Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy
Aşgabat, 25-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy.
Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Ýubileý sammiti diňe bir soňky 30 ýylyň dowamynda gazanylan bilelikdäki üstünliklere baha bermek bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge, geljegi has uly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek boýunça geljekki ädimleri kesgitlemäge ýardam etmelidir. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlary has möhüm ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar. Şol ulgamlarda ysnyşykly gatnaşyklar dostlukly döwletleriň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Hytaýyň Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridiginiň çuň manysy bardyr. Geçen ýyllaryň dowamynda ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklar iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdürildi we häzirki döwürde-de okgunly ösdürilýär. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Jarnama gol çekip, däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygy, özara bähbitlere laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykarandyklaryny ýatlamak ýeterlikdir.
Şonuň bilen birlikde, şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda-da — iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” çäklerinde üstünlikli gatnaşyk edýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklaryny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary hem-de medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär. Şol hyzmatdaş ýurtlar bilen syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin sammite gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşlerine şu duşuşyga gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Ýörite görkezilen wideoşekiller şu geçen ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyrlaryny hem-de ýetilen belent sepgitleri aýdyňlyk bilen görkezdi. Taraplaryň hoşmeýilli erk-islegleri we parahatçylyga, rowaçlyga, durnuklylyga hem-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşe bolan ymtylmalary şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda, ilki bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejedäki duşuşygy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu duşuşygyň geçirilmeginiň özi Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara nähili ähmiýet berilýändigine, biziň dostlugymyzy we hyzmatdaşlygymyzy gyşarnyksyz pugtalandyrmagyň möhümdigine düşünilýändigine şaýatlyk edýär.
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň gatnaşyklary köp asyrlar bilen ölçenilýär. Şu döwürde hyzmatdaşlyk etmegiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, bilimleri, ylymda hem-de medeniýetde gazanylan üstünlikleri alyşmagyň örän uly we özboluşly tejribesi toplandy. Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň çäklerinden tutuş dünýäniň medeni gatnaşyklarynyň ösüşiniň hem-de ilerlemegiň şertine öwrülen Beýik Ýüpek ýoly geçdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şu ajaýyp mirasa daýanýan taryhy ykballaryň yzygiderliligi Merkezi Aziýa döwletleri garaşsyzlyga eýe bolan döwründe amala aşyrylyp başlandy. Ol biziň paýtagtlarymyzda ilkinjileriň hatarynda öz diplomatik wekilhanasyny açan Hytaýyň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp boldy. Hytaý bize halkara giňişlikde ykrar edilmekde uly ýardam berdi. Ilkibaşda we soňra doly bahaly, özara bähbitli, deňhukukly ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny alyp barmakda möhüm ädimleri ätdi diýip, milli Liderimiz nygtady.
Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge netijeli täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň düýpli soraglaryna garaýyşlarymyzyň ýakyndygy ýa-da laýyk gelmegi bu hyzmatdaşlygyň esasynda durýar. Merkezi Aziýa döwletleri Hytaý bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk ugrunda çykyş edýär. Özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamagy hem-de işlerine goşulmazlygy talap edip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda göreşýär. Dünýä bileleşiginiň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň ýaýradylmagyna, täze howplara, şol sanda kiber we biohowplara garşy netijeli göreşmek boýunça görýän çärelerini goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletlerimiziň öz abraýyndan, hyzmatdaşlyk etmegiň ýola goýlan usullaryndan peýdalanyp, halkara işlerde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň täze gün tertibini ykrar etmäge bilelikde möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi, olaryň dartgynlylygy gowşatmagyň, dawalary aradan aýyrmagyň, jedelleri we gapma-garşylyklary Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda gatnaşyklar hem-de gepleşikler ýoly bilen çözmegiň tarapdarydygyny nygtady.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Biz dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan ýagdaýa öwrülýändigini, has durnuksyz häsiýete eýe bolýandygyny görýäris. Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmäge mümkinçilik berer diýip hasap edýäris.
Aşgabatda 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy» atly halkara maslahatda Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny öňe sürdi. Biz ony «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrýarys. Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini bolsa bu filosofiýany halkara durmuşa netijeli ornaşdyrmakda hyzmatdaşlarymyz we pikirdeşlerimiz hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Bu ugurda birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamak tejribesi ýola goýlan Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde bilelikde işlemegi göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara bolsa aýratyn orny degişli edýäris. Bu ýerde biziň ýurtlarymyzyň binýatlyk kadalary hem ýakyndyr: sebitiň ýurtlary we Hytaý Halk Respublikasy Ýer togalagynyň bu böleginde berk howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek sebit gün tertibinde möhüm mesele boldy we bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwlet we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde Hytaýyň geljekde hem Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallalaryny goldajakdygyna bil baglanylýandygyny belläp, sebitiň çaklanýan, öňünden belli bolan we durnukly ösüşi üçin zerur syýasy, ykdysady, durmuş hem-de beýleki şertleri döretmekde ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz sammitiň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, umumy mümkinçiligimiz, kuwwatly serişde we senagatdyr tehnologiýa binýadymyz ykdysadyýetde hyzmatdaşlyk etmek üçin örän gowy şertleri döredýär diýip belledi. Ýangyç-energetika pudagy şonuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi pudagyň öňdebaryjy desgasyna öwrüldi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, köptaraply bähbitlere düşünmäge, gaz geçirijiniň hereket edip başlamagy bilen açylan mümkinçilikleriň giň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly boldy.
