Milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi
Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, 25-nji fewralda Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ol her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçiriler.
Diýarymyzda her ýylda ahalteke bedewleriň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini äşgär edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ol alabaýlaryň başarnygyny, özboluşly häsiýetlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezýän halkara bäsleşigiň geçirilmegi hem-de onuň ýeňijisine “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” derejäniň berilmegi babatda aýratyn möhümdir.
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.
Bu ýere ýygnananlar asylly däplere, milli mirasa hormat goýmagyň hem-de wepalylygyň özboluşly nyşanyna öwrülen gadymy alabaý itlerini gorap saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi.
Alabaý hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginiň aýratyn mowzugy bolup durýar. Milli Liderimiziň şahyrana zehini netijesinde, milletiň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri bilen birlikde alabaýlaryň gaýduwsyzlygynyň, wepadarlygynyň waspy ýetirilýär.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow öz çykyşynda alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna öwrülendigini belledi. Bu gün olar türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olary saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ýaly pederlerimiziň asylly däpleri häzirki döwürde hem dowam etdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän ornunyň ähmiýeti barada gürrüň berilýär hem-de bu kitap alabaýlara bolan milli gatnaşyklaryň aýratynlyklaryna, olaryň ösdürilip ýetişdirilişine we saklanyşyna içgin aralaşmaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiziň bu eseri şöhratly alabaýlaryň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, ahalteke bedewleri hem-de türkmen halylary ýaly gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýan alabaýlaryň medeni aýratynlyklaryny açyp görkezýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, alabaý halkyň medeniýetiniň möhüm bölegidir. Ol halkymyzyň aňynda sazlaşyk, gözellik, diňe bir maddy däl, eýsem, ilkinji nobatda, ruhy gymmatlyk hökmünde özboluşly ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde bu ýörelgeler öz wajyplygyny ýitirmän, eýsem, mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Munuň özi halkymyzyň köp nesilleriň buýsanç duýgularyny hem-de halk seçgiçiliginiň ýokary derejesini kemala getirmäge mümkinçilik beren yhlasly zähmetiniň aýdyň miwesidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan maksatnamalaýyn we netijeli işleri biziň edermen, wepaly we kuwwatly alabaýlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagyna ýardam edýär.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk seçgiçiliginiň we häzirki zaman dünýä ylmynyň usullaryny ulanmak arkaly alabaýlary ulgamlaýyn esasda köpeltmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň çäklerinde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini saklamagyň we wagyz etmegiň bu düzümiň işiniň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
Eziz Diýarymyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri we ýetilen derejeleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” žurnaly döredildi. Bu ýöriteleşdirilen žurnal kinologiýa ugry bilen çäklenmän, şu ulgamyň medeni ugruna möhüm ähmiýet berýär. Çünki onuň wezipesi alabaý itleriň saklanylmagyny we ösdürilmegini wagyz etmekden ybaratdyr. Häzirki zaman usulynda çap edilen we bezegli žurnalyň sahypalarynda alabaýlar hakynda örän gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Alabaý halkymyzyň ykbalynda, halk döredijiliginde, edebiýatynda we filosofiýasynda möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda itşynaslygyň häzirki zaman düzüminiň döredilmegi bu ugurda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berdi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy ulanylmaga berildi. Änew şäherinde bolsa weterinar hassahana we öý haýwanlaryny saklamak üçin dünýä ölçeglerine gabat gelýän desga guruldy. Döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezi haýwanlara öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek, keselleri ýüze çykarmak we ony ýokary derejede bejermek üçin öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.
Döwlet serhet gullugynda “Türkmen alabaý” tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi açyldy. Bu gün assosiasiýa tarapyndan Ahal welaýatynda karantin merkezi, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri gurulýar.
Mundan başga-da, paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumy bina edilýär. Umuman, bularyň ählisi döwletimiziň alabaý itleri baradaky yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ugurda halkara gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO hem-de beýleki iri abraýly guramalar, şol sanda daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik şahslar, dünýäniň dürli döwletlerinden bolan hususy itşynaslar bilen degişli uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Assosiasiýanyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen däplerini Adamzadyň maddy däl, medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Olaryň hatarynda alabaý itlerini ösdürmek ugry hem bar.
Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde alabaýyň muşdaklarynyň sany artýar. Şunuň ýaly ägirt uly gyzyklanmalary nazara almak arkaly, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň web-saýtyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu alabaýlary ösdürmek we köpeltmek boýunça hünärmenleriň, alymlaryň hem-de alabaýlaryň muşdaklarynyň meşhur itleriň taryhy watanynda duşuşmaklaryna şert döreder.
Pederlerimiz daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket etmegiň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini döredipdirler we bize miras goýupdyrlar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen we halkymyzyň aňynda pugta orun alan jemgyýetimiziň bu ýörelgeleri häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar diýip, S.Berdimuhamedow belledi.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu düzümiň agzalarynyň arassa ganly itleriň saklanylmagyna, täze ugurlaryň döredilmegine, alabaýlaryň baş sanynyň artdyrylmagyna gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işlerini yzygiderli alyp barjakdyklaryna ynandyrdy.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen alabaýlarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda bar bolan gorag itleriniň hatarynda öňdäki orunlara mynasypdygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alabaýlary olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny ýitirmän, ýokary hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr.
Şeýle hem çykyş eden hünärmenler we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Weterinar lukmançylygy” fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynda täze hünäriň — kinologiýa hünäriniň açylandygyny, talyplaryň bu hünäri ilkinji gezek özleşdirmek boýunça degişli bilim alýandyklaryny nygtadylar.
Alymlar itleri eldekileşdirmegiň taryhyny düýpli öwrendiler. Türkmenistanyň çäginde geçirilen arheologik gözlegleriň maglumatlaryna laýyklykda, alabaýlaryň örän gadymydygy we türkmenleriň bu itlere özboluşly garaýşynyň bardygy hakynda aýdyldy.
Alabaýlar ýeňşe bolan erki, beden we ruhy güýji, mähirliligi bilen tapawutlanýarlar. Türkmenler bedewi arzuwy, alabaýlary bolsa bagty hasaplapdyr. Alabaýlara şeýle baha berilmegi olaryň üstünligini we ýeňşini alamatlandyrýar diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça alabaýyň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde seçilip alynmagy tötänden däldir.
Türkmenistanda asyrlardan miras galan milli gymmatlyklar aýawly saklanylýar we olara sarpa goýulýar. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz ýaly ähmiýetli medeni mirasymyz bilen bir hatarda, alabaý itleri dünýäde uly şöhrata eýe boldy. Ol türkmen halkynyň sazlaşyk, gözellik, dostluk we söýgi hakyndaky düşünjesini aýdyň beýan edýär. Pederlerimiz çydamlylygy we aýratyn wepalylygy bilen tapawutlanýan itleriň tohumyny kemala getirmegi başardylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli itşynaslyk däplerini saklamak hakynda edýän yzygiderli aladasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri aýdylýar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22209?type=feed
Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Aşgabat şäheriniň güni we onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň köçelerini abadanlaşdyrmak we arassaçylygy saklamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň geljegi nazarlaýan toplumlaýyn ösüşe yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendigini belläp, şäher hojalygyny, jemagat gulluklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu maksat üçin bu ulgamdaky iň oňat dünýä tejribelerini öwrenmek hem-de şolary gözellik we ekologiýa düzümlerini öz içine alýan abadançylyk boýunça gurluşyk taslamalary hem-de meýilnamalar işlenip taýýarlanylanda ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Aşgabadyň binagärlik keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri we nusgalyk, döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşmalydyr, türkmen paýtagty belent derejesiniň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şöhratly 140 ýyllyk we Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllyk şanly seneleriniň toýuna ýokary derejede taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, bu wakalara gabatlanylyp geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglylykda, wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine anyk tabşyryklary berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow alnyp barylýan işler, welaýatyň bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarynda bellenen agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçirmek, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak ugrunda zerur işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlanylýar, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.
Hasabatyň dowamynda häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigini, şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurlan döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyp, ulanmaga berilmegine taýýarlyk görülýändigini habar berdi.
