27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň känlerinde nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň meseleleri, şeýle hem «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy ugur edinýän bilelikdäki taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Milli Liderimiz maslahatda dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hatarynda durýan ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde nebitgaz pudagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda nebit çykarýan pudagyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi. «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlan döwrüne hem-de onuň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlara ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek maksady bilen we halkara tejribä laýyklykda, nebit känlerini özleşdirmek üçin şu döwürde «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan bitirilen işler iki tarap üçin hem ykdysady taýdan bähbitlidir.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmennebit» döwlet konserniniň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň üstünde durup geçdi. Döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, täze nebit känlerini açmak we olary netijeli özleşdirmek boýunça anyk görkezmeler berildi.
Iş maslahatynda «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, günbatar Türkmenistanyň käbir ýataklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekillerine hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli we oňyn çemeleşýändikleri üçin minnetdarlyk bildirip, ösüşiň geljekki meýilnamalaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçysy G.Baýgeldiýewe ýüzlenip, döwlet konserni tarapyndan çig nebiti gazyp almagyň möçberlerini artdyrmak hem-de tassyklanylan meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin öňde durýan işleriň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen bilelikdäki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
«Aşgabat».