Biz energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we giňeltmegiň ýoly bilen öňe hereket etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem özara bähbitleriň bolmagynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hytaýa ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy Ýewraziýada ykdysady ösüşe güýçli itergi bermäge niýetlendi. Häzirki döwrüň ýörelgelerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli örän uly giňişligi birleşdirip, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlarydyr senagat halkalaryny emele getirmäge, köp sanly ýaşaýyş-durmuş soraglaryny çözmäge hem-de halklaryň durmuşynyň hilinidir hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
Men hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň yklymda geoykdysadyýetiň täze görnüşiniň örän möhüm şerti bolmalydygyna ynanýaryn. Bu zerur ýagdaý bolup durýar we islendik netijeli ideýalardyr strategiýalar we başlangyçlar bähbitleriň hem-de uzak möhletli maksatlaryň utgaşmagy esasynda bir-biriniň üstüni ýetirmäge niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şoňa görä-de, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça «Bir guşak — bir ýol» atly ählumumy hytaý taslamasy bilen baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwer, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, ylmy we medeni gatnaşyklaryň ýagdaýyna düýpli baha berilmeginiň zerurdygyny belledi.
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary dünýä görnükli alymlary, oýlap tapyjylarydyr akyldarlary berdi. Biz örän baý medeni hem-de ylmy däpleriň mirasdüşerleri we gorap saklaýjylary bolup durýarys. Şoňa görä-de, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga örän uly özara gyzyklanma bar. Şundan ugur alyp, biz bu gyzyklanmany höweslendirmelidiris. Yzygiderli bolar ýaly, giň medeni we ylmy alyşma işjeň ýardam bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna hem-de ýaramaz netijelerine garşy bilelikde göreşmegiň häzirlikçe möhüm wezipe bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bütin dünýä üçin şeýle kynçylykly döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý raýdaşlygyň we özara kömek bermegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Munuň özi bu ugurda toplanan tejribäni alyşmak üçin hünärmenleriň köp sanly onlaýn duşuşyklaryny guramakda hem, ilata sanjym geçirilende hem ýüze çykdy. Biziň ýurtlarymyzyň sebitiň beýleki döwletleriniň çäginde galan raýatlaryna özara goldaw bermekde, zerur bolan ýükleriň daşalmagynda hem aýdyň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga umumy kadalardan ugur alyp çemeleşendigini aýratyn belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň dowamynda koronawirus keseline garşy göreşde ählumumy raýdaşlyk hakynda kabul edilen Rezolýusiýany biziň ýurtlarymyzyň goldandygy barada barýar.
Biziň döwletlerimiz pandemiýa garşy ählumumy göreşde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öňdebaryjy ornuny tassyklaýar we onuň syýasylaşdyrylmagyna garşy çykyş edýär diýip, milli Liderimiz nygtady we koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny öwrenmekde dünýäniň ähli ylmy güýjüni birleşdirmegiň zerurdygynyň, bu ählumumy howpa garşy üstünlikli göreşmegiň örän möhüm şertlerinden biri bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Biz Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny döretmäge ýakyn wagtda girişeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ilkinji şeýle duşuşygy şu ýyl geçirmegi teklip etdi.
Koronawirus ýokanjyny doly ýeňip geçmegiň zerur şerti hökmünde sanjym geçirmek barada aýdylanda bolsa, biz hytaý tarapy bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýüzlenip, örän ýakyn wagtda Hytaýyň Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirjekdigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu oýunlaryň örän ýokary derejede geçiriljekdigine, bütin dünýäniň millionlarça adamlary üçin hakyky sport, parahatçylyk we dostluk baýramyna öwrüljekdigine ynam bildirip, hytaýly dostlarymyza bu Olimpiýa oýunlaryny geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we ähli hytaý halkyny bu uly waka bilen gutlady.
Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçer. Bu döwür döretmegiň, bilelikde gazanylan üstünlikleriň, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň döwri boldy, strategik ösüş wezipeleriniň umumydygyna düşünmegiň, halklarymyzyň dostluk, hoşniýetlilik we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zamanyna öwrüldi.
Biz anyk maksatlar arkaly aýdyň ýollar bilen bilelikde, ynamly öňe barýarys. Birek-birege kömek we goldaw berip, beýik taryhy mirasymyza daýanyp hem-de dünýä gurluşynyň häzirki meýillerine göz ýetirip, täze belentliklere tarap gadam urýarys. Häzirki döwürde biziň gatnaşyklarymyz bozulmaz we synmazdyr. Men onuň hemişe şeýle boljakdygyna berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny we kärdeşlerini — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny, olaryň üsti bilen doganlyk halklary şu şanly ýubileý bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bilen diňlenildi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuň manyly çykyşy, Pekinde açylýan Gyşky Olimpiada bilen gutlaglary hem-de sammitde beýan eden peýdaly pikirleri we teklipleri üçin hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde sebit işlerine işjeň gatnaşyp, sebitde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
HHR-iň Başlygy häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini belläp, energetika ulgamynda we ykdysadyýetiň beýleki käbir ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň işjeň ilerledilýändigini nygtady. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn netijeleri berýär.
Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumy ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň açylýandygyny aýratyn nygtady hem-de ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Siziň bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge hem-de Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandymyzy goşmaga taýýardyrys diýip, Si Szinpin sözüniň ahyrynda nygtady.
Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek beýan edip, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy guramaga we häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge sazlaşykly hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmeleri görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp, ol ýerde hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew hem-de onuň hünärmeni bilen duşuşyp, söhbetdeş boldy. Şol duşuşygyň özünde galan täsirleri dogrusynda gürrüňdeş bolmak üçin biz hem bu hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew bilen duşuşdyk.
— Öremyrat, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmak, didarlaşmak, gör, nähili uly bagt!
— Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň «Işewür topar» hojalyk jemgyýetimize gelmegi, biziň bilen duşuşmagy durmuşymyzda ýatdan çykmajak ýakymly, tolgundyryjy pursatlary peşgeş etdi.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ilkinji aýynda döwlet Baştutanymyz bilen didarlaşmak bagtynyň miýesser edendigi üçin örän begenýärin. Hormatly Prezidentimiz iş ýagdaýlarymyz bilen içgin gyzyklanyp, guşçulyk toplumymyzyň önümi, işleriň alnyp barlyşy, bedeneler, ýumurtga öndürýän towuklarymyz we hindi towuklary barada söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz şol duşuşygyň barşynda maňa we hünärmenlerimize döwrebap telewizory-da sowgat berdi.
— Şa serpaýyňyz gutly bolsun, höwri köp bolsun!
— Sag boluň, taňryýalkasyn! Ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň mübärek gadamynyň welaýatymyza düşmegine hem-de Şa serpaýyna mynasyp bolmagymyza maşgalamyzyň adyndan Arkadag Prezidentimize köp-köp sagbolsun aýdýaryn!
Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynyň edil öň ýanynda ak garyň ýagmagynyň-da ata-babalarymyz aýtmyşlaýyn, gowulykdan, döwletlilikden, şatlykdan nyşandygyny belläsim gelýär.
— Öremyrat, «Işewür topar» hojalyk jemgyýeti haçan işe girizildi?!
— Ata-babalarymyz «Ata kesbi — ogla halal» diýipdirler. Oba hojalyk işleri bilen meşgullanmak, mal saklamak, ekin ekmek, guşçulygy örňetmek — bularyň hemmesi atamdan kakama, kakamdanam bize geçen kesp-kärdir. Şeýlelikde, hojalyk jemgyýetimiz 2016-njy ýylda döredildi. Bu işleriň ýola goýulmagy dogrusynda esasy hemaýatkärlerim, ýakyndan ýardamçylarym agalarym Serdar, Toýly we inim Esen Sopyýewler. Hojalyk jemgyýetimizde başga-da 23 sany işgär bolup, olar gije-gündizleýin çalşykda işleýärler. Sebäbi guşçulykda ýaňy ýumurtgadan çykan jüýjelere ideg etmek köp zähmeti talap edýär. Olary her 2 sagatdan az-azdan iýmitlendirmeli bolýar. Şol sebäpli hem işimize jogapkärli çemeleşýäris.
— Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek baş maksadymyzdyr.
— Guşçulyk hojalygymyzda bir ýylda 300 tonna guş eti öndürilýär. Toplumymyzda et ugurly jüýjeden 10 müňüsi, ýumurtga öndürýän towuklarymyzdan 5 müňüsi, hindi towugyndan bolsa 2 müňüsi örňedilýär. Biz hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, golaýda ýetişdiren bedenelerimizden 1000-siniň etini halka hödürledik.
Guşçulykda esasy ugurlaryň biri-de hindi towuklaryny ösdürip ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Hindi towuklarynyň birnäçe görnüşli tohumlary bar. Hindi towugy iriligi we agramy boýunça beýleki guşlardan tapawutlanýar. Bular belli bir ýaşa çenli tiz semreýärler.
Gahryman Arkadagymyz duşuşygyň dowamynda ata-babalarymyzyň hem guşçulyk bilen meşgullanandygyny we towugyň ýedi hazynanyň biri hasaplanýandygyny, onuň etiniň we ýumurtgasynyň ýokumly iýmit hökmünde görülýändigini belläp geçdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde hojalyk jemgyýetimiziň guşlaryna ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 50 gektar ýer bölünip berildi. Şol ýeriň 20 gektaryna mekgejöwen, 15 gektaryna jöwen, 10 gektaryna ýorunja, 5 gektaryna arpa ekip ýetişdirýäris. Nesip bolsa, öňümizde uly maksatlarymyz bar. Guşçulyk toplumynyň gerimini has-da giňeltjek bolýarys. Munuň üçin bolsa ähli şertler bar. Şeýle şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
— Biz hem siziň maşgalaňyza agzybirlik diläp, alyp barýan işleriňizde üstünlik gazanmagyňyzy, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda maksatlaryňyzyň myrat tapmagyny arzuw edýäris. Hojalyk jemgyýetiňiziň işinde ata-babalaryňyzdan gelýän kesp-käriňizi ýöretmekde elmydama ösüşler ýaran bolsun!
Söhbetdeş bolan Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.
Aşgabat, 24-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň welaýatlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarlary, Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda welaýatlara guran iş saparlarynyň dowamynda sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we saparyň netijeleri barada aýdyp, bu ugurdaky işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede guramak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilişi, ýaz-meýdan işlerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki işleriň wajypdygy barada aýdyp, meýilleşdirilen işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek hem-de netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça zerur guramaçylyk meselelerine möhüm ähmiýet bermegi häkimden talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýokary derejede we bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň möhüm şertidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekiljek meýdanlarynda sürüm hem-de tekizleýiş işlerini geçirmekde, daýhan birleşiklerinde ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny taýýarlamakda, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini we şor suw akabalaryny arassalamakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini belledi.
