Milli manat — durnukly ykdysady ösüşiň möhüm serişdesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, döwletliligimiziň esasy nyşanlarynyň biri-de milli manadymyzdyr. Şu ýyl milli manadyň dolanyşyga girizilenine 28 ýyl dolýar. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurtda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.

Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi. Olardan manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün etmek, satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň adalatly belleýşi ýaly, biziň baş wezipämiz Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan nusgalyk derejelere götermekden ybaratdyr. Baş maksada ýetmekde ýurduň bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolmak bilen, onuň işiniň netijesinde uly möçberlerde pul serişdeleri dolanyşykda bolýar, erkin pul serişdelerini dolanyşyga girizmek arkaly giňeldilen üznüksiz önümçiligi alyp barmak üçin maýa goýumlaryň çeşmeleri emele gelýär.

Eziz Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasaty netijesinde ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi, ilata pes göterim bilen ýeňillikli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importy çalyşmaga ukyply we eksporta niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmaga, olaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Milli pul birligimiziň durnukly hereket etmegi köp babatda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işjeňligine, onuň müşderilerine hödürleýän amallarynyň we hyzmatlarynyň görnüşlerine, hiline, şonuň ýaly hem töleg-hasaplaşyk işiniň ýola goýluşyna we oňa yzygiderli gözegçilige baglydyr. Häzirki döwürde bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda dünýäniň ösen döwletleriniň we halkara maliýe-karz guramalarynyň baý tejribesini öwrenmek arkaly degişlilikde ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrmak hem-de bank hünärmenleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy ýaly guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çägi has-da giňeldildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän pul-karz syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky milli manadyň satyn alyjylyk ukybyny durnukly saklamak, bank hyzmatlaryny giňeltmek, hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, bank ulgamyna dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, milli puluň hümmetiniň durnuklylygyny, pul dolanyşygynyň netijeliligini üpjün etmek, täze, has netijeli maliýe gurallaryny işläp düzmek, daşary ykdysady maliýe şertleriniň — bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünliginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak ýaly köpugurly işleri üstünlikli amala aşyrýar. Şeýle hem ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, milli töleg ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan halkara tejribäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary barha ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyz «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Milli VISA», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar.

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna ýurdumyzyň bank kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 4712,6 müňden, töleg terminallarynyň sany 41 müňden geçdi. Töleg terminallaryndan 16,5 müňden gowragy ýa-da 40 göterimi döwlete dahylly edaralarda we 24,5 müňden gowragy ýa-da 60 göterimi döwlete dahylly bolmadyk edaralarda ornaşdyryldy.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Halkbank terminal», «QR-kod», elektron söwda ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Şeýle görnüşli sanly bank hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň bank ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralarynda «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly amallary ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Nagt däl görnüşde geçirilýän hasaplaşyklarda «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň iň pes möçberi 2 göterim derejesinde bellendi. Şeýle hem karz edaralary öz internet sahypalary arkaly karz almak we bank kartlaryny açdyrmak boýunça onlaýn ýüzlenme hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda «Altyn asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak «Internet-bank» hyzmatyna birikdirip bilýärler.

Ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan elektron söwda hyzmatynyň onlaýn hasaplaşyklary durmuşa ornaşdyrylýar. Elektron söwda harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen hakyky wagt tertibinde ýerlenmegidir. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan sanly ulgamda «Halkbank terminal» we «Talyp tölegi» bank hyzmatlary hödürlenýär. «Halkbank terminal» mobil ulgamy ykjam telefona gurnalmak bilen, harytlardyr hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyň jemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. «Talyp tölegi» onlaýn bank hyzmaty ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuw töleglerini banka barmazdan, onlaýn usulda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Tölegler «Internet-bank» hyzmaty, şeýle hem «Talyp tölegi» programma goşundysy arkaly geçirilende, talybyň özüniň ýa-da onuň ýakyn hossarynyň «Goýum bank karty», «Altyn asyr», «Maşgala» bank kartlaryny ulanmaklary arkaly ýerine ýetirip bolýar.

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde awtobuslarda şäheriçi ugurlar üçin tölemäge niýetlenen nagt däl hasaplaşyk enjamlaryny gurnap, elektron kartlar boýunça nagt däl hasaplaşyk hyzmatlaryny ýola goýdy.

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň sanly ulgamda ýerine ýetirýän «QR-kod» hyzmatynyň amatlyklaryndan peýdalanýanlaryň sany hem günsaýyn artýar.

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýynda ýurdumyzyň bank ulgamy boýunça «Internet-bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 761,5 müňe ýetdi, «Mobil-bank» hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 38,2 müňden geçdi.

2021-nji ýylyň dokuz aýynyň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we elektron söwda ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 8,2 milliard manatdan geçdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,4 esseden gowrak ýokarlandy.

Kartly töleg ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçbere bolan gatnaşygy 2020-nji ýylyň degişli döwründe 32,8 göterime, 2021-nji ýylda 40,1 göterime deň bolup, bu görkeziji 1,2 esseden gowrak artdy. Bu görkezijiler banklaryň hödürleýän hyzmatlaryndan peýdalanýan raýatlarymyzyň günsaýyn artýandygyny görkezýär.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli pudaklary depginli ösdürmek, döwlet emlägini has-da netijeli dolandyrmak, hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, milli ykdysadyýetimiziň düzüminde hususy ulgamyň paýyny artdyrmak, pudaklaryň, şol sanda banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň bank ulgamynda hem öňegidişlikler gazanylýar. Geçen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň, şu ýylda bolsa Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşleriniň üýtgedilip, olaryň açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwrülmegi ýurdumyzda hususylaşdyrmak, bazar şertlerine geçmek boýunça döredilýän nobatdaky mümkinçilikleriň biridir.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylyp ösdürilmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan belent maksatly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Dünýägözel HAÝYTOWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45302