Halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak milli Liderimiziň syýasatynyň özenidir

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. Şol ugurlar bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti gurmak, ylym-bilimi, ýokary tehnologiýalary ileri tutmak, ýurdumyzy innowasion görnüşde ösdürmek, daşary ýurtlar hem-de esasy halkara guramalar bilen netijeli köpugurly gatnaşyklary, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek wezipelerini öz gerimine alýar.

9-njy martda hormatly Prezidentimiz “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşjak bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň dünýäniň Olimpiýa hereketini ösdürmäge, sporty wagyz etmäge mynasyp goşandydygyny belläp, milli Liderimiz dünýä derejesindäki iri ýaryşyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysynyň bardygyny nygtady.

Halkara welosipedçiler birleşigi bu ýaryşy ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça uly işleri amala aşyrmaga, şol sanda Türkmenistana gelýän ähli türgenlere degişli sanjymlaryň edilmegi babatda ýardam berer. Welosiped sportuny hem-de ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşaw üçin howpsuz ulag görnüşi hökmünde welosipedi wagyz etmäge ýardam edýän mahabat we düşündiriş işlerine aýratyn üns berler.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli tagallalary netijesinde ýurdumyzda sport hereketi giň gerime eýe bolýar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen bir hatarda, ýokary görkezijiler sportunyň ösdürilmegine, dünýä derejeli türgenleriň we tälimçileriň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine yzygiderli üns berýär.

10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda mynasyp bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Sport hereketiniň ahlak ýörelgeleriniň degişli derejede berjaý edilmändigi üçin, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilogram agram derejesinde altyn medal gazanan türgen bu medaldan mahrum edildi. Gaýtadan seredilen netijelere laýyklykda, milli ýygyndymyzyň türgeni iki altyn medalyň eýesi boldy we dünýä rekordyny täzeledi. Ol iki görnüşde jemi 179 kilogram (104 kg we 75 kg) agramy götermegi başardy.

Bu ajaýyp ýeňiş ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmäge, adamlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga gönükdirilen deňi-taýy bolmadyk döwlet syýasatymyzyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabarada eden çykyşynda belledi.

Türkmenistan soňky ýyllarda iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şolaryň hatarynda V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi hem-de 2018-nji ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly taryhy wakalar bar.Ýurdumyzda şu ýyl welotrek boýunça dünýä çempionaty, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry, 2022-nji ýylda bolsa Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň sport taryhynda ajaýyp sahypalaryň az ýazylmandygyny belledi. Türkmenistanda Watana şan-şöhrat getirýän hem-de dünýä sportunyň abraýyny artdyrýan ýene-de köp sanly çempionlaryň ýetişjekdigine berk ynanýandygyny aýtdy.

Sylaglamak dabarasyna sanly wideoaragatnaşyk arkaly Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Maýkl Irani hem-de Halkara agyr atletika federasiýasynyň baş sekretary, Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Mohammed Jalud gatnaşdylar.

Şeýle hem şol gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda türkmen türgenini, onuň tälimçisini sylaglamak dabarasy geçirildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly bilen sylaglanyldy. Döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri üçin Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türkmenistanyň “Gaýrat” medaly bilen sylaglanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa 2020-nji ýylda goýberilen, “Lexus LX 570 Sport Plus” kysymly ýeňil awtoulagy sowgat berildi, onuň tälimçisine bolsa täze öýüň açary gowşuryldy.

Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar döredilýän oňyn mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmak we ýaşlary beýik sport ýeňişlerine ruhlandyrmak ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmen dünýä çempionyny sylaglamak dabarasy dünýäniň iri habar beriş serişdeleriniň hem üns merkezinde boldy. Bu waka bagyşlanan wideorolikler “Euronews”, “Mir 24” ýaly belli halkara habarlar teleýaýlymlarynyň, türk habar beriş serişdeleriniň we beýleki ençeme teleýaýlymlaryňdyr saýtlaryň täzeliklerine goşuldy.

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, Türkmenistanda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça 5,9 göterime barabar bolandygyny belledi.

Ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlarynyň möçberi ABŞ-nyň 8 milliard 800 million dollaryndan gowrak bolup, şonuň 93 göterimi özleşdirildi.

Soňky ýyllarda gurluşyk-senagat toplumyna 2 milliard 682 million amerikan dollaryna golaý möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekildi. Şonuň häzire çenli 69,4 göterimi özleşdirildi.

Ulag-aragatnaşyk pudagyna 1 milliard 5 ýarym million amerikan dollary möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekilip, häzire çenli şol serişdeleriň 67,8 göterimi özleşdirildi.

Oba hojalyk toplumyna 822 million 200 müň amerikan dollary möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekildi we özleşdirildi.

