Habarlar
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi. 

                                                                   

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan eden Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň sport-bedenterbiýe we sagaldyş hereketini, bu ulgamda döwletleriňdir halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde, jemgyýetde ekologik medeniýeti kemala getirmekde eýeleýän öňdebaryjy ornuna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändiginiň subutnamasydyr. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri” diýlip atlandyrylan ösüşiň häzirki tapgyrynda halkyň, ozaly bilen, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramagy ilkinji derejeli möhüm wezipe hökmünde kesgitlän döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegini uzak möhletleýin umumymilli strategiýa hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, türgenleşik zallary hem-de zerur bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilen beýleki ugurdaş desgalar bina edildi we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Türgenleri, hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň, ýaryşlary geçirmegiň usulyýetleri kämilleşdirildi. Türkmenistanda Halkara Olimpiýa Komiteti hem-de beýleki sport federasiýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda welosiped sporty işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzda guralýan iri sport ýaryşlary, türkmen türgenleriniň abraýly halkara bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Häzirki wagtda milli sportuň iň başarnykly wekilleri watandaşlarymyzy iri dünýä ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri bilen begendirip gelýärler. 2021-nji ýylda türkmen sportunyň taryhyna täze aýdyň sahypa ýazyldy — Ýaponiýada geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ilkinji Olimpiýa kümüş medaly gazanyldy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda-da türkmen türgenleri täze ýeňişleri gazanýarlar. Olary sylaglamak dabaralarynyň geçirilmegi türgenleriň ýaş nesliniň ýurdumyzyň sportuny ösdürmäge hem-de Watanymyzyň halkara sport giňişliginde abraýynyň belende göterilmegine goşýan goşantlarynyň ykrarnamasydyr. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli ýaşdaky we dürli hünärlerde zähmet çekýän watandaşlarymyzyň müňlerçesini jebisleşdirýän köpçülikleýin sport çäreleriniň, bag ekmek dabaralarynyň, welosipedli ýörişleriň, jemgyýetçiligi ekologik talaplary berjaý etmekde jogapkärçiligi duýmaga çagyrýan “awtoulagsyz günleriň” yzygiderli geçirilmeginiň däbe öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň ýaly çäreler ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologik abadançylygyň ýokarlandyrylmagyna hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy diňe bir şu günki wakanyň derejesini artdyrmak bilen çäklenmän, milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň ähmiýetini ýokarlandyrýar, beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň kämil milli ulgamyny kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň subutnamasyna öwrülýär. 

                                                                   

...Ir bilen çärä gatnaşyjylaryň müňlerçesi welosipedlerde Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygyna ýygnandylar. Bu ýerde Aşgabadyň binagärlik keşbine bezeg berýän “Welosiped” binasy ýerleşýär. 

                                                                   

Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badalga beriljek ýerine hormatly Prezidentimiz gelýär. Sport baýramçylygyna gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz artistleriň we tans toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny synlaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, belent sport ruhuny wasp edýän, täze ýeňişlere çagyrýan joşgunly aýdymlardyr goşgular ýaňlanýar. Orkestriň sazy uzaklara ýaň salyp, dabara aýratyn öwüşgin çaýýar. 

                                                                   

 Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, hataryň öňüni çekdi. 

                                                                   

Welosipedli ýörişler dünýäniň dürli ýurtlarynda durmuş, sport we ekologik taslamalary hem-de başlangyçlary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biridir. Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dost-doganlygyň ilçisi hökmünde sportuň giň mümkinçiliklerini açyp görkezýän halkara baýramdyr. 

 Türkmenistanda welosiped sportunyň taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň döredilmeginden başlanýar. Şondan bir ýyl soňra, sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlar guralypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda bir asyrlyk taryhy bolan sportuň bu gyzykly görnüşi uly ösüşe hem-de täze many-mazmuna eýe boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna bu künjekleriň gözelligini synlady. Tomus säheriniň tämiz howasy, gök begrese bürenen Köpetdagyň etekleriniň haýran galdyryjy görnüşleri ruhubelentlik eçilip, unudylmajak täsirleri bagyşlaýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, bag nahallarynyň dürli görnüşleri ekilip, tokaý zolaklary döredilýär. Bu bolsa daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramagyň we oňa aýawly garamagyň döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de wise-premýer A.Ýazmyradowa birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Türkmen tebigaty gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanýar. Onuň täsin görnüşleri barha gözel keşbe girýän ak mermerli Aşgabadyň binagärlik toplumlary bilen sazlaşýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, belent başly edara binalarynyň we beýleki maksatly desgalaryň tutuş toplumlary guruldy. Aşgabady “Seýilgähler şäheri” diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyzyň ýaşyl zolaklary hem-de dürli öwüşginli gülleri göwnüňi göterip, gün-günden ösýän şäherimiziň ekologik abadançylygyny saklamaga ýardam berýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gözel paýtagtymyzyň seýilgählerini hem-de seýil baglaryny kadaly ýagdaýda saklamak, şäherde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamalydygyny belledi we bu babatda wise-premýer B.Annamämmedowa degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Bu ugurda geçirilýän işler dynç alýanlaryň, şol sanda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerine maşgala bolup çykýanlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmegi, tebigatyň gözel künjeklerinde gezelenç etmekleri üçin mümkinçilikleri döretmek babatda-da möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýan welosipedi peýdalanmak maksadalaýykdyr. Mundan başga-da, welosipedde gezelenç etmek syýahatçylygyň has giň ýaýran görnüşleriniň biridir. Ýurdumyzda işjeň durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. 

                                                                   

Ösüp barýan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär başarnyklaryny we zehinini ulanyp bilmegi, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu ugurda giň möçberli işleri alyp barýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk türkmenistanlylar üçin sowgatlary almaga serişdeler bölünip berildi. Ozal habar berlişi ýaly, 1-nji iýunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk çäreleri geçirilip, olaryň dowamynda çagalara, şol sanda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygyndaky welosipedçiler kerweni Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen paýtagtymyzyň merkezine tarap ýoluny dowam etdirdi. Ýolugra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we çärä gatnaşyjylary estrada aýdymçylary, döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary bilen mübäreklediler. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňler toparlarynyň agzalary — tansçylar, sazandalar we aýdymçylar bar. Welosipedli ýörişe gatnaşýanlary aýdyma goşulyp, sportuň dürli görnüşlerini görkezýän talyp ýaşlar hem goldaýarlar. “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen we dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň biri bolan paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi haýran galdyrýar. Ýene-de birnäçe ýyldan onuň demirgazyk böleginde “şäher içindäki şäher” ýörelgesi esasynda taslamalaşdyrylan “Aşgabat-siti” köpugurly toplum bina ediler. 