Milli Liderimiz bu işleriň, esasan, Bäherden, Kaka, Ak bugdaý we Babadaýhan etraplarynda pes depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, olaryň guramaçylyk derejesine, bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigine nägilelik bildirdi we bu ugurda kärhanalaryň işleriniň ýeterlik derejede utgaşdyrylmaýandygyny, şeýlelikde, bökdençlikleriň döreýändigini belledi hem-de işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagy häkimlerden talap etdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek, aýratyn-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede hem-de agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek, şol bir wagtyň özünde ekin meýdanlarynyň, suw akabalarynyň arassaçylyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamak meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we bugdaýy goşmaça iýmitlendirmek, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak, bejergi traktorlaryny abatlamak işleriniň depginleriniň pesdigini belledi. Milli Liderimiz, aýratyn-da, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş akabalaryny arassalamak, suwaryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak işleriniň Serdar, Bereket we Etrek etraplarynda alnyp barylýan derejesine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, munuň özi welaýatda oba hojalyk pudagynyň işiniň talabalaýyk guralmaýandygynyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagy häkimden talap etdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, senagat kärhanalarynyň işiniň bökdençsiz ýola goýulmagynda oba hojalykçylara möhüm ornuň degişlidigini belläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin işleriň talabalaýyk guralmagynyň, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz welaýatyň suwaryş akabalaryny arassalamak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň Ruhubelent, Görogly, Boldumsaz we Akdepe etraplarynda pes depginlerde alnyp barylýandygyny aýdyp, nägilelik bildirdi. Welaýatda gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki ekinleriň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilmegine ylmy esasda çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek, pudaga häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, şeýlelikde, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek meselelerine zerur ähmiýet bermegi häkimden berk talap etdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de häzirki döwürde ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň derejesi, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba zähmetkeşleriniň netijeli işi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň we öňde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň sebitleri ösdürmegiň maksatnamasynyň möhüm talabydygyny belläp, ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlere laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welaýatda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça möwsümleýin işleri bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek zerurdyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň Köýtendag, Döwletli, Hojambaz we Farap etraplarynda gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş hem-de şor suw akabalaryny arassalamak işleriniň pes depginlerde alnyp barylýandygyny belläp, bu işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi we olary talabalaýyk derejede guramagy häkimden talap etdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýerleri we tehnikalary hem-de ekişde ulanyljak gurallary ýaz ekişine taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmakda, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny ýaz-meýdan işlerine taýýarlamakda işleriň haýal alnyp barylýandygyny belledi. Milli Liderimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereklerini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleriniň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, bu babatda Oguzhan, Türkmengala, Garagum we Mary etraplarynda alnyp barylýan işleriň derejesine nägilelik bildirdi hem-de işleri talabalaýyk derejede guramagy häkimden talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ak ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň derejesi we ýaz-meýdan işlerine taýýarlygyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Ýaz ekişine oba hojalyk tehnikalaryny we degişli gurallary, ýerleri, zerur tohumlary taýýarlamak toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyz boýunça ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň meýdanlaryny giňeltmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň çäklerinde zerur işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň geçirilişiniň talabalaýyk guralmaýandygyna ünsi çekdi.
Welaýat häkimleriniň öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmeýändigi, işleri bellenilen wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça guramaçylyk meseleleriniň pesdigi sebäpli, amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň hil derejesi talaba laýyk gelmeýär.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirip, olardan öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi berk talap etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowy çagyrdy.
Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheriniň merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäheriň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny degişli derejede alyp barmak ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň depginleriniň pesdigini belläp, işleriň guralyşynyň derejesine nägilelik bildirdi hem-de işleri talabalaýyk derejede guramagy häkimden talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýol-ulag düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň degişli düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belläp, bu ugurda işlenip taýýarlanylan Maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza we ýurdumyzyň welaýatlaryna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, Baş prokuroryň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýol gurluşygy boýunça degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň, tehnikalaryň welaýatlaryň häkimlikleriniň garamagyna geçirilendigini we şu döwürde ýol gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň derejesiniň pese gaçandygyny belledi hem-de bu babatda Baş prokuror B.Atdaýewiň degişli ugurda geçirilen seljermeleriň netijeleri baradaky hasabatyny diňledi.
Baş prokuroryň hasabat berşi ýaly, ýol gurluşygyna degişli düzümleriň tehnikalarynyň welaýatlaryň häkimlikleriniň garamagyna geçirilmegi bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan ýol gurluşygy işleriniň derejesiniň pese gaçandygy, degişli tehnikalaryň kuwwatynyň netijeli peýdalanylmaýandygy, ätiýaçlyk şaýlaryň ýetmezçilik edýändigi ýüze çykaryldy. Bu bolsa ýurdumyzyň çäklerinde ulag ýollaryny talabalaýyk saklamak we täzelerini çekmek işlerine ýaramaz täsirini ýetiripdir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu işleriň şeýle derejede guralmagynyň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny belledi we degişli ugur boýunça prokuror gözegçiligini dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijeleri barada aýdyp, sebitlerde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň talabalaýyk guralmaýandygyny belledi. Hususan-da, ýol gurluşygynyň, medeni-durmuş maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň depginleri häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň sebitleriň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.
