Новости
Sanly ulgam — kämil bilim

Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Muny hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem aýdyňlygy bilen görkezýär.

Bilim ulgamy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde milli we döwrebap tejribeler bilen utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen multimedia tehnologiýalaryny, öňdebaryjy iş tejribäni ulanmak arkaly orta, şeýle hem başlangyç, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap okuw ulgamy kemala getirilýär. Döwrebap okuw ulgamynyň özeni bolup hem sanly ulgam öňe çykarylýar. Häzirki maglumatlar jemgyýetinde bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine, sanly bilim ulgamynyň doly özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ýurdumyzda güýçli depginler bilen dowam edýän bilim özgertmeleri döwletimiziň berkararlygynyň, jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, intellektual derejesini ýokarlandyrmagyň, bagtyň we bagtyýarlygyň girewidir.

Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimine, zehin-yhlasyna baglydyr. Bilim ýurduň binýadynyň berk bolmagynyň esasy şertidir, sütünidir. Ylmyň iň täze gazananlaryndan, kämil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenleriň kemala gelmegi döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň iň ilkinji we esasy şertidir. Şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge uly üns gönükdirilmek bilen, ähli pudaklarda sanly tehnologiýalar arkaly iş dolandyrylyşy ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar beýik maksada — ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar» diýip, örän jaýdar belleýär.

Biz — ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, akyl taýdan kämil, ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin tagalla edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Güljemal NYÝAZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37528

18.08.2021
Sanly ykdysadyýet: tygşytly we goragly

Hormaty Prezidentimiziň 9-njy iýulda 6 aýyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, elektron resminama dolanyşygyny ähli edara-kärhanalarda ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek barada içgin nygtamagy ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işlere ünsüň ýokarydygyny görkezýär.

Elektron ulgam arkaly sanly tehnologiýalaryň üsti bilen hyzmatlaryň dürli görnüşlerini öz öýünden ýa-da iş ýerinden ýokary tizlikli internetiň üsti bilen amala aşyrmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şunda diňe bir hususyýetçilerimiz tarapyndan hyzmatlaryň bu görnüşleri ulanylman, eýsem, döwlet edara-kärhanalary, karz edaralary we banklar tarapyndan hem müşderilere uzak aralykdan, ýagny menzilara bank hyzmatlarynyň birnäçe görnüşleri hödürlenilýär. Olaryň hatarynda müşderilere bankyň internet saýtyna girip, «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanyp, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri geçirip ýa-da zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda degişli resminamalarynyň elektron görnüşini ugradyp, islendik möçberde karz serişdeleri almaga, karzyň esasy we göterim töleglerini tölemäge mümkinçilik döredilen.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi we wezipeleriň kesgitlenilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan döwletli işlerdir.

Sanly ykdysadyýetde «sanly hyzmatlar» diýen esasy düşünje ulanylýar. Bu elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat-telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň umumy jemlenýän ýeridir. Başgaça aýdylanda, ähli satyn alnan harytlaryň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň gymmaty üçin sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron görnüşde tölegleriň amala aşyrylmagydyr.

Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza çuň ornaşmagy bilen kanunçylyk namalarymyzda, aýratyn-da, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilýän «elektron söwda», «elektron pul», «elektron salgyt», «elektron gol», «sanly haryt», «sanly satuw» ýaly düşünjeler halkyň arasynda giňden ornaşýar.

Elektron resminama dolanyşygy baradaky düşünje — bu maglumat tehnologiýalaryndan we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanmak arkaly elektron resminamalary işläp taýýarlamak, ibermek, kabul etmek, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak we ýok etmek babatdaky amallaryň jemidir.

Elektron söwda satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, saklamak, we telekeçilik işinde gaýry hyzmatlaryň amala aşyrylmagydyr.

Elektron pul — bu «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatlaryndan peýdalanyp, müşderiniň hasaplaşyk hasabyndaky pul serişdeleriniň üsti bilen onlaýn tölegleriň ýerine ýetirilmegidir.

«Elektron salgyt» bolsa salgyt edaralarynyň müşderilerden (şahsy we ýuridik taraplardan) elektron görnüşde salgyt beýannamalaryny kabul edýär. Bu taglymat hususyýetçilere hasabatlary wagtynda bermäge, degişli tölegleri we salgytlary tiz we bökdençsiz Döwlet býujetine tölemäge, döwlet tarapyndan salgydyň ýygnalyşyna gözegçiligi güýçlendirmäge mümkinçilik döredýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýet sanly tehnologiýalaryň üsti bilen hyzmatlaryň dürli görnüşlerini halkymyza barha giňden hödürleýär. Olaryň hatarynda ýokary tizlikli e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynyň hyzmatlaryny, demir ýol, howa peteklerini satyn almak hyzmatyny, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan köpçülikleýin hyzmat edýän awtobuslarda, ýeňil taksi, ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we JIPES/Glonass ulgamlarynyň ornaşdyrylýandygyny, şeýle-de hususyýetçilerimiz tarapyndan döredilen ýörite saýtlar arkaly satyn alnan harytlary müşderileriň öýüne eltip bermek hyzmatlaryny görkezmek bolar.

Elbetde, sanly ulgamyň peýdalanylmagy maglumat alyş-çalşygyny döwrebap guramaga, elektron göterijilerde maglumat akymlarynyň has netijeli usulyny saýlamaga, resminamalaryň hasaba alynmagyna, gözegçiligi amala aşyrmaga we goragly saklamaga, olaryň ýitirilmeginiň öňüni almaga, aýratyn-da, kagyz resminama dolanyşygynyň belli bir derejede peselmegine, arhiw işleriniň ýeňilleşmegine täzeden-täze şertleri döredýär.

Jumageldi SALAMOW.

«Türkmenistan»



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37672

18.08.2021
Milli ykdysadyýetimiziň beýik ösüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilip, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmak üçin öňe ädilýän ädimler özüniň oňyn netijesini berýär. Bazar gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösýän häzirki zaman şertlerinde bu babatda alnyp barylýan beýik işler aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri-de telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekden we onuň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürlik we hususy telekeçilik işi giň gerime eýe boldy. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi artýar. Dünýä işewürliginde gazanylýan oňyn netijeler, tejribeler we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ulgamyň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda, önümleriň hilini gowulandyrmakda, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda we alyş-çalşy ýokarlandyrmakda, hyzmatdaşlygy ösdürmekde maksada okgunly işler durmuşa geçirilýär. Kiçi we orta telekeçilik bu pudagyň kuwwatyny artdyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136 göterimden gowraga, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 119 göterime deň boldy. Bu ykdysady görkezijilerden çen tutsaň, onda bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçilik kuwwatynyň möçberiniň ep-esli artyp, önümiň öndürilişiniň, girdejiniň, peýdanyň ýokarlanmagyna alyp barandygyny bellemek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek boýunça wezipeleriň durmuşa geçirilmegine telekeçiler mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan iri desgalarda telekeçileriň mynasyp goşandy bar. Telekeçiler önümçilik we durmuş maksatly desgalary — ýaşaýyş jaýlaryny we zawodlary, mekdepleri hem-de çagalar baglaryny, saglygy goraýyş we sport desgalaryny, ýollary gurýarlar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde telekeçileriň tagallalary netijesinde ägirt uly gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri örän guwandyryjydyr.

Ine, şu ýylyň alty aýynda telekeçileriň gurup ulanmaga beren iri desgalary barada aýtsak, bu ulgamda işleriň göwnejaý ýola goýlandygyny bellemek bolar. Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binalaryny, Kerkidäki Halkara howa menzilini, Farap şäherindäki «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezini, ençeme ýaşaýyş toplumlaryny we beýleki desgalary ýatlap geçmek hem ýerlikli bolar.

Şonuň ýaly-da, hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan uly gurluşyk işleri ýerine ýetirilýär. Bu babatda alanyňda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, «Aşgabat-sitiniň», şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň desgalarynyň, Magtymguly şaýolunyň ugrundaky täze «Daşkent» seýilgähiniň taslamalarynyň taýýarlanmagyny we olaryň gurluşygyny agzamak bolar.

Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň golaýlaşmagy mynasybetli birnäçe iri desgalary açmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa halkymyzyň baýramçylyk ruhuny belende göterýär. Bu desgalaryň ählisi mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygyna özboluşly sowgat bolar. Şolaryň hatarynda gözel paýtagtymyzdaky täze desgalaryň ençemesi — A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygyndaky ýerasty geçelge, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy hem-de Tähran köçesiniň ugrunda Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi, täze mekdepler, saglygy goraýyş edaralary açylyp ulanylmaga berler. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy-da tamamlanar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Türkmenistany durmuş-ykdysady, taýdan ösýän kuwwatly döwlete öwürmek boýunça toplumlaýyn işler amal edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň asuda hem parahat ýaşaýşyny üpjün edýär.

«Mugallymlar gazeti».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37661

18.08.2021
Go­tur­de­pe söh­be­di

(«Ne­bit­çi­le­riň ara­syn­da» at­ly ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan)

Hä­zir­ki za­man, döw­re­bap ýerýurt at­la­ry­nyň ara­syn­da geň­li­gi bi­len ýat­da ga­ly­jy Go­tur­de­pä onuň adynyň da­ky­ly­şy bi­len bag­ly ta­ny­mal dil­çi aly­m, to­po­nim­çi S.Ata­ny­ýa­zo­wyň 1980nji ýyl­da ne­şir edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň ge­og­ra­fik at­la­ry­nyň dü­şün­di­riş­li söz­lü­gi» ki­ta­by­nyň 107nji sa­hy­pa­syn­da jaý­dar de­lil­li we gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Hä­zir­ki Bal­ka­na­ba­dyň çäginde, onuň dü­zü­min­dä­ki şä­her­çe­di­gi, il­ki bu adyň şol ýer­dä­ki üs­ti otçöp­süz, go­tu­ra meň­ze­ýän gum de­pe­le­ri­niň ady bo­lup, soň­ra onuň şol ýer­de gur­lan ne­bit­çi­le­riň şä­her­çe­si­ne da­ky­lan­dy­gy aý­dyl­ýar.

