryň görkezilişi bilen dowam edýär. Bu tehnikalaryň kömegi bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby gullukçylary sazlaşykly hereket edip, öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. 

                                                                   

Baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýöriş suwda ýüzüji “BTR-80A” kysymly söweşjeň harby awtoulaglaryň hem-de pulemýotlar we göçme asmana atyjy raketa toplumlary bilen ýaraglanan «TITAN-DS» we «BMC KIRPI MRAP» kysymly sowutlanan tehnikalaryň hereketi bilen dowam edýär. 

                                                                   

Ikinji mehanizirlenen kerweniň öňüni «Taýfun» kysymly köpmaksatly sowutlanan awtoulag çekip gelýär. Onuň yzy bilen “T-90S” tanklary, “BMP-2D” we “BMP-3” kysymly häzirki zamanyň iň kämil tehnikalary bolan pyýada goşunyň söweşjeň ulaglary geçýärler. 

                                                                   

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlary kuwwatly öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilip döwrebaplaşdyrylýar. Munuň mysaly hökmünde bu goşun bölümlerinde ulanylýan artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalaryny görkezip bolar. Şol tehnikalar münberiň öňünden geçýärler. 

                                                                   

Meýdançada «KamAZ» kysymly awtoulagyň çekijisinde alnyp barylýan «D-30» kysymly toplar, «BM 21A BELGRAD» hem-de «Smerç» kysymly reaktiw ulgamlar görkezilýär. Olar ýokary söweşjeň mümkinçiligi, takyklygy we kuwwaty bilen tapawutlanýar. Meýdança üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «TITAN DS» kysymly harby awtoulag çekýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe «Baýraktar TB2» we «Falko» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlary hem gatnaşýar. Şeýle-de dabara gatnaşyjylara «SKY STRIKER» söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «ORBITER-2B» we «CW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlary görkezildi. Dabaraly harby gözden geçirilişiň üstünde «Rode Şwars» kysymly aragatnaşyk toplumy hem-de «DWL» kysymly radioelektron gözegçilik ediş toplumy gurnalan «Land Rover» kysymly awtoulaglary dowam edýär. Olar bu günki günde ýurdumyzyň howa giňişliginiň goragyny ygtybarly üpjün edýärler. 

                                                                   

Olaryň yz ýany bilen «KS-1A», «FD-2000», «Peçora-2BM» we «FM-90» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlarynyň kerweni barýar. Olar häzirki zaman howa hüjümlerine garşy goranmak ulgamlarynyň arasynda iň öňdebaryjylaryň biridir. 

                                                                   

Soňra meýdançadan dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugynyň “KIA KLTV 141” kysymly harby awtoulaglary hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýär. Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler hem-de olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan “TOYOTA HILUХ” awtoulaglary geçýärler. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141» hem-de «COBRA» kysymly döwrebap, köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak üçin netijeli ulanylýar. 

                                                                   

Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlar hem-de «BMC KIRPI MRAP» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar geçýär. Dabaraly ýörişi “IWEKA” kysymly awtoulaglar dowam edýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary hem-de «Simbat» raketa uçurma ulgamy, “ORBITER 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir. 

                                                                   

Döwlet serhet gullugynyň «Honda» kysymly motoulaglaryndaky harby gullukçylaryň topary baýramçylyk harby ýörişiniň özboluşly bezegine öwrüldi. Olar Watanymyzyň şanly toýunyň hormatyna «XXXII» diýen ýazgyny emele getirip geçýärler. 

                                                                   

Türkmenistanda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli kysymly goşunlary, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümi täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýär, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.  

                                                                   

Şu gün bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde dabaraly ýörişde «IVECO M65» kysymly ýörite enjamlaşdyrylan sowutlanan söweşjeň awtoulagy hem-de «ŞTORM RIDER» söweşjeň awtoulagy we «LAZAR III» kysymly sowutlanan tehnikalary görkezildi. Altynjy mehanizirlenen kerweniň başyny «INKAS SENTRY» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Içeri işler ministrliginiň «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglary gelýär. Şeýle hem IIM-niň ygtyýarynda «FORD ATLAS», «TOYOTA TUNDRA», «GMS Sierra», «PMV-SURVIVOR II» hem-de «INKAS SENTRY» kysymly sowutlanan awtoulaglar bar. Bu döwrebap awtoulaglar halkymyzyň asudalygyny we rahatlygyny, hukuk we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek üçin hyzmat edýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýarlar. Bu dikuçarlar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary we harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Onuň yz ýany bilen «Mi-24» hem-de «Mi-17W-5» kysymly söweşjeň dikuçarlar uçup geçýär. Guryýer goşunlarynyň bölünmeleriniň ot açyş güýjüni we olaryň hereketini goldamak üçin niýetlenen bu dikuçarlar ýerüsti, howa nyşanalary ýok etmek üçin dürli görnüşli ýokary takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen ýaraglandyrylandyr. 

                                                                   

Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145» hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetnamalara eýedir. Olar ýurdumyzyň Harby doktrinasyna laýyklykda, Türkmenistanyň goranyş kuwwatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. 

                                                                   

Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-139» hem-de «Agusta-109» kysymly häzirki zaman dikuçarlary dabaranyň bezegine öwrüldi. Bu dikuçarlar ýurdumyzyň dost-doganlyk serhedi bolup durýan mukaddes araçäklerini ygtybarly goramakda we eldegrilmesizligini üpjün etmekde netijeli ulanylýar. Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «A-29 SuperTucano» kysymly uçarlar hem gatnaşýarlar. Bu tehnikalaryň maksady guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije we gündiz ot açyş bilen goldamakdan ybaratdyr. Olaryň yzy bilen «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar, «С-27J SPARTAN» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler. Bu bolsa Watanymyzyň asmanynyň asudalygyny goramagyň ygtybarly ellerdediginiň kepilidir. 

                                                                   

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk harby ýörişine gatnaşýan iň häzirki zaman ýerüsti we harby howa tehnikalary hem-de ýaragly düzümleri ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek meselelerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şu gün görkezilen häzirki zamanyň iň kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda «M-346» kysymly uçarlar hem bar. Bu kysymdaky uçarlaryň birinde ilkinji synag uçuşyny Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrandygyny bellemek gerek. “M-346” kysymly uçarlaryň toparynyň görkezen çylşyrymly we täsin uçuş emelleri harby uçarmanlarymyzyň ýokary hünär ussatlyklarynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Iň kämil we sesden hem çalt uçýan «MiG-29» kysymly söweşjeň uçarlar howa giňişligindäki ýörişi jemleýär. 2008-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle uçarlaryň birinde uçuşy amala aşyrandygyny ýatlamak ýerlikli bolar. 

                                                                   

Soňra baýramçylyk dabaralary ýene-de ýerde dowam etdi: Döwlet münberiniň öňündäki meýdança Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony gelýär. Esgerler ellerindäki ýaraglary bilen nyzam emellerini ýerine ýetirmekde deňsiz-taýsyz başarnyklaryny we ýokary ussatlyklaryny görkezip, meýdançada ýatdan çykmajak şekili — täze Arkadag şäheriniň gözel künjeginde bina edilen “Akhan” binasynyň şekilini emele getirýärler. Mälim bolşy ýaly, meşhur Akhan atly bedew 2018-nji ýylda çarpaýa galyp, yzky aýaklarynda 10 metr aralyga ýöremek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestri şöhratly baýramçylygymyzyň hormatyna joşgunly ajaýyp sazly sowgady taýýarlapdyrlar. Olaryň çykyşy dabaraly harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. 

                                                                   

 ...Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ajaýyp dabaralar dowam edýär. 

                                                                   

Köp sanly myhmanlaryň hem-de dabara gatnaşyjylaryň nazary ýene-de baýramçylyk meýdançasyna gönükýär. Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar at esbaplary — şaý-sepler bilen bezelen ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykarýar. Munuň özi behişdi bedewiň hakyky gözelligini açyp görkezýär. 

                                                                   

Gün şöhlesine lowurdaýan Arkaly atly bu naýbaşy bedew ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň arasynda giňden tanalýan Meleguş we Elwan diýen bedewleriň neslindendir. 

                                                                   

Ady rowaýata öwrülen naýbaşy ahalteke tohumyna degişli bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, türkmen halkynyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza sowgat berilýär. 

                                                                   

 Gözelligi hem-de beden gurluşy bilen haýran galdyrýan bu bedew köp sanly tomaşaçylara buýsanç bilen görkezilýär. 

                                                                   

Soňra elleri baýdakly türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlanýar. Ol ýurdumyzyň Garaşsyzlygyň ýoly bilen belent sepgitlere ynamly barýandygyny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Soňra bu ýerde ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýanyň dowamynda ahalteke bedewleriniň meşhur nesil ugurlaryny döreden ussat seýis Aba Annaýewiň keşbi janlandyryldy. Häzirki wagtda atçylyk we atly sport üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan sebitdäki ilkinji halkara akademiýa Aba Annaýewiň adyny göterýär. 

                                                                   

Gadymyýetde bolşy ýaly, häzirki günde hem ýurdumyzda ähli milli baýramlar behişdi bedewleriň gatnaşmagynda geçýär. Olar halkymyzyň taryhynyň we döwürleriňdir nesilleriň aýrylmaz baglanyşygynyň janly nyşanyna öwrüldi. 

                                                                   

Ine, bu gün hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň seýislän, ady rowaýata öwrülen Akhan bedewi bilen bilelikde meýdança çykan ahalteke atlary dabara gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi. Akhan çarpaýa galyp, bu ýere ýygnananlara ajaýyp pursatlary sowgat berdi. 2018-nji ýylda Akhan 10 metr aralygy çarpaýa galyp, 4,19 sekuntda geçdi we bu netije Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

                                                                   

Bu gün biz türkmen halkynyň buýsanç we ylham çeşmesi bolan behişdi bedewleriň şöhratynyň täze belentliklere galýandygynyň şaýady bolýarys. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem şöhrat gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan taýýarlanylan täsin atly tomaşa görkezilýär. At üstünde haýran galdyryjy tilsimleri ýerine ýetirmekde dünýäde meşhur bolan türkmen çapyksuwarlary ýörite maksatnama bilen çykyş edýärler. Çapyksuwarlaryň at üstünde emele getiren özboluşly akrobatik piramidasy tomaşaçylary haýran galdyrdy. Onuň depesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýar. Çapyksuwarlaryň görkezen ussatlygy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. 

                                                                   

Täsin atly ýörişden soňra, “Şöhrata beslenýär, şana beslenýär, beýik döwrüň şanly Garaşsyzlygy” atly edebi-sazly çykyş başlanýar. 


Meýdança teatr artistleri çykýarlar. Olar Alp Arslanyň, Magtymgulynyň we meşhur ata-babalarymyzyň keşplerini janlandyrýarlar, olar baradaky hakyda ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilýär. Türkmen halkynyň şöhratly ogullary berkarar Watanymyzyň at-abraýyny belende götermek wezipesi öňünde durýan häzirki nesillere joşgunly çagyryş bilen ýüzlenýärler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýlen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar. 

                                                                   

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralar dowam edýär. Häzirki zaman telekommunikasiýa we internet serişdeleriniň mümkinçilikleri arkaly dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan köp sanly watandaşlarymyz we beýleki döwletleriň ýaşaýjylary türkmenistanlylaryň baýramçylyk şatlygyny göni ýaýlymda paýlaşmaga mümkinçilik aldylar. 

                                                                   

Baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular açýarlar. Ak reňkli şarlaryň ýüzlerçesi asmana uçurylýar. Milli nyşanlar bilen bezelen awtoulagyň üstündäki Döwlet tugrasynyň we baýdagynyň ýanyndaky pannoda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň şekili hem-de Watanymyzyň binagärlik nyşany — paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň kiçeldilen nusgasy goýlupdyr. 

                                                                   

Milli parlament we jemgyýetçilik guramalary berkarar Türkmenistanyň okgunly ösüşinde, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda, döwletimiziň hukuk we dünýewi binýatlaryny berkitmekde hem-de milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Şu ýyl bäsdeşlik, açyklyk hem-de erkin erk-isleg gurşawynda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi demokratik ýörelgeleriň aýdyň ýüze çykmasyny alamatlandyrýan taryhy waka boldy. Şol saýlawlar syýasy ulgamyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, raýatlarymyzyň aňyýetiniň, syýasy-jemgyýetçilik işjeňliginiň ýokarlanýandygyny görkezdi. 

                                                                   

Arkadag şäher häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykýar. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maýa goýum kuwwatyny alamatlandyrýan geljegiň şäheri Watanymyzyň buýsanjyna we şöhratyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin “akylly” şäheriň gurluşygynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa hem-de “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ulanyldy. Sebitde ilkinji “akylly” şähere «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy hakynda şahadatnamanyň gowşurylmagy bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň şahadatnamalarynyň we diplomlarynyň 20-den gowragyna mynasyp bolan Arkadag şäheri ýakyn geljekde ylym-bilim, medeni we halkara hyzmatdaşlygyň iri merkezine öwrüler. Ýaşamak üçin has amatly şertler döredilen bu ajaýyp şähere iň gowy tans toparlarynyň hem-de türkmen estradasynyň belli aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bagyşlandy. “Arkadag şäheri — bagtyň şäheri” aýdymy we Garaşsyz Watanymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň şanyna gutlaglar ýaňlanýar. 

                                                                   

Soňra ýüzlerçe zähmetkeşleriň ýörişi bilen utgaşýan Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulagy münberiň öňünden geçýär. 

                                                                   

Myhmansöýer türkmen paýtagtynyň ýurdumyzyň ajaýyp binagärlik keşbini alamatlandyrýan köp sanly desgalarynyň dürli ýyllarda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. Okgunly ösýän döwrebap şäher gözelligi we amatlylygy, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlaryny, milli binagärligiň iň gowy ýörelgelerini özünde jemleýär. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň barha artýan kuwwatynyň hem-de täze taryhy döwürde amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikleriniň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli belent jaýlar, iri desgalar gözüňi dokundyrýar. Olar soňky ýyllarda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina edildi. Bu ýyl şolaryň hataryna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy hem goşuldy. 

                                                                   

Soňra ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän toparyň geçmegi bilen dowam etdi. Biri-biriniň yzy bilen hatarlanyp barýan Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň awtoulag platformalarynda ýerleşdirilen suratly pannoda geçmişiň dünýä belli taryhy-binagärlik ýadygärlikleri hem-de häzirki döwrüň iri desgalary, sebitleriň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär. Welaýatlaryň her biri eziz Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýar. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimizi we köp sanly myhmanlary awtoulaglarda barýan ýaşulular hem-de ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler. 

                                                                   

Joşgunly aýdym-sazlar, asmana göterilýän dürli öwüşginli şarlar aýratyn baýramçylyk ruhuny döredýär. Baýramçylyk tomaşasyny ýörite bezelen awtoulaglaryň kerweni dowam edýär. Olarda ýerleşdirilen şekiller ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we üstünliklerini açyp görkezýär. 


Baş meýdançadan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleri geçýärler.Olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine mynasyp zähmet sowgatlaryny taýýarladylar. Şolaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, tanymal ussatlar hem-de ýaş hünärmenler bar. 

                                                                   

Baýramçylyk ýörişi milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň her biriniň ýeten sepgitleri we üstünlikleri barada ýaňlanýan söhbet bilen utgaşýar, ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşi häzirki döwrüň aýdyň nyşanyna öwrüldi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan gurluşyk-senagat toplumynyň işgärleri geçýärler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň awtoulag platformasy belent ýaşaýyş jaýlarynyň, köprüleriň, häzirki zaman awtomobil ýollarynyň şekilleri, kuwwatly gurluşyk tehnikalarynyň nusgalary bilen bezelipdir. 

                                                                   

Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş şygarydyr. Muňa giň gerimli şähergurluşyk syýasaty hem şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi düýpli döwlet goldawyna eýedir. Ýurdumyzda iň täze enjamlar hem-de döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman kärhanalary gurulýar. Bar bolan önümçilikleriň kuwwaty artdyrylýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işgärleri ýeten sepgitlerini görkezýärler. Bu konserniň kärhanalary ýerli çig mal esasynda ýokary hilli, eksport ugurly önümleri öndürýärler. 

                                                                   

 Gurluşyk-senagat toplumynyň wekilleriniň yzysüre Energetika ministrliginiň işgärleri geçýärler. 

                                                                   

Şu ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň dünýäniň energiýa ulgamyna goşulyşmagy boýunça anyk işler amala aşyryldy. Täze desgalaryň, elektrik geçiriji ulgamlaryň, ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bularyň hemmesi diňe bir Türkmenistanyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem ýardam berýär. 