                                                                   

Soňky ýyllarda jemgyýetimizde “ekologik medeniýet” düşünjesi barha ýygy-ýygydan ulanylýar. Ol ählumumy durnukly ösüş, milli durmuş-ykdysady syýasat, tebigaty goramak işi, ahlak taýdan terbiýelemek ýaly ugurlarda ulanylýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasy hojalygy ýöretmegiň oýlanyşykly usullaryny, önümçilikleri ylmy taýdan guramagy we ekologiýa ýetirilýän ýaramaz täsiriň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagy göz öňünde tutýar. Ýurdumyzdaky durnukly ekologik abadançylyk bu maksada ýetip boljakdygynyň aýdyň mysalydyr. Milli ykdysadyýetiň işjeň senagatlaşdyrylýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Aşgabadyň häzirki abadanlaşdyrylan, arassa we gözel keşbi ýurdumyzyň ekologik medeniýetiň kemala gelmeginiň dünýä nusgalyk döwrüne gadam basandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Özüniň ýokary derejesine laýyklykda, Watanymyzyň syýasy, işewürlik, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolan ak mermerli Aşgabat iri sport merkezine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň saglygy berkitmekde, adamyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda iň gowy serişde hökmünde bedenterbiýä we sporta bolan garaýşy durmuş syýasatynda-da öz beýanyny tapýar. Türkmenistanlylaryň abadan durmuşy, sagdyn we ruhy taýdan kuwwatly ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli şertleriň üpjün edilmegi bu syýasatyň baş maksadydyr. 

                                                                   

Welosport barada aýdylanda, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler anyk netijelerini berýär. Amatly howa şertleri we bar bolan infrastrukturalar ýylyň islendik paslynda welosport boýunça ýaryşlarydyr türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik döredýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alşylmagy sportuň bu görnüşini mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder. 

                                                                   

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň baýramy bu gün diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da giňden bellenildi. Beden we ruhy taýdan kämillige bolan hyjuw tutuş Türkmenistan boýunça sagdyn durmuş ýörelgesiniň köp sanly muşdaklaryny welosipedli ýörişe çykardy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişlerden başga-da, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýlelikde, şu gezekki giň möçberli çäre halkymyzyň agzybirliginiň, belent maksatlaryň ýolunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşynda jebisleşmeginiň ýene-de bir aýdyň beýany boldy. 

                                                                   

Bütindünýä welosiped güni beýleki ýurtlarda-da bellenilip geçildi. 3-nji iýunda olar dürli sport çärelerini geçirdiler. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlaryň, şol sanda ýurdumyzyň, beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guradylar.

05.06.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

Arkadag şäheri, 3-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy. 

                                                                   

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew hem-de Arkadag şäheriniň Awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy S.Atageldiýew garşyladylar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektromobil taksileri we elektrobuslar bilen tanyşdy. Ilki bilen, elektromobilleriň ýangyjyň guýulmagy arkaly däl-de, elektrik energiýasy bilen işledilýändigini bellemek gerek. Ulagyň elektrik zarýad beriji ulgamynyň işleýşiniň barlanylmagy ulag serişdeleriniň ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklady. Bu talaplaryň berjaý edilmelidigi barada türkmen halkynyň Milli Lideri hemişe aýdýar. 

                                                                   

Arkadag şäheriniň ÝHHG-niň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulandygy baradaky hoş habar ähli watandaşlarymyzy buýsandyrdy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan daşky gurşawyň abadançylygyna uly üns berilýändiginiň netijesidir. 

                                                                   

Häzirki zaman elektromobiliniň ýene-de bir aýratynlygy, onuň gapysynda “kýu-ar” (QR) kodunyň bolmagydyr we sanly ulgama birleşdirilenligidir. Bu bolsa elektromobil taksisi barada, hususan-da, onuň tehniki häsiýetnamasy, sürüjisi, ulagyň şäheriň haýsy künjeginde hereket edýändigi barada doly maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz elektrobuslaryň tehnologik aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Arkadag şäherinde dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidigi barada Gahryman Arkadagymyz yzygiderli belläp, birnäçe görkezmeleri beripdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary we yhlasly tagallalary esasynda täze “akylly” şäher peýda boldy. Bu elektrobuslardyr elektromobil taksileri hem “akylly” şäher maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde alnyp barlan işleriň netijesidir. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde ulanyljak elektrobuslaryň, elektromobil taksileriniň şekil taslamalary, olaryň Arkadag şäheriniň çäklerinde hereket etjek ugurlarynyň meýilnamalary bilen tanyşdy. Elektrobuslaryň hereketiniň bir aýlawynyň wagty we barýan ugurlary, beýleki ulag serişdeleri barada maglumatlar berildi. Mundan başga-da, Arkadag şäherinde ulanyljak elektrobuslaryň we elektromobilleriň duralgasynyň, başlanýan nokadynyň meýilleşdirilýän wagtlaýyn ýer böleginiň baş meýilnamasy hem-de şekil taslamasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna hödürlenildi. Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň binalarynyň we ýollarynyň atlandyrylyşy, san belgileri boýunça şekil taslamalary-da görkezildi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen şekil taslamalaryny we çyzgylary gözden geçirip, olara birnäçe belliklerini aýtdy we soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen, şäherleriň, obalaryň keşbiniň has-da özgerendigini belläp, şunda adamlaryň amatly ýaşaýşyny we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigini nygtady. Munuň özi biziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu ýörelgäniň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini, ýerine ýetirilýän hemme işlerde, şol sanda Arkadag şäherinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy we oňyn zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz ajaýyp giňişlikde emele gelen täze şäheri synlap, Arkadag şäheriniň häkimliginiň binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde soňky ýyllarda alnyp barlan işleriň ählisi raýatlaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň nyşanydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmelerde halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, ekologik talaplara möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbine, meýilleşdiriş çözgütlerine, bezeg aýratynlyklaryna, hil we ekologiýa babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmegine ýokary derejede üns berilýär. Munuň özi Arkadag şäheri babatda-da şeýledir. 

                                                                   

Şäher ilatyna we onuň myhmanlaryna edilýän ulag hyzmatlarynyň medeniýetiniň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda tagallalaryň edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugra degişli alnyp barylýan işleriň wajypdygyny nygtady. Çünki täze şäherde sanly ulgamlar bilen üpjün edilen döwrebap ulaglar ulanylar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň açylyş dabarasyna-da ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky işleri dowam etdirmegi tabşyryp, Akhan şaýolunyň ugrundaky duralgada saklandy hem-de duralgany synlap, bezeg aýratynlyklaryna häkimiň ünsüni çekdi we onuň behişdi bedewlerimiziň şekilleri bilen bezelmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi Akhan şaýoly bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer. 

                                                                   

Duralga elektrobus gelende, Gahryman Arkadagymyz we şäheriň häkimi Ş.Durdylyýew oňa mündüler. Onuň içinde Arkadag şäheriniň Awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy S.Atageldiýew elektrobus barada giňişleýin maglumat berdi. Elektrobusyň giň şaýol arkaly hereket edip barşyna, töwerekde binagärlik-şähergurluşyk babatda döredilen gözellik ünsüňi özüne çekýär. Elektrobus bilen tanyşdyrmagyň barşynda bu döwrebap “akylly” tehnikanyň sanly ulgam arkaly üpjün edilmeginiň netijesinde, onuň gapylarynda ornaşdyrylan enjamlaryň kömegi bilen ýolagçylaryň ondan düşenleriniň we girenleriniň, onuň içindäki ýolagçylaryň sanyna çenli maglumatlary görkezip bilýändigi barada aýdyldy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, elektrobus ýolagçylara niýetlenen sowadyş we ýyladyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bular barada aýtmak bilen, S.Atageldiýew täze şäherde raýatlaryň şeýle ýokary derejeli, ekologik taýdan arassa, rahat we oňaýly elektrobus hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin döredip beren şertleri we mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi. 

