Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 22-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Ony bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş almak, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Welaýatyň çägindäki biokärhanalarda öndürilýän önümleri bugdaý meýdanlaryna goýbermek, gowaça hasyly üçin gerek boljak bioönümleri öndürmek boýunça işler dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg edilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmegi, bellenen möhletlerde tamamlanmagy, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli bolmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallar doly güýjünde işledilýär. Gögeriş alnan meýdanlarda degişli ideg işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatdaky biokärhanalarda ekin meýdanlary üçin zerur bioönümleri öndürmek boýunça degişli işler ýola goýuldy. Sebitde pile möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pile öndürijilere zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada-da hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we gowaça ekişiniň, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişi dowam edip, ekişi ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý, ýeralma we beýleki gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Bar bolan biokärhanalarda işler talabalaýyk guralyp, häzirki wagtda bugdaý meýdanlaryna bioönümleri goýbermek, gowaça meýdanlary üçin ýeterlik mukdarda bioönümleri öndürmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Pile möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň tohumlaryny paýlamak boýunça işler dowam edýär.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde gowaçanyň hatarara bejergisini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, gerek bolan ýerlerinde goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Welaýatdaky biokärhanalarda bioönümleri öndürmek, bu önümleri kada laýyklykda ulanmak boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär.

Ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitiň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pile möwsümini talabalaýyk geçirmek, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ak ekin meýdanlaryndaky degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek, hatarara bejergilerini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekişde we bejergi işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Welaýatyň çäginde bar bolan biokärhanalarda bioönümleri öndürmek hem-de ekin meýdanlaryna goýbermek işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, olara ideg işleri geçirilýär. Welaýatyň pile öndürijileri tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini we ony guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy daýhanlar tarapyndan mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek üçin döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ýerli howa şertlerine laýyklykda, pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn döredip biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

23.04.2024
Ulag diplomatiýasy: polat ýollar arkaly ýurtlary we halklary ýakynlaşdyryp

Go­laý­da paý­tag­ty­myz­da De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy gu­ra­ma­sy­nyň (DÝHG) ag­za döw­let­le­ri­niň de­mir ýol ulag­la­ry eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we jo­gap­kär we­kil­le­ri­niň mas­la­ha­ty­nyň XXXVIII mej­li­si üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Şu gün­ler bol­sa onuň jem­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edi­len Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat­lar iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­mek ba­ba­tyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy» ady bi­len gu­ra­lan mas­la­hat­da-da bu mö­hüm ugur­da ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ga­dy­my dö­wür­ler­de se­bi­tiň iň mö­hüm söw­da ýol­la­ry üs­tün­den ge­çen Türk­me­nis­ta­na ýe­di ýo­luň çat­ry­gy hök­mün­de ga­ra­lyp­dyr. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­myz Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­my­nyň äh­li döw­let­le­ri­niň we halk­la­ry­nyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin ulag ul­ga­myn­da öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ça­lyş­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da uly ösüş­le­re eýe bol­ýan mil­li de­mir ýol pu­da­gy hä­zir­ki wagt­da ösü­şiň tä­ze tap­gy­ry­na ga­dam bas­ýar. Bu ba­bat­da şu ýy­lyň 15 — 19-njy ap­re­lin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy gu­ra­ma­sy­nyň ag­za döw­let­le­ri­niň de­mir ýol ulag­la­ry eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we jo­gap­kär we­kil­le­ri­niň mas­la­ha­ty­nyň XXXVIII mej­li­si we onuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edi­len Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mä­ge ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry üp­jün et­mek ul­ga­myn­da Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry­ny we ta­gal­la­la­ry­ny, şeý­le hem Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin ula­gyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy­lar.

Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan goň­şu­la­ry bi­len ta­ryh­dan gel­ýän gat­na­şyk­la­ry di­kelt­mä­ge ýar­dam ber­jek ulag ýol­la­ry­ny çek­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­di. Hu­su­san-da, ýur­du­myz 1994-nji ýyl­dan bä­ri De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­sy bol­mak bi­len, mil­li de­re­je­de de­mir ýol ula­gy dü­züm­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi, se­bit de­re­je­sin­de ut­ga­şyk­ly ulag sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy esa­syn­da hal­ka­ra üs­ta­şyr ýük­le­ri da­şa­ma­gyň ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mek­de wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Türk­me­nis­tan GDA ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da il­kin­ji bo­lup öz goň­şy döw­let­le­ri­ne ta­rap de­mir ýol­la­ry çe­ken döw­let­dir. Gür­rüň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ru­ny po­lat ýol­lar ar­ka­ly ke­sip geç­ýän Tran­sa­zi­ýa de­mir ýo­ly tas­la­ma­sy­nyň mö­hüm hal­ka­sy bo­lan Te­jen — Sa­rahs— Ma­şat de­mir ýo­ly ba­ra­da bar­ýar. 1996-njy ýyl­da açy­lan bu ýo­luň Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da, türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dün­ýä­niň ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na go­şu­ly­şyp baş­lan döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň ösü­şi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri açan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak ze­rur. Eý­ra­nyň de­mir­ga­zy­gy­ny onuň gün­do­ga­ry bi­len bir­leş­dir­ýän Bafk — Ben­der-Ab­bas de­mir ýo­lu­nyň 2005-nji ýyl­da Te­jen — Ma­şat ýo­lu­na sep­len­me­gi esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pars aý­la­gy­nyň, Hind um­ma­ny­nyň se­bi­tin­dä­ki döw­let­ler bi­len söw­da ara­gat­na­şy­gy­na giň ýol açyl­dy. Ben­der-Ab­bas por­ty ýük­le­riň we ha­ryt­la­ryň şon­dan aň­ryk In­do­ne­zi­ýa, Arap deň­zi, Hind um­ma­ny ýurt­la­ry­na el­til­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz 2007-nji ýy­lyň iýu­nyn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran il­kin­ji res­mi sa­pa­ry wag­tyn­da Eý­ra­na Türk­men­ba­şy — Gür­gen ara­ly­gyn­da tä­ze de­mir ýo­ly gur­mak tek­li­bi bi­len ýüz­le­nip­di. Mu­nuň özi De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ulag ge­çel­ge­si­niň mö­hüm hal­ka­sy­dyr. As­lyn­da, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä ulag lo­gis­ti­ka­syn­da bu mö­hüm ar­te­ri­ýa­ny dö­ret­me­giň göz­ba­şyn­da du­ran­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. 2007 — 2014-nji ýyl­lar­da Ga­za­gys­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň de­mir ýol­la­ry­ny bi­rik­di­ren Uzen — Gy­zyl­ga­ýa — Be­re­ket — Et­rek — Gür­gen de­mir ýol ge­çel­ge­si gu­rul­dy. Bu bol­sa ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze, düýp­li tas­la­ma­sy hök­mün­de yk­rar edil­di. Eý­sem, tä­ze de­mir ýo­luň, il­kin­ji no­bat­da, ony gu­ru­jy döw­let­ler üçin äh­mi­ýe­ti nä­hi­li? Bu so­wa­la jo­gap ber­len­de, yk­dy­sa­dy gir­de­ji­ler­den ozal, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de Aý­lag ýurt­la­ry­nyň hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar­ýa­ka se­bi­ti­niň dün­ýä­niň geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gin­de mö­hüm äh­mi­ýet­li çat­ry­ga öw­rü­len­di­gi­ni na­za­ra al­mak ýer­lik­li bo­lar. Bu — me­se­lä­niň wa­jyp sy­ýa­sy ta­ra­py. Onuň yk­dy­sa­dy ta­ra­py ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, ol se­bi­tiň döw­let­le­ri­ne Aý­lag ýurt­la­ry­na gö­ni çyk­mak müm­kin­çi­li­gi­ni dö­red­ýär.

Bu de­mir ýo­luň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ma­ga dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Çün­ki ol iň amat­ly, yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li, on­lar­ça döw­let üçin mö­hüm üs­ta­şyr ulag ug­ru­dyr. Tu­tuş Ýew­ro­pa, Rus­si­ýa, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry gys­gal­dy­lan ugur ar­ka­ly gü­nor­ta de­ňiz­le­ri­ne çyk­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Beý­le­ki bir ta­rap­dan, şu­nuň ýa­ly müm­kin­çi­lik Aý­la­gyň ýurt­la­ry­na de­mir­ga­zyk ugur bo­ýun­ça hem dö­re­di. Bir söz­de aý­dy­lan­da, tas­la­ma­nyň yk­dy­sa­dy äh­mi­ýe­ti­ni, bäh­bi­di­ni wagt bireý­ýäm su­but et­di. Tu­tuş yk­ly­myň ulag lo­gis­ti­ka­syn­da der­wa­ýys or­na eýe bo­lan bu de­mir ýol bo­ýun­ça mö­hüm hal­ka­ra ýük­le­riň üs­ta­şyr gat­na­wy ama­la aşy­ryl­ýar. Bel­le­me­li zat, De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ulag ge­çel­ge­si bo­ýun­ça ýük­le­ri da­şa­mak has am at­ly­dyr. Çün­ki onuň geç­ýän ug­ry Su­es ka­na­ly­nyň üs­ti bi­len geç­ýän ýol­dan üç es­se gys­ga­dyr.

Türk­me­nis­tan hal­ka­ra we se­bi­ta­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň meý­dan­ça­syn­da Ýew­ra­zi­ýa­da köp­şa­ha­ly hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni gur­mak ug­run­da yzy­gi­der­li çy­kyş edip gel­ýär. Bu ba­bat­da ýur­du­myz Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ýew­ro­pa — Kaw­kaz — Azi­ýa ulag ge­çel­ge­si­niň hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň (TRACECA) çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Uzak ara­lyk­la­ra ýük da­şa­ma­lar­da esa­sy or­ny eýe­le­ýän de­mir ýol pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hyz­mat­daş ýurt­lar bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­ny mak­sat edin­ýän Türk­me­nis­tan­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çir­ýän sy­ýa­sa­ty hem bu ugur­da­ky iş­le­re gö­nü­den-gö­ni ýar­dam ber­ýär. «Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­syn­da» ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak, döw­re­bap ýö­ri­te­leş­di­ri­len inf­rast­ruk­tu­ra­ny dö­ret­mek, Türk­me­nis­ta­nyň üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň se­bit mer­ke­zi hök­mün­dä­ki or­nu­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek bi­len bag­ly stra­te­gik ugur­lar göz öňün­de tu­tul­ýar.

Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len DÝHG-niň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň ulag bo­ýun­ça 10-dan gow­rak hal­ka­ra kon­wen­si­ýa gat­naş­ýan­dy­gy, Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­ren­di­gi bel­le­nil­di. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy dür­li ýyl­lar­da köp­ta­rap­la­ýyn ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len bir­nä­çe Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul et­di. Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra de­mir ýol ulag­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy yk­dy­sa­dy, mag­lu­mat, yl­my, teh­ni­ki we daş­ky gur­şaw bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri çöz­mek­de DÝHG-ä ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň der­wa­ýys ugur­la­ry­na gö­nük­di­ri­len­dir.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň dip­lo­ma­ti­ýa­sy äh­li ba­bat­da iş ýü­zün­de anyk ugur­la­ra gö­nük­di­ril­ýär we tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de bu dip­lo­ma­ti­ýa örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir» di­ýip bel­le­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň üçün­ji müň­ýyl­lyk­da tä­ze aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry, de­ňiz port­la­ry­ny, köp­rü­le­ri gu­rup, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan di­kelt­me­gi ugur edin­ýän stra­te­gi­ýa­sy bol­sa umu­my aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýär.

Ju­ma­my­rat GUR­BAN­GEL­DI­ÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň rek­to­ry.

23.04.2024
Kämil kanunlar — ösüşlere binýat

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde geçen ýyllaryň içinde uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylyň geçen üç aýynda-da bu babatda Kanunlaryň ençemesi kabul edildi.

Döwleti ösdürmegiň, raýat jemgyýetini gurmagyň häzirki zaman maksady — adamyň mynasyp durmuşynydyr erkin ösüşini kemala getirýän maddy, durmuş we ruhy şertleriň döredilmegini üpjün etmekden ybarat. Bu ýagdaý Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň özara baglanyşygynyň esasyny kesgitleýär.

Garaşsyz Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmegiň türkmen nusgasy özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanyp, ol kanunyň hökmürowanlygyndan, adalatlylykdan we jemgyýetimiziň islegdir talaplaryndan gözbaş alýar. Bazar gatnaşyklary eýeçiligiň köp dürli görnüşini ykrar edýär. Bu ýagdaýda ösüşiňdir hiliň hatyrasyna bäsdeşligi döretmek we ösdürmek üçin hususy hem-de döwlet kärhanalarynyň deň şertlerde hojalygy alyp barmaklary möhüm şert bolup durýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn häsiýetli özgertmeler hukuk ulgamyny-da gurşap alýar. Milli ykdysadyýetiň binýadynda kämil kanunçylyk ulgamynyň bolmagy onuň netijeli ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir. Ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk esaslaryny gurşap alýan kanunçylyk namalary yzygiderli esasda döwrüň talabyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda özgerdilýär. Döwlet Baştutanymyz bu gün hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary depginlerde ösdürilmegine ýardam berjek kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtaýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň güýçlendirilmegine, döwletiň, jemgyýetiň we raýatyň bähbitleriniň deňagramlylygynyň has oňyn bolmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu ýylyň 30-njy martynda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlara aýratyn ähmiýet berýändiginiň, onuň kanunçylyk binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň mynasyp subutnamasydyr.

Ýazmuhammet DÖWLETOW,

Bäherden etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.

22.04.2024
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine

Hormatly «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri!

Sizi paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ak şäherimiz Aşgabatdaky nobatdaky sport baýramçylygynyň — hokkeý boýunça halkara ýaryşyň halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine, hokkeý boýunça türgenleriň ussatlygyny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant bolandygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde türkmen sporty hil taýdan täze derejelere çykarylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, Olimpiýa hereketini ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, sportuň döwrebap maddy-enjamlaýyn üpjünçilik ulgamyny döretmek babatda uly işler amala aşyrylýar.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän sport meýdançalarynyň, stadionlaryň, atçylyk sport toplumlarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, eziz Diýarymyzyň sport abraýyny ýokary derejelere göterjek milli türgenlerimiziň kemala gelmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda guralýan giň gerimli sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan öz daşary syýasat strategiýasynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde berkitmek bilen, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýär.

Hormatly adamlar!

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleriniň biri bolan hokkeýe hem uly üns berilýär. Hokkeý boýunça dürli ýaryşlar, şol sanda milli çempionatlar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy hereket edýär.

Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň döwrebap Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň dürli iri sport bäsleşikleri bilen birlikde, sportuň gyşky görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirmäge hem ukyply döwletdigini dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek äşgär etdi. Ýurdumyzda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen bu iri halkara ýaryşyň Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da belende göterjekdigine, sportuň hokkeý görnüşiniň ösmegine uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn. Ýaryşda gazanylan üstünlikler bolsa Türkmenistanyň ösen milli sport ulgamynyň kemala gelendiginiň aýdyň netijesidir.

Hormatly «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri!
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermek, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär.

Siz ata-babalarymyzyň ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny subut etmelisiňiz. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny has-da belende galdyrjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri!

Sizi hokkeý boýunça halkara ýaryşda gazanylan üstünlik bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

22.04.2024
Ykdysady ösüş — geljegiň aýdyň kepili

Her bir güni uly üstünliklere, şanly senelere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň we bimöçber aladalarynyň netijesinde, eziz Diýarymyz milli ykdysadyýetimizi kämilleşdirmegiň täze tapgyryna gadam basdy. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda bank ulgamynyň hyzmatlaryndan, mümkinçiliklerinden, döwrüň ösen talaplaryndan peýdalanmak üçin oňyn ýagdaýlar döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň durnukly ösmeginde bank ulgamy möhüm orna eýe bolup, öz işini döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga, ylmyň gazananlaryna esaslanyp, raýatlarymyza ýokary derejede bank hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirýär. Bilşimiz ýaly, halkymyza maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň bank ulgamy boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň esasynda nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş hem-de beýleki hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde bank ulgamynyň hem ilatymyza sanly hyzmatlary hödürlemek bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, olara döwrebap hyzmatlary amala aşyrmakda alyp barýan işleriniň aýdyň netijesidir.

Ylmyň, tehnikanyň we innowasion tehnologiýanyň ösmegi adamlaryň döwrebap hyzmatlara bolan talaplaryny barha artdyrýar. Şoňa laýyklykda, banklarda döwrebaplyga we täzeçillige esaslanýan hyzmatlary ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar. Hut şoňa görä-de, soňky ýyllaryň dowamynda bank ulgamy tarapyndan bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek boýunça anyk ädimler ädilýär. Dünýä tejribesinden we ilatyň isleginden ugur alyp, banklarda ýola goýulýan hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şu ugurdaky alnyp barylýan işleriň çäklerinde, sanly ulgama geçmek, sanly hyzmatlary ýola goýmak barada alnyp barylýan işleri aýratyn bellemek gerek. Çünki ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy bank edaralarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýär.

Goý, ýurdumyzyň her bir raýaty hakyndaky aladany döwlet işiniň esasy bölegine öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Oguljennet JUMABAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

22.04.2024
Akyldara belent sarpa

Taryhda yz goýan belli şahsyýetler halkyň beýikliginiň ölçeg daşlarynyň biridir. Şonuň üçinem umumadamzat derejesindäki şahsyýete öwrülmek söz bilen beýan ederden juda ýokardaky belentlikdir. Dünýä akyldary hökmünde ykrar edilen türkmen danasy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem özüniň egsilmez gymmatyny şu günlerimizde-de ýitirmeýär.

Dana şahyryň goşgulary ençeme ýyllaryň dowamynda türkmeniň sesi bolup, Ýer ýüzünde ýaňlanyp geldi. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna çäksiz hormat goýýar.

Dana Pyragynyň döredijiligi durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alýar. Şahyryň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, söýgi, dostluk baradaky ynsanperwer pikirleri öňe sürýär. Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen edebiýatynyň ösmegine goşan goşandynyň örän ýokarydygyny görnükli gündogarşynas E.E.Bertelsiň: «Eger belli bir halkyň belli bir döwürdäki mahsus sypatlaryny görkezýändigi üçin edebiýata «nusgawy» edebiýat diýlip at berilmegi türkmen edebiýaty babatda ulanylmakçy bolsa, onda, elbetde, şol at XVIII — XIX asyrlaryň türkmen edebiýatyna berilmelidir. Ol edebiýatyň has aýdyň we mahsus wekili bolsa türkmen halky tarapyndan henize çenli-de örän hormatlanýan şahyr Magtymguly bolupdyr» diýip bellemegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Nusgawy edebiýatymyzyň almaz täji bolan Magtymgulynyň eserleri halkymyzyň ruhy baýlygydyr, adamzat üçin gymmatly hazynadyr. Şahyr döredijiliginde hoş sözli, asylly, sada, akylly, hoşgylaw bolmagy, adam gadyryny bilmegi, hemişe oňa hormat goýmagy öwüt-ündew edip, adamlary beýik adamkärçilige çagyrýar.