Ne­bit­çi­le­riň dur­mu­şyn­dan eser­ler dö­ret­mek üçin ola­ryň ara­syn­da iş­çi­lik­den bu­raw us­sa­sy de­re­je­si­ne çen­li iş­län, «Go­tur­de­pe dep­de­ri», «Ha­zy­na­lar ül­ke­si», «Çö­zü­len dü­wün» ýa­ly ki­tap­la­ry, «Alaň­la­ryň ara­syn­da» po­wes­ti­ni ýa­zan we baş­gada bir­nä­çe eser­le­ri dö­re­den meş­hur ha­ly­pa şa­hy­ry­myz Şä­her Bor­ja­kow­ bu at bi­len bag­la­ny­şyk­ly goş­gu­syn­da şeý­le ýazýar:

Men­zilmen­zil aý­lan­saňda,
Gö­züň düş­mez bir düýp çö­pe.
Bel­ki, şon­dan at alan­syň,
Go­tur­de­pe, Go­tur­de­pe!

Iň­lär si­ňek­siz ym­gyr çö­lüň için­dä­ki çä­ge­le­riň ara­syn­dan hat­da şol döw­rüň kuw­wat­ly trak­tor­la­ry­nyňda ge­çip bil­me­dik wagt­la­ry bo­lup­dyr. Mer­kez­den alys­da ýer­leş­ýän Go­tur­de­pe­de işi alyp bar­ma­gyň örän kyn­dy­gy­ny bir söh­be­diň çä­gin­de dü­şün­di­ripde bol­jak däl­di. Ýö­ne şol ma­hal­ky Çe­le­ken, hä­zir­ki Ha­zar bi­len Je­be­liň ara­sy­na suw tur­ba­la­ry çe­ki­len­den soň­ra, bu ýer­de bu­raw­la­ýyş iş­le­ri tä­ze­den baş­lan­ýar.

Aşak­da­ky se­tir­ler bol­sa döw­rü­niň bel­li žur­na­list­le­ri­niň bi­ri Pür­li We­li­ýe­wiň «Türk­me­nis­tan» ne­şir­ýa­ty ta­ra­pyn­dan 1968nji ýyl­da ne­şir edi­len «Güm­mür­di» at­ly oçerk­ler ki­ta­byn­dan alyn­dy: «Go­tur­de­pe ne­bit ýa­ta­gy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy şol tö­we­rek­den bu­raw­la­nan 3nji skwa­ži­na bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu skwa­ži­na ba­ryp 1956njy ýyl­da öz­leş­di­ri­len­de, il­kin­ji bo­lup 2132 — 2136 metr ara­lyk­dan ne­bit fon­ta­ny aty­lyp­dy. Bu fon­ta­nyň ne­bit be­ri­ji­lik uky­by bir gi­jegün­diz­de 140 ton­na ýet­di. Ine, şon­dan soň bu gi­den ýol­suzýo­da­syz, suw­suz çöl­lük­de bu­raw iş­le­ri hasda giň ge­rim­de ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Dog­ru­sy­ny aýt­sak, 5 ýyl mun­dan ozal (oçerk 1964nji ýyl­da ýa­zy­lyp­dyr) Go­tur­de­pe­de ne­bit ber­ýän skwa­ži­na­la­ry bar­mak ba­syp sa­naý­ma­ly­dy. In­di bol­sa bu ýer­de ne­bit wyş­ka­la­ry sa­nar­dan kän. Hä­zir di­ňe mer­ke­zi Go­tur­de­pe­den ne­bit alyn­man, «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan gi­den meý­dan­dan hem köp «ga­ra al­tyn» çy­ka­ryl­ýar...».

Bu ne­bit kä­ni­niň açyl­ma­gy bol­sa Ha­zar bi­len Bal­ka­na­ba­dyň ara­sy­ny bir­leş­dir­di.

Bu­raw­la­ýyş iş­le­ri gün­sa­ýyn güýç­len­mek bi­len bol­dy. Tä­zetä­ze ne­bit­li skwa­ži­na­lar ýü­ze çyk­dy. 1959njy ýyl­da skwa­ži­na­nyň ne­bit­li gat­lak­la­ry bar­la­nyp gör­len­de, onuň her gün­de azyn­dan 80 ton­na «ga­ra al­tyn» ber­jek­di­gi anyk­la­nyl­dy. Onuň yzy­sü­re yz­lyyzy­na çüw­dü­rim gör­nüş­li ne­bit be­ren skwa­ži­na­lar Go­tur­de­pä­niň tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa­da ne­bi­tiň baý ýeri­di­gi­ni su­but et­di.

1979njy ýyl­da rus di­lin­de ne­şir edi­len «Neft Turk­me­nis­ta­na» at­ly ki­tap­da be­ril­ýän mag­lu­mat­la­ra sal­gy­la­nyp, Go­tur­de­pä­niň ne­bi­ti­niň ta­ry­hy­nyň ters yzy­ny ça­lyp, has aňyr­rak git­sek, onuň geo­lo­gik hä­si­ýe­ti il­kin­ji ge­zek 1908nji ýyl­da K.P.Ko­lis­kiý ta­ra­pyn­dan bar­la­nyl­ýar. Soň­ra şol asy­ryň ýig­ri­min­ji ýyl­la­ry­nyň ahy­ryn­da, otu­zyn­jy ýyl­la­rynyň or­ta­la­ryn­da S.A.Ko­wa­lews­kiý, W.A.Ki­row, A.J.Gri­gor­kin da­gy ta­ra­pyn­dan jik­mejik öw­re­nil­ýär. 19371938nji ýyl­lar­da A.J.Smol­ka­nyň be­ren geo­lo­gik hä­si­ýet­na­ma­sy uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Ol bu ýe­riň ta­kyk geo­lo­gik kar­ta­sy­nyň dü­zül­me­gi­ne esas bol­ýar. Seýs­mo­lo­gik bar­lag­lar hemde çuň­ňur bu­raw­la­ýyş iş­le­ri­niň ge­çi­ri­lip, şanşöh­ra­ta bes­len­me­gi­ne ge­tir­ýär.

1960njy ýy­lyň ahyrynda Go­tur­de­pä­niň ne­bit gu­ýu­la­ry­nyň bü­tin sa­ny­nyň şol ma­hal­ky «Türk­men­ne­bit» bir­le­şi­gi­niň äh­li skwa­ži­na­la­ry­nyň ba­ryýo­gy 6 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti­niň epes­li­si­ni ber­me­gi ba­şa­ryp­dyr.

Be­ril­ýän kä­bir mag­lu­mat­la­ry ýat­lap geç­sek, on ýy­lyň do­wa­myn­da, ýag­ny 1961nji ýy­lyň 1nji ýan­wa­ryn­dan 1971nji ýy­lyň 1nji ýan­wa­ry­na çen­li ol 60 mil­li­on 454 müň 172 ton­na ne­bit be­rip­dir. Onuň şu dö­wür­de be­ren ne­bi­ti Türk­me­nis­ta­nyň ön­dü­ren ne­bi­ti­niň 58,9 gö­te­ri­mi bo­lup­dyr. Baş­ga­ça aý­dyl­sa, 1872 — 1960njy ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men ül­ke­si­niň ne­bit­çi­le­ri­niň alan äh­li ne­bi­tin­dende 11 mln. 802 müň 155 ton­na köp­dür.

Go­tur­de­pe­li ne­bit­çi­ler zäh­met dep­gin­le­ri­ni soň­ky ýyl­lar­dada gow­şat­ma­ýar­lar. 1961 — 1970nji ýyl­lar­da me­ýil­na­ma­dan daş­ga­ry 833 müň ton­na ne­bit çy­ka­ryl­ýar.

Go­tur­de­pe ne­bit kä­ni, öz no­ba­tyn­da, Ha­zar­dyr Bal­ka­na­ba­dyň ara­syn­da­ky ýer­ler­dede göz­legbar­lag iş­le­ri­niň tiz­leş­di­ril­me­gi­ne ge­tir­di. Ne­ti­je­de, 1961nji ýy­lyň 14nji no­ýab­ryn­da Bar­sa­gel­me­ziň, 19651966njy ýyl­lar­dada Kom­so­molsk we Bu­run ýa­ly ne­bit­li ýa­tak­la­ryň açyl­ma­gy­na gol­daw et­di.

Go­tur­de­pä­niň heň­ňam gö­çün­de ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ker­wen­le­ri­ni ýat­la­dyp du­ran gum alaň­la­ry­nyň ara­syn­da be­lent baş­la­ry­ny as­ma­na çe­kip, se­leň­le­şip gö­rün­ýän wyş­ka­la­ryň sa­ny bar­ha art­mak bi­len bol­dy. Žur­na­list­le­riň jüm­le­si­ni di­le ge­tir­sek, zäh­met gaý­nap joş­dy.

Ber­ka­rar döw­le­timiziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hem şol bu­raw wyş­ka­la­ry dö­wür­le­ri dö­wür­le­re ba­daş­dyr­ýar. Skwa­ži­na­la­ryň tä­ze ne­sil­le­ri peý­da bol­ýar. Kö­ne gu­ýu­lar hem ha­tar­dan ga­la­nok. Ka­çal­ka­lar — ne­bit so­ru­jy­lar eg­lipga­l­şyp dur­lar. Zäh­me­tiň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­ýär­ler.


Go­tur­de­pe ba­ra­da­ky söh­be­diň wagt ba­bat­da yzy­gi­der­li­räk gel­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, gür­rü­ňiň jy­la­wy­ny bi­raz yza öwür­sek, ge­çen asy­ryň tog­sa­nyn­jy ýyl­la­ryn­da, Ga­raş­syz­lyk bi­len on­dan öň­ki döw­rüň sep­git­le­rin­de de­ňiz bö­le­gin­de göz­leg iş­le­ri ge­çi­ri­lip­di. Ýö­ne şol dö­wür­de Ha­zar deň­zi­niň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy hemde aý­la­ga ýa­na­şyk ýer­le­ri su­wuň bas­ma­gy ne­ti­je­sin­de iş­ler kyn­la­şyp­dy. «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni şol iş­le­ri 2010njy ýyl­da tä­ze­den ýo­la goý­dy. Gu­ýu­lar bu­raw­la­nan ma­ha­ly 4000 metr gow­rak çuň­luk­da ýer­le­şen tä­ze önüm­li ne­bit gat­lak­la­ry­nyň üs­ti açyl­dy. Olar «ga­ra al­ty­nyň» kuw­wat­ly aky­my­ny ber­di.

