(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 14-nji apreli)
Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Häzirki döwürde Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Biz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirmäge hemaýat etmelidiris.
Şoňa görä-de, Halk Maslahaty şu ugurlar boýunça netijeli işlemelidir:
1. Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny biziň milli tejribämize, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelmegini göz öňünde tutýan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär. Men häzir size şolaryň käbirlerini ýatladaýyn.
Esasy Kanunymyza laýyklykda, her bir adamyň öz abraýyny we mertebesini hem-de erkinligini goramaga, Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr. Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işini dolandyrmaga göni, şeýle hem erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga hem-de saýlanmaga hukugy bardyr.
Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda, döwlet gullugynda işlemäge deň hukugy bardyr.
Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik beýleki ykdysady iş bilen meşgullanmak üçin öz başarnygyny hem-de emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. Ol öz islegi boýunça hünär, kär hem-de iş ýerini seçip alyp biler. Sagdyn we howpsuz iş şertlerini gazanyp, dynç alyp, saglygyny gorap, bilim alyp biler.
Ol medeni durmuşa gatnaşyp biler, onuň çeper, ylmy we tehniki döredijilige erkinligi üpjün ediler.
Durmuşy we saglygy üçin amatly daşarky gurşaw dörediler. Ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy heläkçilik netijesinde onuň saglygyna hem-de emlägine ýetirilen zeleliň ýagdaýy hakyndaky ygtybarly maglumatlary almaga we onuň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.
Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna, ýaşaýyş jaýyny almakda we edinmekde hem-de özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda, durmuş taýdan üpjünçilikde döwlet goldawyny almaga hukugy bardyr.
Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalary raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça degişli işleri geçirmelidirler. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alyp barýan ynsanperwer syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmelidirler. Biziň döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň adam hukuklaryny düzgünleşdirýän kadalary esasynda mundan beýläk-de kämilleşdirmelidirler.
Adalat, içeri işler, prokuratura we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň hukugy ulanyş hem-de adalatly kazyýet işiniň halkara kadalara laýyklykda alnyp barylmagy Halk Maslahatynyň agzalarynyň gözegçiliginde bolmalydyr.
Şeýle hem olar raýatlyk, jemgyýetçilik we dini guramalar hakyndaky, raýat, jenaýat we administratiw kanunçylyk boýunça täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamalydyr. Raýatlara hukuk kömegini bermelidir, olaryň hukuklaryny goramalydyr.
Hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmalydyr hem-de halkara derejede adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň kanunçylyk binýadyny döretmelidir.
Şeýle hem Halk Maslahatynyň işi milli howpsuzlyk, goranmak we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň döwlet ulgamlarynyň işini kanunçylyk taýdan pugtalandyrmagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilmelidir. Muňa sagdyn jemgyýetiň howpsuzlygy hem degişlidir.
Şeýle hem Halk Maslahaty döwlet gurluşy, kadalaşdyryjy hukuk namalary, harby gulluk, mobilizasiýa, raýat goranyşy, ýangyn howpsuzlygy boýunça kanunçylyk işini alyp barmalydyr. Bu işler harby gullukçylary durmuş taýdan goramagy, terrorçylyga, adam söwdasyna garşy göreşmegi, dessin-agtaryş işlerini geçirmegi, adatdan daşary ýagdaýlary we beýleki ugurlary öz içine almalydyr.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
2. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr.
Bu işler döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we ýokarlandyrmaga, depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Senagatyň, maýa goýumlarynyň we innowasion işiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi göz öňünde tutmalydyr. Netijeli býujet, salgyt, bank syýasatyny alyp barmalydyr hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamalydyr.
Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek, gülläp ösmegini gazanmak, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyny üpjün etmek, şeýle hem mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, biz durmuş-ykdysady ösüş boýunça ençeme maksatnamalary kabul etdik. Bu maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin nebitgaz we himiýa toplumlaryny, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny, gurluşyk, sarp ediş we energetika toplumlaryny gowulandyrmak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kanun çykaryjylyk işini alyp barmaly.
Türkmenistanyň Mejlisi we Ministrler Kabineti bilen bilelikde Döwlet býujetini işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak boýunça degişli işleri geçirmeli. Býujetiň ýerine ýetirilişine, şeýle hem maýa goýum syýasatynyň, salgyt, bank we söwda syýasatynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmeli. Nyrhlary we bahalary emele getirmek işiniň hukuk esaslaryny üpjün etmeli. Kiçi we orta telekeçiligi hukuk taýdan goldamagy, kärhanalaryň eýeçiligini hem-de işini üpjün etmegiň kanuny esaslaryny berkitmeli.
Biziň häkimiýetiň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji şahalary boýunça alyp barýan syýasatymyz bazar ykdysadyýetini ösdürmek bilen, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti, ynsanperwer, adalatly jemgyýeti döretmegi göz öňünde tutýar. Amala aşyrylýan bu syýasat halkymyzyň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar, öz Watanyna buýsanjyny we söýgüsini pugtalandyrýar. Biziň milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi jemgyýetimiziň hil taýdan täze derejä çykmagy üçin esas bolup hyzmat edýär.
Bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek önümçiligiň çalt hem-de durnukly ösüşini talap edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegi, hojalygy dolandyrmagyň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagy talap edýär. Ýangyç-energetika toplumynyň we beýleki möhüm pudaklaryň, şol sanda dokma we himiýa senagatynyň, gurluşyk pudagynyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmek boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagy hem göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzda giň möçberli ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak bilen, biz pudaklary sazlaşykly ösdürmäge, çig mal öndürmekden taýýar harytlary öndürmäge esasy üns berýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sebitlerinde senagat, oba hojalyk zolaklaryny we beýleki zolaklary döretmegi kanun taýdan üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol zolaklarda täze iş orunlaryny döretmegi höweslendirmek üçin kanun çykaryjylyk derejesinde amatly şertler üpjün edilmelidir. Olarda şäherleriň we etraplaryň ilatynyň işlemegi üçin mümkinçilikleri ýola goýmak möhümdir.
