Hyzmatyň hili yhlasa bagly

Ata Watanymyz Türkmenistan iri energetika döwletleriniň hatarynda ählumumy ykrarnama eýe bolan ýurtdur. Bu ulgamy täze belentliklere göterýän giň gerimli özgertmeler watandaşlarymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji fewralynda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda öňde goýan belent wezipelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň önümçilik kärhanalarynda hem şu günler döwrebap işler bitirilýär. Müdirligiň Balkan welaýatyndaky Serdar nebit önümleri kärhanasynda bitirilýän döwrebap işler bellenilmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täze gurlan kärhanada iş ýerleriniň tämizligini, enjamlaryň kadaly işlemegini we zähmet goraglylygyny ygtybarly üpjün etmek baş wezipeleriň biri bolup durýar. Kärhananyň garamagyndaky beketlerde bar bolan dürli maksatly tilsimatlardyr enjamlar hemişe saz işledilýär. Ýangyçlardyr çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri sarp edijilere ýetirilende, ilkinji nobatda, daşky gurşawy goramagyň düzgünleri pugta berjaý edilýär. Aslynda, Serdar nebit önümleri kärhanasy müdirligiň düzümindäki ugurdaş kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Serdar şäherindäki, şonuň ýaly-da, Magtymguly, Bereket etraplaryndaky şahsy eýeçilikdäki ulag serişdeleriniň sany bu gün onlarça müňe ýetýär. Hususy eýeçilikdäki ulag serişdelerini ýangyç, çalgy ýaglarydyr gaýry nebit önümleri bilen üpjün etmek hem şu kärhananyň paýyna düşýär. Döwletimiziň edara-kärhanalaryndaky ulaglaryň sany has hem köp. Daşary ýurtlardan biziň ýurdumyza, şonuň ýaly-da goňşy döwletlere üstaşyr ýük daşaýan ulaglaryň sany hem barha artýar.

Milli Liderimiziň halkymyzyň durmuş derejesini has ýokarlandyrmak, edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, ulgamda täze desgalary gurmak, ozaldan bar bolanlarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak babatda edýän irginsiz aladalary bu ýerde hem öz mynasyp çözgüdini tapýar. 2014-nji ýylda bütinleý täze gurlan kärhananyň düzümindäki, gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýän beketleriň jemi 9-synda kämil daşary ýurt enjamlary oturdylan. Kärhananyň garamagyndaky beketleriň 4-si hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze gurlup, işe girizilen beketlerdir.

Beketlerde amala aşyrylýan her bir işde hile aýratyn üns berilýär. Sarp edijilere hödürlenilýän nebit önümleri bu ýerdäki barlaghanada barlagdan geçirilýär. Kämil enjamlar nebit önümleriniň hiline hemişelik gözegçiligi talabalaýyk amala aşyrmaga hem-de ýangyç saklanýan göwrümleri ygtybarly ulanmaga, ekologik howpsuzlygy pugta berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ulanylýan çalgy ýaglarynyň we beýleki nebit önümleriniň galyndylaryny gaýtadan işlemek hakynda» kabul eden Karary hem bu kärhanada öz mynasyp çözgüdini tapýar. Munuň özi nebit önümleriniň has-da tygşytly ulanylmagyny, daşky gurşawy goramagy we ildeşlerimiziň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Geçen ýylyň meýilnamasyny 149 göterime golaý berjaý eden bu kärhanada «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýetilýän sepgitler hem öwgä mynasypdyr. Has takygy, şu ýylyň iki aýynda kärhana boýunça 11 müň 372 tonna barabar nebit önümleri ýerleşdirilip, bitirilen işleriň möçberi 15 million 780 müň manada golaýlady. Gürrüňi edilýän döwürde nebit önümlerini ýerleşdirmekden gazanylan girdeji bolsa 2,5 million manada golaýlaýar.

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan baýram edilýän ýylda has belent sepgitlere ýetmegi maksat edinýän kärhananyň hünärmenleri netijeli işlemäge döredilýän ähli döwrebap şertler üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23154