                                                                   

 Milli Liderimiz sürüjiniň ýanyna baryp, onuň bilen söhbetdeş boldy we elektrobusyň tehniki aýratynlyklaryna ünsi çekdi. 

                                                                   

Sürüji bu tehnikanyň ýokary derejedäki iň kämil, örän rahat elektrobusdygyny, onuň tehniki we elektron aýratynlyklarynyň ýolagçylara, sürüjä köp oňaýlyklary döredýändigi barada buýsanç bilen belledi. Şeýle hem ol henize çenli özüniň şunuň ýaly kämil jemgyýetçilik ulagyny dolandyryp görmändigini aýdyp, şeýle ajaýyp mümkinçiligi döredip berendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdyp, ähli sürüjileriň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra şäheriň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzdan elektromobili ilkinji bolup synagdan geçirip bermegini haýyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri elektromobili herekete girizip, Akhan şaýoluna tarap ugur aldy. 

                                                                   

Arkadag şäherinde dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň, ulag düzümleriniň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşilip, asyrlaryň dowamynda ýurtlary we yklymlary baglanyşdyrýan ýollary guran halkymyzyň milli tejribesiniň ulanylmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşiniň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjegindäki bu giňişligiň oýlanyşykly we döwrebap derejede peýdalanylmagy täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesidir. Munuň özi şäher ilatynyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmeginiň häzirki günüň esasy talaby bolup durýandygynyň nobatdaky beýanydyr. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy elektromobili ussatlyk bilen dolandyryp, ýolugra onuň tehniki häsiýetnamasyna baha berdi. Arkadag şäherinde amala aşyrylýan işleriň halkara ülňülere, hil we ekologiýa babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi döwletiň alyp barýan durmuş syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň esasy görkezijisi bolup durýar. 

                                                                   

Täze şäheriň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Arkadag şäheri “akylly”şäher hökmünde hem eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Munuň şeýledigine ýakynda ÝHHG-niň Baş sekretary tarapyndan Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa Watanymyzyň täze şäherinde — milli kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylan işler daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljek nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamak boýunça durmuşa geçirilýän wezipeleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny-da görkezýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde alnyp barylýan ähli işleriň halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmelerde-de desgalaryň binagärlik keşbine, meýilleşdiriş çözgütlerine hem-de bezeg aýratynlyklaryna, dürli maksatly desgalaryň hil we ekologik howpsuzlygyna uly üns berilýär. Arkadag şäheriniň gurluşyk taslamasy durmuşa geçirilende, binalardyr desgalar bilen birlikde, ulag düzümini döretmek boýunça işleriň hem öňdebaryjy tejribeleriň, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy esasynda, häzirki günüň ýokary talaplaryna laýyklykda alnyp barlandygyny bellemek gerek. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri elektromobili synap görmek bilen, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we bilim almagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy hem-de ulag hyzmatlaryny hödürlemek boýunça meselelere zerur üns berilmelidigini nygtady. Şunda sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmegi esasy ýörelgä öwrülmelidir, “akylly” şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň taslamasynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň ösen talaplaryna, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmelidir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly waka boljak Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmelidigini belledi we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga bermek dabarasyna taýýarlyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda girişilmeginiň wajypdygyny nygtady. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, elektrobuslaryň we elektromobilleriň tehniki häsiýetnamalaryny göz öňünde tutup, olaryň ulanylyş aýratynlyklary, ekologiýa, rahatlyk taýdan amatlylygyny kesgitlemek boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezme berdi. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen gutlap, berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

05.06.2023
“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Iri koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bolýandygyna we ýurduň soňky ýyllarda ýeten derejesi bilen tanyşmaga şatdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde oňa üstünlikler arzuw etdi we bu gezekki saparyň özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Myhman Gahryman Arkadagymyza käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi we çagalaryň ene-atalaryna bolan söýgüsiniň, hormatynyň çuňňurlygynyň koreý hem-de türkmen halklaryna mahsus häsiýetlerdigini belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýola iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy. Şunda hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 

                                                                   

Soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şu ýylyň 17-nji aprelinde «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýetiniň ýurdumyza bolan sapary munuň aýdyň beýanydyr. Onuň pikirine görä, iki halkyň ruhy-medeni mirasynyň we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy ýola goýlan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2022-nji ýylyň 27 — 30-njy noýabry aralygynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Milli Assambleýanyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen bolan duşuşygyň çäklerinde parlament ulgamy boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şol sapary, onuň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşiklerini we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, işewürlik maslahatynyň guralandygyny, olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň ulag, gaz we himiýa senagaty ýaly möhüm ugurlarynda köp ýyllardan bäri üstünlikli işleýärler. Türkmenistana ýeňil ulaglar we belli “Hyundai” kysymly ýolagçy awtobuslary yzygiderli ugradylýar. Dürli ugurlarda bilelikdäki wajyp taslamalar durmuşa geçirilýär. Ulag-logistika ugry boýunça gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Halkara ýük daşamalaryň iri üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini öňdebaryjy tejribä laýyklykda guramaga aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň we iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna ösdürmek maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ilerletmekde ägirt uly mümkinçilikler bar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Hususan-da, koreýaly öňdebaryjy hünärmenleriň täze şäherleriň gurluşygyny taslamalaşdyrmagyň we ony dolandyrmagyň oňyn tejribesini, işläp taýýarlamalaryny öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň geljegi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde täze, döwrebap Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Onuň gurluşygy “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Türkmen tarapynyň Koreýa Respublikasynyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýany gaýtadan dikeltmegiň çeşmeleri babatda gazanan tejribesini öwrenmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şeýle hem nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasyny özüniň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde görýär we uzak möhletleýin, strategik esasda hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şunda koreý tarapynyň teklipleriniň öwrenilmegine zerur üns berilýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli gepleşikler üçin koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdi we Jong Won-juwa berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

30.05.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg etmek işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gögeriş we ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, orakda ulanyljak kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş bölümlerini möwsüme doly taýýar etmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, welaýatyň ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Şeýle-de häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi, bu işleriň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin möwsümde ulanyljak kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary we galla kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek barada ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Şeýle hem häkim Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de welaýatyň gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň şu günler welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreşmek, gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, galla oragyna taýýarlyk görmek, orak möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş bölümlerini möwsüme doly taýýar etmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak hem-de bu önümler bilen ýurdumyzyň bazarlaryny bolelin üpjün etmek maksady bilen, bu ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär, pile taýýarlamak boýunça meýilnamany ýerine ýetirmek üçin ähli zerur tagallalar edilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şaly ekişi ýokary depginlerde dowam edýär.  