Hormatly Prezidentimiz nusgawy şahyrlarymyzyň köptaraply döredijiliginiň çuňňur öwrenilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi hem asylly däplerden gözbaş alýar. Munuň özi tutuş edebiýatymyza, nusgawy şahyrlarymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň mysalydyr. Magtymguly türkmen halkynyň pähime ýugrulan pikirlerini ajaýyp şygyrlaryna siňdirip, ýürekleriň töründen orun alan söz ussadydyr. Her setiri, her sözi kalbyňa nakyl bolup ornaýan şirin dilli söz ussadymyzyň manysy goýazy dürdäne goşgulary ata Watanyňy, halkyňy söýmekde, birek-birek bilen agzybir ýaşamakda ýol görkeziji şamçyragdyr. Şonuň üçin hem şahyryň goşgularyny wagyz etmek, ýaş nesle öwretmek asylly işleriň biridir, milli terbiýäniň özenidir.

Meýlismyrat SAPAROW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

20.04.2024
Günbatar sebitde işewürlik işjeňleşýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde türkmen telekeçileri möhüm orny eýeleýär. Çünki häzirki döwürde önümçiligiň tehniki ösüşi, sarp edijileriň islegleriniň döwrebap derejede kanagatlandyrylmagy, esasan, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň alyp barýan işleriniň netijeliligine bagly bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamy ösdürmäge berýän goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanyp, Balkan welaýatynyň telekeçileri hem uly üstünlikleri gazanýar. Soňky 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda welaýat boýunça dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlen häzirki zaman orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat harytlaryny öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň ýokary hil ülňülerine laýyk derejede bina edendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň hususyýetçileri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Günbatar sebitiň şäherlerinde, obadyr şäherçelerinde gurulýan ymaratlaryň, senagat maksatly dürli desgalaryň, ýollaryň gurluşyklaryny amala aşyrmakda ussatlyk görkezdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Günbatar sebitde dürli senagat harytlaryny, çörek we konditer önümlerini öndürýän kärhanalaryň, miweleri, gök-bakja we et-süýt önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň, bekre balygyny we onuň işbilini ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanasyny we beýleki önümçilik desgalarynyň gurluşygyny ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda sebitde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek, ir-iýmişleri, gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan, ilata dürli görnüşli hyzmatlary ýola goýýan telekeçileriň sany hem barha artýar.

Hususy pudakda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň agzalary tarapyndan alnyp barylýan wagyz-ündew işleriniň hem paýy bar. Häzirki wagtda partiýa agzalarymyzyň sany 3,5 müňden geçýär. Balkanabat şäherindäki «Giňdere», «Batly gadam», «Altyn nur zamany», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalarynyň, Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň we «Hazarbalyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 17 — 19-njy mart aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen sergä üstünlikli gatnaşandyklaryny hem aýratyn nygtasymyz gelýär. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda welaýatymyzdaky hususy kärhanalaryň öndürýän önümlerine daşary ýurt bazarlarynda hem islegiň barha artýandygy buýsandyrýar. Hut häzirki günlerde Balkan welaýatynyň telekeçileri beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny belent sepgitlere beslemek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. Türkmen telekeçileri döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna alyp barýan giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Toýmämmet HAJYÝEW,

TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.

20.04.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, iş toparlary tarapyndan raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny goramak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleriniň dowam etdirilýändigi aýdyldy. Ýurdumyzda sanitariýa işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak, ylmy edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Geçen döwürde Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri bilen bagly okuw sapaklary guraldy. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy. Şol işiň çäklerinde Mejlisiň wekili BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan Norwegiýa Patyşalygynyň Oslo şäherinde geçirilen parlamentarileriň halkara maslahatyna gatnaşdy. Mundan başga-da, deputatlar ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan BMG-niň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan forumlara, duşuşyklara gatnaşdylar.

Deputatlaryň döwlet syýasatyny, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýan halkara başlangyçlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän dürli çärelere gatnaşýandyklary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryny ulanyşa girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň üçin töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahsy taraplar üçin niýetlenen döwrebap bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny ulanyşa girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan degişli desgalaryň durkuny täzelemek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu desgalar üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler bökdençsiz üpjün edilýär. Munuň özi olaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda suwuklandyrylan gazy öndürmäge hem-de ony halkara bazarlara ygtybarly ibermäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Munuň üçin öndürilýän suwuklandyrylan gazy talabalaýyk kabul etmäge, saklamaga we ýüklemäge niýetlenen desgalary döwrebaplaşdyrmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi dowam edýär, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar galla oragy möwsümine taýýarlanylýar. Şeýle-de pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Ýazlyk ekinleri ekmek we olara ideg etmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň, hususan-da, hatarara bejergi işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, galla oragy möwsümine häzirden gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýüpek gurçuklaryna ideg etmekde-de zerur işleri alyp barmagyň, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik ygtybarlylygyny gazanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

