Täzelikler
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragygynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy
06.07.2024
USAID maksatnamasy tarapyndan gurnalan ykdysady okuw Aşgabatda geçirilýär

Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagyna taýýarlyk bilen baglanyşykly ykdysatçylar üçin okuw kursy geçirilýär.

Bu okuw, Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak üçin işjeň işleýänligi sebäpli, Türkmenistandaky ykdysatçylar üçin niýetlenendir. USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň goldawy bilen gurnalan bu üç günlük seminar, gatnaşyjylary halkara söwda syýasatynyň esasy düşünjeleri, tejribeleri we durmuşa geçirilmegi, şeýle hem dürli ugurlar bilen tanyşdyrmak, Hasaplama umumy deňagramlylygy (Computable General Deilibrium Modeling) modellemäge aýratyn üns bermek üçin döredildi. Seminara çagyrylan hünärmen ABŞ-nyň Kolorado uniwersitetinden Ykdysadyýet ylymlarynyň doktory Maýls Laýtdyr.

-Tanyşdyryşlar, halkara bazarlarynda islegiň, üpjünçiligiň we bahalaryň özüni alyp barşyny beýan edýän adaty deňagramlylyk ykdysady nazaryýetiniň düşündirişini, halkara söwda syýasatynda CGE modelleriniň ulanylyşynyň mysallaryny öz içine alýar. CGE modellemekde amaly tejribe almak üçin birnäçe “maketlar” maşk hökmünde ulanylar diýip, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň BSG bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Ylham Ýaraşow düşündirdi.

-Seminaryň ahyrynda has çylşyrymly söwda nazaryýeti we modelleri hödürlener. Gatnaşýanlara kompýuter simulýasiýalaryny ulanyp söwda we ykdysady meseleleri derňemek we seljermek üçin belli söwda modelleri we giňişleýin maglumatlar toplumy berler.

Kurs programma üpjünçiligi bilen işlemegi we ykdysady synaglary we amaly sapaklary geçirmegi öwrenmek boýunça interaktiw leksiýalar we topar bölümleri görnüşinde geçirilýär.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hünärmenlerinden başga-da, bu treýninge Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Adalat ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty minstrliginiň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň we “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň wekilleri gatnaşdylar.

2021-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan BSG-a goşulmak üçin ýüz tutdy, 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG ministrler maslahatynda biragyzdan tassyklandy we ýurda “agzalyga kabul edilýän ýurt” (işjeň synçy) derejesi berildi. Türkmenistanyň daşary söwda işi baradaky Ähtnamany taýýarlamak işi häzirki wagtda ýurduň degişli ministrlikleri we pudak edalary bilen, işjeň hyzmatdaşlyk, şeýle hem tehniki kömegiň dürli taraplary boýunça halkara guramalarynyň we maliýe guramalarynyň goldawy talamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýurduň BSG-ä agzalygyna kabul edilmeginde ýene bir hyzmatdaşlaryň biri bu seminaryň guramaçysy hökmünde çykyş eden ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi – USAID-dyr. Orient Link: https://orient.tm/tm/post/73571/asgabatda-turkmenistanyn-bsg-na-gosulmagyna-tayyarlyk-bilen-baglanysykly-ykdysatcylar-ucin-okuw-kursy-gecirilyar

04.07.2024
Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) Institutynyň direktory wezipesiniň boş iş orny barada bildiriş.

Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) Institutynyň direktory wezipesiniň boş iş orny barada bildiriş.

 

Direktor CAREC institutynyň ýolbaşçysy bolup, CAREC institutynyň Dolandyryş geňeşine hasabat berýär.

Direktor wezipesine kesgitlenen 2 ýyllyk möhlet bilen bellenilýär (2024-nji ýylyň noýabryndan 2026-njy ýylyň noýabryna çenli). CAREC institutynyň ştab-kwartirasy Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Urumçi şäherinde ýerleşýär.

CAREC instituty ABŞ-nyň dollarynda tölenilýän, halkara derejesinde bäsdeşlik edýän aýlyk haklaryny, ýeňillikieri we kompensasiýa paketlerini hödürleýär.

Dalaşgärler Türkmenistanyň raýatlary bolmalydyr.

Dalaşgärler resmi hatyň ýany bilen arzasyny we öz şahsy maglumatlaryny 6.4min@fineconomic.gov.tm elektron poçtasyna iberip bilerler.

Arzany “CAREC institutynyň direktory wezipesine dalaşgär bolmak” diýip belläň. Arzalar 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyna Türkmenistanyň wagty bilen 17:00 çenli iňlis dilinde ýazmaça görnüşinde tabşyrylmalydyr.

Arzalar seredilenden soň , iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.

CAREC instituty deň mümkinçilikli edara bolup, bu wezipä dalaşgär hökmünde aýal-gyzlaryň ýüz tutmagyny hem höweslendirýär.

Habarnama diňe saýlanan dalaşgärlere ugradylar.

Bu wezipä ýüz tutmak üçin salgylanma şertlerini we ýazmaça soraglary aşakdaky baglanyşyk arkaly ýükläp bilersiňiz.

Almak üçin şu ýere basyň

01.07.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.07.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Özbegistanda häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine, iki döwletiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna buýsanylýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny, deňhukuklylyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistan we Özbegistan halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändikleri tassyklanyldy. Syýasy partiýalaryň we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitleriň derejesinde göni gatnaşyklary, özara alyşmalary höweslendirmäge taraplaryň taýýardygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny, halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryny aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň goňşy ýurtda-da giňden bellenilýändigi hem-de özbek sungat ussatlary tarapyndan türkmen söz ussady barada düşürilen kinofilm üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň, taryhy kökleriniň umumylygynyň aýdyň beýanydyr.

Doganlyk döwletiň Lideri hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýändigini aýtdy we geljekde-de ony pugtalandyrmak üçin zerur tagallalary etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

29.06.2024