Şeýle hem häkim Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, gök öwüsýän maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, welaýatda gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur mukdarda gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň öz topragymyzda öndürilen önümlere islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, ekilen ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl öndürmek üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegi hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň bellenen möhletlerde ekilmegini üpjün etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi, baglaryň ekiljek ýerleriniň we zerur nahallaryň möwsüme doly taýýarlanylmalydygy barada hem anyk görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň Ak bugdaý we Kaka etraplarynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanalary şu ýylyň mart aýynda ulanmaga bermek üçin zerur işleri geçirmek barada degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şonuň ýaly-da, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere we häkime ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin çäreler barada hasabat berdi.
Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda degişli işleriň durmuşa geçirilişi hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, ekerançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ugrunda yzygiderli çäreleriň görülýändigi barada habar berildi.
Ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, bugdaýa ideg edilişini, hususan-da, bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmek maksady bilen, ak ekinlere mineral dökünleri bermek we olara ösüş suwuny tutmak üçin zerur tagallalar edilýär.
Şeýle hem welaýatda täze ýyladyşhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin bellenilen işleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalar edilýär.
Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de bu işleriň öz wagtynda geçirilmegini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ak bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehniki ylmyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek barada görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ekilen ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl öndürmek üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň hem-de meýilleşdirilen beýleki gök-bakja ekinleriniň bellenen möhletlerde ekilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwlet maksatnamalaryndan ugur alnyp, ýazky bag ekmek möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi, baglaryň ekiljek ýerleriniň we zerur nahallaryň möwsüme doly taýýarlanylmalydygy barada häkime hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Türkmenbaşy etrabynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanany mart aýynda ulanmaga bermek üçin zerur işleri geçirmek barada degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak barada görkezmeleri berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, welaýatyň bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarynda bellenen agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegi, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak ugrunda zerur işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Welaýatda gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görülýär, ýerler we zerur gowaça tohumlary möwsüme taýýarlanylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň depginini artdyrmak, bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek ugrunda tagallalar edilýär.
Häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri degişli derejede çözmek boýunça yzygiderli esasda amala aşyrylýan çäreler hem-de bu ýerde gurlan döwrebap ýyladyşhananyň açylyp, ulanmaga berilmegine taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmelidigini belläp, gowaça ekişine degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň depginini güýçlendirip, bu işleri bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy.
Welaýatda ekologiýa abadançylygynyň gözbaşy bolan ýazky bag ekmek möwsümine hem ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Görogly etrabynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanany mart aýynda ulanmaga bermek üçin zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we häkime ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýazda gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýa ideg işleriniň geçirilişi, mineral dökünler bilen iýmitlendirilişi hem-de ekinlere ösüş suwunyň tutulyşy barada bellenip geçildi.
Häkimiň habar berşi ýaly, welaýatda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.
Hasabatyň dowamynda häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigini, welaýatyň çäginde gurlan döwrebap ýyladyşhananyň açylyp, ulanmaga berilmegine taýýarlyk görülýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, sebitde gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur gowaça tohumyny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.
Döwlet Baştutanymyz ekilen ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl öndürmek üçin, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, meýilleşdirilen beýleki gök-bakja ekinleriniň bellenen möhletlerde ekilmegini üpjün etmek barada häkime we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz eziz Diýarymyzda ekologiýa meselesine uly üns berilýändiginden ugur alnyp, ýazky bag ekmek möwsümine hem ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanany mart aýynda ulanmaga bermek üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, şol ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler, şonuň ýaly-da, bugdaý meýdanlarynda ideg we ösüş suwuny tutmak işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl almak maksady bilen, bu ekinlere degişli kada laýyklykda ideg edilýär hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin zerur çäreler görülýär.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin işleriň, şol sanda täze gurlan ýyladyşhananyň bellenilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagy ugrunda zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we oňa ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehniki ylmyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek hem-de gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýeri we zerur gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz ekilen ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl öndürmek üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň, şeýle hem meýilleşdirilen beýleki gök-bakja ekinleriniň bellenen möhletlerde ekilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine hem ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sakarçäge etrabynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanany mart aýynda ulanmaga bermek üçin zerur işleri geçirmek barada degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere we häkime tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda öňde goýan wezipelerini berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, degişli gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak gowaça ekişine taýýarlyk görülmegi ýaly möhüm meselä ünsi çekip, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, adamlaryň amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda bellenilen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, oba hojalygyna suwaryşyň tygşytlaýjy enjamlaryny, täze usullaryny ornaşdyrmak, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň tehniki üpjünçiligini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şol sanda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny güýçlendirmek, bu ugurda dünýä tejribesinden peýdalanmak, suw akabalaryny we ýaplary arassalamak işlerini ýola goýmak boýunça işleri talabalaýyk guramagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere hem-de häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, zerur bolan işleri geçirmegi, bu ugurda önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz biziň esasy maksadymyz azyk bolçulygyny üpjün etmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr diýip, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň hökmany şert bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, her bir ýolbaşçynyň özüne ynanylan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli, yhlasly we päk ýürekden çemeleşmegi möhüm talapdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22162?type=feed
Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti sanly ulgama geçmekdir. Dünýäniň ähli döwletlerinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasion ösüş we täze iş orunlarynyň, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen baglydyr.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ykdysadyýetiň ähli pudagyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenilmegi we ýörite mejlislerde bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlarynyň bellenilmegi we beýleki işler sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm tapgyry boldy.