Durmuş maksatly desgalaryň ilata elýeterli bolmagy, aýratyn-da, mätäçlik çekýän raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary depginler bilen gurulmagy örän möhüm wezipe bolup durýar.
Önümçilik kärhanalaryny, şol sanda senagat toplumlaryny ösdürmek biziň kabul eden maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa çig mal serişdelerini we işçi güýjüni netijeli peýdalanmak maksady bilen, degişli guramaçylyk, dolandyryş, maliýe we hukuk şertlerini kämilleşdirmek zerurdyr.
Şu nukdaýnazardan, biz welaýat we etrap merkezlerinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyny üpjün etmelidiris. Şeýle hem dürli ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň üstünde işlemelidiris. Bu ugurda biziň ahyrky maksadymyz obalarda we şäherlerde her bir adam üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek bolup durýar.
Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, ýagny Geňeşler, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi obanyň öňdebaryjy ýaşaýjylary bolan mekdep mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri bilen bilelikde ilat arasynda geçirilýän düşündiriş hem-de terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmalydyr. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, kanunlary ýerine ýetirmek, hukuk tertibini üpjün etmek hem-de her bir maşgalanyň meselesini öwrenmek boýunça teklipleri taýýarlamalydyr.
Biziň halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýilýär. Şoňa görä-de, Geňeşler Halk Maslahatynyň agzalary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmalydyr, her bir meseläni olar bilen ylalaşyp, geňeşip çözmelidir. Şolaryň üsti bilen Halk Maslahatynyň komitetlerine öz çäkleriniň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň esasy ugurlary boýunça teklipleri garamak üçin bermelidir. Bu örän möhüm mesele bolup durýar.
Halk Maslahatynyň agzalary jemgyýetçilik durmuşynyň we ähli wakalaryň içinde bolmalydyr. Olar Geňeşleriň arçynlary we agzalary, ýerli öňdebaryjy işgärler bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, söhbetdeş bolmalydyr. Şeýle pikir alyşmalaryň hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri girizmek üçin peýdaly maglumat berjekdigine men berk ynanýaryn. Ol täze kanunlary kabul etmäge we geçirilýän özgertmelere işjeň häsiýet berer.
Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň komitetleri degişli ministrliklere we pudak edaralaryna ýüz tutmak arkaly olaryň öňünde raýatlarymyzyň gyzyklanýan anyk soraglaryny goýmalydyr. Öňe sürülýän soraglaryň öz wagtynda we doly çözülmegini gazanmalydyr. Elbetde, biz häkimiýetiň ýerine ýetiriji we kanun çykaryjy şahalarynyň sazlaşykly işlemegini hem zerur hasap edýäris. Sebäbi bu iş döwletimiz üçin gowy netijeleri bermelidir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
3. Ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty babatda kanunçylygy kämilleşdirmek hem Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Halk Maslahaty raýatlar, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr.
Halk Maslahatynyň agzalary halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydyr. Şeýle hem ilat arasynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda döwletimiziň her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy wagyz etmäge ýakyndan gatnaşmalydyr.
Bu işler Watana söýgini döretmelidir, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini gorap saklamagy we hormatlamagy üpjün etmelidir. Daşky gurşawy goramagy, sagdyn durmuş kadalarynyň, sanly ulgamyň ähmiýetini düşündirmegi, ýaramaz endiklere garşy göreşmegi gazanmalydyr.
Türkmen halkynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan ruhy dünýäsi häzirki döwürde milletimiziň ruhy ýagdaýyny emele getirdi, jemgyýetimiziň gündelik durmuşynda özara gatnaşyklaryň esasyna öwrüldi. Dostlugyň we ynsanperwerligiň kadalarydyr kabul edilen düşünjeleri biziň dünýä halklary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýär we ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna ýokary maksatlara eýe bolýar. Milletimiziň ruhy galkynyşy maşgala ahlagyny we garyndaşlyk gatnaşyklaryny hem öz içine alýar. Biziň halkymyz maşgala ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamagy başardy.
Demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli soraglar çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr. Ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin jogapkärçilik çekmelidir. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr.
Biziň wezipämiz türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramakdan we berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şuny nazara alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşi maşgalany goldamaga gönükdirilen işlere örän işjeň gatnaşmalydyr. Ilkinji nobatda, biziň çagalary terbiýeleýän raýatlarymyzy iş bilen doly üpjün etmek möhümdir.
Jemgyýet diňe bir döwlet häkimiýet we dolandyryş edarasy bolman, eýsem, dürli jemgyýetçilik guramalaryny öz içine alýan hereketlendiriji güýç hem bolup durýar. Bu guramalar raýatlarymyzda ajaýyp geljege ynam döredýär, onuň isleglerini we arzuwlaryny amala aşyrýar.
Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda jemgyýetçilik guramalarynyň işini täze mazmun bilen berkitmek zerurlygy ýüze çykdy. Olaryň işi we çözgütleri geljekde şu günüň talaplaryna, täze özgertmeler zamanasynyň taglymatyna we syýasatyna laýyk gelmelidir. Jemgyýetçilik guramalary üçin bilelikde iş geçirmekde tagallalary birleşdirmek babatda uly mümkinçilikler döredildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşi Hökümet bilen bilelikde jemgyýetimizi we halkymyzy ýaramaz endiklerden goramak boýunça hem maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydyr. Ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmelidir. Raýatlarymyzy Watana hem-de mähriban topraga söýgi ruhunda mynasyp terbiýelemäge gatnaşmalydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmek ideologiýamyzyň we syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny, dünýä jemgyýetçiligine goşulmagynyň we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertlerini düýpli döwrebap ýagdaýa getirmegi talap edýär. Bu işler ykdysadyýetimiziň, ylmyň, tehnologiýalaryň we medeniýetiň ähli ugurlarynda tejribeli, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen gönüden-göni baglydyr.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlary uly üstünlikleri gazanyp, ýokary derejä ýetdi.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek maksady bilen, hünärmenleriň degişli taýýarlygy alnyp barylýar we innowasion tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar.
Ýaşlar syýasaty hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň esasy maksadymyz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, saglygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmagy üpjün etmekden, watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň hukuklaryny hem-de durmuş kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr.
Halk Maslahatynyň agzalary halkymyzyň medeni mirasyny goramak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça hem degişli işleri geçirmelidir. Milli ruhy-medeni gymmatlyklary, däp-dessurlarymyzy dikeltmek boýunça işi dowam etmelidir. Ilatymyzyň bilimini we umumy medeniýetini ýokarlandyryp, dünýä standartlaryna ýetirmek we ene dilimizi ösdürmek babatda zerur işleri alyp barmalydyr.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
4. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň öňünde biziň milli baýlyklarymyzy goramaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini alyp barmak boýunça hem uly wezipeler durýar.
Türkmenistanyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Biz ony gorap saklamalydyrys we miras hökmünde geljekki nesillerimize ýetirmelidiris. Şöhratly ata-babalarymyz daşky gurşawa örän aýawly garapdyrlar.
Biz adamlarda daşky gurşawy ekologiýa taýdan goramagyň zerurlygy baradaky düşünjäni berkitmek, ilatyň aňyna arassa ekologiýa düşünjesini ornaşdyrmak, topragymyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak garaýyşlaryny terbiýelemek barada yzygiderli alada etmelidiris.
Şu meselede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň öňünde biziň oba hojalygymyzda geçirýän giň gerimli özgertmelerimize ýardam berýän işleri amala aşyrmak wezipesi durýar.
Şoňa görä-de, oba hojalygyny dolandyrmagyň we gurluş özgertmelerini geçirmegiň, ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça işleri durmuşa geçirmek zerurdyr. Bu işleriň maksady ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Size mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde oba hojalygyny depginli ösdürmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, ýerleri oýlanyşykly özleşdirmek, ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Azyk önümlerini öndürmek bilen bagly döwlet hem-de hususy pudak ösdürilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk bazaryny has-da giňeltmek, ony ýokary hilli we elýeterli bahadan ýerli azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek hem Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk işiniň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Bu obalarymyzy we şäherlerimizi ösdürmegiň ýokary derejesini üpjün etmekdir. Tebigaty gorap saklap, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdyr we ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny berkitmekdir. Oba hojalygynda, ýagny ýer, suw, tokaý, atmosfera, howa, ösümlik we haýwanat dünýäsi, ekologiýa seljerişi hem-de beýleki soraglar bilen bagly amala aşyrylýan giň gerimli işlerdir.
Oba hojalygy babatda ekerançylygy, maldarçylygy, tohumçylygy, seleksiýany, karantini, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmekdir. Daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň hem-de oba hojalygy we beýleki meseleler bilen meşgullanýan başga kärhanalaryň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak hem şuňa degişlidir.
Halk Maslahatynyň agzalary ýerli wekilçilikli häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine-de uly üns bermelidir. Şunuň bilen baglylykda, bu edaralaryň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, geljekde olaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmek, işine kömek bermek esasy wezipe bolmalydyr. Olar beýleki häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň Hökümeti bilen işleri alyp barmak boýunça degişli teklipleri işläp taýýarlamalydyr.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
5. Halk Maslahatynyň halkara meselelere degişli geçirýän köptaraplaýyn işi-de möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, dürli ýurtlar bilen halkara gatnaşyklary ösdürmek Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin daşary ýurt döwletleri bilen wekiliýetleri alyşmak, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny netijeli dowam etmek zerurdyr.
Biziň döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmak bilen, hemmeler üçin düşnükli bolan anyk daşary syýasy ugry alyp barýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we bütin dünýäde häzirki zaman syýasy garaýyşlarydyr usullary ulanmak üçin giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa özara ynanyşmak hem-de düşünişmek üçin tagallalary birleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek üçin örän möhümdir.
Biziň öňe sürýän başlangyçlarymyzy esaslandyrmak hem-de ösdürmek üçin daşary syýasy ugurda beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmekde halkara hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça kanunçylyk işiniň geçirilmegi hem zerur bolup durýar.
Şeýle hem hyzmatdaş döwletlerimiziň ählisi bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmek zerurdyr. Türkmenistan hiç kimiň bähbitlerini çäklendirmeýär, şol bir wagtda bolsa, haýsydyr bir ugurda öz Garaşsyzlygynyň çäklendirilmegine, döwletimiziň içerki işlerine gatyşylmagyna ýol bermeýär. Ýurdumyz esasy konstitusion gurluşyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ters gelýän ýagdaýlar hökmünde azatlykdan zorlukly mahrum edilmegine garşy durýar.
Biz halkymyzyň düýpli bähbitlerinden ugur alýarys, bu bähbitler döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk daýanjydyr, öz Garaşsyzlygymyzy goramagy üpjün edýändir.