Milli Liderimiz döwlet tarapyndan degişli goldawlaryň berilýändigine garamazdan, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýol-ulag düzümine degişli alnyp barylýan işleriň derejesiniň pesdigine, ýol gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmeýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hiliniň we depginleriniň pese gaçandygyny belledi. Munuň özi welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň işleri talabalaýyk derejede guramaýandygyny görkezýär diýip, olaryň işine nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýol-ulag düzümine degişli işleri bellenilen meýilnama we häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guramagy Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerinden berk talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarlaryna bu ugurdaky işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Purçekowa ýüzlenip, ýol gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, ykdysady toplum bilen bilelikde degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda medeni-durmuş maksatly binalaryň — mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sport mekdepleriniňdir desgalarynyň, medeniýet öýleriniň, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda awtomobil ýollarynyň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, bellenilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň durmuş üpjünçiligine degişli işleriň alnyp barylmagynyň, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda we ilatyň durmuş düzümine degişli işlerde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagynyň we oňa täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde haryt dolanyşygynyň ähmiýeti has-da artýar. Häzirki wagtda hojalygy dolandyrmagyň has giň ýaýran we esasy görnüşi haryt önümçiligi bolup, bu gatnaşyklar dürli döwürlerde-de düýpli öwrenilýär we tejribede giňden peýdalanylýar. Ykdysadyýetiň önüm öndürýän böleginde gazanylýan ösüşleri, esasan, senagat pudagy üpjün edýär. Ol önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, zähmet gorlarynyň mukdar we hil görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn binýadynyň innowasion özgerişlere eýermegine daýanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatdaky düzümini kämilleşdirmek wezipeleri durmuşa geçirilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistan senagat taýdan sazlaşykly ösýän ýurda öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bäsdeşlige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini artdyrmagy, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmäge, ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagaty, hyzmatlar, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns bermelidigini nygtaýar, çünki bu ýagdaý ýurdumyzda ykdysady ösüşiň çig mala garaşlylygyny azaldýar. Şonuň üçin-de, özümizde öndürilen önümleriň hasabyna bazar bolçulygyny berkitmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şolaryň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän ýerli kärhanalaryň sany yzygiderli artýar.
2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli senagat ulgamyny ösdürmegiň strategik maksady gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudaklaryň mümkin bolan deňagramlylygyny gazanmaga gönükdirilendir. Şunda gaýtadan işleýän senagat pudagynyň işjeňligini ýokarlandyrmagyň döwürleri şertleýin iki tapgyrda göz öňünde tutulýar. Birinji döwürde, has takygy, 2018 — 2024-nji ýyllarda çig mallaryň ähli görnüşlerini senagat taýdan özleşdirmäge çekmek işleri tamamlanyp, ony çuňlaşdyrylan we çaltlandyrylan tertipde dowam etmek wezipe edinilýär. Bu döwür eksporta niýetlenen we importy çalyşýan ugurlaryň ikisiniň-de deň derejede alnyp barylmagyny göz öňünde tutýar.
Ikinji döwür 2025 — 2030-njy ýyllara niýetlenip, ol senagaty ösdürmegiň innowasion ulgamynyň kemala getirilmegini öz içine alýar. Bu ýyllarda senagatyň ösüşiniň düýbünden täze ülňä geçmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda iri ulag desgalary, üstaşyr geçelgeler we ýangyç-energetika toplumy milli senagatyň binýadyny düzýär. Şol sanda güýçli depgin bilen ösýän senagat pudaklaryna nebithimiýa toplumlarynyň gatanjy, dokma, azyk hem-de gurluşyk materiallary senagatyna maýa goýumlaryň gönükdirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Ahal welaýatynyň Kaka, Babadaýhan etraplarynyň çäginde gurlup, işe girizilen täze dokma toplumlary ýurdumyzyň dokma senagatynyň düzüminiň has-da kuwwatlanmagyny şertlendirýär. Ol ýerli çig maldan öndürilýän taýýar önümleriň möçberini we eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Şu ýerde aýratyn bellemeli zat, senagat pudagyndaky ösüşiň bu ugry ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmeginde wajyp orun eýeleýär.
Dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek milli ykdysadyýetimiziň öňünde durýan möhüm wezipedir. Ýurdumyzda ýokary hilli, köp görnüşli eksport ugurly önümleriň öndürilişi barha artýar we olar dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplydyr. Döwletimiziň dokma toplumynda öndürilýän önümler hiliniň ýokarydygy, ekologik taýdan arassadygy, bahalarynyň elýeterlidigi, diňe bir içerki bazarda däl, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýandygy bilen tapawutlanýar. Dokma senagatynyň işini ýöretmekde ýurdumyzyň öz çig mal binýadynyň bolmagy-da onuň ähmiýetini ep-esli derejede artdyrýar, girdejililigini ýokarlandyrýar.
