Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Türkmen telekeçileri rowaçlyklaryň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýarlar” diýip belledi. Bu hakykaty paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda birnäçe gün bäri dowam edýän sergi aňryýany bilen subut edýär. Sergi zalynyň giň pawilýonlaryny bezän önümleriň aglabasynyň täze harytlardygy hususy eýeçilikde döredijilikli işlenilýändiginiň alamatydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Şol taryhy günden başlap, türkmen telekeçileri bir supranyň başyna jemlenip, agzybirlikde iş alyp barýarlar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Kanunlaryň kabul edilmegi gowy netijeleri berdi. Birleşmäniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektardan gowrak meýdanda döredilen Senagat zolagynda häzirki wagtda döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda iş alnyp barylýar.
Oba hojalyk, gurluşyk, senagat, gaýtadan işleýän pudak, ylym-bilim, syýahatçylyk, hyzmatlar ulgamy, garaz, bu gün milli ykdysadyýetimiziň haýsy pudagyny alsaň-da, telekeçileriň yhlasly zähmetini görmek bolýar. Şu ýerde yza nazar aýlap, Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde aýdylan maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berlendigi baradaky maglumaty getireliň!
Indi 2021-nji ýylyň jemlerine üns bereliň! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň bellenilen ýylynda umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desga ulanmaga berildi. Sanlaryň arasynda, gör, nähili tapawut bar. Biz olara ýöne ýerden ýüzlenmedik. Çünki bu iri desgalaryň aglabasynyň gurluşygy hususy kärhanalar tarapyndan amal edildi. Munuň özi türkmen telekeçileriniň iri şäherleri gurmaga ukyplydygynyň hem subutnamasydyr.
Hususy pudakda azyk, senagat we gurluşyk önümlerini öndürmekde gazanylan netijeler has-da guwandyrýar. Häzirki wagtda bazarlarymyzyň ýerli harytlar bilen baýlaşmagy-da muňa aýdyň mysaldyr. Bu babatda geçen ýylyň dowamynda önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Kaka, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Mary welaýatynyň Mary we Sakarçäge etraplarynda gurlan döwrebap ýyladyşhanalar toplumlary bar. Birbada alty sany ýyladyşhananyň açylmagy bilen, täze iş orunlarynyň 400-e golaýy döredildi. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde guşçulyk toplumy, demirbeton önümlerini öndürýän kiçi kärhana, Magtymguly etrabynda mal etini we şöhlat önümlerini öndürýän kärhana, Serdar etrabynda balykçylyk hojalygy, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda alkogolsyz içgileri, şeýle-de ýuwujy serişdeleri öndürýän kärhanalar, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda guşçulyk fermasy... Olaryň işe girizilmeginiň netijesinde ildeşlerimiziň müňlerçesi iş orunlary bilen üpjün edildi.
Täze taryhy eýýamda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys» diýip belledi.
Edil şu günlerde telekeçiler tarapyndan alnyp barylýan düýpli gurluşyklaryň hatarynda paýtagtymyzda «Gurtly» ýaşaýyş jaý toplumyny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalary we desgalary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 48 sany 2 gatly, döwrebap kottejler toplumyny görkezmek bolar. Sanawy ähli welaýatlarda gurulýan köp sanly medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary bilen dowam etdirmek mümkin. Bu türkmen işewürleriniň şähergurluşyk-binagärlik taslamalarynyň üstünlikli amal edilmeginde-de ýokary işjeňlik görkezýändiklerini alamatlandyrýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan hususy pudagyň has-da ösdürilmegi babatda hem möhüm wezipeler kesgitlenendir. Şolaryň üstünlikli amal edilmegine mynasyp goşant goşmak, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmek üçin bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler we şertler bar.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».