Häzirki döwürde karzlar boýunça galyndy 607 million 700 müň amerikan dollaryna barabardyr. Şondan 145 million amerikan dollary şu ýylyň mart — dekabr aýlarynda gaýtarylmaga degişlidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we banklary bilen bilelikde degişli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň yzygiderli geçirilip, daşary ýurt puly bilen bagly amallaryň düzgünleşdirilmelidigine, banklarda müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň hem-de medeniýetini ýokarlandyrmagyň, müşderileriň manat serişdeleri resmi hümmeti boýunça daşary ýurt puluna çalşanda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçiligiň ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz täze önümçilikleri gurmak üçin daşary ýurt maýa goýumlary, şol sanda karz serişdeleri çekilende, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmalarynyň jikme-jik taýýarlanylmalydygyny belledi we taslamalaryň öz-özüni ödeýiş möhletlerini halkara tejribä laýyklykda seljermegi hem-de taýýar önümleri ýerlemegiň bazarlaryny öwrenmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiň depginini güýçlendirmek wajypdyr. Döwlet diňe ýurduň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny üpjün etmek üçin häkimiýet ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga zerur bolan emlägi dolandyrmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz diňe diwersifikasiýa ýoly bilen, hemmetaraplaýyn ösen ykdysadyýetiň uzak geljekde hem durnukly boljakdygyny belläp, öz möwritini geçirip barýan we geçiren, bäsdeşlige ukyply däl önümçilikleri aradan aýyrmagy, innowasiýalary, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga niýetlenen ykdysady gurşawy döretmegi, döwletimizi senagat taýdan ösen ýurda öwürmek üçin alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz maliýe we bank-karz ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmegiň ýollary barada hem durup geçip, karz serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmegiň we maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu bolsa diňe bir ykdysadyýet üçin däl, eýsem, raýatlar üçin hem şeýle bolmalydyr.

Milli Liderimiz esasy zady — häzirki döwürde ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen, hil taýdan ýokary derejede ösdürmegi we belende galdyrmagy üpjün etmäge ukyply ýaş ýolbaşçylaryň hem-de täze döwlet maksatnamalarynyň zerurdygyny aýratyn belledi. Ýurdumyzy ösdürmegiň täze maksatnamalary jemi içerki önümi düýpli artdyrmak wezipesini çözmäge mümkinçilik berer, ahyrky netijede bolsa mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga şert döreder.

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boldy.

Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününe bagyşlanan çärelere, milli senenamamyzdaky şanly seneleri bellemäge hem-de şu ýyl möhüm halkara çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Milli Liderimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanylan teklip hödürlenildi. Hususan-da, söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Hökümetiň mejlisinde Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjylarynyň çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak baradaky teklibi beýan edildi. Bu teklibi 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça bu etraba berlen pul baýragynyň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 1,5 gektar meýdanda ýerleşjek seýilgäh toplumynda dolandyryş binasyny, garbanyşhana, dükan we awtoulag duralgasyny gurmak hem-de dürli görnüşli attraksion enjamlaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyza sement kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” sement zawodynyň ikinji tapgyryny hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda “Lebap” sement zawodynyň ikinji tapgyryny gurmak hakyndaky Kararlary esasynda ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen “Beýik Bina” hususy kärhanasynyň we “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýetiniň arasynda degişli şertnamalaryň baglaşylandygy habar berildi. Häzirki wagtda bu kärhanalaryň dünýä ülňülerine laýyk derejede taslamalaşdyrylyşyna we önümleriň ýokary hilini üpjün edýän tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyna dahylly meseleler içgin öwrenilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna käbir düzümleriň işini kämilleşdirmek baradaky teklipler hödürlenildi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan”, döwlet Baştutanymyzyň “Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda” Kararyndan hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň merkezi edarasynyň düzüminde sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümini açmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümleriň Düzgünnamalaryny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, goşmaça bilimi höweslendirmek üçin zerur şertleri döretmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen, ýurdumyzda “Sanly çözgüt — 2021” atly bäsleşigi geçirmäge taýýarlyk görülýär. Onuň jemi “Türkmentel — 2021” halkara serginiň çäklerinde jemlener.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň serhetýaka çäklerinde gulluk edýän harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Habar berlişi ýaly, Döwlet serhet gullugynyň serhet galalarynda durmuş maksatly desgalaryň ençemesi guruldy we ulanmaga berildi, hususan-da, Balkan we Lebap welaýatlarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, Köýtendag hem-de Bäherden etraplarynda lukmançylyk edaralary guruldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinde degişli gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem Goranmak ministrligi tarapyndan Balkan welaýatynda has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeniýet öýüniň, mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de saglyk öýüniň gurluşygy dowam etdirilýär. Şol desgalary ýakyn geljekde ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň çäklerinde gurulýan ýyladyşhanalaryň gurluşygy tamamlandy we şu günler olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen täze toplumlar döwrebap tehnologik awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün edildi.

Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan iri dokma toplumlaryny hünärmenler bilen üpjün etmek üçin Ahal welaýatyndaky we Aşgabat şäherindäki başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň binýadynda degişli 2-3 aýlyk okuwlary guramak göz öňünde tutulýar.

Bilim ministrligi we Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde gysga möhletli ýörite okuwlaryň meýilnamasyny işläp düzmek hem-de bu kärhanalara gerek bolan ýokary bilimli hünärmenleri — tehnologlary, inženerleri we beýleki hünärmenleri seçip almak üçin işler alnyp barylýar.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylda Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek bellenildi.