Sanly ulgama geçmegiň çäklerinde ygtybarly IT infrastrukturany döretmek hem möhümdir. Döwrebap sanly infrastrukturanyň bolmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçiş döwründe ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulmagyna ýardam berýär.
Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň fewralynda ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda halkara tejribeden ugur alyp, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, internet hyzmatlarynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny gazanmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Häzirki wagtda e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynyň mümkinçilikleri düýpli ösdürilýär. Pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen, elektron görnüşde petekleri satmak, ýük-ulag hyzmatlaryna sargytlary kabul etmek, taksi hyzmatyndan peýdalanmak, şeýle-de «Bir penjire» ulgamynyň kömegi bilen jemagat, ýaşaýyş, bank hem-de beýleki birnäçe hyzmatlardan peýdalanmak we olaryň töleglerini onlaýn tertipde geçirmek mümkinçiliklerini girizmek hem-de kämilleşdirmek bilen bagly işler tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Ýakyn geljekde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalarynyň awtobuslarynda, ýeňil taksi we ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we JIPES/Glonass ulgamlaryny, internet arkaly hyzmatlary we ýol petekleriniň satylmagyny giňden ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Sanlylaşdyrmak ykdysadyýeti we maliýe ulgamyny hil taýdan netijeli ösdürmegiň we ony dolandyrmagyň oňyn guraly bolup, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga şert döredýär. «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň ýola goýulmagy, «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň işe girizilmegi, «Mobil töleg terminaly», şeýle hem bölek satuw we hyzmat ulgamlarynda QR-kod ulgamy arkaly hasaplaşyklary geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilmegi ýaly möhüm işlerde düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan bellige almak babatda sanly gurşawda hyzmatlar ýola goýuldy. Bu hyzmatlaryň hatarynda täze dörediljek kärhananyň adyny tassyklamak, olar bilen bagly resminamalary hasaba almak, ýuridik şahsyň möhletini uzaltmaga degişli resminamalary resmileşdirmek bilen bagly sanly hyzmatlaryň ençemesi bar.
Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegi nazarlaýan birnäçe taryhy ähmiýetli resminamalara gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» bar. Şeýle-de eksport-import amallary üçin «Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda çözgüt kabul edildi.

Döwletimiziň ykdysady ösüşinde, sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmekde göz öňünde tutulan belent maksatlara ýetmekde milli Liderimiziň kabul eden bu möhüm çözgütlerine aýratyn orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara standartlara laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigi nygtaldy.
Şulardan görnüşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi giň gerime eýe bolýar, sanly ulgama geçiş döwründe oňyn netijeler gazanylýar. Sebäbi sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş depginini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzda sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri geljekde-de rowaç, jany sag, ömri uzak bolsun!
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
çeşme: "Nesil" gazeti https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/21666
Geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýylyň başynda Mejlisiň deputatlary bilen geçirýän duşuşygy bolup, onuň barşynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin kanunçykaryjylyk babatda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bu ugurda geçirilýän işiň esasy wezipeleri hökmünde bellenildi.
