Türkmenabatdan Warşawa çenli

Geçen fewralda Türkmenabadyň pamyk öndüriji kärhanasynyň durkunyň täzelenilip, has kuwwatly görnüşde işe girizilenine 7 ýyl doldy. Başgaça aýtsak, bu kärhana 7 ýyl mundan ozal täzeden dünýä indi. Onda-da näderejede?!

Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň aprel aýynda geljegine uly umyt bildirilýän bu kärhananyň durkuny täzeläp, mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky taryhy Karara gol çekipdi. Täze kärhanada ulanyljak enjamlar bolsa bu Karardan alty-ýedi aý çemesi ozal Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen dokma enjamlarynyň ITMA ― 2011 halkara sergisinde saýlanyp-seçilipdi. Has takygy, ýurdumyzyň wekiliýeti bu ugurda baý tejribe toplan we dünýä meşhur şweýsar hem-de italýan kompaniýalarynyň enjamlaryna isleg bildiripdi. Hut şol enjamlar hem sähel salymdan soň Türkmenabatdaky kuwwatly kärhanada ornaşdyryldy. Has takygy, bu ýerde Şweýsariýanyň «Uster» kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan enjamlary kärhananyň barlaghanasynda pagta süýüminiň we nah ýüplükleriň fiziki-mehaniki görkezijilerini ölçeýän bolsa, «Xorella» atly başga bir kompaniýada öndürilen enjamlar nah ýüplüklere çyglylyk berýär. Şeýle hem ýüplükleri awtomatiki usulda gaplamak üçin Italiýanyň «Zancaner», sowadyş, ýyladyş we howany tämizleýiş ulgamlarynda Şweýsariýanyň «Luwa» kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar.

Durky täzelenilip, mümkinçilikleri artdyrylandan soň kärhana ýylda 4500 tonna nah pagtany gaýtadan işläp, ondan 4 müň tonna ýokary hilli ― Open End ýüplüklerini öndürip bilýär. Open End dokma senagatynda ulanylýan iň ýokary hilli ýüplük görnüşleriniň biridir.

― Häzir kärhanamyzda 17/1-den 34/1 ölçege çenli ýüplükleriň dört görnüşi öndürilip, her biriniň agramy 2,2 kilograma çenli ýetýän dükjelere dolanylýar. Önümçilik üçin çig mal welaýatymyzyň çägindäki pagtany gaýtadan işleýän kärhanalardan getirilýär. 3 çalşykdaky işiň netijesinde her gün 11 tonna çenli pamygy ýokary hilli ýüplüge öwrüp bilýäris ― diýip, kärhananyň önümçilik bölüminiň başlygy Altyn Nowruzowa gürrüň berýär.

Fabrigiň hasaphana bölüminde bolsa ýylyň ilkinji iki aýyndaky önümçiligiň ýagdaýy bilen gyzyklandyk. Ýanwar we fewral aýlarynda bu ýerde meýilnamada göz öňünde tutulan 526,4 tonna ýüplüge derek 529 tonnadan hem gowrak ýüplük öndürilipdir. Şunda ýanwar aýyndaky önümçilik 272, fewraldaky önümçilik bolsa 257 tonnadan hem geçýär. Şeýlelikde göz öňünde tutulan meýilnama 100,5 göterim berjaý edilipdir. Geçen ýylyň ilkinji iki aýy bilen deňeşdirilende bolsa, 105 göterim ösüş gazanylypdyr. Çünki bu ýerde geçen ýylyň ýanwar ― fewral aýlarynda 504,1 tonna önüm öndürilen eken.

Pul hasabyndaky görkezijiler bolsa has ýokary. Iki aýda 3 million 685 müň manada golaý girdejä garaşylan bolsa, alnan girdeji 6 million 10 müň manada golaýlapdyr. Şeýlelikde pul hasabynda meýilnama 163 göterimden hem gowrak berjaý edilipdir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 125 göterime ýakyn ösüş gazanylypdyr.

Mundan 7 ýyl ozal hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan kärhanada ýylyň iki aýynda öndürilen 529 tonnadan gowrak önümiň 383,4 tonnasy (72 göterimi) eksporta ugradyldy. Türkiýe, Polşa, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletler Türkmenabatda taýýarlanylan nah ýüplükleri esasy import edijilerdir.

Uzak ýyllaryň dowamynda welaýatymyzdaky dokma kärhanalaryň birnäçesine başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk eden Nargül Abdyýewa häzir bu fabrigiň agzybir işgärleri bilen işleşýär. Onuň garamagyndaky 148 işgäriň deň ýaryndan gowragy ― 75-si gyz-gelinlerdir. 3 çalşykda işleýän işgärler dört topara bölünipdirler. Şunlukda her dört günden bir toparyň dynç almagy üçin mümkinçilik döredilipdir. Olar ýörite awtobus we gyzgyn nahar bilen üpjün edilýärler. Bu ýerde işgärleriň tehniki howpsuzlygy üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Bu senagat kärhanasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly zähmet ýeňşi ― müňlerçe tonna önüm bilen barmagy meýilleşdirýär. Bu maksadyň myrat tapjakdygyna bolsa işleriň ýylyň ilkinji aýlaryndaky depgini hem güwä geçýär.

Nasiba DURDYBAÝEWA,

baş hasapçy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23242