                                                                   

Soňra meýdança Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy we köp sanly türgenler çykýarlar. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň türgenleri döwletimiziň özleri barada edýän aladasyna jogap edip, iri sport çärelerinde ýeňiş gazanýarlar hem-de dürli derejedäki medallara mynasyp bolýarlar. 

                                                                   

 Döwlet münberiniň öňünden bilim ulgamynyň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary hem-de wekilleri geçýärler. 

                                                                   

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň täze derejä çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binagärlik toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň düýbi tutuldy. Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde gurlup ulanmaga berlen döwrebap bilim edaralary, mekdepler, çagalar baglary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy. 

                                                                   

Ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemek ýurdumyzyň durnukly we hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady ösüşinde ýaşlaryň eýeleýän ornuny nazara almak bilen, döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda ýaşlara döwrebap bilim almak, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmek, ylym we döredijilik işi bilen meşgullanmak üçin giň şertler döredilýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri, mynasyp bolýan medallary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. 

                                                                   

 “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly aýdym-sazly çykyş şu günki şanly senä bagyşlanan döredijilik sowgady boldy. 

                                                                   

Soňra meýdança saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri çykýarlar. Adam, onuň bagtyýarlygy we rowaçlygy baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýan döwrebap merkezleriň we hassahanalaryň soňky ýyllarda döredilen ulgamy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, derman senagatyny ösdürmek maksatlaryna gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary astynda geçirilýän köpugurly işler Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagynda özüniň mynasyp beýanyny tapdy. 

                                                                   

Maliýe-bank ulgamynyň baýramçylyk görnüşindäki iki awtoulagynda ýerleşdirilen pannolar we maketler Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň depginini görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň çäklerinde bank hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldilýär. Elektron tölegleriň sanawynyň üsti täze görnüşler bilen ýetirilýär, nagt däl görnüşdäki hasaplaşyklaryň möçberi artýar. 

                                                                   

Soňra Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ösüşini görkezýän pannolar bilen bezelen awtoulagyň dabaraly ýörişi dowam etdi. Onda ajaýyp gölli halylar has-da gözel görünýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy halyçylyk sungatyny ösdürmäge täze itergi berildi. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze kärhanalar açylýar, olarda netijeli zähmet üçin ähli şertler döredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň biri hem dokma senagatydyr. Onuň ýokary hilli önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlarynyň biri bolan “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň ýerine ýetiren “Arkadagly Serdarym bilen geljege ak ýol göründi” atly aýdym-sazly kompozisiýasy pudagyň işgärleriniň dabaraly ýörişine aýratyn öwüşgin çaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň şanyna alkyşlar ýaňlanýar. 

                                                                   

Soňra meýdança söwda ulgamynyň — Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çykýarlar. Olaryň alyp barýan işi “Türkmenistanda öndürildi” haryt nyşanly önümleriň dünýä bazarlarynda ilerledilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Türkmenistan bazar gatnaşyklaryny ösdürmegi ugur edinip, telekeçilik işini hemmetaraplaýyn höweslendirýär. Häzirki günde döwletimiz kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döretdi. Milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ýeten sepgitleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diwarlygynda şöhlelendirilýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan senagat kärhanalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, awtomobil ýollaryny gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly orun degişlidir. 

                                                                   

Soňra nebitgaz toplumynyň işgärleri ählihalk baýramçylygynyň myhmanlaryny mübärekleýärler. Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagynyň gazanýan üstünlikleri “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň baýramçylyk görnüşindäki awtoulaglarynda aýdyňlygy bilen görkezildi. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny ynamly artdyrýar, nebit we gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek üçin nebiti we gazy gaýtadan işlemek, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Soňra meýdança «Türkmendeňizderýaýollary” we “Türkmendemirýollary” agentlikleriniň gämi we teplowoz görnüşinde bezelen awtoulaglary çykýar. Ýurdumyzda ýolagçy we ýük daşamalaryň işini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň infrastrukturasyny täzelemek boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş baýramyny aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işgärleri hem uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagynda bu pudagyň gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapdy. Pudaga täze tehnologiýalar, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Soňra “Türkmenawtoulaglary” we “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň baýramçylyk görnüşindäki awtoulaglary hem-de baýramçylyk lybasyndaky işgärleri geçýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň amatly geosyýasy ýagdaýyny nazara almak bilen, ulaglaryň ähli görnüşiniň ösdürilmegine, bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, üstaşyr ulag kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär. Halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Soňra Döwlet münberiniň öňünden Oba hojalyk ministrliginiň ajaýyp bezeglere beslenen ulagy we pudagyň köp sanly zähmetkeşleri geçýärler. 

                                                                   

Tomaşaçylara türkmen topragynyň datly miweleri hem-de oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler netijesinde uly üstünlikleri gazanýan önüm öndürijileriň önümleri görkezilýär. Azyk bolçulygyny doly üpjün edýän Türkmenistan ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň önümçiligini ýylsaýyn artdyrýar, pudagyň düzümleri giňeldilýär we döwrebaplaşdyrylýar, iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. 

                                                                   

Soňra baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi öz ýeten belent sepgitlerini görkezýärler. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap ynamly öňe gitmeginiň nyşany bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwletimiz döredijilik işgärleri üçin ajaýyp şertleri we mümkinçilikleri döredip, bu möhüm ulgamyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu ýyl neşir edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp kitaby täze eserleri döretmek hem-de mähriban topragymyzda bolup geçýän taryhy wakalary şöhratlandyrmak üçin egsilmez ylham çeşmesi boldy. 

                                                                   

Şöhratly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklar, dürli sungat we senetçilik görnüşleri halkara derejede ykrar edilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň girizilmegi milli mirasymyzyň dünýäde dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Şu ýyl Aşgabatda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylda guralýan bu giň gerimli forum halkymyzyň ruhy mirasyny we däp-dessurlaryny gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge, giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärlerini höweslendirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda guralan Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi hem medeniýet we sungat ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berdi. Medeniýet we sungat işgärleri şanly wakalar mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, Watanymyzyň häzirki bagtyýar gününe we röwşen geljegine bagyşlanan “Arkadagly Gahryman Serdaryň ak ýoly bilen öňe!” atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen tamamlanýar. 

                                                                   

Ösüp gelýän ýaş nesliň wekilleri şu günki waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýadygärlik surata düşdüler. 

                                                                   

 Aşgabatda badalga alan baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam etdi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar köpöwüşginli feýerwerk şüweleňi bilen tamamlandy.

28.09.2023
Garaşsyzlyk baky bagta ýetirdi

Müň dokuz ýüz togsan biriň güýz paslynyň ajaýyp gününde gazanylan milli Garaşsyzlygyň türkmen halkyny baky bagta ýetirendigine şu günki erkana ýaşaýşymyz, bagtyýar durmuşymyz, ösüş-özgerişli ajaýyp döwrümiz şaýat. Her bir raýatyň alnyndan Gün bolup dogan, ykbalyna oňyn täsirini ýetiren beýik Garaşsyzlyk milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna getirdi. Garaşsyzlygyň ajaýyp miwesi bolan ýurdumyzyň hususy pudagy özbaşdaklygyň, erkinligiň, «öz eliň, öz ýakaň» bolmagyň gadyr-gymmatynyň başgaçadygyny aňryýany bilen subut edip, ýurdumyzyň altyn gaznasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-parasady bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň on bäş ýylyň içinde 28 müňe ýetmegi-de milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň ornunyň düýpli ýokarlanýandygynyň alamatydyr. 

                                                                   

M illi telekeçilikde zenanlaryň orny barada gürrüň edilende, ilki bilen, ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinji bolup haly we haly önümleriniň önümçiligini ýola goýan Orazgül Eýeberdiýewanyň ady tutulýar. Oňa «Işewür zenanlaryň öňbaşçysy» diýsek-de, hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki guramaçy, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer halyçy-telekeçiniň iş tejribesi ýurdumyza ýaýrap, türkmen zenanlarynyň ýüzlerçesi onuň yzyna eýerdi. Bu günki gün milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine işewür zenanlarymyzyň mynasyp goşandynyň bardygy diýseň buýsandyrýar. Ene-mamalarymyzyň çeper el işlerini dowam etdirip, olaryň nesilden-nesle geçmegine, dünýä ýaýylmagyna uly goşant goşýan işewür zenan Orazgül Eýeberdiýewa bolsa diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary döwletlerde-de giňden tanalýar. Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda ussat halypa bilen duşuşyp, onuň bilen işewür zenanlaryň naýbaşy baýrama mynasyp goşantlary dogrusynda söhbetdeş bolduk.  

                                                                   

 — Orazgül halypa, şeýle şatlykly günlerde siziň bilen hemsöhbet bolmak ýakymly. Elbetde, söhbedimizi telekeçi zenanlaryň asylly işlerinden başlasak. Öý-ojagyň aladasy, nesil terbiýesi bilen telekeçilik işini alyp barmak zenanlarymyza nähili başardýarka? 

                                                                   

— Dogry, zenan maşgala üçin bu ýeňil iş däl. Ýöne her bir işde töwekgellik hem höwes gerek. Onsoňam, bir işiň başyna barmazdan, ilki bilen, onuň ugur-ýollaryny hemmetaraplaýyn öwrenmeli. Esasy zat, öz işiň ussady bolmaly. Haly önümçiligi babatda alanyňda, bu işde maňa çagalykdan toplanan tejribäm kömek etdi. Heniz mekdep partasyndakak, aýal doganlarym bilen birlikde sowgatlyk önümlerden başlap, uly göwrümli halylaryň, gör, näçesini dokandyrys. Ýöne haly haryt bolup orta çykanda, ony diňe dokap bilmek ukybyň ýeterlik däl eken. Guramaçylyk ukybyň bolmaly, halyçy gelin-gyzlar bilen düşünişip işlemegi başarmaly. Halynyň çitimi, sykymy, gölleriniň, nagyşlarynyň ýerbe-ýerligi, reňkleriniň sazlaşygy, garaz, hiç bir zady gözden salmaly däl. 

 — Siziň göreldäňiz türkmen halyçylyk sungatynda başga-da guramaçy, ukyply hem başarjaň işewür zenanlaryň döremegine getirdi, şeýlemi? 

                                                                   

— Belki. Häzirki wagtda bu ugurdan baý tejribe toplan halyçy-telekeçileriň arasyndan Ogulhan Rozyýewanyň, Kümüş Täjibaýewanyň, Maýa Orazmyradowanyň, Ogulnabat Çopanowanyň atlaryny agzap biljek. «Mähirli zenan», «Mynasyp», «Zybagözel» ýaly ýurdumyzda giňden tanalýan modalar we tikinçilik öýlerine ýolbaşçylyk edýän zenanlarymyz milli lybaslarymyzyň dürli görnüşlerini halkymyza hödürleýärler. Işewür zenanlarymyz häzirki wagtda çeper el işleri bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, oba hojalygynda, azyk we senagat önümlerini öndürmekde, gaýtadan işlemekde hem gujur-gaýratly işleýärler. Bu günki gün «Gerçek» haryt nyşanly ýokary hilli aýakgaplary öndürýän Aýhan Rejepowanyň, 100 gektar meýdanda gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän Ogulşirin Ýazdurdyýewanyň, künji ýagyny öndürýän Göwher Jumaýewanyň, ary balynyň önümçiligi bilen meşgullanýan Maýa Amangulyýewanyň we başga-da onlarça işewür zenanlaryň atlaryny öňdebaryjylaryň hatarynda agzap bolar.  

                                                                   

 — Halypa, hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlaryna ynanýar, olaryň ukyp-başarnygyna bil baglaýar. Bu hususy ulgamda işleýän ýaşlar babatda-da şeýle. Milli telekeçilige ýaşlary giňden çekmek, olaryň tekliplerini öwrenip, önümçilige ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler dogrusynda-da durup geçsek. 

                                                                   

— Bu babatda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan telekeçilikde işlemäge höwesli ýaşlar üçin giň mümkinçilikler, olaryň täze başlangyçlary durmuşa geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaşlar telekeçiligi höweslendirilýär, «ýaşlar kärhanalaryna» uly goldaw berilýär. Häzirki wagtda hereket edýän Telekeçiler mekdebi hem dürli ugurlar babatda işewürlige höwesli ýaşlary taýýarlaýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurulmagy bolsa geljekde işewürligiň ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün edilmegine getirer.  

                                                                   

Telekeçilikde ýaşlaryň orny barada söz açylanda, olaryň täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýändiklerini, öňdebaryjy tehnologiýalarda işleýändiklerini bellemeli. «Zybagözel» milli modalar öýüniň ýolbaşçysy Zybagözel Hydyrgulyýewanyň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşigine gatnaşyp, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada mynasyp bolandygy, Amandursun Begjanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen azyk önümleriniň halkara sergisine «Balam» haryt nyşanly konditer önümleri bilen gatnaşyp, eziz Diýara altyn medallar bilen dolanyp gelendigi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş telekeçileriň gazanan uly zähmet ýeňişleridir. 

                                                                   

 — Orazgül halypa, siziňem daşary ýurtlarda geçirilen halkara sergilere gatnaşyp, türkmen halyçylyk sungatynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna uly goşandyňyz bar. Dünýä halklarynyň milli gymmatlyklarymyza bolan garaýşy barada gürrüň berseňiz.  

                                                                   

— Milli mirasymyza, çeper el işlerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz türkmen önümleriniň dünýä meşhurlygyny gazanmagyna giň ýol açýarlar. Iş tejribämde halkymyzyň milli buýsanjy bolan nepis türkmen halylary bilen dünýä döwletlerinde geçirilen halkara sergileriň ençemesine gatnaşmak miýesser etdi. Şolardan Saud Arabystanynda geçirilen Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Buhara şäherlerinde, Täjigistanda, Russiýa Federasiýasynyň Kazan we Soçi şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Milli sergilerine gatnaşyp, türkmen halysynyň ajaýyplygyny, owadanlygyny, nepisligini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döredi. Halkara sergilerinde bolanymyzda, türkmen halylarynyň döreýşine, dokalyşyna, göllerine, nagyşlaryna, çitiminiň syklygyna uly gyzyklanma döreýär. Şonda bize Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserleri gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiz türkmen halysyna «El bilen döredilen gudrat» diýýär. Älemgoşar öwüşginli halylary synlanyňda, bu hakykata doly göz ýetirýärsiň. Şunuň özem türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagyna esas bolandyr. 

                                                                   

 — Garaşsyzlyk toýumyza taýýarlaýan sowgatlaryňyz baradaky buýsançly sözleriňiz bilen söhbetdeşligimizi jemlesek. 

                                                                   

— Baş üstüne! Her bir baýrama, toýa sowgatly barmak halkymyzda asylly däpleriň biri. «Pazyryk» halysy diýseň, tanamaýan az-az bolsa gerek. Biz bu gadymy halynyň täze nusgasyny döretdik. Tebigy boýaglara boýalan sap ýüpekden dokalan bu halynyň bir inedördül metrinde bir million bir ýüz müň çitim bar. Bu diýseň syklygy hem nepisligi aňladýar. Şeýle-de gülgüne hem-de ýaşyl reňkli äpet halylary dokap taýýarladyk. Olaryň göllerinde, nagyşlarynda millilik bilen täze döwrüň ruhy sazlaşýar.  

                                                                   

Bize ene-mamalarymyzyň çeper el hünärini dowam etdirip, geljekki nesillere ýetirmäge, milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA,

                       

«Zenan kalby»

28.09.2023
Ykdysady üstünliklerimiz bagtymyzyň kuýaşy

Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň möçberli sergi berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolar. Köpugurly gözden geçiriliş giň sergi zallarynda ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täzelikleridir teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Döredijilik toparlary foruma gatnaşyjylary we myhmanlary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar bilen garşyladylar.  

                                                                   

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi hem-de täjirçilik banklarynyň söwda pudagyny guramak işinde amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň oňyn täsiriniň şöhlelendirilişi sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň barha kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýan her bir pudagyň diwarlyklaryna seredeniňde göwnüň galkynýar. Edilen işlere, ýetilen sepgitlere nazar aýlamaga, buýsanmaga mümkinçilik döredýän bu ajaýyp sergide ýurdumyzyň bazarlaryndaky azyk bolçulygy, bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän ykdysady özgertmeleri aýdyň şöhlelenýär.  

                                                                   

Serginiň çäklerinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň üstünlikleriniň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri guraldy. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna, şäher gurluşygyna, şeýle hem nebitgaz toplumynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerine we geljekki ösüş maksatnamalaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi.  

                                                                   

Sarp ediş bazarynda milli önümlerimizi giňden tanyşdyrmakda netijeli meýdança öwrülen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                                                           

«Adalat».

26.09.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. 

Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem I.Babuşkin Türkmenistana gelmäge örän şatdygyny belläp, Astrahan oblasty bilen Türkmenistany ozaldan gelýän dostluk hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa, şol sanda onuň sebitleri bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de RF-niň iri sebitiniň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Astrahan oblastynyň köp sanly motosikletçilerini bir ýere jemlän “Hazar — dostluk deňzi” atly motoýörişiň çäklerinde şu ýylyň aprel aýynda bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, şeýle çäreleriň özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny açmaga ýardam berýändigini nygtady. 

                                                                   

Myhman hem öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz bilen bolan şol duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagynda möhüm ähmiýetiniň bolandygyny buýsanç bilen belledi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda özara haryt dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda umumy maksatlaryň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň işewür toparlaryň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. 

                                                                   

Duşuşygyň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmeginiň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portlarynyň arasyndaky üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmak boýunça netijeli tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ýurdumyzyň edaralarynyň we hususy bölegiň wekilleriniň Astrahanyň aýratyn ykdysady zolaklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady we Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy. 

                                                                   

Myhman amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda meşhur rus kompaniýalarynyň işleýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Bu kompaniýalar bilen dürli ulgamlarda birnäçe möhüm taslamalar bilelikde amala aşyryldy we hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

26.09.2023
Ösüşlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hususy telekeçileriň mynasyp paýynyň bardygyny ajaýyp zamanamyzda olaryň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde durmuşymyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegini hemmetaraplaýyn goldamagyň aýratyn ileri tutulýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanmak bilen, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün etmekde, döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda telekeçilerimiziň eýeleýän sepgitleri guwandyryjydyr.  

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Bu şanly toýa ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barmak ähli pudaklaryň işgärleriniň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň telekeçileri hem Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. 

                                                                                                           

Ogulbäbek Nurgulyýewa,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň baş buhgalteri.

26.09.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry) 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Ilki bilen, sizi we siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we merdana halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

1991-nji ýyldan bäri geçen 32 ýylyň dowamynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere ýetdi. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini hem-de işjeňligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrýarys.  

                                                                   

Maksatnamalaýyn alnyp barlan bu işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär. Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutulýar. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarys hem-de döwrebaplaşdyrýarys. Şäherlerimizi, obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerimde bina edýäris.  

                                                                   

Döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümlerimiziň möçberi hem-de görnüşleri artýar. Bu bolsa depginli ösýän döwletimiziň dünýäniň ykdysady, senagat, maýa goýum, ylmy-tehniki we tehnologik giňişligine ynamly aralaşýandygyny görkezýär. Biziň ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, sebitlerimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalarymyz bar. Şoňa görä-de, uzak möhletleýin döwürde maýa goýumlary çekmegiň ugurlaryny has-da kämilleşdirmek hem-de bu ugurdaky şertleri yzygiderli gowulandyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin zerur işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, halkara maýa goýum mümkinçilikleri netijeli ulanylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak utgaşykly we toplumlaýyn esasda ýola goýulmalydyr. Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidir. Bilelikde maýa goýum forumlary we işewürlik maslahatlary geçirilmelidir. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisini diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirýäris. Munuň üçin: 

                                                                   

 birinjiden, ýurdumyzyň senagat pudaklaryny ösdürmek; 

                                                                   

 ikinjiden, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak; 

                                                                   

 üçünjiden, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri döretmek; 

                                                                   

 dördünjiden, oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek hem-de azyk üpjünçiligini gowulandyrmak; 

                                                                   

bäşinjiden, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl sanly tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Halkara standartlara doly laýyklykda ýerine ýetirilen bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilermenleri ýokary baha berdiler. Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň ilaty 7 million 57 müň 841 adam boldy. Şunuň bilen baglylykda, biziň öňümizde täze wezipeler ýüze çykýar. Ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalarymyza degişli seljermeler geçirilip, takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleri gönükdirdik. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 56 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 44 göterimi goýberildi. Şu ýyl göz öňünde tutulan 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýeri döredildi. 

                                                                   

Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar. Biziň gazanan üstünliklerimiz alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagynyň hem-de işjeň gatnaşmagynyň netijesidir. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti galyndysyz düýpli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylmagy munuň ýene-de bir mysalydyr. 

                                                                   

 — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy; 

                                                                   

— daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmegi; 

                                                                   

 — gaz boýunça ylmy we tejribäni, täze tehnologiýalary ösdürmegi hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi; 

                                                                   

 — uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegi; 

                                                                   

— sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de seýsmiki gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy biz nebitgaz pudagyny ösdürmekde esasy ugurlar hasaplaýarys. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris. Ýurdumyzda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribe toplandy. Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda bahasy 545 million 55 müň manada deň bolan düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. 

                                                                   

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda senagatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmeli. Senagat marketingini, halkara bazarlara çykmagyň, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, dolandyryş tejribesini kämilleşdirmegiň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bilelikdäki taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglyk edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup ulanmaga berildi. Öz gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda bina edilen Arkadag şäheri iri ylym-bilim, medeni we halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüler. Halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolan bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Şäheriň derejesi we ähmiýeti ýurdumyzyň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde mynasyp orny eýelemegi üçin, Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys. 

                                                                   

Sanlyja ýyllarda biz döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş-medeni binalary, ösen innowasion tehnologiýaly pudaklary öz içine alýan «Aşgabat-sitini» we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny hem gurarys. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Bitarap döwletimiz möhüm halkara meseleleriň, aýratyn-da, energetika howpsuzlygynyň, ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar. Köpugurly we görnüşli turba geçirijiler ulgamyny döretmek bilen, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmegi üçin täze ugurlary açýar. Biz öňdebaryjy ýurtlar, ýöriteleşdirilen halkara guramalar, şol sanda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik, Halkara energetika agentligi we Halkara energetika hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy giňeldýäris. Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem işjeň gatnaşýarys. Ýakyn onýyllyklarda Türkmenistan Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüler. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Ýurdumyzyň obasenagat toplumy çalt depginler bilen ösýär. Diňe Oba milli maksatnamasy esasynda hem ýaşaýyş-durmuş pudaklarynyň we inženerçilik-üpjünçilik ulgamlarynyň 15 ugruny, ýagny hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralaryny, medeniýet öýlerini, sport mekdeplerini we desgalaryny, suw, lagym, gaz, elektrik geçirijilerini we desgalaryny, awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk ulgamyny, ýaşaýyş jaý hojalygyny öz içine alýan gurluşyklar dowam etdirilýär. Pudakda geçirilýän düýpli özgertmeler ýokary hilli dürli oba hojalyk önümleriniň möçberini we eksportyny artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Pudagy has ýokary sepgitlere çykarmak üçin welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar ulanylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek boýunça anyk işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barlan işleriň netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary şu ýyl hem bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirip, azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşdular. 

                                                                   

Ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawy goramagy düýpli özgertmek maksady bilen, biz ýakynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretdik. 

                                                                   

Şu ýyl pudakda 1 milliard 600 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Häzirki döwürde ähli hojalyklarda gara mallaryň baş sany 2 million 530 müňe, dowarlaryň sany 20 million 88 müňe, guşlaryň sany 21 million 957 müňe, düýeleriň sany hem 141 müňe ýetirildi. Biz ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribäni ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmelidiris. Hasyllylygy ýokarlandyrmak, tohumçylygy gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmelidiris. Ekinleriň naýbaşy tohumlaryny önümçilige ornaşdyryp, tohumçylyk edaralarynyň işini halkara derejede kämilleşdirmelidiris. 

                                                                   

Häzirki döwürde oba hojalygyny suw bilen üpjün etmek möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şonuň üçin suwy rejeli peýdalanmaga, suw desgalarynyň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler geçirildi. Bu işleri depginli dowam etdirip, suw serişdelerini örän tygşytly ulanmaly. Halkymyzyň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, önümçilige suw tygşytlaýjy öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaly. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Suw diplomatiýasy alyp barýan daşary syýasatymyzyň we daşary ykdysady işimiziň aýrylmaz bölegidir. Şoňa görä-de, biz suw serişdelerini gorap saklamaga we tygşytly ulanyp, onuň ýitgisini azaltmaga örän jogapkärli çemeleşmeli. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde suw ulgamyndaky howpsuzlyk we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak boýunça goňşy döwletler bilen, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeli. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň resmileşdirilmegi ugrunda hem çykyş edýäris. 

                                                                   

Daşky gurşawy goramak ministrligi çölleşmä, ýerleriň şorlaşyp zaýalanmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirini azaltmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan zerur işleri amala aşyrmalydyr. Türkmenistan daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň “Ählumumy metan borçnamasy” atly täze başlangyjyny goldaýar we metan zyňyndylarynyň howa aralaşmagyny azaltmak ugrunda tagalla edýär. 

                                                                   

Biz daşky gurşawy goramak we ekologik meseleler bilen bagly milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzyň obalarynyň we şäherleriniň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny, gök guşaklary döredýäris. Çöl, dag, derýa we köl ekoulgamlarynyň, hususan-da, haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň seýrek görnüşleriniň goralyp saklanmagyna, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň giňeldilmegine gönükdirilen işleri alyp barýarys. Daşky gurşawa ýaramaz täsiriň öňüni almak üçin, ýurdumyzda polimer we plastik materiallary ulanmagyň hem-de olaryň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak ugrunda hem zerur işleri alyp barmaly. Bu materiallaryň galyndylaryny toplamak we gaýtadan işlemek boýunça ýörite maksatnamany kabul etmeli. Biz geljekde hem halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli konwensiýalary esasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdireris. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Içerki söwdany kämil dolandyryş we düzgünleşdiriş ulgamy harytlaryň elýeterli, bahalaryň durnukly bolmagyny üpjün edýär, söwda hyzmatynyň hilini hem-de medeniýetini ýokarlandyrýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar ýurdumyzy ýokary derejeli bäsdeşlige ukyply, kuwwatly döwlet hökmünde tanadýar. 

                                                                   

Biz ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris. Täze bazarlary özleşdirmäge, bar bolanlaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkara bazarlara erkin bäsleşikli şertlerde çykmak, harytlaryň päsgelçiliksiz hereketini üpjün etmek üçin tagalla etmelidiris. Bu ugurda ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň konsepsiýalaryny hem-de eksport ugurly senagaty goldamagyň strategiýasyny taýýarlamagy zerur hasaplaýaryn. 

                                                                   

Bütindünýä Söwda Guramasynda “işjeň synçy” derejesi berlen ýurdumyz erkin söwda boýunça halkara şertnamalara gatnaşýan döwlet hökmünde netijeli syýasaty alyp barýar. Biz ýurdumyzyň bu abraýly halkara gurama agza bolmagyny hem-de daşary söwda ulgamyny we logistik düzümlerini has-da ösdürmegi göz öňünde tutýarys. Şunuň bilen baglylykda: 

                                                                   

— milli bähbitlerimizi nazarda tutup, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak üçin talap edilýän köptaraply ylalaşyklary baglaşmak üçin zerur işleri alyp barmaly; 

                                                                   

— ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş bazaryny, ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de halkara standartlara laýyk getirmek arkaly bu ugurda öňdebaryjy kompaniýalar we dellallar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeli; 

                                                                   

— standartlaşdyrmak boýunça halkara we sebitara guramalar, şeýle hem daşary ýurtlaryň ygtyýarly edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmeli; 

                                                                   

 — dünýäniň we sebitiň iri haryt-çig mal biržalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin teklipleri taýýarlamaly; 

                                                                   

— milli önüm öndürijilerimiziň we hyzmatlary ýerine ýetirijilerimiziň ählumumy gymmatlyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyny ýola goýmaly; 

                                                                   

 — öz önümlerimiziň dünýä bazaryna eksportyny artdyrmak üçin lomaý söwda-logistika merkezlerini döretmeli. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýeňil senagatyny ösdürmek, gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmak, dokma önümlerini öndürýän iri döwletleriň arasynda Türkmenistanyň ornuny berkitmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky gön zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze, häzirki zaman dokma toplumyny gurmagy hem meýilleşdirýäris. Bu işleriň ählisi pudagy depginli ösdürmäge, uly islegden peýdalanýan, täze önümleri öndürmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ilaty elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk we bilim hyzmatlary bilen üpjün etmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirini azaltmak boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslaryny we usullaryny döwrebaplaşdyrýarys. Bu ugurda milli maksatnamalary, konsepsiýalary durmuşa geçirýäris. 

                                                                   

Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerinde bagtyýar talyplarymyz okuwa başladylar. Şeýle hem bu ýerde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebine, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebine, mekdebi we çagalar bagyny öz içine alýan okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere okuwçylarymyz, çagalar baglaryna bolsa eziz körpelerimiz ilkinji gadamlaryny basdylar. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy. Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly açylyp ulanmaga berildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesiller düzýär. Biz olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr. Biz ýaş raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaş çatynjalara goldaw bermek, olary häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňelderis. 

                                                                   

Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegi, hukuk esaslaryny we maliýe meselelerini geljekde hem kämilleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagy bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şoňa görä-de, mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak möhüm bolup durýar. 

                                                                   

 Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak esasynda ýurdumyzda smart-telewizorlary, noutbuklary, planşetleri we beýleki döwrebap tehnikalary öndürmek arkaly dünýä bazaryna çykarýan elektron önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygy hem ýokarlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag edaralary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, önümçilik kärhanalarynyň arasynda aragatnaşyk, senagat we awtomobil elektronikasyny, lukmançylyk hem-de kompýuter tehnikasyny, elektron harytlary we beýleki önümleri öndürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi, täze kärhanalary döretmegi geljekki ösüşlerimiziň esasy şertleriniň biri hasaplamalydyrys. 

                                                                   

Milli innowasion önümlerimiziň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi üçin mekdep okuwçylaryny, talyplary, aspirantlary çekmegi göz öňünde tutýan düzümler, halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik, dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamagy has işjeňleşdirmelidir. Ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça köp işler ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerimizde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek boýunça birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirildi. Şunuň bilen bagly toplanan tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamagy zerur hasap edýärin. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Saglygy goraýyş ulgamy depginli ösdürilip, halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Şu ýyl bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdelerini goýberdik. Saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesini gönükdirdik. 

                                                                   

Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy dowam etdirildi. Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Derman senagatyny ösdürmek, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan kärhanalary döretmek işi dowam etdirildi. Lukmançylyk diplomatiýasynyň kadalaryna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylýar. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Bitarap döwletimizde «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede geçirildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolsa sport, parahatçylyk, dostluk däplerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň türgenleri sporty ösdürmekde, halkara ýaryşlarda oňat netijeleri gazanýarlar. Şu ýyl hem olar halkara ýaryşlarda 164 altyn, 177 kümüş, 259 bürünç medala, jemi 600 medala mynasyp boldular. 

                                                                   

Noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyny hem ýokary derejede guramalydyrys. Şeýle-de geljek ýyl Fransiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmelidiris. Biz türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň sport abraýyny gorap, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýarys. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Milli mirasymyzy, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak hem alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Döwrebap teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şu ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçdik. Geçen döwürde ýurdumyz ÝUNESKO we onuň degişli komitetleri, ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyk edip, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport, aragatnaşyk we maglumat ugurlary boýunça baý tejribe toplady. Şu ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary açyldy. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasyndan şu baýramçylyk günlerinde şatlykly habar gelip gowuşdy. Bu guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary hem girizildi. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösüşine goşýan goşandydyr. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
 

                                                                   

 Türkmenistan bu gurama bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan işlerini geljekde has-da giňelder. Şoňa görä-de: 

                                                                   

— Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy; 

                                                                   

 — ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek; 

                                                                   

 — ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýanynda bu guramanyň klublarynyň milli federasiýasyny döretmek; 

                                                                   

— Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen bagly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini, şeýle hem Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny tebigy geologik ýadygärlikler hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna; 

                                                                   

— Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daýahatyn kerwensaraýyny, Dehistanyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak; 

                                                                   

— türkmeniň milli dograma tagamyny, keçe we kilim taýýarlamak hem-de hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny, çaga sallançagyny bejermek we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna; 

                                                                   

 — Aşgabat we Arkadag şäherlerini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmaly. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Şu ýerde men ýene-de bir örän möhüm mesele barada durup geçmek isleýärin. Siziň bilşiňiz ýaly, täze ýylda, ýagny 2024-nji ýylda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçeris. Bu şanly sene bilen bagly köp çäreler bellenildi. Biz bu çäreleri örän ýokary derejede guramaçylykly, dabaraly ýagdaýda geçirmelidiris. Öz halkyny agzybirlige we özbaşdak berkarar döwletlilige çagyran beýik ynsanperwer şahyryň şanly ýubileýini ählihalk baýramçylygyna öwürmelidiris. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

 Biziň daşary syýasatymyzyň esasy maksatlary: 

                                                                   

 — döwletimizi we jemgyýetimizi parahatçylykly hem-de durnukly ösdürmek üçin amatly daşarky şertleri döretmekden; 

                                                                   

 — Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki ornuny has-da berkitmekden; 

                                                                   

— halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitlerimizi yzygiderli goramakdan ybaratdyr. Şu maksatlardan ugur alyp, biz Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, halkara gatnaşyklara ynsanperwerligi, ýokary ahlak we adalat standartlaryny ornaşdyrmaga hemaýat etmek meselelerine daşary syýasatymyzda uly orun berýäris. 