Bu, ilkinji nobatda, Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmäge, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek bolup durýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda telekeçilige döwlet tarapyndan giň goldaw bermegiň, paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Döwlet serişdelerini netijeli ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek zerur bolup durýar.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijilere goldaw bermek, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek parlamentiň işiniň möhüm ugry hökmünde görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň ünsüni ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetinde ygtybarly hukuk esaslarynyň döredilmegine çekip, döwrebap jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň, durmuş şertlerini gowulandyrmak, tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmagyň hem-de internet ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin elektron usuly ornaşdyrmagyň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň we çig malyň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi hem-de olary gaýtadan işlemegi, ýokary goşmaça bahaly taýýar önümleriň çykarylmagyny milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, maýalary çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen we bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan bilelikdäki kärhanalary döretmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertleri üpjün edilmelidir.
Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda saglygy goraýyş, ilatyň arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek, maşgala gatnaşyklary, ýaşlar syýasaty, raýatlaryň durmuş goraglylygy, olaryň işlemäge, bilim almaga bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmek babatda kanunlary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleleri hem gozgady.
Ýangyç-energetika, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda täze ölçegleri girizmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.
Daşky gurşawy goramak, atçylygy has-da ösdürmek boýunça täze kanunlary kabul etmek hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler ozalkysy ýaly zerur bolmagynda galýar.
Milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilikli ugruny üpjün etmegiň hukuk gurallaryny kämilleşdirmek barada aýtmak bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamakda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam etmek meselelerine ünsi çekdi.
Geçirilýän konstitusion özgertmeleriň çäklerinde, ýurdumyzyň saýlaw ulgamy boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňümizdäki saýlawlary barada durup geçip, olaryň ozalkylardan bütinleý tapawutlanýandygyny belledi. Göni däl diýlip atlandyrylýan şeýle saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary hem ilkinji gezek geçirilýär. Halkara hukuga laýyklykda, bu saýlawlar demokratik saýlaw hukuklarynyň düzümine girýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça wezipelerden ugur almak arkaly, bu saýlawlary ýokary derejede, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirmegiň möhümdigini belledi.
Rowaçlyklaryň ýyly boljak parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, nesip bolsa, biz eziz Watanymyza çäksiz buýsanyp, öňde goýan uly maksatlarymyza hem-de belent sepgitlerimize ynam bilen ýeteris. Çünki Garaşsyz, Bitarap döwletimiz arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Geçen hepdäniň wakalary barada gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiziň 22-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine garalandygyny aýtmak gerek.
Garalan meseleleriň hatarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, Aşgabady abadanlaşdyrmagyň barşy, dürli maksatly desgalaryň taslamalaryny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän dabaralaryň maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleler boldy. Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň bu ugurda wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşandy hakynda habar berildi.
Milli Liderimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen sepgitleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi berk talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi. Şunda desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletde tamamlanmagyna hem-de olaryň milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişe, bugdaý ekilen ýerlerde agrotehniki işleriň, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli agrotehniki talaplara laýyklykda ýokary hilli geçirilmegi, ýüpekçi kärendeçileriň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Ýazky bag ekmek möwsümini geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.
Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek, şol sanda Mary welaýatynda we paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleriniň hem-de dabaralarynyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak maslahatda garalan meseleleriň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň taslamasy hödürlenildi. Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli şertler dörediler.
Milli Liderimiz sährada aýry-aýry topar bolup gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu ugurda netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy.
23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Hususan-da, bu merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugurlary ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda döredilen Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek, türkmenistanlylara hödürlenilýän täze aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, bu gullugyň esasy wezipesi işleri döwrebap derejede guramakdan, merkezleşdirilen gözegçiligi amala aşyrmakdan ybaratdyr.
24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şäheri gurmagyň binagärlik taslamalary, şol sanda “Aşgabat-siti” täze ýaşaýyş toplumy üçin işlenilip taýýarlanylan hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda guruljak döwrebap desgalaryň taslamalary hödürlenildi.
Şolaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, medeniýet hem-de sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň binalarynyň hem-de açyk sport meýdançasynyň taslamalary bar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilýän ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tanyşdyrylyşyň dowamynda “Daşkent” seýilgähiniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynda bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada habar berildi.
