Watanymyzyň taryhynda täze parlament düzümi bolan Halk Maslahatyna üstünlikli geçirilen ilkinji saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli we döwletimiziň demokratik, hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, hakyky halk häkimiýet ýörelgeleriniň tassyklanmagyna gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu edara milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine işläp taýýarlan hem-de amala aşyrýan durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň jemlerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, ähli sebitlerde we paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda saýlawlar geçirildi diýlip, ykrar edildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda geçirilen ses bermeleriň netijeleri hakyndaky Teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam, jemi 48 adam saýlanyldy. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar.
Biraz öňe gidip aýtsak, 30-njy martda döwlet Baştutanymyza wekilçilikli guramanyň täze palatasyna agzalygyň şahsyýetnamasy gowşuryldy.
Milli Liderimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalaryň ilkinji saýlawlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka bolandygyny nygtap, saýlawlary guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi we saýlawçylaryň belent ynamynyň özüni Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek meseleleri Hökümet mejlisinde garalan ýene-de bir möhüm mesele boldy. Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki döwrüň şygaryna gabat gelýändigini bellemek gerek. Ösüşe we parahatçylyga bolan gyzyklanmalar onuň esasyny düzýär hem-de şöhratly pederlerimiziň belent we gymmatly wesýetleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ýuridik tarap hökmünde haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, gaznanyň Tertipnamasy, düzümi we işgär birligi tassyklanyldy. Ony Aşgabatdaky Türkmenistanyň Halkara Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirmek kesgitlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özüniň zähmet hakyndan bu haýyr-sahawat gaznasyna ilkinji pul serişdesini geçirýändigini habar berdi. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermäge gyzyklanma bildirýän watandaşlarymyz we daşary ýurt raýatlary bu gazna öz gazanjyndan pul serişdelerini geçirip bilerler.
Şol gün Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgüdi kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Merkezi bankda haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pulundaky hasaby açyldy. Onuň serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk we bilim hyzmatlary, çagalaryň doly derejeli dynç alşy we beýleki hajatlary üçin gönükdiriler.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde welaýatlarda, Aşgabat şäherinde bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy we olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl sammitine gatnaşdy.
Oňa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti, Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň Hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Türk geňeşiniň baş sekretary Bagdat Amreýew gatnaşdylar.
Forumyň gün tertibine ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine laýyk gelýän köpugurly döwletara gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş etmek bilen, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwletara derejede, sebit we halkara görnüşde guralýan netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ygrarlydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we daşky gurşawy goramak ýaly üç ugra aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag we ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda halkara derejedäki gepleşikleriň çäginde, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde olary ara alyp maslahatlaşmak üçin döwletimizde amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ýola goýulýan dost-doganlyk gatnaşyklarynda medeniýet, ylym we bilim ugurlaryna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň geriminiň giňeldilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we foruma gatnaşyjy döwletleriň belli şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň we medeniýet işgärleriniň eserlerini dünýäde ýaýratmak we wagyz etmek boýunça degişli işleri geçirmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleriniň ünsüni tutuş dünýäde ýeňil bolmadyk synaga öwrülen we çynlakaý wehim salýan täze görnüşli koronawirus ýokanjy ýaly möhüm meselä çekdi. Ony ýeňip geçmek üçin dünýä bileleşiginiň ägirt uly tagallalary zerur bolup durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türki dilli ýurtlar bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe topladylar we geljekde bu ýurtlaryň lukmançylyk edaralarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde bu ugurda zerur işleri ýerine ýetirmekleri wajyp bolup durýar.
Foruma gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary, öz gezeklerinde, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde we dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak meseleleriniň zerurdygyny nygtadylar we Merkezi Aziýada çäk taýdan amatly ýerleşen hem-de ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna ýolbaşçylyk edýän orunbasarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de öňde boljak şanly seneleriň taýýarlyk derejesine garaldy.
Milli Liderimiz öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, gowaça ekişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, ak ekinlere we beýleki ekinlere ideg etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.