Bize goşulyşmazlyk düzgünlerine eýerýän, döwlet Garaşsyzlygymyzy hormatlaýan, deňhukuklylyk we özara bähbitli garaýyşlary ileri tutýan hyzmatdaşlar zerurdyr.
Şoňa görä-de, häzirki döwürde döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esaslaryny anyk kanunçylyk taýdan goldamak zerur bolup durýar.
Biz daşary ýurt firmalaryny we kompaniýalaryny bilelikde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmäge çagyrmak syýasatyny alyp barýarys. Biz geljekde hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz üçin kanun esasynda amatly maýa goýum şertlerini döretmegi dowam ederis. Kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkideris, tejribeli hünärmenleri taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdireris we beýleki çäreleri amala aşyrarys.
Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary!
Biziň geçirýän özgertmelerimiz giňden ykrar edilýär we jemgyýetimizde biragyzdan goldanylýar. Türkmen halky XXI asyryň täze döredijilik maksatlary bilen ruhlanyp, häzirki döwürde örän jebisleşdi.
Merdana halkymyz ýurdumyzyň ajaýyp geljeginiň, ilkinji nobatda, ýadawsyz zähmet hem-de döredijilik güýji bilen baglydygyna örän gowy düşünýär. Biz milletimiziň ruhy we bilim derejesiniň ösüşini üpjün edip, özboluşly milli mirasyny umumadamzat gymmatlyklary bilen bilelikde hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürip, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrülmegini gazanýarys.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzümi ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly işlemelidir. Men Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde siziň işiňize hemmetaraplaýyn goldaw bererin.
Biz iki palatanyň, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitleri üçin biri-biriniň sazlaşykly işlemegine gönükdirilen işini guramakda ähli mümkinçilikleri dörederis.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler milletimizi birleşdirýän we ruhlandyrýan, halkymyzy täze belent sepgitlere gönükdirýän hakyky kadalara öwrülmelidir. Biziň agzybirligimiziň öňünde ýetilmejek maksat, ýerine ýetirilmejek iş ýokdur!
Men size netijeli işlemegi arzuw edýärin. Siz ata Watanymyza wepaly hyzmat edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Garaşsyz döwletimiziň abraý-mertebesini ýokary götermelisiňiz. Munuň üçin size ähli mümkinçilikler we şertler döredildi. Siz dünýä tejribesi, beýleki döwletleriň parlamentleriniň işi bilen tanşyň! Biz bu meselede size kömek bereris.
Men Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanun çykaryjylygy üpjün etmäge siziň uly goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn. Size alyp barjak ähli işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Bu gün — taryhy gün. Biz şu gün ýurdumyzda täze edarany — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyny döretdik.
Iki palataly kanun çykaryjy edara Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat eder.
Men sizi ýurdumyzda iki palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26004?type=feed
Ykdysadyýetiň iň gadymy pudagy bolan oba hojalygynda telekeçiligiň orny hemişe kesgitleýji häsiýete eýe bolupdyr. Ýaşy 10 — 12 müň ýyl hasaplanýan oba hojalygy, dogrusy, telekeçiligiň döremegine getiren pudakdyr. Hawa, adama tebigatyň taýýar zatlaryny awlamak we meýdandan ýygnamak arkaly güzeran aýlamak çetin bolup ugran zamanyndan başlap, maldarçylyk we ekerançylyk pudaklarynyň döremegine zerurlyk ýüze çykýar. Öndüren azygynyň artykmajyny başga bir gerekli zat bilen çalyşmak arkaly başlanan söwda — telekeçiligiň iň ilki dörän ugry bolýar.
Taryhda juda uzaga çeken bu ýagdaý bazar gatnaşyklarynyň ösmegine hem zerurlyk, hem şert bolup çykyş edýär. Şeýdibem, bu ýagdaýyň hut telekeçiligiň pelsepesi bolup galandygy aýdylsa, ýalňyş bolmasa gerek. Çünki hatda ýekebara maşgala hem hususyýetçi hökmünde söwda gatnaşyklaryna barha işjeň girip, maşgalasynyň çäginde telekeçä öwrülýär gidiberýär. Diňe meýilnamaly ykdysadyýetiň taryhy jähetden az salym agalyk eden ýurtlarynda bu tebigylyk bozulýar. Indi bolsa şeýle ýurtlaryň hemmesinde diýen ýaly, bazar gatnaşyklarynyň artykmaçlygyna dogry düşünilip, telekeçilik taryhy ornuny dikeldip, häzir bu bähbitli filosofiýa doly güýjünde öz pragmatiki ýoly bilen tutuş dünýäni ösüşlerden-ösüşlere iterýän zeruryýetlige öwrüldi.
Dünýäniň iň öňdebaryjy usullaryny çelgi-ýörelge edinýän Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda 30 ýyl içinde, ylaýta-da, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda uludan-uly ösüşler gazanyldy. Hut şu döwürde dörän bu ulgam oba hojalygyna örňeşip barýar. Şunda telekeçileriň ilkinji, düýpli işleriniň biri döwrebap ýyladyşhanalary gurup ulanmagy boldy.
ÝYLADYŞHANALAR BOSSANY
Hormatly Prezidentimiziň 25-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýylady şhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şular ýaly täze bina edilen ýyladyşhanalaryň işine ak pata bermegi bilen, bu ugurda bize ýene-de iňňän gowy hem ýakymly zatlar aýan boldy.
