Habarlar
Giň gerimli gurluşyklar — Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň nyşany

 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine garaldy. Gazanylan netijeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň we onuň ileri tutulýan ähli ugurlarynda yzygiderli öňegidişlikleriň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk pudagyna möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giň gerimli senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi, senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar. 

                                                                   

Ilatyň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy we ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu maksatnamada göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap obalar gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi obalaryň häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hem-de şäher amatlyklarynyň göz öňünde tutulyp gurulmagyna örän jogapkärli çemeleşilýändigini görkezýär. 

                                                                   

Adam we onuň abadan durmuşy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagalla edýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň geçen alty aýynda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumlar özleşdirildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyryp, sebitlerde düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşýar. Şeýlelikde, häzirki wagtda diňe bir ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem, Watanymyzyň ähli künjeklerinde-de gysga wagtyň içinde binagärlik toplumlary, döwrebap edara binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman enjamlary we tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän iri kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Bu desgalarda milli binagärlik däpleri bilen şähergurluşyk babatda dünýäniň häzirki zaman tejribesiniň öz beýanyny tapýandygyny bellemek gerek. Munuň özi milli gurluşyk pudagynyň döwrüň talaplary we iň gowy dünýä tejribeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Gurluşyk toplumyna gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlar hem-de telekeçilik işini goldamak boýunça döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Hökümet mejlisindäki hasabatlarda beýan edilen maglumatlara görä, şu ýylyň birinji ýarymynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 109,8 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça şu ýylyň alty aýynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 110,9 göterime deň boldy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän taslamalar gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösüşini üpjün edýär. Şu ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň aýdyň netijesidir. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, döwrüň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän bu ägirt uly taslamanyň gurluşygyny iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kärhanalarynyň işjeň gatnaşmagynda şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Şunda gurluşyk pudagynyň telekeçilik işiniň okgunly ösýän ugurlarynyň biridigini bellemelidiris. Toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işine işjeň gatnaşmak bilen, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň taryhynda ýerli gurluşykçylar tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň gurulmagy Türkmenistanyň ýokary ykdysady kuwwatynyň aýdyň subutnamasy boldy. Täzeçil gurluşyk taslamasynyň “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylmagy uzak geljegi nazarlaýan iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini äleme ýaýdy. 

                                                                   

Innowasion şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edilen bu şäher häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we dünýäniň şäherleri gurmak boýunça iň täze meýillerini, milli binagärligiň iň gowy däplerini hem-de gazananlaryny özünde jemleýär. Gurluşygynda öňdebaryjy maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ulanylan Arkadag şäheriniň halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarydyr diplomlarynyň birbada 21-sine mynasyp bolmagy tötänden däldir. 

                                                                   

Täze görnüşdäki şäheriň taslamalaryny taýýarlamak işlerine ýaşlaryň işjeň çekilendigini hem bellemelidiris. “Akylly” şäheriň özboluşly binagärlik çözgütleri we onuň sanly platformasynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini, täzeçil pikirlerini we tekliplerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin özboluşly mekdep boldy. Munuň özi Türkmenistanda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň ulanmak arkaly ylmy-tehnologik, intellektual mümkinçiliklere esaslanýan sanly ulgama geçmegiň milli usulynyň işlenip taýýarlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr. 

                                                                   

Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilendigini hem nygtamaly. Munuň özi döwletimiziň bu ugurda alyp barýan ägirt uly işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Arkadag şäheriniň köp sanly desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagynyň esasy talaplaryň biri bolandygy tötänden däldir. Bu bolsa şäheriň ilaty üçin amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Ähli binalar we desgalar, şol sanda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamlary dünýä ülňülerine laýyklykda guruldy. Olaryň ählisi seýsmiki durnuklylyk, ygtybarlylyk talaplaryna doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Gözelligi we gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken “akylly” şäher açylan ilkinji gününden başlap, möhüm iri çäreleriň, şol sanda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilen ýerine öwrüldi. Forumyň çäklerinde guralan sergide daşary ýurtly myhmanlar şäherleriň we sebitleriň durmuş ulgamynyň guralmagyna, gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilen täzeçil tehnologiýalar, geljegi uly we sazlaşykly ösýän pudaklaryň biri bolan gurluşyk-senagat toplumynda, energetika, himiýa pudaklarynda, ýol gurluşygynda amala aşyrylýan özgertmeler bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik aldylar. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine yzygiderli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Daşary ýurt kompaniýalarynyň köp sanlysynyň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýän bu giň gerimli sergi gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň dialogy, iň täze innowasion işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň tejribede ulanylyşy babatda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi pudagynda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrülendigini aýdyň görkezdi. 

                                                                   

Şu ýylyň maý aýynda guralan nobatdaky sergide Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary — “Bouygues Turkmen”, «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret», «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom», «Çalik Enerji Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýalary, «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň şekil taslamalaryny, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezdi. Şolarda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, dynç alyş ulgamy ýaly ugurlar öz beýanyny tapdy. “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan şäher metrosynyň şekil taslamasy sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. 

                                                                   

Sergä gatnaşýan gurluşyk kärhanalarynyň hatarynda “Ojar Aziýa”, “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik”, “Baýly-gurluşyk”, “Ajaýyp-gurluşyk”, “Nur bina” we beýlekiler bar. “Ak bulut”, “Sapaly jaý”, “Erjel Begenç”, “Ukyply kärdeşler” ýaly türkmen kompaniýalary bar. Ýurdumyzyň gurluşykçylary häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňülerini giňden ornaşdyryp, bina edilýän ähli desgalary degişli kommunikasiýalar bilen üpjün edýärler.  

                                                                   

Welaýat merkezleriniň keşbi hem gözümiziň alnynda özgerýär, durmuş maksatly desgalar, edara binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary ulanmaga berilýär. Dünýä meýillerine laýyklykda, ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklaryna niýetlenen düzümlere degişli bolan taslamalara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa şäherde amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge, tebigaty goramak meselelerini oýlanyşykly çözmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne giň gerimli taslamalar mahsusdyr. Köp gatly döwrebap binalar gurulýar, şäherleri täze ajaýyp künjekler bezeýär, iri ilatly ýerler peýda bolýar, uzak aralyklara, müňlerçe kilometre uzaýan awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň we sebitleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolan ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürýän pudak döwlet goldawyny hem alýar. 

                                                                   

Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig mallaryň binýadynda olaryň önümçiliginiň ösdürilmegini şertlendirdi. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz täze gurulýan desgalaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kuwwatly senagatyny döretmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, türkmen topragynyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şu ýylyň fewralynda tassyklanan ýurdumyzyň 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat möçberde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirildi. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýum serişdelerini gönükdirmek bellenildi. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr. 

                                                                   

Awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberildi. Aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň, şol sanda awtobanlaryň, köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň, ýollaryň ugurlaryndaky köp derejeli çatryklaryň gurluşyklaryna barha möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň fewralynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi döredildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda täze awtomobil ýollaryny gurmak hem-de ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar döwrebap ulag-logistika ulgamyny döretmek, yklymda möhüm üstaşyr ulag geçelgesine öwrülen döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýediginiň ýene bir subutnamasydyr. 

