Eziz Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini, tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Sanly ulgamy ösdürmekde gazanylanlary, işläp taýýarlamalary milli ykdysadyýetiň pudaklaryna, önümçilige giňden ornaşdyrmak işleri sazlaşykly guralýar. Bu ugurdaky işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda geçirilýär.
Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar. Dürli ugurdaky işleriň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagy, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegi, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi sanly ösüşiň wezipeleriniň çözülmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup durýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde amala aşyrylmagy, dolandyryşyň sanly ulgama geçmegi ilkinji wezipeler bolup, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýokary tehnologiýaly sanly ulgamy ösdürmek işleri ýokary derejede guramaga, utgaşdyrmaga, ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligine hem-de hiline gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam edýän dolandyryşyň netijeli guraly bolup durýar. Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, «Elektron hökümet» ulgamyny işjeň ornaşdyrmak döwleti we jemgyýeti ösdürmäge gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şertidir. Çünki sanly ykdysadyýetiň ösüşi oňa gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlygynyň ähli derejelerinde sanly gatnaşyklary ýola goýmak işiniň çaltlandyrylmagy bilen baglydyr.
Sanly ykdysadyýetiň ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri hem, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Bu ugruň ösdürilmegi sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri ýetişdirmäge gönükdirilen bilim ulgamyny kämilleşdirmekligi, hünäre gönükdirmek ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatynda goşmaça bilimleri girizmegi, bu ugurda täze ukyplary ýüze çykarmak ýaly maksatlary nazarlaýar.
Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça okadylmagy, şeýle-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna degişli edaralaryň hünärmenleri bilen tejribe alşylmagy degişli hünäri bilen birlikde, maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalarynyň hem-de ylmy maslahatyň geçirilmegi guwandyryjy ýagdaý bolup, sanly bilim ulgamynda gazanylýan oňyn netijelere şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň sanly ösüşler bilen aýakdaş gitmäge ukyply, täze özgertmelere taýýarlykly, sanly çözgütleri oýlap tapmaga ukyply hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen çäreler oňyn netijeleri berýär. Bilim ojaklarynda sanly bilim portaly we elektron kitaphana portallary hereket edip, talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmäge uly goşant goşýar.
Bilim edaralarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de ylym-bilim merkezleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de höweslendirmäge gönükdirilen çäreler, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler täze ösüş-özgertmeleri amala aşyrmaga badalga berýär. Ýurdumyzda innowasiýalara, çylşyrymly tehnologik çözgütlere, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyrylandyr. Arkadag şäherine halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan 20-den gowrak güwänama we diplom berildi. «Akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyňdyr internetiň giňden ornaşdyrylmagyna esaslanýar. Olaryň kömegi bilen şäher düzümlerini, gulluklaryny dolandyrmagy üpjün edýän bitewi ulgam döredilip, «akylly» öý, bitewi maglumat binýady, ýaşaýjylara hasaplaşyklary geçirmäge, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly programma goşundysy hereket edýär.
Ine, şeýle guwandyryjy üstünlikler ýurdumyzyň sanly ulgamdaky ösüşlerini görkezip, döwür bilen aýakdaş gitmäge ukyplydygyny dabaralandyrýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde Arkadagly Serdarymyza üstünlikler ýaran bolsun!
Ezizguly HOJAMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.