“Marykarbamid” zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, ony önümçilikde ulanylýan çig mallar we himiki serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, göz öňünde tutulan tehniki kadalara laýyklykda bejermek, abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak babatda beren tabşyryklary esasynda, zawody taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodyny bökdençsiz işletmek üçin, tehnologik kadalara laýyklykda, önümçiliklerde ulanylýan çig mallar, himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümleriniň we halyçylyk kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, halyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, gadymy halylaryň özboluşly nusgalaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär, olarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Haly önümleriniň görnüşlerini mundan beýläk-de giňeltmek, milli öwüşginleri aýawly saklamak, içerki we daşarky bazarlaryň bu ugurdaky isleglerini kanagatlandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini, ony dünýä ýaýmakda, yzygiderli kämilleşdirmekde uly tagallalar edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna geçiriljek dabaralary talabalaýyk guramak üçin işlenip taýýarlanylan degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Ýeňiş güni egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden bellenilýär. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýär. Olaryň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, olara dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, ýaşuly neslimiz barada edýän aladalary, olaryň durmuş goraglylygy babatda yzygiderli berýän goldawlary üçin ýaşuly nesliň adyndan sagbolsun aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň we zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezen uruş hem zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Olar ýaş nesillerimizde watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly belent ahlak häsiýetlerini terbiýeleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň şu ýylyň 15-16-njy aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan köptaraplaýyn çärelere, şol sanda “Merkezi Aziýa+” formatyndaky duşuşyklara işjeň gatnaşýar. Saparyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň strategik gepleşikler boýunça ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Şunuň bilen birlikde, Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi.

Köptaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda Owganystana degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy, taraplaryň bu ugurlardaky garaýyşlary beýan edildi. Şeýle hem söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak babatda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki hereketler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet, bilim-ylym ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesine hem üns berildi. Şeýle-de “2023 — 2027-nji ýyllarda strategik gepleşikler we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasyny” durmuşa geçirmäge gönükdirilen işlere seljerme berildi. Forumyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Türkmen tarapynyň çykyşynda geçen ýylyň iýulynda Jidda şäherinde geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryndan ugur alnyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän meseleler beýan edildi.

Iki sebit üçin gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmek teklip edilýär. Ykdysadyýetiň ýangyç-energetika, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, gämi gurluşygy, dokma senagaty ýaly pudaklarynda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyzyň Işewürlik geňeşini döretmek barada öňe süren teklibini durmuşa geçirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan şu ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Hususan-da, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek baradaky teklipleriň durmuşa geçirilmegi üçin tagallalary birleşdirmek teklip edilýär. Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselesi babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli Hökümetleriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, biziň ýurtlarymyzda halkara düzümleriň hemişelik edaralaryny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak barada Türkmenistanyň başlangyjynyň derwaýysdygy we esaslydygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle-de türkmen tarapy medeni-ynsanperwer ulgamda özara hereketleri güýçlendirmäge uly itergi berjek Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip etdi. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň agzasy bolan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk hukuk esaslaryny döretmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan meýilnamany durmuşa geçirmek üçin täze resminamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi. Döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda ýokary derejedäki özara saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellemek maksady bilen, Özbegistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda kinofilm surata düşüriler, sahna oýny goýlar, şanly senä gabatlanyp, çäreleriň giň toplumy geçiriler.

Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler hem geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, parlamentara gatnaşyklar döwletara dialogyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda özara saparlary yzygiderli guramagyň we parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň tejribesiniň toplanandygy bellenilip, ony işjeňleşdirmek barada ylalaşyldy. Şunuň bilen birlikde, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyna üns çekildi. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň hem-de “Merkezi Aziýa+” formatynyň çäklerindäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.

Ykdysady ulgamda özara gatnaşyklar geňeşmeleriň esasy meseleleriniň biri hökmünde görkezildi. Duşuşygyň barşynda dürli pudaklarda, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesine garaldy. Şeýle-de Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky duşuşygyny guramagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, söwda merkezini gurmak we serhetýaka söwda zolaklarynda bilelikdäki söwda öýlerini işe girizmek bilen baglanyşykly işleri işjeňleşdirmäge üns berildi. Suw hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we Özbegistanda guralýan çäreleriň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Aýlagdaky arap döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Döwletimiz bu ýurtlar bilen ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar. Sebitleriň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi döwletimiziň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aýlagdaky arap döwletleri we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, pudagyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk pudagyna degişli netijeli işleriň alnyp barylmagynyň ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga öz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Soňra M.Çakyýew 15 — 19-njy aprel aralygynda paýtagtymyzda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda, guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak ýaly meselelere garaldy. Şeýle hem demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Mejlisiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Munuň özi DÝHG-niň işjeň agzalarynyň biri bolan Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle hem Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň jemleri boýunça kabul ediljek Aşgabat Jarnamasy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sebit ähmiýetli halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilendigini nygtap, forumyň netijeleri boýunça kabul edilýän Aşgabat Jarnamasynyň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna ýokary derejede geçirilen mejlise gatnaşyjylara öz minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.04.2024
«Akylly» tehnologiýalar we bazar bolçulygy