Türkmenistanyň dokma önümleriniň, barha meşhurlyga eýe bolýan söwda markalary bilen öndürilýän taýýar egin-eşikleriň, şeýle hem hojalyk harytlarynyň 60 göterime barabar bölegi dünýäniň 70-den gowrak ýurduna ugradylýar. Şeýle mümkinçilikleri has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynda Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň deňagramlylygyny üpjün etmek häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň işjeň ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Şunda daşarky bazarlaryň islegleri, ýurdumyzda döredilen hem-de döredilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň doly derejede ulanylmagy iş üpjünçiliginiň, durnukly ykdysady ösüşiň esasy girewi we şerti hökmünde bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasaty uzak möhletleýin geljek üçin niýetlenen kuwwatly milli ykdysadyýeti emele getirmäge gönükdirilip, uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşmagyna şert döredýär.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Türkmen halkynyň ak bugdaýa, mukaddes çörege bolan hormaty juda belentdir. Türkmen öýüne myhman gelende öňi bilen oňa saçagyny ýazyp, duz-çörek hödür edýär. Maşgala binýadynyň ilkinji basgançaklarynda, gudaçylyk gatnaşygy açylanda, ilki bilen, içi çörekli saçak eltilýär. Täze jaýa göçülip barlanda bosagadan duz-çörekli ätlenilýär, döwletli işleriň başy başlananda-da ýa-da maşgalada biri uzak ýola sapara gitse-de ýoldaş hökmünde ýanyna çörek salynýar.
Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda her bir adama öz saýlap alan hünäri boýunça işlemäge, döretmäge, gurmaga, zähmetiniň rehnetini görüp, eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Watanymyzyň ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşmagy maksat edinýän «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň çörek kärhanasynyň agzybir işgärleri hem uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Kärhananyň zähmetkeşleri ýokary hilli önümleri bilen ilatyň ösen isleginiň kanagatlandyrylmagyna saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olaryň agramly böleginiň zenanlardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Geçmiş taryhymyza ser salanyňda-da maşgalanyň gündelik biş-düşi, tamdyra çörek ýapmak ýaly hysyrdylary gyz-gelinler tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Häzirki wagtda hem kärhanada çörek we çörek önümlerini öndürýän işçi topara ussat zenanlar halypalyk edýärler. Çörek kärhanasynda öndürilýän çörekleriň onlarça görnüşine alyjylar uly isleg bildirýärler. Olardan «galyp», «tamdyr», «barmak», «ahal», «ruhubelent» çörekleri, şeýle-de «bereketli», «höwesli», «toý külçe», «altyn däne» süýjüli külçeler we beýleki birnäçe süýji-köke önümleri özboluşly tagamy bilen tapawutlanýar. Bu önümler hünärine ezber, işine höwesli zenanlaryň yhlasly zähmetiniň ajaýyp miweleridir.
«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, bu kärhananyň agzybir işgärleriniň birnäçesi köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly zähmeti netijesinde döwlet sylaglary bilen sylaglanýarlar. Olardan Jeren Atajanowa, Gülnara Kurýazowa, Jemal Ahmedowa, Aýna Nuryýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldular. Bularyň bişirýän çörekdir çörek önümleri welaýatymyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerinde gözüňi dokundyryp, çörek önümleriniň sergilerinde netijeli orunlara mynasyp bolýar. Edil halyçy zenanyň ýüregindäki, kalbyndaky duýgularyny öz dokaýan halysyna çitişi ýaly, çörek bişirýän zenanlarymyz hem öz ýürek buýsançlaryny, Watana bolan söýgülerini bişirýän çöreklerine, süýji-kökelerine yhlas bilen siňdirmegi başarýarlar.
Halkymyza amatly şertlerde işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.
Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýlan maksatnamalaýyn wezipeleri amala aşyrmak hem-de milli kanunçylygy döwrüň talabyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap getirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme berildi. Mejlisiň deputatlary ýerlerdäki duşuşyklarda wagyz işlerini geçirýärler.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek hakynda” Karara laýyklykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan umumymilli forumy guramak boýunça işler dowam etdirilýär.
Hukuk esaslary, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri pugtalandyrmak hem-de ösdürmek üçin hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly täze kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Halk Maslahatynyň agzalary Watanymyzyň gazanan uly üstünlikleriniň, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýetini düşündirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Geňeşiň alyp barýan kanunçylyk işiniň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy ykrar edilen halkara hukuk resminamalary içgin seljermegiň, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, olary milli kanunçylyk tejribesinde nazara almagyň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, Türkmenistanyň demokratik, hukuk döwleti hökmünde ösüş ýolunda toplan taryhy tejribesi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmaga ýardam berýän hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu möhüm çäräni hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň ähli meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek hem-de 2021-nji ýylyň jemlerini jemlemek bilen bagly işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzy geljekki 30 ýylyň dowamynda ösdürmek maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde görkezijileri hem-de çaklanylýan maglumatlary taýýarlamak boýunça sazlaşykly işler alnyp barylýar.
Wise-premýer pudaklaryň 2021-nji ýyl üçin önümçilik görkezijileriniň ýerine ýetirilişine hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna seljerme bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, “Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” işlenip düzüldi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak hem-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmak bilen baglanyşykly çäreler göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany geljek 30 ýyllyk döwürde ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Resminamada Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy täze taryhy eýýamda syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni ugurlarda ösdürmegi üpjün etmäge gönükdirilen ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu işi degişli düzümler bilen utgaşykly alyp barmak, şonuň ýaly-da, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer şu ýylda Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine nebit önümlerini paýlamagyň möçberlerine gaýtadan seredilendigini habar berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetde ýangyç-energetika toplumynyň eýeleýän uly ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberini, ýurdumyzyň içerki we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän köpdürli nebithimiýa önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmagyň hem-de görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.
Milli Liderimiz pudaga häzirki zamanyň serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmaga, energetika pudagynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň düzgünleriniň degişli derejede berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň alnyp barlyşy hem-de sebitlerde möwsümleýin meýdan işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda gök maýsalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleri üçin bölünip berlen meýdanlarda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleri amala aşyrylýar.
Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý hem-de gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi, önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan önümler üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi barada hasabat berildi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüdiň taslamasyny hödürledi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny hem-de suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak meselelerine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň azyk üpjünçiligini hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, ilatyň özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ekerançylar üçin jogapkärli ýazky ekiş möwsümine ýokary derejede hem-de toplumlaýyn taýýarlyk görmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen kuwwatly, döwrebap zawodlar gurulýar, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşiginiň, “Marykarbamid” zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler geçirildi. Zawodlaryň ygtybarly işledilmegi we önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde ulanylmagy 2022-nji ýylda göz öňünde tutulan önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak boýunça pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam eder. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň geljekde hem önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin zerur bolan enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de doly önümçilik kuwwatlyklaryna çykarylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda durmuş-ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek, dokma pudagynda hem-de telekeçilik ulgamynda kesgitlenen möhüm wezipeleri çözmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň bazar gatnaşyklaryna geçmek şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň gazanýan üstünliklerini görkezýän esasy pudaklaryň hatarynda durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, haryt bolçulygyny üpjün etmek we içerki bazary zerur bolan önümlerden doldurmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bolup durýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän dürli duşuşyklar, maslahatlar, bäsleşikler we sergiler, wagyz-nesihat işleri milli senenamamyzyň şanly wakalaryna hem-de senelerine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň özenini düzýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny hem-de döwrüň talabyny nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyny netijeli ulanmak, medeniýet ulgamynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns bermek babatda degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz halkymyzyň medeni-ruhy mirasyny giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga, türkmenistanlylaryň abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilen strategik döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmek boýunça işleri ýaýbaňlandyrmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda alnyp barylýan işler, hususan-da, Watanymyzyň bu ulgamda gazanýan üstünliklerini dünýäde giňden wagyz etmek, türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinde gazanýan uly üstünliklerini has-da artdyrmak, bu ugurda döredilýän mümkinçilikleri mundan beýläk-de giňeltmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän möhümdigini nygtady hem-de täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek bilen birlikde, Garaşsyz Watanymyzyň beýik gazananlaryny dünýäde giňden beýan etmäge hem gönüden-göni ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna durmuş desgalaryny, hususan-da, lukmançylyk we hyzmat ediş edaralaryny bildirilýän talaplara laýyklykda hem-de arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi arkaly ýerleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmek barada tabşyryk berildi. Milli Liderimiz alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatymyzyň baş ýörelgesiniň, ilkinji nobatda, adamlar we olaryň abadançylygy babatdaky aladadan ybaratdygyny belläp, bu ugurda degişli düzümler, şol sanda häkimlikler bilen utgaşykly işleri ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň energetika diplomatiýasy bilen baglanyşyklydygy bellenildi. Ýurdumyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän energetika diplomatiýasy abraýly halkara guramalaryň derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Bu babatda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde öňe süren BMG-niň pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara «Ýol kartasyny» düzmek baradaky teklipleri energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde örän ähmiýetlidir.
Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine getirer diýlip garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip düzüldi.
Resminama wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny öz içine alýar.
Bu ugurda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek babatda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýol kartasynyň” taslamasy hem-de onda beýan edilen teklipler hödürlenildi.
Hususan-da, munuň özi Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA), Halkara Energetika agentligi, Halkara Energetika Hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik we beýleki halkara guramalar bilen geljekde hem hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek we bu işleriň çäklerinde IRENA-nyň Türkmenistanda wodorod energiýasy boýunça merkezini açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek teklibi bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly işleri durmuşa geçirmek, hususan-da, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de bu işe halkara bilermenleri çekmek teklip edilýär.
Ýurdumyzda wodorod energetika pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu babatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energiýasy boýunça merkezi döretmek teklip edilýär. Bu merkeziň esasy maksatlarynyň biri wodorod energiýasyny öndürmek we ulanmak boýunça ýurdumyzda synag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamakdan ybarat bolar.
Energiýa serişdeleriniň bu görnüşini öndürmek, saklamak we ony daşamak üçin degişli düzümleriň döredilmegi hem-de oňa uly möçberde maýa goýumlaryň çekilmegi bilen bagly işleri geçirmek zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny ösdürmek boýunça Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär.
Mundan başga-da, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak babatda Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasy, Koreýa Respublikasy, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň degişli edaralary bilen geňeşmeleri ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry amala aşyrmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Alternatiw energetika bu ugurda milli strategiýany durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Ýurdumyzda onuň çeşmelerinden netijeli ulanmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge we ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegiň ýangyjy hökmünde wodorod şol çeşmeleriň biri bolup durýar. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda wodorody öndürmek we ony ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek aýratyn möhümdir.