                                                                   

Şeýlelikde, dürli ugurlarda ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmek bilen, dünýäniň ähli döwletlerine mynasyp görelde görkezýär. 

                                                                                                           

(TDH)

27.07.2023
Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

Ykdysady kuwwatyny döwletiň, halkyň bähbidine gönükdirýän ýurduň gülläp ösüşlere beslenýändigi dünýäniň tejribesi bilen subut edilen hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiziň 14-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde biz bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirdik. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we ikinji ýarym ýyllyk üçin ileri tutulýan wezipeler eziz  Watanymyzyň rowaçlygyň röwşen ýolunda batly gadamlar bilen ilerleýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Şu ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetiň ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň oňyn häsiýete eýe bolmagy — jemi içerki önümiň, jemi öndürilen önümiň, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň, daşary söwda dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýokarlanmagy, ortaça aýlyk zähmet hakynyň 9,9 göterim ýokarlanmagy halk hojalygynyň galkynyşyndan habar berýär. Edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklarynyň, raýatlaryň pensiýalarynyň hem-de döwlet kömek pullarynyň, diňleýji we talyp haklarynyň doly maliýeleşdirilip, yzygiderli artdyrylmagy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alnyp, gazanylýan her bir ösüşlerimiziň halkyň bähbidine, bolelin ýaşaýşyna gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär. 

 Halk hojalygynyň esasy pudaklarynda gazanylan ösüşleriň we ýerine ýetirilen işleriň görkezijileri hem ykdysadyýetiň galkynýandygyndan nyşandyr. Ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň karz edaralarynyň gazanan peýdasynyň 1,7 göterim artmagy, nebitgaz, gurluşyk, senagat toplumlaryna degişli düzümlerde göz öňünde tutulan meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilmegi bu ugurdaky işleriň netijeliligini şertlendirýär. Elektrik energiýasyny öndürmegiň depgininiň 106,7 göterime, ony eksport etmegiň ösüşiniň 107,7 göterime, ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň depgininiň 124,8 göterime, söwda dolanyşygynyň ösüşiniň 109,5 göterime, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşiniň 105,2 göterime deň bolmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýanyň ajaýyp miwesidir. Bu görkezijiler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde senagat-innowasion ösüşe we sanly ulgama daýanýan kuwwatly ykdysadyýetiň döredilýändigini tassyklaýar.  

  «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyk gelip, halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, döredijilik mümkinçiliklerini, eşretli zamanamyzyň bagtyýarlygyny Ýer ýüzüne aýan edýär. Şeýle iri taslamanyň taryh üçin örän gysga döwürde türkmen gurluşykçylary tarapyndan durmuşa geçirilmegi bolsa has-da buýsandyrýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda giň gerimli işler dowam etdirilýär. Diýarymyzda bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri öndürýän täze kärhanalar döredilýär. Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektron senagaty döretmek, eksport mümkinçilikleri artdyrmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler alnyp barylýar. Bularyň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli babatda gülläp ösmegine we halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen asylly işleriň rowaçlanmagyna giň ýol açýar. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

                                                                   

Okgunly ösüşi äşgär edýän görkezijileriň gazanylmagyna döwletimiziň ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirýän maýa goýumlary hem güýçli itergi berýär. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6 göterim artyp, jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna deňeçerräk möçberde maýa goýumlaryň goýberilmegi döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmegi nazara alýandygyny tassyklaýar. Halkyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň adam kuwwatyny artdyrmak hem şol strategiýanyň möhüm maksatlarydyr. 

                                                                   

Gurýan döwlet gurpludyr diýen ýörelgä eýerip, iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyzda ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we halkyň durmuş zerurlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen desgalaryň, durmuş düzümleriniň gurluşygynyň gerimi giňeýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary, mekdeplerdir çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri, sport toplumlary, ýollar we köprüler yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Muny Hökümetiň golaýda geçiren giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şu ýylyň 1-nji iýulynyň ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Aşgabat şäheriniň Parahat  7 we Çoganly ýaşaýyş jaý toplumlarynda, Büzmeýin etrabynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş toplumlary açyldy. Şeýle hem, ençeme medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryň gurluşyklarynda işler ýokary depginlerde dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy hem halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşy hakyndaky aladalardan nyşandyr.

27.07.2023
Türkmenistan «EKSPO» sergilerine taýýarlanýar

21-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň daşary ýurtlarda boljak halkara forumlara gatnaşmagy, hususan-da, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine hem-de «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz bu iri sergileriň ähmiýetini göz öňünde tutup, olara gatnaşmaga guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak we öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, Türkmenistan indi birnäçe ýyl bäri «EKSPO» sergilerine işjeň gatnaşyp gelýär. Anyk aýtsak, ilkinji gezek 2010-njy ýylda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde, 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde, 2021-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «EKSPO» gözden geçirilişlerinde ýurdumyzyň mümkinçilikleri giňden açylyp görkezildi. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde guraljak «EKSPO — 2025», Kataryň paýtagtyndaky «EKSPO — 2023 Doha» Bütindünýä we halkara sergilerine-de Bitarap Türkmenistan garaşsyz ösüş ýyllarynda bedew batly gadamlar bilen öňe barýan, dünýä syýasatynda öz sözi, öz orny bolan derejeli döwlet hökmünde gatnaşmaga häzirden ýokary derejede taýýarlyk görýär. 

                                                                   

 Taryhy tejribeden şu güne 

                                                                   

Bütindünýä «EKSPO» sergileriniň geçen taryhy ýoly bilen gyzyklananyňda, olaryň biziň häzirki gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen iň öňdebaryjy tehnologiýalary görkezmek hem mahabatyny ýetirmek üçin meýdança bolup hyzmat edendigine göz ýetirmek bolýar. 1851-nji ýylda Londonda geçirilen ilkinji «EKSPO» sergisi gatnaşýan ýurtlaryň sany boýunça bu çäräniň bada-bat Bütindünýä forumyna öwrülmegini şertlendirdi. Bu sergiler ilkibaşda diňe senagat rewolýusiýasynyň gazananlaryny, täze oýlap tapyşlary köpçülige ýetirmek bilen çäklenen bolsa, soň-soňlar adamzadyň geljegi üçin bilelikde hereket etmek, häzirki zaman dünýäsiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmak ýaly ynsanperwer maksatlara ýetmegi esasy ugruna öwürdi. Kabul edýän ýurduň mümkinçiliklerine we kesgitlenen şygara görä, her 5 ýyldan bir gezek geçirilýän bu ählumumy gözden geçirilişler biri-birinden düýpli tapawutlanýan bolsalar-da, Ýer ýüzünde abadan ýaşaýşyň rowaçlanmagyna goşant goşmak hyjuwy olary bir maksada birleşdirýär. «Ähli halklaryň senagat harytlarynyň beýik sergisi» adyny alan ilkinji «EKSPO» sergisinden başlanan däbi dowam etdirip, 2025-nji ýylda estafeta taýajygyny alýan Osakada guraljak nobatdaky forumyň «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygary hem muny doly tassyklaýar.  

