Aşgabatdan Türkmenabada uzaýan döwrebap ýoluň gurluşygynda açylýar
29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar bu iri taslamanyň gurluşygynda bolup, onda bitirilýän işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alan döwürdeş žurnalistimiziň: «Bu taslama baky Bitarap döwletimiziň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň, ýurtlary, sebitleri ýakynlaşdyrmak taglymynyň ýollarda açylmasydyr, anyk işlerde beýan tapmasydyr» diýen jümleleriniň hakykat ýüzündäki wysaly bolup kalplara doldy. Ol halkara guramalaryň, sebitleýin ulag-logistika assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň hem birnäçesini türkmen topragynda duşurdy.
Taryhy wakalara şaýat bolan daşary ýurtly myhmanlar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjek bu iri taslama barada, ine, şeýle gürrüň berýärler.
Çoi ÝUN-SUK,
Koreýa Respublikasynyň «Hyundai» korporasiýasynyň wise-prezidenti:
— Ilki bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýärin. «Hyundai» korporasiýasy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de ýurduň ulag ugurly döwlet edaralary bilen 2008-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Geçen döwrüň dowamynda türkmen tarapy kompaniýamyzyň önümi bolan jemgyýetçilik ulaglarynyň dürli görnüşleriniň ýüzlerçesini satyn aldy. Olaryň hatarynda häzirki zaman ýeňil awtoulaglary, şäheriçi we şäherara awtobuslar bar. «Hyundai» kysymly ulaglaryň Türkmenistanda ulag gatnawlarynyň ugurlaryny hem-de ýolagçylary gatnatmagyň ýygylygyny artdyrmaga goşant goşýandygy bizi örän buýsandyrýar.
Biz Türkmenistany ulag ulgamynda hyzmatdaşlykda ygtybarly ýurt hasaplaýarys. Gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen bu döwlet häzirki wagtda-da tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ulag ulgamyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. «Hyundai» korporasiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Hökümeti bilen täze ugur — ekologik taýdan arassa ulag ulgamyny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirýärler. Ol, esasan, Koreýa Respublikasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan elektrik awtobuslary satyn almak hem-de elektrik beketleri gurmak bilen baglanyşyklydyr.
Türkmen Lideriniň hut özüniň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 1-nji böleginiň işe girizilmegi mynasybetli guralan dabara şaýat bolmak bilen, Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň barha ýokarlanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdik. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ýygjamlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirip, türkmen döwletine we halkyna gülläp ösüş arzuw edýärin.
Jawad SEMSARILER,
Eýran Yslam Respublikasynyň Halkara ulag kompaniýalary birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy:
— Men Türkmenistanda soňky gezek 20 ýyl mundan ozal boldum. Bu gün bolsa Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak bilen, goňşy döwletimiziň häzirki ösüşlerini, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ähli ugurlarda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri ýakyndan synlamaga mümkinçilik aldym. Muňa diýseň begenýärin we görkezilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýärin.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny Türkmenistanyň üstaşyr ulag düzümini döretmek babatda durmuşa geçirýän taslamalarynyň iň irileriniň biri hasaplamak bolar. Ol diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa we goňşy döwletler üçin hem üstaşyr geçelgeler ulgamynda açylan ägirt uly mümkinçilikdir. Ýokary tizlikli bu ýoluň gurulmagy Eýrandan, şol sanda beýleki ýurtlardan gelýän harytlary Türkmenistanyň üsti bilen sebitiň bazarlaryna çykarmaga-da amatly şertleri döredýär. Türkmenistanyň çäkleri häzirki wagtda Merkezi we Günorta Aziýa döwletlerine çykmak üçin möhüm geçelge bolup hyzmat edýär. Munuň özi geçmişde siwilizasiýalary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap ulag düzümleri arkaly gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berýär.
Geçen üç onýyllykda Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli ulgamlary boýunça uly ösüşler gazanyldy we ýurtda iri taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Açylyp ulanylmaga berlen bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň nobatdaky tapgyryny bolsa taryhy waka hökmünde häsiýetlendirip bileris. Ol Türkmenistanyň sebitde eýeleýän täsirli ornuny berkitmäge ädilen ýene bir aýgytly ädimdir. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýükleri üstaşyr geçirmekde sebitiň kuwwatyny artdyrmaga, şonuň bilen birlikde döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynanýarys.
Kenan GURBANOW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Halkara ýük daşaýjylar assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary:
— Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň uzynlygy 203 kilometre deň bolan Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirýäris. Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ulag-logistika ulgamynda möhüm orun eýelejek şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagy döwletiň ykdysady kuwwatyndan, ulag syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyndan nyşan. Biz dostlukly Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ilerletmek, durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryna hem ýokary baha berýäris.
Biz täze açylan bu ýoluň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap ulag ugurlary arkaly dikeltmäge, ýükleri daşamak we üstaşyr geçirmek ulgamynyň işine goşmaça badalga bermäge ähli şertleri döretjekdigine ynanýarys. Geljekde ol diňe bir goňşy döwletleri birleşdirmän, eýsem, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrjak möhüm halka öwrüler. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna, şol ýerden bolsa deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik berer. Diňe şunuň özi-de türkmen Lideriniň başlangyjy bilen başy başlanan bu iri taslamanyň näderejede ähmiýetlidigini doly açyp görkezýär.
Halkara derejede ýük daşamaga mümkinçiliginiň bolmagy islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Ýollardan üznüksiz hereketiň amala aşyrylmagy, ýakyn-u-uzak ülkelerden harytdyr ýükleriň gatnadylmagy geljege umytly garamaga esas berýär. Sebäbi hereket bolan ýerde ösüş bardyr. Ösüş bolsa ýaşaýyşdyr, abadançylykdyr. Biz sebit, yklym we dünýä ähmiýetli ýollary çekip, tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmagy baş maksadyna öwren türkmen Liderine bu ugurda alyp barýan işlerinde hemişe rowaçlyklary arzuw edýäris.
Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45307