                                                                   

Türkmenistan bitaraplyk kadalaryna berk eýermek bilen, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Halkara hukugyň ählumumy kadalaryna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine ygrarly bolmagynda galýar. Dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofik ýörelge esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Öňüni alyş diplomatiýasyny bu gatnaşyklaryň tejribesine ornaşdyrmaga ýardam berýär. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Siziň bilşiňiz ýaly, biz ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdyk. Bu guramanyň belent münberinden sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça Bitarap döwletimiziň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdik. Ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürdük. 

                                                                   

Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş etdik. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdik. Biz «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada-da teklip girizdik. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygyndaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjyny hem öňe sürdük. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir. 

                                                                   

Täze döwürde ýurdumyzyň parlamentiniň işini hem barha ösdürýäris. Milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýäris. Şunuň bilen birlikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak zerurdyr. Täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biri diýip hasap edýärin. 

                                                                   

Jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi we demokratiýany ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary tarapyndan köp işleriň ýerine ýetirilendigini we geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýratyn bellemek isleýärin. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny giňden belleýän Bitarap Türkmenistan ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär. Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi, Hökümeti we biziň ählimiz yhlasly işlemelidiris. 

                                                                   

Döwrüň talabyna görä, milli kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugruna öwrülýär. Şeýle bolansoň, ata Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizden ugur alyp, ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de berkitmeli diýip hasaplaýaryn. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr! Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz mundan beýläk-de gülläp össün! Goý, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň berkararlygy dowamat-dowam bolsun!

25.09.2023
Türkmen halky Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslaryny berkidip, beýik geljege tarap ynamly öňe barýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 

                                                                   

 Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi. 

                                                                   

Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. 

                                                                   

...Maslahat köşgünde aýratyn dabaraly we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu ýere ýurdumyzyň ähli künjeginden wekiller ýygnandylar. Mejlise gatnaşýanlar Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri zalyň sahnasyna geçýär we foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekleýär. Munuň özi türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň barha uly ähmiýete eýe bolýandygynyň we rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerinden ugur alyp, şu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini belledi. 

                                                                   

Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşýarlar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr! Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr. 

                                                                   

Dabaraly pursat gelip ýetýär: Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan edýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Umumymilli foruma gatnaşyjylaryň ählisi oňa öz seslerini goşýar. 


 Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumynyň saýlanan agzalaryny öz ýerlerine geçmäge çagyrýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary we ýurdumyzyň ähli halkyny ýetip gelýän şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edip, umumymilli foruma gatnaşýanlaryň onuň gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryny belledi hem-de ara alyp maslahatlaşmaga girizilen meseleler we resminamalar boýunça tekliplerdir bellikleriň bardygy ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu günki mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanýandygyny yglan etdi. 

                                                                   

 Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde maksatnamalaýyn çykyş etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlenip, milli demokratik däplerimize, aýanlyk, adalatlylyk, döwletlilik, kanunylyk we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli soraglary halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplan milli tejribämizden ugur alyp, biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirýäris diýip belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmekde, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň garaşsyzlyk we döwletlilik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik düşünjeleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Bu düşünjeler biziň günlerimizde halklaryň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän milli we umumadamzat ähmiýetli taglymatlara öwrüldi. Milli bitewüligi emele getirip, döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny düzdi. 

                                                                   

Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçeris. Ykbalyny halkyň ykbaly bilen mäkäm baglan şahyryň bu gün arzuw eden zamany geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň we agzybirligiň, ösüşleriň ýurduna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bu barada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem belläp geçdi. 

                                                                   

Biziň beýik ýeňişlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Türkmen halky döwlet gurujy halkdyr. Biz döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilik däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti döretdik. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. 

                                                                   

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda belleýşim ýaly, Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biziň ösüş nusgamyz häzirki ählumumylaşma döwründe ýüze çykýan soraglary çözmegiň netijeli ýoludyr. Milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr. 

                                                                   

Döwür öňümizde täze-täze wezipeleri goýýar. Biziň döwleti we jemgyýeti ösdürmekde milli nusgamyz döwlet syýasatynyň binýatlyk esaslaryny düzýär. Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy agzybirligimizi hem-de watançylygymyzy, parahatçylyga, dostluga ygrarlylygymyzy, Watanyň, il-günüň öňündäki jogapkärçiligimizi döwletimizidir jemgyýetimizi kämilleşdirmegiň esasy hem-de täze eýýamyň biri-biriniň üstüni doldurýan, özara baglanyşykly bitewi taglymaty hasap edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. 

                                                                   

Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär. Halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem esasy wezipeleri halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirilendir. Sebäbi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ösüş nusgasynda döwletimiziň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, raýatlaryň durmuş taýdan goragly bolmagy esasy maksat edilip goýlandyr. 

                                                                   

Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde biz döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasyny döredip, jemgyýetimiziň her bir wekiliniň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamyny kemala getirdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. 

                                                                   

Bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny tapgyrlaýyn kämilleşdirmegiň ýolunda, birinjiden, döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli wekilçilikli we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň guramaçylyk hem-de üpjünçilik mümkinçiliklerini has-da artdyrdyk. Ikinjiden, ýörite bilimli, ukyp-başarnykly ýolbaşçylaryň we gullukçylaryň täze neslini taýýarlap, döwlet dolandyryş ulgamynyň işgärler düzümini kämilleşdirdik. Üçünjiden, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak bilen, döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine döwrebap usullary ornaşdyrdyk diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Dördünjiden, parahatçylygyň we ylalaşygyň, durnukly ösüşiň aýrylmaz hem-de kesgitleýji şerti hökmünde döwletimiziň hukuk binýadyny, raýat jemgyýetiniň institutlaryny tapgyrlaýyn berkitdik. 

                                                                   

Gadymdan gelýän demokratik ýolumyza we ynsanperwer taglymatymyza laýyklykda, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň özara baglanyşygyny üpjün edip, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk taýdan ähli mümkinçilikleri döretdik. Bu mümkinçilikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýär. Ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň örän oýlanyşykly hem-de sazlaşykly dolandyrylmagyna, giň gerimli özgertmelerimiziň işjeňleşmegine ýardam edýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryş ulgamyny institusional we hukuk taýdan kämilleşdirmek babatda öňe sürýän başlangyçlary bolsa ösüşiň täze tapgyryna ynamly gadam basmaga mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi halkymyzy beýik işlere galkyndyrýar. 

                                                                   

Geçen 32 ýylda biz amala aşyran işlerimiz netijesinde halk bilen häkimiýetiň, döwlet bilen raýatyň arasynda örän mäkäm we synmaz gatnaşyklary — milli bähbitlerimiziň bitewüligini üpjün etdik. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş nusgasynyň düýpli aýratynlygydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzyň durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň edaralaryny kemala getirmek we olaryň üstünlikli işlemegini ýola goýmak işlerini netijeli amala aşyrýarys. Şol işlerde halk häkimiýetiniň gadymy däpleri, ata-babalarymyzyň döwlet gurmakdaky baý tejribesi bilen birlikde, üçünji müňýyllygyň dünýä tejribesine hem daýanýarys. Şeýdip, biz täze taryhy döwrüň öňe sürýän wezipelerini çözmekde häkimiýetiň gözbaşy bolan halk köpçüliginiň ornuny has-da ýokarlandyrýarys. 

                                                                   

Halk häkimiýetiniň döwrebap guralmagy, ilkinji nobatda, kämil saýlaw ulgamy bilen berk baglydyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şu ýylyň 26-njy martynda erkin bäsdeşlik, açyklyk, pikir we söz azatlygy boýunça hakyky demokratiýa esaslanyp geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň täze düzüminiň saýlanmagyna biz demokratiýanyň ýokary derejede ýüze çykmasy hökmünde garaýarys. Bu saýlawlar syýasy ulgamyň kämilleşýändigini, raýatlaryň aň-düşünjesiniň, jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň artýandygyny hem-de halk häkimiýetiniň berkeýändigini görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatyna gatnaşyp, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeleri kesgitlemegi biziň başlangyçlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Täze taryhy döwürde biz döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini il-ýurt bähbitli tagallalara gönükdirýäris. Wekilçilikli edaralara hukuk we usuly taýdan goldaw berýäris. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, deputatlaryň gatnaşmagynda döwlet ähmiýetli möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşýarys. Türkmeniň täze taryhynda indiki wezipämiz eziz Watanymyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly amala aşyryp bileris. Ine, hut şu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr. 

                                                                   

Halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň ulgamynda halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möhüm orny bardyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň jemgyýetimiziň agzybirligini üpjün etmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ak ýürekden yhlasly zähmet çekip, bu mukaddes işe mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, türkmen halkynyň terbiýe mekdebiniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelendigine ünsi çekdi. Şoňa görä-de, biz nesil terbiýesine, pähim-parasatly ýaşulularymyzyň, eziz enelerimiziň bu ugurdaky hyzmatyna uly ähmiýet berýäris. Şonuň üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşi döredildi. Ýaşulular agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ýakyn maslahatçylardyr. Eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, ösüş ýollaryna garaýyşlarynyň bitewüligini berkidýän esasy syýasy-jemgyýetçilik güýç hökmünde ornuny pugtalandyrýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. 

                                                                   

Biziň durmuşa geçirýän bu işlerimiziň ählisi döwletimiziň, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatyny goldamaga, amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar. Bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçiren umumy sapagymda hem giňişleýin durup geçdim. Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenleriň döwleti emele getirmekde we dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda toplan baý tejribesi hakynda gürrüň etdim. Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşyny dowam edip, ýurdumyzyň ösüşiniň dünýäniň tehnologik özgertmeleri bilen utgaşykly dowam etmelidigini belledi. Aýratyn-da, hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe sürýän garaýyşlary, kabul edýän çözgütleri netijesinde, durmuşymyz barha gözelleşmelidir. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklary, adam mümkinçilikleri bu maksada ýetmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar. Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy, iş üpjünçiligi we ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, täze şäherdir obalar gurulýar. Bularyň ählisi nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edilýän örän uly aladadan nyşandyr. Halkymyzyň agzybirligini, ýurtda milli bitewüligi we jebisligi pugtalandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işlerdir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda döwlet dolandyryş işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak döwlet gullukçylaryndan ýokary ussatlygy we ukyp-başarnygy talap edýär. Bu iş berk binýada esaslanýar we yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwrebap binasynyň ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Biziň milli ykdysady nusgamyzda öňe sürýän baş wezipelerimiziň ýene-de biri azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Şu maksat bilen, oba hojalygynyň ykdysady netijeliligi we düşewüntliligi ýokarlandyrylýar. 

                                                                   

Gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylyp, galyndysyz tehnologiýalar ornaşdyrylýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy ilatyň uzak ömrüniň we ýokary hilli ýaşaýşynyň möhüm esaslaryny emele getirmäge oňyn täsir edýär. 

                                                                   

Suw serişdelerini aýawly saklamak we tygşytly peýdalanmak boýunça hem Türkmenistanda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Suwy tygşytly peýdalanmagyň we suwarymly ýerleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary ylmy esasda öwrenilip önümçilige ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine hem-de onuň geljegine uly orun berilýär. Halkara ekologik talaplara laýyk gelýän zawod-fabrikler gurulýar. Bu işler bilen birlikde, Aşgabat şäherini, welaýatlarymyzy, etraplarymyzydyr obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri giň gerimde alnyp barylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. 

                                                                   

Şu ýylyň 29-njy iýunynda gadymy Ahal topragynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry ulanmaga berildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we maýa goýum kuwwatyny görkezýän geljegiň şäheri adam hakyndaky aladanyň netijesinde ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändigi bilen aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip bellemegi raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýändigini ýene-de bir gezek görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Halkyň ýaşaýyş derejesi şähergurluşyk işi bilen berk baglydyr. Bu ugurda ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredildi. Kabul eden kanunlarymyz adamyň talabalaýyk ýaşaýyş jaýynyň bolmagy we durmuş gurşawynyň emele getirilmegi, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegi bilen bagly durmuşa geçirýän işlerimizi mundan beýläk hem üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerur diýip hasap edýäris. Bu strategiýa täze eýýamda baş maksadymyza ýetmekde — halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädim bolar. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň Başlygy watandaşlarymyza ýüzlenip, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýolumyza eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini belledi. Gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar. Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Biz öňümizde belent wezipeleri goýduk diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow yhlas bilen başyna barlan işleriň bolsa bitmän galmajakdygyna ynam bildirdi. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadançylygy üçin egsilmez gujur-gaýratymyza we synmaz erkimize daýanyp, öňküden-de jebisleşip, yhlasly, tutanýerli zähmet çekmelidiris. 

                                                                   

 “Biz diňe, halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!” diýip, Gahryman Arkadagymyz çykyşyny jemledi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns berlip diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibine hödürlenen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, oňa gatnaşyjylara söz berdi. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Garry Pirgulyýew ähli ýaşulularyň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygyny we Türkmenistanyň Prezidentini Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Dana ata-babalarymyzyň asylly däplerine we wesýetlerine eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň ähli işlerinde halk bilen, ýaşuly nesliň wekilleri bilen hemişe geňeşýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ähli watandaşlarymyzyň, ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň, her bir raýatynyň abadançylygy barada uly alada edýändigi nygtaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işleri ýaş türkmenistanlylaryň ençemesiniň ýagty geljegine umyt berdi. 

                                                                   

Ýaşuly nesliň wekiliniň aýdyşy ýaly, 2023-nji ýylyň 29-njy iýuny halkymyz üçin taryhy sene boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdagyň gözel künjeginde ajaýyp Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy geçirildi. Şonda türkmen halkynyň Milli Lideri haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugrap, täze şäheriň üstünden uçarynda uçup geçip, guşuçar belentlikden onuň ulanmaga berilmegine ak pata berdi. Ýaşulular bilen bilelikde haj parzynyň ýerine ýetirilmeginiň özi hem milli ruhy däplere aýratyn hormat goýulýandygynyň, asylly ýörelgeleriň dowamat-dowamdygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bilen döwürdeş, zamanadaş bolup ýaşamak, mähriban Watanymyzyň ösüşine we rowaçlanmagyna goşandyňy goşmak uly bagtdyr diýip, hormatly ýaşuly belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny baýram etmek baradaky başlangyjynyň tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň makullamagyna we goldamagyna mynasyp bolandygy nygtaldy. Türkmen nusgawy edebiýatynyň ajaýyp şahyryna we filosofyna bagyşlap, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp şygyr eserini döretdi. Ol goşgy türkmenistanlylar üçin baýramçylyk sowgady boldy. 

                                                                   

Çykyş edeniň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň ajaýyp eserlerinden ruhlanýan ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlary Watana söýgi we wepalylyk, zähmetsöýerlik, halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde tagallalaryny gaýgyrmazlar. 

                                                                   

Ýaşulularyň Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyny höwes bilen diňländigi nygtaldy we şu günki mejlisde kabul edilen çözgütleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi. Türkmen halkynyň Milli Liderine we Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, ýaşuly nesliň wekili çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen tamamlady. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatyndan lukman Ogulnabat Agajanowa çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli işleriniň netijesi bolup durýandygyny nygtady. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň netijesinde halkyň saglygyny goramagyň we berkitmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi bellenildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňüleriniň derejesinde ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen ýörelgesine esaslanyp, Türkmenistanda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, şypahanalaryň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem, halkymyz üçin hem saglygy goramak boýunça bilimleriniň gymmatly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ilatyň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyny höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Munuň şeýledigine ýurdumyza gowşurylan halkara güwänamalar hem şaýatlyk edýär. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz zähmetiniň aýdyň miweleridir. 

                                                                   

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň saglygynyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn üns merkezinde durýandygy bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegini görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän nesiller barada hemmetaraplaýyn aladasy we olara berýän uly ünsi saglygy goraýyş işgärleri üçin görelde mekdebidir diýip, O.Agajanowa nygtady. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet strategiýasynda mynasyp dowam etdirilmegi bilen, paýtagtymyzyň, täze Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň saglygy goraýyş edaralary raýatlarymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Türkmenistanlylar hemme zerur derman serişdeleri bilen üpjün edilýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly taryhy çykyşynyň maslahata gatnaşyjylaryň mähriban Watanymyza tüýs ýürekden buýsanç duýgusyny artdyrandygyny nygtap, çykyş eden ähli kärdeşleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygyny hem-de döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Saglygy goraýyş ulgamynyň wekili iň oňat arzuwlaryny beýan edip, çykyşyny şahyrana setirler bilen tamamlady. 