Hawa, ýyladyşhanalaryň esasy artykmaçlygy onda adama zerur witaminlere bol gök we miwe önümleriniň aýny çagy — gyşdyr alabaharda ýetişdirilýändigi bolsa gerek. Ýöne bu bary däl. Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk önümçiligi suwarymly ýerleriň galaba bölegini tutýar. Diýmek, biri-birinden gymmatly, dogrusy, mukaddeslik derejesindäki baýlyklaryň has netijeli peýdalanylmagy ýyladyşhanalaryň ýene bir tapylgysyz artykmaçlygydyr. Hasyllylygy birküç däl-de, hakyt 10 esseläp ýokary bolýan bu desgalaryň 1 gektaryndaky hasyly açyk meýdandan aljak bolsaň, 10 gektar ýer gerek.
Onsoňam, tutuş Ýer ýüzünde bolup geçýän we barha depginleşýän urbanizasiýa hadysasy — ilatyň obalardan diňe bir uly şäherlere göçüp barmagy netijesinde bolman, gaýtam, gadymy obalaryň şäherleşmegi — şähere öwrülmegi ýaly ýagdaýlar bilen üsti ýetirilýär. Şeýdibem, ýurduň sebitleriniň ähli ýerlerinde ilatyň giň-endigan ýaýramagyna oňyn şert döreýär. Hawa, döwrebap ýyladyşhanalar, sebitlerde yzygiderli gurulýan we işe girizilýän gaýry möhüm önümçilik we medeni-durmuş desgalar bilen bir hatarda, oba ilatynyň hünär derejesiniň şäherlerdäki ýaly kämilleşip, daýhanlaryň aň-düşünjeleriniň ýokarlanmagyna getirýär. Ilat, ylaýta-da, ýaş ösdürimler hut şular ýaly şertlerde işlemäge höwesli.
Ýene bir möhüm zat, ýyladyşhanalaryň telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna gurulmagy we ulanylmagy önümçilikde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak wezipesine laýyk gelýär. Munuň özi ösen bazar ykdysadyýetiniň esasy şerti ahyryn! Şu ýerde biziň «gyşy ýazy küýsetmeýär» diýilýän howa şertlerimizde ýyladyşhanalarda önüm ýetişdirmegiň daşarky bazarlarda barha ýitileşýän bäsdeşlikde rüstem geljek şertleriniň bardygyny belläp geçen ýagşy: bu desgalardaky esasy çykdajylaryň biri — energiýanyň ýurduň özünde öndürilýändigi üçin bahasynyň bizde has pesdigi, ylaýta-da, onuň has az sarp bolýandygydyr. Netije eýýäm belli: geçen ýylyň eksporty öňňilkiden 70 göterim köp. Internet maglumatlarynda getirilişi ýaly, ýyladyşhanalaryň pomidor önümçiligi bu ugurda iň düşewüntlisi. Bu ýagdaý biziň telekeçilerimiziň işinde hem öz beýanyny tapýar. Diňe “Ýigit” hojalyk jemgyýetinde pomidoryň 15 görnüşi ýetişdirilip, meýdany 34 gektardan gowrak ýyladyşhanada 450 adama iş orny bar. Bu ýerde ýene bir gowulyk görünýär: oba ýerlerindäki möwsümleýin işe derek indi ýylboýy eklenç-gazanç getirýän, özem hemmä, şol sanda ýaşlara gyzykly hem medeniýeti ýokary önümçilik barha giň gerimde ösdürilýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzda jemi meýdany eýýäm 400 gektardan aňry geçen, bu gözel, täze lälezarlygy biz ähli ýana gowulygyň buşlukçysy diýip, kalbymyzda bireýýäm ykraryny tapan ýaýrawynyň has giň boljagyna öňünden begenýäris.
ÝER GURPLY — MAL GURAT
Telekeçileriň maldarçylyk bilen ymykly meşgullanyp, indi hatda garaşylanyndan-da has oňat netijeleri gazanýanlary hem az däl. Munuň bir mysalyny hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik we durmuş maksatly döwrebap binalaryny we desgalaryny gurmak hem-de bolanlarynyň durkuny täzelemek hakynda» Karary esasynda gurlan we 2014-nji ýylyň 25-nji iýunynda milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagynda uly dabara bilen açylan «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda hem görmek bolýar.
Garaşsyzlyk ýyllaryndan ozal, «Bu ýerlerden ibaly ekin-hasyl almarsyň» diýlip, birgiden giň, tekiz düzdügine garamazdan, ugry kän bir indelmedik şorsawlygyň gerşinde dörän we töweregi gurşan häzirki nurana görnüş uly ýoly syryp barýarkaňam mese-mälim welin, Garagum derýasynyň 818-nji kilometrligindäki köprüden gaýrak sowlaýsaň-a, ynsan eli bilen döredilen lälezarlyklar ýaýlasy «Be-e, hakyt şypahanalyga, dynç alşa jaý ýerler eken» diýdirýär. Garadaşaýak we Babarap obalarynyň ara-gaýrasynda, emeli derýanyň diňe sag kenaryny däl, alys-aňrylaryny gurşan gök zolagyň bu gündogar çeti bolsa seni ýolugruna we baran edaraň alnyndaky çynardyr şatuduň, sosnadyr tuýanyň goýy-goýry saýasy bilen garşylaýar. Şeýdibem, ykdysadyýet, ekologiýa we estetika ýaly, göräýmäge biri-birine az dahylly düşünjeler birleşýär, sazlaşýar gidiberýär.