Şanly sene mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň hatarynda täze desgalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy, “Ak şäherim — Aşgabat” atly ХХ halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, halkara onlaýn duşuşyklar, media-forumlar, sport çäreleri, at çapyşyklar bar. Şäheriň gününiň öň ýanynda “Aşgabat bahary” gysga göwrümli çeper filmleriň festiwaly jemleniler.
Milli Liderimiziň garamagyna Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli nyşanyň şekil taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň netijelerini jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny köp babatda onuň paýtagtynyň kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşiniň depginini, jemgyýetiň medeni hem-de ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas kuwwatyny aýdyň görkezýän şäherdir.
Döwlet Baştutanymyz seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, sport hem-de çagalaryň oýun meýdançalarynyň gurluşygyna we ulanylyşyna hem-de umuman, adamlaryň amatly we işjeň dynç almagy üçin şertlere, şäheriň ekologiýa abadançylygyna uly üns berilmelidigini aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşan adamlara dabaraly ýagdaýda döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutular. Şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasy dabaraly açylar.
26-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda garalan meseleleriň hatarynda Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýrama taýýarlyk görmek bilen bagly mesele boldy. Şol waka mynasybetli paýtagtymyzda täze, amatly awtobuslaryň 400-si işe giriziler. Şäher içindäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara mugt hyzmat etjekdigi bellärliklidir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen çagalaryň ene-atalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlaryň gowşuryljakdygyny aýtdy hem-de körpelere özboluşly atlary dakmagy — oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagyny teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň syýasy durmuşynyň, durmuş-ykdysady, tehnologiýa we medeni taýdan ösüşiniň merkezi bolan Aşgabadyň abraýyny halkara jemgyýetçilikde giňden wagyz etmäge gönükdirilen şanly çäreleri geçirmek baradaky toparyň düzümi we meýilnamasy tassyklanyldy.
Hökümetiň mejlisinde garalan beýleki meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak we ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda özgertmeleriň barşy baradaky meseleler boldy.
Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreleriň meýilnamasy hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen düzümine 7 — 14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary girjek Türkmenistanyň “Altyn nesil” çagalar guramasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ykdysady Hyznatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary derejeli 14-nji mejlisiniň işine türkmen tarapynyň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bu mejlisi Türkiýe Respublikasy 2021-nji ýylyň 4-nji martynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirer.
Şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmegi Türkmenistan kabul eder. Şunuň bilen baglylykda, degişli konsepsiýanyň taslamasy işlenilip düzülip, onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şu ýylyň mart aýynda YHG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyna garaşylýar. Şol saparyň dowamynda Aşgabatda YHG-nyň gününde bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek baradaky meselä garalar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň maksatlaryna, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän maýa goýum mümkinçiliklerini has işjeň amala aşyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýurdumyzyň şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmeginiň esasy ugurlarydyr.
Mejlisde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli eziz Diýarymyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Türkmen alabaýynyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu baýramçylyk her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen birlikde dabaraly ýagdaýda belleniler.
Halkara derejeli wakalaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýokary wezipeli zenanlarynyň diologynyň çäklerinde, bu ýurtlaryň milli parlamentleriniň wekilleriniň konsultatiw duşuşygy boldy. Onlaýn forumyň gün tertibi BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy. Şeýle hem 2021-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşde duşuşyk gurady. Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriň ilçileriniň hem-de wekilleriniň, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan wideoduşuşygyň barşynda ulag-logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy 2021-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.
Mejlisiň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu çärä 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.
Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň ugurlary, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dawalaryň öňüni almak hem-de şolary kadalaşdyrmak, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we ekologiýa netijelerini aradan aýyrmak hem-de gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Aşgabatda wideoaragatnaşyk arkaly Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam etjek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de birnäçe anyk wezipeleri kesgitlediler. Obasenagat toplumy, maşyngurluşyk, dokma we ýeňil senagaty, gurluşyk senagaty, ulag-kommunikasiýa hem-de beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.
Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda anyk maksatlary gazanmakda milli Liderimiziň strategiýasynyň öňdengörüjiliklidigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şol strategiýa eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmakdan, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22045?type=feed