Hyrydarly harytlar

Hoş habar bizi çäksiz begendirdi. Ýurt boýunça gowy etrap! Bu sözleriň aňyrsynda etrabymyzyň zähmetkeşleriniň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin edýän tagallalary, yhlasly çekýän zähmeti görünýär.  

                                                                   

Geçen ýyly biz üstünlikli tamamladyk. Çig malyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde zawodymyzda 220, 083 tonna benzin, 135,095 tonna dizel ýangyjy, 22,5 müň tonna mazut, 34,991 tonnadan gowrak ýol bitumy, ýewropa bazarlarynda uly islegden peýdalanýan agyr wakuum gazoýlyň 41848 tonnasy we isleg bildirilýän beýleki önümler öndürildi. Etrabymyzyň uly ýeňşi bilen ganatlanan zawodymyzyň zähmet adamlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýarlar. Çig nebitiň we gaz kondensatynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde benzin, dizel ýangyjy, mazut, ýol bitumy we beýleki önümleri ýene-de artygy bilen öndürip, sarp edijilere ýetireris. Önümlerimiziň aglaba bölegi eksporta iberilýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň senagatynyň güýçli depginde ösmegi, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy we ýurdumyzda awtomobilleriň köpelmegi awtomobil ýangyjynyň önümçiliginiň artdyrylmagyny talap edýär. Şu oňyn özgertmelere laýyklykda zawodymyzyň durky täzelenildi. «Westport Trading Europe Limited» (ABŞ) kompaniýasynyň hünärmenleri könelen tehnologik enjamlary çalyşdylar, şeýle hem enjama goşmaça hilini ekstraksion benzin derejesine ýetirýän göni saplanýan ýeňil benzini dearomatizirleýän blok goýuldy. Awtomobil benzinlerini öndürmekde ulanylýan ýokary oktanly komponenti almaga niýetlenilen LÇ 35-11/1000 katalitik riforming enjamy işe girizildi. Onuň kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna benzin çykarmaga niýetlenendir. 2015-nji ýylda katalitik reforming enjamynyň durky toplumlaýyn täzelenildi, ýol bitumyny çykarýan desga işe girizildi. Kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenilen elektrik duzsuzlandyrma blokly nebiti atmosferaly işläp saplaýan «ELOU-AT» enjamy hem önümçilige ornaşdyryldy. Esasy önümler bolan ýokary oktan sanly benziniň çykarylyşy artdy. Kärhanamyzda nebiti deslapdan duzlardan arassalamak we gaýtadan işläp saplamaga niýetlenilen kombinirlenen atmosfera-wakuum enjamy hem işledilýär.  

                                                                                                           

Reýimguly  ORAZOW,

                       

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň baş ykdysatçysy.