«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen iş duşuşygy

2021-nji ýylyň 15-nji martynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, bankyň ýurtda amala aşyrylýan taslamalaryna gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen iş maslahaty geçirildi.

Duşuşyga, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri we ministrligiň degişli müdirilkleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň wekilleri bilen ministrligiň hünärmenleriniň arasynda ministrlik tarapyndan öň hödürlenen infrastruktura taslamalary we ýurtda maýa goýum işi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi