Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi uludan tutulan üstümizdäki ýylda ýene bir taryhy sene — milli manadymyzyň 28 ýyllyk baýramy Diýarymyzda giňden toýlanar. Öz nobatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen manadynyň döwletimiziň, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň özboluşly nyşany hökmünde milli buýsanjymyza öwrülendigini aýratyn bellemek gerek.
Milli pullar islendik bir döwletiň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Uzak taryhy geçmişe göz aýlasak, pul harydyň alyş-çalyş gymmatynyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir. Dürli döwürlerde halklaryň arasynda pullaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Pullaryň şeýle giňden ulanylmagy netijesinde, öý hojalyklarynyň we döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň çägi has-da giňäpdir. Şu jähetden, wagtyň geçmegi we özara alyş-çalşyň düýpli ösmegi bilen, pul düşünjesiniň üsti nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary, elektron pul hem-de elektron gapjyk ýaly zamanabap gurallary esasynda ýetirilipdir.
Häzirki wagtda türkmen manady milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan özboluşly nyşan hökmünde göz öňümizde janlanýar. Hakykatdan-da, Türkmenistanyň milli pulunyň — milli manadymyzyň 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilmeginden soňra, ata Watanymyz ykdysadyýeti ösdürmegiň dünýä jemgyýetçiligi üçin nusga alarlyk giň tejribesini toplady. Munuň özi milli pulumyzyň diňe bir ykdysady üstünlikleriň däl, eýsem, kuwwatly özygtyýarly ösüşimiziň, Garaşsyzlygymyzyň nyşanyna öwrülendigini görkezýär.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda milli manadymyzyň dolanyşyga goýberilmegi ýurdumyzda ýagty ertirleri nazarlaýan giň möçberli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen özbaşdak pul-karz syýasatyny alyp barmaga ýardam berdi. Bu babatda Esasy Kanunymyzda hem aýratyn bellenilip geçilýär we onuň kanuny binýady berkidilýär. Has takygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň bank ulgamy ýurdumyzda ýeke-täk pul-karz syýasatyny alyp barýan Merkezi banky we beýleki bank edaralaryny öz içine alýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky nagt pul dolanyşygyny guramagy we hasaplaşyk töleg ulgamynyň netijeli işlemegini hem-de beýleki wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýän edaradyr.
Ýurdumyzda milli manadymyz bilen bagly kanunçylygyň kämilleşdirilmegi we yzygiderli pugtalandyrylmagy Diýarymyzda amala aşyrylýan pul-karz syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna mümkinçilik berýär. Esasy Kanunymyzda türkmen milli manadynyň ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýandygy nygtalyp geçilýär. Globallaşma hadysasynyň çuňlaşýan we ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýän häzirki zaman şertlerinde bolsa, daşary söwdada pula gözegçilik etmek babatda bar bolan wezipeleri ýerine ýetirmek işleri «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki hukuk namalary esasynda düzgünleşdirilýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilenine 28 ýyl dolýar. Geçilen 28 ýyllyk taryhy ýol bolsa, maliýe, ykdysady we bank ulgamynda ýetilen ajaýyp sepgitlere — gazanylan beýik ösüşlere hem-de amala aşyrylan ajaýyp özgertmelere baý boldy. Bu ugurda 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Netijede, nominallary 1, 5, 10, 20, 50, 100 manat bolan banknotlar hem-de hümmeti 1, 2, 5, 10, 20 we 50 teňňä deň bolan şaýy pullar dolanyşyga goýberildi. Köp wagt geçmän, has takygy, 2012-nji ýylda nominallary 1, 5, 10 we 20 manat bolan, 2014-nji ýylda nominallary 1, 50 we 100 manat bolan modifisirlenen banknotlar dolanyşyga girizildi. Şol sanda taryhy waka — 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan nominallary 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manat bolan modifisirlenen banknotlaryň dolanyşyga goýberilendigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan pul-karz syýasaty netijesinde ajaýyp ösüşler gazanylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylyp, bank ulgamynda geçirilýän özgertmeler esasynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeldilýär we olaryň täze görnüşleri önümçilige ornaşdyrylýar. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly hyzmatlar nagt däl hasaplaşyklaryň häzirki zaman görnüşleri bolup durýar. Munuň özi milli manadymyzyň 28 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanda döwrebap pul-karz syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hojamyrat KASYMOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.