                                                                   

Elbetde, «EKSPO» sergileriniň dünýä döwletleriniň taryhy we şu güni, ykdysady mümkinçilikleridir gazananlary bilen tanyşmaga ýardam edýändigi hakykat. Ýöne olar kabul edýän ýurtlara miras galdyrýan meşhur binalary bilenem has ýatda galyjy bolýar. Londonyň Hrustal köşgi, Parižiň Eýfel diňi, Çikagonyň «Uly syn ediş hiňňildigi»... hut «EKSPO» sergileriniň geçirilen döwründe gurlan desgalardyr. Dubaýdaky «EKSPO — 2020-niň» açylyş dabarasynyň geçirilen ýeri bolan «Al Wasl» dabaralar merkezi hem dünýäde iň uly sütünsiz gümmez hökmünde taryha girdi. Ilkinji telewizoryň, kompýuteriň, telefonyň, radionyň, tikin maşynynyň, hatda mekgejöwen patragydyr üwmejiňem dürli ýyllardaky şu hili sergilerde hödürlenip, köpçülikleýin ykrar edilendiginden köpimiz habarly bolsak gerek. Bir sözde aýdylanda, «EKSPO» sergileri adamzat ösüşiniň ýyl ýazgysydyr. Olarda dünýä döwletleriniňdir halklarynyň siwilizasiýalaşmaga tarap aýgytly ädimleri jemlenýär.  

                                                                   

 Geljegiň jemgyýetini gurmaga çagyryş 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda geçiriler. 184 günläp dowam etjek bu iri gözden geçiriliş tutuş dünýä boýunça dürli-dürli gymmatlyklary ileri tutýan millionlarça adamyň özara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Onuň şygary bolsa adamlaryň öz isleýän geljegini gurmak hakyndaky arzuwlaryny goldamak üçin durnukly jemgyýeti kemala getirmek babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna itergi bermäge gönükdirilendir.  

                                                                   

«EKSPO — 2025-iň» geçiriljek meýdançasy Osakanyň kenarýakasyndaky Ýumeşima emeli adasynda ýerleşýär. Aslynda, Osaka-Kansaý sebiti ilkinji ýapon döwletiniň dörän mekany bolup, ol taryhy syýahatçylyk, milli aýratynlyklardyr ýadygärlikler bilen tanyşmak üçinem giň mümkinçilikleri açýar. Öňde boljak sergi «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek», «Durmuşy birleşdirmek» atly üç mowzukda guralyp, Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» bölüminde ýerleşdiriler. Şunda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, Günüň dogýan ýurdunda geçiriljek Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýonyny gurmagyň «Belli» hojalyk jemgyýetine ynanylandygyny hem nygtamak gerek. Onuň, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygyny emele getirip, myhmanlary türkmen topragyna gaýybana syýahata alyp gaýtjakdygyny häzirden ynamly aýdyp bileris. 

                                                                   

 «Ýaşyl» ösüş — hemmeleriň islegi 

«Ýaşyl» çöl, Has gowy daşky gurşaw» şygary astynda 60-a golaý ýurduň gatnaşmagynda geçiriljek «EKSPO — 2023 Doha» Halkara sergiler edarasy tarapyndan ykrar edilen ýöriteleşdirilen sergidir. Ýeri gelende bellesek, şu hili forumlar her 5 ýyldan bir gezek geçirilýän iki sany Bütindünýä «EKSPO» sergisiniň aralygynda guralyp, 3 aýlap dowam edýär. Olar, adatça, ekologiýa, energetika, saglygy goraýyş, ylym we tehnologiýa ýaly anyk mowzuklara bagyşlanýar. «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň şygary hem dünýä jemgyýetçiligini çölleşmäni azaltmak boýunça innowasion çözgütleri öwrenmäge we kabul etmäge höweslendirmek maksady bilen saýlanyp alyndy. Türkmenistanyň bu iri foruma gatnaşmagy bilen bagly meseleler bolsa ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň golaýda Katara amala aşyran iş saparynyň çäginde ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

«EKSPO — 2023 Doha» sergisi şu ýylyň 2-nji oktýabryndan geljek ýylyň 28-nji marty aralygynda guralar. Alty aýlap dowam etjek bu gözden geçiriliş Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynda ilkinji gezek geçirilýän halkara bagbançylyk sergisi hökmünde taryha girer. Täsin «Al Bidda» seýilgähinde 1,7 million inedördül metr meýdanda guraljak sergä 3 million adamyň baryp görmegine garaşylýar. Türkmen wekiliýetiniň Katarda geçiren gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşmagy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi «ýaşyl» ösüşiň giň ugurlary — tebigy serişdeleri we daşky gurşawy goramak, çölleşmäniň öňüni almak, suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «ýaşyl» şäher bilen bagly ugurlarda innowasiýalarydyr bilimleri alyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine, forumlara gatnaşmagy ýurdumyzda halkara bileleşige özüniň gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge we dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şunda 21-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde ýokarda agzalan sergilere gatnaşmaga taýýarlyk görmek meseleleri bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibiň hödürlenendigini hem nygtamak gerek. Resminamada bu ugurda özara gatnaşyklaryň maksatlary, wezipeleridir esasy ugurlary kesgitleniler.  

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Bitarap Türkmenistan ählumumy derejede guralýan iri sergilerdir forumlara gatnaşmaga parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýar. Zeminiň çar künjeginde geçirilýän «EKSPO» sergilerinde milli pawilýonlarymyzyň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň geçmişi hem şu güni, senagat-innowasion mümkinçilikleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hakynda ygtybarly maglumatlary ýaýratmakda, umuman, Garaşsyz Watanymyzyň hakyky keşbini dünýä jemgyýetçiligine tanatmakda örän ähmiýetlidir. 

                                                                                                           

Aýgül RAHYMOWA.

                       

«Türkmenistan»

25.07.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär, oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar we pagta ýygyjy kombaýnlar ýygym möwsümine taýýarlanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Sebitde güýzlük ekinleriň ekişine agrotehniki kadalara laýyklykda taýýarlyk görülýär, ideg işleri geçirilýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine ünsi çekdi we şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegi babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler dowam edýär. Mundan başga-da, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek boýunça tagallalar edilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhümdigini belledi hem-de gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň ýokary hilli geçirilmegi, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda-da häkime anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. 

                                                                   

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, gowaçanyň hatarara bejergisi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär, tehnikalardan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, kombaýnlary pagta ýygymy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ekişe taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle-de güýz möwsüminde gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini hem-de şaly ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreler görülýär.  

                                                                   

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde alnyp barylmagynyň zerurdygyny aýtdy hem-de häkime welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow häzirki wagtda welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, şu günler gowaça meýdanlarynda ideg işleri bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar, pagta ýygyjy kombaýnlar ýygym möwsümine taýýarlanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini ýokary hilli geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny ýerli oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, şu günler gowaça meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalary hem-de pagta kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilatymyza ýetirmek boýunça işler dowam edýär. 