                                                                   

Soňra «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat ýol we desgalar edarasynyň hünärmeni Yhlas Geldimyradowa söz berildi. Çykyş eden ulag we kommunikasiýalar toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy we ähli türkmen halkyny Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen mähirli gutlap, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän ýylyň her bir gününiň taryhy wakalara beslenýändigini nygtady. “Döwlet adam üçindir!” diýen binýatlyk ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar, ýurdumyzda häzirki zaman, köptaraply ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek babatda uly işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Diýarymyzda sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýan ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň hem-de demir ýollaryň, täze köprüleriň, Halkara howa menzilleriniň, “Orta Aziýanyň deňiz derwezesi” diýlip atlandyrylýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy ulag diplomatiýasynyň barha uly orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Bu döredilen mümkinçilikler Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, müňlerçe iş ornunyň döredilmegine, türkmen topragynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara amatly ýagdaýda eksport edilmegine ýardam berýär diýip, çykyş eden nygtady hem-de ýaşlaryň saýlap alan hünärlerinde yhlasly zähmet çekmek bilen, özlerine bildirilen ynamy ödejekdiklerine ynandyrdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň strategik öňdengörüjiligi we döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary netijesinde ulag ulgamynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Şunuň bilen baglylykda, Y.Geldimyradow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň BMG tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolandygyny nygtady. Ulag ulgamynyň işgärleri bu taryhy waka tüýs ýürekden buýsanýarlar diýip, çykyş eden belledi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriniň ikinji kitabyndaky: “Türkmenistan Demirgazyk bilen Günortanyň, Günbatar bilen Gündogaryň, Aziýa bilen Ýewropanyň “altyn derwezesine” öwrüldi” diýen sözlerini mysal getirip, çykyş eden onuň wajypdygyny nygtady. 

                                                                   

Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň işgärleri döwletimiziň halkara hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmagyny, ulag düzümleriniň we üstaşyr mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagyny doly goldaýarlar, pudagyň ösdürilmegi barada uly alada edýändigi, işlemäge we dynç almaga oňaýly şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirýärler. Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşyny uly üns bilen diňlediler diýip, çykyş eden nygtady hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi. 

                                                                   

Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş hünärmeni Allaýar Mämmedorazowa söz berildi. Ol çykyşynyň başynda türkmen halkynyň Milli Liderini, hormatly Prezidentimizi we ähli watandaşlarymyzy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda abadançylygyň we rowaçlyklaryň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň ýokary depginlerde ösdürilmegine uly üns berýär. Bu ugurdaky işlere örän uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde, täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, alynýan nebitiň we gazyň mukdary, olary gaýtadan işlemekden dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar. Türkmenistan dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýär.  

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, pudagyň kärhanalary döwrebap enjamlar, öňdebaryjy sanly we ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Nebitgaz toplumynyň işine ylmyň iň täze gazanylanlary ornaşdyrylýar. Ugurdaş düzümler giňeldilýär, täze iş orunlary döredilýär. Bularyň ählisi Türkmenistany kuwwatly ykdysadyýeti bolan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär. 

                                                                   

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň amala aşyrylan gurluşygy, gazhimiýa toplumlarynyň, geljegi uly täze düzümleýin taslamalaryň gurulmagy munuň aýdyň mysallarydyr. 

                                                                   

A.Mämmedorazowyň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndan ruhlanan nebitgaz toplumynyň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyna we röwşen geljegine gönükdirilen tekliplerini doly goldaýarlar. Ýangyç-energetika toplumynyň işgäri çykyşyny joşgunly şygyr setirleri bilen tamamlap, ähli kärdeşleriniň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan giň gerimli asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Arkadag şäheriniň häkimliginiň esasy hünärmeni Batyr Gurbanmuradow ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň adyndan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýunyň bosagasynda şeýle wekilçilikli umumymilli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Çykyş eden häzirki ýaşlaryň ylymda-bilimde, sportda, döredijilikde, gurluşykda uly üstünlikleri gazanýandyklaryny belläp, ýaş nesilleriň adyndan çykyş etmegiň özi üçin uly mertebe bolup durýandygyny nygtady. 

                                                                   

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça öňde goýlan belent wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen kabul edilen uzak möhletleýin maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, B.Gurbanmuradow sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýaş talyplaryň pikirlerine we tekliplerine aýratyn üns berilýändigine ruhlanýandyklaryny nygtap, şunda ýaş nesilleriň jogapkärçiliginiň barha artýandygyny belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy netijesinde, geljegiň ajaýyp “akylly” şäheri döredildi diýip, maslahata gatnaşyjy nygtady hem-de talyplyk ýyllarynda deň-duşlary bilen bilelikde “akylly” şäheriň taslamasyny taýýarlamaga we olary durmuşa geçirmäge gatnaşmak bagtynyň özüne miýesser edendigini belledi. 

                                                                   

Okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra, talyp ýaşlara işlemäge we “Ýaşlaryň şäheri” diýlip atlandyrylýan Arkadag şäherinde hünär taýdan başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilikleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirip, çykyş eden ýaş türkmenistanlylaryň özlerine bildirilen belent ynama okuwda üstünlikli okamak hem-de döredijilikli zähmet çekmek bilen jogap berjekdiklerini nygtady. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçen umumy sapagynyň dowamynda aýdan öwüt-ündewlerine eýerip, ýurdumyzyň ýaşlary öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmazlar. Çykyş eden Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylaryň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşyny çuňňur üns bilen diňländiklerini belläp, gurluşyk toplumynyň zähmetkeşleriniň halkymyzyň geljegi we abadan durmuşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi baradaky atalyk aladasyny gyzgyn goldaýandyklaryny aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly, döredijilikli işlerinde ajaýyp üstünlikleri arzuw edip, umumymilli foruma gatnaşyjy çykyşyny watançylyk mazmunly şygyr bilen jemledi. 

                                                                   

Soňra Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Japarow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Perman Gurbandurdyýewe söz berildi. Ol oba zähmetkeşleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen mähirli gutlap, forumyň üstünlikli işlemegini arzuw etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we berýän goldawlary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýäniň işjeň senagatlaşýan döwletine öwrülmek bilen, azyk we gaýtadan işleýän senagatyň täze kuwwatly kärhanalarynyň, elewatorlaryň, ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň sany artýar. Bu bolsa gök we miwe önümleriniň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň bazarlarynda ýylyň islendik döwründe haryt bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär. 

                                                                   

Daýhanlary daşary ýurtly öndürijileriň ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edýändigi üçin ekerançylaryň Gahryman Arkadagymyza hoşallyklarynyň çäksizdigi bellenildi. Şol tehnikalar biziň toprak-howa şertlerimizde işlemäge laýyk gelýär we sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Häzir obasenagat toplumynda hususyýetçileriň, şol sanda gaýtadan işleýän ulgamda hususy öndürijileriň hem sany artýar. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly önümleri öndürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, şeýlelikde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar diýip, kärendeçi belledi. 

                                                                   

Bu gazanylan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin bolup, şol ýörelge Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär diýip, çykyş eden nygtady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň iň uly döredijiligiň öz-özüňi döredip bilmekdigi, iň uly açyşyň öz zehiniňi, ukyp-başarnygyňy açyp bilmekdigi, iň uly tapyndynyň bolsa durmuşdan öz ornuňy tapyp bilmekdigi barada aýdan sözlerine ünsi çekdi. Bu gün türkmen ýaşlary durmuşda öz ornuny tapýarlar. Sahawatly türkmen topragynda yhlasly, halal, päk zähmet çekip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýärler diýip, P.Gurbandurdyýew nygtady. 

                                                                   

Umumymilli foruma gatnaşyjy Halk Maslahatynyň şu mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşynyň taryhy ähmiýetini nygtap, täze zähmet ýeňişlerini gazanmak üçin daýhanlaryň mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine we ýaş nesiller bolup ýurdumyzyň dünýä derejesinde ösmegine goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy. Foruma gatnaşyjynyň nygtaýşy ýaly, beýik döwleti beýik şahsyýetler berkarar edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatynyň, at-abraýynyň we şöhratynyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy bellenildi. 

                                                                   

Kärendeçi türkmen halkynyň Milli Liderine we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyşyny joşgunly şygyr setirleri bilen jemledi. 

                                                                   

Soňra Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan medeniýet işgäri Merjen Manadowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we medeniýet işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli mejlise gatnaşyjylary ýakynlaşyp gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki taryhy çykyşynda Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 32 ýylynda ýurdumyzyň gazanan uly üstünlikleri, şeýle hem geljekde ähli ugurlar boýunça amala aşyryljak tutumly maksatnamalar öz beýanyny tapdy.  

                                                                   

Siziň dana paýhasyňyz akyl hazynasynyň özeni, parasatly eserleriňiz bolsa medeniýet işgärlerine we sungat ussatlaryna täze eserleri döretmekde, güneşli Diýarymyzyň beýik ösüşlerini wasp etmekde nusgalyk ylham çeşmesidir. Mähriban käbäňiz Ogulabat ejäniň bize miras goýan el hünäri, şol sanda alaja örmek sungaty ýaş neslimizde ruhy medeniýeti terbiýelemegiň milli mekdebidir diýip, M.Manadowa aýtdy. 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýyl ýazgysyna taryhy sene hökmünde ýazylan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda Watan mukaddeslikleriniň, jemgyýetimiziň ruhy sütünleriniň hatarynda milli medeniýetimize aýratyn ähmiýet berlendigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň: “Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň ata-babalarymyzdyr” diýip, türkmen halkynyň adamzat medeniýetindäki mynasyp ornuny kesgitländigi bellenildi. 

                                                                   

Çykyşda nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz zehini, egsilmez yhlasy bilen bina edilen Arkadag şäheri halkymyzyň medeniýetli dynç alşyny ýokarlandyrmak, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, olary dünýä ýüzüne ýaýmak ugrunda beýik işleriň durmuşa geçirilýän, sungatyň hem-de döredijiligiň gülläp ösýän şäherine öwrüldi. 

                                                                   

Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygrynyň halkymyza gowuşmagy döredijilik dünýäsine ýagty nur çaýdy. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy wekil Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Medeniýet halkyň kalbydyr!» diýen parasatly sözleri biziň üçin nusgalyk ýörelgedir, durmuş şygarydyr diýip bellemek bilen, watansöýüjilik taglymatynyň kämil nusgasyny döredip, halkymyzyň medeniýetini has-da ösdürmek, umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak babatda berýän uly goldaw-hemaýatlary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra harby gullukçy Sanjar Joýtyýew Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwrümiziň wajyp jemgyýetçilik-syýasy wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ähli Watan goragçylarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny we ýygnananlaryň ählisini tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Biz — ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde geçirilýän bu döwletli maslahatda kabul ediljek, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanýan, il-halkymyzyň bähbidine gönükdirilen taryhy çözgütleriň ösüşli menzillere badalga boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys diýip, çykyş edýän nygtady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toplumlaýyn harby özgertmeler amala aşyrylýar, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleri bilen yzygiderli gyzyklanýar, Milli goşunymyzyň kuwwaty bolan häzirki zaman harby tehnikalary bilen ýakyndan tanyşýar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylyklary mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişe, harby okuw-türgenleşiklerine gatnaşýar. Bu bolsa Watan goragçylarynyň buýsanjyny artdyrýar, olaryň eziz Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etmäge bolan höwesini artdyrýar. 

                                                                   

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” — biz bu belent şygary baýdak edinip, döwletimiziň ýaşlar hakyndaky çuňňur aladalaryndan, ýurt goragçylarynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak babatdaky tagallalardan ruhlanyp, görnükli türkmen serkerdeleriniň, milli gahrymanlarymyzyň watançylyk mekdebini mynasyp dowam etdirip, harby ylmyň hem-de harby sungatyň döwrebap gazananlaryny birkemsiz ele alyp, Garaşsyz Watanymyza hemişe wepadarlyk bilen gulluk ederis diýip, S.Joýtyýew aýtdy we harby gullukçylaryň Garaşsyz Türkmenistanyň parahat durmuşyny gözleriniň göreji deýin gorajakdyklaryna ynandyrdy. 

                                                                   

Çykyşda bellenilişi ýaly, watançylyk terbiýesi türkmen maşgalasynda terbiýäniň gönezligi hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly gymmatly eserinde hem watançylyk terbiýesine aýratyn bölüm bagyşlanýar. Watana gulluk etmek hormatly, jogapkärli borçlaryň biridir. Harby gullukçylar Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sargytlaryny, nesihatlaryny gündelik harby borçlaryny ýerine ýetirenlerinde özlerine ýörelge hem-de belent şygar edinýärler. Bu günki gün merdana pederlerimizi özlerine nusgalyk görelde edinýän watançy ýaşlar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzüminde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepadarlyk bilen gulluk edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň ygtybarly goragyny üpjün edýärler. Mähriban pederleriňiziň nusgalyk ömür ýollaryna ser salanyňda, «Är ömri!» diýen buýsançly jümle hakydaňa dolýar. Çünki gadymy pähimde jaýdar bellenilişi ýaly, atalar öz perzentlerinde ýaşaýarlar diýip, harby gullukçy belledi. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan döredilen ajaýyp şertler we mümkinçilikler üçin aýratyn hoşallyk bildirip, harby gullukçylaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçjekdiklerine ynam bildirdi. 

                                                                   

«Siziň mähriban pederleriňiz — ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Siziň hem-de Belent Serkerdebaşymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, eziz Watanymyzyň goragynda sarsmaz gala we polat galkan bolup durjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrmaga rugsat ediň!» diýip, harby gullukçy çykyşyny jemledi. 

                                                                   

Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ogulhajar Gulowa çykyş etdi. Ol Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň bähbidine geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlara bildirilýän beýik ynamdan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly öwüt-ündewlerini her bir amalda ýörelge edinýän türkmen ýaşlary şeýle beýik ynama mynasyp jogap bermegi özlerine mukaddes borç hasaplaýarlar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy şu ýylyň ýatdan çykmajak wakalary boldy. 

                                                                   

Dünýäniň iň abraýly akademiýalarynyň akademigi, ýokary okuw mekdepleriniň hormatly doktory Gahryman Arkadagymyzyň ylmy ähmiýetli üstünlikleri türkmen ýaşlary üçin mukaddes mertebedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen, ylmy taýdan esaslandyrylan umumy sapagynda baý durmuş tejribesini, gymmatly pentlerini paýlaşmagynyň ýaşlar üçin watansöýüjiligiň, zähmet çekmegiň, tutanýerliligiň kämil mekdebi bolandygy nygtaldy. 

                                                                   

Çykyşda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň täze taryhy döwründe talyp ýaşlaryň döwrebap, ýokary hilli bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. «Ýaşlaryň şäheri» diýlip yglan edilen Arkadag şäherinde ýaş hünärmenleriň işlemegi, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri we hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlary üçin nusgalyk görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitaplary nesillerde ynsanperwerligi, päk ahlaklylygy, sungata söýgini we buýsanjy terbiýelemekde gymmatly eserlerdir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy ata Watanymyzyň ýaşlarynyň buýsançly başyny has-da belende göterdi. 

                                                                   

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň bu taryhy mejlisinde kabul eden çözgütlerini durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňdäki hatarlarda boljakdygyna ynandyrdy hem-de Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, öz çykyşyny “Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen sözler bilen tamamlady. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ara alyp maslahatlaşmalaryň jemini jemläp, Halk Maslahatynyň şu günki taryhy mejlisinde döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky örän möhüm meselelere garalandygyny, çykyşlaryň diňlenendigini belledi. Şol çykyşlarda öňe sürlen başlangyçlaryň ählisi goldanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz çykyş edenleriň we ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra gysga wagtlyk arakesme yglan edildi. Arakesmeden soňra, Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. 

                                                                   

 Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleri beýan etmek üçin döwlet Baştutanymyza söz berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary mähirli mübärekläp, mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, 1991-nji ýyldan bäri geçen 32 ýylyň dowamynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere ýetdi. 

                                                                   

Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini hem-de işjeňligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Maksatnamalaýyn alnyp barlan bu işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim möçberde durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär. Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutulýar. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarys hem-de döwrebaplaşdyrýarys. Şäherlerimizi, obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerimde bina edýäris.  