Pile taýýarlamak, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň ýazky möwsümini bellenen möhletlerde tamamlamak, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işlerine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Gurluşyklarda ekologiýa taýdan arassa serişdeler netijeli peýdalanylmalydyr we işler kesgitlenen tertipnama laýyklykda alnyp barylmalydyr.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamyny döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça hökümet toparyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi hem-de onuň düzümi we düzgünnamasy tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwada dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirdi.
Saparyň dowamynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň işleriniň çäklerinde, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen nebitgaz, himiýa, senagat, oba hojalyk pudaklary, ulag, söwda-ykdysady, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Iş mejlisiniň jemleri boýunça dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara we pudagara resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Şolaryň hatarynda “Sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga”; “Halkara lukmançylyk, sanitariýa düzgünlerini (2005 ý.) ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ylalaşyga»; “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Teswirnama”; “Özara söwda barada statistik maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ähtnama”; “Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Transkapitalbank” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Ylalaşyga”; «Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Döwlet ýöriteleşdirilen Russiýa eksport-import bankynyň (paýdarlar jemgyýetiniň) arasyndaky Ähtnama” bar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we bilim boýunça Geňeşiň başlygynyň orunbasary D.Medwedew bilen duşuşdy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda kesgitlenen binýatlyk ýörelgeleri nazara almak bilen, howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Şolaryň dowamynda dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Onuň gün tertibine sebit we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty ugurlaryndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek bilen baglanyşykly meseleler toplumy girizildi.
Russiýanyň iri sebitleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugrudyr. Şunda, Astrahan welaýaty bilen ýakyn ykdysady we medeni gatnaşyklar ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugy esasynda geçen hepdede bu sebite Türkmenistanda öndürilen önümler ugradyldy. Munuň özi häzirki çylşyrymly pursatda ýakyn goňşularymyza edilýän goldawyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasynyň we iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň guramagynda geçirilen ýörite web maslahat oba hojalygy pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna bagyşlandy.
Fransiýanyň 35-e golaý iri kompaniýalarynyň wekilleri bu ugurdaky eksport we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanşyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda goňşy ýurduň iri sebitleriniň resmi wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi.
Aşgabatda sanly ulgam arkaly “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” ady bilen halkara maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler we Bilim ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy guradylar.
Umumy mejlisde Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň diplomatlary we alymlary çykyş etdiler.
Çykyşlar Muhammet Baýram han Türkmeniň ömrüne degişli taryhy-edebi maglumatlara, edebi, pelsepewi, ynsanperwer dünýägaraýyşlary öz içine alýan döredijiliginiň aýratynlyklaryna, XVI asyrda Gündogaryň iri döwletleriniň biri bolan Beýik Mogollar döwletiniň jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna bagyşlandy.
Baýram han Türkmen Beýik Mogollar döwletini dolandyrmak işine gatnaşyp, özüni diňe bir beýik serkerde hökmünde däl, eýsem, türkmen dilinde 350 sany şahyrana eseri, pars dilinde bolsa 600-den gowrak gazallary, rubagylary, kasydalary döredip, baý döredijilik mirasy bolan şahyr hökmünde tanalýar. Onuň ylmyň dürli ugurlary, şol sanda astronomiýa, lukmançylyk, hukuk ulgamyndaky eserleri bu şahsyýetiň düşünjesiniň örän giňdigini aýdyň edýär.
Çykyşlaryň köpüsi Baýram hanyň halkara gatnaşyklar boýunça diplomatik, pelsepe garaýyşlaryna, medeni diplomatiýasyna, ýaş nesillerde watansöýüjilik we ýokary ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemek ýörelgelerine bagyşlandy.
31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan senesine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Olar ekişe, howa şertlerine laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk başladylar.
Şu ýyl welaýat boýunça 155 müň gektara gowaça ekiler. Şondan 275 müň tonna “ak altyn” ýygnamak meýilleşdirilýär. Ekiş döwründe ýokary öndürijilikli traktorlaryň 2 müň 20-den gowragy, beýleki döwrebap tehnikalar ulanylar.