                                                                   

Häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan dürli çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şaly ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we gögeriş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda bu ýazlyk ekinlerine ideg işleri ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin, däne ýygýan kombaýnlaryň, bugdaý daşajak awtoulaglaryň we galla kabul ediş bölümleriniň bu jogapkärli möwsüme taýýar edilendigi habar berildi. Mundan başga-da häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ýekelemek, haşal otlardan arassalamak, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Sebitde galla oragyny guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, awtoulaglary, galla kabul ediş bölümlerini doly taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirildi. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär, ýetişen hasyly öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berildi. Döwlet Baştutanymyz, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şoňa laýyklykda, häzirki wagtda orakda ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, awtoulaglar we galla kabul ediş bölümleri möwsüme taýýar edildi. Galla kabul ediş bölümlerinde işlejek işgärler, däne ýygýan kombaýnlary dolandyrjak mehanizatorlar bilen okuw maslahatlary geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak hem-de agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi işleri dowam etdirilýär, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Sebitlerde ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de irki ýetişen ýeralma we gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak, olary ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek babatda zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işlerine toplumlaýyn, jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, welaýatlarda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamak dabarasynyň, şeýle hem iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkimlere tabşyrdy. 

                                                                   

Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Ýerine ýetiriji geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30.05.2023
San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň şowly ga­dam­la­ry

Döwletiň ösüş-özgerişiniň özenini ýurduň ykdysadyýeti düzýär. Ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylyp, sanlylaşdyrylyp, täzeçil usul bilen ýöredilmegi bolsa, ähli işleriň sazlaşygyna oňyn täsir edýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrýan polat gurala öwrüldi. Esasan hem, sanly ykdysadyýete geçilmegi netijesinde, hyzmatlaryň ulgamlaýyn elektron görnüşde bolmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş zerurlyklaryndaky elýeterlilikleriň gerimini has-da giňeltdi. Bu ugurdan alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň esasynda Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha öňe ilerleýär.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş pudaklaryň ösüş aýratynlyklary dogrusynda içgin durlup geçilse, esasy bellenilmeli ugurlaryň biri söwda gatnaşyklary bolup durýar. Haryt dolanyşygy, eksport-import mümkinçilikleri babatda belent sepgitleri nazarlaýan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak esasynda özümizde öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarýar. Bu önümlere bolsa islegleriň günsaýyn artmagynda esasy bellenilmeli zatlaryň biri hem önümleriň hil taýdan ýokary derejede, ekologiýa taýdan arassa bolmagy önümçiligiň üznüksiz gözegçilikde alnyp barylýandygyny delillendirýär.  

                                                                   

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri söwda aragatnaşygynda möhüm orny eýeleýär. Bu günki günde halkymyz sanlylaşdyrylan hyzmatlardan doly derejede peýdalanýar. Islendik harydy ýa-da önümi barmasyz, nagt töleg geçirmesiz, wagt ýitirmesiz sargyt edip bolýar. Munuň üçin söwda hyzmatlarynyň ençeme internet sahypalary döredildi. Bu sahypalarda gerekli önümiňi sargyt edeniňden soň, edil şol pursatda elektron tölegi geçirýärsiň we az wagtdan sargan harydyň salgyňa gelip gowuşýar. Bu amatlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha ýokarlandyrmakda uly mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Elbetde, häzirki wagtda döwletimiziň söwda ulgamyndaky ösüşleri örän ummasyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä ýurtlary bilen söwda-aragatnaşygyň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dostlukly gatnaşyklaryň çygry barha giňäp, oňyn özgertmelere eýe bolunýar. Söwda-ulgamy halkara gatnaşyklarynda möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir. Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag akymynda ýurdumyz möhüm hem ygtybarly çatrykda ýerleşmek bilen, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp,   özüniň industrial infrastrukturasyny döretdi. Iň kämil desgalar gurlup, ulaglaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, uzakmöhletleýin ulanmaga niýetlenen görnüşleri ýurdumyza getirildi. Döredilýän şeýle ýokary derejedäki şertler döwletleriň ykdysady ösüşlerine oňyn täsir etmek bilen, halklaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrýar. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň nusgalyk ýörelgesi dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredýär. Şu nukdaýnazardan döwletimiz bilen hyzmatdaşlygyň täze sahypalarynyň açylmagyna itergi berýän ençeme ylalaşyklardyr Ähtnamalar kabul edilýär. Şol ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeler bolsa, durmuş hakykatynda rowaçlyga beslenýär. Esasan hem, bu gatnaşyklaryň özara bähbitliligini, deňhukuklylygyny bellemek zerurdyr. Umumadamzadyň bagtyýar durmuşy, ýagty geljegi ugrundaky dostlukly gatnaşyklar Birleşen Milletler Guramasynyň umumymilli maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýar. 

                                                                   

Jemläp aýdanymyzda, elektronikasyz şu günki durmuşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däldir. Elbetde, döwrüň ösüşleri-de şony talap edýär. Maksadyň tiz netijeliliginiň düýp köki hem şundan gaýdýar. Işleriň ilerlemegi, wagtyň tygşytlanmagy, ösüş ugrundaky habarlaryňdyr maglumatlaryň salgysyna tiz gowuşmagy hem tehnologiýalar bilen amala aşyrylýar. Biziň döwletimizde bolsa häzirki zamanyň iň kämil enjamlary halkymyzyň ygtyýaryndadyr. Şonuň esasynda ýurdumyzda ykdysady üstünlikleriň barha ýokarlanmagy döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Ýeri gelende bellesek, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň halkymyza döredip beren ägirt uly mümkinçilikleridir. Halkymyzy şeýle elýeterli şertleriň, asuda hem-de abadan ýaşaýşyň eýesi edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işlerinde uly üstünlikler we rowaçlyklar ýar bolsun!  

                                                                                                           

Magtymguly MEREDOW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistranty.

30.05.2023
Energetikleriň göreldeli zähmeti

Balkan welaýatynyň edara-kärhanalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny tok bilen ygtybarly üpjün etmekde häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil kuwwatlyklary arkaly ýokary derejede enjamlaşdyrylan Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri göreldeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Kompýuter ulgamy arkaly gije-gündiziň dowamynda ygtybarly dolandyrylýan beketde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen dört aýynda 829 million 47 müň kilowat-sagatdan hem köp elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi meýilnamanyň 101,5 göterime barabar ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, ýylyň tutuş dowamynda üç çalşykda bökdençsiz işledilýän Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagy tutuş sebitde öndürilýän elektrik togunyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 99 million kilowat-sagada golaý elektrik toguny artyk öndürmegi başaran kärhananyň hünärmenleri sarp edijileri üznüksiz elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

26.05.2023
Durnukly ösüşiň ulag ýoly

Hoş habar göwünlere galkynyş berýär. Hormatly Prezidentimiziň 22-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilendigi barada aýdanlary Aşgabat şäheriniň gününi baýram edýän günlerinde halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda 2016-njy ýylda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilen senesiniň, ýagny 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi. Munuň özi birnäçe ýylyň dowamynda alnyp barlan yzygiderli, oýlanyşykly zähmetiň datly miwesidir. Çünki dünýäniň ulag-üstaşyr gatnawlary bilen baglanyşykly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda amala aşyrylan işler, taryhy pursatlar örän köp.  

