Bagtyýarlygyň belent sepgitleri

Üstümizdäki ýylyň alty aýy tamamlandy. Diýmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bellenilen möhletiň ýarysy yzda galdy. Eýsem, geçen döwürde nähili işlenildi, nähili netijeler gazanyldy? Şu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçiren giňişleýin mejlisinde jikme-jik durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň netijeli ösdürilendigini we hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime barabar bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagyna welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşdular. 

                                                                   

Has takygy, geçen hasabat döwründe welaýatymyzda öndürilen senagat önümleriniň möçberi hereket edýän nyrhlarda 10 milliard 967,2 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň ýanwar ― iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende senagat önümleriniň öndürilişiniň artyş depginleri elektrik energiýasy, nah matalar, çig ýüpek, çörek we çörek önümleri we beýleki görnüşler boýunça bellenildi. Geçen alty aýda senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 2 milliard 904 million manada golaý boldy, şol harytlaryň umumy möçberiniň 70,8 göterimi ýurduň daşyna ugradyldy. Şeýle-de şu ýylyň tamamlanan alty aýynda sarp ediş harytlarynyň öndürilişi 2 milliard manada golaý bolup, şonuň döwlete degişli bölegi 279,6 million manat boldy. Bu görkezijiler senagat önümçiliginde hem hususy önüm öndürijileriň paýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Bedew batly ösüşleri üpjün etmekde, ilatyň ýaşaýşynyň täze hil derejesini gazanmakda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagy örän möhüm orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu pudak düýpli özgerişlere eýe boldy. Hut biziň welaýatymyzda hem häzirkizaman önümçilik desgalarynyň birnäçesi üstünlikli işe girizildi. Olara «Lebap» we «Watan» döwlet elektrik stansiýalary, Seýdiniň durky düýpli täzelenen ýylylyk elektrik merkezi degişlidir. Bu desgalarda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň sarp edijilerini-de elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek wezipesiniň üstünlikli çözülmegine saldamly goşant goşulýar. Şu ýylyň geçen aýlarynda welaýatymyz boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne görä 17,7 göterim artyş depgini üpjün edildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe pagta süýüminiň 40,4 müň tonnasy, çig ýüpegiň 51,8 tonnasy, nah matalaryň 36,1 million manatlygy, gaplanan miweleriň we gök önümleriň 25 million 899,6 müň şertli gaby, çörek we çörek önümleriniň 98,7 müň tonnasy öndürildi hem-de bu görkezijiler boýunça geçen ýylyň degişli döwründen artyş depgini üpjün edildi.  

                                                                   

Welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleri ýurdumyzyň okgunly ösmegi, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrundaky göreşiň öň hatarlarynda bolýarlar. Olar şanly ýylyň birinji ýarymyny hem gowy görkezijilere beslediler. Geçen döwürde welaýatymyzyň ähli hojalyklary boýunça gök önümleriň 47,6 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 15,1 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 14,5 müň tonnasy, ýeralmanyň 74 müň tonnasy öndürildi. Bu netijeler hem geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründen ýokarydyr.  

                                                                   

Lebaply maldarlar önüm bolçulygyny döretmek işiniň öň hatarlarynda bolýarlar. Olar tarapyndan häzirki wagtda iri şahly mallaryň 556,5 müň başy, dowarlaryň 2 million 932,5 müň başy, guşlaryň 4 million 258,7 müň başy, düýeleriň 5,9 müň başy, gylýallaryň hem 2,8 müň başy idedilýär. Olara göreldeli ideg etmegiň hasabyna şu ýylyň geçen alty aýynda welaýatymyzyň ähli hojalyklary boýunça etiň 68,3 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 303 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 117,4 million sanysy öndürildi. Bu zerur önümleriň aglaba böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir.  

                                                                   

Ýurdumyzda nygmat bolçulygynyň döredilmegini gazanmakda oba adamlaryna döwletimiz tarapyndan giň goldaw, ýakyndan hemaýat berilýär. Döredilýän salgyt we beýleki ýeňillikler zähmetkeşleri has yhlasly we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Olar iş depginlerini birjik-de gowşatman Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinip, barha gaýratly zähmet çekýärler. 

                                                                   

Hawa, şanly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý ýylyň alty aýy üstünlikli tamamlandy. Geçen döwürde eýelenilen sepgitler, gazanylan netijeler tutuş ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň Hökümet mejlisinde kesgitlän wajyp wezipeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy ata Watanymyzy gülläp ösüşlere, ilatyň ýaşaýşyny bolsa abadançylyga beslär.  

                                                                                                           

Mämmetgylyç KÜTIÝEW