Dürli pursatlara baý bolan geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmek, milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş ulgamyny nazarlaýan giň möçberli başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň beýanyna öwrüldi.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25071?type=feed
Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada hasabat berdi.
Welaýatda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli çäreler görülýär. Ýazky bag ekmek möwsüminiň çäklerinde nahallary oturtmak hem-de pile öndürmek boýunça meseleleri netijeli çözmek babatda degişli çäreleriň görülýändigi bellenildi.
Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy hem-de düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.
Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berildi.
Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň barşyny, daýhanlaryň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegini üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmaga we bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns bermegiň, şu maksat bilen welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Welaýatda pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek hem-de kärendeçi ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr.
Milli Liderimiz şonuň bilen birlikde, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi, bu ugurda maldarlarymyz üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli sebitde açylyp, ulanylmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýan gowaça ekişiniň gidişi barada hasabat berdi.
Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça çäreler görülýär, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üpjün etmek üçin degişli işler geçirilýär.
Pile öndürmek hem-de maldarlara talabalaýyk şertleri üpjün etmek boýunça işleriň meýilnamasy, ýazky bag ekmek möwsüminiň barşy barada-da hasabat berildi.
Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara doly laýyk gelmelidigini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, ylmyň gazananlarynyň ulanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň depgininiň güýçlendirilmelidigine ünsi çekip, bu işiň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýokarda görkezilen ähli talaplary ýerine ýetirmek bilen, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegiň, bu ugurda maldarlarymyz üçin ähli zerur şertleri döretmegiň wajypdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek, bu ugurda bellenen meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, ýüpekçiler bilen şertnamalary öz wagtynda baglaşmak hem-de ýazky bag ekmek möwsümini öz wagtynda tamamlamak we baglara ideg etmek bilen baglanyşykly wise-premýere hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesinde öz wagtynda tamamlanmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli olaryň açylyş dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, gowaça ekişiniň geçirilişi hem-de bu möhüm işde tehnikalaryň ulanylyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depginini güýçlendirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Gök-bakja önümleriniň, ýeralmanyň, soganyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak üçin zerur çäreler görülýär.
Hasabatyň çäklerinde dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek, bu babatda maldarlar üçin ähli zerur şertleri döretmek, köpçülikleýin bag ekmek möwsümini üstünlikli geçirmek hem-de welaýaty mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hem aýdyldy.
Häkim eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş-medeni hem-de önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň depgini barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz bugdaýa ideg etmek boýunça möwsümleýin çäreleri ýokary hilli hem-de agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirmegi, gowaça ekişini öz wagtynda geçirmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýazky bag ekiş baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, E.Orazgeldiýewe hem-de häkime ýazky möwsüm üçin meýilleşdirilen bag nahallarynyň gysga wagtda ekilmegini üpjün etmegi hem-de olara talabalaýyk ideg edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli. Bu ugurda maldarlarymyz üçin ähli zerur şertleri döretmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek, kärendeçi ýüpekçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi boýunça bellenen işler bilen baglylykda hem degişli tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilýän işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyklaryny ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlamagyň wajypdygyny aýtdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ekerançylyk ýerlerinde geçirilýän işler, gowaça ekişiniň barşy hem-de bu möwsümde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ulanylyşy, ekiş möwsümine gatnaşýanlaryň sazlaşykly zähmet çekmegi üçin döredilen şertler barada hasabat berdi.
Şeýle hem sebitiň bugdaý ýetişdirilýän meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy. Dänäniň bereketli hasylyny almak we azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin bugdaý ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerde goşmaça mineral dökünleri berilýär, ösüş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ýazky görnüşlerine ideg etmek boýunça tagallalar edilýär.