                                                                   

Bu başlangyçlar 1993-nji ýylda Türkmenistanyň Brýussel Jarnamasyny goldamagyndan we oňa gol çekmeginden we şol Jarnamanyň esasynda Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRASEKA) boýunça maksatnamanyň kabul edilmeginden gözbaş alýar.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde Brýussel Jarnamasynda beýan edilen maksatlara ýetmäge gönükdirilen çäreler işjeň häsiýete eýe boldy. TRASEKA taslamalarynyň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli hem işjeň ädimler ädilip ugraldy. Bu babatda 2012-nji ýylda Diýarymyzda geçirilen «Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi» atly halkara maslahat, 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahat ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça yzygiderli we köpugurly gepleşikleri başlamaga itergi berdi. Şol ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bu işleriň geriminiň giňemeginde täze tapgyra başlangyç boldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belläp geçişi ýaly, 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahat taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. BMG-niň şol wagtky Baş sekretary Pan Gi Munuň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatda durnukly ulag ulgamynyň geljegine bagyşlanan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2017-nji ýylyň 4-5-nji maýynda Awazada geçirilen Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge bagyşlanan ulag we logistika boýunça halkara maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň ulag ulgamynda sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, onuň oňyn ugurlaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly döredijilikli başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigini ýene bir ýola dünýä äşgär etdi.  

                                                                   

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda paýtagtymyzda RECCA VII forumynyň çäklerinde Owganystanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lýapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk) gol çekilmegi sebitiň ykdysady ýakynlaşmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taryhy waka öwrüldi. Şol ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistandan gözbaş alyp, alys geljekleri nazarlaýan başlangyçlara dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen nobatdaky belent bahadyr.  

                                                                   

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň halkara derejesinde goldaw tapmagy netijesinde durmuşa geçirilýän ulag strategiýasy halklary ýakynlaşdyrýar. Bu babatda ýurdumyza täze buýsançly habaryň gelen pursatlarynda hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza jan saglygyny, uzak ömür arzuw edýäris.  

                                                                                                           

Durdyguly MEREDOW,

                       

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.05.2023
Arkadag şäheri — ýaşlygyň we gözelligiň şäheri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda gurlan medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljek günlerine halkymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýar. 

                                                                   

Aýdylyşy ýaly, ynsanyň ady üç zat: ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Arkadag şäheri — Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazan kämil sungat eseri. Arkadag şäheri — milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy. Arkadag şäheri — gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar hem-de özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär. Ýaňy-ýakynda amala aşyran iş saparynyň barşynda bolsa Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň agşamky gözelliklerini synlady. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelejek Arkadag şäheriniň agşamky görnüşlerinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar. Şäheriň owadan görnüşli yşyklandyryjylary özüniň älemgoşar öwüşginleri bilen ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän görnüşleri döredýär. Bu künjegiň arassaçylyk derejesi, döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylan çäkleri şäheriň tyllaýy agşamlary bilen utgaşyp, sungat eserine çalymdaş gözelligi emele getirýär. Bu görnüşleriň agşamyň ýakymly howa gurşawy bilen sazlaşygy adamlaryň göwnüni göterýär, olary täze sepgitlere ruhlandyrýar. Aýratyn-da, şäheriň agşamky görnüşlerini guşuçar belentlikden synlanyňda, bu ýerde adam eli bilen döredilen täsin gözelligiň şaýady bolýarsyň. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen gurlan häzirki zaman şäheriniň bezeg aýratynlyklaryna we abadanlaşdyrylyşyna, yşyklandyryş ulgamynyň özboluşly gözelliginiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär. 

  Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ynsan durmuşyny özgerdýän bu güýçleriň gudratyny, özboluşly sazlaşygyny Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynda, döwrebap keşbinde görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň badalga bermeginde Arkadag şäherinde eýýäm iki gezek köpçülikleýin bag ekmek çäreleri üstünlikli geçirildi. Şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamalarynda möhüm talapdyr. 

                                                                   

Hawa, bagtyýar maşgalalaryň ýüzlerçesine täze jaýly, täze işli bolmagyň egsilmez şatlyk-buýsanjyny, nurana bagtyny peşgeş etjek Arkadag şäheri döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemläp, köňüllere şatlyk paýlaýar. Şahyryň aýdyşy ýaly, binasy berk, belent-belent jaýlary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gündizleri görkana, gijeleri nuranadyr. Bu şäheriň müň dürli öwüşginli yşyklary özünde jemleýän gijeki owadan görnüşleri göýä asmandan Zemine, gojaman Köpetdagyň etegine inen ýyldyzlardan düzülen monjuga çalym edýär. 

                                                                   

 Ýollaryň ýalkymly, gündizleriň şuglaly, gijeleriň hemişe nurly bolsun, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri! 

                                                                                                           

«TÜRKMENISTAN»

24.05.2023
Parahatçylyk döredijilikli, durnukly ösüş ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagy geçen hepdäniň möhüm halkara wakasy boldy. Bitarap Türkmenistan sebitara we ählumumy oňyn ýagdaýlara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar. 

                                                                   

18-nji maýda bu sammite gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikler geçirdi. Taraplar bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigini belläp, hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; getirilýän we alnyp gidilýän haýwanlaryň karantini babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Maglumat boýunça Döwlet geňeşiniň edarasynyň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş etmek hakynda Ähtnama bar. 

                                                                   

Iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Hytaý» birinji sammitine gatnaşdy. Forumyň gün tertibine altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy, ulag-logistika ulgamynda özara baglanyşygy pugtalandyrmak, Merkezi Aziýadan Hytaýa oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrmak, elektron söwdany ösdürmek, şeýle hem şu formata gatnaşyjy ýurtlaryň wekilçilikli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny döretmek ýaly ugurlary ilerletmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda utgaşdyrylan hereketleri ýola goýmagyň möhümdigini belläp, köptaraply geňeşmeleriň gurallaryny döretmegiň mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Onuň maksady gazanylan ylalaşyklary ulgamlaşdyrmakdan we ýerine ýetirilişine syn bermekden ybarat bolar. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika pudagynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi hem-de Hytaý ugry boýunça türkmen tebigy gazynyň iberilýän möçberini artdyrmak üçin täze taslamalary dowam etdirmegi teklip etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine, bu taslamanyň Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, häzirki zaman ýörelgelerinde önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny özara baglanyşdyrjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalary Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň, ýurtlarymyzyň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny guramagy hem-de ony şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi. 