                                                                   

Döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümlerimiziň möçberi hem-de görnüşleri artýar. Bu bolsa depginli ösýän döwletimiziň dünýäniň ykdysady, senagat, maýa goýum, ylmy-tehniki we tehnologik giňişligine ynamly aralaşýandygyny görkezýär. Biziň ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, sebitlerimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalarymyz bar. Şoňa görä-de, uzak möhletleýin döwürde maýa goýumlary çekmegiň ugurlaryny has-da kämilleşdirmek hem-de bu ugurdaky şertleri yzygiderli gowulandyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin zerur işler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Şonuň bilen birlikde, halkara maýa goýum mümkinçilikleri netijeli ulanylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak utgaşykly we toplumlaýyn esasda ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidir. Bilelikde maýa goýum forumlary we işewürlik maslahatlary geçirilmelidir. 

 Arkadagly Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksadynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň üçin ýurdumyzyň senagat pudaklaryny ösdürmek; innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak; eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri döretmek; oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek hem-de azyk üpjünçiligini gowulandyrmak; ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl sanly tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Halkara standartlara doly laýyklykda ýerine ýetirilen bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilermenleri ýokary baha berdiler. Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň ilaty 7 million 57 müň 841 adam boldy. Şunuň bilen baglylykda, biziň öňümizde täze wezipeler ýüze çykýar. Ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalarymyza degişli seljermeler geçirilip, takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 56 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 44 göterimi goýberildi. Şu ýyl göz öňünde tutulan 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýeri döredildi. 

                                                                   

Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar. Biziň gazanan üstünliklerimiz alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagynyň hem-de işjeň gatnaşmagynyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Häzirki döwürde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti galyndysyz düýpli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylmagy munuň ýene-de bir mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy; daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmegi; gaz boýunça ylmy we tejribäni, täze tehnologiýalary ösdürmegi hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi; uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegi; sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de seýsmiki gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy nebitgaz pudagyny ösdürmekde esasy ugurlaryň hatarynda görkezdi. 

                                                                   

Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady. 

                                                                   

Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris. Ýurdumyzda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribe toplandy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda bahasy 545 million 55 müň manada deň bolan düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda senagatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmegiň, senagat marketingini, halkara bazarlara çykmagyň, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, dolandyryş tejribesini kämilleşdirmegiň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bilelikdäki taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglyk edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup ulanmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn belledi. Öz gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda bina edilen Arkadag şäheri iri ylym-bilim, medeni we halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüler. Bellenilişi ýaly, halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolan bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. 

                                                                   

Şäheriň derejesi we ähmiýeti ýurdumyzyň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde mynasyp orny eýelemegi üçin Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

Sanlyja ýyllarda biz döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş-medeni binalary, ösen innowasion tehnologiýaly pudaklary öz içine alýan «Aşgabat-sitini» we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny hem gurarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Bitarap döwletimiz möhüm halkara meseleleriň, aýratyn-da, energetika howpsuzlygynyň, ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar. Köpugurly hem-de görnüşli turba geçirijiler ulgamyny döretmek bilen, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmegi üçin täze ugurlary açýar. Biz öňdebaryjy ýurtlar, ýöriteleşdirilen halkara guramalar, şol sanda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik, Halkara energetika agentligi we Halkara energetika hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy giňeldýäris. Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem işjeň gatnaşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we ýakyn onýyllyklarda Türkmenistanyň Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň obasenagat toplumy çalt depginler bilen ösýär. Diňe Oba milli maksatnamasy esasynda hem ýaşaýyş-durmuş pudaklarynyň we inženerçilik üpjünçilik ulgamlarynyň 15 ugruny, ýagny hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, mekdebe çenli çagalar hem-de umumy bilim edaralaryny, medeniýet öýlerini, sport mekdeplerini we desgalaryny, suw, lagym, gaz, elektrik geçirijilerini we desgalaryny, awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk ulgamyny, ýaşaýyş jaý hojalygyny öz içine alýan gurluşyklar dowam etdirilýär diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, pudakda geçirilýän düýpli özgertmeler ýokary hilli dürli oba hojalyk önümleriniň möçberini we eksportyny artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Pudagy has ýokary sepgitlere çykarmak üçin welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar ulanylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek boýunça anyk işler geçirilýär. Bu ugurda alnyp barlan işleriň netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary şu ýyl hem bol bugdaý hasylyny ýetişdirip, azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşdular. 

                                                                   

Ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawy goramagy düýpli özgertmek maksady bilen, ýakynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň binýadynda Oba hojalyk ministrligi hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu ýyl pudakda 1 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Häzirki döwürde ähli hojalyklarda gara mallaryň baş sany 2 million 530 müňe, dowarlaryň sany 20 million 88 müňe, guşlaryň sany 21 million 957 müňe, düýeleriň sany hem 141 müňe ýetirildi. Biz ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribäni ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmelidiris. Hasyllylygy ýokarlandyrmak, tohumçylygy gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmelidiris. Ekinleriň naýbaşy tohumlaryny önümçilige ornaşdyryp, tohumçylyk edaralarynyň işini halkara derejede kämilleşdirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Häzirki döwürde oba hojalygyny suw bilen üpjün etmek möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şonuň üçin suwy rejeli peýdalanmaga, suw desgalarynyň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler geçirildi. Bu işleri depginli dowam etdirip, suw serişdelerini örän tygşytly ulanmaly. Halkymyzyň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, önümçilige suw tygşytlaýjy öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaly diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy. 

                                                                   

Suw diplomatiýasy alyp barýan daşary syýasatymyzyň we daşary ykdysady işimiziň aýrylmaz bölegidir. Şoňa görä-de, biz suw serişdelerini gorap saklamaga we tygşytly ulanyp, onuň ýitgisini azaltmaga örän jogapkärli çemeleşmeli. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde suw ulgamyndaky howpsuzlyk we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak boýunça goňşy döwletler bilen, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeli. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň resmileşdirilmegi ugrunda hem çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Daşky gurşawy goramak ministrligi çölleşmä, ýerleriň şorlaşyp zaýalanmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirini azaltmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan zerur işleri amala aşyrmalydyr. 

                                                                   

Türkmenistan daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda çykyş edýär, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň “Ählumumy metan borçnamasy” atly täze başlangyjyny goldaýar we metan zyňyndylarynyň howa aralaşmagyny azaltmak ugrunda tagalla edýär. 

                                                                   

Biz daşky gurşawy goramak we ekologik meseleler bilen bagly milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzyň obalarynyň we şäherleriniň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny, gök guşaklary döredýäris. Çöl, dag, derýa we köl ekoulgamlarynyň, hususan-da, haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň seýrek görnüşleriniň goralyp saklanmagyna, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň giňeldilmegine gönükdirilen işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Daşky gurşawa ýaramaz täsiriň öňüni almak üçin, ýurdumyzda polimer we plastik materiallary ulanmagyň hem-de olaryň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak ugrunda hem zerur işleri alyp barmak möhümdir. Bu galyndylary toplamak we gaýtadan işlemek boýunça ýörite maksatnamany kabul etmeli. Biz geljekde hem halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli konwensiýalary esasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdireris diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, içerki söwdany kämil dolandyryş we düzgünleşdiriş ulgamy harytlaryň elýeterli, bahalaryň durnukly bolmagyny üpjün edýär, söwda hyzmatynyň hilini hem-de medeniýetini ýokarlandyrýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar ýurdumyzy ýokary derejeli, bäsdeşlige ukyply, kuwwatly döwlet hökmünde tanadýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Biz ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris. Täze bazarlary özleşdirmäge, bar bolanlaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkara bazarlara erkin bäsleşikli şertlerde çykmak, harytlaryň päsgelçiliksiz hereketini üpjün etmek üçin tagalla etmelidiris. Bu ugurda ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň konsepsiýalaryny hem-de eksport ugurly senagaty goldamagyň strategiýasyny taýýarlamagy zerur hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Bütindünýä Söwda Guramasynda “işjeň synçy” derejesi berlen ýurdumyz erkin söwda boýunça halkara şertnamalara gatnaşýan döwlet hökmünde netijeli syýasaty alyp barýar. Biz ýurdumyzyň bu abraýly halkara gurama agza bolmagyny hem-de daşary söwda ulgamyny we logistik düzümlerini has-da ösdürmegi göz öňünde tutýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, milli bähbitlerimizi nazarda tutup, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak üçin talap edilýän köptaraply ylalaşyklary baglaşmak üçin zerur işleri alyp barmaly; ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş bazaryny, ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de halkara standartlara laýyk getirmek bilen, bu ugurda öňdebaryjy kompaniýalar we dellallar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeli; standartlaşdyrmak boýunça halkara we sebitara guramalar, daşary ýurtlaryň ygtyýarly edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmeli; dünýäniň we sebitiň iri haryt-çig mal biržalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin teklipleri taýýarlamaly; milli önüm öndürijilerimiziň we hyzmatlary ýerine ýetirijilerimiziň ählumumy gymmatlyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyny ýola goýmaly; öz önümlerimiziň dünýä bazaryna eksportyny artdyrmak üçin lomaý söwda-logistika merkezlerini döretmeli diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýeňil senagatyny ösdürmek, gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmak, dokma önümlerini öndürýän iri döwletleriň arasynda Türkmenistanyň ornuny berkitmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky gön zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze, häzirki zaman dokma toplumyny gurmagy hem meýilleşdirýäris. Bu işleriň ählisi pudagy depginli ösdürmäge, uly islegden peýdalanýan, täze önümleri öndürmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ilaty elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk we bilim hyzmatlary bilen üpjün etmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirini azaltmak boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslaryny we usullaryny döwrebaplaşdyrýarys. Bu ugurda milli maksatnamalary, konsepsiýalary durmuşa geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerinde bagtyýar talyplarymyz okuwa başladylar. 

                                                                   

Şeýle hem bu ýerde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebine, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebine, mekdebi we çagalar bagyny öz içine alýan okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere okuwçylarymyz, çagalar baglaryna bolsa eziz körpelerimiz ilkinji gadamlaryny basdylar. 

                                                                   

Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy. Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly açylyp ulanmaga berildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesiller düzýär. Biz olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow buýsanç bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr. Biz ýaş raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaş çatynjalara goldaw bermek, olary häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňelderis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegi, hukuk esaslaryny we maliýe meselelerini geljekde hem kämilleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Çykyşda bellenilişi ýaly, ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagy bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Serdarymyz mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak esasynda ýurdumyzda smart-telewizorlary, noutbuklary, planşetleri we beýleki döwrebap tehnikalary öndürmek arkaly dünýä bazaryna çykarýan elektron önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygy hem ýokarlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag edaralary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, önümçilik kärhanalarynyň arasynda aragatnaşyk, senagat we awtomobil elektronikasyny, lukmançylyk hem-de kompýuter tehnikasyny, elektron harytlary we beýleki önümleri öndürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi, täze kärhanalary döretmegi geljekki ösüşlerimiziň esasy şertleriniň biri hasaplamalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, milli innowasion önümlerimiziň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi üçin mekdep okuwçylaryny, talyplary, aspirantlary çekmegi göz öňünde tutýan düzümler, halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik, dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamagy has işjeňleşdirmelidir. Ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerimizde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek boýunça birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyş ulgamy depginli ösdürilip, halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Şu ýyl bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdelerini goýberdik. Saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesini gönükdirdik. Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy dowam etdirilýär. Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Derman senagatyny ösdürmek, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önüm çykarýan kärhanalary döretmek dowam etdirilýär. Lukmançylyk diplomatiýasynyň kadalaryna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Bitarap döwletimizde «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede geçirildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolsa sport, parahatçylyk, dostluk däplerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň türgenleri sporty ösdürmekde, halkara ýaryşlarda oňat netijeleri gazanýarlar. Şu ýyl hem olar halkara ýaryşlarda 164 altyn, 177 kümüş, 259 bürünç medala, jemi 600 medala mynasyp boldular. 

                                                                   

Noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyny hem ýokary derejede guramalydyrys. Şeýle-de geljek ýyl Fransiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmelidiris diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady we türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sport abraýyny gorap, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň nusgasyny görkezjekdiklerine ynam bildirdi. 

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, milli mirasymyzy, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamagyň, ylmy taýdan öwrenmegiň, dünýä ýaýmagyň hem döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Döwrebap teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şu ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçdik. Geçen döwürde ýurdumyz ÝUNESKO we onuň degişli komitetleri, ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyk edip, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport, aragatnaşyk we maglumat ugurlary boýunça baý tejribe toplady. 

                                                                   

Şu ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary açyldy. 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasyndan şu baýramçylyk günlerinde şatlykly habar gelip gowuşdy. Bu Guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary hem girizildi. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösüşine goşýan goşandydyr diýip, Arkadagly Serdarymyz kanagatlanma bilen nygtady. 

                                                                   

Türkmenistan bu gurama bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan işlerini geljekde has-da giňelder diýip, döwlet Baştutanymyz birnäçe gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi. Hususan-da, Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy; ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek; ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýanynda bu guramanyň klublarynyň milli federasiýasyny döretmek; Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen bagly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini, şeýle hem Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny tebigy geologik ýadygärlikler hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşmak wezipeleri bar. 

                                                                   

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daýahatyn kerwensaraýyny, Dehistanyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak; türkmeniň milli dograma tagamyny, keçe we kilim taýýarlamak hem-de hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny, çaga sallançagyny bejermek we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna; Aşgabat we Arkadag şäherlerini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenip geçiljekdigini nygtady. Bu şanly sene bilen bagly köp çäreler bellenildi. Biz bu çäreleri örän ýokary derejede guramaçylykly, dabaraly ýagdaýda geçirmelidiris. Öz halkyny agzybirlige we özbaşdak, berkarar döwletlilige çagyran beýik ynsanperwer şahyryň şanly ýubileýini ählihalk baýramçylygyna öwürmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, onuň esasy maksatlarynyň döwletimizi we jemgyýetimizi parahatçylykly hem-de durnukly ösdürmek üçin amatly daşarky şertleri döretmekden; Bitarap ýurdumyzyň ornuny dünýäde has-da berkitmekden; halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitlerimizi yzygiderli goramakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, şu maksatlardan ugur alyp, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, halkara gatnaşyklara ynsanperwerligi, ýokary ahlak we adalat standartlaryny ornaşdyrmaga hemaýat etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Türkmenistan bitaraplyk kadalaryna berk eýermek bilen, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Halkara hukugyň ählumumy kadalaryna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine ygrarly bolmagynda galýar. Dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofik ýörelge esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Öňüni alyş diplomatiýasyny bu gatnaşyklaryň tejribesine ornaşdyrmaga ýardam berýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşylandygy barada aýdyp, bu guramanyň belent münberinden sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça ýurdumyzyň beýan eden ileri tutýan ugurlary, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary barada durup geçdi. Şolaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak teklipleri görkezildi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady. 

                                                                   

Täze döwürde ýurdumyzyň parlamentiniň işini hem barha ösdürýäris. Milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagyň häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biridigi nygtaldy. Jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi we demokratiýany ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary tarapyndan köp işleriň ýerine ýetirilendigini we dowam etdiriljekdigini aýratyn bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

 Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny giňden belleýän Bitarap Türkmenistan ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär. Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi, Hökümeti we biziň ählimiz yhlasly işlemelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Döwrüň talabyna görä, milli kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugruna öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ata Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçilikden ugur alyp, ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy we çykyşyny “Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz mundan beýläk-de gülläp össün! Goý, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň berkararlygy dowamat-dowam bolsun!” diýen sözler bilen jemledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşy uly üns berlip diňlenildi hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň ýerine ýetiren işleri baradaky çykyşyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, edilen işler barada sowallaryň, çykyş etmäge isleg bildirýänleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada gyzyklandy. 

                                                                   

 Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Baýrammyrat Allanazarowa söz berilýär. 

                                                                   

Hormatly ýaşuly çykyşyny Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň parasatly goşgy setirlerinden başlady we bu gün beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň hasyl bolup, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ähli pudaklarda örän baý tejribe toplap, dünýäniň ykdysady taýdan ösýän kuwwatly döwletleriniň hatarynda orun aldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşini, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri göreniňde, halkymyzyň göwni galkynýar. 

                                                                   

Kabul edilen giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde Watanymyzda çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, sport mekdepleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, ençeme ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap obalaryň, şäherçeleriň we Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegi ata Watanymyzyň kuwwatyny görkezýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy doly üpjün edildi. Bazarlarymyzyň, dükanlarymyzyň özümizde önýän harytlardan dolup durmagy gözüňi dokundyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeler deňsiz-taýsyzdyr diýip, pensioner B.Allanazarow aýtdy we ýaşuly nesliň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri doly goldaýandygyny nygtady. 

