Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýärler. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Kýosuke Nagatany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Imperatoryna we Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Ýaponiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýolbaşçysynyň saparynyň we onuň çäklerindäki duşuşyklaryň Sukuba uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine, ylym-bilim ugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistan Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Soňky ýyllarda döwletara hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlary öz içine almak bilen, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri kanagatlanma bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýaşlaryň dürli ugurlarda öz zehinlerini we başarnyklaryny ýüze çykarmagy, kämilleşmegi üçin zerur şertler döredilýär, döwlet olara hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Halkara tejribäni we täze gazanylan üstünlikleri öwrenmek bolsa bu syýasatyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlar Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim alýarlar, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde bolsa ýapon dili öwredilýär. Ylym-bilim edaralarynyň wekilleriniň arasynda işjeň gatnaşyklar saklanýar. Tejribe alyşmak we ylmy maslahatlara gatnaşmak maksady bilen, özara saparlar guralýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada iş saparynda bolan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bilim, ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin «Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory» diýen alymlyk derejesi berildi. Iki ýurduň ylmy ösdürmäge uly goşant goşan bu görnükli iki alymynyň we professorynyň şu gezekki duşuşygynda ýokary bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Muňa Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mysal hökmünde görkezmek bolar. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary bilelikdäki ylmy-barlag işine işjeň gatnaşarlar. 

                                                                   

Söhbetdeşler mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýtmak bilen, tejribe alyşmak, Türkmenistanda ýapon dilini, Ýaponiýada türkmen dilini okatmak üçin tejribeli mugallymlary taýýarlamak babatda mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Umumy pikire görä, bu işler giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde, iki dostlukly halky ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Ýurdumyzda ylma esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi hem-de iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri bilen baglylykda, şeýle hyzmatdaşlyk möhüm bolup durýar. Ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen we geçirilmegi dowam edýän iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurlan, polietilen we polipropilen öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy — polimer zawody, şeýle hem Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod şol taslamalaryň hataryndadyr. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde nebitgaz we gazhimiýa senagatynda baý tejribesi hem-de döwrebap tehnologiýalary bolan ýapon kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär. Wodorod önümçiligi, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, kibersport ýaly ulgamlar hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. 

                                                                   

Parlamentara gatnaşyklara-da uly üns berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hiroýuki Hosoda bilen duşuşygy bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, bu ugurda Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. 

                                                                   

Sukuba uniwersitetiniň prezidenti türkmen tarapynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda başlangyçly çykyş edýändigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda Ýaponiýa hakynda ençeme maglumatlaryň ýerleşdirilendigini, hususan-da, häzirki döwürdäki türkmen-ýapon gatnaşyklary barada ýatlanyp geçilýändigini belledi. Myhman bu ajaýyp eseri ýapon diline terjime etmek isleginiň bardygyny aýdyp, munuň iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.