Göz­legbar­lag iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len soň­ky ýyl­lar­da al­nan mag­lu­mat­lar De­mir­ga­zyk Go­tur­de­pe at­lan­dy­ryl­ýan oja­gyň hem ozal ha­sap­la­ny­şy ýa­ly, Go­tur­de­pe ýa­ta­gy­nyň bir bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýag­ny ol aý­ra­tyn ýa­tak bo­lup, bir bö­le­gi de­ňiz zo­la­gyn­da ýer­leş­ýär. Ber­ka­rar döw­le­timiziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Go­tur­de­pe­dä­ki ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan ne­bit­li we gaz­ly ýa­tak­la­ry öz­leş­dir­mek, ne­bi­ti, ga­zy göz­läp tap­mak, ýyg­na­mak, taý­ýar­la­mak, da­şal­ma­gy­ny gu­ra­mak, şo­nuň ýa­lyda ne­bi­tiň, ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­nyň möç­be­ri­ni dur­nuk­ly sak­la­mak, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur bo­lan iş­le­riň giň top­lu­my­nyň al­nyp ba­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ge­çi­ril­ýän gu­ra­ma­çy­lykteh­ni­ki çä­re­le­re la­ýyk­lyk­da, çüw­dü­rim usu­ly ta­mam­la­nan gu­ýu­la­ry me­ha­ni­ki usu­la ge­çir­mek, köp ýyl­lar­dan bä­ri ula­ny­lyp ge­lin­ýän ýa­tak­la­ryň önüm be­ri­ji­li­gi­ni dur­nuk­ly sak­la­mak mak­sa­dyn­dan ugur alyp, önüm ber­me­gi­ni bes eden gu­ýu­lar­da düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri­ni ge­çir­mek, tä­ze gu­ýu­la­ry ula­ny­şa tab­şyr­mak, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak ýa­ly iş­ler giň ge­rim bi­len al­nyp ba­ryl­ýar.

Şo­nuň ýa­lyda, «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan uzak ýyl­lar­dan bä­ri ula­ny­lyp ge­lin­ýän ýa­tak­la­ryň önüm be­ri­ji­li­gi­ni dur­nuk­ly sak­la­mak üçin, dür­li se­bäp­le­re gö­rä önüm ber­me­gi­ni bes eden gu­ýu­lar­da düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­lip baş­la­nyl­dy.

Anyk mag­lu­mat­la­ra esas­la­nyp aýt­sak, di­ňe 2019njy ýyl­da kon­ser­niň düýp­li abat­la­ýyş mü­dir­lik­le­ri ta­ra­pyn­dan je­mi 499 sa­ny gu­ýy­ny düýp­li abat­la­mak me­ýil­leş­di­ri­len bol­sa, 531 gu­ýu­da düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ri­lip­dir. Mu­nuň özi me­ýil­na­ma­nyň 106,4 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­di­gi­ni aň­lad­ýar.

Go­tur­de­pe dog­ru­syn­da gür­rüň edi­len­de, beý­le­ki ýa­tak­lar bi­len bir­lik­de, bu ýer­de hem «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň «Ne­bit­ga­zyl­my­tas­la­ma» ins­ti­tu­ty­nyň hem ne­bi­tiň, ga­zyň we kon­den­sa­tyň gor­la­ry­ny ha­sap­la­mak, ne­bit­ga­zy iş­läp geç­mek, gu­ýu­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, gaz taý­ýar­la­ýyş des­ga­la­ry­nyň, gu­ýu­la­ryň düýp­li gur­lu­şyk hemde abat­la­ýyş iş­le­ri bo­ýun­çada ne­ti­je­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni, me­ýil­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän­di­gi­ni ýat­la­man geç­mek bol­maz. Bu ins­ti­tu­ta we onuň bar­lag­ha­na­la­ry­na ösen döw­let­le­riň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, en­jam­la­ry sa­tyn al­nyp, alym­la­ryň, hü­när­men­le­riň dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri üçin oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da De­mir­ga­zyk Go­tur­de­pä­ni öz­leş­dir­mek iş­le­ri bat­ly dep­gin­ler­de do­wam ed­ýär. «YugNef­te­gaz» (Sin­ga­pur) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iki gu­ýy­nyň 316njy we 332nji gu­ýu­la­ryň bu­raw iş­le­ri­ni ta­mam­la­dy. Ola­ryň her bi­ri­niň tas­la­ma çuň­lu­gy 5000 met­re ba­ra­bar­dyr. Ola­ry bu­raw­la­ma­gyň bar­şyn­da «ga­ra al­ty­nyň» se­na­gat möç­be­rin­dä­ki aky­my alyn­dy.

As­lyn­da, Ha­za­ryň ke­nar­ýa­ka zo­la­gyn­da­ky gel­je­gi uly ýa­tak­la­ryň bi­ri­ni se­na­gat taý­dan iş­le­mä­ge gi­riz­mek bo­ýun­ça ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy­na 2018nji ýyl­da ba­dal­ga be­ril­di. «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­niniň hemde «YugNef­te­gaz Private Li­mi­ted» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň arasyndaky Yla­la­şy­gy­na la­ýyk­lyk­da, çuň­lu­gy 4500 metr­den 5500 met­re çen­li bo­lan dik, ke­se hemde eň­ňit ugur­ly gu­ýu­la­ryň je­mi 60sy­ny bu­raw­la­mak me­ýil­leş­di­ril­di. Des­lap­ky ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, ne­bi­tiň geo­lo­gi­ýa gor­la­ry­nyň ösü­şi, tak­my­nan, 38,5 mil­li­on ton­na ba­ra­bar bo­lar. Soň­ra­ky ama­la aşy­ryl­jak iş­le­riň bar­şyn­da ýa­tak­la­ryň umu­my gor­la­ry­na ba­ha be­ril­me­gi bi­len, 87,5 mil­li­on ton­na çen­li ýo­kar­la­nyp bi­ler.

Hä­zir­ki wagt­da bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de Ha­za­ryň ýal­pak­ly­gyn­da ýer­le­şen gu­ýu­la­ryň ýe­nede dör­dü­si­niň, ýag­ny 250nji, 315nji, 317nji hemde 319njy gu­ýu­la­ry gaz­mak işi dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň bu­raw no­kat­la­ry De­mir­ga­zyk Go­tur­de­pe ýa­ta­gyn­da hemde çuň­lu­gy 7 ki­lo­met­re çen­li ýa­na­şyk ýer­ler­de goş­ma­ça seýs­mi­ki iş­le­ri ge­çi­ri­len­den soň­ra saý­la­ny­lyp alyn­dy.

Şeý­le­lik­de, go­ja­man Ha­za­ryň türk­men ýal­pak­ly­gyn­da­ky hemde ke­nar­ýa­ka zo­la­gyn­da­ky gel­je­gi uly ýa­tak­la­ry se­na­gat möç­be­rin­de öz­leş­dir­mek, bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­ga da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny we ma­ýa­la­ry­ny çek­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ne­bit­gaz top­lu­my­nyň hü­när­men­le­ri­niň öňün­de go­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Şun­da Go­tur­de­pe, onuň ta­ry­hy şu gü­ni hemde gel­je­gi bi­len bag­ly ge­ti­ri­len dür­li mag­lu­mat­lar Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ägirt uly ug­le­wo­do­rod kuw­wa­ty­nyň bar­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Bi­ler­men­le­riň ýur­du­my­zyň ýe­ras­tyn­da ne­bi­tiň we ga­zyň uly bo­lan gat­lak­la­ry­nyň bar­ly­gy ha­kyn­da­ky çak­la­ma­la­ry­ny do­ly tas­syk­la­ýar. Şeý­le hem ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­nyň tä­ze baý ýa­tak­la­ry­nyň ýe­nede açyl­jak­dy­gy­na gü­wä geç­ýär.

«Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­na», «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz top­lu­my­ny ös­dür­me­giň 2019 — 2025nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­na» hemde beý­le­ki öň­de goý­lan wa­jyp­danwa­jyp we­zi­pe­le­re, mil­li Li­de­ri­mi­ziň gör­kez­me­le­ri­ne we tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da giň möç­ber­li iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi ha­kyn­da­ky pi­kir­ler bi­len, Go­tur­de­pe­den Bal­ka­na­ba­da do­lan­ýa­ryn. Go­tur­de­pä­niň açyl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly sal­nan uly ýol ma­ňa ha­ky­dam­da ony we­la­ýa­tyň dür­li oba­la­ry­na gid­ýän beý­le­ki ýol­lar bi­len ut­gaş­dyr­ýar. Aja­ýyp gel­je­ge sa­ry alyp bar­ýar. Ber­ka­rar döw­le­timiziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri me­ni şeý­le duý­gu­lar bi­len gur­şap al­ýar. Pi­kir­le­riň dün­ýä­si­ne atar­ýar.

Ha­wa, men Go­tur­de­pe — Bal­ka­na­bat ýo­ly bi­len bar­ýa­ryn...

Se­ýit­mäm­met HY­DY­ROW,

Esen­gu­ly et­ra­by­nyň Ga­ra­de­pe şä­her­çe­sin­dä­ki 10njy or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37674

18.08.2021
Ýüpek halylar ― dünýäniň guwanjy

Türkmenabadyň Ýüpek önümçilik birleşiginde ýüpek halylary dokamak işi indi ençeme ýyldan bäri üstünlikli alnyp barylýar. Şu ýyl bu ýerde sap ýüpekden halylaryň 56 inedördül metri dokalyp, sargytçylara ugradyldy.

Ýüpek halylar birleşigiň halkyň sarp edýän harytlary bölüminde dokalýar. Bölümiň ýolbaşçysy Aýgözel Akyýewanyň gürrüň berşi ýaly, bu işe ezber halyçylaryň 35-si çekilipdir.

― Haly sehimizde, esasan, 3-den 6 inedördül metre çenli ululykdaky ýüpek halylar dokalýar. Ýöne häzirki günlerde ussat halyçylarymyz has uly göwrümli halylar üçin sargytlary hem ýerine ýetirip başladylar ― diýip, bölüm başlygy gürrüň berýär. ― Şu günler biziň sehimiziň halyçylary umumy meýdany 50 we 80 inedördül metr bolan halylaryň ikisini dokaýarlar. Olaryň birinjisini dokamaga 8, ikinjisine 10 halyçymyz gatnaşýar.

Söhbetdeşimiziň gürrüň berşi ýaly, halylaryň ikisine hem meşhur ahal göli salynýar. Meýdany 50 inedördül metrlik halynyň esasy düşegi gyzyl reňkde bolsa, boýy 10,5, ini 7,8 metre ýetýän ikinji halynyň düşegi açyk-goňur reňkdedir.

Ýüpek halylar ýüňden dokalýan halylara seredeniňde haýal dokalýar. Ýöne olaryň ýakymy hiç haçan hakydaňdan gitmez. Şonuň üçin bu ýerde dokalan halylar taýýar bolan dessine olaryň hyrydary hem tapylyp dur. Hatda halylaryň köpüsi ýörite sargytlar esasynda dokalýar. Ýüpekden taýýarlanylan ýüplügiň birleşigiň özünden öndürilmegi bolsa işleriň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýär. Birleşikde ýüplükleri boýamak işleri hem ýokary derejede alnyp barylýar.