                                                                   

Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan we häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan gujur-gaýratly, zehinli, maksada okgunly döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlaryny belläp, foruma gatnaşyjy ýaşulularyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklip bilen çykyş etdi. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda B.Allanazarow ähli türkmen halkyny şanly baýram — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Halk Maslahatynyň Başlygyna we Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk arzuw etdi. 

                                                                   

 Soňra Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Senem Möwliýewa söz berildi. 

                                                                   

Ählihalk forumynyň belent münberinden ýygnananlara ýüzlenip, mejlise gatnaşyjy eneleriň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň şu günki mejlisiniň aýratyn ähmiýetini belläp, çykyş edýän kabul edilen taryhy çözgütleriň Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegine täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ählihalk tarapyndan goldawa mynasyp bolýandygy barada aýdyp, S.Möwliýewa peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän we mähriban halkymyzyň söýgüsini gazanan Arkadagly Serdarymyzyň milli ýörelgelere, mukaddes däp-dessurlara we ruhy-ahlak gymmatlyklara, ilkinji nobatda, maşgala ojagynyň synmaz sütünine uly üns berýändigini nygtady. Taýsyz tagallalaryň netijesinde döwletimiz her bir adam hakda, ylaýta-da, her bir çaga, ýaşlar hakda uly alada edýär. Durmuşa geçirilýän ynsanperwer syýasat türkmenistanlylaryň kalplarynda buýsanç duýgusyny döredýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, Arkadag şäherinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we beýlekileriň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, şu ýyl halkymyz üçin iň döwletli ýyllaryň biri boldy. Uly-uly işler durmuşa geçirildi, ähli ulgamlarda uly ösüş gazanyldy. Mähriban Watanymyzyň islendik künjeginde gurlan we gurulýan binalar ýaş nesillerimiziň geljegi, bagtly ömür sürmegi üçin niýetlenendir. Köpetdagyň gözel künjeginde “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri döredildi. Munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Berkarar döwletimizi paýhasly dolandyryp, halkymyzy agzybirlikde, jebislikde ynamly öňe alyp barýan, Watanymyzyň dünýäde abraý-mertebesini arşa galdyrýan, ýaş, gujurly, parasatly, Watanyny, halkyny jandan söýýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty watandaşlarymyzyň kalplaryny şatlykdan we buýsançdan doldurýar. Şular barada aýtmak bilen, S.Möwliýewa ýurdumyzyň eneleriniň we zenanlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak baradaky teklip bilen çykyş etdi. 

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Liderine we Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygy, abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk forumynyň wekilleriniň çykyşlaryny diňläp, beýan edilen teklipleri Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna bermegiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Soňra arakesme yglan edildi. Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hormatly Prezidentimiz toý sadakasyna gatnaşdylar. 

                                                                   

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň rowaçlygy we Türkmenistanyň abadançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jan saglygy, ähli asylly işleriniň we başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi dileg edilip, aýat-töwir okaldy. 

                                                                   

Arakesme wagtynda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi. Onda Halk Maslahatynyň işiniň geçişi barada durlup geçilip, oňa gatnaşyjy wekilleriň çykyş etmeginde aýdylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky teklibe garamak esasy meseleleriň biri boldy. Şunda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmäge, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hyzmatlary aýratyn bellenildi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hakyndaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy onuň ählihalk goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

 Mejlisiň maslahatynda ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesi boýunça degişli çözgüt kabul edildi. 

                                                                   

Arakesme tamamlanandan soňra, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol foruma gatnaşyjylary Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen karar bilen tanyşdyrdy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisi dowam edip, hormatly Prezidentimize zähmetde öz gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekmegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi. 

                                                                   

 Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ertir sylaglamak dabaralarynyň boljakdygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Halk Maslahatynda, däp bolşy ýaly, ýaşuly nesliň wekilleri sylaglar bilen sylaglanylýar. Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Arkadagly Serdarymyza her welaýatdan we Aşgabat şäherinden “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi. 

                                                                   

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen bilelikde umumymilli foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlenip, bu ýokary sylagyň mähriban halkymyzyň bähbitleri üçin mundan beýläk-de yhlas bilen, gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýändigini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyz ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe barýar. Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe sürmek bilen, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarys. Garaşsyz ýurdumyz Ýer ýüzüniň döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň berkarar bolmagyna saldamly goşandyny goşýar. 

                                                                   

Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde Garaşsyz Türkmenistanda uly işler amala aşyryldy. Bu ajaýyp üstünlikler merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen gazanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, özüne berlen bu belent döwlet sylagyna tutuş halkymyza, bilelikde amala aşyrylan beýik işlere berlen sylag hökmünde garaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz kabul edilen giň gerimli maksatnamalary ýerine ýetirmek üçin heniz etmeli işleriň köpdügini nygtap, bu belent wezipeleri mähriban halkymyz bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrjakdygyna berk ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüne berlen ýokary baha we Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň halkymyzyň özüne bildiren uly ynamydygyny, bu belent ynamy ödemek üçin mundan beýläk-de jan aýaman, yhlas bilen zähmet çekjekdigini belledi. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hemmeleri ýene-de bir gezek berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadagly Serdarymyzy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlap, eziz halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, Russiýa Federasiýasynyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkonyň häzirki wagtda älem giňişliginde öz uçuşyny ýerine ýetirýändigini belläp, onuň türkmen halkyna gutlagynyň göni ýaýlymda beýan ediljekdigini habar berdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri umumymilli forumyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Tälimçi-kosmonawt-synagçynyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda Halk Maslahaty türkmen döwletliliginiň, Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň binýadynyň berkliginiň hem-de mizemezliginiň, ykdysady ulgamyň we jemgyýetçilik institutlarynyň, diýmek, ýurduň demokratik binýadynyň durnuklylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bellenilişi ýaly, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy Türkmenistanyň ykdysady durmuşynda uly orun eýeleýär, “Açyk gapylar” syýasatynyň amala aşyrylmagyna, parlament diplomatiýasy arkaly ýurduň halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Halk Maslahatynyň işi Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna we onuň parahatçylyk döredijilik, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek merkezi hökmünde ykrar edilen ornunyň berkidilmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Oleg Kononenkonyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda doglan we ömrüni kosmonawtika bagyşlan adam hökmünde ýurduň kosmos ulgamynda gazanýan üstünlikleri aýratyn buýsanç döredýär. Şunda Halk Maslahatynyň bu ugra ýeterlik derejede üns berjekdigine ynam bildirildi. Nygtalyşy ýaly, Halk Maslahatynyň geljekki döredijilikli işi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň işi bilen baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň aladasy we hemişelik ünsi netijesinde Türkmenistanyň kanun çykaryjylaryna häzirki günde halkyň, döwletiň bähbidine döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredildi. 

                                                                   

Tälimçi-kosmonawt-synagçy mejlise gatnaşyjylara kosmosdan salam ýollap we netijeli işlemeklerini arzuw edip, onuň täze taryhy çözgütlere beslenjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistana abadançylyk arzuw edip, Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy, ähli türkmenistanly watandaşlaryny ýene-de bir gezek bu uly we şanly waka bilen gutlady. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda sylaglamak hakyndaky Permanlary okamak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa söz berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan ildeşlerimize dürli ulgamlarda tutanýerli zähmeti, ýaşlary watançylyk we milletiň belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýeländikleri üçin sylaglary gowşurdy. 

                                                                   

Olar döwlet Baştutanymyzdan mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy bilen kabul edip, halkymyzyň abadançylygy we ýurdumyzyň gülläp ösmegi barada edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.  

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde örän möhüm meseleleriň giňden ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de geljekde Prezident Maksatnamasyna laýyklykda öňde durýan wezipeleriň kesgitlenendigini belledi we ählihalk forumyna işjeň gatnaşandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz öňümizde Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy ösdürmek boýunça belent maksatlaryň goýlandygyny nygtap, olaryň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli halkymyz bilen bilelikde üstünlikli amala aşyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Biz bu işlerde gujur-gaýratly, ukyp-başarnykly we bilimli hem synmaz erkli ýaşlarymyza daýanýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş eder diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň jemini jemläp, mundan beýläk hem her bir raýatymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly sepgitlere ýetmek üçin etmeli işleriň köpdügini belläp, bilelikdäki tagallalar bilen bu möhüm wezipeleriň üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz hemmeleri şanly baýram — berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere iň gowy arzuwlaryny hem-de “Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ganatly sözlerini beýan etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi. 

                                                                   

 Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy ýene-de belentden ýaňlandy. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Mejlis tamamlanandan soňra, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde we başlangyçlarynda egsilmez güýç-gaýrat, täze üstünlikleri arzuw etdiler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bu ýokary sylaga eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplyk ýörelgeleriniň esaslaryny pugtalandyrmak işine ägirt uly şahsy goşandy hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňündäki ajaýyp hyzmatlary üçin mynasyp boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglardyr hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öňde Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlaryny artdyrmaga, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleriň durýandygyny nygtady we hemmelere öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

25.09.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry) 

                                                                   

 Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
 

                                                                   

Milli demokratik däplerimize, aýanlyk, adalatlylyk, döwletlilik, kanunylyk we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli soraglary halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplan milli tejribämizden ugur alyp, biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirýäris. Bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Türkmen halkynyň garaşsyzlyk we döwletlilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik düşünjeleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Bu düşünjeler biziň günlerimizde halklaryň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän milli we umumadamzat ähmiýetli taglymatlara öwrüldi. Milli bitewüligi emele getirip, döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny düzdi. 

                                                                   

Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçeris. Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen mäkäm baglan şahyryň arzuw eden zamany geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň we agzybirligiň, ösüşleriň ýurduna öwrüldi. Bu barada men «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgymda hem belläp geçdim. 

                                                                   

Biziň beýik ýeňişlerimiziň we üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Garaşsyzlyk bize döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Türkmen halky döwlet gurujy halkdyr. Biz döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilik däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti döretdik. 

                                                                   

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik. 

                                                                   

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda belleýşim ýaly, Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. 

                                                                   

Biziň ösüş nusgamyz — häzirki ählumumylaşma döwründe ýüze çykýan soraglary çözmegiň netijeli ýoludyr. Milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Döwür öňümizde täze-täze wezipeleri goýýar. Biziň döwleti we jemgyýeti ösdürmekde milli nusgamyz döwlet syýasatynyň binýatlyk esaslaryny düzýär. Men Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy agzybirligimizi hem-de watançylygymyzy, parahatçylyga, dostluga ygrarlylygymyzy, Watanyň, il-günüň öňündäki jogapkärçiligimizi döwletimizidir jemgyýetimizi kämilleşdirmegiň esasy hem-de täze eýýamyň biri-biriniň üstüni doldurýan, özara baglanyşykly bitewi taglymaty hasap edýärin. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär. Halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem esasy wezipeleri halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirilendir. Sebäbi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ösüş nusgasynda döwletimiziň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, raýatlaryň durmuş taýdan goragly bolmagy esasy maksat edilip goýlandyr. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde biz döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasyny döredip, jemgyýetimiziň her bir wekiliniň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamyny kemala getirdik. Bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny tapgyrlaýyn kämilleşdirmegiň ýolunda: 

                                                                   

birinjiden, döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli wekilçilikli we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň guramaçylyk hem-de üpjünçilik mümkinçiliklerini has-da artdyrdyk; 

                                                                   

ikinjiden, ýörite bilimli, ukyp-başarnykly ýolbaşçylaryň we gullukçylaryň täze neslini taýýarlap, döwlet dolandyryş ulgamynyň işgärler düzümini kämilleşdirdik; 

                                                                   

üçünjiden, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak bilen, döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine döwrebap usullary ornaşdyrdyk; 

                                                                   

dördünjiden, parahatçylygyň we ylalaşygyň, durnukly ösüşiň aýrylmaz hem-de kesgitleýji şerti hökmünde döwletimiziň hukuk binýadyny, raýat jemgyýetiniň institutlaryny tapgyrlaýyn berkitdik. 

                                                                   

Gadymdan gelýän demokratik ýolumyza we ynsanperwer taglymatymyza laýyklykda, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň özara baglanyşygyny üpjün edip, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk taýdan ähli mümkinçilikleri döretdik. Bu mümkinçilikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýär. Ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň örän oýlanyşykly hem-de sazlaşykly dolandyrylmagyna, giň gerimli özgertmelerimiziň işjeňleşmegine ýardam edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryş ulgamyny institusional we hukuk taýdan kämilleşdirmek babatda öňe sürýän başlangyçlary bolsa ösüşiň täze tapgyryna ynamly gadam basmaga mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi halkymyzy beýik işlere galkyndyrýar! 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Geçen 32 ýylda biz amala aşyran işlerimiz netijesinde halk bilen häkimiýetiň, döwlet bilen raýatyň arasynda örän mäkäm we synmaz gatnaşyklary — milli bähbitlerimiziň bitewüligini üpjün etdik. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş nusgasynyň düýpli aýratynlygydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň edaralaryny kemala getirmek we olaryň üstünlikli işlemegini ýola goýmak işlerini netijeli amala aşyrýarys. Şol işlerde halk häkimiýetiniň gadymy däpleri, ata-babalarymyzyň döwlet gurmakdaky baý tejribesi bilen birlikde, üçünji müňýyllygyň dünýä tejribesine hem daýanýarys. Şeýdip, biz täze taryhy döwrüň öňe sürýän wezipelerini çözmekde häkimiýetiň gözbaşy bolan halk köpçüliginiň ornuny has-da ýokarlandyrýarys. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Halk häkimiýetiniň döwrebap guralmagy, ilkinji nobatda, kämil saýlaw ulgamy bilen berk baglydyr. Şu ýylyň 26-njy martynda erkin bäsdeşlik, açyklyk, pikir we söz azatlygy boýunça hakyky demokratiýa esaslanyp geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň täze düzüminiň saýlanmagyna biz demokratiýanyň ýokary derejede ýüze çykmasy hökmünde garaýarys. Bu saýlawlar syýasy ulgamyň kämilleşýändigini, raýatlaryň aň-düşünjesiniň, jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň artýandygyny hem-de halk häkimiýetiniň berkeýändigini görkezdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatyna gatnaşyp, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeleri kesgitlemegi biziň başlangyçlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

Täze taryhy döwürde biz döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini il-ýurt bähbitli tagallalara gönükdirýäris. Wekilçilikli edaralara hukuk we usuly taýdan goldaw berýäris. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, deputatlaryň gatnaşmagynda döwlet ähmiýetli möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşýarys. Türkmeniň täze taryhynda indiki wezipämiz eziz Watanymyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly amala aşyryp bileris. Ine, hut şu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr. 

                                                                   

Halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň ulgamynda halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möhüm orny bardyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň jemgyýetimiziň agzybirligini üpjün etmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ak ýürekden yhlasly zähmet çekip, bu mukaddes işe mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Türkmen halkynyň terbiýe mekdebi müňýyllyklaryň dowamynda kemala geldi. Şoňa görä-de, biz nesil terbiýesine, pähim-parasatly ýaşulularymyzyň, eziz enelerimiziň bu ugurdaky hyzmatyna uly ähmiýet berýäris. Şonuň üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşini döretdik. 

                                                                   

Ýaşulular agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ýakyn maslahatçylardyr. Eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, ösüş ýollaryna garaýyşlarynyň bitewüligini berkidýän esasy syýasy-jemgyýetçilik güýç hökmünde ornuny pugtalandyrýar. Biziň durmuşa geçirýän bu işlerimiziň ählisi döwletimiziň, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatyny goldamaga, amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar. Bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçiren umumy sapagymda hem giňişleýin durup geçdim. 

                                                                   

Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenleriň döwlet döretmekde we dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda toplan baý tejribesi hakynda gürrüň etdim. 

                                                                   

Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr! 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Biziň ähli ösüşlerimiz dünýäniň tehnologik özgertmeleri bilen utgaşykly dowam etmelidir. Aýratyn hem, hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe sürýän garaýyşlary, kabul edýän çözgütleri netijesinde durmuşymyz barha gözelleşmelidir. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklary, adam mümkinçilikleri bu maksada ýetmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar. Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy, iş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, täze şäherdir obalar gurulýar. Bularyň ählisi nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edilýän örän uly aladadan nyşandyr. Halkymyzyň agzybirligini, ýurtda milli bitewüligi we jebisligi pugtalandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işlerdir. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Häzirki wagtda döwlet dolandyryş işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak döwlet gullukçylaryndan ýokary ussatlygy we ukyp-başarnygy talap edýär. Bu iş berk binýada esaslanýar we yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwrebap binasynyň ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Biziň milli ykdysady nusgamyzda öňe sürýän baş wezipelerimiziň ýene-de biri azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Şu maksat bilen, oba hojalygynyň ykdysady netijeliligi we düşewüntliligi ýokarlandyrylýar. Gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylyp, galyndysyz tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy ilatyň uzak ömrüniň we ýokary hilli ýaşaýşynyň möhüm esaslaryny emele getirmäge oňyn täsir edýär. 

