Işewürlikde täze mümkinçilikler

Eziz Diýarymyzy ähli babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimizdäki orny barha ýokarlanýan hususy işewürlikde hem sanly ulgamyň gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän kärhanalaryň öz harytlaryny we hyzmatlaryny onlaýn usulda hödürleýänleriniň sany barha artýar.

Garaşsyz Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik üçin döredilýän şert-mümkinçilikleriň çäklerinde işewürlige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilmegi ýöne ýerden däldir. Bütin dünýäde geçirilen köp sanly barlaglaryň netijeleri we gündelik durmuşymyzda şaýat bolýan hakykatlarymyz sanly tehnologiýalaryň hem işewürler, hem müşderiler üçin ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döredýändigini äşgär edýär. Sanly ulgam kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Çünki kiçi we orta telekeçilik ýokary derejede merkezleşdirilenligi we bazaryň özgerişine çalt uýgunlaşmak ukyby bilen tapawutlanýar. Bäsdeşlik göreşiniň ösenligi sebäpli kiçi we orta kärhanalar öz işlerine innowasiýalary we sanly tehnologiýalary has işjeň ornaşdyrýarlar. Bu bolsa tutuş ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ykdysadyýetiň hödürleýän oňaýly şertleriniň hatarynda, ilkinji nobatda, Internet tory arkaly kärhanalaryň işini kämilleşdirmäge, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga, bazaryň islegini öwrenmäge ýardam berýän bilimleri we maglumatlary edinmäge mümkinçiligi görkezmek bolar. Şeýle hem, sanly ulgam konsalting, ýuridik, buhgalter we beýleki zerur hyzmatlardan uzak aralykdan peýdalanmaga şert döredýär. Bu bolsa telekeçilere öz kärhanasynyň işiniň belli bir bölegini degişli ugurda ýöriteleşen hünärmenlere tabşyryp, wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýär.

Sanly tehnologiýalaryň kämilleşmegi netijesinde mahabatyň täze görnüşleriniň döremegi, jemgyýetçilik torlarynyň we web-sahypalaryň hödürleýän mümkinçilikleri, internet dükanlarynyň we onlaýn bazarlaryň köpelmegi işewürligi ösdürmekde täze ýeňillikleriň peýda bolmagyny şertlendirýär. Şeýle çözgütler kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan taraplara işçi güýjüniň has netijeli peýdalanylmagy, ýörite desgalary gurmak ýa-da kärendesine almak zerurlygynyň aradan aýrylmagy, söwda we logistika serişdelerine sarp ediljek serişdeleriň tygşytlanmagy ýaly artykmaçlyklary döredýär. Tygşytlanan serişdeleriň harytlaryň we hyzmatyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilmegi bolsa, hem öndürijiler, hem sarp edijiler üçin bähbitlidir.

Bu gün Garaşsyz Watanymyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkymyza ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän hususy işewürleriň hatary barha giňeýär. Ýurdumyzda onlaýn dükanlaryň sany we olaryň hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleriniň köpelmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Aýgül ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23174