Eger-de mundan telim asyr ozal ýüpegiň syry Çynma-Çyndan türkmen topragyna çenli gelip ýeten bolsa, bu gün türkmen topragynda dokalan ýüpek halylar dünýäniň ähli künjeginde hyrydaryny tapýar. Şeýle bolansoň, önümçilik birleşiginde ýüpek halylaryň önümçiliginiň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek meýilleşdirilýär.

Gülzar BEKMÄMMEDOWA,

Türkmensitanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37589

17.08.2021
Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurtdur

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary — dünýäde ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy dowam etmek, mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy baradaky aladalar beýanyny tapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze gurlan möhüm desgalaryň ulanylmaga berilmegi eziz Diýarymyzyň ösüşiniň täze, nobatdaky sepgitleriniň aýdyň subutnamasy boldy.

11-nji awgustda milli Liderimiz ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze harby bölümiň düzümleri hem-de bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy we dolandyryş bölümine baryp gördi. Bu ýerde täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň kömegi bilen Hazar deňzindäki gämileriň hereketlerini yzarlamak mümkin. Şeýle hem milli Liderimiz dürbi arkaly HDG-niň “Sanjar” gorag gämisini gözden geçirdi hem-de harby gullukçylara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Harby Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň desgalary bu ulgamdaky döwrebap talaplara laýyk guruldy. Okuw bölümi iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Okuwlar Harby deňiz institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi boýunça geçirilýär. Sanly ulgamyň kömegi bilen harby gämileriň dolandyrylyşy, ugurdaş enjamlaryň ulanylyşy, deňiz giňişligine gözegçiligiň alnyp barlyşy öwredilýär.

Harby bölümiň çäklerinde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary bar. Şolarda harby gullukçylar boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler. Şeýle hem lukmançylyk bölümi, medeniýet öýi, okalga zaly bolan kitaphana, dabaraly çäreleri geçirmek üçin bina bar.

Harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 3 gatly, 60 öýli iki sany döwrebap ýaşaýyş jaýy hem-de ýaş serkerdelere niýetlenen iki gatly umumyýaşaýyş jaýy guruldy.

Öňdebaryjy tehnologiýalar we ugurdaş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdep, çagalar bagy bar. Köpugurly dükanda gündelik durmuşda zerur bolan harytlaryň ähli görnüşini tapmak bolýar.

Harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu ajaýyp baýramçylyk sowgady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygarynda öz beýanyny tapýan döredijilikli syýasatynyň durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmegi esasy ugur edýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bu harby bölümde harby gämiler üçin duralga göz öňünde tutuldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Gämileri abatlaýyş kärhanasynda gurlan täze “Deňizhan” atly harby gämi bar. Asylly däbe görä, söweşjeň gämide Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň baýdagy galdyryldy.

Milli Liderimiz dolandyryş nokadyndan ýurdumyzyň Harby Howa Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan döwrebap harby uçarlaryň uçuşyna syn etdi, soňra bolsa Döwlet serhet gullugyna degişli binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze harby bölümiň düzüminde ýaş serhetçiler üçin hemme amatly şertleri bolan ýatakhanalar bar. Ondan başga-da, naharhana, kitaphana, sport meýdançalary, alabaýlar bilen türgenleşik işlerini geçirmek üçin meýdança bar.

Bu ýerde serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoulaglar üçin duralga we beýleki düzümleýin desgalar ýerleşýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren maslahatynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň harby gullukçylarynyň şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirmegi, belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegi ugrunda zerur tagallalary etmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň, aýratyn-da, dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugy üçin täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän halkymyzyň özboluşly aýratynlygynyň biri-de goldawa mätäç adamlara kömek bermekden ybarat boldy we bu şeýle bolmagynda-da galýar. Bu ynsanperwer däp çaganyň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepilligini, şonuň ýaly-da, ýetim çagalaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady we anyk ugurly çäreleri öz içine alýar.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda çözgüt kabul etdi.

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, eýýäm giň möçberli, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Golaýda Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň etrap hem-de şäher hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýörite ulaglaryň açarlaryny şu ýylyň tomsunda bu sebitlere iş sapary wagtynda döwlet Baştutanymyzyň hut özi gowşurdy.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde “Merdanalyk mekdebi” ady bilen geçirilen dabaraly çäre geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, içeri işler edaralarynyň weteranlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, görnükli ýazyjylar hem-de ugurdaş düzümleriň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda Mälikguly aganyň manyly ömür ýolunyň öz halkyňa we mähriban Watanyňa päk ýürekden gulluk etmegiň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň hem-de belent adamkärçiligiň mizemez nusgasydygyny nygtadylar.

Mälikguly Berdimuhamedow ak ýürekden gulluk edendigi, jenaýatçylygyň garşysyna göreşmekde hem-de jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmekde gazanan üstünlikleri üçin Hormat hatlaryna, döşe dakylýan nyşanlara we köp sanly medallara mynasyp boldy. Onuň tabşyrylan işe jogapkärli çemeleşmegi, harby kasama wepalylygy we öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda görkezen erjelligi ýaş harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdepdir.

Şeýle hem 1001-nji harby bölüminde Mälikguly Berdimuhamedowyň ýadygärligine hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde döwlet Baştutanymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

11-nji awgustda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda Garagum derýasynyň suwy bilen ekerançylyk meýdanlaryny üpjün etmek üçin täze suw howdany ulanylmaga berildi.

Bu waka mynasybetli geçirilen dabaraly çärä hökümet agzalary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, oba zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerini we ähli oba zähmetkeşlerini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap: “Soňky ýyllarda biz ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmaýan baýlyklaryny goramak, suwuň her damjasyny aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça köp işleri amala aşyrýarys. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys” diýip belledi.

Göwrümi 18 million kub metr bolan suw howdany Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrliginde guruldy, bu ýerde sekuntda 30 kub metr suw geçirmäge ukyply suw desgasy ýerleşýär. Ol güýz-gyş döwründe derýanyň aşaky akymynda suw ýygnamaga, ekerançylyk meýdanlary suwarylanda, onuň berlişini sazlaşdyrmaga niýetlenendir.

Bu gidrotehniki toplumyň taslamasy “Türkmensuwylymtaslama” instituty tarapyndan taýýarlanyp, onuň gurluşygyny Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Howdanyň we bendiň gurluşygynda ýerli känlerden alnan gurluşyk serişdeleri ulanyldy, hususan-da, bendiň berkidilmegi üçin 167,5 müň kub metr çagyl gerek boldy. Bendiň umumy uzynlygy 7,8 kilometrden gowrakdyr. Esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, ýol we energetika düzümleriniň desgalary guruldy.

Suw geçirijilik ukyby sekuntda 10 kub metre barabar bolan täze suw hojalyk toplumynyň işe girizilmegi Bereket etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagynyň depginli ösüşiniň möhüm ýagdaýy hökmünde suwarymly ýerleriň netijeliligini artdyrmak, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň durnukly, ýokary hasylyny almak, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek ugrundaky ýene bir möhüm ädim boldy.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda 12-nji awgustda Hazarýaka döwletlerde her ýyl bellenilýän Hazar deňziniň gününe bagyşlanan “Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat boldy. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işindäki hyzmatdaşlyga degişli möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi. Maslahatda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioköpdürlüligini gorap saklamak, tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak babatda milli derejede alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň esasy ugurlary we netijeleri beýan edildi.

Daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyp, bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli, toplumlaýyn, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda, oňyn häsiýete eýe bolmagy ugrunda tagalla edýär. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri forumlaryň belent münberinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň depginli ösüşiniň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ähli özgertmeler we ägirt uly işler mähriban halkymyzyň rowaçlygyny hem-de ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37607

17.08.2021
Döwrebap logistika ulgamy

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» netijesinde halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap enjamlary, tehnologiýalary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýetiň maglumat, görkezijiler ulgamyny hem-de usulyýetini işe girizmek üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi dünýä ösüşiniň çalt özgerýän häzirki şertlerinde gönüden-göni ykdysadyýetiň netijeliligini hem-de döwlet düzümleriniň işiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ykdysady nazaryýetiň nukdaýnazaryndan teswirlenende, ozal zähmet maýa goýum we çig mal önümçilik şertlerine degişli bolan bolsa, mundan beýläk innowasion ykdysadyýet şertlerinde onuň düzümine tehnologiýalar, bilim we innowasiýalar goşulýar. Häzirki döwürde sanly görnüşdäki maglumatlaryň ähmiýeti artýar we olar täze ösüş hökmünde häsiýetlendirilýär. Biziň döwletimiz üçin kuwwatly innowasion öňegidişligi gazanmak syýasaty aýratyn özüneçekijidir. Bu ugurda üstünlikler ösüşiň innowasion ýolunyň wajyplygynyň we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, hyzmatlaryň we harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylýar.

Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we innowasiýa ösüş ýoluna geçmek çözgüdi uzak möhletleýin ykdysadyýetiň durnukly ösüşine baglydyr. Ulag we logistika ulgamynyň innowasiýa ösüşini dolandyrmagyň esaslaryny öwrenmek ýurdumyzyň ulag we logistika ulgamy üçin goýlan ähli derwaýys meseleleri göz öňünde tutup, döredilmeli dolandyryş mehanizmini kämilleşdirmelidigi barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Ulag we logistika ulgamynyň innowasion ösüşini dolandyrmakda onuň aýratynlyklary, mümkinçilikleri möhüm bolup durýar. Bu ulgamy ösdürmekde dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bu ugra hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy we gyzyklanmagy zerurdyr.

Ýurdumyzda ulag toplumynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ulag-logistika ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin bu ugurda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugry ösen we täsirli ulag ulgamyny döretmek, hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, içerki we daşarky bazarlarda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek esasy wezipe bolup durýar.

