12-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradow 2024-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi babatda görlen çäreleriň netijesinde jemi içerki önümiň durnukly ösmegi üpjün edildi. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 5,8 göterime we hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime deň boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy.
Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim köpeldi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda we doly maliýeleşdirildi.
Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.