Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýär we bütin dünýäde kuwwatly senagatlaşýan döwlet hökmünde tanalýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenilendir. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge doly mümkinçilik berýändigine şaýatlyk edýär.
Garaşsyz döwletimiziň ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ykdysadyýetiň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, öz milli önümçiligimiziň hasabyna içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmaga gönükdirilýär. Bu maksatlara ýetmek üçin, ýurdumyzda maýa goýum we işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmaga, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge, hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar.
Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlary ählumumy derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň esasy hasaplanýar. Onuň 17 maksadynyň ählisi Ýer ýüzüniň serişdelerini gorap saklamagy we ählumumy deňligi hem-de tutuş adamzat abadançylygyny üpjün etmegi nazarlaýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler geçirilýär, sebit we dünýä derejesinde durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Bu strategik resminama bütin dünýäde garyplygy aradan aýyrmaga, azyk howpsuzlygyny hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmäge, suw we energiýa gorlarynyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny gazanmaga ýardam berýär. Ol senagatlaşmagy we ekologik abadançylygy goldamaga, adamzat üçin ýokary durmuş şertlerini döretmäge täze mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistan ikinji Meýletin Milli Synyny taýýarlady. 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň howandarlygynda bolup geçen ýokary derejeli syýasy forumda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagy boýunça Türkmenistanyň ikinji Meýletin Milli Syny bu gurama agza ýurtlaryň dykgatyna ýetirildi.
Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilen pursadyndan bäri döwletimiziň durmuş we ykdysady syýasatynda ýokary netijeleri gazanmak, ýurduň dünýä bileleşigine goşulyşmagyny çuňlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirini azaltmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirildi. Durnukly ösüşiň milli konsepsiýasyny işläp taýýarlamagyň esasynda onuň milli ulgamynyň umumy kuwwatynyň özara baglanyşykly üç böleginiň — durmuş, ykdysady we ekologiýa ugurlarynyň ösüşini açyp görkezýän toplumlaýyn çemeleşme ýola goýuldy. Şunda esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde möhüm görkezijiler boýunça ýokary ösüşi gazanmak babatda birnäçe anyk çäreler kesgitlenildi.
Türkmenistanda bazar ykdysadyýeti işjeň kemala getirilýär. Tebigy gazyň köp möçberde ätiýaçlyk gorlarynyň bolmagy döwlete ykdysady ösüşde we durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmakda ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu babatda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we gurluş taýdan üýtgedip guramaga, tebigy gazyň eksportyna baglylygy aradan aýyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» ýaly döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen maksatlara, wezipelere laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze tapgyry dowam edýär.
Ulgamlaýyn özgertmeleriň çäklerinde ýurtda bäsdeşlige ukyply kärhanalary emele getirmegiň hasabyna diwersifikasiýalaşdyrylan we innowasion ykdysadyýeti gurmagy göz öňünde tutýan ugur durmuşa geçirilýär. Özgertmeler ulgam emele getiriji kärhanalary çökgünlikden soňky täze ýagdaýlara çalt depginde uýgunlaşdyrmak bilen, senagatyň strategiýa taýdan möhüm pudaklaryny goramaga gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň strategik maksady çig mala gönükdirilen ugurdan ýokary goşulan gymmaty bolan önümleri öndürýän gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmäge geçmek bolup durýar. Maýa goýumlar goýlanda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň gurluşyny kämilleşdirmek, hereket edýän önümçilikleri tiz döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, täze önümçilikleri döretmek ýaly wajyp wezipeleri çözmäge möhüm orun berilýär. Maýa goýmak işinde telekeçiligi we hususy maýa goýumlary höweslendirmäge, goşmaça iş ýerlerini döretmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny goşmak bilen, dürli çeşmelerden maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn üns berilýär.
«Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol ilaty iş bilen üpjün etmek ulgamynda döwlet syýasatyny kesgitleýär we raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge, olary işsizlikden goramaga gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik ulgamynda döwlet kepillendirmelerini belleýär. Şeýle çäreleriň ählisi täze iş ýerleriniň döredilmegine täsir edýär. Iş bilen üpjünçilik ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine goltgy berýär. Adamyň maddy üpjünçiliginiň kepillendirijisi bolmakdan başga-da, iş bilen üpjünçilik tutuş ykdysadyýetiň öndürijiligini ýokarlandyrmak we jemgyýetde durmuş taýdan jebisligi pugtalandyrmak ýaly, has möhüm durmuş meselelerini çözmegiň girewi bolup durýar. Şol sebäbe görä, döwlet syýasatynda Türkmenistanda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmagy üpjün etmek we zähmet bazarynyň meselelerini oňyn çözmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin şertleri döretmek boýunça çärelere uly üns berilýär.
Türkmenistanda öndürijilikli zähmet çekmek, şahsy ösüş we ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýurtda sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi uzak aralykdan işlemek we zähmeti guramagyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly, ilatyň iş bilen üpjünçilik ulgamyny giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Munuň özi ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş ýaly ulgamlaryň barha kämilleşmeginde, iş bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagynda, sebitleriň deňeçer ösdürilmeginde hem duýulýar.
Leýli MYRATDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň durnukly ösüş syýasaty bölüminiň baş hünärmeni.