Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy ösdürilýär. Sanly ykdysadyýet wagty we harajatlary tygşytlamak, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmak, sanly gurşawda harytlary we hyzmatlary dünýä bazaryna çalt çykarmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli ýetirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi birnäçe wezipeleri öz içine alýar. Şolaryň hatarynda sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak, döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek ýaly çäreler bar.
Sanly intellektual tehnologiýalaryň we innowasiýa çözgütleriniň ornaşdyrylmagy söwda dolanyşygyny, önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga, bu ulgamyň jemi içerki önümdäki paýyny artdyrmaga öz täsirini ýetirýär. Söwda we hyzmatlar ulgamynda sanlylaşdyrmak wezipeleri maliýe serişdelerini dolandyrmak, býujetleşdirmek, maliýe seljeriş işlerini awtomatlaşdyrmak, harytlary hasaba alyş we ammar işlerini awtomatlaşdyrmak, maglumatlaryň göni aragatnaşykdaky (onlaýn) kassalardan girizilmegini gazanmak, ammarlardaky ätiýaçlyklary dolandyrmak, eltmek we ulag-logistika işlerini awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Buhgalterçilik, salgyt we statistik hasabatlylygy awtomatik usulda ýola goýmak hem-de elektron resminamalaryňdyr maglumatlaryň dolanyşygyny ornaşdyrmak derwaýys işleriň hatarynda durýar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde esasy wezipeleriň biri-de, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri ýetişdirmäge gönükdirilen bilim ulgamy kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ykdysadyýet biliminde-de sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça hünäre gönükdirilen hünärmenleri taýýarlamak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatynda goşmaça bilimleri girizmek, bu ugurlarda özara tejribe alşylmagyny gurnamak işlerine uly üns berilýär. Maglumat tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy sanly ykdysadyýetiň wezipelerini giňden ornaşdyrmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Kerwen TAGANMYRADOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23128