Bag nahallaryny ekmek möwsüminiň alnyp barlyşy hem-de ekilen nahallara ideg edilişi, şeýle hem owlak-guzy we köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen maldarlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin döredilen şertler, pile öndürmek möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek işleri barada hem hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagtaçylyk pudagynyň sebitiň ykdysadyýetinde hem-de dokma senagatynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýändigini belledi. “Ak altynyň” geljekki bereketli hasyly ekişiň hiline baglydyr, şoňa görä-de, ekişi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalaryň berjaý edilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatdaky wezipeleriň birnäçesine ünsi çekip, ýetişdirilýän güýzlük bugdaýa, gök we bakja ekinlerine, ýeralma we beýlekilere ýokary hilli ideg etmek meselelerine jogapkärli çemeleşmelidigini belledi.
Sebitiň ekologiýa abadançylygyny hem-de türkmen tebigatyny baýlaşdyrmaga gönükdirilen bag nahallarynyň ýazky ekişiniň bellenen wagtynda tamamlanmagyna degişli birnäçe tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi ýüpekçileriň pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini talap etdi.
Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça möwsümi ýokary derejede geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de häkime bu pudagyň zähmetkeşleri üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz sebitde möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekip, wise-premýere hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryna yzygiderli üns berilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde şanly seneler mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen täze desgalardaky işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şolardaky işler bellenen tertibe pugta laýyklykda, ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleriň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilmelidir.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gowaça ekişiniň barşy we bu jogapkärli möwsümde ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary doly kuwwatynda ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şu günler bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda, maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar, ösüş suwy tutulýar.
Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan beýleki möwsümleýin işler, şol sanda ýeralma, sogan we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.
Sebitde bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsüminiň alnyp barlyşy we ekilen ýaş nahallara ideg edilişi, owlak-guzy we köşek almak möwsümi hem-de ýüpekçilik bilen meşgullanýan daýhanlara zerur mümkinçilikleriň döredilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly ekiniň ekişiniň bellenen möhletlere laýyklykda guralmagynyň we soňra agrotehnikanyň görkezmelerine laýyk derejede gowaça ideg edilmeginiň bereketli “ak altyn” hasylyny almagyň girewidigini belläp, gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin tagalla etmegiň zerurdygyny we şunuň bilen baglylykda, ähli agrotehniki çäreler öz wagtynda ýerine ýetirmelidigini aýtdy hem-de döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny we ugurdaş ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň esasynda pagtaçylyk we däneçilik pudaklarynyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz ilaty dürli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmegiň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy wezipesidigini belläp, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bag nahallaryny ekmegi bellenen möhletde tamamlamak hem-de ozal bar bolan baglara ideg etmek we pile öndürmek bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagy talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak möwsümini ýokary derejede amala aşyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu pudagyň zähmetkeşleri üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine yzygiderli üns berilmelidigini nygtap, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletinde ýokary hilli tamamlamagyň möhümdigini aýtdy.
Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, welaýatlarda gurulýan desgalarda işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň özgerdilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň şu günüň möhüm wezipesidigini belledi. Munuň özi oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.
Gahryman Arkadagymyz obasenagat toplumynyň kuwwatlyklarynyň doly herekete getirilmeginiň zerurdygyny nygtap, oba hojalyk ekinlerine bellenilen möhletlerde göwnejaý ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Ýaş agaç nahallarynyň ösüşine yzygiderli gözegçilik etmek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýylda sebitlerde meýilleşdirilen ähli çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidir diýip, öňde goýlan möhüm wezipeleri oňyn çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24993?type=feed
Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Şeýle hem saparyň meýilnamasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak we Russiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekmek bellenildi.
Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly, sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini beýan edýärler.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz içine alýar, munuň özi bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm orun degişli bolan söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär. Ynsanperwer ugurlar, bilim we ylym, medeniýet hem-de sungat ulgamlary boýunça däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.
Russiýanyň iri sebitleri bilen ýola goýlan ykdysady, işewür we medeni gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini bellemek gerek. Bularyň ählisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge ýardam berer.
Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň 30-njy martda geçirilen duşuşygynda tassyklanyldy.