Ulag ulgamlarynyň öňünde durýan maksatlara ýetmek üçin tehnologiki ösüşde öňegidişlik gazanmaly. Bu ýerde innowasiýa esasy orun eýeleýär. Şeýlelik bilen, ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda sanly ulgam öňdebaryjy orny eýeleýär. Geljekde bütindünýä sanly ykdysadyýetiň gurşawyna sazlaşykly goşulmaga ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek üçin häzirki wagtda sanlylaşdyrmak hadysalaryny halkara we sebit derejelerinde bir umumy kadalara getirmeklik möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň düzümini emele getirýän möhüm tehnologiýa binýady kemala getirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda durnukly ösüşi we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, eksportuň kuwwatlylygyny artdyrmaklyga, eksport edilýän önümleriň görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze innowasion ulag tehnologiýalaryň esasynda logistika amallary kämilleşdirmeklige uly üns berilýär. Bu ugurda ägirt uly mümkinçilikler bar. Bu mümkinçilikleri doly ulanmak bilen öz milli harytlarymyzy dünýä ýüzüne ýaýratmaga, hilini ýokarlandyrmaga, internet-söwda hyzmatlaryny amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Goý, berkarar Diýarymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýlar USSAÝEWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň öwreniji mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37517

17.08.2021
Döwrebap desga

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we ilatynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has gowulanýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze elektrik stansiýalarynyň işläp başlamagy netijesinde Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberi ýene-de birnäçe million kilowatt-sagada golaý artýar. Täze döwrebap elektrik stansiýalarynyň hatarynda olaryň ýene-de biri peýda bolýar. Ol Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasydyr.

Gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň döwrebap ulgamy elektrik energiýasyny öndürmekde we energiýa serişdelerini tygşytlamakda aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda 2018-nji ýylyň noýabrynda düýbi tutulan kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy hem ulanylmaga berler. Şu günlerde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Russiýa Federasiýasynyň «Trubnaýa Metallurgiçeskaýa Kompaniýa» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «GAZPROM Schweiz AG» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda getirilýän turba we beýleki önümler desganyň gurluşygyny has çaltlandyrdy.

Häzirki wagtda desganyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyryna gadam goýdy. Ol Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Hitachi Power Systems», şeýle hem Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar. Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megewat bolan gazturbina gurnamalarynyň 3-si işlär. Energo bloklaryndan başga-da edara ediş binasy gurlup, onda döwlet elektrik bekediniň esasy dolandyryş bölümi, gaz paýlaýjy beket, şeýle hem ähli zerur bolan inženerçilik-tehniki ulgam ýerleşýär. Elektrik bekediniň çägi hem gözelleşdirilýär.

Milli hünärmenlerimiz hem gurluşyga işjeň gatnaşýarlar. Desga welaýatyň çäginde ozal ulanylmaga berlen ugurdaş desgalaryň arasynda has kuwwatlysy bolar. Welaýatda öňden bar bolan — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işe girizilen «Lebap», «Watan» ýaly kuwwatly döwrebap elektrik stansiýalary we «Kerki-500» ýaly elektrik bekedi işe girizilen gününden bäri diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň artmagyna hem uly goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatynda iş saparynda bolup, ak pata bermegi bilen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly geçen dabaralar welaýatyň energetikleri üçin uly bir toý-baýramçylygyna öwrüldi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Lebap welaýatynyň elektrik desgalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede döwrebaplaşdyryldy, täze elektrik stansiýalary we beketler işe girizildi, ýene-de möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň dünýäniň şeýle öňdebaryjy desgalaryny gurdurmagy ykdysady kuwwatynyň berkdigini görkezýär.

Şakir TURAÝEW,

žurnalist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37529

17.08.2021
Ýaşyl ýaşaýşyň ýalkawy

Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda söhbet

Tebigat — ýaşaýşyň çeşmesi. Onuň bilen parahatçylykda ýaşamak abadançylygyň hem-de saglygyň şertidir. Bu babatda ekologiýa medeniýeti, ekologiýa taýdan arassa ýaşaýyş üstünligiň açary hasaplanýar. Howanyň ählumumy maýlamagy, çölleşmek ýaly tebigy hadysalaryň öňüni almak üçin dünýädäki her bir adamyň ekologiýa jogapkärçiligini duýup ýaşamagy zerurdyr. Onuň bilen sazlaşykly ýaşaýyş ählumumy abadançylygyň gözbaşydyr.

Golaýda, ýagny 25-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy «Tebigat bilen parahatçylyk» ýörelgesini dabaralandyrýar. Häzirki döwürde dünýäde ekologiýa, durmuş we ykdysady meseleleriň biri-biri bilen baglanyşyklydygyndan ugur alnyp, olary bitewülikde çözmek başlangyjy öňe sürülýär. Arassa tehnologiýalary ösdürmek bilen birlikde, Ýeriň ýaşyl ýaşaýşynyň aladasy edilýär.

Howanyň üýtgemegine garşy göreşiň iň ygtybarly usuly tokaýlary goramak hem-de köpeltmekdir. Sebäbi tokaýlyklar ýylda uglerodyň dioksidiniň 2 milliard tonnasyny sorup alýar, ýagny bir agaç bir ýylda ortaça 150 kilogram kömürturşy gazyny ýuwudýar. Ýeriň öýkeni hasaplanýan tokaýlar howany kislorod bilen baýlaşdyrmaga, tebigatda suw balansyny saklamaga ýardam edýär, çägäni berkitmekde, topragyň eroziýasynyň, ýuwulmagynyň öňüni almakda, ony baýlaşdyrmakda, ýeliň güýjüni peseltmekde, gurakçylyga garşy göreşmekde aýratyn orun eýeleýär. Bir gektar meýdandaky tokaý ýylda 50 — 70 tonna tozany sorýar. Şeýle mysallardan görnüşi ýaly, tokaý — özboluşly ekologik ulgam, biogeosenoz.

Planetamyzyň gury ýer böleginiň 30 göterimini, ýagny 4 milliard gektardan gowrak meýdanyny tokaýlar tutýar. XXI asyryň başyna çenli adamzat Ýer ýüzünde bar bolan tokaýlaryň, takmynan, 50 göterimini ýok etdi. Dürli sebäplere görä, her ýylda millionlarça gektar tokaý ýitirilýär. Ýöne soňky 25 ýylda olaryň ýok edilmeginiň depginini 50 göterim peseltmek başartdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň doly gazlaşdyrylmagy biologik dürlüligiň goralyp saklanmagyna, dikeldilmegine we baýlaşdyrylmagyna hem-de tokaý zolaklarynyň giňeldilmegine uly ýardam etdi. Şeýlelikde, daşky gurşawa antropogen täsirler has peselip, gymmatly arça we sazak tokaýlarynyň çapylmagy azaldy.

Hanlar hany Abdyrahym hanyň «Derýalar öz suwuny özi içmeýär, miweli agaçlar hem miwesini özi iýmeýär» diýen paýhasynda beýan edilişi ýaly, tebigatda ähli zat biri-biri bilen berk baglanyşykly. Tebigatyň bitewi hem baky aýlawynda her bir ýaprajygyň, gülüň, agajyň öz orny bar. Aň-paýhasly adam bu aýlawyň altyn halkasydyr. Dünýäniň abatlygy, adamzadyň bagtyýarlygy ynsanlaryň öz elinde.

Şu ýylyň nyşanynda derek agajynyň bolmagy ýöne ýerden däl. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyndaky: «Müň ýyllyk çynarlar hiç garraman, görnükli hem kuwwatly sütünleri bilen bakylyk nyşany ýaly bolup, sarsman, saýa salyp otyrlar. Ýa-da baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyryp, dik ýokary ösýän derek agaçlaryny göz öňüne getiriň! Olaryň şahalary asmana ümzük atýar, güýçli kökleri bolsa, daşyndan seretseň, zeminiň çuňluklarynda görünmän galýar. Eýsem-de bolsa, daragty ýaşadýan şol kökler, keramatly kökler ahyryn!» diýen sözlerini okap, onuň manysyna düşünýärsiň. Derek agajy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleri bolan ösüş-özgertmeler bilen birlikde, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatynyň hem nyşanydyr. Tokaý maksatnamasynyň kabul edilmeginde aýratyn many-mazmun, sazlaşyk bar.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 5-nji martynda Köpetdagyň eteginde köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi bilen tanyşlygyň barşynda bag nahallarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, beýleki agaçlar bilen bir hatarda, derek agajyna aýratyn gadyr goýulýandygyny, il içinde onuň baldaklarynyň berkemeginiň maşgala abadançylygy, agzybirligi hökmünde kabul edilýändigini belledi. Şonda hormatly Prezidentimiz derek agajy barada rowaýatyň bardygyny aýtdy. Gadymy döwürlerde iki ýaş juwan durmuş toýuny tutanda, maşgala abadançylygyny, agzybirligi alamatlandyrýan derek agajyny ekipdir. Rowaýatda aýdylyşy ýaly, juwanlaryň eken deregi ösüp-örňäp, beýik bag bolupdyr. Ol uly iliň guwanjyna öwrülipdir.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Milli tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli jemlendi. Onuň çäklerinde, ýagny 2013 — 2020-nji ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjekleriniň toprak, howa şertleriniň aýratynlyklaryna esaslanýan tokaýlary dikeltmek, döretmek boýunça tokaýçylyk taslamalary durmuşa geçirildi. Maksatnamada göz öňünde tutulan sekiz ýylda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerini giň gerimde alyp barmak üçin täze innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Aralýaka sebitinde tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek işlerini dowam etmek, Awaza derýasynyň kenarlaryny tokaýlaşdyrmak, Garagumuň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Bulardan başga-da, çölleşme hadysasynyň öňüni almak maksady bilen, süýşýän çägeleri berkitmek we çöl ýerleri tokaýlaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklaryny döretmek, gül hem-de bezeg agaçlaryny ýeterlik mukdarda ösdürip ýetişdirmek, tokaýlaryň tükellemesini hem-de hasabyny alyp barmak, olaryň goragyny we gözegçiligini kämilleşdirmek ýaly wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi bilen, şeýle asylly işleriň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu maksatnama daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem rejelenen görnüşdäki Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen işlenip düzüldi.

Geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli jemi 25 million düýp agaç nahalynyň oturdylmagy sogap işleriň seresidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, bu ýerde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahalyny ekmek bellenildi.

Milli Liderimiz BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wajyp ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýändigini nygtaýar. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň hatarynda gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň degradasiýasyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek (15-nji maksat) bilen bagly wezipeler kesgitlenendir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz kündükden el-ýüzüni ýuwanda, ondan akýan suwuň hem bagyň düýbüne ýygnanmagyny adat edinipdir. Şeýdibem, gumdaky suwsuz oýlarda bag gögertmegiň usulyny tapypdyr. Garaz, ýeke damja suw bisarpa ulanylmandyr. Daşky gurşawyň goragy hakyndaky alada milli ahlak-terbiýe mekdebine berk ornapdyr. Halk pähiminde «Öl agajy döwmegin, degmedige degmegin» diýilýär. Şeýle paýhas mekdebi häzirki zaman ekologiýa ylmyny baýlaşdyrýan egsilmez çeşmedir. Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň esasy maksatlarydyr wezipeleri hem şolardan ugur alýar.

Tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaýlary dikeltmek, olary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak, biologik dürlüligi gorap saklamak we baýlaşdyrmak, ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek we bu ugur boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek pudagyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksatnamanyň esasy maksatlarydyr. Esasy wezipeleriň hatarynda tokaýlary goramak, dikeltmek, üznüksiz köpeltmek, tokaý serişdelerinden rejeli peýdalanmak we tokaý hojalygyny dolandyrmagyň döwrebap usullaryny önümçilige ornaşdyrmak, tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, tükellemek we gözegçilik (monitoring) işlerini geçirmek, toprak-howa şertlerine laýyklykda tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmäge gönükdirilen maliýe-ykdysady we guramaçylyk-tehniki çäreleri geçirmek, ykdysady taýdan höweslendirmegi, maliýe serişdelerini çekmegi kämilleşdirmek arkaly döwlet tokaý goragyny güýçlendirmek, tokaýçylygy ösdürmegiň hukuk binýadyny kämilleşdirmek ýaly işler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, resminamada ýangyn howpsuzlygyny amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde tokaýlary ýangyndan goramagy üpjün etmek, olary zyýan beriji mör-möjeklerden we kesellerden goramak boýunça çäreleri yzygiderli geçirmek, tokaý hojalygy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine, esasan hem, oba hojalyk önümçiligine howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirini peseltmek, şeýle hem ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ekerançylyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklarynyň ulgamyny döretmegi dowam etdirmek, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmak üçin bagy-bossanlyga öwürmek işlerini geçirmek ýaly wezipeler kesgitlenipdir. Maksatnama laýyklykda, Aral deňziniň suwy çekilip, guran ýerlerinde emele gelýän duzly tozanyň ýetirýän zyýanly täsirini peseltmek üçin, şeýle-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, onuň akabalarynyň töwereginde tokaýlaşdyrmak işlerini alyp barmak, Garagum sährasynda gurulýan desgalaryň töwereginde, öri meýdanlarda çölleşme hadysasynyň öňüni almak maksady bilen, sazak we beýleki çöl ösümliklerini ekmek arkaly tokaýlaşdyrmak işlerini dowam etmek göz öňünde tutulýar.

Tokaý zolaklarynda ekilýän pürli we saýaly agaçlar bilen bir hatarda, miweli baglaryň, üzümiň, hoz-miweli görnüşleriniň ekilýän meýdanlary giňeldiler. Ýörite taýýarlanan taslamalar boýunça daglarda arça, pisse, badam, kerkaw, çöllerde sazak, gandym, çerkez, derýalaryň ýakasynda we kölleriň kenarynda toraňňy, söwüt, igde tokaýlaryny döretmek we olaryň meýdanyny giňeltmek işleri alnyp barlar. Üstümizdäki ýylda 30 million düýp, 2022 — 2025-nji ýyllarda her ýyl 3 million düýp agaç nahaly oturdylar. Türkmenistanyň döwlet tebigy goraghanalarynda 2021 — 2025-nji ýyllarda sazak, sözen, igde, arnap (unabi), pisse, grek hozy, türkmen arçasy, zerewşan arçasy, badam, zeýtun, dagdan, kerkaw, arguwan agaçlarynyň on müňlerçe nahallary ýetişdiriler.

Diýarymyzyň «Çeti süýräp, künji ekibermeli» diýilýän ýerleri kesewiňi dürtseň gögerdýän bolsa-da, häzirki zaman tokaý hojalygyny ýöretmek üçin her bir işe ylmy esasda çemeleşmek zerur. Şonuň üçin täze maksatnamanyň III babynda tokaýçylygy ösdürmegiň ylmy esaslary kesgitlenýär. Bu ugurda amala aşyrylmaly ylmy-barlag işleriň hatarynda Türkmenistanda tokaýçylygy ösdürmegiň taryhy we bar bolan gojaman agaçlar barada kitapça, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde durnukly ösmäge ukyply agaçlaryň we agaçjymak ösümlikleriň görnüşlerini ýetişdirmek boýunça gollanma taýýarlamak, tokaý zolaklarynyň ekologiýa täsirini, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we onuň akabalarynyň ugrunda biologik dürlüligi öwrenmek, şeýle-de ykdysady taýdan höweslendirmegi, maliýe serişdelerini çekmegi kämilleşdirmek arkaly döwlet tokaý goragyny güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi 7000-den gowrak görnüşden ybarat bolup, olaryň 3200 töweregi ýokary derejeli we 4000-e golaýy pes derejeli (şol sanda kömelekler) ösümliklere degişlidir. Dag sebitleriniň ösümlik örtügi görnüş düzümi boýunça has baýdyr. Olaryň köp görnüşi dürli derejede goralmaga degişli bolup, türkmen arçasy, hoz, dagdan, armyt, tokaý almasy, badam we pisse aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Bu ulgamlarda seýrek duş gelýän we ýitmek howpy astynda duran ösümlikleriň köp sanly görnüşi toplanandyr.

Ýurdumyzda seýrek duş gelýän we ýitmek howpy astynda duran ösümlikleriň saklanyp galmagynda döwlet tebigy we tebigy çäkli goraghanalaryň, ýadygärlikleriň, botanika baglarynyň işgärleriniň geçirýän işi geljekde has hem köpeler. Tebigy goraghanalarda seýrek duş gelýän agaçlary ösdürip ýetişdirmek we olary köpeltmek boýunça degişli işler alnyp barlar. Geljekde ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüligini gorap saklamak maksady bilen, Uly Balkan dagynda, ilkinji nobatda, türkmen arçasyny gorap saklamak, dikeltmek üçin döwlet tebigy goraghanasynyň, şeýle hem Daşoguz welaýatynda Zeňňibaba, Lebap welaýatynda Pitnek we Tallymerjen döwlet tebigy çäkli goraghanalarynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Alymlarymyzyň işläp düzen usullary esasynda arça, badam, pisse tokaýlary düme we suwarymly şertlerde dörediler.

Tebigy goraghanalarda Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler has-da rowaçlanar. Tokaý hojalyklarynyň we goraghanalaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw merkezi dörediler. Degişli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde tokaý hojalygy ulgamynyň dolandyryş hem-de inžener-tehniki işgärleriniň hünär öwrediş okuwlary guralar. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag merkezlerinde tokaý hojalygynyň zerur ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga we gaýtadan taýýarlamaga üns berler.

Türkmenistanda tokaýçylygy ösdürmek boýunça guramaçylyk çäreleriniň hatarynda Amyderýa, Gaplaňgyr we Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynyň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň töwereginde gorag (bufer) zolaklaryny döretmek, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we onuň akabalarynyň ugrunda gorag, tokaýlaşdyrmak we ylmy işleri yzygiderli alyp barmak, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirini taýýarlamak meýilleşdirilýär.

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça ýurdumyzyň gatnaşýan halkara hukuk resminamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, bu babatda milli strategiýa rejelenen görnüşde tassyklandy.

Dünýä tokaý hojalygynda sanly, maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri ýokarydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Global Forest Watch» ýaly bütindünýä tokaý gözegçiligini amala aşyrýan sanly ulgamlar, programmalar ýörgünli peýdalanylýar. Olar tokaý monitoringini amala aşyrmakda we döwlet tokaý kadastryny ýöretmekde hem netijelidir. Tokaýlaryň monitoringi Tokaý gaznasyna gözegçilik, onuň ýagdaýyna we ösüşine baha bermek we çaklamak ulgamydyr. Monitoring tokaýlary netijeli dolandyrmak, peýdalanmak, üznüksiz köpeldip durmak, abat saklamak we goramak maksady bilen geçirilýär.

Maksatnamanyň amala aşyrylýan döwründe Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň esasynda tokaý serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip düzüler. Bu işlerde emeli hemralardan alynýan maglumatlar esasynda yzygiderli gözegçiligi alyp barmak wajyp meseleleriň biridir. Ýakyn geljekde sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly tokaýlary döwlet tarapyndan hasaba almak we tokaý gurluş işlerini geçirmek hem-de alnan maglumatlar esasynda döwlet kadastryny ýöretmek, Aşgabat şäheriniň töwereginde soňky otuz ýylyň dowamynda döredilen tokaý zolaklarynyň toprak-howa şertlerine täsiri barada sanly maglumatlar binýadyny taýýarlamak ýaly işler meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz gymmatly eserlerinde agaçlaryň aýratynlyklaryna uly üns berýär: «Dagdan iň berk agaçlaryň biri hasap edilýär. Öýüne mukaddeslik hökmünde garaýan, zähmeti söýýän il-halkymyz dagdan agajyndan azal, soky ýaly hojalyk esbaplaryny hem ýasapdyr...». «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitapda bolsa agaçlardyr tokaý ösümliklerine düýpli ylmy seljerme berilýär.

Hawa, agaç adamlaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine, iň ýakyn kömekçisine, göz guwanjyna, hatda syrdaşyna-da öwrülipdir. Ol bizi ähli ýerde gurşaýar, goraýar, ekleýär... Şonuň üçin hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda tebigat bilen parahatçylykda abadan we bagtyýar ýaşaýşyň binýady boljak resminamanyň — Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy gutlanmaga mynasypdyr.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37606

17.08.2021
Mukaddes önümiň ojagynda

Welaýatyň ykdysadyýetinde himiýa pudagy häzir düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynda bitirilýän işler aýratyn öwgä mynasypdyr. Tutuş Diýarymyzda öndürilýän duzuň ähli möçberleri bu ýerde taýýarlanýar. Kärhanada üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda bu mukaddes önümiň jemi 56 müň 146 tonnadan gowragy gazylyp alnyp, bellenilen meýilnama 103 göterimden hem köp amal edildi. Gürrüňi edilýän döwürde däneli duz taýýarlamagyň meýilnamasy bolsa 105,3 göterim berjaý edildi.

Kombinatyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarlarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biri hasaplanýar. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän «Guwlyduz» kombinaty duz çykarmakda sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär. Bu baýlyklar mesgeninden alynýan nahar duzuny ýodlaşdyrmagyň ymykly ýola goýulmagy milli Liderimiziň öz mähriban halkynyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň misilsiz güwäsidir.

Soňky ýyllarda kärhananyň maddy-tehniki binýady täze awtoulaglaryň, dürli maksatly ýörite tehnikalaryň we kämil enjamlaryň hasabyna has berkidildi. Bu bolsa önümçilik görkezijileriniň hem-de öndürilýän önümiň hiliniň has ýokarlanmagyna düýpli täsir etdi. Bu ýerde diňe bir şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýaraşykly gaplarda ilata ugradylan 11,3 müň tonna golaý nahar duzy dünýä ülňülerine laýyk derejede ýodlaşdyryldy.

Ýokary hilli ýüplükler

Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy esasynda ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklar öndürilýär. Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli, dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän nah ýüplükler bu gün diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem iň bir islegli harytlary bolup durýar. Kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň agramly böleginiň gelin-gyzlardygy bolsa aýratyn bellärliklidir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen ýanwar — iýul aýlarynda toplumda 2 müň 740 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanylyp, önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, 132 göterime barabar boldy.

Gürrüňi edilýän döwürde sarp edijilere ýetirilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberi 47 million 680 müň manatlykdan hem geçendigi bellärliklidir. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 26 million manatlykdan hem köpdür. Bu görkezijiler balkanly dokmaçylaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşmagy başarýandyklaryna güwä geçýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

(Öz habarçymyz).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37605

17.08.2021
Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

6. Bitaraplyk — goňşyň öýündäki asudalyk

Hoşniýetli goňşuçylyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Halkymyzyň heňňam aşyp gelen «Öý alma, goňşy al», «Kyýamat güni goňşudan», «Alysdaky garyndaşdan, ýakyndaky goňşy ýagşy», «Keçäňi satsaň, goňşyňa sat, myhman baraňda bir burçunda ýene özüň oturarsyň». diýen ýaly nakyllarydyr atalar sözleri, edil, şol durşuna diýen ýaly, goňşy owgan halkynda hem gaýtalanýar. Aýdylyşy ýaly, goňşy satyn alynmaýar, ol ykbalyň peşgeşidir. Gündogarda «Öz öýüňdäki asudalyk goňşyň öýündäki asudalykdan başlanýar» diýen pähim ýörgünli. Owgan halkynda bolsa «Zerur wagty dost kömegi — baharyň açylan güli» diýen nakyl bar. Diýmek, goňşular elmydama arkalaşykda, özara oňşuklylykda, birek-birege kömek berip ýaşamaly.

Owgan halky biziň müňýyllyklardan bäri hemsaýamyz. Türkmen halky hiç haçan goňşusy bilen arasyna tow düşmegini, oňa barýan ýoluň ot-çöp basmagyny, gatnaşygyň kesilmegini islemändir. Gaýtam, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip, iki arada goňşokara gatnadypdyr. Toý-tomgusynda saçakly gatnaşypdyr, begenen gününde begenip, başyna iş düşen gününde goňşusyna ruhy söýget bolmaga çalşypdyr. Şahyr Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn: «goňşyň hakda pikir et!» diýen ýörelgä uýýan halkymyz bar biziň.

Halkara gatnaşyklar boýunça hünärmenler bitaraplygyň parahatçylygy dörediji, duşman taraplary ýaraşdyryjy gurallarynyň bardygyny nygtaýarlar. Bu hakykat döwletimiziň Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynda aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylygy dörediji kuwwaty goňşy Owganystanda asudalygy ýola goýmak we ýurtda kadaly durmuşy üpjün etmek baradaky tagallalarynda ýüze çykdy. Ata-babalarymyzdan gelýän bu ynsanperwer ýörelgä Bitarap Türkmenistan elmydama ygrarly bolmagynda galýar. Gynansak-da, geçen asyryň soňky çärýeginden başlap, goňşy Owganystan köp hupbatlary başdan geçirdi. Onuň syýasy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdy. Bu meseläniň oňyn çözülmegi duldegşir goňşy bolan Türkmenistan üçin juda möhümdir.

Türkmenistan 1990-njy ýyllarda Owganystanda taraplaryň arasynda dowamly we resmi däl ýagdaýdaky gepleşikleriň başlanmagynda işjeňlik görkezdi. Munuň üçin Türkmenistan keseden synçy bolman, anyk iş bilen öz goşandyny goşdy. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda owgan harby-syýasy toparlanyşyklarynyň baştutanlarynyň ençeme gezek gepleşikleri geçirildi. Türkmenistan, 1997-nji ýylda Aşgabatda owganara gepleşikleri we Owganystan boýunça halkara maslahaty geçirmek arkaly, bu ýurtda gapma-garşylygy düzgünleşdirmäge öz goşandyny goşdy. Halkara bileleşigiň Owganystandaky terrorçylykly toparlanyşyklaryň garşysyna alyp baran 2001-nji ýyldaky harby hereketlerinde Türkmenistan öz çäklerinden diňe ynsanperwer ýükleriň geçirilmegine rugsat berdi.

Owganystanyň içindäki dawalary, syýasy durnuksyzlygy harby güýç ulanyp çözmek ýoly netijesizdir. Ýaraglar üçin edilýän örän uly möçberdäki çykdajylar, köp sanly adam pidalary henize çenli owgan topragynda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar bolmagyna goşant goşup bilmedi. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän teklipleri Owganystandaky gapma-garşylyklaryň birnäçesini çözmegiň alternatiw nusgasyny durmuşa geçirmek boýunça mümkin bolan çärelerdir. Diýmek, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini goňşy döwletde ulanmak ýerliklidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan düzgünleşdirmek meselesini diňe parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly çözmek ugrundaky tagallalaryň oňyn netije berjekdigini nygtaýar. Şolaryň arasynda BMG-niň howandarlygynda Owganystandaky özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak we döwlet häkimiýetiniň netijeli institutlaryny ösdürmek boýunça ýokary derejedäki halkara duşuşygy Aşgabatda geçirmek babatdaky başlangyç aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz goňşy döwletdäki ýagdaýlary kadalaşdyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň uly ähmiýetini nygtamak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde anyk teklipleri öňe sürdi we olar, hususan-da, şulardan ybarat:

1) Halkara meseleleri çözmekde syýasy-diplomatik serişdeleri ileri tutup ulanmak hakyndaky Jarnamany işläp taýýarlamak (66-njy mejlis);

2) BMG-niň howandarlygynda Owganystanda özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak we Aşgabatda döwlet häkimiýetiniň netijeli institutlaryny ösdürmek boýunça ýokary derejedäki halkara duşuşygy geçirmek (65-nji mejlis);

3) Türkmenistanda owgan hünärmenlerini taýýarlamak (65-nji mejlis);

4) Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygyna gönükdirilen tagallalaryň has işjeňleşdirilmegi (65-nji mejlis);

5) Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak (65-nji mejlis).

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 2018-nji ýylyň 8-nji martynda bolan mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Owganystanda halkara tagallalary goldamak baradaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Resminamada ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady, üpjünçilik ulgamlarynyň dikeldilmegine ýardam etmek boýunça amala aşyrýan anyk taslamalaryna aýratyn orun berildi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň geosyýasy mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine ýardam bermek babatynda Owganystan boýunça geçirilýän halkara maslahatlar; Stambul prosesi; Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa — Owganystan görnüşde Owganystanda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialog; Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça geçirilýän maslahat (RECCA); Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti boýunça ýörite maksatnama (SPECA); Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy (CAREC) ýaly syýasy formatlardan we dialog meýdançalaryndan işjeň peýdalanýar. Bu döwletdäki ýagdaýlary kadalaşdyrmakda BMG-niň edýän işleriniň ähmiýeti uly bolmalydyr. Hut şonuň üçin-de, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 2017-nji ýylyň 13-nji iýunda Aşgabada sapary mahalynda geçirilen gepleşiklerde hormatly Prezidentimiz: «Owgan halkyna ýaraşyga gelmek we ylalaşyk gazanmak üçin hakyky ýardam bermek zerurdyr. Oňa diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly ýetip bolar. Bu meseläniň başgaça çözgüdi ýokdur» diýip, ýurdumyzyň garaýyşlaryny öňe sürdi.

Ýurda berilýän halkara ykdysady we maliýe goldawyny artdyrmak — Owganystanda ýagdaýy kadalaşdyrmagyň möhüm çözgüdinde iňňän uly ähmiýete eýe. BMG-niň bu strategik çözgüdine dünýäniň degişli maliýe institutlarynyň, dürli döwletleriň anyk ýardamlary arkaly goşandyny goşmagy zerur. Türkmenistanyň bu meselä nähili goşant goşýandygyny aşakdaky ugurlar boýunça seljermek ýerlikli bolar:

Owganystanda, umuman, Ýewraziýa yklymynda asudalygy, parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin parahatçylygy dörediji taslamalar zerurdy. Şolaryň ençemesiniň gözbaşynda baky Bitarap Türkmenistan durupdy. «Açyk gapylar» syýasaty türkmen Bitaraplygynyň geoykdysady mümkinçilikleriniň barha giňden açylmagyna ýardam berdi.

Türkmenistan Owganystana energetika taslamalary arkaly ýardam bermegi 40 ýylyň dowamyndaky uruşlaryň netijesinde ykdysadyýeti pese gaçan bu ýurduň durmuş-infrastruktura düzüminiň dikeldilmegine kömek etmekde möhüm hasaplaýar. Soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen hünärmenleri tarapyndan Owganystana tarap 400 kilometrden gowrak elektrik geçirijiler çekildi, elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesi, şol sanda podstansiýalar guruldy. Goňşy ýurda Andhoý — Şybyrgan, Serhetabat — Hyrat, Mary DES — Andhoý — Şybyrgan, Rabatkaşaň — Kalaýnau ugurlary boýunça ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasy iberilýär. 2016-njy ýyldan başlap, onuň möçberi iki esse artdyryldy. Geljekde ony bäş esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi.