Şunda biziň gözümiz öwrenişen daragtymyz — şatuduň has boldumly, aýratyn başyna gören ýaly ösmegi ýakyn geçmiş bilen deňeşdirmeleri sere getirdi. Ýüpek gurçugyny tutýarkak, olaryň obalarda gytlygyndan ýaňa, Aşgabat, Arçabil ýaly ýerlerden hem tut gözlänimiz sebäplidir-dä, muňa şol mahallardan başlap, üşük-üntüşik eden zadymyz — tut ýapraklarynyň aýaňy ýapýanlaryna-da seýrek duşan kişi hökmünde, hakyt ýüzüňi doly örtjek, ýaprakly tutlar, ine, şu ýerde ýaşuly çagymyz birinji gezek duşdy. Bägüllerdir güller bilen örtülen bu gunduz binalar we gelşikli howly mallar üçin gurlan diýseň, ozalky döwri görenleriň ynanmasy kyn bolar. Ýöne bu dus-dury we goýry ýaşyllyga çümüberen ymaratlar — «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy. Gurlanyna bary-ýogy 6 ýyl bolan bu häzirki zaman binalary, ylla, ozaldan oturan ýaly: jaýlaryň durky ýaşyl gurşawa, gurşaw — binalara ýaraşyp dur.
...Mülk ýeriniň özi 650 gektarlyk bu hojalyk jemgyýetiniň 370 gektary ekin dolanyşygynda. Munuň üstesine-de, geçen möwsümde Anzarowyň adyna alnan kärende ýeriň 500 gektarynda pagta ekilse, 750 gektarlyk ýerde bugdaý ekilipdir. Işiň möçberi we köpugurlylygy depginliligi hem gerimliligi talap edýär. Dogrusy, şunça meýdandaky işleri ozallar bir kärendeçi däl-de, tutuş edara boýun alýardy. Onsoňam, süýt ýaly ynjyk zatdan önümleriň 19 görnüşini täzeligi bilen ilata ýetirmek hem hele-müçük iş däl. Aslynda, maldaryň işi belli bir möwsüm ýa-da günüň belli bir wagty bilen çäklenmeýär. Mala gije-gündizläp we arly ýyllap ideg zerur. Onsoňam, süýt berýän mallary her 5-6 ýyldan çalşyp durmaly. Şunda has önümli tohumy ýitirmän saklamagyň alada-tagallasy hemişelik iş. Galyberse-de, mallaryň süýdi iň köp berýän mahaly hem biziň çakymyzdan has az ekeni: gölelän we owlaklan badyna, has laýygy, ilkinji 100 gün. Diýmek, garran maly saklamak amatly däl. Ýaşlaryny-da ýylboýy sagyp ýörmek ýa-da süýdüň hili haýsy döwür has gowy — geljekde göz öňünde tutuljak, diýmek, ylmy-amaly jähetden öwreneniňe degýän mesele.
Hawa, bu ýerde indi töwerege-de ýaýraberen, derwaýyslygy barha artýan tejribe toplanyldy: maldarçylyk daýhançylyk bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bu, aslynda, tebigy bolaýmaly ýagdaý, onsoň netije hem oňat: geçen möwsümde ýyglan 3 müň tonna barabar ak bugdaýyň hasyllylygy 40 sentnere ýakyn. Iýmlik ekilen, süledir bugdaý tohumlaryny çakyşdyrylyp alnan gara bugdaýyň hasyllylygy bolsa 60 — 70 sentner. Dänelik we siloslyk mekgejöweni hem-de soýadyr ýorunjany ekmek öň ýola düşen iş. Ot-iýmlik ekinleriň artykmajyny ýerlemek hem mesele däl: ýurduň dürli sebitlerinden üstüňe gelip alyp durlar.
BAHAR REPORTAŽY
Gökdepeden günbatara çykybereniňde, ulagyň ýaňy bir doly bat alyp başlan mahaly, ýoluň gaýrasynda agyl-bassyrmadaky düýeler seniň ünsüňi çeker. Uly ýoluň ýakasynda ýaşyl baga bürenip oturan «Gala» kafesinde düşläp geçýänlere hödürlenýän çal, ine, şol düýeleriňki eken. Muny düýe agylynyň öňündäki ak jaýdan çykan çalçy gelin bilen bolan gürrüňdeşlikden bilip galdym. Aýsona Akmyradowa indi iki ýyl bäri şu ýerde, ýerli adamlaryň aýdyşy ýaly, çal tutýandygyny aýtdy. Ýolagçylaryň, ylaýta-da, uzak ýola barýan uly awtoulaglaryň sürüjileriniň düşelgesine öwrülen bu kafe — hut telekeçileriň hyzmat täzeligi. Bu ýolugra gabat gelen täzelik bolsa, maňa Bäherdende has gowy maglumatlar garaşýan eken. Etrap häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeleriň we döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagy bölüminiň müdiri Ýusup Myradow bilen gysga söhbedimizde köp zatlary bilip galdym. Bölümiň täze adyndan başlap, telekeçileriň şeýle möhüm işlere ymykly girişmegini üpjün edýän strategik ugurlar — gallaçylykda we pagtaçylykda uzak möhletleýin berilýän kärende ýerlerinde ur-tut işe başlan we uly tamalar edilýän işewürleriň juda kändigini, olaryň birnäçesiniň bolsa eýýäm adynyň gazetde tutulmagyny zerur hasaplan Ýusup säginmezden, şeýle sanawy kagyza geçirdi. Daşgeldi Çakanow, Altymyrat Gowşakow we Ýaran Satlykow dagy sanawyň başynda getirilenler. Şeýle telekeçileriň ýurdumyzyň islendik etrabynda az däldiginden çen tutup, tutuş oba hojalygynda, ylaýta-da, bu ugurlarda ösen bazar gatnaşyklarynyň doly we dogry girizilmegi bilen, ýakyn wagtlarda uly sepgitlere ýetiljekdigini duýsa bolýar. Şeýlelikde, oba hojalygyndaky diwersifikasiýa hem ýekebara kärendeçilere, hem daýhan hojalyklarydyr birleşiklerine, şol sanda döwlete deň bähbitli ýoly-täri tapar. Çünki telekeçiler öz zandy-tebigatyna görä, işine ussat daýhandyr maldarlary tapyp, işiň iň arzan, bähbitli we tiz-dessin bolýan täzeden-täze usullaryny bu pudakda hem giňden ornaşdyrarlar.