                                                                   

Şeýle hem wise-premýer Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ýekelemek, otag etmek, gögeriş hem-de ösüş suwuny tutmak işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we wise-premýere gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän oba hojalyk ekinleriniň ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine, hususan-da, gowaça edilýän ideg işlerine, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.07.2023
Önümçilik görkezijileri ýokarlanýar

Milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny görnükli netijelere beslemekde göreldeli işleri bitirýärler. Şu ýylyň arka atylan birinji ýarymynda nebit berýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» umumy möçberi 534 müň tonna barabar boldy. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwrüniň önümçilik görkezijisi bilen deňeşdirilende, bu hazynalar mesgeninden gymmatly uglewodorod çig malynyň jemi 10 müň 125 tonnasynyň artyk alnandygyna şaýatlyk edýär. Önümçilik tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etmekligi baş maksatlaryna öwren goturdepeli «gara altyn» ussatlarynyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça alnan nebitiň üçden birine barabaryny taýýarlamagy başarandyklaryny aýratyn nygtamak gerek. 

                                                                   

Kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaň erk edýän hünärmenleriň asylly zähmeti bilen önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda we döwrebap ýola goýulýar. Hut şu ýagdaýyň özem kärhanada ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Müdirlik boýunça geçen alty aýda 216 million kub metre barabar ugurdaş gazlary çykarmak baradaky meýilnamanyň 107 göterime golaý berjaý edilmegi hem muny doly tassyklaýar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

25.07.2023
Ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşip, onlarça döwletleriň hem-de şäherleriň, medeniýetleriň mekany bolan türkmen topragynda ýene bir täze şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Onuň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň çapdan çykmagy ildeşlerimiz üçin özboluşly toý sowgady boldy. Bu täze kitabyň halkymyza gowuşmagy ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Kitap hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär» diýen sözleri bilen açylýar. Onuň yzysüre bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze şäher barada aýdan dürdäne sözleri, gymmatly pikir-garaýyşlarydyr maslahatlary berilýär. Täze neşiriň bölümlerinde bu ajaýyp şäheriň özboluşly aýratynlyklary, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy çeper beýan edilýär. 

                                                                   

«Akylly» şäheriň binalarynyň we gurluşyk işleriniň aýratynlyklaryny, gündizki we gijeki gözel görnüşlerini açyp görkezýän fotosuratlaryň kitabyň degişli bölümleriniň mazmuny bilen utgaşykly berilmegi onuň täsirliligini has-da ýokarlandyrýar. Täze kitabyň adynda hem beýan edilişi ýaly, Arkadag şäheri geljegiň şäheridir. Watanymyzyň röwşen geljegi ösüp gelýän ýaş nesiller bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmeginde-de özboluşly many bar. 

                                                                   

Kitabyň «Arkadagda «akylly» şäher konsepsiýasy» atly bölümi Gahryman Arkadagymyzyň: «Bu «akylly» şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär» diýen sözleri bilen başlanýar. Hakykatdan-da, Arkadag şäheri şäher gurşawyny guramagyň iň täze tehnologiýalarynyň doly derejede ulanylmagyna gönükdirilen döwrebap binagärligiň hem-de meýilleşdiriş medeniýetiniň nusgasy bolup durýar. Bu ýerde «akylly» şäher konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilmegine, olarda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokary halkara ülňülere laýyk getirilmegine, sazlaşykly işlemegine, sanly ulgamlaryň, täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna, ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Arkadag şäheri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde-de ilkinji «akylly» şäher bolmak bilen, bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy göz öňünde tutulandyr. 

                                                                   

Umuman, döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly şähergurluşyk taslamalary halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär. 

                                                                                                           

Akmyrat DERÝAÝEW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

24.07.2023
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzy mundan beýläk-de syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, raýatlaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak işleri yzygiderli alnyp barylýar. 

                                                                   

Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. ÝHHG-niň wekili, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem-de Eýranyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde geçiren birnäçe çärelerine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde bellenilen wezipeleriň, döwletimizde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatlaryny, kabul edilýän möhüm çözgütleriň many-mazmunyny, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz hereket edýän kanunlary mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda taýýarlanan Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary barada aýdyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň ýurdumyzyň amala aşyrýan durmuş syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, bu ulgamdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we işe energiýany tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna nebit guýularyny netijeli özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi hem-de olaryň maksadynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, ilatymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin baý tebigy serişdeleri, nebitgaz pudagynyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny netijeli peýdalanmakdan ybaratdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem pagta ýygymynda ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýzlük ekişine taýýarlyk görülýär. Şeýle-de wise-premýer Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşyny, ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilişini, güýzlük ekinleriň ekişine taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary ýurtlarda geçiriljek halkara forumlara gatnaşmagy hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda tebigy serişdeleri we daşky gurşawy goramak, çölleşmäniň öňüni almak, suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, “ýaşyl” şäher bilen bagly meselelere bagyşlanan “EKSPO — 2023 Doha” halkara sergisine gatnaşmagy barada aýdyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek “Foodeх Saudi” atly Х halkara söwda sergisine gatnaşmagy boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine, forumlara gatnaşmagynyň ýurdumyzda halkara bileleşige özüniň gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge we dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary ýurtlarda geçiriljek halkara sergilere gatnaşmagyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkezini gurmak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň medeniýet toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň milli medeni mirasyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeni ulgamyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi hem-de alnyp barylýan bu işleriň Diýarymyzyň ähli ugurlarda okgunly ösmegine kuwwatly itergi berjekdigini aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän ylmy barlaglaryň netijelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, olary önümçilige işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylmy-tehniki özgertmeleriň Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly, innowasion ösüşi üçin möhüm şert bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ylym bilen önümçiligiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ýokary tehnologiýalara esaslanýan ylmy-tehnologik merkezleriň işini kämilleşdirmegiň, bu babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, wise-premýere bu ugurdaky işleri ilerletmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi degişli işleri geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda boljak çäreleriň Tertibi işlenip taýýarlanylýar. Soňra bu Tertip hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenilýär. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň ahyryna çenli Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugruny netijeli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak teklip edilýär. Resminamada ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ekologiýa, daşky gurşawy goramaga, howanyň üýtgemegine, saglygy goraýşa, ynsanperwer ulgama degişli möhüm meseleleri babatda ýurdumyzyň başlangyçlary we çemeleşmeleri beýan ediler. 

                                                                   

Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary hakynda orta möhletli Strategiýanyň” taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Bu resminamany işläp taýýarlamak dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýakyn künjeklerde emele gelen ýagdaýlary, geosyýasy şertleri nazara almak bilen, şeýle hem “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” esasynda amala aşyrylar. 