«Akylly» tehnologiýalaryň ýüze çykmagy we olaryň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna giňişleýin ornaşdyrylmagy dünýä ykdysadyýetinde ösüşiň täze tapgyrynyň öňüni açdy. Ol, şonuň bilen birlikde-de, içerki we halkara bazarlara çykarylýan harytlaryň arasyndaky bäsdeşligi ýokarlandyrdy. Şeýle ýagdaýyň, ilkinji nobatda, harydyň hiline hem-de görnüş köpdürlüligine oňyn täsir edýändigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şu ýagdaýlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň halk hojalygy pudagyna ylmyň iň täze gazananlarynyň toplumlaýyn ornaşdyrylmagy we bu ugurda hususy pudagyň wekilleriniň işjeňlik görkezýändikleri guwandyryjy ýagdaýdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hem-de degişli maksatnamalaryňdyr konsepsiýalaryň esasynda häzirki döwürde «akylly» tehnologiýalary, şonuň bilen birlikde-de ekologik taýdan arassa enjamlary milli ykdysadyýete ornaşdyrmak işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Şunda ylmy çözgütleriň hemişe üns merkezinde saklanýandygy olaryň netijeliligini artdyrmakda aýratyn wajypdyr.

«Akylly» tehnologiýalary diňe bir gurluşyk pudagynda däl, eýsem, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda-da giňden ornaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan täze mümkinçiliklerdir ýeňillikler berilýär. Şeýle bolansoň hususy pudaga degişli gök we bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhanalar häzirki döwürde özleriniň netijeliligi bilen tapawutlanýar. Türkmen telekeçileridir işewürleri tarapyndan ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan ýyladyşhanalar diňe bir gök we bakja önümlerini ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyndaky ornuny artdyrmaga, Diýarymyzda ýerli toprak-howa şertlerine mahsus bolmadyk ekinleri ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirmäge, halkymyz üçin täze iş orunlarynyň döremegine hem mümkinçilik berdi.

Içerki bazarda haryt bolçulygyny berkitmek, önümleriň özümizden artan bölegini halkara bazarlara eksport etmek ugrundaky tagallalar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda, uzak geljegi nazarlaýar. Şeýle maksat ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagynyň dürli ugurlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga itergi berýär.

Mähri JOMMYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň agzasy.

20.04.2024
Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Ene topragyň berekedini artdyrmaly, ilaty ýokary hilli, elýeterli bahaly ekerançylyk we maldarçylyk önümleri bilen bolelin üpjün etmeli. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň öňünde goýan bu jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe lebaply oba adamlary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde gazanan netijeleri ýokarda bellänlerimizi ynandyryjylykly tassyklaýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanan üç aýynda etraplaryň ýyladyşhanalarynda gök-bakja önümleriň 1,8 müň tonnadan gowragy öndürildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Öndürilen limon bolsa 36,3 tonna barabar boldy. Şeýle oňyn görkezijiler ilaty öz topragymyzda öndürilýän gowy hilli, arzan bahaly ýokumly önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Welaýatymyzda mallaryň baş sanyny köpeltmek hem-de mallardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda iri mallaryň 597,5 müň başy, dowarlaryň 3 225,6 müň başy, guşlaryň 3 429,1 müň başy, düýeleriň 6,3 müň başy bolup, bu görkezijiler geçen ýylyň başky üç aýy bilen deňeşdirilende ep-esli artykdyr. Hasabat döwründe hojalyklaryň ählisi boýunça etiň 36,8 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 120,1 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 54,4 million sanysy öndürildi. Şu zerur önümleriň 98 göterimden gowragynyň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan hususyýetçileriň ýokary netijeli zähmet çekmekleri, ak bazarlarymyzy zerur önümleri bilen doldurmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginden habar berýär.

Lebaply dowardarlar ene mallardan owlak-guzy almak işini ýokary guramaçylykly alyp barýarlar. Şu ýylyň geçen döwründe hojalyklaryň ähli görnüşleri boýunça owlak-guzularyň 1 million 276,5 müňden gowragy alyndy. Olaryň 74,4 müň başy oba hojalyk kärhanalaryna degişlidir. Bu bolsa ýylyň başyna bar bolan ene mallaryň 98,8 göteriminden owlak-guzy alnandygyndan habar berýär.

Maldarçylyk önümlerini öndürmekde Saýat etrabynyň maldarlary öňdeligi eýeleýärler. Etrapda häzirki wagtda iri mallaryň 115,7 müň başy, dowarlaryň 486,8 müň başy, guşlaryň 823,2 müň başy bolup, olardan geçen döwürde etiň 7 müň tonnadan gowragy, süýdüň 24,1 müň tonna golaýy, ýumurtganyň bolsa 11,4 milliondan gowragy öndürildi. Munuň özi welaýatymyzda iň ýokary görkezijileriň biridir.

Şanly ýylyň tamamlanan üç aýy oba zähmetkeşleriniň ümzükleriniň öňedigini, olaryň nygmat bolçulygyny döretmek işiniň öň hatarlarynda bolmak hyjuwy bilen joşýandyklaryny aýdyň tassyklaýar. Janypkeş adamlar özlerini her bir işde giňden goldaýan hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize özleriniň hoşallyklaryny beýan edýärler.

«Türkmen gündogary».

19.04.2024
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek.

1-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, taraplar howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, täze wehimlere garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

1-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. Bu çäre ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda özboluşly goşant boldy.

Forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Milli Liderimiz Türkiýäniň Prezidentini 70 ýaş ýubileýi we Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adynyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Duşuşyklarda türk kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi.

4 — 6-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisi geçirildi. Onda halylar, şaý-sepler, öý-hojalyk, gurluşyk harytlary, senagat himiýa serişdeleri, gök önümler, miweler, azyk önümleri we beýlekiler görkezildi. Serginiň çäklerinde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň owgan kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

4-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ekologik meselelere aýratyn üns çekildi.

4-5-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda energetika, ekologik howpsuzlyk, durnukly ulag, suw diplomatiýasy, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly ulgamlarda halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilýändigi bellenildi.

4-nji martda Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji martda Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badr bilen geçirilen duşuşygyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýet bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji martda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Onda guramanyň üç ölçeginiň çäginde sebit merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

6-njy martda sanly ulgam arkaly Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş Assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu birleşigiň agzalygyna kabul edildi.

7-nji martda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şol gün Mejlisde Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy boldy.

10 — 12-nji martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri, daşary işler boýunça baş sekretary, Awstriýanyň Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň, Federal ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri Wenada ýerleşýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary — ÝHHG-niň Baş sekretary, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirdiler. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Graz tehnologiýa uniwersitetinde, Wenanyň diplomatik akademiýasynda bolup, Awstriýanyň kompaniýalarynyň 25-siniň işewürleri bilen pikir alyşdylar. Iş saparynyň netijeleri boýunça degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

12-nji martda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde duşuşyk geçirildi. Bu çäre Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen guraldy.

12-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen geçiren duşuşygynda Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde 13-nji martda Daşary işler ministrliginiň binasynda Ispaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martines bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri, şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, «Ibertest», «Nobargi», «Typsa», «Cesce», «Tubacex», «Almar Water», «Teltronic» ýaly ispan kompaniýalarynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

14-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

14-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan çagyrylan durnukly ösüş boýunça sebit forumyna gatnaşdy. Onuň dowamynda türkmen tarapy birnäçe halkara başlangyçlary beýan etdi. Şol gün Halkara Migrasiýa Guramasynyň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda owgan zenanlarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bellenildi.

15-nji martda Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň ugurlary we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

17 — 19-njy martda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri — Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropa Geňeşiniň, Brýusselde ýerleşýän halkara guramalaryň, Belgiýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we edaralarynyň, söwda-ykdysady düzümleriniň, işewür toparlarynyň, Ýewropanyň birnäçe kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Şunuň bilen birlikde, 18-nji martda Lýuksemburgyň wise-premýeri, daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Bettel bilen geçirilen duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde utgaşykly görnüşde guralan «Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi: täze ykdysady hyzmatdaşlyga tarap» atly «tegelek stol» maslahatyna daşary ýurtlardan işewür toparlaryň 120-den gowrak wekili gatnaşdy. Onuň dowamynda energetika, ulag, maýa goýum, söwda, sanlylaşdyrmak ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 18-nji martda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi.

19-njy martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sonders bilen geçiren duşuşygynyň barşynda halkara gümrük ulgamyna, şol sanda BGG-niň esasy Kararnamalaryna goşulyşmakda Türkmenistanyň soňky ýyllarda amala aşyran tagallalary bellenildi, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň bilim we hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça guramanyň okuw, hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryna gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ermenistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Panama Respublikasynyň we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

20-nji martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Rim şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Italiýa Respublikasynyň wise-premýeri, daşary işler ministri Antonio Taýani, Rim şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, Italiýanyň wise-premýeri, infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwini, ýurduň ulag edaralarynyň wekilleri, Halkara oba hojalyk ösüş gaznasynyň prezidenti Alwaro Lario, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti bellenildi.

21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi.

23-24-nji martda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Birleşigiň 148-nji Assambleýasynyň işine, şeýle hem zenan parlamentarileriň maslahatyna gatnaşdy.

25-nji martda Daşary işler ministrliginde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda bilelikdäki çäreleri guramak, türki dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini TÜRKSOÝ, BMG, ÝUNESKO ýaly halkara guramalaryň üsti bilen dünýä ýaýmak meselelerine üns çekildi.

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Onuň çäklerinde Änew şäheriniň medeniýet öýünde «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

26-njy martda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny toplumlaýyn esasda giňeltmegiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny giňeltmek we köpdürlüligini artdyrmak, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, täsirli maglumat-mahabat çärelerini alyp barmak, netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak ýaly meselelere garaldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde ýokarda ady agzalan maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda syýahatçylyk ulgamynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen geçiren duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine üns çekildi.

Şol gün Aşgabatda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralara bagyşlanyp, “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.

28-nji martda Daşary işler ministrliginde Russiýanyň “TASS” habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen bolan duşuşykda maglumat ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Şeýlelikde, geçen aýda geçirilen çäreler ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barlandygyna şaýatlyk edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň, ählumumy parahatçylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy özenini düzýär.

(TDH)

19.04.2024