Mukaddes Garaşsyzlyk ösüşli menzillerimiziň täze belentligini kesgitläp, halky öňe sary batly gadamlar bilen alyp gitmek üçin zerur özgertmeleri amala aşyrmagyň berk daýanjy bolup, ykbalymyzyň nurly sahypasyna öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň uly-uly işler bilen başlanyp, şol depgin bilenem jemlenmegi indi adaty ýagdaýa öwrüldi. Ine, şu ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy hem ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde täze üstünliklere badalga boldy. Şeýle desganyň işe girizilmeginiň ähmiýeti, onuň ykdysadyýetimiziň depginini artdyrmakdaky orny barada biz öz ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan, geljekde energetika pudagynda zähmet çekmeli ýaşlara giňden düşündirýäris. Şol gaz gysyjy desga «Malaý», «Üçajy», «Galkynyş» we «Döwletabat» gaz känlerinden alynýan tebigy gazy sorup almaga we 100 kilometr uzaklyga çenli güýçli basyş bilen akdyrmaga mümkinçilik berer. Ýylyň başynyň şeýle uly ähmiýetli waka — akyma bat berýän desganyň işe girizilmegi bilen başlanmagynyň özi geljekki ädimlerimiziň badynyň ýylsaýyn artjakdygy baradaky ynamy kalbyňa guýýar.
Halkymyzyň rysgalynyň göterilýändigini, topragymyzyň berekediniň artýandygyny golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen ýyladyşhanalaryň mysalynda-da aýtsa bolar. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhanalara degişli bu ýyladyşhanalarda öndürilýän önümler halkymyzyň islegini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, gök önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak barada Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan sepgitlerine ýetmekde-de täze ädimdir. Bu aýdylanlar hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň miwesi bolup, Watany gülletmegi maksat edinýän her bir ynsanyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýan türkmen telekeçileri ajaýyp zamanamyzda has-da öndürijilikli zähmet çekýärler. Muňa biz golaýda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide-de şaýat bolduk. Sergini synlanyňda gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýetilen belent sepgitlere, açylan mümkinçilikleriň geriminiň giňdigine haýran galmak bilen, milli Liderimiziň: “Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr” diýen sözleriniň çuňňur manysyna has-da aýdyň göz ýetirýärsiň.
Taryh üçin şeýle gysga döwrüň içinde asyrlara barabar sepgitleriň amal edilmegi ýurtda parahatçylygyň, agzybirligiň höküm sürmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň bu toprakda alnyp barylýan işlere, durmuşa geçirilýän özgerişliklere ynam bilen bakmagyna getirýär. Ine, şular ýaly oňyn ýagdaýlaryň netijesinde-de bu günki gün Türkmenistan dünýä döwletleri bilen işjeň, dostlukly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy goldamak, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yzygiderli goldanylyp durulmagy Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär.
Bagtyýarlygyň lälezar ýaýlasynda, her birimiziň perzentlik söýgimizden, ynamly gadamlarymyzyň badyndan Türkmenistan Watanymyz mundan beýläk hem güllesin, gül açsyn! Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli ynsanperwer syýasatynyň dünýä ýüzünde dabaralanýanlygynyň buşlukçysy bolup, ýaşyl Tugumyz baky parlasyn!
Hoşgeldi TAHYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.