                                                                   

«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň Sian Jarnamasyna gol çekilmegi bu duşuşygyň möhüm netijesidir. Jarnamada taraplaryň dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de HHR-iň arasyndaky dostlukly alyşmalaryň netijelerini hemmetaraplaýyn jemländigi, köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tejribesini umumylaşdyrandygy, geljekki gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitländigi nygtalýar. Bu syýasy resminamada şu gezekki sammitiň çäklerinde alty ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň guralynyň resmi taýdan döredilýändigi hem-de döwletleriň Liderleriniň diplomatiýasynyň strategik ýolbaşçylyk wezipesini doly derejede amala aşyrmaga, ýokary derejede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we HHR-iň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň toplumlaýyn meýilleşdirilişini pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanylýar. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde ylalaşyklaryň we başlangyçlaryň Sanawynyň kabul edilmegi hem ýene-de bir möhüm ädim boldy. Onda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallary we esaslary kesgitlenildi. 

                                                                   

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda alty döwletiň arasynda senagat-maýa goýum, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sanly söwda, infrastruktura we inženerçilik-gurluşyk, weterinariýa we getirilende hem-de alnyp gidilende ösümlikleriň karantini babatda tehniki hyzmatdaşlyk, işewürler geňeşini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada Düzgünnama bar. 

                                                                   

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibine milli parlamentiň işi, ätiýaçlandyryş bazarynda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, nebitgaz pudagynyň gaýtadan işleýän ugruny innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere we bu şanly senä gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny guramak hem-de Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde geçirilýän dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşdy. Maslahatyň gün tertibine «Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri» atly aýratyn sessiýa girizilip, onda ösen ulag infrastrukturalarynyň ähmiýeti, bu ugurlary netijeli ulanmakda geljekki meýiller ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek Hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy, dialogy ilerletmek, dürli ulgamlarda, şol sanda ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýändigi bellenildi. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan sebit döwletleriniň adyndan hödürlenen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Kararnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, ilkinji ädimleriň biri hökmünde şu ýylyň 16-njy maýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Bu mejlisiň barşynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň sebitiň ýurtlary bilen bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň bu işlerdäki orny nygtaldy. 

                                                                   

BMG-niň çäklerinde Türkmenistan daşky gurşawy gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseltmek ýaly wajyp ugurdaky hyzmatdaşlyga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15 — 19-njy maýy aralygynda Bangkok şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny belledi. 16-njy maýda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Kararnama laýyklykda, her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin örän möhümdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu möhüm halkara üstünligi bilen Hökümet agzalaryny we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisde «Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda» we «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda» Kararlara gol çekdi. 

                                                                   

Geçen hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garalandygyny bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyz gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini hem-de ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň doly berjaý edilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň zerurdygy bellenildi.  

                                                                   

15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. BMG-niň iri düzümleriniň biriniň wekili geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly görnüşler bilen doldurylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy. Medeni-ynsanperwer ulgamda we gadymy mirasymyzy gorap saklamak ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde özüniň baý medeni mirasyny aýawly gorap saklap we nesilden-nesle geçirip gelýän halkymyzyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýene-de bir gezek ykrar edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. 

                                                                   

16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň halkara ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde adam hukuklaryny goramak ulgamynda tejribe alyşmagy hem-de demokratik institutlary, hukugyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, Senagat-gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goşmaçalar, üýtgetmeler girizildi we olaryň käbiri güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi. 

                                                                   

18-nji maýda ýurdumyzda milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Ýurdumyzyň esasy döwlet nyşany bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň sarsmaz binýadyny, halkymyzyň jebisligini, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, abadançylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Garaşsyz Diýarymyzy okgunly ösdürmäge, ykdysady ösüşiň häzirki zaman, kämil nusgasyny emele getirmäge, pudaklary döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, asuda, abadan, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen strategik maksatnamalary kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül goýmak dabarasy boldy. Gökderede ýerleşýän “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Bu çärä Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy. 

                                                                   

Mejlisler merkezinde geçirilen konsertde çykyş eden ýurdumyzyň belli bagşy-sazandalary, tans we folklor toparlary öz çykyşlaryny halkymyzyň ýeten belent sepgitlerine, gazanan üstünliklerine, mähriban Watanymyza bagyşladylar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň çäginde ähli amatlyklary bolan, 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň täze saýlanan deputatlaryna 3 we 4 otagly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Şeýle hem geçen hepdede Mary welaýatynyň edara ediş merkezinde umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan dermanhana açylyp ulanmaga berildi. 

                                                                   

Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde hem ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 

                                                                   

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, şeýle hem şäheriň açylyş dabarasy we gurluşygyň ikinji tapgyrynda ekologik talaplara laýyk gelýän çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak meseleleri bilen bagly iş maslahatyny geçirdi. 

                                                                   

Aşgabatda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan XXXIV mejlisi geçirildi. Foruma Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Çehiýadan, Täjigistandan, Russiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden, şeýle hem bu gurama goşulan kärhanalardan — «OTKL ERA» paýdarlar jemgyýetinden, «STM» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetden, «PLASKE» paýdarlar jemgyýetinden wekiller gatnaşdylar. 

                                                                   

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň geçiren mejlisinde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. Bu saýlawlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirmek bellenildi. 

                                                                   

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Köptaraplaýyn duşuşygy Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen «Herekete çagyryş — Helsinki+50» başlangyjynyň çäklerinde bilelikde gurady. 

                                                                   

Mejlisde Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Momçilo Babiçden ynanç haty kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şeýle hem medeni dialogy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. 

                                                                   

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar», parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 

                                                                                                           

(TDH)

24.05.2023
Asylly maksatlar rowaçlanýar

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar, ola­ryň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak hem-de ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Öz no­ba­tyn­da döw­re­bap in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ýan hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de ýur­du­my­zy kuw­wat­ly se­na­gat döw­le­ti­ne öwür­mek ba­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan şeý­le öz­gert­me­le­riň äh­li­si ata Wa­ta­ny­myz­da uzak möh­let­le­ýin dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär. In­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gyn­da ylym-bi­lim­li ýaş­la­ryň hem aý­ra­tyn or­ny bar­dyr. Bi­lim­li ýaş­lar döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ra erk et­mek, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni iş­jeň dur­mu­şa or­naş­dyr­mak ar­ka­ly döw­re­bap öz­gert­me­le­re go­şant goş­ýar­lar.  

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu mö­hüm iş­ler­de ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da giň­den peý­da­lan­mak, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mun­dan bu­ýa­na hem dur­mu­şa or­naş­dyr­mak esa­sy ugur­lar bo­lup dur­ýar.  

