Ykdysady kuwwatyň görkezijisi

Gymmatyň ölçeg serişdesi bolan pul uzak geçmişden bäri adamzada hyzmat edip gelýär. Pul ýüze çykmanka, dürli kesp-kärde zähmet çekýän adamlar bir-biri bilen öz öndüren harytlaryny alyş-çalyş etmek arkaly hasaplaşypdyrlar. Ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşmegi netijesinde ähli harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyp bolýan serişde zerur bolupdyr. Şeýle serişdäniň hyzmatyny dürli döwürlerde ownujak daşlardan başlap gymmat bahaly metallara, kagyz pullara we sanly walýutalara çenli uzak ýoly geçen pul ýerine ýetirip gelýär. Puluň kämilleşmegi jemgyýetiň we döwlet gurluşynyň ösüşi bilen bagly bolupdyr. Çünki pul onuň esasynda durýan döwletiň kepilligi bilen güýç gazanýar. Şol bir wagtyň özünde-de pul birligi islendik ýurduň ykdysady kuwwatynyň esasy görkezijisidir.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Garaşsyz Türkmenistanyň pul birligi — milli manadymyz ulanyşa girizildi. Eýýäm 28 ýyldan bäri milli manadymyz ýurdumyzyň çäginde hereket edýän hasaplaşyk we töleg serişdesi hökmünde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, şol sanda döwlete dahylsyz bölegine we halkymyza hyzmat edip gelýär. Ata Watanymyzyň milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmegi bilen döwletiň pul-karz we maliýe syýasatynda toplumlaýyn özgertmeleriň geçirilmegine, bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine giň ýol açyldy. Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi: manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, onuň goraglylygyny üpjün etmek, satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak we beýlekiler.

Milli manadyň hümmetiniň durnukly derejede saklanmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň wajyp şerti bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň netijesinde, milli manadymyzyň hümmetini durnukly derejede saklamak, netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, maliýe gatnaşyklaryny kämilleşdirmek babatynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzda milli puluň reformasy amala aşyryldy, ýagny milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Denominasiýanyň geçirilmegi milli manadyň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nyrhlaryň emele gelşini ýönekeýleşdirmek we hasaplaşyklary geçirmegi aňsatlaşdyrmak, döwlet serişdelerini tygşytlamak wezipeleri bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak maksady bilen, ilatyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin amatly makroykdysady şertleriň döredilmeginden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Nagt däl hasaplaşyklarynyň gerimini giňeltmek, ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan bankyň müşderilerine we ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, olaryň elýeterliligini üpjün etmek boýunça anyk çäreler durmuşa ornaşdyrylýar.

Ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösdürilmegi netijesinde milli manadymyzyň hümmetiniň durnukly saklanylmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. Ata Watanymyzyň ähli ugurlarda ösüşleri gazanmagy, abraýynyň ýokarlanmagy hem-de halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Permandurdy GURBANOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullygy akademiýasynyň diňleýjisi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45166