                                                                   

Häzirki wagtda howpsuzlyk ulgamynda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG, Ýewropa Bileleşigi, ÝHHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, beýleki abraýly guramalar, goňşy we beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, “Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda baý taryhy-medeni mirasa we tebigy gymmatlyklara eýe bolan ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Maksatnama halkara syýahatçylyk guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, bilelikdäki çäreleri geçirmäge gönükdiriler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip hödürlenildi. Resminamada bu ugurda özara gatnaşyklaryň maksatlary, wezipeleri hem-de esasy ugurlary kesgitleniler, ýerli haryt öndürijileri, telekeçileri, ugurdaş düzümleri goldamak boýunça çäreler kesgitleniler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigini nygtady. Ýurdumyz özüniň döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalşyp, häzirki döwrüň derwaýys wezipelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmaga düýpli we jogapkärli taýýarlyk görmegiň, şonda beýan ediljek Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň üstünde içgin işlemegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap we ýokarda agzalan ugurlaryň wajypdygyna ünsi çekip, göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň deňiz flotuny giňeltmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň daşky gurşawyny goramak, pudagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde deňiz ulagy ulgamynda, Hazar deňziniň ekologik deňagramlylygyny üpjün etmekde hem-de tebigaty goramak bilen baglanyşykly ähli wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýandygyny aýtdy we Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwürde ylym ulgamynyň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça birnäçe işleriň durmuşa geçirilendigini hem-de üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda dünýä ylmynyň işläp taýýarlamalaryny ulanmagyň häzirki günüň wajyp şerti bolup durýandygyna ünsi çekdi we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.07.2023
Maýa goýum strategiýasy — ykdysady galkynyşyň derwaýys şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň oňat we uzak möhletleýin ösüşine niýetlenen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy ähli babatda ösdürmegi nazarlaýan maksatlaryň myrat tapmagy döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň möhüm bölegi bolan maýa goýum strategiýasy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Esasy maliýe serişdelerini çekmek we olary innowasiýalaryň ösdürilmegine, ýokary goşmaça bahaly önümçiliklere, adam maýasyna gönükdirmek bu strategiýanyň wajyp wezipeleridir. 

                                                                   

Maýa goýumlar jemi içerki önümiň umumy ösüşine güýçli täsirini ýetirýär. Olaryň netijeli özleşdirilmegi ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, önümçiligiň gerimini giňeltmäge, ylmy-tehniki ösüşi çaltlandyryp, täze tehnologiýalary kärhanalara ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Önümçiligiň giňelmegi täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, Döwlet býujetine girýän serişdeleriň artmagy bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, ekologik abadançylyk ýaly möhüm ugurlary ösdürmäge şert döredýär. Çünki ylmy-tehniki öňegidişlik, saýlap alan ugrundan kämillige ýeten hünärmenler, ilatyň sagdynlygy we daşky gurşawyň abadanlygy islendik ýurduň durnukly ösüşi üçin zerur bolan wajyp şertlerdir. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty ykdysadyýeti ählitaraplaýyn ösdürmäge mümkinçilik berýär. Watanymyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, ykdysadyýetiň depginli ösmegi, kuwwatly serişde we çig mal binýadynyň bolmagy, emele gelen amatly maýa goýum ýagdaýy, iň esasysy-da, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasaty dünýä ýurtlaryndan uly möçberli maýa goýumlary çekmegiň esasy şertleridir. Milli ykdysadyýetimize goýberilýän maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli ýokarlanmagy bilen birlikde, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy artýar. 2022-nji ýylda ýurdumyzda täze iş orunlarynyň 4 müňe golaýy döredilip, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 76-sy gurlup ulanmaga berildi. Eksport harytlarynyň möçberi bolsa, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 43,6 göterim ýokarlandy. Şeýle görkezijiler geljekki ösüşlere giň ýol açýar. 

                                                                   

Maýa goýumlaryň özleşdirilişi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gysga we uzak möhletleýin ösüş ugruny kesgitleýär. «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ykdysadyýetine 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutuldy. Ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň, 44,4 göterimi bolsa durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Şol serişdeleri özleşdirmegiň hasabyna ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň 1 million 58,5 müň inedördül metrini, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň 23-sini, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek, Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlaryny, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, orta mekdepleriň 15-sini we çagalar baglarynyň 3-sini işe girizmek meýilleşdirildi. Şol wezipeleriň bir bölegi eýýäm berjaý edildi.  

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.  

                                                                   

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda dürli medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryň gurluşygynda işler dowam edýär.  

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzda emele getirilen işewürlik gurşawy önüm öndürijileriň we maýadarlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetiň gaýtadan işleýän pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem senagatyň täze ugurlaryny döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy zawoddyr fabrikleri, önümçilik toplumlaryny ýokary hilli we ekologik taýdan arassa çig mal bilen üpjün etmäge şert döredýär. Şeýle şertlerde geljegi uly taslamalaryň amala aşyrylmagy milli senagatymyzy meýilnamalaýyn esasda okgunly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmäge ýardam edýär.  

                                                                   

Biziň geljekki ösüşlerimiz ýaş nesliň hünär kämilligi, ukyp-başarnygy, işjeňligi bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin giň şertler döredilýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan döwründe ýaş nesliň bilimlerini we başarnyklaryny peýdalanmak aýratyn ähmiýete eýedir. Ýaşlar telekeçiligini ösdürmek üçin döredilýän kanunçylyk binýady we bu ugra goýberilýän maýa goýum serişdeleri işewürligiň innowasion ösüşine, önümçilige täzeçil çözgütleriň ornaşdyrylmagyna, milli önümleriň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna itergi berer. 

                                                                   

Watanymyzyň gülläp ösüşi we halkymyzyň bolelin ýaşaýşy ýurdumyzyň ykdysadyýet, senagat, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ugurlarda bäsdeşlige ukyplylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilmegi we çuňňur oýlanyşykly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi degişli ugurlarda uzak geljegi nazarlaýan ösüşi gazanmakda esasy şertlerdir.  

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

24.07.2023
Türkmenistan — Koreýa: parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Paýtagtymyzyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary mähirli garşylanyldy. 

                                                                   

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän ýeri bolan Maslahat köşgüne geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler. 

                                                                   

Maslahat köşgüniň “Deňiz han” otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň ikiçäk duşuşygy boldy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz çakylygy kabul edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Milli Liderimiz özüniň geçen ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridigini belläp, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň baýram ediljekdigini aýtdy we myhmany guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen döwlet bolup durýar. Koreýa Respublikasynyň bu ugurda degişli Kararnamalary goldandygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz munuň üçin dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna öz minnetdarlygyny beýan etdi. 

                                                                   

Şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini belläp, Milli Liderimiz ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar üçin oňyn mümkinçilikdigini aýtdy. Bu bolsa Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly esasda, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilmegine zerur üns berilýär. Munuň özi syýasy-diplomatik ugurda ýola goýulýan hyzmatdaşlykda parlament diplomatiýasynyň ornunyň pugtalanýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunda öňdebaryjy koreý işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilmegine zerur üns berilýär. 

                                                                   

Ikiçäk duşuşygyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo, öňi bilen, türkmen topragyndaky myhmansöýerlik we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin wekiliýetiň agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Kim Çžin Pýo Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine, ýeten derejesine uly gyzyklanma bilen syn edilýändigini belläp, öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrýarlar. 

