Düýn Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurulýan awtobanyň bu böleginiň açylyş dabarasyna onuň gurluşygyny alyp barýan ýerli we daşary ýurtly hünärmenler, bagtyýar ildeşlerimiziň köp sanlysy gatnaşdy. Habarçylarymyz olaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdi.
Domagoý PERKOWIÇ,
Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň sebitleýin direktory we doly ygtyýarly wekili:
— Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasy, onuň gurluşygynyň ýokary hiliniň halkara ykrarnama eýe bolmagy bilen bagly wakalar örän täsirli boldy.
Biz şeýle giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mysalynda Türkmenistanyň ulag şahalarynyň dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşýandygyna şaýat bolýarys. Hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary we tagallalary netijesinde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda ulag infrastrukturasy has-da ösdürilýär.
«VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasy bu ýoluň gurluşygynda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Ol ştab-kwartirasy Awstriýada ýerleşýän garaşsyz ýokary tehnologiýaly inženerçilik kompaniýasydyr. Biz, esasan, dört ugurda — ulag infrastrukturalary, senagat gurluşygy, ösüş taslamalarydyr ylmy barlaglar, inženerçilik boýunça işleýäris. Kompaniýamyz dünýäniň 70-e golaý ýurdunda 6 müňden gowrak taslamany ýerine ýetirdi. Olaryň hatarynda dünýäniň çar künjeginde ýokary tehnologiýalar esasynda köprüleriň, ýollaryň, deňiz desgalarynyň gurluşygy, ekologiýa boýunça maslahat beriş, gözegçilik we dolandyryş işleri alnyp baryldy.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda taslama düzüjiler hem-de gurluşyk kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklandy. Ýoluň gurluşygynyň halkara ülňülere hem-de bildirilýän ösen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilendigini, onuň ýokary hiliniň üpjün edilendigini aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistanlylary ýoluň ilkinji tapgyrynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de nobatdaky işlerde üstünlikleri arzuw edýärin.
Rejep EÝEBERDIÝEW,
«Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş inženeri:
— Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ak ýola rowana bolanlara «Ýoluňyz ak bolsun!» diýýäris. Şeýle taryhy wakalara şaýat bolanymyzda, il-ýurt bähbitli ägirt uly işlere dahyllydygymyzy duýup, ajaýyp döwrümize buýsanjymyz has-da artýar.
Bu gurluşyk Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ulag diplomatiýasyny üstünlikli ösdürýän Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň güwäsidir. Onuň gurluşygyna 2019-njy ýylyň ýanwarynda badalga berildi. Onuň 1-nji tapgyrynyň, ýagny Aşgabat — Tejen aralygynyň gurluşygy doly ýerine ýetirilip, 2-nji tapgyryny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda, 3-nji tapgyryny (Mary — Türkmenabat aralygy) 2023-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Awtobanyň gurluşygynda innowasion tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlary, ösen tejribeler işjeň ulanyldy. Ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr bolup, onuň Aşgabat — Tejen bölegi 203 kilometrdir. Onuň ugrunda ençeme inženerçilik desgalary bina edildi, ýolagçylardyr sürüjilere ähli amatlyklar döredildi. Desgada sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem netijeli ulanylýar.
Bu ýokary tizlikli, halkara derejeli ýol 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Ol tehniki taýdan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomagistral derejesindedir. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi 3,75 metr.
Ýoluň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi. Inženerçilik talaplaryna laýyklykda, 1-nji hem-de 2-nji gat daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetr bolup, 3-nji hem-de 4-nji gatlara, degişlilikde, 20 santimetrden düşeldi. Şeýlelikde, daş-çagyl düşeginiň jemi galyňlygy 1 metre barabardyr. Soňra 3 gat — 1-nji gatyna 10 santimetr, 2-nji gatyna 7 santimetr, 3-nji gatyna 5 santimetr galyňlykda asfalt düşeldi.
Ýoluň şu böleginiň gurluşygynda döwrebap elektron töleg terminallarynyň 6-sy, wideogözegçilik enjamlarynyň 406-sy, tizlik ölçeýjileriň 28-si, gaýragoýulmasyz aragatnaşyk ulgamynyň 100-si, şeýle-de Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleri ornaşdyryldy.
Täze ýoluň Aşgabat — Tejen böleginiň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen hormatly Prezidentimizi, ildeşlerimizi, türkmen gurluşykçylaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşyr MÄMMETDURDYÝEW,
«Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni:
— Bu günki waka «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Hojalyk jemgyýetimiziň işçi-hünärmenleri «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde bu iri taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň şu gün ulanylmaga berlen ilkinji tapgyrynyň gurluşygyny ýerine ýetirenimizde, dünýäniň ösen ýol-gurluşyk ülňülerinden ugur aldyk, öňdebaryjy tejribelerden hem-de innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmaga çalyşdyk.
Ýoluň açylyp ulanmaga berlen böleginiň uzynlygy 203 kilometr bolup, onuň özümize ynanylan aralygyndaky işleri ýerine ýetirenimizde, gurluşyk-inženerçilik talaplaryna aýratyn ähmiýet berdik. Onuň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek ýaly işleri ýokary derejede ýerine ýetirdik. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara ülňülere laýyk çyzgylary çyzyp, ýol belgilerini ýerleşdirdik. Mundan başga-da, ýoluň ugrunda degişli desgalary ýokary talaplara laýyklykda gurduk hem-de enjamlary ornaşdyrdyk.
Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň wekillerine döredýän giň şertleridir mümkinçilikleri, berýän kömekdir ýardamlary hojalyk jemgyýetimiziň hem işiniň ilerlemegine we şeýle iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge uly goltgy bolýar.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy ýol-ulag desgalarynyň gurluşygy boýunça tejribämiziň has-da artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen telekeçilerine şeýle iri taslamalary durmuşa geçirmegi ynanýandygy hem-de ýakyndan goldaw-hemaýat berýändigi üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Nurmuhammet REJEBOW,
Kaka etrabynyň baş ymamy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:
— Halkymyzda ýol gurmak iň sogap işleriň hatarynda görülýär. Ata-babalarymyz ýol gurana uly sarpa goýup, hemişe alkyş aýdypdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzdan gelýän şeýle sogaply işlere aýratyn ähmiýet berilmegi, asylly ýörelgelere eýerilmegi we olaryň döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirilmegi diýseň begendirýär. Ine, şu günki waka hem Arkadagly ajap zamanada ýol gurmak ýaly sogaply işleriň rowaçlanýandygyny äşgär edýär.
Bu gün bagtyýar ildeşlerimiz bolup, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň welaýatymyzyň çäginden geçýän böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýandygymyza juda begenýäris. Awtobuslarda täze ýol arkaly syýahat eden mahalymyzda, ençeme şatlykly duýgulary başdan geçirdik. Aýna ýaly tekiz ýol bilen barýarkak, onuň ugrunda gurlan desgalar ünsümizi has-da özüne çekdi.
Döredýän, gurýan döwlet gurpludyr, kuwwatlydyr. Arkadagly döwrümiziň şeýle şatlykly günlerinde bu hakykata aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Uzak ýyllar hyzmat etjek şeýle döwrebap ak ýollary gurduryp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýändigi üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynda rowaçlyklar hemişe ýaran bolsun!
Ýazga geçirenler Rahmanberdi GÖKLEŇOW, Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45221