Türkmenabat galla önümleri kärhanasy mundan sekiz ýyla golaý wagt ozal ― 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda açylyp, ulanylmaga berildi. Doly önümçilige 2014-nji ýylyň başynda girişen kärhanada milli Liderimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek babatynda alyp barýan işleriniň netijesinde önümçiligiň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär.
Muny şu ýylyň ýanwar ― fewral aýlaryndaky görkezijiler ýene bir gezek tassyklaýar. Bu ýerde ýylyň ilkinji iki aýynda ýokary we birinji sortly unuň 7 müň 801 tonnasy taýýarlanylypdyr. Munuň özi meýilnamada görkezileninden 1 tonna kändir.
Dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan kuwwatly kärhanada ýokary hilli unuň önümçiligini bökdençsiz ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Döwrebap enjamlar işleriň agramly bölegini awtomatlaşdyrylan ulgam bilen alyp barmaga mümkinçilik berýär. Eýýäm sekiz ýyldan bäri işläp gelýän kärhana 250-den gowrak adamy iş orunlary bilen üpjün edýär.
Kärhana bugdaý welaýatymyzyň ähli etraplaryndan getirilýär. Öndürilýän un bolsa diňe bir Jeýhun ýakasyndaky etraplara däl, goňşy welaýatlara hem ugradylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenabatda öndürilýän ýokary hilli unuň hyrydary ýetik.
Un bu kuwwatly kärhananyň ýeke-täk önümi däl. Bu ýerde mannyý ýarmasy, kepek, tüwi ýaly zerur önümler hem yzygiderli öndürilýär. Kärhanada ýylyň iki aýynda öndürilen mannyý ýarmasynyň 20, kepegiň 2 müň 351, tüwiniň bolsa 576 tonnasy ilata ýetirildi.
Taýýar önümleriň ählisiniň welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň ýerlerdäki jemgyýetleri tarapyndan elýeterli bahalardan ilata hödürlenilýändigini hem aýtmak gerek. Ýyllyk kuwwaty 95 müň 700 tonna önümi öndürmäge barabar bolan kärhanada her ýyl bu sepgide golaýlaşylýar. Şeýlelikde bu kuwwatly kärhana ilatymyza onlarça müň tonna ýokary hilli un we beýleki önümleri hödürleýär.
Mele-myssyk çörek — desterhanlarymyzyň naýbaşy nygmaty. Şonuň üçin hem Türkmenabat galla önümleri kärhanasynyň agzybir işgärleri şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamagyň, oňa zähmet sowgatly barmagyň höwesi bilen işleýärler. Üstüne halta-halta un ýüklenilen ulaglaryň bu ýerden häli-şindi çykyp duran kerweni munuň şeýle boljakdygyna ynamyňy artdyrýar.
Gülzar BEKMÄMMEDOWA,
hünärmen.