                                                                   

Şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhman iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

 Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol we Milli Assambleýanyň Başlygy bilen geçirilen duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine aýratyn itergi berendigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola özüniň gyzgyn salamyny we çuňňur hormaty baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi we şu günki duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmek hem-de güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçiligi döredýändigini belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýändigini belläp, Arkadagymyz ýurdumyzyň we Koreýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen bagly başlangyçlaryna we tekliplerine özara goldaw berýändiklerine ünsi çekdi. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn hem ählumumy derejede däl, eýsem, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň çäklerinde-de özara gatnaşyklary berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigi bellenildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Seulda geçirilen duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin parlament diplomatiýasynyň ornuny güýçlendirmek we “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” parlamentara forumyny döretmek barada pikir alşylandygyny aýdyp, Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirmek baradaky pikiriň doly goldanylýandygyny belledi. 

                                                                   

Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşjakdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz forumyň dowamynda Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi we koreý tarapynyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Ikinjiden, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň parlament wekilleriniň aragatnaşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sentýabr aýynda Seulda geçiriljek forumynyň çäklerinde Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi. 

                                                                   

Üçünjiden, söwda-ykdysady, energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Milli Liderimiz koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp baran ýokary hilli işleri bilen özlerini gowy tarapdan görkezendiklerini kanagatlanma bilen belledi. Şunda «Hyundai Engineering» we «LG International» kompaniýalarynyň «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça guran desgalaryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy maliýeleşdirildi we guruldy. 

                                                                   

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň gaz we gazhimiýa pudaklarynda hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. Türkmenistan Koreýa bilen ulag ugrunda-da işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda türkmen tarapy koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, koreý kompaniýalary Türkmenistanda dürli ugurlarda amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşyp bilerler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Dördünjiden, medeni-ynsanperwer ugurda hem örän köp işler amala aşyrylýar. Bu babatda 2008-nji ýylyň sentýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili bölüminiň, 2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwrenmek boýunça bilim merkeziniň açylandygyny görkezmek bolar. Her ýyl Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda koreý ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýaşlaryň arasynda açyk bäsleşigi geçirýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ornuna ýokary baha berýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini has ýokary derejede durmuşa geçirmekleri bilen baglanyşykly meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigini aýtdy. Bu babatda 2024-nji ýylda Türkmenistanda häzirki zaman «akylly» şäher gurluşygy boýunça türkmen we koreý ýaşlarynyň jemgyýetçilik başlangyçlary forumyny hem geçirmegi teklip edýärin. Biziň lukmançylyk ugrunda-da uly mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň bilen baglylykda, geljekde Türkmenistanda Adaty koreý lukmançylyk merkezini açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Sportuň türkmen-koreý ynsanperwer gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Milli Liderimiz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çäklerinde ikitaraplaýyn bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmegiň we Aziýa yklymynda iri sport çärelerini geçirmek boýunça bilelikde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanlarynyň, parlament we Hökümet derejelerinde yzygiderli guralýan özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge ýardam berýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklaryny belledi. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň uly goşandy bar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlugy, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge berýän şahsy ünsi üçin oňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen şu günki netijeli duşuşyk üçin sagbolsun aýtdy hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has ynamly we durnukly esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Soňra Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo resmi sapar bilen gelmek barada iberilen çakylyk hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki duşuşygyň iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady. Şeýle hem ol ruhy-medeni mirasyň umumylygynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýyl Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze sahypany açandygyny aýdyp, myhman bu gezekki duşuşyklaryň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Gahryman Arkadagymyzy ählihalk tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi bilen gutlady we uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde diňe bir söwda-ykdysady däl, eýsem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürýändigini belläp, myhman öz ýurdunda türkmen halkynyň medeniýetine we diline uly gyzyklanma bildirilýändigini aýratyn nygtady. Bu bolsa ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça oňyn tejribe toplanmagynyň baş şertini emele getirýär. 

                                                                   

Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işleri alyp barmaklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanda gaz we gazhimiýa pudaklarynda amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga meýillidikleri bellenildi. 

                                                                   

Kim Çžin Pýo koreý işewür düzümleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy ak mermerli Aşgabadyň özboluşly gözelliginiň haýran galdyrýandygyny belläp, şäheriň häzirki zaman talaplaryna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk desgalarynyň bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigini aýtdy. Mundan başga-da, 2030-njy ýylda Koreýa Respublikasynda “EKSPO — 2030” Bütindünýä sergisini geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin türkmen tarapyna öz hoşallygyny beýan etdi. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy iki dostlukly halkyň ruhy we medeni umumylyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigini aýtdy. Milli Liderimiz myhmany bu ýokary sylag bilen gutlap, oňa we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryna berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Koreýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz duşuşyga gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo “Bitaraplyk” ordenini gowşurdy. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy ýokary döwlet sylagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeniniň özüni täze ýeňişlere ruhlandyrýandygyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda jogapkärçiligini artdyrýandygyny belledi, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Bu ýerde taryhy ähmiýetli wakanyň hormatyna iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary bilen ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy. Şeýle hem belent mertebeli myhmany sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar Maslahat köşgüniň “Oguz han” otagy bilen tanyşdylar. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Maslahat köşgüniň dürli derejedäki mejlisleri geçirmek üçin niýetlenen otagynyň binagärlik we bezeg aýratynlyklarynyň, onda forumlary hem-de maslahatlary geçirmek üçin döredilen şertleriň, otagyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini belläp, onuň gurluşygynda, bezeg işlerinde ulanylan serişdeleriň derejesine ýokary baha berdi. 

                                                                   

 Soňra Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, mähirli hoşlaşdylar. 

                                                                   

 Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň Türkmenistana sapary dowam edýär.

21.07.2023
Ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy — ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň möhüm şerti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. 

                                                                   

Şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, täze önümçilikleri işe girizmegiň hasabyna toplumyň mümkinçiligini artdyrmak üçin zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmek arkaly pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary işjeň ornaşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak möhümdir. Watanymyz ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyrmak üçin olary tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň emele gelmeginde, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde we energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynda düzüminde elektroenergetika, gaz, nebit pudaklarynyň üstünlikli hereket edýän ýangyç-energetika toplumynyň wajyp orny bardyr. Soňky ýyllarda elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwaty artdy we tebigy gazda işleýän, iň täze tehnologiýalary özünde jemleýän hem-de döwlet energiýa paýlaýjy ulgamyna girýän döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi hereket edýär. 

                                                                   

Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýän gaz pudagy, şol bir wagtda, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Häzirki döwürde bu pudakda tebigy gazyň täze gorlaryny gözlemek we özleşdirmek, taýýar önümi ibermäge, saklamaga, gaýtadan işlemäge, taýýar ýangyçlary sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilikde öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Bu pudak tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Çig maly gaýtadan işlemekde ulanylýan ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak gaz senagaty pudagynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Gazylyp alynýan nebitiň möçberini artdyrmak maksady bilen, nebit känlerini abatlamak, pudagyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Nebitiň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylmagy senagatda iň häzirki zaman enjamlaryň we beýleki tehnologik täzelikleriň ulanylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Önümçiligiň möçberini artdyrmak, öndürilýän önümiň görnüşlerini giňeltmek we dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň möhüm wezipesi içerki bazary diňe bir ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek bolman, eýsem, nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin çig mal binýadyny döretmekden hem ybaratdyr. 