Hakberdi AMANMYRADOW.«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25824
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmagyň meýdançasyna öwrülen halkara häsiýetli köp sanly çäreler — syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikler, wekilçilikli forumlar hem-de sergiler ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasatyny hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek babatyndaky işjeň işiniň aýdyň subutnamasy boldy.
Onlaýn görnüşdäki duşuşyklar ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini giňden açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — aýry-aýry daşary ýurt döwletleri, şonuň ýaly-da, iri sebit hem-de halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.
2-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna gabatlanyp “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA-nyň arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýganda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň pasportlary bolan daşary ýurt raýatlary üçin ýurdumyza gelmegiň we ondan gitmegiň wizasyz tertibini girizmek hakynda Karary barada resmi taýdan habar berýän ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň werbal notasy gowşuryldy.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-ä möhüm agza döwlet bolup durýar we guramanyň maksatlaryny amal etmek işinde, şol sanda sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, öňüni alyş diplomatiýasynyň işini ilerletmekde işjeň we möhüm orun eýeleýär.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Türkmenistandaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşde geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna, geljek döwür üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garaldy.
Duşuşygyň barşynda şu ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy, bu meýilnama “Adam söwdasyna garşy göreş hem-de migrantlara kömek” hem-de “Tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak” ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Türkmen tarapy sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly milli hem-de sebit derejede bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Mart aýynyň birinji ongünlüginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bilermenleriniň iki günlük onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri tutulýan ykdysady syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanda oba hojalygynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, şol sanda maldarçylygy, guşçulygy we atçylygy, ylmy seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini ösdürmäge uly üns berilýär.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmeler weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyga, haýwanlaryň kesellerini öz wagtynda anyklamaga hem-de öňüni almaga gönükdirilen ylmy-barlag maksatnamalarynyň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy.
Dostlukly döwletleriň daşary işler ministrleriniň 6-njy martda geçirilen duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň sebit hem-de halkara düzümlerdäki bilelikdäki hereketlerini nazara almak bilen, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly gepleşikleri ilerletmek işinde Türkmenistanyň we onuň Lideriniň işjeň ornuny belledi. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen möhüm başlangyçlarda öz beýanyny tapdy. Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, türk tarapynyň sebitiň ykdysady taýdan goşulyşmak üçin üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini giňeltmegiň üstünde işlemäge taýýardygyny aýtdy.
9-njy martda onlaýn görnüşde geçirilen okuw maslahatynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Oňa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Smitson institutynyň milli tebigy taryh muzeýiniň, muzeý işini guramak ulgamynda ýöriteleşdirilen “Gallagher & Associates” kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, muzeýleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň türkmen halkynyň hakyky taryhyny we baý medeni mirasyny öwrenmegi hem-de dikeltmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri hökmünde kesgitländigi bellenildi. Milli mirasy wagyz etmekde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda olar bahasyna ýetip bolmajak halk baýlygyny goramak bilen çäklenmän, eýsem, iri ylmy merkezler hem bolup durýar.
10-njy martda Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar pandemiýanyň dünýädäki durmuş-ykdysady ösüşe täsirini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, sebit we halkara derejelerde gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň HZG-niň konwensiýalaryna goşulmagynyň meselelerine garaldy.
Şol gün Daşary işler ministrliginde “Bütinrussiýa döwlet telewizion we radiogepleşikler kompaniýasy” Federal döwlet unitar kärhanasynyň wekilleri bilen wideoduşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde maglumatlary alyşmak ulgamynda hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Bütinrussiýa döwlet telewizion we radiogepleşikler kompaniýasy” Federal döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
10-njy martda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde Aziýanyň ösüş banky tarapyndan guralan ýörite onlaýn maslahat awiasiýa we syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklara bagyşlandy. Maslahatyň barşynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnama — bilelikdäki we durnukly ösüş üçin sebiti birleşdirip” taslamasynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli sebit gatnaşyklaryny ösdürmäge, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak üçin iri maýa goýumlaryny çekmäge, Aziýa ýurtlarynyň innowasion ösüşine ýardam etmelidir.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda 11-nji martda geçirilen onlaýn duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassykladylar.
Şol gün onlaýn görnüşde Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşygy geçirildi. Serhetden geçmegi aňsatlaşdyrmak we sazlaşdyrmak ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Şu ýylyň fewral aýynda geçirilen hem-de synag, howpsuz we arassaçylyk-epidemiologiýa nukdaýnazaryndan üstaşyr ulag kerwenlerini guramaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamyny sanlylaşdyrmaga degişli bilermenler duşuşyklarynyň netijeleri boýunça taýýarlanylan maslahatlara garaldy.
Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti wideoaragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň “GDA — 30” halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän çärelere — wirtual sergä hem-de syýahatçylyk kongresine gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň ýörite elektron binýadynda hödürlän diwarlyklary geljekki daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem-de köp sanly internet tomaşaçylary Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, ähli ulgamlarda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bar bolan eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de welaýatlaryň iri kitaphanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde “Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi” atly iki günlük halkara forum geçirildi.