Bu ulgamda ýurdumyz işjeň orny eýeleýär. Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Wodorod energiýasy barada aýdylanda bolsa, ýokary ulanyş, tehnologik we ekologik häsiýetnamalary onuň artykmaçlyklarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Munuň özi ylmy barlaglaryň barşynda tassyklanyldy. Bu energiýa serişdesini senagatda hem-de binalary ýylatmak üçin netijeli ulanmak bolar. Mundan başga-da, wodorod daşky gurşaw üçin howpsuzdyr. Ony ulanmagyň ägirt uly geljegi hut şular bilen şertlendirilendir.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň pes uglerodly, hususan-da, wodorod energiýasy ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreleri görjekdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhet zolaklarynda, gümrük nokatlarynda berk gözegçiligiň üpjün edilýändigi, degişli zyýansyzlandyryş işleriniň yzygiderli geçirilýändigi bellenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda ähli gulluklaryň işini utgaşykly guramak meselesini hemişe üns merkezinde saklamak möhümdir. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleriň geçirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen ulag ulgamynda özara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan netijeli başlangyçlary bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu ugurda kabul eden birnäçe Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlar kesgitlenip, logistikany ösdürmek üçin şertler döredilýär.
Häzirki wagtda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgelerine Gazagystan, Katar we Hindistan ýaly ýurtlaryň goşulmagy bilen, bu ugurlary işjeňleşdirmek babatda synag ýüküni ugratmak, ýükleriň geçmeginde bökdençlikleriň döremezligini üpjün etmekde bar bolan meseleleri çözmek boýunça milli operatorlary kesgitlemek arkaly awtoulag we otly ýük kerwenlerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesi boýunça hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesi arkaly Ýewropa çykmak bilen, konteýner ýük daşalyşyny artdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Logistika wekilleriniň işini ýola goýmaga, daşarky bazarlary öwrenmäge, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini mahabatlandyrmaga hem-de iri ulag kompaniýalaryny çekmäge aýratyn üns berilýär.
Pakistan, Owganystan, Hindistan ýaly ýurtlar Russiýa, Gazagystana hem-de Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleri daşamaga, şonuň ýaly-da, Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça konteýner ýük daşalyşyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ulag kompaniýalarynyň arasyndaky gepleşikleriň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstaşyr ýük daşamakdaky mümkinçiliklerini peýdalanmak meýilleşdirilýär.
Agentligiň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, ýurdumyzyň söwda flotunyň ulag serişdelerini daşamak we ýolagçy gatnatmak üçin döwrebap gämiler, şol sanda “RO-PAX” görnüşli ýük daşaýjy gämiler bilen üstüniň ýetirilýändigini aýtdy. Şol gämiler Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda dolanyşygynyň akymyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dürli kysymly gämileri gurmak meýilleşdirilýär. Şol gämileriň hatarynda demir ýol wagonlaryny daşamak üçin iki sany “Ro-Ro” hem-de bir gury ýük daşaýjy gämi bar.
Dünýä tejribesinde “Ro-Ro” görnüşli gämileriň, esasan, açyk, ýarym açyk we ýapyk palubaly görnüşleriniň ulanylýandygy barada habar berildi. Ýükleme-düşürme işlerini ýeňilleşdirýändigi hem-de howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigi nazara alnyp, bu gämileri açyk palubaly görnüşde gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa howply ýükleriň käbir görnüşlerini gäminiň diňe açyk palubasynda daşamak barada Halkara Deňiz Guramasynyň talaplaryna kybap gelýär. Şol bir wagtda gäminiň aşaky böleginde azyk, gurluşyk, oba hojalyk we beýleki önümler ýüklenen ýükli wagonlary daşamak bolar. Gury ýük daşaýjy gämileriň häsiýetnamalary barada aýdylyp, gäminiň ýük göterijiliginiň 5 müň 100 tonna barabardygy habar berildi.
Şunuň bilen baglylykda, gämileriň şekil taslamalary hem-de olaryň häsiýetnamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine netijeli çemeleşýändigini görkezip, dürli ugurlarda, şol sanda ulag ulgamy ýaly ileri tutulýan ugurda möhüm düzümleýin taslamalary öňe sürýändigini belledi.
Soňky ýyllarda çäk taýdan örän amatly ýerleşen Türkmenistan sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag halkasy we logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny ynamly pugtalandyryp, özüniň ägirt uly mümkinçiligini umumadamzat bähbidine peýdalanmaga çalyşýar.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, şu ulgamda ýurdumyzyň kuwwatyny doly peýdalanmak maksady bilen, multimodal logistika we üstaşyr gatnawlar, sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin oňaýly şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi.
Döwrebaplaşdyrylan demir ýollaryň geçirijilik ukybyny artdyrmak, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara ugratmagyň hem-de daşary ýurtlaryň önümlerini ýurdumyza gysga we amatly ýollar bilen getirmegiň mümkinçiliklerini peýdalanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz ýük daşalyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň bolmagynyň ägirt uly ähmiýetini göz öňünde tutup, ýükleriň ugradylýan hem-de kabul edilýän ýerlerini — deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini we awtomenzilleri mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Türkmenistanyň ulag ulgamynda möhüm halka bolup durýandygy nygtaldy.
Milli Liderimiz “Ro-Ro” görnüşli demir ýol wagonlaryny daşaýjy ýük gämileriniň meýilleşdirilen gurluşygyna ünsi çekip, munuň uzak aralyga daşamak üçin ulaglaryň örän uly isleg bildirilýän görnüşidigini belledi. Bu bolsa üstaşyr daşamalara-da uly mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzyň gämi gurluşygyny ösdürmek üçin binýat bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda degişli işgärleri, operatorlary, işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda mundan beýläk-de ähli tagallalary etmek barada görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalary makullap hem-de bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna tabşyryklary berip, gämileriň görnüşlerini gurmagy özleşdirmek bilen, milli deňiz flotuny giňeltmegiň zerurdygyny, munuň bolsa suw ulaglary ulgamynda ýük dolanyşygynyň artmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.
Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.