                                                                   

Nebit, diňe bir ýangyç serişdesi bolman, ol himiýa senagatynyň binýatlaýyn esasyny-da emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli eşikler, aýakgaplar, plastik önümleri we boýaglar öndürilýär. Mundan başga-da, metallurgiýada giňden ulanylýan elektrodiodlary hem nebit serişdelerini ulanmazdan öndürmek mümkin däldir. Şunuň bilen birlikde, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebit gazynyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň, gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçiliklerini ýola goýmakda-da möhüm bolup durýar. 

                                                                   

Ýangyç-energetika toplumynda ýokary ösüşleriň gazanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat-innowasion ösüşini çaltlandyrmaga ýardam berýär, Türkmenistan halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde ornuny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligiň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrylmagy, energiýa serişdelerini ugratmakda köpugurly turba geçiriji ulgamyň döredilmegi wajyp wezipeleriň biridir. 

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe döwletleri Durnukly ösüş maksatlarynyň ilkinji wezipeleriniň hatarynda ekologik meseleleri özleriniň gün tertibinde esasy orna çykarýarlar. Şonuň üçin-de, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek babatda döwrebap enjamlary satyn almak üçin täze maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri işe girizmek Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlardyr. 

                                                                   

Ekologik ölçegleri öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary ekoulgama aýawly çemeleşmek we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak arkaly innowasion ösüşi işjeňleşdirmegi we daşky gurşawy geljekki nesiller üçin goramagy maksat edinýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunda daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar. 

                                                                   

Ekologik talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir. Türkmenistan Ýer ýüzünde öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde energetika howpsuzlygy meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär. Ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran wezipeleri çözmekde daşary ýurt maýa goýumlaryny, tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp baryp, ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Munuň şeýledigine guralýan maslahatlar we duşuşyklar, şol sanda şu ýylyň 26-njy aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly hem görkezildi. Foruma ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz, işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşdylar. Bu forum dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary “Açyk gapylar”, deňhukukly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alyşmak hem-de teklipleri öwrenmek üçin ajaýyp meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Göçme maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilen halkara maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň ösüşi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmäge degişli taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda özara hereketleriň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Ileri tutulýan wezipeleri çözmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän orny aýratyn bellenildi. 

                                                                   

Ýurdumyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşişi hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy bilen, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir. Özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga ukyply döwlet hökmünde Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan döwletler, iri kompaniýalar, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy. 

                                                                   

Diýarymyzyň nebitgaz pudagynyň we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ussat hünärmenleriniň bellemeklerine görä, daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleriniň ýurtdaky ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň durnuklylygyndan, degişli kanunçylyk binýadynyň bolmagyndan ybaratdyr. Bu ýere ýygnananlar milli nebitgaz pudagynyň gazanan üstünlikleri, ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy. Forumda Türkmenistanyň tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge ähmiýet berip, energiýa serişdelerini iri iberiji hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, energetika serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işe özüniň gatnaşmagynyň häsiýetini hil taýdan özgerdýändigi bellenildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, gaz geçirijileriniň kuwwatyny artdyrmak, täze ýataklaryň işe girizilmegi, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän, şol sanda, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudagyna, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary, gaz gysyjy desgalary, her welaýatda täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda, polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinilhlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürýän iri senagat kärhanalaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Şunda ekologik ýagdaýa aýratyn ähmiýet berler. 

                                                                   

Türkmenistan sanly tehnologiýalar, häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi arkaly nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän, geljekde uly mümkinçilikleri bolan senagat, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny we iri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi işjeňleşdirýän döwrebap toplumlary gurup, dünýä bazaryna energiýa serişdelerini eksport etmekde ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrar. Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň iri uglewodorod ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlaglary geçirmek, gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlaryny 3D usulda modelirlemegiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Nebitgaz ýataklarynda ulanylýan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, buraw işlerini güýçlendirmek, täze, ýokary netijeli we ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, nou-haulara esaslanýan önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şunda çig maly çykarmakdan, gaýtadan işlemekden, önüm öndürmäge, bäsdeşlige ukyply ýokary goşmaça bahaly önümi ýerlemäge çenli doly tehnologik halka dörediler. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde, gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljekki ösüş meýilnamalary ekologik ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda tebigy serişdeler rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak barada yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy baradaky meseleler boýunça möhüm halkara başlangyçlar durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini çykarmakda ekologik töwekgelçilikleri azaltmaga, önümçilik tapgyrlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, häzirki zaman dolandyryş çözgütlerini ulanmak üçin halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygy aýratyn bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda şeýle işler oňyn netijelerini berýär. Bu babatda döwletimiz degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretdi. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldawa eýe bolup, energiýa serişdeleriniň öndürilmegi bilen birlikde, olaryň üstaşyr iberilmegi hem-de ulanylmagy ýaly ulgamlary gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda BMG-niň kabul eden Kararnamalary bilen berkidildi. 

                                                                   

Şeýle hem forumda iri nebitgaz kompaniýalarynyň bilermenleri bu ulgamdaky täze işläp taýýarlamalaryň tanyşdyrylyşlary bilen çykyş edip, «ýaşyl» energetika tehnologiýalarynda tejribeleri we täze ylmy işläp taýýarlamalary, innowasion taslamalary bilen çykyş etdiler. 

                                                                   

Ýakyn ýyllarda nebitgaz pudagy boýunça möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, Watanymyzyň ösüşini we abadançylygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyny üpjün eder. 

                                                                                                           

(TDH)

21.07.2023
Bagtyýarlygyň belent sepgitleri

Üstümizdäki ýylyň alty aýy tamamlandy. Diýmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bellenilen möhletiň ýarysy yzda galdy. Eýsem, geçen döwürde nähili işlenildi, nähili netijeler gazanyldy? Şu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçiren giňişleýin mejlisinde jikme-jik durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň netijeli ösdürilendigini we hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime barabar bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagyna welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşdular. 

                                                                   

Has takygy, geçen hasabat döwründe welaýatymyzda öndürilen senagat önümleriniň möçberi hereket edýän nyrhlarda 10 milliard 967,2 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň ýanwar ― iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende senagat önümleriniň öndürilişiniň artyş depginleri elektrik energiýasy, nah matalar, çig ýüpek, çörek we çörek önümleri we beýleki görnüşler boýunça bellenildi. Geçen alty aýda senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 2 milliard 904 million manada golaý boldy, şol harytlaryň umumy möçberiniň 70,8 göterimi ýurduň daşyna ugradyldy. Şeýle-de şu ýylyň tamamlanan alty aýynda sarp ediş harytlarynyň öndürilişi 2 milliard manada golaý bolup, şonuň döwlete degişli bölegi 279,6 million manat boldy. Bu görkezijiler senagat önümçiliginde hem hususy önüm öndürijileriň paýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Bedew batly ösüşleri üpjün etmekde, ilatyň ýaşaýşynyň täze hil derejesini gazanmakda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagy örän möhüm orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu pudak düýpli özgerişlere eýe boldy. Hut biziň welaýatymyzda hem häzirkizaman önümçilik desgalarynyň birnäçesi üstünlikli işe girizildi. Olara «Lebap» we «Watan» döwlet elektrik stansiýalary, Seýdiniň durky düýpli täzelenen ýylylyk elektrik merkezi degişlidir. Bu desgalarda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň sarp edijilerini-de elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek wezipesiniň üstünlikli çözülmegine saldamly goşant goşulýar. Şu ýylyň geçen aýlarynda welaýatymyz boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne görä 17,7 göterim artyş depgini üpjün edildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe pagta süýüminiň 40,4 müň tonnasy, çig ýüpegiň 51,8 tonnasy, nah matalaryň 36,1 million manatlygy, gaplanan miweleriň we gök önümleriň 25 million 899,6 müň şertli gaby, çörek we çörek önümleriniň 98,7 müň tonnasy öndürildi hem-de bu görkezijiler boýunça geçen ýylyň degişli döwründen artyş depgini üpjün edildi.  