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin ýur­du­myz­da kä­mil hü­när­men­ler taý­ýar­la­nyl­ýar, çün­ki, dün­ýä tej­ri­be­sin­den bel­li bol­şy ýa­ly, us­sat yk­dy­sa­dy­ýet­çi­le­riň bol­ma­gy halk ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­me­giň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Şu jä­het­den, ýur­du­myz­da kä­mil hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge, ola­ry döw­rüň ta­lap­la­ry­na uý­gun­la­şyp bi­li­ji­lik uky­byn­da taý­ýar­la­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Gel­jek­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­jek ta­lyp­la­ry okat­mak­da bi­lim ber­me­giň hä­zir­ki za­man döw­re­bap usul­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Bu gün­ki gün­de bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym-bi­lim­li bol­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler, giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim ber­mek, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dü­şün­dir­mek, dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ret­mek, mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek bi­lim ul­gamyn­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin hem san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň wa­jyp ugur­la­ry hü­när­men­le­riň kä­mil­li­gi bi­len pug­ta bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu ugur­da­ky iş­ler hä­zir­ki wagt­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär — ýaş­la­ra teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, iň kä­mil en­jam­la­ry ulan­mak öw­re­dil­ýär. Şun­da hü­när­men­le­riň san­ly ul­gam ba­ra­da­ky so­wat­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin gaý­ta­dan taý­ýar­la­mak iş­le­ri-de al­nyp ba­ryl­ýar. Bu bol­sa tej­ri­be­li hü­när­men­le­ri, giň dü­şün­je­li ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­me­giň mö­hüm şer­ti­dir.  

                                                                                                           

Nu­ryl­la RE­JE­POW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

24.05.2023
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisi

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz gün tertibini yglan edip, şu mejlisiň dowamynda ýerlerde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňümizde duran döwlet ähmiýetli çärelere, hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, şeýle hem ýakyn günlerde galla ýygnamaga girişmek meseleleri, obadyr şäherleriň ýagdaýlary, geljek üçin öňde durýan wezipeler hakynda söhbetdeş bolmak kararyna gelendigini aýtdy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini, Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisiniň geçirilendigini belläp, häzirki döwürde ýaşlaryň ägirt uly işleri bitirmeklerine bil baglanýandygyny aýtdy. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe Kararnamalary kabul edendigini belledi. Şolaryň hatarynda her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda ýakynda kabul edilen Kararnama bar. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan işler döwletimiziň geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Türkmenistan bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edildi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bu işleriň sakasynda bolsa döwletimizde edilýän irginsiz aladalaryň, çagalar babatda alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň durandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji iýunda dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilýän Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň hem aýratyn many-mazmunynyň we ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň berk kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri, ýaşlar barada döwlet syýasaty, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi, bilim, medeniýet hakynda we beýleki kanunlarda, Zähmet kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda, Maşgala kodekslerinde, birnäçe beýleki hukuk namalarynda çagalary goramak bilen bagly meseleleriň aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi şu ugurda alnyp barylýan işlere goşant goşmak maksadyna gönükdirildi. Gaznanyň alyp barýan işlerine, elbetde, biziň hormatly ýaşulularymyz uly goldaw berýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. 

                                                                   

Ýakyn günlerde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem işine ak pata berler. Munuň özi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer diýip, Milli Liderimiz belledi. Bu ugurda maksatlaýyn işler barha giň gerime eýe bolar. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem serişdeleri ýeterlik diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek belledi. 

                                                                   

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisine gatnaşýan we Aşgabat şäherine hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşulularyň bu baradaky pikirlerini, maslahatlaryny diňledi. 

                                                                   

Ilki bilen, Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşuly Rejepmämmet Ataýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän ýyllarynda “Ilkinji nobatda, meniň bar aladam halkym bolar!” diýen parasatly ýörelgesiniň netijesinde birnäçe özgertmeleri geçirendigini aýtdy. Soňky döwürde Aşgabadyň gözel keşbe girmegi, tanalmaz derejede özgermegi babatda köp işleriň amala aşyrylandygyny uly buýsanç bilen nygtady. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabatda saglyk desgalary, ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär we birnäçesiniň düýbi tutulýar. Bu işler maksatnamalaýyn häsiýete eýedir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömeklerini iberdi. Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlarynyň we ýagşy işleriniň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

R.Ataýew Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň Başlygy manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, ynsanperwer ýörelgeleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlyk ugurlary bolup durýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda türkmen gurluşykçylary tarapyndan döwrebap metjidiň, çaga dogrulýan öýüň, dükanyň, goňşy ýurduň ykdysadyýeti, senagaty we önümçilik kuwwatlyklary üçin zerur bolan elektrik stansiýasynyň gurlandygyny belledi. Mundan başga-da, ýakynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça goňşy döwlete ynsanperwerlik ýüki bilen birlikde, lukmanlar hem iberildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly orun berilýändigini görkezýär. Bu işleriň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde gurulýan Arkadag şäheriniň hem-de “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna guramaçylykly girişmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada aýdyp, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde telekeçileriň möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň ähli ilatyny her ýylyň 25-nji maýynda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady. 

                                                                   

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi Ahal welaýatyna wekilçilik edýän Gurbangeldi Aýlyýewiň çykyşy bilen dowam etdi. Ol çykyşynyň başynda Ahal welaýatynyň zähmetsöýer ilatynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza dogaýy salamy getirendigini aýtdy. 

                                                                   

Çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulandygyny ýatlap, bu wakanyň döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly ýörelgesiniň rowaçlanýandygynyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady. 

                                                                   

Şeýlelikde, Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheriniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň bina edilmegi halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen işler bolup durýar. Bu döwrebap şäheriň gurulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň uly yhlasynyň we gujur-gaýratynyň bardygyny bellemek bilen, Ahal welaýatyna wekilçilik edýän hormatly ýaşuly türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ahal welaýatynyň wekili çykyşynyň ahyrynda täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmelere buýsanýandygyny goşgy setirlerinde beýan etdi: 

                                                                   

 Bu Watanda ýaşamakda bagtym bar,
Türkmen topragynda täji-tagtym bar,
Galkynyş ülkesi barha galkynýar,
Çünki Howandarym — Gahrymanym bar,
«Döwlet adam üçindir!» ýörelgämiz bar.
 

                                                                   

 Awazada Hazar suwy tolkunýar,
Kenarynda şugla saçýan ýalkym bar,
Beýik Galkynyşda göwün galkynýar,
Nirde bolsam, hak-hukugym, erkim bar.
«Döwlet adam üçindir!» ýörelgämiz bar.
 

                                                                   

 Watanymyz öz Ogluna daýanýar,
Raýatlar Gahrymana guwanýar,
Ýer ýüzünde mertebesi beýgelýär,
Belent mertebeli Arkadagym bar,
«Döwlet adam üçindir!» ýörelgämiz bar.
 

                                                                   

 Bedew atda, halysynda many bar,
Nebit-gazyň ýer astynda käni bar,
Türkmen ilim asuda hem bagtyýar,
Arkadagly Serdar — Prezidentim bar!
«Döwlet adam üçindir!» ýörelgämiz bar.
 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulynyň ýürek joşgunyny eşitmegiň, onuň goşgusyny diňlemegiň ýakymlydygyny, bu sözleriň mähriban Watanymyza bolan çuňňur buýsançdygyny belledi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Şunda ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn üns berilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Diýarymyzda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň döredilmegine gönükdirilen, ýurdumyzyň senagat düzüminiň üstüni ýetirjek önümçilik toplumlarynyň guruljakdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşululara alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra hormatly ýaşuly Ýazmyrat Atamyradow Balkan welaýatynyň zähmetsöýer, agzybir ilatynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy ýürekden mübärekledi. 

 Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda öňdengörüjilikli syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Balkan welaýatynda durmuş maksatly iri desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Şeýle hem ildeşimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň günbatar sebitine mübärek gadamynyň düşmegi bilen, açylyp ulanmaga berlen “Türkmeniň ak öýi” binasynyň, döwrebap metjidiň welaýatyň edara ediş merkeziniň görküne görk goşýandygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly ýaşuly Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynyň halkymyz, aýratyn-da, häzirki ýaşlar üçin nusgalyk gollanma öwrülendigini, ýolumyza çelgi bolup durýandygyny buýsanç bilen aýtdy hem-de bu kitapda geçmişiň we geljegiň arabaglanyşygynyň bardygyny belledi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna wekilçilik edýän ýaşululara minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ýurdumyzyň günbatar sebitiniň dürli ugurlar, şol sanda oba hojalyk pudagy boýunça uly üstünlikleri gazanýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurulýandygyna we olaryň gurluşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekip, bu işleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanjakdygyny belledi. 

                                                                   

Daşoguz welaýatynyň wekili Henip Zahyrow çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynyň, kömek-goldawlarynyň netijesinde saglygy dikeldilen çagalaryň hossarlarynyň sagbolsunlaryny türkmen halkynyň Milli Liderine ýetirmäge döredilen mümkinçilik üçin özüniň hoşallygyny aýtdy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Daşoguz welaýatynda hem birnäçe hassahanalar açylyp ulanmaga berildi. Bu saglyk merkezlerinde ildeşlerimiziň saglyklaryny dikeltmekleri halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen ajaýyp işlerdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň her bir türkmen raýatynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky meselelere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uly üns berýändiginiň nyşanydygy nygtaldy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän ýaşululara minnetdarlyk bildirip, sebitiň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini belledi. 

                                                                   

Lebap welaýatyna wekilçilik edýän hormatly ýaşuly Ereş Talipow türkmen halkynyň Milli Liderine welaýatyň zähmetsöýer ilatynyň dogaýy salamyny ýetirdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň Lebap welaýatynyň hem gülläp ösmegine ýardam edýändigini belledi. Bu ýerde senagat desgalary, medeniýet öýleri, saglyk merkezleri, ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi halkymyzy yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Çykyş edeniň belleýşi ýaly, şunda lebaply pileçileriň meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendiklerini, sebitiň daýhanlarynyň galla oragyna ýokary taýýarlykly barýandyklaryny, gowaça meýdanlarynda gowy gögeriş alandyklaryny mysal hökmünde getirip bolar. Şeýle hem ýaşlaryň bu işlere yhlasly gatnaşýandyklaryny we tutanýerli zähmet çekýändiklerini bellemek gerek. 

                                                                   

Ildeşimiz çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, iň oňat arzuwlaryny aýtdy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşululara minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň gündogar sebitinde iri taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, dürli maksatly köp sanly desgalaryň gurlup ulanmaga berlendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýaşlara möhüm ornuň degişlidigini, ýaşulularyň bolsa terbiýeçilik işlerinde aýratyn orun eýeleýändigini kanagatlanma bilen nygtady. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatyndan gelen hormatly ýaşuly Allaýar Allakow çykyş edip, şu günki mejlise gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çäksiz hoşallyk bildirdi hem-de sebitiň zähmetsöýer daýhanlarynyň adyndan gyzgyn salamyny ýetirdi. Hajy Arkadagymyzyň beýik işlerini bu günki gün mynasyp dowam etdirýän Arkadagly hajy Serdarymyz Watanymyzy täze üstünlikleriň ýoly bilen öňe alyp barýar. Türkmenistan häzirki wagtda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri halkymyzda uly ruhubelentlik döredýär. 

                                                                   

Mary welaýatynyň wekili Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen birnäçe çagalaryň saglyklarynyň dikeldilendigini nygtap, Halk Maslahatynyň Başlygyna uly hoşallyk bildirdi. Ol bu baradaky sözüni dowam etmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň yzygiderli hemaýatlarynyň netijesinde, Owganystana hem-de Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini belläp, bu döwletli işleriň tüýs ýürekden buýsanç duýgusyny döredýändigini aýtdy. Çykyş edýän sözüniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlere tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatyna wekilçilik edýän ýaşululara minnetdarlyk bildirip, köp sanly taryhy ýadygärlikleriň ýerleşen ýeri bolan Gadymy Merwiň çäginde bu ýadygärlikleri geljek nesillere ýetirmek, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek we syýahatçylygy ösdürmek üçin hemme mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň bagtyýarlygy ýurdumyzyň abadançylygydyr, beýik işleriň başlangyjydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Soňra hasabat bermek üçin Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işlerini dolandyryjy K.Babaýewe söz berildi. 

                                                                   

K.Babaýew çykyşynyň başynda ýurdumyzda, asylly däbe görä, ýaňy dünýä inen çagalara atlary dakmak ýaly ajaýyp dessuryň häzirki döwürde dowam etdirilýändigini aýratyn belledi. Bu günki döwletli duşuşygyň dowamynda çagalaryň bagtyýar durmuşy bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynda çuňňur manynyň bardygyny belläp, ol 1-nji iýunda geçiriljek Çagalary goramagyň halkara gününe degişli derejede taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygy barada aýtdy. 

                                                                   

Şol gün paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere hem-de mekdebi tamamlaýan uçurymlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Şeýle hem ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny kepillendirýän kanunçylyk binýadynyň döredilendigi nygtaldy. Şundan ugur alyp hem-de döwletimiz tarapyndan döredilen şertlerden ruhlanyp, Türkmenistanda bagtyýar, zähmetsöýer nesil kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, K.Babaýew Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow alnyp barylýan işler we öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaşulular aýratyn hormatdan peýdalanýarlar, olara ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigi nygtaldy. Bu bolsa ýaşlar üçin bolşy ýaly, ýaşuly nesiller üçin hem aýratyn buýsançlydyr. 

                                                                   

Möhüm ähmiýetli şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralara işjeň gatnaşmagyň, geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, R.Bazarow Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde garalan meseleleriň bu işleri mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda çykyş edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek hem-de degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak gerek. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz geçirilen giňişleýin we mazmunly söhbetdeşlik üçin ýaşululara minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bu gün çagalarymyzyň geljegi hakynda özara pikir alşyldy. Bularyň ählisi biziň aýdyň ertirlerimiziň eýesi bolan çagalar hakynda hemmetaraplaýyn aladamyzyň güwäsidir. Şu işde ýaşululara aýratyn orun degişlidir. 

                                                                   

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz özüniň çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynyň dowamy bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabyny ýazyp tamamlap gelýändigini we onuň ýakyn günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşjakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp hem-de şu gün onuň dowamynda döwlet ähmiýetli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

23.05.2023