Topara Russiýa tarapyndan başlyklyk ediji, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini, şunda döwletara aragatnaşyklaryň netijeli guraly bolan hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigini nygtady.
Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.Mişustin bilen bolan duşuşykda Russiýanyň aýry-aýry sebitlerini, iri senagat we medeni merkezlerini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.
Özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleriniň Türkmenistanda milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine, täze, ýokary girdejili, eksport ugruny nazarlaýan önümleri öndürýän pudaklaryň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Hökümetara toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen-rus we Rus-türkmen işewürlik geňeşleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly teklipler öňe sürüldi. Bu işe iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň çekilmeginiň möhümdigi aýdyldy.
Hökümet agzalarynyň, iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda senagat, maşyn gurluşygy, energetika, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlary ýaly wajyp ugurlardaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk çäreler hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly tehnologiýalar ulgamyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Geçirilen maslahatyň jemleri boýunça wajyp hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
“Sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga”; “Halkara lukmançylyk, sanitariýa düzgünlerini (2005 ý.) ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ylalaşyga»; “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Teswirnama”; “Özara söwda barada statistik maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ähtnama”; “Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Transkapitalbank” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Ylalaşyga”; «Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Döwlet ýöriteleşdirilen Russiýa eksport-import bankynyň (paýdarlar jemgyýetiniň) arasyndaky Ähtnama” gol çekildi.
Şol gün Moskwada sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça pudagara geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da, taraplar iki ýurduň owgan meselesi we ondaky parahatçylykly ýagdaýy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça garaýyşlaryny beýan etdiler.
Maglumat howpsuzlygy boýunça özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri tarapyndan kabul edilen halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Bilelikdäki Beýannamanyň wajypdygy bellenildi. Taraplar häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli ulanmak ýaly möhüm ugurdaky gatnaşyklary giňeltmek barada aýtdylar.
31-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we bilim boýunça Geňeşiň başlygynyň orunbasary D.Medwedew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda bellige alnan binýatlaýyn ugurlary nazara almak bilen, howpsuzlyk meselesi boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy arkaly berkidilmeginiň ägirt uly ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa tarapyna ýurdumyzda şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk beýan edildi.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň çäklerinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigi nazara alnyp, Russiýa Federasiýasynyň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
“Lukoýl” nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna garaldy hem-de Hazar deňzindäki “Dostluk” känini işläp taýýarlamak babatdaky taslama we TOPH taslamasyna gatnaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirildi. Onda awtotehnikalary ibermek, şeýle hem Russiýanyň bu iri kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
“MIR” döwletara teleradiokompaniýasynyň we “Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda maglumat ulgamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy.
Mundan başga-da, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, “Hormatly akademik N.F.Gamalei adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlaglar merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň, Statistika baradaky federal döwlet gullugynyň, Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň, “Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň, Russiýanyň döwlet agrar uniwersitetiniň — Moskwanyň K.A.Timirýazow adyndaky oba hojalyk akademiýasynyň, “Sberbank” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Traskapitalbank” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “GAZPROM Sсhweiz AG”, Uralyň raýat awiasiýasy zawody paýdarlar jemgyýetiniň, “Professor Ý.W.Samoýlow adyndaky NIUIF” paýdarlar jemgyýetiniň, Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasynyň, “Rosgossirk” döwlet unitar kärhanasynyň, Uly Moskwa döwlet sirkiniň, “Krasswetmet” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar boldy.
Taraplaryň birek-birege ynanyşmagy, özara düşünişmegi duşuşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Munuň özi deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda, geçen ýyllaryň tejribesini we döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak arkaly ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini kesgitlemek üçin möhüm binýady kemala getirmäge bolan umumy we ylalaşykly çemeleşmeleri taýýarlamagy şertlendirýär.
1-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen bolan duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Ýurdumyzyň wekiliýeti Moskwa saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Onuň gün tertibi sebit we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty ýaly möhüm ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Garaşylyşy ýaly, türkmen tarapy mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe resminamalary hödürlär.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24882?type=feed