                                                                   

Suw serişdelerini aýawly saklamak we tygşytly peýdalanmak boýunça hem ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Suwy tygşytly peýdalanmagyň we suwarymly ýerleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary ylmy esasda öwrenilip, önümçilige ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine hem-de onuň geljegine uly orun berilýär. Halkara ekologik talaplara laýyk gelýän zawod-fabrikler gurulýar. Şular bilen birlikde, Aşgabat şäherini, welaýatlarymyzy, etraplarymyzydyr obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Şu ýylyň 29-njy iýunynda gadymy Ahal topragynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we maýa goýum kuwwatyny görkezýän geljegiň şäheri adam hakyndaky aladanyň netijesinde ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändigi bilen aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip bellemegi raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýändigini ýene-de bir gezek görkezýär. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Halkyň ýaşaýyş derejesi şähergurluşyk işi bilen berk baglydyr. Bu ugurda ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredildi. Kabul eden kanunlarymyz adamyň talabalaýyk ýaşaýyş jaýynyň bolmagy we durmuş gurşawynyň emele getirilmegi, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegi bilen bagly durmuşa geçirýän işlerimizi mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerur diýip hasap edýäris. Bu strategiýa täze eýýamda baş maksadymyza ýetmekde — halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädim bolar. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýolumyza eýermek bilen, biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik. Gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar. Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr. 

                                                                   

 Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 

                                                                   

Biz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Yhlas bilen başyna barlan işler bolsa bitmän galmaz. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadançylygy üçin egsilmez gujur-gaýratymyza we synmaz erkimize daýanyp, öňküden-de jebisleşip, yhlasly, tutanýerli zähmet çekmelidiris! 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

 Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!

25.09.2023
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen foruma daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen ildeşlerimiz gatnaşdylar. 

                                                                   

Daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler ýurdumyzyň durmuşyna we geçirilýän köp sanly çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň şaýady bolýarlar. 

                                                                   

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini we özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen birleşik ykbalyň emri bilen taryhy Watanyndan uzaklara düşen ildeşlerimizi jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama öwrüldi. 

                                                                   

Şanly waka mynasybetli paýtagtymyzyň “Mekan” köşgüniň öňündäki meýdançada medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent ruha beslenen aýdym-sazlary diňläp, olary ýerine ýetirijiler bilen söhbetdeş boldy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän milli sungaty biziň günlerimize gelip ýetipdir we bu sungat dürli döwürleri, nesilleri baglanyşdyrmak arkaly has döwrebap derejä çykaryldy. Aýdym-saz sungaty türkmen halkynyň durmuşynda hemişe möhüm orun eýeläpdir. Ähli döwürlerde bagşylaryň ussatlygy nusgawy şahyrlaryň eserleriniň aýratyn owaz bilen ýaňlanmagyny şertlendirdi. 

                                                                   

Magtymguly Pyragynyň «Bu gün» atly ajaýyp goşgusy esasynda döredilen aýdymyň käbir sözleriniň üýtgedilmegi hemmeler tarapyndan söýlüp diňlenilýän aýdymyň umumy mazmunyna zyýan ýetirmän, eýsem, onda özboluşly sazlaşyk döredýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu ýörelgäniň bagşylaryň ussatlygynyň derejesidigini aýtdy. 

                                                                   

Bu ýere ýygnanan aýdymçy-sazandalaryň uzak ýyllaryň dowamynda beýik halypalar bilen işländigini we häzirki döwürde olaryň özleriniň ussat halypalar bolmak bilen, milli sungatymyzy häzirki zaman estrada usullary bilen baýlaşdyrýandyklaryny belläp, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara türkmen halkynyň ruhuna kybap gelýän hem-de mähriban topragymyzyň ajaýyplyklaryny, Watanymyzyň ýeten derejesini, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän täze aýdymlary döretmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Maslahat başlanmazynyň öňüsyrasynda, oňa gatnaşyjylar bu ýerde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, taryhyny, özboluşly dessurlaryny hemmetaraplaýyn we köpöwüşginli esasda görkezýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Sergidäki muzeý gymmatlyklary, milli lybaslaryň görnüşleri, saz gurallary, zehinli zergärleriň nepis işleri, halylar, gobelenler we surat eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Bu eserler ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmeklerinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljekki ykbalyna jogapkärçiligine düşünmeklerini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň derman senagatynyň ýeten derejesini beýan edýän köp sanly lukmançylyk serişdeleri we sahawatly türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan serişdeler görkezildi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda düýpli ylmy gözlegleri alyp barmakda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy işi ähmiýetli gollanma bolup hyzmat edýär. 

                                                                   

Bagşy-sazandalaryň çykyşy bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olaryň sungaty halkymyzyň döreden baý medeni mirasynyň derejesini görkezdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bagşy-sazandalara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz bu gadymy milli sungaty mundan beýläk-de häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekip, olara mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. 

                                                                   

Maslahata gatnaşyjylar Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine (DTYB) ýolbaşçylyk edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. 

                                                                   

 Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjylaryň öňünde giriş sözi bilen çykyş etdi. 

 DTYB-nyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow guramanyň agzalaryny mübärekläp, indi birnäçe ýyl bäri mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini belledi. “Ynha, bu günem şol asylly däbimize eýerip, milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky XXIV maslahatyny geçirýäris. Sizi birleşigiň nobatdaky maslahatynda hoş gördük!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilýän şu gezekki maslahata gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Owganystandan wekiller geldiler. Şeýle hem maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary, daşary ýurt wekilleri, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary hem-de talyplar, döredijilik işgärleri gatnaşýarlar. 

                                                                   

 Türkmen halkynyň Milli Lideri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyny açyk diýip yglan etdi. 

                                                                   

 Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. 

                                                                   

Soňra Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze maksatlaryny we wezipelerini nazara almak bilen, DTYB-nyň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatlary hem-de onuň işiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy özünde jemleýän forumyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okamak üçin Gahryman Arkadagymyza söz berildi. 

                                                                   

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen mübärekläp, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Türkmenistanyň milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilýän bu maslahatyň eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmak, dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek hem-de dostlukly gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýandygyny belleýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan türkmenleri jebisleşdirýän hem-de adamzadyň parahatçylyk ugrundaky beýik maksatlaryna öz mynasyp goşandyny goşýan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işleri has-da kämilleşýär we rowaçlanýar. Birleşigiň daşary ýurt bölümleri bu gün doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmekde, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, aýratyn-da, halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde uly işleri amala aşyrýarlar diýlip, Gutlagda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, geljekde-de dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmak biziň döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galar. 

                                                                   

Biz dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyzy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtaýar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagy okap, Watanymyzyň dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan doganlarymyzy özüniň atalyk aladalary bilen gurşap alýandygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan halkara guramalar, dünýäniň köp sanly ýurtlary bilen syýasy hem-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli durmuşa geçirip, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň çägini has-da giňeldýär. 

                                                                   

Mähriban Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler bu gün dünýä türkmenlerini hem çäksiz buýsandyrýar we galkyndyrýar, dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmen doganlarymyz özlerini hossarly duýýarlar, ata Watanymyzda gazanylýan taryhy ähmiýetli üstünliklere guwanýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata gatnaşýan daşary ýurtly doganlarymyzyň we bu ýere ýygnananlaryň adyndan iberen çuňňur manyly, hoşniýetli arzuwly Gutlagy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly wekiller halkymyzyň abadan durmuşynyň we Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen, üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar, ýurdumyzda amala aşyrylýan we dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. 

                                                                   

Soňra maslahata gatnaşýan daşary ýurtly watandaşlarymyza söz berildi. Çykyş edenler pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge we häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Eýrandan, Täjigistandan we Özbegistandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işleri barada gürrüň berip, häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitiň döwletleri bilen ähli ugurlarda däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşýan wekiller daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenlere hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi we ýurdumyzyň maliýe serişdeleriniň hasabyna doganlyk döwletlerde durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, mekdepleriň gurulýandygy üçin pederlerimiziň ýagşy dessurlaryna hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, ýola goýlan gatnaşyklaryň netijesinde, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler öz ene dilini, ýüzýyllyklaryň dowamynda saklanyp gelýän milli däplerini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny saklaýarlar we nesilden-nesle geçirýärler. 

                                                                   

Her gezek mähriban Watanymyz Türkmenistana gelenimizde, biz pederlerimiziň, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilen, milletiň agzybirligi we bitewüligi hakyndaky arzuwlarynyň durnukly we güýçli döwletde hasyl bolýandygyna göz ýetirýäris diýip, daşary ýurtly wekiller aýratyn nygtadylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, görnükli nusgawy şahyr we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň çäklerinde onuň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, köp sanly ýurtlarda maslahatlar, tanyşdyrylyş dabaralary, döredijilik duşuşyklary guralýar. Şeýle hem türkmenler bilen beýleki halklaryň arasynda özara düşünişmek we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselelerine ýardam berýän sergiler, Medeniýet günleri, aýdym-sazly çykyşlar, beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. 

                                                                   

Forumyň belent münberinden çykyş edenler abraýly, ýurdumyzyň daşynda hem giň meşhurlyga eýe bolan gurama hökmünde ykrar edilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň dostlukly gatnaşyklary, raýdaşlygy berkitmek, ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine, ýeten derejesine, pederlerimiziň topragynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy aýratynlygy bolan giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyna buýsanç duýgularyna beslenen daşary ýurtly watandaşlarymyz hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. 

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, foruma gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy we hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlarymyzyň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde ösdürmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. 

                                                                   

Çuňňur many-mazmunly çykyşlary üçin daşary ýurtly doganlarymyza minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň asylly däplerine eýerip, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary berkitmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işine işjeň gatnaşýan, şeýle hem birleşigiň maksatlaryny, wezipelerini goldaýan, onuň işine ýakyndan ýardam berýän adamlary sylaglamak we höweslendirmek maksady bilen, «Ynsanperwerligiň sarpasy» atly nyşan döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe DTYB-nyň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna ýetirmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, wagyz etmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalaryny ýörite nyşan bilen sylaglamak kararyna gelendigini aýtdy. 

                                                                   

Maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda DTYB-nyň Prezidenti birleşigiň birnäçe agzasyny «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda çagyrmak hakynda Kararlara gol çekdi. 

                                                                   

Soňra guramanyň has tapawutlanan agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly sylaglary gowşurmagy DTYB-nyň guraýan çärelerine işjeň gatnaşýan daşary ýurt raýatlarynyň we türkmenistanlylaryň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. 

                                                                   

«Mekan» köşgüniň belent sahnasynda ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň mähriban topragymyzy wasp edýän aýdym-sazlary döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň belent abraýynyň senasy bolup ýaňlandy. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Asylly däbe görä, daşary ýurtly watandaşlarymyz Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak ähli toý-dabaralara gatnaşarlar.

21.09.2023
Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

Nýu-Ýork, 19-njy sentýabr (TDH). BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. 

                                                                   

Prezidentler derejesindäki bu birinji duşuşyk meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy. 

                                                                   

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär. Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň we başlangyçly orun eýeläp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, ählumumy rowaçlygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Döwletimiz halkara gatnaşyklary ýola goýmakda hoşmeýilli erk, deňhukuklylyk, öňdebaryjy tejribäni we oňyn pikirleri paýlaşmak esasynda ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almagyň möhümdiginden ugur alýar. Şeýle çemeleşme BMG-niň maksatlaryna we Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, pugta döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda sebit boýunça goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýola goýulmagyna hem ýardam berýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bilen, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça bolşy ýaly, “C5+1” diplomatik meýdançasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylda döredilen wagtyndan bäri bu mehanizm özüni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli sebit meýdançasy hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, şol geçen ýyllaryň dowamynda “Merkezi Aziýa — ABŞ” dialogy ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk, bilermenleriň duşuşyklary we ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak hem-de howpsuzlyk boýunça iş toparlarynyň alyp barýan işleri arkaly giňeldildi. 

                                                                   

2022-nji ýylda resmi amallary ýola goýmak, umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we ilerletmek, gatnaşyjy Hökümetleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki ministrler duşuşyklaryny we beýleki çäreleri meýilleşdirmek üçin “C5+1” dialogynyň Sekretariaty döredildi. Häzirki wagtda bu formatyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki iş dowam etdirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçýän şu gezekki iri diplomatik çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli wakadyr. Sammitiň gün tertibine ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän esasy halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

...Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Baştutanlarynyň “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygynyň geçirilýän ýerine — ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň binasyna tarap ugrady. 

                                                                   

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdeniň başlyklyk etmeginde geçirilýän ýokary derejeli çärä Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.  

                                                                   

Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky uzak möhletleýin strategik gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň maksat edinilýändigini görkezýär. Şeýle çemeleşme dostlukly, özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklarymyz, hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi, özara bähbitlere düşünilmegi, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň we abadançylygyň bähbidine ulanylyp bilinjek we hökman ulanylmaly uly kuwwata hakyky baha berilmegi bilen şertlendirilendir. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň çykyşlarynda bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. 

                                                                   

Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, parahat we gülläp ösýän Merkezi Aziýa BMG-niň Tertipnamasyny, onuň esas goýujy ýörelgelerini berjaý etmek arkaly ähli ýurtlaryň Garaşsyzlyga, özygtyýarlylyga we çäk bitewülige hemişelik ygrarlylygyny talap edýär. Bellenilişi ýaly, bu sammit Merkezi Aziýada özara düşünişmegi, ynamy pugtalandyrmaga, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin amatly şertleri döretmäge itergi berer. 

                                                                   

Umuman, ýokary derejede geçirilen duşuşyk netijeli altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy. Öňe sürlen netijeli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi eýýäm ýakyn geljekde sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň, durnukly ösüşiň, abadançylygyň bähbidine ýola goýlan gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Şeýle hem şu gün döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Metropoliten” sungat muzeýine ugrady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy mynasybetli ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan guralan resmi kabul edişlige gatnaşdy. 

                                                                   

“Metropoliten” sungat muzeýiniň (The Metropolitan Museum of Art) dünýäniň iri sungat muzeýleriniň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Ol 1870-nji ýylda esaslandyryldy we 1872-nji ýylyň fewralynda bu ýere gelýänler üçin ilkinji gezek gapylaryny açdy. Amerikan arhitektorlary Kalwert Wo we Jeýkob Mold tarapyndan neogotik ýörelgesi esasynda taslamasy işlenip düzülen “Metropoliten” özüniň häzirki binasyna 1880-nji ýylda göçüp bardy. Bu bina bäşinji Awenýuda ýerleşýär. Häzirki wagtda muzeýde millionlarça eser saklanýar. Onda Gadymy Müsür, grek-rim sungatynyň eserleriniň uly toplumlary, Ýakyn we Uzak Gündogaryň sungaty we medeniýeti, yslam sungaty boýunça gymmatlyklaryň giň toplumy ýerleşýär. Bu ýerde Aziýanyň, Afrikanyň, Okeaniýanyň we Amerikanyň halklarynyň sungaty hem giňden görkezilýär. 

                                                                   

Soňky ýyllarda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary daşary ýurtlarda-da görkezilip başlandy. Munuň özi milli gymmatlyklary wagyz etmäge ýardam edýär. 2016-njy ýylda guralan “Köşk dünýäsi we älem: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu sergi üç aýyň dowamynda Nýu-Ýorkuň “Metropoliten” muzeýinde ýaýbaňlandyryldy. Onda ýurdumyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary görkezildi. Şol gymmatlyklar Beýik Seljuklar döwletinde, Gadymy Merwde sungatyň ösüş derejesine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Resmi kabul edişlik hem-de Nýu-Ýorka iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady. 

                                                                   

Aşgabada çenli köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň resmi adamlary gül desseleri bilen mähirli garşyladylar. 

                                                                   

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden taryhy çykyşynyň giň goldawa eýe bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, soňky ýyllarda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanýar. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän islendik ýurdy hem-de abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan halkara gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine we tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki saparynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli beýik işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

21.09.2023
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

Nýu-Ýork, 19-njy sentýabr (TDH). Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.  

                                                                   

Ekologik meseläniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmagyň dowamynda ekologiýanyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz böleginiň biri hökmünde kesgitlenendigi bellenildi. Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekiliniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bu meseläniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi. 

                                                                   

Türkmenistan «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirip, dürli pudaklara ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ýöriteleşdirilen düzüm howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini peseltmek babatda hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança bolar. 

                                                                   

ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işine ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, derwaýys ekologik meseleleriň çözülmegine anyk goşant goşýar. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

21.09.2023