2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistandan Owganystana azyk harytlary, dokma önümleri, mekdep okuwçylary üçin okuw esbaplary, kitaplar, mekdep mebelleri, sport eşikleri ýaly harytlaryň ençeme görnüşlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde yzygiderli iberilýär. Türkmenistanyň hasabyna Owganystanda durmuş maksatly binalaryň birnäçesi (saglyk öýi, 400 orunlyk mekdep, çaga dogrulýan öý), Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde metjit gurlup ulanmaga berildi. 2019-njy ýylyň dekabrynda ýurdumyzdan owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformator degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde berildi. 2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde mukaddes Oraza aýynda Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde azyk önümleri ugradyldy. 2020-nji ýylyň başynda Owganystana 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermegiň Maksatnamasy işlenip düzüldi. Bu ynsanperwer kömekler goňşy döwletdäki durmuş-infrastruktura düzümi kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Döwletara ylalaşyk esasynda Türkmenistanyň owgan ýaşlaryny mugallymçylyk, oba hojalygy, nebit-gaz, energetika pudaklary, ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk ugurlary boýunça taýýarlamaga ýardam bermegi hem bu ýurda berilýän ynsanperwer goldawdyr.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37448

16.08.2021
Türkmenistanyň başlangyçlary sebitleýin gatnaşyklaryň täze çäklerini açdy

5. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti doganlyk halklaryň aýdym-saz baýramydyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, sebitde goňşy ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan hem-de giňeltmekden ybaratdyr. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhy taýdan ýola goýlan dostluk hem-de özara goldaw bermek gatnaşyklary bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny has hem ýakynlaşdyrýar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bäş ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti hem-de beýleki döredijilik çäreleriniň birnäçesi döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde medeni diplomatiýanyň möhüm ornuny aýdyň görkezdi. Uly üstünliklere beslenen şeýle çäreler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sebitiň goňşy döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygyny alamatlandyrýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Kasym-Žomart Tokaýew, Sadyr Žaparow, Emomali Rahmon we Şawkat Mirziýoýew, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşyjylar ajaýyp çykyşlaryň hormatly tomaşaçylary boldular.

Milli we halkara festiwallaryň hem-de beýleki köp sanly medeni çäreleriň geçirilýän ýeri bolan Awazanyň açyk sahnasyndan dostlukly ýurtlaryň Liderlerine, ähli tomaşaçylara dürli dillerde mähirli gutlag sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlar ýaňlandy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň meşhur sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki joşgunly aýdymlar bolsa parahatçylygyň, agzybirligiň senasyna öwrüldi.

Tutuş dünýäde abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine dostluk hem-de agzybirlik şygary döredijilik baýramçylygynyň ähli çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Türkmen artistleri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat wekilleriniň bilelikde ýerine ýetirmeginde gadymy we döwrebap sungatyň baýlygyny hem-de özboluşlylygyny, onuň doganlyk halklary birleşdiriji güýjüni alamatlandyrýan däpleriniň milli öwüşginlerini beýan edýän täsirli çykyşlar görkezildi.

Täzeçil tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy konsertiň tapawutly aýratynlygydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diwersifikasiýa taýdan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýokary derejede üns berýär.

Uly monitorlardaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ajaýyp paýtagtlarynyň gözellikleriniň wideoşekilleri ýatda galyjy täsir döretdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik duşuşygyna hem-de dabaraly konsertine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Medeni ulgamda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar, däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeldýär” diýlip nygtalýar.

Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň işleri köp ýyllaryň synagyndan geçen we häzirki wagtda has-da berkeýän dostluk binýadyna daýanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymy ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Ozodbek Nazarbekowyň “Dokmaçylar” folklor toparynyň gatnaşmagynda bu aýdymy türkmen dilinde ýerine ýetirmegi bolsa eziz Diýarymyza çäksiz söýginiň beýany bolup ýaňlandy. Şeýle hem milli Liderimiziň “Bagt nury” aýdymy hem tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Konsert gadymy “Küştdepdi” tansy bilen jemlendi. “Küştepdi” tansynda geçmişiň däpleri hem-de häzirki döwrüň döredijilikli güýji sazlaşykly utgaşýar. Halk döredijiliginiň özboluşly milli nusgasy bolan bu tans dessury Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Bu gün ol ýurdumyzyň özboluşlylygynyň beýanydyr, milli baýramlarymyzyň hem-de türkmen sungatynyň daşary ýurtlardaky her bir çykyşynyň aýrylmaz bölegidir.

Bu joşgunly tansa ýörite taýýarlanylan wideoşekiller arkaly sebitiň döwletleriniň döredijilik toparlary hem goşuldy. Olar türkmenleriň bu meşhur tansyny özboluşly ýerine ýetirdiler.

Köpçülikleýin şowhunly çykyş bilelikdäki konsertiň mazmunyny — parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine döredijilik taýdan jebisleşmegiň dabaralanýandygyny görkezdi. Hut medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar halklara birek-biregi tanamaga we düşünmäge, ýakynlaşmak üçin egsilmez mümkinçilikleri açýan sungatyň täsin dünýäsine aralaşmaga kömek edýär.

Medeni-ynsanperwer ulgamda köpasyrlyk tejribä we däp-dessurlara esaslanýan gatnaşyklar sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini düzýär. Gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklar gatnaşyklaryň häzirki döwründe-de halklary birleşdirýär, olara aňyrdan gelýän däpleri gorap saklamaga ýardam edýär.

Şeýle garaýyşlar Ruhyýet köşgünde geçirilen döredijilik çäreleriniň dowamynda öz beýanyny tapdy. Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylaryň öňünde gadymy däp-dessurlara laýyklykda ýaýbaňlandyrylan türkmeniň gelin toýy täsinligi, ajaýyplygy bilen baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy.

Ruhyýet köşgüniň eýwanynda guralan amaly-haşam sungatynyň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisinde türkmen halkynyň ruhy medeniýeti we däp-dessurlary beýanyny tapdy. Bu ýerde milli halyçylygyň we el işleriniň ajaýyp nusgalary, saz gurallary hem-de ussat zergärleriň önümleri, suratkeşleriň eserleri görkezildi. Zähmet we zehin siňdirilen, el bilen döredilen bu täsin eserlerde halkymyzyň kalby, mähriban topragymyzyň gözelligi beýan edilýär.

Daşary ýurtlaryň wekilleriniň hormatlanmagy medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa ýurtlaryň arasynda dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky, köpýyllyk türkmen-özbek medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýardam bermekdäki uly hyzmatlary üçin, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekdäki üstünliklerini nazarda tutup we hünär ussatlygy üçin “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly adyň nyşany gowşuryldy.

Bu hormatly at, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Ozodbek Nazarbekowa 2020-nji ýylyň iýunynda berildi. Dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçysynyň şu çärelere gatnaşmagy oňa hut özüniň bu nyşany kabul etmäge hem-de munuň üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etmäge mümkinçilik döretdi.

Halklary geljegiň bähbidine birleşdirýän parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ileri tutulmagy sungat ussatlarynyň konsertiniň maksatnamasynda-da esasy orny eýeledi. Bu 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygary bilen sazlaşykly utgaşdy.

Artistleriň çykyşlary ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan ägirt uly hem-de asylly işlere, şol sanda eneligi we çagalygy goramak, zenanlaryň hukuklaryny goramak hem-de hünär ukyp-başarnyklaryny amala aşyrmak üçin ähli şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işlere şaýatlyk edýän wideoşekiller bilen utgaşdyrylyp görkezildi.

Konsertiň maksatnamasyna giren doganlyk halklaryň meşhur aýdym-sazlary, döwrebap tanslary, folklor çykyşlary sungatyň ynsanperwer hem-de jebisleşdiriji wezipesini aýdyň görkezip, onuň ruhy gymmatlyklary gorap saklamak we baýlaşdyrmak, halklary parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de döredijiligiň bähbidine ýakynlaşdyrmak üçin egsilmejek mümkinçilikleri jemleýändigini tassyklaýar.

Ajaýyp sahnada türkmen, gazak, gyrgyz, täjik we özbek dillerinde Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” diýen meşhur goşgusy ýaňlandy. “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar” diýip, agzybirlige çagyrýan goşgy setirleri asyrlar geçse-de güýjüni ýitirmän, türkmenleriň parahatçylyk söýüjiligini we göwnaçyklygyny beýan edýän şygara öwrüldi. Nesillere niýetlenen şahyrana setirler dostlukly ýurtlaryň we halklaryň taryhy ýadygärlikleri hem-de medeni miraslary hakyndaky wideoşekiller bilen utgaşdy.

Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň halklarynyň özara, şol sanda türkmen halky bilen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklarynyň şöhratly taryhy we baý geçmişi bar. Bu gün Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary halklaryň arasyndaky asyrlaryň dowamynda özara gatnaşyklaryň aýratyn täsin görnüşini kemala getirýän umumy ösüş binýadyna esaslanýar. Bu bolsa medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, gymmatlyklaryň hem-de ahlak ýörelgeleriniň umumylygyny özünde jemleýär. Ata-babalarymyzdan bize gelip ýeten bu gymmatlyklar häzir aýawly goralyp saklanylýar we nesilden nesle geçirilýär.

Häzirki döwürde medeniýet we taryh döwletara gatnaşyklary berkidýär, adamlaryň özara ýakynlaşmaklarynyň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Biziň döwletlerimiz giň ynsanperwer gatnaşyklary goldap, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de birek-birege mähirlilik däpleriniň dowamatlylygyny üpjün edýärler.

Yzygiderli medeni gatnaşyklar möhüm wezipäni — medeniýetleriň toplumlaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny hem-de edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamynda häzirki zamanyň gazananlarynyň wagyz edilmegini, döredijilik gatnaşyklarynyň giňden höweslendirilmegini ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynda ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalar beýan edilip, şol gatnaşyklaryň has-da öňe ilerledilmegine ýardam berýän sebitiň ähli ýurtlarynyň umumy medeni giňişligi hem-de umumy taryhy nygtaldy.

Bäş döwletiň Liderleri Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine hem-de BMG tarapyndan yglan edilen Halkara medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň 10 ýyllygynyň ruhunda medeniýetara gatnaşyklary ösdürmek, medeniýetleriň köpdürliligini we milletara garaýşy goramak, saklamak hem-de höweslendirmek, sebitiň etnosyýasatyny, maddy we maddy däl medeni hem-de tebigy mirasyny öwrenmek we goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hem-de özara goldaw bermek, edebi gatnaşyklary kämilleşdirmek, halkara festiwallary, forumlary we bäsleşikleri geçirmek, aýdym-saz, teatr, şekillendiriş hem-de senetçilik sungaty we kinematografiýa, teleradioýaýlymlar, arhiw, muzeý hem-de kitaphana işi babatda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, raýatlaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda göni gatnaşyklary we syýahatçylygy ösdürmek barada ylalaşdylar.

Taraplar bu ugurda özara gatnaşyklara ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýet bermek maksady bilen, “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we bir geljek” atly forumy döretmek barada bir pikire geldiler.

Döwlet Baştutanlary 6-njy awgustda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertine ýokary baha berdiler. Konsert özüniň doganlyk halklaryň medeni-ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmäge hem-de bu ulgamyň işgärleriniň arasyndaky döredijilik gatnaşyklary kämilleşdirmäge ýardam bermek baradaky baş wezipesini doly ýerine ýetirdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen döredijilik çäresi we dabaraly konsert Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýle çäreler ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine hyzmat edýär, dostluk hem-de raýdaşlyk ýollaryny çekip, tutuş dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37449

16.08.2021