Maýa goýum strategiýasy — ykdysady galkynyşyň derwaýys şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň oňat we uzak möhletleýin ösüşine niýetlenen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy ähli babatda ösdürmegi nazarlaýan maksatlaryň myrat tapmagy döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň möhüm bölegi bolan maýa goýum strategiýasy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Esasy maliýe serişdelerini çekmek we olary innowasiýalaryň ösdürilmegine, ýokary goşmaça bahaly önümçiliklere, adam maýasyna gönükdirmek bu strategiýanyň wajyp wezipeleridir. 

                                                                   

Maýa goýumlar jemi içerki önümiň umumy ösüşine güýçli täsirini ýetirýär. Olaryň netijeli özleşdirilmegi ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, önümçiligiň gerimini giňeltmäge, ylmy-tehniki ösüşi çaltlandyryp, täze tehnologiýalary kärhanalara ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Önümçiligiň giňelmegi täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, Döwlet býujetine girýän serişdeleriň artmagy bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, ekologik abadançylyk ýaly möhüm ugurlary ösdürmäge şert döredýär. Çünki ylmy-tehniki öňegidişlik, saýlap alan ugrundan kämillige ýeten hünärmenler, ilatyň sagdynlygy we daşky gurşawyň abadanlygy islendik ýurduň durnukly ösüşi üçin zerur bolan wajyp şertlerdir. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty ykdysadyýeti ählitaraplaýyn ösdürmäge mümkinçilik berýär. Watanymyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, ykdysadyýetiň depginli ösmegi, kuwwatly serişde we çig mal binýadynyň bolmagy, emele gelen amatly maýa goýum ýagdaýy, iň esasysy-da, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasaty dünýä ýurtlaryndan uly möçberli maýa goýumlary çekmegiň esasy şertleridir. Milli ykdysadyýetimize goýberilýän maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli ýokarlanmagy bilen birlikde, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy artýar. 2022-nji ýylda ýurdumyzda täze iş orunlarynyň 4 müňe golaýy döredilip, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 76-sy gurlup ulanmaga berildi. Eksport harytlarynyň möçberi bolsa, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 43,6 göterim ýokarlandy. Şeýle görkezijiler geljekki ösüşlere giň ýol açýar. 

                                                                   

Maýa goýumlaryň özleşdirilişi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gysga we uzak möhletleýin ösüş ugruny kesgitleýär. «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ykdysadyýetine 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutuldy. Ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň, 44,4 göterimi bolsa durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Şol serişdeleri özleşdirmegiň hasabyna ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň 1 million 58,5 müň inedördül metrini, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň 23-sini, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek, Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlaryny, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, orta mekdepleriň 15-sini we çagalar baglarynyň 3-sini işe girizmek meýilleşdirildi. Şol wezipeleriň bir bölegi eýýäm berjaý edildi.  

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.  

                                                                   

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda dürli medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryň gurluşygynda işler dowam edýär.  

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzda emele getirilen işewürlik gurşawy önüm öndürijileriň we maýadarlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetiň gaýtadan işleýän pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem senagatyň täze ugurlaryny döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy zawoddyr fabrikleri, önümçilik toplumlaryny ýokary hilli we ekologik taýdan arassa çig mal bilen üpjün etmäge şert döredýär. Şeýle şertlerde geljegi uly taslamalaryň amala aşyrylmagy milli senagatymyzy meýilnamalaýyn esasda okgunly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmäge ýardam edýär.  

                                                                   

Biziň geljekki ösüşlerimiz ýaş nesliň hünär kämilligi, ukyp-başarnygy, işjeňligi bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin giň şertler döredilýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan döwründe ýaş nesliň bilimlerini we başarnyklaryny peýdalanmak aýratyn ähmiýete eýedir. Ýaşlar telekeçiligini ösdürmek üçin döredilýän kanunçylyk binýady we bu ugra goýberilýän maýa goýum serişdeleri işewürligiň innowasion ösüşine, önümçilige täzeçil çözgütleriň ornaşdyrylmagyna, milli önümleriň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna itergi berer. 

                                                                   

Watanymyzyň gülläp ösüşi we halkymyzyň bolelin ýaşaýşy ýurdumyzyň ykdysadyýet, senagat, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ugurlarda bäsdeşlige ukyplylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilmegi we çuňňur oýlanyşykly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi degişli ugurlarda uzak geljegi nazarlaýan ösüşi gazanmakda esasy şertlerdir.  

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.