25-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Hökümet mejlisinde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, görlen çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 4,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,6 göterim artdy. Ýanwar — iýul aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
Şeýle-de durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 21-nji we 40-njy maddalaryna laýyklykda, birnäçe resminamalaryň taslamalary, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň» hem-de «Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibiniň» taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Şahsy pensiýalary bellemegiň meseleleri hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gezekli-gezegine gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz mejlisde suwuklandyrylan gazyň we polipropileniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, nebitiň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy. Gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek möhümdir. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, şeýle hem hususy ulgamyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.
Mejlisde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy, şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary barada-da hasabat berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza zähmet rugsady döwründe Hökümetiň agzalarynyň we olaryň maşgalalarynyň dynç almaklary üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge we türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge degişli meseleleriň çözülmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. Zähmet rugsady döwründe geçirilýän Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisiniň gün tertibi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem üns merkezinde durýar. Mälim bolşy ýaly, golaýda Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda şäheriň günorta böleginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde daşary ýurtly nusgawy şahyrlaryň we akyldarlaryň hem heýkelleri ornaşdyrylar. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň aýdyň beýanyna öwrüler. Magtymguly Pyragy özüniň paýhasly goşgularynda hut şu ýörelgelere eýermäge çagyrypdy.
Wise-premýer, daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň täze şahyrana eseriniň türkmenistanlylaryň ählisi üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen, daşary ýurtlarda-da giň seslenmä eýe bolandygyny nygtady we hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere hem garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.
***
Sanlar, maglumatlar:
- 2023-nji ýylyň ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim ýokarlandy.
- Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 4,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi.
- Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,6 göterim artdy.
- Ýanwar — iýul aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
- Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim ýerine ýetirildi.
- Geçen ýedi aýda tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi.
- Hasabat döwründe elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 103,9 göterime barabar boldy.