Energetika ulgamynyň batly gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň täze hil derejesi ýurdumyzyň yzygiderli ösüşini, şol sanda onuň halkara derejesindäki artýan işjeňligini baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda çalt depginler bilen özgerýän, dünýäniň çagyryşlaryna mynasyp jogap bolup durýan anyk ädimler arkaly utgaşdyrylýandygy bilen şertlendirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär» diýip nygtady. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Munuň özi biziň ýurdumyzda «ýaşyl energetikany» ösdürmeklige gönükdirilen işleriň milli kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli berkidilmegine gönükdirilen işleriň uzak möhletleýin esasda alnyp barylýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda dünýäniň onlarça ýurdy, şol sanda Türkmenistan energiýa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga uly maýa goýumlaryny goýýarlar, olaryň hatarynda daşky gurşawy goraýan we durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaklyga ýardam edýän «ýaşyl energetika» taslamalary — ykdysadyýetiň täze pudaklaryny döretmek, hususy telekeçilik işini ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek bilen baglydyr. 

                                                                   

Türkmenistan, dünýäniň energetika kuwwatyna eýe bolan öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde dünýä bileleşiginiň ünsüni energiýa howpsuzlygynyň ulgam dörediji elementlerine gönükdirmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Türkmenistan uglewodorod çig malynyň dünýäde ägirt uly maýa goýumlaryny çekmek ýoly arkaly ýurduň ykdysadyýetini depginli ösdürmek meselesini esasy orunda goýýar. Bu ýerde ýurduň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk ileri tutulýar. Şu jähetden, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdelerini ugradyjy iri döwlet hökmünde Türkmenistanyň çykyş etmegi energetika diplomatiýasynyň möhüm şahasyna öwrüldi.  

                                                                   

Energetika pudagynda däp bolan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta — Gündogar ugurlary boýunça göni energetika boýunça hyzmatdaşlygyny ep-esli giňeltdi. Döwlet Baştutanymyzyň: «Geljekde biz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris» diýip bellemegi dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ykjam hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanýar. Uzak möhletleýin döwürde döwletiň häzirki wagtda nebitgaz, himiýa, ulag we aragatnaşyk, energetika we gurluşyk, ýaşaýyş jaý-jemagat pudaklaryna döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň düzümleriniň üsti bilen hususy we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekiljekdigi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» mazmunynda hem öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Türkmenistanyň başlangyjy bilen onlarça Kararnamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi. Olaryň hatarynda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen iki Kararnama energiýa babatdadyr. Munuň özi Türkmenistanyň energiýa akymlarynyň ygtybarlylygy we durnuklylygy barada öňe süren başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa mynasyp bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şu resminamalaryň esasy ýörelgelerini we düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmekde Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen örän ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy globalizasiýanyň hem-de tehnika we tehnologiýanyň çalt ösýän, ylmyň we öňdebaryjy ylmy barlaglaryň gazananlarynyň ornaşdyrylýan häzirki zaman şertlerindäki halkara bileleşiginiň durmuşa geçirýän toplumlaýyn tagallalarynda garalýan durnukly ösüşiň global geljegi bilen berk baglanyşyklydyr. Özüniň ägirt uly serişde mümkinçiligini tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga ymtylýan Türkmenistan bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýan bu ugurdaky syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň energetika senagaty ösüşiň durnukly ýokary depginlerini saklap, dünýä bazarlarynda islegden peýdalanylýan elektroenergiýanyň eksportyny ýokarlandyrmak mümkinçiligine eýedir. Diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, soňky ýyllaryň içinde ýurdumyz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar we Günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalary amala aşyrdy. Olaryň häzirki zaman global energetika howpsuzlygynyň, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köpşahaly ulgamynyň hasabyna döretmäge gönükdirilendigi hem strategiki ähmiýete eýedir.  

                                                                   

«Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi. Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we sebitara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Pudaga ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle-de häzirki zaman şertlerinde elektrik beketler üçin ýangyjyň iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşi bolan ýurtdaky tebigy gazyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetiň strategiki pudagynyň öňünde duran wezipeleri netijeli çözmäge ýardam berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzy ýeňişli menzillere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere we rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Aziza IŞBAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.