Onuň dowamynda Türkmenistanda kitaphana işiniň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns merkezinde durýandygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny we häzirki döwürdäki üstünliklerini wagyz etmäge, türkmenistanlylaryň aň-paýhas taýdan ösmegine hem-de watançylyk taýdan terbiýelenmegine ýardam berýän milli ruhy mirasymyzy saklaýan ylym-bilim we medeni merkezler hökmünde kitaphanalaryň eýeleýän ornuny aýratyn belleýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 89-njy mejlisiniň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlary, şol sanda koronawirus ýokanjynyň ýaramaz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
12-nji martda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama laýyklykda, TSTB tarapyndan bu kompaniýanyň önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirilýändigi, JCB kompaniýasynyň bolsa önümleriň tehniki görkezijilerini emele getirmek, umumy netijeliligi ýokarlandyrmak, harajatlary azaltmak hem-de öndürijiligi giňeltmek üçin iň täze elýeterli tehnologiýalar boýunça maglumatlary bermek babatynda birleşme bilen bilelikde işlemäge taýýardygy beýan edildi.
15-nji martda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň “Somo Al Mamlakah” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň nebitgaz we himiýa pudagynda, şeýle hem maýa goýum ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygy nygtaldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek, energetika ulgamyndaky beýleki geljegi uly taslamalar boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmegiň zerurdygy aýratyn bellenildi.
16-njy martda ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Ýurdumyzyň wekilleri bu ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygyna syn bermek bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zenanlaryň orny hakynda çykyş etdiler. Deň hukuklar we azatlyklar, erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek ýörelgesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan baş ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
17-nji martda Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) durnukly ösüş boýunça wideomaslahat görnüşinde geçirilen sebit forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady bu düzüm tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi babatynda sebitde amala aşyrylan işleri hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek ulgamynda amala aşyrylýan çärelere aýratyn üns berildi.
Geçen aýda geçirilen “Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde «Binagärlik we gurluşyk ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy çäreleriniň birine öwrüldi.
Mart aýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly kärdeşleri, hususan-da, Germaniýanyň esasy hassahanalarynyň hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga ýardam etmäge gönükdirilen onlaýn teleköprüleriň tapgyry geçirildi.
17-nji martda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Daşary işler ministrligi Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde “BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna barýan ýolda (COP26): howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň tagallalary we geljek üçin mümkinçilikler” atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligi gurady. Şu ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek COP26 maslahatyna bagyşlanan duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň ählumumy howa ylalaşyklarynyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygy nygtaldy.
Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 18-nji martynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlislerini yzygiderli geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.
19-njy martda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Awstriýa-türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guralan onlaýn duşuşyk ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Awstriýada işleýän diplomatlary, Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili we beýlekiler gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklap, şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagynyň hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary dürli çäreleri — “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary, konsertleri, şeýle hem sergileri guradylar. Şol sergilerde türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, şol sanda milli şaý-sepler, elde dokalan haly önümleri we beýlekiler görkezildi.
23-nji martda Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň berkidilýändigini belläp, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini rejeli ulanmak babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň 24-nji martda Daşary işler ministrliginde geçirilen nobatdaky mejlisiniň gün tertibine abraýly düzümler bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek, milli meýilnamalary we maksatnamalary, hususan-da, bilelikdäki iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi. Onlaýn duşuşyga milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda abraýly daşary ýurt teleradiogepleşikler guramalarynyň wekilleri hem-de 18 döwletden habarlar agentlikleriniň habarçylarynyň 80-e golaýy gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylarynyň pikirine görä, Milletler Bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň goldanylmagy häzirki dünýä syýasatynda türkmen Bitaraplygynyň gurallarynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
25-nji martda wideomaslahat görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň çäklerinde söwdany we maýa goýumlary goldamak boýunça ýokary derejeli toparyň sekizinji mejlisi geçirildi. Taraplar bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşyny, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyna garadylar.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubai bilen wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Şol syýasat iki dostlukly döwletiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň okgunly ösmegini şertlendirýär.
Mejlisiň wekilleri 22 — 26-njy mart aralygynda Parlamentara birleşik tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen parlamentariler üçin okuw maslahatyna gatnaşdylar. Adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmakda, jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmekde, parlamentara diplomatiýany ösdürmekde parlamentara toparlaryň ornuny pugtalandyrmakda parlamentarileriň möhüm orny barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.
29-njy martda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýaşlar forumy geçirildi. Bu çäre milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň medeniýetini pugtalandyrmak işine ýaş nesli çekmegiň gurallaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi.
Mart aýynyň ahyrynda Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasy we iki döwletiň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan ýörite maslahat oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine bagyşlandy. Obasenagat toplumynda işleýän iri fransuz kompaniýalarynyň 35-e golaýynyň ýolbaşçylary ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwaty, eksport we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanda bu ulgamda amala aşyrylýan geljegi uly taslamalara gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Şol gün Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň resmi wekilleri we işewür toparlary bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri girizildi.
Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy merkezleriniň biri bolan ýurdumyz häzirki döwürde sebitde durnuklylygyň sütüni hökmünde çykyş edip, dünýäniň döwletleri bilen belent ynsanperwer gymmatlyklar esasynda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny hemişe tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgam arkaly geçirilen “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara maslahat geçen aýyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim ministrlikleri we Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy. Foruma onlaýn arkaly gatnaşmak üçin Owganystandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Pakistandan, Russiýadan, Täjigistandan diplomatlar we belli alymlar çagyryldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, türkmen halky umumadamzat ruhy genji-hazynasyna saldamly goşant goşdy. Alymlaryň pikirine görä, bu maslahat beýik taryhy şahsyýetiň — Baýram han Türkmeniň durmuş we döredijilik ýoly baradaky bilimleri ep-esli giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara ylmy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga-da giň mümkinçilik berdi.
Geçen aýyň wakalarynyň syny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Şol syýasat özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir.
(TDH)
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25838?type=feed