Hepdäniň beýleki wakalary barada aýdanymyzda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” gol çekmek dabarasynyň bolandygyny bellemek gerek.

ABŞ-nyň Smitson institutynyň tebigy taryhyň milli muzeýiniň, muzeý işini guramak boýunça ýöriteleşdirilen “Gallagher & Associates” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, ýurdumyzyň muzeýleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde maslahat geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar muzeý işi ulgamynda tejribe alyşdylar hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlygy maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Maslahatyň barşynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnama: bilelikdäki we durnukly ösüş üçin sebiti birleşdirip” maksatnamasynyň esasy ugurlaryna, şonuň ýaly-da, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerine uly üns berildi. AÖB tarapyndan bu resminamada durmuşa geçirmek üçin bellenilen geljegi uly wezipeleriň milli ösüş meýilnamalary hem-de Durnukly ösüşiň maksatlary bilen sazlaşýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň baş direktorynyň birinji orunbasary Anton Zlatopolskiý bilen onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça maglumatlary alyşmak hem-de özara hyzmatdaşlyk babatynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Teleradiogepleşikler babatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Russiýaly kärdeşler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak hem-de olary beýan etmek üçin ýurdumyza çagyryldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de federal döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Mejlisde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we iki tarapyň hem netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti göni wideoaragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän “GDA-30” sergisine gatnaşdy.

Ýörite elektron enjamda wirtual diwarlyklarda daşary ýurtly geljekki hyzmatdaşlar hem-de köp sanly gatnaşyjylar Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ähli ulgamlarda gazanylan beýik üstünlikler, bar bolan uly eksport kuwwatymyz hem-de uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem göni wideoaragatnaşyk arkaly türkmen wekiliýeti GDA-nyň halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän “Dünýäniň özakymlylyk ýagdaýlary” atly syýahatçylyk kongresine gatnaşdylar. Onlaýn mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, syýahatçylyk ulgamyna işewürligiň işjeň çekilmegi syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksportynyň artmagyna ýardam berýär. Bu pudagy dolandyrmak we sanly ulgam arkaly ösdürmek ulgamynyň giňeldilmegi bolsa oňa diwersifikasiýa üçin täze itergi berip, Türkmenistanyň syýahatçylyk desgalarynyň hem-de ugurlarynyň ählisi barada maglumatlara halkara jemgyýetçiligiň giň elýeterliligini üpjün eder.

Kongrese gatnaşyjylar syýahatçylygyň ägirt uly durmuş, medeni we ykdysady ähmiýetini belläp, koronawirus pandemiýasy tamamlanandan we döwletara serhetler açylanyndan soň, ýokary düşewüntli bu ugry wagyz etmek, täzeden dikeltmek hem-de depginli ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de welaýatlaryň iri kitaphanalarynyň wekilleri wideomaslahat görnüşinde geçirilýän «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» atly halkara foruma gatnaşdylar. Çäre Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de kitaphana işiniň iň oňat tejribesi we GDA ýurtlarynyň kitaphanalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi bilen tanyşdyrmaga bagyşlanyldy.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynyň işi hakynda hasabat berildi, “2020-nji ýylyň wehimleri: Arkalaşygyň kitaphana jemgyýetçiligine degişli meseleler” atly pikir alyşmanyň barşynda bolsa çäklendirilen şertlerde kitaphanalaryň işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi, oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäkleriniň sanitar goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça bilelikdäki hereketleriň orta möhletleýin meýilnamasynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ýerasty baýlyklaryny 2021 — 2025-nji ýyllarda gözlemek, peýdalanmak hem-de goramak boýunça bilelikdäki işleriň geljekki meýilnamasy kabul edildi we maslahatyň gün tertibine girizilen resminamalaryň 12-si makullanyldy.

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy. Dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri milli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda berjaý edilmeginde geçirildi. Olaryň terjimehallary «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde hem-de ýerli gazetlerde çap edildi. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň saýtlarynda öňde boljak saýlawlar hakyndaky maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.

Welaýatlarda, şonuň ýaly-da, Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda dalaşgärleriň ynanylan wekilleri arkaly olaryň terjimehallary we maksatnamalary hödürlenildi.

Dalaşgärler özlerine bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine saýlawçylary ynandyrdylar hem-de berlen sowallara jogap berdiler.

13-nji martda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.

Garamaga çykarylan kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary ýokarda agzalan hukuk resminamalarynyň Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen depginli ösdürmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini oňyn çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Geçen hepdede sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly din işgärleriniň maslahaty geçirilip, onda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň din işgärleri hem-de hormatly ýaşulular dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şonuň ýaly-da, maslahatyň barşynda guramaçylyk meselelerine seredildi.

Ine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň aýdyň beýanyna öwrülen geçen hepdäniň esasy wakalary şulardan ybarat. Olaryň baş maksady bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdan, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmakdan, Diýarymyzyň dünýädäki abraýyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23157?type=feed