Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar bilen baglanyşyklylykda ýurdumyzyň bank ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Milli ykdysady ösüşiň maliýe üpjünçiligini berkitmek, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän görnüşlerini ornaşdyrmak we çekilen serişdeleri işjeň ulanmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde, töleg kartlaryny, halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmakda, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak boýunça uly işler edildi. Bularyň ählisi sanly ykdysady ulgama geçmegiň esasyny berkitdi.
Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegi bilen bank hyzmatlarynyň ähmiýeti has ýokarlanýar. Nagt däl hasaplaşyklar has uly mümkinçiliklere eýe bolýar. Islendik ýerde, hatda ykjam telefonlar arkaly hiç ýere barmazdan islendik hyzmatdan peýdalanmak mümkinçiligi artýar. Müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlary, ýagny internet bank, mobil bank hyzmatlary ýerine ýetirilýärkä hem şahsyýeti anyklamak tertibi ýola goýuldy. Bank ulgamynda täze iş usullaryny ornaşdyrmak ýene-de üstünlikli dowam etdirilýär.
Bank işiniň kämilleşmegi bilen önümçiligiň maliýe üpjünçiligi, ilata töleg-hasaplaşyklary, karzlary, depozit we beýleki hyzmatlary amala aşyrmagyň usullary hem has ýeňilleşýär. Bu hyzmatlary has-da kämilleşdirmek maksady bilen pul-karz syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hünärmenlerimiz yhlasly zähmetleri bilen öz goşantlaryny goşýarlar. Aýratyn-da hormatly Prezidentimiziň we döwletimiziň telekeçilige maliýe taýdan goldaw bermek, telekeçiligi ösdürmek boýunça çykaran kararlarydyr beýleki möhüm resminamalary bilen baglanyşykly önümçilik karzlarynyň dürli görnüşleri ýola goýuldy. Şol möhüm resminamalar «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Kararlardyr. Bu Kararlar telekeçileri karz serişdeleri bilen üpjün etmekde berk hukuk esasyny döretdi. Bu resminamalar kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň önümçilik, innowasiýa hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we olaryň önümçiligini ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek, ýyladyşhanalary gurmak bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde giň mümkinçilikleri açdy. Bu Kararlara laýyklykda Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlar berilýär. Telekeçilere berilýän karz serişdeleriniň möçberi örän giňedi. Dürli möhletleýin karz serişdelerini bermek üçin özbaşdak iş bilen meşgullanýanlaryň maýa goýum taslamalarynyň we işewürlik meýilnamalarynyň bolmagy zerurdyr.
Gazanylanlar bilen çäklenmän, bank hyzmatlary yzygiderli giňeldilýär, olary hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek ugrunda aladalanylýar. Karzlar bilen geçirilýän hasap-hesip işlerinde dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryndan we täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Munuň özi bank bilen hyzmatdaşlyk edýänler üçin amatlylyklaryň köpelmegine getirýär.
Önümçilik maksatly karzlaryň göteriminiň pes bolmagy, karzlary üzmek üçin niýetlenilen ýeňillikli möhletiň müşderileriň bähbidinden ugur alnyp kesgitlenilmegi raýatlar üçin bähbitlidir. Karzlaryň düzüminde uzakmöhletleýin hem-de uly möçberde berilýänleriniň köpelmegi ilat üçin, aýratyn-da telekeçilik işi bilen meşgullanýanlar, öz işini ýöredýän işewürler üçin has amatlydyr. Häzirki wagtda raýatlara sarp ediş maksatly, şeýle hem telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly ýeňillikli karzlaryň dürli görnüşleri berilýär. Bu bolsa raýatlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge, şeýle hem önüm öndürijileriň kämil önümçilik serişdelerini edinmeklerine, bu ugurda işjeň hereket etmeklerine oňyn täsirini ýetirýär.
Döwletimiz tarapyndan ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň ornuny giňeltmek hakynda edilýän şeýle aladalar önümçiligiň ösmegine, ilatyň saçagynda azyk önümleriniň bolçulygynyň döremegine ýardam edýär. Döwlet tarapyndan berilýän giňişleýin goldawyň artmagy ykdysadyýetimiziň ösmegine hem uly goşantdyr.
Jumamyrat WELLEKOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabatlar bölüminiň başlygy — baş buhgalteri.