                                                                   

Welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleri ýurdumyzyň okgunly ösmegi, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrundaky göreşiň öň hatarlarynda bolýarlar. Olar şanly ýylyň birinji ýarymyny hem gowy görkezijilere beslediler. Geçen döwürde welaýatymyzyň ähli hojalyklary boýunça gök önümleriň 47,6 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 15,1 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 14,5 müň tonnasy, ýeralmanyň 74 müň tonnasy öndürildi. Bu netijeler hem geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründen ýokarydyr.  

                                                                   

Lebaply maldarlar önüm bolçulygyny döretmek işiniň öň hatarlarynda bolýarlar. Olar tarapyndan häzirki wagtda iri şahly mallaryň 556,5 müň başy, dowarlaryň 2 million 932,5 müň başy, guşlaryň 4 million 258,7 müň başy, düýeleriň 5,9 müň başy, gylýallaryň hem 2,8 müň başy idedilýär. Olara göreldeli ideg etmegiň hasabyna şu ýylyň geçen alty aýynda welaýatymyzyň ähli hojalyklary boýunça etiň 68,3 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 303 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 117,4 million sanysy öndürildi. Bu zerur önümleriň aglaba böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir.  

                                                                   

Ýurdumyzda nygmat bolçulygynyň döredilmegini gazanmakda oba adamlaryna döwletimiz tarapyndan giň goldaw, ýakyndan hemaýat berilýär. Döredilýän salgyt we beýleki ýeňillikler zähmetkeşleri has yhlasly we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Olar iş depginlerini birjik-de gowşatman Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinip, barha gaýratly zähmet çekýärler. 

                                                                   

Hawa, şanly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý ýylyň alty aýy üstünlikli tamamlandy. Geçen döwürde eýelenilen sepgitler, gazanylan netijeler tutuş ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň Hökümet mejlisinde kesgitlän wajyp wezipeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy ata Watanymyzy gülläp ösüşlere, ilatyň ýaşaýşyny bolsa abadançylyga beslär.  

                                                                                                           

Mämmetgylyç KÜTIÝEW

21.07.2023
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklar

Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri amala aşyrmak we ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuk borçlanmalarynyň ykrar edilmegini, goralmagyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.  

                                                                   

Kanuny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk döredildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde gullugyň müdirlikleri hem-de welaýatlardaky şäherlerde we etraplarda gullugyň ýerli edaralary döredildi. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny şol emlägiň ýerleşýän ýerindäki gullugyň ýerli edaralary amala aşyrýarlar. 

                                                                   

Gozgalmaýan emlägiň obýekti — bu bellenilen çäkleri bolan hem-de fiziki we ýuridik şahslaryň eýeçiliginde ýa-da peýdalanmagynda durýan ýer bölegi, bina, desga, gurluşygy tamamlanylmadyk obýektler, ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlar, emläk toplumy hökmünde kärhanalar, emläk toplumynyň düzümine girýän gozgalmaýan emläkler ýa-da gozgalmaýan emlägiň başga obýektleri bolup durýar. 

                                                                   

Eýeçiligiň döwlet tarapyndan ykrar edilmegi üçin, Raýat kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, gozgalmaýan emläge bolan ähli hukuklar we onuň bilen bagly geleşikler, ýagny eýeçilik hukugy; hojalygy ýörediş hukugy; operatiw dolandyryş hukugy; ýer bölegine mirasa goýmak hukugy bilen eýelik etmek hukugy; ynançly dolandyrmak hukugy; ýer böleginiň ýa-da binanyň, desganyň, üzňeleşdirilen jaýyň bäş ýyldan köp möhlet bilen kärende (kireý) hukugy; ýer bölegini hemişelik peýdalanmak hukugy; ipotekadan ýüze çykýan hukuklar; serwitutlar; döwlet emlägi döwletiň eýeçiliginden aýrylanda we hususylaşdyrylanda gozgalmaýan emläk babatda bellenilýän hukuklar we borçlanmalar; kazyýet edaralarynyň çözgütlerinden gelip çykýan hukuklar, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda başga hukuklar we hukuklaryň borçlanmalary bellenilen tertipde bellige alynmalydyr. 

                                                                   

Gullugyň esasy wezipesi, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ýer böleklerine, binalara, desgalara, gurluşygy tamamlanmadyk obýektlere, ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlara, emläk toplumlary hökmündäki kärhanalara, emläk toplumynyň düzümine girýän gozgalmaýan emläklere bolan hukuklary we olar bilen bagly raýat-hukuk geleşikleri bellige almakdan, ýagny bu babatda ýurt boýunça döwlet sanawyny emele getirmekden ybarat bolup durýar. 

                                                                   

Döwlet tarapyndan bellige almagyň amala aşyrylmagy üçin fiziki we ýuridik şahslar gozgalmaýan emlägiň obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça gullugyň ýerli edaralaryna degişli arza bilen ýüz tutmalydyr. Fiziki şahs özüniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, ýuridik şahsyň wekili bolsa ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamalaryny, şeýle hem özüniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny we onuň bu ýuridik şahsyň adyndan hereket etmäge ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamasyny görkezmelidir. Arzanyň ýanyna gozgalmaýan emläge degişli kybaplaşdyryş maglumatlary özünde jemleýän resminamalar, şeýle hem döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin esas bolup durýan resminamalar, ýagny satyn almak-satmak, alyş-çalyş, sowgat etmek, girew, muzdsuz göni bermek şertnamasy we beýleki şertnamalar; ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda, ol amala aşyrylan pursadynda, hereket eden kanunçylyga laýyklykda amala aşyrylan namalar (şahadatnamalar); mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama we beýlekiler goşulmalydyr. 

                                                                   

Gozgalmaýan emläge bolan hukugyň borçlanmasynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy diňe hukuklaryň Döwlet sanawynda bu gozgalmaýan emläge bolan öň ýüze çykan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň barlygy mahalynda mümkindir. Döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň amala aşyrylmagy üçin berilýän resminamalar arza beriji tarapyndan döwlet bellige alyjysyna berilmelidir. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet tarapyndan bellige alynmagy döwlet tarapyndan bellige almak üçin zerur bolan arzanyň we resminamalaryň berlen gününden başlap, bir aý möhletden gijä galman amala aşyrylýar. 

                                                                                                           

Oguljemal GARLYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.

20.07.2023