Garaşsyz ösüşiň 30 ýylynyň dowamynda, ylaýta-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ýokary ykdysady ösüşleri gazanyp, bu ugurda dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini has-da giňden döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini doly ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan rejeli we netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin has amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy.
Şeýle köpugurly işlerde ykdysady syýasatyň maýa goýum babatyndaky esasy maksady milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary Türkmenistanyň önümçilik binýadyny düýpgöter özgerdýär, şeýle-de, ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni maksatly binalaryň uly toplumlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Bu bolsa öz gezeginde, döwletiň baş maksadyna — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, döwlet maksatnamalarynyňdyr iri taslamalaryň yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň girdejileriniň ýokarlanmagyna, iş orunlarynyň täze tapgyrlarynyň döredilmegine, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine täze mümkinçilikler döreýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwletiň maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlary Türkmenistanyň bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleri, şeýle hem ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda dünýä bazarlarynda bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryna esaslanýar. Şunda ýurdumyzyň sebitiň we yklymyň wajyp ulag-logistik ulgamyna öwrülmegi, gazylyp alynýan çig mal ýataklaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek we ýerli çig mal serişdelerinden ýokary, goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynyň hatarynda durýar.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen hususy telekeçilere berilýän ählitaraplaýyn goldaw soňky ýyllarda hususyýetçiligiň ýaýbaňlanmagyna, bäsdeşlige ukyply telekeçileriňdir senagatçylaryň barha köpelmegine, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegine şert döretdi. Netijede, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, onuň agzalarynyň hem-de beýleki hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň gerimi esli giňedi. Daşarky we içerki ýagdaýlary deňeşdirmek, serişde binýadyny nazara almak bilen uzak möhletleýin, esasda tehniki we tehnologik ösüşiň has netijeli ýoluny saýlap almak, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, birnäçe pudaklarda we kärhanalarda täzeçil strategiýany emele getirýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze önümçilik kuwwatlyklaryna maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň durmuş ulgamynyň hem ähli pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryna itergi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususyýetçileri goldamaga mümkinçilik berýär diýip belleýär. Munuň özi, diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň girdejisiniň artmagynyň möhüm çeşmesi bolup durýan islegli harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady strategiýa türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläk ösüşiniň tehnologik özgertmeleriň, innowasion ykdysadyýetiň geljegi bilen baglydygyny görkezýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden ugur almagy möhüm şertleriň biri bolup, şunda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatyna giň orun berlen ýagdaýynda netijeli bolýar. Bu şertleriň kabul edilen maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulmagy bolsa ony taýýarlamak işine oýlanyşykly çemeleşilendiginden, netijede, garaşylýan netijeleriň hakykat ýüzünde özüniň ornuny tapjakdygyndan nyşan. Başgaça aýdylanda, jemi içerki önümiň artmagy maýa goýum syýasatynyň ýokary netijeliliginiň esasy görkezijisi bolmak bilen, şol sanda ol importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberiniň artmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda dünýäde emele gelen ýönekeý bolmadyk şertlerde ýurdumyzda ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň ygtybarly ýoly hasaplanýan maýa goýumlary işjeňleşdirmek boýunça kabul edilen maksatnama munuň şeýledigini aňry ýany bilen subut edýär.
Ykdysady nukdaýnazardan teswirlenende, ýurtda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti ösüşiň täze hil derejesine çykarmaga mümkinçilik berýän ugurlaryň biridir. Has takygy, maýa goýumlar önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna uly itergi berýär. Aslynda, ýurtda işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň sany näçe köp boldugyça, importy çalyşýan, eksporta gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi şonça-da artýar. Bu, bir tarapdan, ykdysadyýetiň ösüşe ukyplylygyny görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, ol milli ykdysady strategiýada ileri tutulýan ugurlaryň dogry kesgitlenendigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasy we ykdysady strategiýa diňe ykdysady taýdan gurply döwletiň gurmaga, döretmäge ukyplydygyny, adamy döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edilen ýurtda bagtyýar durmuşyň höküm sürýändigini iş ýüzünde tassyklaýar.
Saparly SAPARLYÝEW,
Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň bölümçe başlygy.
Aşgabat, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta ll hem-de Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň mähirli salamyny ýetirdi.
Ilçi tutuş dünýäde oňyn daşary syýasaty bilen meşhur bolan ýurdumyzda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şol syýasat bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlara esaslanýar. Diplomat döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenanyna hem-de Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine salamyny beýan edip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi, ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, hanym Lýusia Uaýlda däp bolan türkmen-britan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de ony giňeltmegiň ähmiýetini we gatnaşyklaryň iki döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini belledi.
“Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin ähli şertleriň, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ekologik ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gatnaşyklarda hil taýdan täze ugur — ulag diplomatiýasy peýda bolýar. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde şu mesele boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlan ýurdumyz bu diplomatiýany döredijileriň biridir.
Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda görkezildi. Türkmenistan goňşy Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşýar.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň hem-de Beýik Britaniýanyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we sanly ulgama geçirmek, hususy ulgamy goldamak ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň uly wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna gatnaşandygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete, jemgyýete täsiri häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň bu ählumumy foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň şu meselä örän jogapkärli çemeleşýändigine, adamzat üçin uly wehime garşy göreşmegiň umumy, ylalaşykly çärelerini görmegiň wajypdygyna hem-de gaýragoýulmasyzdygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär.
Diplomat köpýyllyk hyzmatdaşlygyň örän işjeň häsiýete eýedigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň köp babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilikli syýasaty netijesinde mümkin bolandygyny nygtady.
Milli Liderimiz we dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, energetika ulgamlary, gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy we beýleki köp sanly ulgamlar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz ykdysady kuwwatdan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmen-britan söwda-senagat geňeşine möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu düzümiň işiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Ýurdumyzda innowasion ösüş strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi.
Diplomat öz tarapyndan britan-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam ediljekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýld döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, gurluşyk we himiýa toplumyny ösdürmek boýunça badalga berlen giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzda ägirt uly serişdeler kuwwatyny netijeli peýdalanmakda, eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda gurluşygyň depgini barha ýokarlanyp, ýerli çig malyň esasynda ýokary hilli gurluşyk serişdelerini öndürmegiň ugurlary barha ösdürilýär. Türkmen telekeçileri hem gurluşyk serişdelerini, elektronika, himiýa önümlerini, mebelleri hem-de hili we bahasy boýunça artykmaçlyklary bolan beýleki senagat harytlarynyň önümçiligine işjeň gatnaşýarlar. Paýtagtymyzyň we welaýat merkezleriniň, sebitleriň täzelenýän binagärlik toplumlaryny, ajaýyp binalary we ymaratlary bagtyýar döwrümiziň ösüşlere beslenen üstünlikleriniň aýdyň nyşanlaryna öwrüldi.
Innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen senagat desgalarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işlemäge ukyply, giň hünär ugurly hünärmenlere bolan islegiň hem artmagyna getirýär. Iň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, iň täze ylmy gazananlary özünde jemleýän toplumlaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýaşlaryň hünär taýýarlyklarynyň ýokarlanmagyna, täze, döwrebap hünärleri ele almaklaryna, ylmyň täze gazananlaryny ýakyndan öwrenmeklerine bolan talaplary artdyrsa-da, bu gün bu talaplary üpjün etmäge ukyply bilim we ylym ojaklarymyzyň, ösen adam maýasynyň hem ýeterlikdigi guwandyryjydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 24-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzy begendirdi. Bu hünär baýramyny her ýylyň 6-njy awgustynda belläp geçmek bellenildi. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek baradaky başlangyjy öňe süren hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.